Hi-tech

Xiaomi kompaniýasy Xiaomi brendi bilen soňky birnäçe ýylda ilkinji noutbugyny tanyşdyrdy
13.03.2026 18:43
1.6k+

Xiaomi kompaniýasy Xiaomi brendi bilen soňky birnäçe ýylda ilkinji noutbugyny tanyşdyrdy

Xiaomi kompaniýasy täze Xiaomi Book Pro 14 modeliniň tizer suratlaryny hödürledi. Bu kompaniýanyň 2023-nji ýylyň ahyrynda Xiaomi Book 14 modeli çykany bäri Xiaomi brendli ilkinji noutbugy boldy. Täze önüm ýakynda Hytaýda tanyşdyrylar
Apple kompaniýasy iPhone, iPad we Mac üçin täze emojileri taýýarlaýar
13.03.2026 11:30
1.4k+

Apple kompaniýasy iPhone, iPad we Mac üçin täze emojileri taýýarlaýar

Apple kompaniýasy işläp düzüjiler üçin niýetlenen iOS 26.4, iPadOS 26.4 we macOS Tahoe 26.4 beta-wersiýalaryna sekiz sany täze emoji goşdy. Bu barada MacRumors neşiri habar berýär. Täze simwollaryň arasynda trombon, hazyna sandygy, çişen ýüz keşbi, ýeti (gar adam), uruş buludy, kosatka (kit), ýer opurylmagy, şeýle hem balet tansçysy peýda boldy
Microsoft Windows 11 oturan ähli enjamlara Xbox-yň doly ekran tertibini goşar
13.03.2026 11:13
1.2k+

Microsoft Windows 11 oturan ähli enjamlara Xbox-yň doly ekran tertibini goşar

Microsoft kompaniýasy Windows 11 operasion ulgamy gurnalan ähli enjamlara doly ekranly «Xbox tertibini» goşmagy meýilleşdirýär. Bu täze aýratynlyk 2026-njy ýylyň aprelinden başlap şahsy kompýuterlerde, noutbuklarda we planşetlerde elýeterli bolar
YouTube mahabatyň üsti bilen iň iri telestudiýalaryň umumy girdejisinden köp gazandy
12.03.2026 15:27
1.2k+

YouTube mahabatyň üsti bilen iň iri telestudiýalaryň umumy girdejisinden köp gazandy

2025-nji ýylda YouTube wideo-hyzmatynyň mahabat girdejisi 40,4 milliard dollara deň boldy. Bu görkeziji Disney, NBC, Paramount we Warner Bros. Discovery ýaly kompaniýalaryň mahabatdan gazanan umumy girdejilerinden (37,8 milliard dollar) ýokarydyr
Apple geljekki iPhone we Apple Watch üçin alýumin korpuslaryny 3D printerde çap edip başlar
12.03.2026 14:15
2.8k+

Apple geljekki iPhone we Apple Watch üçin alýumin korpuslaryny 3D printerde çap edip başlar

Apple kompaniýasy geljekki enjamlary üçin alýumin korpuslaryny 3D çap etmegiň kömegi bilen öndürmek mümkinçiligini gözden geçirýär. Bu barada Bloomberg agentliginiň žurnalisti Mark Gurman habar berdi. Onuň maglumatlaryna görä, ýakyn ýyllarda bu tehnologiýa Apple Watch sagatlarynyň korpuslarynyň aglaba bölegini öndürmekde ulanylyp bilner
ChatGPT aýdym-sazy tanamagy öwrendi: OpenAI çat-bota Shazam-y goşdy
11.03.2026 19:57
2.6k+

ChatGPT aýdym-sazy tanamagy öwrendi: OpenAI çat-bota Shazam-y goşdy

OpenAI kompaniýasy Shazam hyzmatyny gönüden-göni ChatGPT-niň interfeýsine goşdy. Shazam-yň eýesi bolan Apple kompaniýasy bilen baglaşylan strategik hyzmatdaşlygyň netijesinde ulanyjylar indi çat-botdan çykman, golaýda ýaňlanýan aýdymlary tanap bilýär
Insaýder geljekki Xiaomi 18 Ultra flagman smartfony hakda ilkinji maglumatlary paýlaşdy
11.03.2026 19:54
2.9k+

Insaýder geljekki Xiaomi 18 Ultra flagman smartfony hakda ilkinji maglumatlary paýlaşdy

«Smart Pikachu» lakamly meşhur insaýder geljekki flagman smartfony bolan Xiaomi 18 Ultra barada ilkinji maglumatlary paýlaşdy. Onuň aýtmagyna görä, kompaniýa bu täze enjamy şu ýylyň ahyrynda, takmynan dekabr aýynda Hytaýda tanyşdyrmagy meýilleşdirýär
Insaýder ýene ýarym ýyldan soň çykjak eplenýän iPhone-yň dizaýnyny şu wagt mälim etdi
10.03.2026 23:46
5.3k+

Insaýder ýene ýarym ýyldan soň çykjak eplenýän iPhone-yň dizaýnyny şu wagt mälim etdi

Apple kompaniýasynyň geljekki eplenýän smartfonynyň daşky görnüşi hakyndaky gürrüňler entek enjam tanyşdyrylmanka internetde uly gyzyklanma döredýär. «Sonny Dickson» lakamly insaýder hem X sosial ulgamyndaky sahypasynda iPhone Fold-uň taslama çyzgylaryny paýlaşdy
Samsung heniz satylyp başlanmadyk Galaxy S26 smartfonlary üçin ilkinji täzelenmäni çykardy
10.03.2026 16:25
7.2k+

Samsung heniz satylyp başlanmadyk Galaxy S26 smartfonlary üçin ilkinji täzelenmäni çykardy

Samsung kompaniýasy Galaxy S26, Galaxy S26 Plus we Galaxy S26 Ultra smartfonlary üçin ilkinji programma üpjünçiligi täzelenmesini çykardy. Bu täzelenme eýýäm Günorta Koreýada ýaýradylyp başlandy we tiz wagtdan beýleki ýurtlarda-da elýeterli bolar
Samsung emeli aňly we kameraly akylly äýnekleri taýýarlaýar
10.03.2026 11:56
2k+

Samsung emeli aňly we kameraly akylly äýnekleri taýýarlaýar

Samsung özünde kamera we emeli aň ulgamyny jemleýän akylly äýnekleriň üstünde işleýär. Täze enjam baradaky meýilnamalary kompaniýanyň mobil bölüminiň wise-prezidenti Jeý Kim Barselonada geçirilen «MWC 2026» sergisinde mälim etdi
Iň kuwwatly superkompýuter ulalýar: xAI kompaniýasy «Colossus 2» taslamasyny giňeltmekçi bolýar
09.03.2026 00:22
3.4k+

Iň kuwwatly superkompýuter ulalýar: xAI kompaniýasy «Colossus 2» taslamasyny giňeltmekçi bolýar

Ilon Maskyň xAI kompaniýasy Tennessi ştatynyň Memfis şäheriniň golaýyndaky maglumat merkezleriniň birinde täze bina gurmak üçin 659 million dollar sarp etmegi meýilleşdirýär we munuň üçin degişli edaralara rugsatnama almak üçin ýüz tutdy
Microsoft işläp düzüjiler üçin Build 2026 maslahatynyň geçiriljek senesini yglan etdi
06.03.2026 18:24
924

Microsoft işläp düzüjiler üçin Build 2026 maslahatynyň geçiriljek senesini yglan etdi

Microsoft kompaniýasy her ýyl geçirilýän «Build 2026» maslahatynyň senesini mälim etdi. Çäre 2-3-nji iýun aralygynda San-Fransisko şäherinde bolar, onuň esasy sessiýalaryny bolsa onlaýn görnüşde mugt görüp bolar
Apple iPad Air-y täzeledi: has ýokary tizlik, M4 çip, 12 GB ýat we Wi-Fi 7 – bahasy $600
05.03.2026 11:39
1.2k+

Apple iPad Air-y täzeledi: has ýokary tizlik, M4 çip, 12 GB ýat we Wi-Fi 7 – bahasy $600

Apple kompaniýasy 2026-njy ýylyň nusgasyndaky täzelenen iPad Air planşetini resmi taýdan tanyşdyrdy. Planşet 8 ýadroly prosessor we 9 ýadroly grafika bilen üpjün edilen M4 bir kristally ulgamyna esaslanýar. Kompaniýanyň beýanatyna görä, täze model geçen ýylky modelden 30% çalt we 2022-nji ýyldaky wersiýasyndan 2,3 esse güýçlüdir
Apple kompaniýasy M5 çipli we has kuwwatly MacBook Air we MacBook Pro modellerini çykardy
05.03.2026 07:23
1.8k+

Apple kompaniýasy M5 çipli we has kuwwatly MacBook Air we MacBook Pro modellerini çykardy

Apple kompaniýasy täzelenen MacBook Air we Pro modellerini, şeýle hem iki sany täze monitory hödürledi. MacBook Air modeli M5 çibi, ulaldylan ýat we 18 sagada çenli zarýadsyz işlemek mümkinçiligi bilen üpjün edildi
Gemini indi mugtuna edilen gürrüňlerem ýatda saklaýar
04.03.2026 15:22
2.5k+

Gemini indi mugtuna edilen gürrüňlerem ýatda saklaýar

Google kompaniýasy Gemini goşundysynyň ähli mugt ulanyjylary üçin Past Chats (Öňki gepleşikler) funksiýasyny işe girizip başlady. Bu barada 9to5Google neşiri habar berýär. Mundan ozal öňki gepleşikleriň mazmunyny ýatda saklamak ukyby diňe Google AI abunaçylaryna elýeterlidi
Xiaomi dakylýan elektron enjamlar bazarynyň lideri boldy
04.03.2026 10:55
1.7k+

Xiaomi dakylýan elektron enjamlar bazarynyň lideri boldy

Omdia seljeriş kompaniýasynyň habaryna görä, geçen ýylyň netijeleri boýunça Xiaomi kompaniýasy satuwyň 18%-ini eýeläp, dakylýan elektronika bazarynyň lideri boldy. Bu sanawda Amerikanyň tehnologiýa läheňi Apple 17% bilen ikinji, Hytaýyň Huawei kompaniýasy bolsa 16% bilen üçünji orny eýeledi
Lenovo-nyň täze oýun planşetini iş noutbugyna hem öwrüp bolýar
04.03.2026 09:30
1.4k+

Lenovo-nyň täze oýun planşetini iş noutbugyna hem öwrüp bolýar

Lenovo kompaniýasy Barselonada geçirilýän Mobile World Congress (MWC) sergisinde özüniň täze taslama enjamyny — Legion Go Fold modelini görkezdi. Bu Windows ulgamynda işleýän, OLED ekranly we aýrylyp-dakylýan dolandyryjyly oýun planşetidir
Indi iPhone we Android smartfonlaryny Galaxy S26-a öwrüp bolýar
04.03.2026 00:14
4.6k+

Indi iPhone we Android smartfonlaryny Galaxy S26-a öwrüp bolýar

Samsung dükanlara baryp görmezden, täze flagman seriýasy Galaxy S26 bilen tanyşmagyň özboluşly usulyny hödürledi. Resmi tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün geçensoň, täzelenen Try Galaxy web-hyzmaty işe girizildi. Bu hyzmat islendik döwrebap smartfonda — hem Android, hem iPhone ulgamlarynda Galaxy S26 Ultra-ny synap görmäge mümkinçilik berýär
Xiaomi Leica Leitzphone-yň global görnüşi MWC 2026 sergisinde görkezildi
03.03.2026 15:54
2.5k+

Xiaomi Leica Leitzphone-yň global görnüşi MWC 2026 sergisinde görkezildi

Barselonada geçirilýän MWC 2026 sergisinde Xiaomi kompaniýasy Xiaomi 17 Ultra Leica Edition smartfonynyň halkara bazary üçin niýetlenen we Leica Leitzphone diýlip atlandyrylan görnüşini tanyşdyrdy. IT Home neşiriniň žurnalistleri enjamy iş ýüzünde synap gördüler we onuň dizaýnyny ähli tarapyndan görkezdiler
Hytaýda tüwini robotlar üçin «akylly» serişde hökmünde ulanmak isleýärler
03.03.2026 14:41
2.5k+

Hytaýda tüwini robotlar üçin «akylly» serişde hökmünde ulanmak isleýärler

Birmingem uniwersitetiniň hünärmenleri adaty şaly däneleriniň ýüküň tizliginden täsirlenip, «akylly» serişde ýaly hereket edip biljekdigini görkezdiler. Barlag Matter žurnalynda çap edildi. Gowşak basyşda şaly däneleri owranmaýar we durkuny saklaýar
Xiaomi 17 we Xiaomi 17 Ultra kiçi batareýa we ýokary baha bilen dünýä bazaryna çykdy
02.03.2026 21:39
3k+

Xiaomi 17 we Xiaomi 17 Ultra kiçi batareýa we ýokary baha bilen dünýä bazaryna çykdy

MWC 2026 tehnologiýa sergisinde Xiaomi kompaniýasy özüniň täze flagmanlarynyň — Xiaomi 17 we kämilleşdirilen 17 Ultra modelleriniň global wersiýalaryny resmi taýdan tanyşdyrdy. Hytaýda çykan smartfonlaryň esasy häsiýetnamalary saklanyp galsa-da, halkara wersiýalarynyň batareýa göwrümi birneme kiçeldildi we bahalary ep-esli ýokarlandyryldy
Lenovo äýneksiz görmäge niýetlenen 3D-displeýli, goşa ekranly noutbugy döretdi
01.03.2026 13:58
2.2k+

Lenovo äýneksiz görmäge niýetlenen 3D-displeýli, goşa ekranly noutbugy döretdi

Lenovo kompaniýasy 2026-njy ýylyň martyň başynda Barselonada geçiriljek «Mobile World Congress» (MWC) sergisinde Yoga Book Pro 3D konseptual noutbugyny görkezer. Enjam baradaky maglumat 28-nji fewralda X platformasyndaky Evleaks insaýderi tarapyndan çap edildi
Boýy 16 sm, kuwwaty 120 Wt: Xiaomi yzlygyna zarýad berýän akylly kabel çykardy
27.02.2026 20:48
4.2k+

Boýy 16 sm, kuwwaty 120 Wt: Xiaomi yzlygyna zarýad berýän akylly kabel çykardy

Xiaomi kompaniýasy yzlygyna zarýad beriş tehnologiýasy üçin niýetlenen, bary-ýogy 1,5 dollardan satylýan gysga we akylly USB-C kabelini hödürledi. Bu täze önümiň uzynlygy bary-ýogy 16 sm. Ol yzlygyna zarýad berýän wagty iki smartfony birleşdirmek üçin ýörite gysga edildi
Nýu-Ýorkda robotlara gar arassalatdylar
26.02.2026 23:40
5.2k+

Nýu-Ýorkda robotlara gar arassalatdylar

Nýu-Ýorkdaky adatdan daşary güýçli ýagan gar hatda robotlaryň hem ellerine pil bermäge mejbur etdi. Öň hem habar berşimiz ýaly, ABŞ-nyň demirgazyk-gündogaryna ýagan garyň galyňlygy 40-dan 90 santimetre çenli ýetdi, ulag ýollary ýapylyp, uçuş gatnawlary saklanyldy
Täze at bilen öňki smartfon: Samsung kompaniýasy Galaxy S26 seriýasyny hödürledi
26.02.2026 12:43
8.3k+

Täze at bilen öňki smartfon: Samsung kompaniýasy Galaxy S26 seriýasyny hödürledi

25-nji fewral agşamy geçirilen «Galaxy Unpacked» tanyşdyrylyşynda Samsung kompaniýasy resmi taýdan özüniň täze flagman seriýasyny — Galaxy S26-ny hödürledi. Bu hatara üç model: Galaxy S26, S26+ we S26 Ultra girdi
Aýnadaky ...ýatkeşlik? Microsoft maglumatlary «ebedi» saklamagyň ugruny tapdy
25.02.2026 06:26
2.3k+

Aýnadaky ...ýatkeşlik? Microsoft maglumatlary «ebedi» saklamagyň ugruny tapdy

Microsoft-yň barlagçylary Project Silica taslamasynyň çäginde femtosekund lazerleriniň kömegi bilen borosilikat aýnasynda arhiw maglumatlaryny saklamak ulgamyny döretdiler. "Nature" žurnalynyň habar bermegine görä, bu tehnologiýa maglumatlary hatda 290 gradus Selsiý gyzgynlykda hem 10 000 ýyla çenli okalýan görnüşde saklamaga mümkinçilik berýär
ChatGPT-de 20 dollarlygy az, 200-ligi gymmat görýänler üçin 100 dollarlyk nyrhnama peýda bolar
24.02.2026 14:19
2.9k+

ChatGPT-de 20 dollarlygy az, 200-ligi gymmat görýänler üçin 100 dollarlyk nyrhnama peýda bolar

ChatGPT web goşundysynyň kodunda aýda 100 dollar bahasy bolan täze Pro Lite tarif nyrhnamasy baradaky maglumatlar tapyldy. Bu barada OpenAI-niň täzeliklerinden takyk maglumatlary paýlaşmakda tanalýan barlagçy Tibor Blaho habar berdi
Apple emeli aňa iPhone-da internetsiz işlemegi öwredýär
23.02.2026 23:31
1.5k+

Apple emeli aňa iPhone-da internetsiz işlemegi öwredýär

Apple kompaniýasy Ferret-UI Lite atly 3 milliard parametrli, gysga göwrümli emeli aň modeliniň barlagyny çap etdi. Model maglumatlary serwerlere ibermezden, göni enjamyň özünde işlemäge niýetlenendir. Şeýle-de ol  programmalaryň interfeýsindäki elementleri tanamaga we ulanyjynyň adyndan hereketleri ýerine ýetirmäge ukyplydyr
Ilon Mask: «Starship-iň täze nesli mart aýynda ilkinji uçuşyny amala aşyrar»
23.02.2026 14:41
3.4k+

Ilon Mask: «Starship-iň täze nesli mart aýynda ilkinji uçuşyny amala aşyrar»

Ilon Mask özüniň X jemgyýetçilik torunda täze nesil Starship kosmos gämisiniň şu ýylyň mart aýynda ilkinji gezek uçuryljakdygyny habar berdi. Flight 12 uçuşy Starship V3 arhitekturasynyň ilkinji synagy bolar. Bu gäminiň has kämilleşdirilen we güýçli görnüşidir
Google ABŞ-ny, Aziýany, Awstraliýany we Afrikany optiki süýümli kabel arkaly baglajak bolýar
23.02.2026 14:13
8.7k+

Google ABŞ-ny, Aziýany, Awstraliýany we Afrikany optiki süýümli kabel arkaly baglajak bolýar

Google kompaniýasy U.S.-India Connection atly ägirt infrastruktura taslamasyna başlandygyny yglan etdi. Bu taslamany durmuşa geçirmek üçin 15 milliard dollar sarp etmek meýilleşdirilýär. Taslama ABŞ-ny, Aziýany, Awstraliýany we Afrikany birleşdirjek täze suwasty we gury ýer optiki süýümli liniýalarynyň ulgamyny gurmagy göz öňünde tutýar
90-a golaý ýurt emeli aňyň täsiri baradaky jarnama gol çekdi
23.02.2026 09:41
5.1k+

90-a golaý ýurt emeli aňyň täsiri baradaky jarnama gol çekdi

Nýu-Delide geçirilen sammitiň netijeleri boýunça emeli aňyň täsiri baradaky jarnama kabul edildi. Bu barada Hindistanyň Elektronika we maglumat tehnologiýalary ministrligi habar berdi.  Jarnama jemi 88 ýurt we halkara guramasy tarapyndan goldanyldy
Işden soňra rahatlyk: Xiaomi ýadaw gözler üçin akylly massažor çykardy
22.02.2026 14:34
2.7k+

Işden soňra rahatlyk: Xiaomi ýadaw gözler üçin akylly massažor çykardy

Xiaomi kompaniýasy göze dynç bermek üçin niýetlenen Xiaomi Smart Massage Eye atly täze enjamy hödürledi. Bu döwrebap gajet köp wagtyny kompýutere ýa-da smartfona seredip işlemeli bolýan adamlar üçin niýetlenip, göreçleriň ýadawlygyny aýyrmaga kömek edýär
Honda özbaşdak gonmagy başarýan ilkinji hususy uçarynyň nusgasyny görkezdi
21.02.2026 15:42
4.1k+

Honda özbaşdak gonmagy başarýan ilkinji hususy uçarynyň nusgasyny görkezdi

Iki motorly Honda Elite II reaktiw uçary öz segmentinde Garmin-iň adatdan daşary awtomatik gonuş ulgamy üçin ABŞ-nyň Federal raýat awiasiýa müdiriýetiniň sertifikatyny alan ilkinji uçar boldy. Bu barada Honda Aircraft kompaniýasy habar berýär
Google kompaniýasy Chrome brauzeri üçin üç sany täze funksiýany hödürledi
21.02.2026 08:32
1.4k+

Google kompaniýasy Chrome brauzeri üçin üç sany täze funksiýany hödürledi

Google kompaniýasy Chrome brauzeriniň desktop görnüşiniň öndürijiligini ýokarlandyrmak üçin üç sany täze guralyň goşulýandygyny habar berdi. Olar ekrany bölmek režiminden, PDF faýllaryna bellikleri goşmak we olary göni bulut saklaýjysyna ýüklemek mümkinçiliklerinden ybaratdyr
Google 2025-nji ýylda müňlerçe işläp düzüjini we millionlarça şübheli goşundyny bloklady
20.02.2026 22:19
1.8k+

Google 2025-nji ýylda müňlerçe işläp düzüjini we millionlarça şübheli goşundyny bloklady

2025-nji ýylda Google kompaniýasy giň gerimli arassalaýyş işlerini geçirip, düzgünleri bozan 1,75 milliondan gowrak goşundynyň Play Store-a ýüklenmeginiň öňüni aldy we zyýanly goşundyny ýerleşdirmek islän 80 müňden gowrak işläp düzüjiniň akkauntyny ýok etdi
Hytaýly alymlar simsiz aragatnaşygy rekord 400 Gbit/s çenli tizlige çykaryp bildiler
20.02.2026 21:38
2.8k+

Hytaýly alymlar simsiz aragatnaşygy rekord 400 Gbit/s çenli tizlige çykaryp bildiler

Pekin uniwersitetiniň alymlary Pençen barlaghanasy, Şanhaý tehnologiýa uniwersiteti we maglumat optoelektronika pudagynda Milli innowasiýalar merkezi bilen hyzmatdaşlykda optiki süýümli we simsiz maglumat geçirijiligi birleşdirýän dünýäde ilkinji gibrid ulgamy işläp düzdi
Baktériýadan hem kiçi QR-kod döredildi: göze görünmeýän rekord
20.02.2026 18:09
2.5k+

Baktériýadan hem kiçi QR-kod döredildi: göze görünmeýän rekord

Alymlar dünýäde iň kiçi QR-koduny döretdiler. Ol eýýäm Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.  Koduň ölçegi öňki hasaba alnan rekordyň üçden bir bölegi ýaly, şonuň üçin ony adaty göz bilen görjek gümanyň ýok. «Biziň döreden gurluşymyz şeýle bir inçe welin, ony optiki mikroskoplaryň kömegi bilenem görüp bolmaýar» diýip, professor Pol Maýrhofer düşündirdi
Hindistan $200 mlrd maýa goýum bilen dünýäniň EA-hasaplama merkezine öwrülmegi maksat edinýär
20.02.2026 17:00
3.9k+

Hindistan $200 mlrd maýa goýum bilen dünýäniň EA-hasaplama merkezine öwrülmegi maksat edinýär

Hindistan hökümeti geljek iki ýylyň dowamynda emeli aň infrastrukturasyna 200 milliard dollardan gowrak maýa goýumyny çekmegi meýilleşdirýär. Bu barada maglumat tehnologiýalary ministri Aşwini Waişnaw Nýu-Delide geçen «Emeli aňyň täsiri» sammitindäki çykyşynda aýtdy
Atlantada dünýäde ilkinji sürüjisiz jemgyýetçilik ulagy işe giriziler
20.02.2026 12:48
5.3k+

Atlantada dünýäde ilkinji sürüjisiz jemgyýetçilik ulagy işe giriziler

ABŞ-nyň Jorjiýa ştatynyň Atlanta aglomerasiýasynda dünýäde ilkinji doly awtomatlaşdyrylan jemgyýetçilik ulag ulgamynyň synag taslamasyna badalga berilýär.  Kaliforniýanyň Glydways kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen bu tehnologiýa esas hökmünde ýörite gurlan ýollar boýunça özbaşdak hereket edýän sürüjisiz elektromobiller hyzmat edýär
Fransiýaly inžener smartfondan dolandyrylýan 10 gramlyk robot-guş ýasady
19.02.2026 23:16
5.4k+

Fransiýaly inžener smartfondan dolandyrylýan 10 gramlyk robot-guş ýasady

Fransuz inženeri Edwin Wan Rýumbeke ganatlaryny işjeň kakmak arkaly guşlaryň uçuşyny gaýtalaýan «Swift» atly ornitopter dronuny tanyşdyrdy. Agramy bary-ýogy 10,9 gram bolan bu robot-guş iOS we Android ulgamlaryndaky ýörite mobil programma arkaly dolandyrylýar
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.