Hi-tech

Alymlar bir öýi bir günläp energiýa bilen üpjün edip bilýän beton batareýasyny döretdiler
09.10.2025 17:10
5.7k+

Alymlar bir öýi bir günläp energiýa bilen üpjün edip bilýän beton batareýasyny döretdiler

Massaçusets Tehnologiýa Institutynyň (MIT) alymlary öň işlenip düzülen elektron geçiriji uglerodly betony (ec3) kämilleşdirdiler. Bu işläp taýýarlama öýüň binýadyny ýa-da diwarlaryny energiýa saklaýan enjama öwürýär diýip, New Atlas habar berýär
Awstraliýaly robot möý bir jaýy 24 sagadyň içinde çap edýär
06.10.2025 10:46
7.7k+

Awstraliýaly robot möý bir jaýy 24 sagadyň içinde çap edýär

Awstraliýada äpet möý şekilli üýtgeşik gurluşykçy robot oýlanyp tapyldy. Crest Robotics we Earthbuilt Technology kompaniýalary tarapyndan döredilen, "Şarlotta" diýlip atlandyrylýan oýlap tapyş, takmynan, 200 inedördül metrlik jaýy 24 sagadyň içinde çap etmäge ukyplydyr diýip, ABC  habar berýär
Hytaý gazylyp alynýan peýdaly magdanlary gözlemek üçin iň kuwwatly georadary işe girizdi
25.09.2025 20:36
7.7k+

Hytaý gazylyp alynýan peýdaly magdanlary gözlemek üçin iň kuwwatly georadary işe girizdi

Hytaý ýere we suwa çuň aralaşyp biljek dünýäde iň güýçli georadary ulanyp başlady. Ilkibaşda Wireless Electromagnetic Method (WEM) ulgamy suwasty gämiler bilen aragatnaşygy saklamak üçin döredildi, ýöne bäş ýyl ozal ol geologiki gözlegler üçin ulanylyp başlandy diýip, South China Morning Post habar berýär
Xiaomi dişiň sagdylygyny seljerýän akylly diş çotgasyny çykardy
14.09.2025 21:23
3.1k+

Xiaomi dişiň sagdylygyny seljerýän akylly diş çotgasyny çykardy

Xiaomi kompaniýasy elektrikli Mijia Servo-Sonic Electric Toothbrush Pro diş çotgasyny hödürledi. Täze önümiň esasy aýratynlygy häzirki wagtda reaksiýa berýän reňkli LCD displeýidir diýip, GizmoChina habar berýär
Figure 02 gumanoid roboty gap-gaç ýuwmagy öwrendi
13.09.2025 15:48
4.1k+

Figure 02 gumanoid roboty gap-gaç ýuwmagy öwrendi

Kaliforniýanyň Figure startapy uniwersal Helix AI emeli aň modeli täzeledi, munuň netijesinde Figure 02 gumanoid roboty täze başarnygy - gap-gaç ýuwýan maşyna gap-gaçlary seresaplylyk bilen ýerleşdirmegi öwrendi
Gurluşyk çyzgylaryny göni betona geçirýän robot döredildi
13.09.2025 15:43
5.1k+

Gurluşyk çyzgylaryny göni betona geçirýän robot döredildi

Amerikanyň Dusty Robotics kompaniýasy sanly gurluşyk çyzgylaryny göni beton plitalara geçirýän FieldPrinter robotyny hödürledi. Tehnologiýa bellikleri has çalt we has takyk ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär, bu köp wagty talap edýän el bilen işlemek zerurlygyny aradan aýyrýar
Neuralink 2026-njy ýylda ilkinji gezek kör hassa çip goýar
09.09.2025 09:47
3.6k+

Neuralink 2026-njy ýylda ilkinji gezek kör hassa çip goýar

Amerikaly telekeçi Ilon Mask 2026-njy ýylda Neuralink kompaniýasynyň kör hassa görüş implantatyny goýmak boýunça ilkinji operasiýany geçirjekdigini aýtdy. Maskyň sözlerine görä, çip görşi bölekleýin dikelder. Neuralink birnäçe ýyl bäri görşi dikeltmek üçin tehnologiýalary işläp taýýarlamaklyga gönükdirilen Blindsight programmasynyň üstünde işleýär
Hytaýda bedeniň ýylylygyndan elektrik energiýasyny öndürýän rezin döredildi
05.09.2025 16:58
5.5k+

Hytaýda bedeniň ýylylygyndan elektrik energiýasyny öndürýän rezin döredildi

Pekin uniwersitetiniň barlagçylary adam bedeniniň ýylylygyny elektrik energiýasyna öwürýän rezin materialy işläp taýýarladylar diýip, South China Morning Post habar berýär. Täze tehnologiýa termoelektrik ýörelgelerine esaslanýar: bedeniň (37° C töweregi) we daşky gurşawyň (20–30 ° C) arasyndaky temperatura tapawudy elektrik energiýasyny öndürmäge mümkinçilik berýär
Boston Dynamics kompaniýasy Atlas robotyna çylşyrymly başarnyklary özleşdirmegi öwretdi
26.08.2025 21:23
2.6k+

Boston Dynamics kompaniýasy Atlas robotyna çylşyrymly başarnyklary özleşdirmegi öwretdi

Boston Dynamics kompaniýasy Atlas modeliniň mysalynda adam şekilli robotlaryň ösüşiniň täze derejesini hödürledi. Indi robot diňe bir hereket etmäge ukyply bolman, eýsem Toyota Research Institute (TRI) bilen bilelikde döredilen uly özüni alyp baryş modelleriniň (LBMs) dolandyrmagynda dowamly we çylşyrymly başarnyklary ýerine ýetirip bilýär
Robot "ene": Hytaýda göwresinde çaga götermäge ukyply Android bar
19.08.2025 14:32
7.6k+

Robot "ene": Hytaýda göwresinde çaga götermäge ukyply Android bar

Hytaýyň Guançžouda ýerleşýän Kaiwa Technology kompaniýasy adam düwünçegini göwrelilikden başlap, dogulýança götermäge ukyply emeli ýatgyly robotyň döredilendigini habar berdi. Önümiň bahasy 14000 dollardan gymmat däl bolup, 2026-njy ýylda bazara çykar diýlip garaşylýar
Google-e degişli kompaniýanyň lazerli interneti gury ýerde we deňizde 100 Gbit/sek geçmegi başardy
18.08.2025 15:27
4k+

Google-e degişli kompaniýanyň lazerli interneti gury ýerde we deňizde 100 Gbit/sek geçmegi başardy

Alphabet Loon ýapyk taslamasy esasynda 2022-nji ýylda döredilen Aalyria kompaniýasy maglumatlary geçirmegiň Tightbeam lazer ulgamyny üstünlikli synagdan geçirdi. Synaglaryň dowamynda tehnologiýa hakyky ýagdaýlara ýakyn şertlerde 100 Gbit / s tizlikde durnukly internet birikmesini üpjün etdi
DeepMind: Adamyňka meňzeş kognitiw ukyply AI ýakyn 5-10 ýylda peýda bolar
09.08.2025 14:51
2.1k+

DeepMind: Adamyňka meňzeş kognitiw ukyply AI ýakyn 5-10 ýylda peýda bolar

Köp sanly kognitiw wezipeleri ýerine ýetirmäge ukyply güýçli emeli aň (Artificial General Intelligence, AGI) ýakyn 5-10 ýylda işlenip düzülip bilner. Bu barada Google-yň AI bilen meşgullanýan bölümi bolan DeepMind-yň ýerine ýetiriji müdiri Demis Hassabis mälim etdi
Hytaýda öz-özi arassalanýan aýna döredildi
06.08.2025 17:39
10k+

Hytaýda öz-özi arassalanýan aýna döredildi

Hytaýyň Çžeszýan uniwersitetiniň alymlary suw, himiýa ýa-da ep-esli energiýa çykdajysy bolmazdan öz-özüni arassalaýan aýnany döretdi. Ol bary-ýogy birnäçe sekuntda 98% tozany aýyrýar diýip, Interesting Engineering neşiri ýazýar
Täze oýlap tapyş smartfonlara iýmitiň we ganyň düzümini tanamaga mümkinçilik berer
06.08.2025 16:12
3.1k+

Täze oýlap tapyş smartfonlara iýmitiň we ganyň düzümini tanamaga mümkinçilik berer

Demirgazyk Karolina döwlet uniwersitetiniň alymlary smartfonlara oturdylyp we ylmy derejeli analizator bolup biljek kiçijik spektral datçigi döretdiler diýip, SciTechDaily ýazýar. Taslamanyň awtorlaryndan biri
Hytaýda robot talyplyga kabul edildi: ol "dramaturgiýany we kinony" öwrener
04.08.2025 20:25
7.8k+

Hytaýda robot talyplyga kabul edildi: ol "dramaturgiýany we kinony" öwrener

Hytaýda Xueba 01 atly robot Şanhaý teatr akademiýasynyň "dramaturgiýa we kino" ugry boýunça doktorantura maksatnamasyna kabul edildi. Bu barada South China Morning Post neşiri habar berýär. Okuw dört ýyl dowam eder
Gonkongda dyz bogunlaryna düşýän agramy iki esse azaltmaga kömek edýän ekzoskelet döredildi
02.08.2025 00:13
7.9k+

Gonkongda dyz bogunlaryna düşýän agramy iki esse azaltmaga kömek edýän ekzoskelet döredildi

Gonkongly inženerler adam bedeniniň aşaky bölegi üçin geýilýän ýörite ekzoskelet işläp taýýarladylar. Bu enjam dyzyň bogunlaryna düşýän agramy 50%-e çenli azaldýar. Enjam 20 ýaşdan uly, işjeň hereketdäki adamlar üçin niýetlenendir
Unitree gumanoid robota keseligine aşyr atmagy we togalanmagy öwretdi
28.07.2025 18:58
4.5k+

Unitree gumanoid robota keseligine aşyr atmagy we togalanmagy öwretdi

Hytaýyň Unitree kompaniýasy täze Unitree R1 gumanoidini hödürledi. Bu döwrebap we arzan robotyň agramy bary-ýogy 25 kg bolup, ol togalanmak we keseligine aşyr atmak ýaly dürli hereketleri ýerine ýetirip bilýär
Meta “beden diline” düşünýän ekransyz bilezigi döretdi
26.07.2025 18:27
5.6k+

Meta “beden diline” düşünýän ekransyz bilezigi döretdi

Meta kompaniýasy eliň hereketini bilmäge ukyply ekransyz bilezigiň täzelenen prototipini görkezdi. Ol ulanyjynyň goşaryndan alynýan maglumatlara esaslanýar. Gurluşyň mümkinçilikleri baradaky maglumatlary Nature žurnaly hödürledi
ABŞ-ly alymlar plastmassanyň, metalyň we aýnanyň häsiýetlerini birleşdirýän material döretdiler
26.07.2025 17:01
4.5k+

ABŞ-ly alymlar plastmassanyň, metalyň we aýnanyň häsiýetlerini birleşdirýän material döretdiler

Tehas ştatynyň Hýuston şäherindäki Raýs uniwersitetiniň we Hýuston uniwersitetiniň alymlary bakterial sellýulozadan täze material döretdiler. Ol metalyň güýjüni, plastmassanyň çeýeligini we aýnanyň durulygyny özünde birleşdirýär
Hytaý we Şwesiýa 350 aýlawdan soň hem kuwwatyny ýitirmeýän batareýa döretdiler
22.07.2025 12:37
6k+

Hytaý we Şwesiýa 350 aýlawdan soň hem kuwwatyny ýitirmeýän batareýa döretdiler

Hytaýly we şwesiýaly alymlar batareýalaryň geljegini düýpgöter üýtgedip biljek täze F-QSCE30 elektrolitini oýlap tapdylar. Ol 60 gradus Selsiýada 350 gezek zarýad berliş-zarýad çöküş aýlawyndan soň batareýanyň kuwwatynyň 100%-ini diýen ýaly saklamaga we 4000 sagatdan gowrak peselmezden durnukly işlemäge mümkinçilik berdi
Toksuz ýagty saçýan ýanýoda örtüginiň täze düzümi döredildi
18.07.2025 12:15
6.1k+

Toksuz ýagty saçýan ýanýoda örtüginiň täze düzümi döredildi

Gije pyýadalaryň ýöreýän zolaklarynyň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak üçin luminoforly örtükler - ýagtylyk ýygnanandan soň ýagty saçýan maddalar has köp ulanylýar. Şeýle örtükler welosiped ýollarynda, awtoulag duralgalarynda we pyýadalaryň ýöreýän zolaklarynda ulanylýar
Hytaý robot iti Black Panther II 13 sekuntda 100 metr aralyga ylgady
14.07.2025 11:06
4.6k+

Hytaý robot iti Black Panther II 13 sekuntda 100 metr aralyga ylgady

Mirror Me hytaý startapynyň Black Panther II robot iti 13 sekuntda 100 metr aralygy ylgap geçdi. Bu robotlaryň arasynda iň gowy netijedir diýip, South China Morning Post habar berýär. Model sekuntda 9,7 metr tizligi görkezip, sekuntda 8,8 metre çenli tizligini artdyryp bilýän WildCat amerikan robotynyň görkezijilerinden geçdi
Implant ysmaz syçanlaryň hereketini dikeltmäge kömek etdi
09.07.2025 13:57
3.3k+

Implant ysmaz syçanlaryň hereketini dikeltmäge kömek etdi

Barlagçylar adamlarda we haýwanlarda oňurga ýiliginiň şikeslerini bejermegiň täsirli usulyny döretmäge bir ädim ýakynlaşdylar. Oklend uniwersitetiniň (Täze Zelandiýa) alymlary ysmaz alakalarda hereket funksiýalaryny dikeldýän minimal inwaziw tehnologiýany işläp düzdüler
ABŞ-ly alymlar robotlara gutynyň içindäki predmetleri görmegi öwretdiler
06.07.2025 15:43
2.9k+

ABŞ-ly alymlar robotlara gutynyň içindäki predmetleri görmegi öwretdiler

Massaçusets Tehnologiýa institutynyň (MIT) alymlary ammar robotlaryna karton gutularyň, plastmassa gaplaryň içinde ýa-da ýuka diwarlaryň aňyrsyndaky predmetleri ýokary takyklykda kesgitlemäge mümkinçilik berýän mmNorm tehnologiýasyny döretdiler
Pikiriň güýji bilen dolandyrylyp bilinýän robot protez gol döredildi
05.07.2025 19:13
5.1k+

Pikiriň güýji bilen dolandyrylyp bilinýän robot protez gol döredildi

Alymlar operasiýa edilmezden ýa-da gymmat enjamlary ulanmazdan pikiriň güýji  bilen dolandyrylyp bilinýän robot goly döretdiler. Täze inwaziw däl “beýni-kompýuter” interfeýsi elektrodly şlem bilen işleýär we bedene oturdylmagyny talap etmeýär
Singapurly alymlar "derleýän" boýag döretdiler. Ol salkyn howany saklap galýar
29.06.2025 12:54
4.7k+

Singapurly alymlar "derleýän" boýag döretdiler. Ol salkyn howany saklap galýar

Singapurly alymlar yssy we çygly howa şertlerinde kondisioner üçin energiýa sarp edilişini ep-esli azaldyp bilýän innowasion ak reňkli boýag döretdiler diýip, New Atlas neşiri ýazýar. Täze boýag "derleýär" – ýagny, nemi özünde saklap, gyzanda ony buglandyrýar
Barlaglara görä, emeli aňlar ýalan sözlemäge we manipulýasiýa etmäge hem ukyply
26.06.2025 17:39
6.2k+

Barlaglara görä, emeli aňlar ýalan sözlemäge we manipulýasiýa etmäge hem ukyply

Uly dil modellerini (LLM) döredijiler heniz hem emeli aňyň jogaby nädip döredýändigine doly düşünmeýärler diýip, täze barlaglara salgylanýan Financial Times ýazýar. Anthropic, Google, OpenAI we xAI laboratoriýalarynda jogaplar döredilende AI-niň pikirleniş ädimini yzarlamaga mümkinçilik berýän “pikirler zynjyry” usuly ulanylýar
Neuralink-iň çibi oturdylan meýletinçi bir hepdede pikiriň güýji bilen wideo oýun oýnamagy öwrendi
22.06.2025 18:06
7.9k+

Neuralink-iň çibi oturdylan meýletinçi bir hepdede pikiriň güýji bilen wideo oýun oýnamagy öwrendi

ABŞ-nyň Aýdaho ştatynyň ýaşaýjysy Rob Greýner Neuralink kompaniýasynyň neýroçibi oturdylan altynjy meýletinçi boldy. 2022-nji ýylyň dekabryndaky awtoulag heläkçiliginden soň ysmaz bolan erkek adam indi ekrandaky kursory elleriniň kömegi bolmazdan, diňe pikir güýji arkaly dolandyryp bilýär
Hytaýda ysmaz keselli adama beýni implanty üstünlikli oturdyldy
17.06.2025 19:26
3.2k+

Hytaýda ysmaz keselli adama beýni implanty üstünlikli oturdyldy

ABŞ ysmaz adamlara pikiriň güýji bilen kompýuteri dolandyrmaga mümkinçilik berýän beýni implantlaryny işläp taýýarlamak bilen meşgullanýan ýeke-täk ýurt däl. Bu ugurda Ilon Maskyň Neuralink startapy öňdebaryjy hasaplanýar, ýöne ýakynda Hytaý hem öz neýroimplantynyň kliniki synaglaryny üstünlikli tamamlady
Amerikan restoranynda azatmahynyň emeli eti hödürlenip başlandy
12.06.2025 12:26
8.7k+

Amerikan restoranynda azatmahynyň emeli eti hödürlenip başlandy

ABŞ-nyň Azyk önümlerine we derman serişdelerine gözegçilik edarasy (FDA) Wildtype kompaniýasynyň barlaghanasy tarapyndan döredilen “ýabany azatmahynyň” (losos) emeli etiniň satuwyny tassyklady. Önüm howpsuz diýlip ykrar edildi we eýýäm Oregon ştatynyň Portlend şäherindäki Kann restoranynda myhmanlara hödürlenýär diýip, The Verge habar berýär
Samsung kagyz ekranly mahabat tagtasyny çykardy. Ol elektrik çeşmesine birikdirilmezden işleýär
11.06.2025 13:18
4.5k+

Samsung kagyz ekranly mahabat tagtasyny çykardy. Ol elektrik çeşmesine birikdirilmezden işleýär

Günorta Koreýanyň Samsung Electronics tehnologiýa ägirdi Сolor E-Paper sanly mahabat tagtasynyň global satuwyna başlady. Enjam reňkli elektron syýa tehnologiýasynyň esasynda gurlan we hemişelik energiýa çeşmesi bolmazdan şekilleri görkezmäge ukyply
Tellurdan ýasalan implantat syçanlaryň görüş ukybyny dikeltdi, maýmynlarda bolsa güýçlendirdi
10.06.2025 13:04
4.1k+

Tellurdan ýasalan implantat syçanlaryň görüş ukybyny dikeltdi, maýmynlarda bolsa güýçlendirdi

Hytaýly alymlar tellur nanosimlerden dokalan protez torly bardany (setçatka) işläp taýýarladylar. Bu enjam kör syçanlaryň görüş ukybyny bölekleýin dikeltdi we ozaldan hem görýän makaklaryň (maýmyn) ýakyn infragyzyl şöhläni görmegine mümkinçilik berdi
Raibo atly koreýaly robot it diwaryň ýüzünden ylgamagy we parkury özleşdirdi
03.06.2025 20:52
4.6k+

Raibo atly koreýaly robot it diwaryň ýüzünden ylgamagy we parkury özleşdirdi

Günorta Koreýanyň Robototehnika we emeli aň barlaghanasynda işlenip taýýarlanan dört aýakly robot Raibo parkury özleşdirdi. Ol dik diwaryň ýüzünden ylgap, 1,5 metre çenli beýiklikdäki päsgelçiliklerden böküp we daşlyk ýerlerde hereket edip bilýär diýip, Science Robotics žurnalynda aýdylýar
Ýapon alymlary islendik adama dogry geljek emeli gany synagdan geçirýärler
02.06.2025 13:37
3.7k+

Ýapon alymlary islendik adama dogry geljek emeli gany synagdan geçirýärler

Ýaponiýada emeli ganyň kliniki synaglaryna başlamaga taýynlanýarlar. Professor Hiromi Sakainiň ýolbaşçylygyndaky Nara lukmançylyk uniwersitetiniň hünärmenler toparynyň işläp taýýarlamasy, esasanam, adatdan daşary ýagdaýlarda we uzak sebitlerde donor ganynyň ýetmezçiliginiň meselesini çözüp biler
Alymlar derini, süňkleri we beýleki dokumalary 3D bio çap etmek üçin täze materiallary döretdiler
31.05.2025 16:39
2.6k+

Alymlar derini, süňkleri we beýleki dokumalary 3D bio çap etmek üçin täze materiallary döretdiler

N.I.Lobaçewskiý adyndaky Milli barlag Nižegorod döwlet uniwersitetiniň himikleri (UNN) derini, süňkleri, gan damarlaryny we beýleki dokumalary 3D bio çap etmek üçin material döretdiler. Bu barada uniwersitetiň metbugat gullugy habar berdi
Google we Samsung-yň täze akylly äýnegi teksti terjime edýär, ugry we howany görkezýär
28.05.2025 12:08
3.4k+

Google we Samsung-yň täze akylly äýnegi teksti terjime edýär, ugry we howany görkezýär

Google I/O konferensiýasynda Google we Samsung kompaniýalary Android XR platformasyna esaslanýan akylly äýnegiň prototipini görkezdi. Ol adaty äýnege meňzeýär, ýöne onuň sapy ýogyn bolup, onda görüş meýdanyny ýapmazdan maglumatlary görkezmek üçin tehnologiýa gizlenýär
Alymlar 3D çap usulynda aortanyň ornuny tutýan bio dokumany çap etdiler
12.05.2025 12:31
3.1k+

Alymlar 3D çap usulynda aortanyň ornuny tutýan bio dokumany çap etdiler

Ýel uniwersitetiniň (ABŞ) alymlary zeper ýeten bio dokumalary 3D çap usulynda döredilen bio dokuma bilen çalyşmagyň tehnologiýasyny işläp düzdüler. Synagda çap edilen aorta syçanlara üstünlikli imlpantasiýa edildi, bu bolsa adamlarda ýürek-damar kesellerini bejermekde täze mümkinçilikleri açýar
Inženerler 100 ýyllyk kepillik bilen titandan ruçka döretdiler
09.05.2025 12:06
7.1k+

Inženerler 100 ýyllyk kepillik bilen titandan ruçka döretdiler

Titaner kompaniýasy 100 ýyl hyzmat etjek Dragon Pearl ruçkasyny döretdi. Ol tutuşlygyna diýen ýaly, hatda içki pužiny hem 5-nji derejeli titandan ýasalan. Inženerleriň hasaplamalaryna görä, mehanizm milliondan gowrak gezek basylmaga çydap biler
Norwegiýada emeli garyň kömegi bilen ereýän buzlugy halas etmek isleýärler
23.04.2025 00:41
7.9k+

Norwegiýada emeli garyň kömegi bilen ereýän buzlugy halas etmek isleýärler

Skandinaw daglarynyň iň beýik nokady bolan Gallhýopiggen dagyndaky ereýän buzlugy emeli garyň kömegi bilen halas etmek teklip edildi. Buzluk her ýyl 1 mln kubometr gar ýitirýär, onuň galyňlygy bolsa eýýäm 20-25 metre çenli azaldy
LG-niň akylly telewizorlary mahabat üçin tomaşaçylaryň isleglerini seljerer
23.04.2025 00:32
2.8k+

LG-niň akylly telewizorlary mahabat üçin tomaşaçylaryň isleglerini seljerer

LG kompaniýasy ulanyjylaryň emosiýalaryny we pikirlerini seljerýän ZenVision emeli aň tehnologiýasyny işläp düzüji Zenapse bilen şertnama baglaşdy. Tehnologiýa bütin dünýäde 200 mln LG telewizoryna, şol sanda ABŞ-da öý hojalyklarynyň 35%-ine ornaşdyrylar
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.