Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Medeniýet we jemgyýet
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Medeniýet we jemgyýet
02.01.2026 11:51
22k+
Türkmenistanda 2026-njy ýylyň ilkinji perzendi Aşgabatda dünýä indi
1-nji ýanwarda Aşgabat şäherindäki Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde täze ýylda ilkinji çaga dünýä indi. Ata-enesi oglanjyga Atamyrat diýip at goýdy. Bedew batly ösüşlere beslenjek ýylymyzyň ilkinji gününi begenç-buýsanja beslän akja bäbek, Gaýypowlaryň agzybir maşgalasy bilen birlikde, ol ýerdäki ähli lukmanlaryň şatlygyny artdyrdy diýip, "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär
02.01.2026 10:57
7.4k+
Alymlar ilkinji adamlaryň Awstraliýa haçan we nähili göçüp barandyklaryny anykladylar
Halkara alymlar topary Awstraliýa häzirki zaman aborigenleriniň we papuaslaryň ata-babalarynyň takmynan 60 000 ýyl mundan ozal Günorta-Gündogar Aziýadan iki dürli göçüş ýoly arkaly gadymy Sahul yklymyna gelendigini anykladylar
02.01.2026 10:47
6.1k+
22 müň ýyl ozal Ýaponiýada piller ýaşapdyr: Olar ol ýere nähili düşüpdir we soň nirä ýitirim bolupdyr?
Alymlar ilkinji gezek Nauman piliniň gadymy DNK-syny seljerdiler. Bu pil Ýapon adalarynda ýaşan we takmynan 22 000 ýyl mundan ozal ýitip giden, göni gyýakly pilleriň bir görnüşidir. Iki jandaryň süňkleriniň genetiki seljermesine esaslanýan bu barlag Cell žurnalynda çap edildi
02.01.2026 10:40
5.7k+
Günorta Wýetnamyň daglarynda hažžygyň täze altynsow görnüşi tapyldy
Wýetnamyň günortasyndaky Langbian tekizliginiň beýik dagly tokaýlarynda alymlar hažžygyň täze görnüşini ýüze çykardylar. Ylmy gözleg ýerli hünärmenler tarapyndan Russiýadan gelen kärdeşler bilen bilelikde geçirildi
02.01.2026 10:34
3.7k+
«Haýwanlar şäheri 2» taryhda iň köp girdeji gazanan multfilmleriň bäşligine girdi
«Haýwanlar şäheri 2» (Зверополис-2) dünýä prokatynda 1,4 mlrd dollardan gowrak ýygnap, taryhda iň köp girdeji gazanan animasion filmleriň bäşligine girdi. Muny The Numbers portalynyň maglumatlary delillendirýär
01.01.2026 19:03
8.3k+
Beýonse dollar milliarderleriniň sanawyna goşuldy
Amerikaly aýdymçy Beýonse Noulz-Karter dollar milliarderi boldy. Forbes žurnalynyň maglumatlaryna görä, ol baýlygy bir milliard dollardan geçen bäşinji sazanda boldy. Ozal bu sanawa onuň adamsy – repçi Jay-Z, aýdymçylar Teýlor Swift we Rianna, şeýle-de Brýus Springstin girýärdi
01.01.2026 19:00
2.3k+
OpenAI emeli aň töwekgelçiliklerine baha bermek bölüminiň başlygy wezipesi üçin boş iş ornuny açdy
OpenAI emeli aň modelleriniň ösüşi bilen baglanyşykly bolan töwekgelçiliklere baha bermek we öňüni almak bilen meşgullanjak bölüm başlygyny gözleýändigini yglan etdi. Täze wezipe EA-nyň mümkinçilikleriniň artmagy bilen ýüze çykýan mümkin bolan howplaryň seljerilmegini göz öňünde tutýar
01.01.2026 18:52
15k+
Bir adam elde ýasalan agaç welosipedde tutuş Beýik Britaniýany aýlandy
Beýik Britaniýanyň ýaşaýjysy Kidus Tesera öz ýasan agaç welosipedinde tutuş ýurt boýunça syýahata ugrady. Onuň täsin syýahaty barada The Guardian gazeti habar berýär. Asly Efiopiýaly bolan bu adam sekiz ýyl mundan ozal Londonyň Imperiýa kollejinde okamak üçin Angliýa gelýär we tiz wagtdan şol bir gündelik durmuşa başlandygyny we öz medeniýeti bilen aragatnaşygy ýitirýändigini duýýar
31.12.2025 16:47
80k+
TMCARS: “Täze – 2026-njy ýylyňyz gutly bolsun!"
TMCARS-yň gadyrly ulanyjylary! Sizi Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýarys! Goý, 2026-njy ýyl durmuşyňyzda iň bir arzyly maksatlaryňyza ýetmäge mümkinçiliklere baý ýyl bolsun! Geçip barýan ýylda biziň platformamyz size has elýeterli hem has ýakyn bolmaga çalyşdy: 5 milliondan gowrak ulanyjy bize ynam bildirip, her gün on müňlerçe bildiriş ýerleşdirýär
31.12.2025 08:57
7.7k+
Yrakda gowy ýagdaýda saklanyp galan 3000 ýyllyk küýzegärçilik ussahanasy tapyldy
Arheologlar Yrak Kürdüstanynda gadymy küýzegärçilik ussahanasyny ýüze çykardylar. «Journal of Archaeological Science» neşiri onuň takmynan 3000 ýyllyk ýaşyna garamazdan, örän gowy ýagdaýda saklanyp galandygyny habar berýär
31.12.2025 08:21
5.6k+
Barlaglar: YouTube-yň maslahat berýän her bäşinji wideosy — emeli aň tarapyndan döredilen pes hilli mazmundyr
«Kapwing» kompaniýasynyň geçiren barlaglaryna görä, «YouTube» platformasynyň täze ulanyjylara hödürleýän wideolarynyň takmynan 20%-i tomaşa sanyny emeli usullar bilen köpeltmek üçin döredilen, emeli aňyň (EA) pes hilli önümidir
31.12.2025 08:16
3.1k+
«Haýwanlar şäherini» döredijiler üçünji bölümiň üstünde işläp başlady
«Haýwanlar şäheri-2» multfilminiň režissýorlary Baýron Howard we Jared Buş animasion filmiň üçünji bölümi üçin pikir gözlegine çykdy. Olar multfilmiň önümçiliginiň dokuz ýyl töweregi wagt aljakdygyny aýdýar (birinji bilen ikinji bölümiň arasyndaky wagt hem şonça bolupdy)
31.12.2025 08:14
1.3k+
Samsung CES 2026 sergisinde «Music Studio» atly täze dizaýnerçilik akustikasyny görkezer
Samsung kompaniýasy CES 2026 sergisinde öý üçin niýetlenen täze «Music Studio» akustika ulgamlaryny hödürlemäge taýýarlanýar. Bu enjamlar kompaniýanyň sungat eseri hökmünde görünýän tehnologiýalary döretmek çemeleşmesine doly laýyk gelýär
31.12.2025 08:10
3.7k+
Huawei Mate 80 Hytaýda uly meşhurlyga eýe boldy: 23 günde 1,2 milliondan gowrak smartfon satyldy
Huawei Mate 80 smartfonlar seriýasy Hytaýyň içerki bazarynda hakyky meşhurlyk gazandy. Bu seriýanyň umumy satuwy takmynan 1,235 million birlige ýetdi. Bu bolsa Huawei kompaniýasynyň satuwa başlan ilkinji 23 gününiň dowamynda ortaça günde 50 müňden gowrak smartfon satandygyny aňladýar
30.12.2025 23:46
2.5k+
«Queen» topary ozal çap edilmedik Roždestwo aýdymyny çykarmaga taýýarlanýar
«Queen» topary ozal köpçülige ýetirilmedik «Not for Sale» («Polar Bear») atly Roždestwo aýdymyny çykarmagy meýilleşdirýär. Bu barada toparyň gitaraçysy Braýan Meý «Planet Rock» radio gepleşiginde habar berdi diýip, «Rolling Stone» žurnaly ýazýar
30.12.2025 23:37
9.6k+
Britaniýanyň kenarýakasyndaky syr: Uelsiň çäginden ýüzlerçe gadymy ädik tapyldy
Günorta Uelsiň Ogmor-baý-Si kenarynda meýletinçiler geň tapyndyny — Wiktoriýa döwrüne (XIX asyryň ikinji ýarymy) degişli birnäçe ýüz ädigi tapdylar. BBC-niň habar bermegine görä, aýakgaplar «Beach Academy» guramasynyň agzalary tarapyndan derýanyň kenarynda arassalaýyş işleri geçirilýän wagtynda tapyldy
30.12.2025 17:07
4.4k+
Disney 2025-nji ýylda iň girdejili we kassa ýygymy 6 mlrd dollardan geçen ýeke-täk kinokompaniýa boldy
Disney 2025-nji ýylda iň girdejili kinostudiýa we bazarda kassa ýygymy 6 mlrd dollardan geçen ýeke-täk kinokompaniýa boldy. Umumy girdejiniň 2,3 mlrd dollary ABŞ-nyň paýyna düşdi, 3,65 mlrd dollary bolsa halkara bazarlarda gazanylan girdejiler emele getirdi diýip, Deadline habar berýär
30.12.2025 16:47
6.9k+
Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasy kyn şertlerde we ýiti ýagtylykda synagdan geçirildi
Meşhur hytaýly bloger Sýaolu Lourens täze Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonyny synagdan geçirip, suratlary hödürledi. Bloger syýahat, fotosuratlar we wideograflar bilen meşgullanýar. Onuň Weibo platformasynda 1 milliondan gowrak agzasy bar
30.12.2025 16:40
13k+
Täze ýylyň öňýanynda Aşgabat we Mary şäherlerinde täze ýaşaýyş jaý toplumlary açyldy
29-njy dekabrda Täze ýyl baýramçylygynyň bellenilýän günlerinde ýurdumyzda täze öýleriň eýelerine açarlar gowşuryldy. Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda täze gurlan jaýlaryň açylyş dabarasynda we paýtagtymyzyň
30.12.2025 16:33
15k+
Aşgabatda daşary ýurtly meşhur aýdymçylaryň konsertleri geçirildi
Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda Aşgabatda daşary ýurtly aýdymçylaryň gatnaşmagynda birnäçe baýramçylyk konsertleri boldy. Gyşky oýunlary sport toplumynyň sahnasyndaky saz marafonyny «Ýewrowideniýe-2009» bäsleşiginiň baýrakçysy (üçünji orun), eýran-şwesiýaly aýdymçy Araş açdy
29.12.2025 16:46
17k+
2025-nji ýylyň soňky hepdesinde Türkmenistanda boljak howa barada maglumat
2025-nji ýylyň 29-njy dekabry - 2026-njy ýylyň 4-nji ýanwary aralygyndaky hepdäniň dowamynda Türkmenistan boýunça ygalyň mukdarynyň 0,1-12,0 mm bolmagyna garaşylýar. Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi ýurdumyzda ýylyň soňky hepdesinde bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi
29.12.2025 16:17
2.3k+
Elektron aýdym-saz Fransiýada milli miras statusyny aldy
Fransuz elektron sahnasy resmi taýdan ýurduň Maddy däl medeni mirasynyň milli sanawyna girizildi. Bu çözgüt geljekde žanry ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşmak üçin dalaş etmäge mümkinçilik berýär. Bu başlangyç barada Fransiýanyň medeniýet ministri Raşida Dati habar berdi
29.12.2025 11:32
2.4k+
Gmail maglumatlary ýitirmezden elektron poçta salgysyny üýtgetmäge mümkinçilik berer
Google ulanyjylara öz akkauntlaryny ýa-da maglumatlaryny ýitirmezden, Gmail elektron poçta salgylaryny üýtgetmäge mümkinçilik berýän funksiýany girizip başlady. Bu barada kompaniýanyň goldaw sahypasyndaky täzelenen mümkinçilikleriň sanawynda habar berilýär
29.12.2025 11:26
3.4k+
Türkmençe-parsça gepleşik sözlügi we jemgyýeti öwreniş boýunça okuw kitaplary neşir edildi
Türkmenistanda umumybilim berýän mekdepleriň okuwçylary we ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin niýetlenen täze okuw kitaplary çapdan çykdy. Täze neşirleriň biri «Türkmençe-parsça gepleşik sözlügidir». Bu gollanmanyň
29.12.2025 11:11
3.5k+
«Çernobyly» düşüren Ýohan Renk Assassin's Creed serialyna režissýorlyk eder
«Emmi» baýragynyň eýesi, belli režissýor Ýohan Renk («Çernobyl», «Kosmonawt») meşhur Assassin’s Creed wideo oýnunyň esasynda düşüriljek täze serialyň režissýory bolar. Bu barada Variety neşiri habar berýär. Serial Netflix platformasynda görkeziler
29.12.2025 10:54
16k+
Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Baş arçasyna bardy
27-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow “Älem” medeni-dynç alyş merkezinde ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralan Täze ýyl dabarasyna gatnaşdy. Joşgunly aýdym-sazlaryň astynda Prezident Serdar Berdimuhamedow çagalar bilen bilelikde ajaýyp Täze ýyl arçasynyň ýanyna bardy
29.12.2025 00:24
3.5k+
Huawei-iň HarmonyOS ulanyjylarynyň sany 27 milliona ýetdi
Huawei kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen HarmonyOS operasion ulgamynyň altynjy wersiýasy şu ýylyň oktýabr aýynda çykdy we eýýäm 27 milliondan gowrak ulanyjy toplady. Bu barada Hytaýyň tehnologiýa ägirdiniň statistikasyna salgylanýan South China Morning Post gazeti habar berýär
28.12.2025 23:20
3.9k+
«Alaň 3» bilen «Ar alyjylar: Kyýamat güni» filmleri bir wagtda çykarylar
Warner Bros. we Disney kinostudiýalary «Alaň: Bölüm 3» we «Ar alyjylar: Kyýamat güni» filmlerini ABŞ-da prokata 2026-njy ýylyň 18-nji dekabrynda bir wagtda çykarmagy meýilleşdirýär. Iki blokbasteriň reliz gününiň gabat gelmegi sosial ulgamlarda kinofilmleriň atlaryndan ýasalan «DunesDay» adalgasynyň peýda bolmagyna getirdi
27.12.2025 20:47
2.7k+
Microsoft dilini üýtgeder: programma kody C we C++-dan Rust-a geçiriler
Microsoft öz esasy önümleriniň koduny 2030-njy ýyla çenli C we C++-dan Rust-a geçirmek meýilnamalary barada aýtdy. Bu işiň esasy bölegini inženerleriň goldamagynda ýöriteleşdirilen emeli aň agentleri ýerine ýetirer diýip, korporasiýanyň öňdebaryjy inženeri Galen Hant habar berdi
27.12.2025 17:19
9.3k+
Samsung Galaxy Z TriFold-y ýakyp, çyzyp, söküp gördüler: smartfon synaglara döz geldimi?
Meşhur JerryRigEverything YouTube kanalynyň awtory Zak Nelson Samsung-yň ilkinji üç eplenýän Galaxy Z TriFold smartfonynyň berkligini barlady. Synagyň netijesi gynandyryjy boldy: enjam düzedip bolmajak derejede zeper aldy
27.12.2025 16:30
2.4k+
ChatGPT her ulanyjy üçin ýylyň jemini görkezip başlady
ChatGPT-de indi Spotify Wrapped ýaly şahsy ýylyň jemini jemlemek funksiýasy peýda boldy. Täze gural «ChatGPT bilen ýylyňyz» adyny aldy we häzirlikçe birnäçe ýurtda, şol sanda ABŞ-da, Beýik Britaniýada, Kanadada, Awstraliýada we Täze Zelandiýada çäkli ulanyjylar üçin elýeterlidir
27.12.2025 16:25
11k+
Nýu-Ýorkuň polisiýasy Grinçi gözlege berdi: Ony tapana 10 müň dollar baýrak bar
Nýu-Ýork şäheriniň polisiýa bölümi (NYPD) Roždestwo baýramyny ogurlamaga synanyşmakda aýyplanýan meşhur Grinçiň gözlegini yglan etdi. Şäher dolandyryşy jenaýatçynyň tapylmagyna kömek edene 10 000 dollara çenli pul baýragyny wada berdi
27.12.2025 11:26
13k+
Aşgabatda Täze ýyl mynasybetli geçiriljek konsertleriň we baýramçylyk şowhunlarynyň sanawy
27-nji, 28-nji we 29-njy dekabrda sagat 18:00-da Gyşky oýunlar sport toplumynda daşary ýurtly aýdymçylaryň gatnaşmagynda konsertler bolar. Aşgabadyň ýaşaýjylary we paýtagtymyzyň myhmanlary eýran-şwed aýdymçysy Araşyň, russiýaly aýdymçy we sazanda Motuň (Matweý Melnikow) hem-de türkiýeli pop-aýdymçy Semicenkiň çykyşlaryna tomaşa edip bilerler
26.12.2025 20:34
3.1k+
Xiaomi üýtgeşik datçikli Watch 5 smart-sagadyny we Buds 6 flagman nauşnigini görkezdi
Xiaomi Hytaýda Watch 5 flagman smart-sagadyny we Buds 6 simsiz nauşnigini hödürledi. Xiaomi Watch 5 sagady poslamaýan polatdan korpusa we ýakut aýna eýe boldy. Ol inçe çarçuwaly 1,54 dýuýmlyk displeý bilen üpjün edildi
26.12.2025 20:24
4.5k+
Bir dýuýmlyk Leica sensorly Xiaomi 17 Ultra flagman kamerofony hödürlendi
Xiaomi Hytaýda uly tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi. Esasy täzelik Xiaomi 17 Ultra flagman smartfony boldy. Smartfon kamerofon hökmünde görkezilýär we Leica kameralar ulgamy bilen üpjün edildi. Smartfon durulygy 3200x1440 piksel we täzelenme ýygylygy 120 Gs bolan 6,83 dýuýmlyk LTPO OLED ekranyna eýe boldy
26.12.2025 12:30
13k+
Maradonanyň oýunda urşup ýyrtylan futbolkasy 179 müň dollara satyldy
Diego Maradonanyň 1984-nji ýyldaky Ispaniýa kubogynyň finalynda — "Barselona" we Bilbaonyň "Atletik" toparlarynyň arasyndaky duşuşykda ýyrtylan futbolkasy auksionda 179 müň dollara (23% komissiýasy bilen birlikde) satyldy
26.12.2025 12:11
13k+
Amerikaly bir adam lotereýada 1,8 milliard dollardan gowrak utdy, emma bu şonda-da rekord däl
ABŞ-nyň Arkanzas ştatynyň ýaşaýjysy "Powerball" lotereýasynda 1,817 milliard dollar utdy. ABC News teleýaýlymynyň habar bermegine görä, bu ABŞ-nyň lotereýa taryhyndaky ikinji iň uly utuşdyr. Jekpoty anyklamak mümkinçiligi 292 milliondan bire deňdir
26.12.2025 11:58
2k+
Apple-iň akylly äýnekleri 2026-njy ýylda çykarylar we AR funksiýasyny goldamaz
Apple kompaniýasynyň akylly äýnekleriniň 2026-njy ýylyň ahyrynda tanyşdyrylmagyna garaşylýar. Bloomberg-iň synçysy Mark Gurmanyň habar bermegine görä, enjamyň ilkinji wersiýasynda goşmaça hakykat (AR) funksiýalary bolmaz
25.12.2025 14:14
6.2k+
«Gaty geň zatlar» Netflix-iň iň meşhur serialy boldy, ol «Kalmar oýnundan» öňe geçdi
«Gaty geň zatlar» (Очень странные дела) serialy umumy tomaşa sany boýunça Netflix-iň taryhynda iň meşhur taslama boldy. Bäşinji möwsümiň jemleýji bölümleri çykmazdan öň, umumy tomaşa sany 1,2 milliarddan geçdi diýip, Variety habar berýär
25.12.2025 13:44
5.3k+
Variety neşiriniň tankytçylary 2025-nji ýylyň iň ýaramaz filmleriniň sanawyny düzdi
Variety neşiri 2025-nji ýylyň iň ýaramaz filmleriniň sanawyny hödürledi. Reýting kino tankytçylary Ouen Glaýberman we Piter DeBrýuž tarapyndan düzüldi. Olaryň hersi öz garaýyşlary boýunça iň şowsuz bolan relizleriň «bäşligini» taýýarlady
«
1
…
42
43
44
…
276
»
«
1
…
39
40
41
42
43
44
45
46
47
…
276
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.