Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Medeniýet we jemgyýet
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Medeniýet we jemgyýet
19.12.2025 15:11
5.7k+
Redmi Note 15 Pro+ smartfonynyň global wersiýasy 500 ýewro durýar, sargytlar gijräk açylar
Ozal Hytaýda hödürlenen Redmi Note 15 Pro+ resmi taýdan halkara bazaryna çykdy. Ýöne satuw göni başlamaz: Ýewropada deslapky sargytlar 2026-njy ýylyň 5-nji ýanwarynda kabul edilip başlanar. Smartfonyň 8 GB operatiw we 256 GB hemişelik ýatly wersiýasynyň bahasy 500 ýewro, 12/512 GB bolsa 550 ýewro barabar
19.12.2025 14:52
3.8k+
20-nji dekabrda Blue Origin taryhda ilkinji gezek kosmosa maýyp arabaly adamy iberer
Blue Origin ilkinji gezek suborbital missiýanyň düzümine maýyp arabaly adamy goşdy. New Shepard raketasynyň uçuşyny 20-nji dekabrda Wan-Horn şäherindäki (Tehas ştaty, ABŞ) kosmodromdan amala aşyrmak meýilleşdirilýär
19.12.2025 10:41
4.5k+
Italiýada 2500 ýyllyk grek heýkeli tapyldy
Arheologlar Italiýanyň gadymy etrusk şäheri bolan Wulçide Kory hudaýynyň mermer heýkeliniň kellesini tapdylar. Tapyndynyň 2500 ýyldan gowrak ýaşy bar diýip, Arkeonews žurnaly habar berýär. Fraýburg uniwersitetinden doktor Mariaçiara Françeskiniň we Maýns uniwersitetinden doktor Pol P
19.12.2025 10:31
7.1k+
Süýji suwly derýada ýaşan mozazawryň galyndylary tapyldy
Paleontologlar ABŞ-nyň demirgazygynda deňiz mozazawrynyň galyndylaryny tapdylar. Onuň dişleriniň himiki düzümi bu ýyrtyjynyň süýji suwly derýada ýaşandygyny görkezýär. Bu ilkinji şeýle açyş bolup, öň diňe deňiz süýrenijileri hasaplanýan mozazawrlaryň mümkin bolan görnüşleri baradaky düşünjämizi ep-esli giňeldýär diýip, Upsala uniwersitetiniň metbugat gullugy habar berýär
19.12.2025 10:13
5.4k+
Ierusalimde ýaşy 2000 ýyldan gowrak bolan 50 metrlik diwar tapyldy
Arheologlar Ierusalimde gadymy şäher diwarynyň iň doly we iň uzyn bölekleriniň birini tapdylar, ol Hasmoneý döwrüne (2100 ýyldan gowrak wagt mundan ozal) degişli diýip, Associated Press habar berýär. Galanyň binýadynyň uzynlygy tas 50 metre, ini bolsa 5 metre golaý
19.12.2025 10:02
10k+
Hytaýly alymlar Ýeriň aşaky mantiýasynda "superummanyň" bardygy baradaky çaklamany öňe sürdüler
Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň (CAS) Guançžou Geohimiýa institutynyň professory Du Çžisýueniň ýolbaşçylyk edýän ylmy-barlag topary Ýeriň aşaky mantiýasynyň içinde ägirt uly ilkinji suw howdanynyň ýerleşip biljekdigini tejribe arkaly tassyklady
19.12.2025 09:29
8.5k+
Beýik Britaniýaly är-aýal ikinji gezek 1 mln funt sterling möçberde lotereýa utdy
Britaniýadan är-aýal soňky ýedi ýylda ikinji gezek 1 mln funt sterling möçberde lotereýa utdy. Metro neşiri ýeňijileriň nobatdaky uly şowlulyga garamazdan, öňki işinde zähmet çekmegi dowam etdirmegi meýilleşdirýändigini ýazýar
18.12.2025 23:57
1.8k+
Aşgabatda Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň mejlisi geçirildi
17-nji dekabrda Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň mejlisi geçirildi. Onda şu ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi. Utgaşykly görnüşde geçirilen mejlise türkmen we awstriýa tarapyndan toparyň agzalary gatnaşdylar
18.12.2025 23:22
1.3k+
Silent Hill f oýny The Horror Game Awards 2025 dabarasynda «ýyllyň horrory» boldy
Silent Hill f kompýuter oýny The Horror Game Awards 2025-de dört baýrak alyp, dabaranyň esasy ýeňijisi boldy. Taslama «Ýylyň horrory» hökmünde baş tituly aldy. Şu ýyl dabara tomaşaçylaryň gatnaşmagynda ýüzbe-ýüz geçirildi
18.12.2025 23:14
4.4k+
Müsüriň Aýn-Sohna porty dünýäde iň çuň emeli duralga diýlip ykrar edildi
Müsürdäki Aýn-Sohna porty gury ýerde döredilen dünýäde iň çuň emeli port akwatoriýasynyň eýesi hökmünde resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Duralganyň çuňlugy 19 metre barabar diýip, Al-Ahram Establishment habar berýär
18.12.2025 23:03
2.5k+
OpenAI täze ChatGPT Images surat generatoryny işe girizdi
OpenAI kompaniýasy tekst beýany boýunça surat döretmek we redaktirlemek üçin GPT-5.2-niň esasynda täze ChatGPT Images modelini işe girizdi. Esasy maksat jikme-jiklikleri saklap, suratlary mümkin boldugyndan hakyky ýaly etmekden ybarat
18.12.2025 22:16
7.8k+
Hytaýly mekdep okuwçysy bir minutda 422 gezek ýüpde böküp, rekord goýdy
Hytaýyň Guandun welaýatyndan orta mekdebiň gyz okuwçysy bir minutda 422 gezek ýüpde böküp, täze dünýä rekordyny goýdy. Bu barada «Beýszin žibao» hytaý gazeti habar berýär. Üstünlik Uly aýlagyň Guandun-Gonkong-Makao sebitinde ýetginjekleriň arasynda açyk ýaryşyň deslapky tapgyrynyň dowamynda hasaba alyndy
18.12.2025 13:22
9.1k+
Fotosuratçy ilkinji gezek bir kadrda iki seýrek atmosfera hadysasyny - «elfi» we «spraýty» surata düşürdi
Italiýaly fotosuratçy Walter Binotto bir suratda örän seýrek duş gelýän iki atmosfera hadysasyny: gyzyl spraýty we «elfi» surata düşürmegi başardy. Özboluşly kadr noýabryň ahyrynda Possanýo şäheriniň golaýynda düşürildi
18.12.2025 11:37
9.3k+
Ýaponiýadaky iň soňky pandalar ýurtdan gidýär
2026-njy ýylyň ýanwar aýynyň ahyrynda Tokio haýwanat bagyndan iki ekiz panda Hytaýa äkidiler. Olar gidenden soň Ýaponiýa ýarym asyrda ilkinji gezek pandasyz galar diýip, Kyodo agentligi habar berýär. Tokio haýwanat bagy pandalaryň Hytaý bilen hereket edýän şertnamanyň esasynda iberilýändigini, çünki daşary ýurtda doglandygyna garamazdan ähli pandalaryň kanuny taýdan HHR-e degişlidigini nygtady
18.12.2025 09:56
12k+
Serdar Berdimuhamedow 10 sany ýaş aýdymçyny Bitaraplygyň ýubileý nyşanlary bilen sylaglady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýaş aýdymçylary «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy» atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Karara çekdi. Kararda bellenilişi ýaly, sylaglar ýurdumyzda
18.12.2025 09:49
9.2k+
Göwher Hojimyradowa 2025-nji ýylda “Ýylyň parlak ýyldyzy” döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi boldy
17-nji dekabrda Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda “Ýylyň parlak ýyldyzy” atly aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynyň netijeleri, esasan, tomaşaçylaryň berýän seslerine gönüden-göni baglydyr
17.12.2025 16:51
2.3k+
Merriam-Webster «slop» sözüni 2025-nji ýylyň sözi diýip atlandyrdy
Merriam-Webster amerikan sözlügi «slop» adalgasyny 2025-nji ýylyň sözi diýip ykrar etdi. Ol jikme-jik «ýuwundy» diýlip terjime edilýär, ýöne häzirki günde, esasan, emeli aň tarapyndan döredilen pes hilli kontenti aňlatmak üçin ulanylýar
17.12.2025 16:35
9.7k+
Arheologlar Müsüriň kenarynda 2000 ýyllyk "ýahta" tapdylar
Ýewropanyň Suwasty Arheologiýa Institutynyň (IEASM) ylmy işgärleri takmynan 2000 ýyl mundan ozal Aleksandriýa portunyň golaýynda gark bolan gezelenç gämisiniň galyndylaryny tapdylar. Gurluşy we maksady boýunça bu tapyndyny häzirki zaman superýahtalary bilen deňeşdirip bolýar
17.12.2025 15:52
3.1k+
«Köpüň biri» serialy Apple TV-de iň meşhur serial boldy
Täze «Köpüň biri» serialy (Pluribus) Apple TV striming platformasynda iň meşhur serial boldy. Taslama tomaşa sany boýunça platformanyň «Bölünişik», «Ted Lasso» we «Säher şüweleňi» ýaly meşhur taslamalaryndan öňe geçdi
17.12.2025 12:19
4.4k+
ÝHHG türkmen blogçylary we mazmun döredijileri üçin gysga möhletli okuw geçirdi
ÝHHG-niň Aşgabat merkezinde ýörite ýerli blogçylara we mazmun döredijilere niýetlenen metbugat hem hukuk sowatlylygy boýunça gysga möhletli okuw geçirildi. "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiriniň habar bermegine görä, milli alyp baryjylaryň we halkara Gazagystandan bilermen Adil Jalilowyň gatnaşmagynda geçirilen bu çärede jemgyýetçilik pikirini döredýänleri taýýarlamagyň strategik ähmiýeti nygtaldy
17.12.2025 11:06
4.2k+
Xiaomi 2026-njy ýylda onlarça meşhur smartfon modelini goldamagy bes eder
Xiaomi kompaniýasy 2022–2023-nji ýyllarda çykarylan köp sanly meşhur smartfon modelleri üçin howpsuzlyk täzelenmelerini bermegi bes etmegi meýilleşdirýär. Olaryň goldawy 2026-njy ýylda doly tamamlanar. End of Life (EOL), ýagny hyzmat möwritiniň tamamlanmagy statusy, hususan-da, aşakdaky enjamlara berler: Xiaomi: Xiaomi 12, 12 Pro, 12X, 12 Lite, Xiaomi 12T we 12T Pro
17.12.2025 11:02
3.7k+
Pikassonyň "Aýalyň kellesi" atly kartinasy haýyr-sahawat lotereýasynda oýnalar
2026-njy ýylyň 14-nji aprelinde "100 ýewro bir Pikasso" (1 Picasso for 100 Euros) atly halkara haýyr-sahawat çäresi geçiriler diýip, Hypebeast neşiri habar berýär. Çäräniň baş baýragy — Pablo Pikassonyň 1941-nji ýylda döreden "Aýalyň kellesi" ("Tête de femme") atly eseri bolar
17.12.2025 10:58
4.5k+
Režissýor Jeýms Kemeron dollar milliarderine öwrüldi
Forbes neşiri amerikaly režissýor Jeýms Kemerony resmi taýdan milliarder hökmünde ykrar etdi we onuň şahsy baýlygyny 1,1 milliard dollar möçberinde hasaplady. 1980-nji ýyllarda "Terminator" we "Gelmişekler" (Aliens) filmleri bilen karýerasyna başlan Kemeronyň döreden eserleri dünýäniň kassa ýygymynda jemi 9 milliard dollar toplady
17.12.2025 10:36
1.9k+
«Ýyldyz söweşleriniň» ilkinji art-posteri rekord 3,9 mln dollara satyldy
«Ýyldyz söweşleri» älemini mahabatlandyrmak üçin döredilen ilkinji surat auksionda rekord 3,875 mln dollara satyldy. Bu barada Associated Press habar berýär. Art-poster franşiza bilen baglanyşykly ähli predmetler üçin täze rekord goýdy hem-de kinoafişa üçin döredilen iň gymmat hakyky eser boldy
16.12.2025 19:45
2.6k+
Spotify uly tehniki näsazlyk bilen ýüzbe-ýüz boldy
Spotify aýdym-saz hyzmatynyň işinde uly tehniki näsazlyk bolup geçdi, bu bolsa dünýäniň ähli ýerlerinden ulanyjylaryň köpçülikleýin şikaýat etmegine getirdi. Downdetector saýtynyň maglumatlaryna görä, näsazlyklar baradaky habarlaryň iň ýokary derejesi Aşgabat wagty bilen 19:30-da boldy
16.12.2025 19:07
5.4k+
“San-Hose” galeonyndan ilkinji artefaktlar çykaryldy: hazynanyň bahasy 17 mlrd dollar bahalandyrylýar
Kolumbiýa 1708-nji ýylda gark bolan “San-Hose” ispan galeonyndan (gämisinden) ilkinji artefaktlary çykardy. Bu rowaýaty gämi, gark bolan gämileriň arasynda “Mukaddes Graal” diýlip atlandyrylýar. Häzirki zaman hasaplamalaryna görä, kolonial baýlyklary daşaýan onuň ýüküniň umumy bahasy 17 milliard dollara ýetip biler
16.12.2025 17:18
2.8k+
Huawei Nova 15 smartfonlarynyň üç modelini yglan etdi we öňünden sargytlary alyp başlady
Huawei kompaniýasy öz onlaýn dükanynda täze Nova 15, Nova 15 Pro we Nova 15 Ultra smartfonlaryny hödürledi. Täze enjamlar üçin Hytaýda 15-nji dekabrda öňünden sargytlar kabul edilip başlandy, resmi satuwa çykarylşy bolsa 22-nji dekabrda geçiriler
16.12.2025 10:23
12k+
Türkmenistanda Täze ýyl Baş arçasynyň yşyklary ýakyldy
15-nji dekabrda Aşgabatda ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy geçirildi. Baş arça Aşgabadyň gözel künjekleriniň biri bolan “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada oturdyldy. Aýazbabadyr
16.12.2025 09:38
4.2k+
Xiaomi uly tanyşdyryş taýýarlaýar: Xiaomi 17 Ultra, Redmi Turbo 5 we beýleki enjamlar görkeziler
26-njy dekabrda Xiaomi kompaniýasy “Xiaomi 17 Ultra” flagman smartfonyny we başga-da birnäçe täze önümleri görkezmek üçin uly tanyşdyryş çäresini geçirmegi meýilleşdirýär. Bu barada insaýder Digital Chat Station habar berdi
15.12.2025 17:31
13k+
Win Dizel: Kriştianu Ronaldu üçin “Forsaž” kinofranşizasynda rol döredildi
Golliwudyň aktýory Win Dizel meşhur "Forsaž" kinofranşizasynda portugaliýaly futbolçy Kriştianu Ronaldu üçin rol döredilendigini mälim etdi. Filmiň baş gahrymany Dominik Torettonyň roly bilen tanalýan aktýor, bäş gezek “Altyn top” baýragynyň eýesi bolan futbolçy bilen bile düşen suratyny paýlaşdy
15.12.2025 16:57
1.8k+
"Superdoganlar Mario" filminiň dowamynyň täze tizeri çykdy
Illumination we Universal Pictures kino kompaniýalary meşhur "Superdoganlar Mario. Film" filminiň dowamy bolan "The Super Mario Galaxy Movie" atly animasion filmiň täze tizerini hödürlediler. Wideoda Mario bilen Luijiniň franşizanyň esasy garşydaşy bolan Bouzeriň ogly Bouzer-kiçi bilen arasyndaky söweş görkezilýär
15.12.2025 16:48
3.7k+
DC Milli Elkogyň baş rolda oýnamagynda "Supergyzyň" ilkinji treýlerini görkezdi
Warner Bros. we DC Studios 2026-njy ýylyň 26-njy iýunynda görkezilmegi meýilleşdirilýän "Supergyzyň" ("Supergirl") ilkinji treýlerini tanyşdyrdy. Film Tom Kingiň "Supergyz: Ertirki günüň zenany" atly komiksy esasynda düşürilýär
15.12.2025 16:39
2.3k+
Android-de ýagdaýy çalt seljermek üçin dessin gulluklar bilen wideojaň mümkinçiligi giriziler
Google kompaniýasy Android Emergency Live Video funksiýasyny yglan etdi. Bu funksiýa Android smartfonlarynyň eýelerine öz enjamlarynyň kamerasyndan dessin kömek gulluklarynyň dispetçerlerine göni wideony ýaýratmaga mümkinçilik berýär
15.12.2025 16:13
9.9k+
Ruandadan ýaş gorilla 2025-nji ýylyň iň gülkünç suratynyň gahrymany boldy
Londonyň OXO galereýasynda ýabany tebigatyň gülkünç suratlaryna bagyşlanan Nikon Comedy Wildlife Awards 2025 bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Şu ýyl bäsleşige 108 ýurtdan 10 000 töweregi iş gelip gowuşdy we olardan emin agzalary 45 finalçyny saýlady
15.12.2025 15:14
2.4k+
Jorj Oruelliň powesti boýunça “Haýwanlar fermasy” multfilminiň treýleri çykdy
Angel YouTube kanalynda “Haýwanlar fermasy” (Скотный двор) multfilminiň treýleri hödürlendi. Animasion film Jorj Oruelliň adybir powestine esaslanýar. Taslamanyň režissýory bolup Endi Serkis (“Maugli”, “Wenom-2”) çykyş edýär
15.12.2025 15:03
4.9k+
Disney multfilmleriň nähili döredilýändigini görkezdi
Disney “Haýwanlar şäheri-2”, “Moana” we “Doňan ýürek” multfilmleriniň mysalynda studiýanyň animasion filmleriniň dörediliş prosesini görkezýän “Biz muny nädip edýäris” (What we Do) onlaýn-portalyny işe girizdi
15.12.2025 14:58
1.9k+
Huawei-niň flagman Mate X7 eplenýän smartfony halkara bazaryna çykdy
Täze flagman eplenýän smartfon Huawei Mate X7 noýabryň ahyrynda Hytaýda görkezilenden soň ilkinji gezek halkara bazaryna çykdy. Smartfon ykjamlygy, kuwwatlylygy we haýran galdyryjy goragy bilen tapawutlanýar. Smartfon diňe bir wersiýada hödürlenýär: 16 GB operatiw we 512 GB hemişelik ýat
15.12.2025 14:52
1.4k+
ChatGPT App Store-da iň köp ýüklenen mugt programmalaryň sanawynda birinji boldy
Apple 2025-nji ýylda App Store-da iň köp ýüklenen mugt programmalaryň reýtingini hödürledi. Sanawda birinji orny OpenAI-iň ChatGPT çat-boty eýeledi. Hyzmat sekuntda 30 müňden gowrak habary gaýtadan işleýär. Uly ýaşly ulanyjylaryň köpüsi adaty gözleg ulgamlarynyň deregine çat-boty maglumat gözlemek üçin işjeň ulanýar
15.12.2025 12:03
2.6k+
Britaniýaly heýkeltaraş gan öýjüginiň ululygyndaky heýkeli döretdi
Britaniýaly heýkeltaraş Dewid Lindon (David Lyndon) dünýäde el bilen ýasalan iň kiçi iş hökmünde täze rekord goýan "Sary smaýlik" atly täze mikroskopiki heýkelini hödürledi. Ýylgyrýan şary ýatladýan miniatýuranyň ölçegleri bary-ýogy 11,037 we 12,330 mikrona deňdir
15.12.2025 11:56
4.5k+
Kebelek ganatlaryndaky ýylanlar we möý duzagy: Royal Society Publishing - 2025 fotosurat bäsleşiginiň netijeleri
Royal Society Publishing — 2025 halkara ylmy fotosurat bäsleşiginiň 2025-nji ýyldaky eminleri iň gowy işleri saýladylar. Finalçylar ylmy temalaryň giň palitrasyny — ýabany tebigatdan başlap, howa şertlerini we nerw öýjükleriniň gurluşyny synlamaga çenli görkezdiler
«
1
…
44
45
46
…
276
»
«
1
…
41
42
43
44
45
46
47
48
49
…
276
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.