Medeniýet we jemgyýet

Far Cry oýun franşizasy esasynda teleserial surata düşüriler
28.11.2025 11:22
1k+

Far Cry oýun franşizasy esasynda teleserial surata düşüriler

FX teleýaýlymy meşhur Far Cry oýun seriýasy esasynda resmi taýdan teleserial surata düşürmäge girişdi diýip, Deadline habar berýär. Taslama üçin Noý Houli ("Fargo") bilen Rob Mak ("Filadelfiýa mydama güneşli" / «В Филадельфии всегда солнечно») jogapkär bellenildi
Xbox aýakda: Microsoft oýun konsolynyň äheňinde krokslary çykardy
28.11.2025 11:10
4k+

Xbox aýakda: Microsoft oýun konsolynyň äheňinde krokslary çykardy

Microsoft kompaniýasy Xbox 360-yň 20 ýyllygy mynasybetli ýönekeý we ýeňil plastik aýakgaplaryň – krokslaryň çäkli sanyny çykardy. Olar konsolyň özboluşly reňklerini öz içine alýar we kontrollýoryň düwmelerine we joýstiklerine meňzeş elementler bilen bezelen
Apple-iň döredilmegi baradaky hakyky şertnama auksionda satylar, ol $4 mln diýlip bahalandyrylýar
28.11.2025 11:03
2.7k+

Apple-iň döredilmegi baradaky hakyky şertnama auksionda satylar, ol $4 mln diýlip bahalandyrylýar

1976-njy ýylda Apple Computer Company kompaniýasynyň döredilmegine getiren hakyky esaslandyryjy şertnama auksiona çykarylar. Resminama 4 mln dollar töweregi mukdara satylar diýlip garaşylýar. Christie's auksion öýi ony 2026-njy ýylyň 23-nji ýanwarynda satuwa çykarar
Jorj Kluni kino sungatyna goşan goşandy üçin Çarli Çaplin baýragyny alar
28.11.2025 11:01
1.4k+

Jorj Kluni kino sungatyna goşan goşandy üçin Çarli Çaplin baýragyny alar

Aktýor Jorj Kluni kino sungatynyň ösüşine uly goşant goşandygy üçin her ýyl berilýän 51-nji Çarli Çaplin baýragynyň eýesi bolar. Dabara 2026-njy ýylyň 27-nji aprelinde Linkoln merkezinde geçiriler diýip, Variety ýazýar
Disney-iň inženerleri “Doňan ýürekden” Olafyň robotyny döretdi
28.11.2025 10:58
4k+

Disney-iň inženerleri “Doňan ýürekden” Olafyň robotyny döretdi

Walt Disney Imagineering kompaniýasynyň inženerleri “Doňan ýürek” (Холодное сердце) animasion filminiň gahrymany Olafyň robotyny hödürledi. Ol multfilmdäki prototipi ýaly görünýär, hereket edýär we gürleýär diýip, Disney-iň metbugat gullugy habar berdi
Hokusaýyň “Uly tolkun” grawýura eseriniň irki kagyz nusgasy 2,8 mln dollara satyldy
28.11.2025 09:42
2.2k+

Hokusaýyň “Uly tolkun” grawýura eseriniň irki kagyz nusgasy 2,8 mln dollara satyldy

Kasusika Hokusaýyň “Kanagawanyň kenarlaryndaky uly tolkun” grawýura eseriniň irki kagyz nusgalarynyň biri Gonkongdaky Sotheby’s auksionynda 2,8 mln dollara satyldy. Bu mukdar 0,6 – 1 mln dollar bolan başlangyç bahadan ep-esli ýokarydyr
Jeýms Kemeron Billi Aýlişiň konsert filminiň režissýory boldy
27.11.2025 12:12
1.9k+

Jeýms Kemeron Billi Aýlişiň konsert filminiň režissýory boldy

“Awatar”, “Titanik” we “Terminator” ýaly filmleriň režissýory Jeýms Kemeron Billi Aýlişiň “Hit Me Hard and Soft” atly konsert-filminiň režissýorlarynyň biri boldy. Deadline neşiriniň ýazmagyna görä, ol bu taslamany ikinji režissýor hökmünde çykyş edýän aýdymçynyň özi bilen bilelikde alyp barýar
Kofe içmäge baglanan ýurtlar: 2025-nji ýylyň global reýtingi
27.11.2025 12:03
7.1k+

Kofe içmäge baglanan ýurtlar: 2025-nji ýylyň global reýtingi

Dünýäde kofe bazary ösmegini dowam etdirýär, ýöne bu gurplandyryjy içgini sarp etmegiň endikleri sebitden sebitde juda tapawutlanýar. Mysal üçin, Demirgazyk Ýewropa döwletleri köne kofe däp-dessurlary we ýokary ýaşaýyş derejesi sebäpli, jan başyna içilen kofeniň mukdary boýunça öňdebaryjy bolmagynda galýarlar
British Photography Awards 2025-iň emin agzalary suw jandarlarynyň iň täsirli suratlaryny görkezdiler
27.11.2025 11:53
5.1k+

British Photography Awards 2025-iň emin agzalary suw jandarlarynyň iň täsirli suratlaryny görkezdiler

British Photography Awards 2025 baýragynyň emin agzalary “Suw jandarlary” kategoriýasynda ýeňiji bolanlaryň we finala çykanlaryň suratlaryny görkezdi. Saýlama suratlar suwasty jandarlaryň köpdürlüligini we tebigat bilen ýabany gurşawyň arasyndaky seýrek duş gelýän pursatlary surata düşürmegi başaran suratçylaryň döredijilikli çemeleşmesini görkezýär
Täze Zelandiýada gülgüne reňkli çekirtge tapyldy: bu onuň durmuşyny kynlaşdyrar
27.11.2025 11:44
5.8k+

Täze Zelandiýada gülgüne reňkli çekirtge tapyldy: bu onuň durmuşyny kynlaşdyrar

Täze Zelandiýanyň Ýabany haýwanat dünýäsini goramak departamentiniň hünärmenleri Sigaus robustus görnüşine degişli gülgüne çekirtgäni tapdylar. Beýle üýtgeşiklik tebigatda örän seýrek duş gelýär. Emma şeýle açyk reňkiň howply tarapy hem bar – ol çekirtgäni ýyrtyjylara mese-mälim edip görkezýär
Rumyniýada dinozawr süňkleriniň uly üýşmegi tapyldy
27.11.2025 11:28
6.1k+

Rumyniýada dinozawr süňkleriniň uly üýşmegi tapyldy

Paleontologlar Transilwaniýada ýerleşýän Haseg basseýninde (Rumyniýanyň demirgazyk-günbatar bölegi) ýaşy 72 million ýyllyk bolan dinozawrlaryň adaty däl baý mazarçylygyny tapdylar. Alymlar ululygy bäş inedördül metrden hem az meýdançada dinozawrlaryň 800-den gowrak süňküni, şol sanda birnäçe bölekleýin saklanyp galan skeletleri tapdylar
“Titanigiň” ýolagçysynyň altyn sagady auksionda rekord $2,33 milliona satyldy
27.11.2025 11:21
5.6k+

“Titanigiň” ýolagçysynyň altyn sagady auksionda rekord $2,33 milliona satyldy

“Titanigiň” ýolagçysynyň altyn jübi sagady Henry Aldridge and Son auksionynda $2,33 million dollara satyldy. The New York Times gazeti bu bahanyň meşhur gämi bilen baglanyşykly ýadygärlik zatlaryň arasynda rekord bolandygyny ýazýar
Internete arzan iPhone 17e-niň häsiýetnamasy ýaýradyldy: kesiksiz, Dynamic Island-ly
27.11.2025 11:04
4.2k+

Internete arzan iPhone 17e-niň häsiýetnamasy ýaýradyldy: kesiksiz, Dynamic Island-ly

2026-njy ýylyň ýazynda 17-nji hataryň iň arzan aýfony bolan iPhone 17e-niň çykmagyna garaşylýar. Pudagyň seljerijisi Jeff Pu eýýäm smartfonyň nähili boljakdygyny anyklady. Onuň sözlerine görä, täzelenme düýpli bolar
“Emmi-2025” halkara baýragynyň ýeňijileri yglan edildi
27.11.2025 10:28
1.9k+

“Emmi-2025” halkara baýragynyň ýeňijileri yglan edildi

Nýu-Ýorkda “Emmi” halkara baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Adaty “Emmiden” tapawutlylykda bu baýrak ABŞ-dan daşary döredilen teletaslamalara we seriallara berilýär diýip, The Hollywood Reporter habar berýär
Huawei inçe korpusly we kuwwatly Mate X7 eplenýän smartfonyny hödürledi
27.11.2025 10:22
1.9k+

Huawei inçe korpusly we kuwwatly Mate X7 eplenýän smartfonyny hödürledi

Huawei kompaniýasy Mate 80 hatary bilen birlikde öz Mate X7 eplenýän smartfonyny tanyşdyrdy. Model täzelenen dizaýna we kämilleşdirilen kameralara eýe bolup, öňküsinden has inçe we berk boldy. Mate X7 durulygy Full HD+, täzelenme ýygylygy 120 Gs we ýagtylygy 3000 nite çenli bolan 6,49 dýuým diagonally daşky ekran bilen üpjün edildi
Huawei täze dizaýn bilen Huawei Mate 80 flagman hataryny hödürledi
26.11.2025 17:57
5.3k+

Huawei täze dizaýn bilen Huawei Mate 80 flagman hataryny hödürledi

Huawei Hytaýda Mate 80 smartfon hataryny hödürledi. Esasy modelden başga-da, hatara Mate 80 Pro, Mate 80 Pro Max we Mate 80 RS Master Edition girdi. Smartfonlar premium bolup, täzelenen dizaýna, kuwwatly kameralara we flagman prosessorlara eýe boldy
Huawei uly OLED ekrany we kuwwatly akkumulýator bilen planşet çykardy
26.11.2025 17:46
1.8k+

Huawei uly OLED ekrany we kuwwatly akkumulýator bilen planşet çykardy

Mate 80 smartfon hataryndan başga-da, Huawei kompaniýasy tanyşdyrylyş dabarasynda täze MatePad Edge planşetini görkezdi. Ol gibrid gurluş bolup, klawiaturaly esas arkaly noutbuga hem öwrülip bilýär. Täze planşetiň esasy aýratynlyklarynyň arasynda durulygy 3120 x 2080 piksel we täzelenme ýygylygy 120 Gs bolan 14,2 dýuýmlyk uly OLED ekrany bar
Windows 11 24H2-däki howply säwlik «Prowodnik-de» we «Start» menýusynda bökdençliklere sebäp bolýar
26.11.2025 14:06
1.7k+

Windows 11 24H2-däki howply säwlik «Prowodnik-de» we «Start» menýusynda bökdençliklere sebäp bolýar

Microsoft Windows 11 24H2 wersiýasynda «Prowodnik» (File Explorer), «Start» menýusy we birnäçe beýleki ulgam böleklerinde bökdençliklere sebäp bolýan çynlakaý säwligiň (bagyň) bardygyny tassyklady. Mesele OS-yň şu wersiýasynda işleýän, eger olarda 2025-nji ýylyň iýul aýynda ýa-da ondan soňky döwürde çykan toplaýjy täzelenmeler gurlan bolsa, şol kompýuterlere täsir edýär
«Zalym: Baky» filmi başlangyçda 226 million dollar gazanyp, dünýä prokatynda öňe saýlandy
26.11.2025 13:07
5.6k+

«Zalym: Baky» filmi başlangyçda 226 million dollar gazanyp, dünýä prokatynda öňe saýlandy

«Zalym: Baky» (Wicked: For Good) mýuzikli ilkinji dynç günlerinde 226 million dollar ýygnap, dünýäniň boks-ofisinde öňdebaryjy boldy. Variety-niň maglumatlaryna görä, film ABŞ-da 150 million dollar gazandy, bu «Minecraft kinoda» filminden soň şu ýylyň ikinji netijesidir ($162 million dollar)
«20 ýyl bäri jaň garaşýardym»: Brendan Freýzer «Mumiýa 4» filmine gatnaşýandygyny tassyklady
26.11.2025 12:15
6.8k+

«20 ýyl bäri jaň garaşýardym»: Brendan Freýzer «Mumiýa 4» filmine gatnaşýandygyny tassyklady

Amerikan-kanadaly aktýor, «Oskar» baýragynyň eýesi Brendan Freýzer «Mumiýa» atly başdan geçirmeler  franşizasynda Rik O'Konnelliň roluna gaýdyp gelýär. Ol AP agentligine beren interwýusynda «ýigrimi ýyl bäri şu jaňa garaşandygyny» boýun aldy
Nature inFocus 2025 surat baýragynyň ýeňijileri yglan edildi: bäsleşige 16 müň iş hödürlendi
26.11.2025 11:57
6.1k+

Nature inFocus 2025 surat baýragynyň ýeňijileri yglan edildi: bäsleşige 16 müň iş hödürlendi

Her ýyl geçirilýän Nature inFocus 2025 surat baýragynyň ýeňijileri yglan edildi. Bu ýyl bäsleşige 40-a golaý ýurtdan 1250-den gowrak suratçy gatnaşdy we sekiz kategoriýa boýunça takmynan 16 000 iş hödürlendi. Iň gowularynyň arasynda goýun-öküzleriň sürüsine garşy duran Arktika möjeginiň dramatik portreti, rahat ýatan şimpanze, iýmitlenýän flamingolar we zibilleriň fonundaky geçigaplaňyň täsirli suraty bar
Mangistau oblastynyň wekiliýeti Balkan welaýatyna bardy
26.11.2025 10:34
2.9k+

Mangistau oblastynyň wekiliýeti Balkan welaýatyna bardy

Balkan welaýatynda Gazagystanyň Mangistau welaýatynyň wekiliýeti kabul edildi. Duşuşyk Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana döwlet saparynyň öňüsyrasynda geçirilip, iki sebitiň arasyndaky medeni alyş-çalşyň bir bölegi boldy
Spotify indi pleýlistleri beýleki platformalardan import etmäge mümkinçilik berýär
26.11.2025 10:13
1k+

Spotify indi pleýlistleri beýleki platformalardan import etmäge mümkinçilik berýär

Spotify akym hyzmaty täze funksiýany hödürledi – indi ulanyjylar öz pleýlistlerini Apple Music, YouTube Music, Deezer, Soundcloud, Amazon Music, Last.fm ýaly platformalardan import edip bilýär. Munuň üçin TuneMyMusic saýty ulanylýar
The Weeknd “After Hours Til Dawn” konsert syýahatyndan 1 mlrd dollardan gowrak gazanyp, rekord goýdy
26.11.2025 10:02
2.6k+

The Weeknd “After Hours Til Dawn” konsert syýahatyndan 1 mlrd dollardan gowrak gazanyp, rekord goýdy

The Weeknd rekord goýmagyny dowam etdirýär: onuň dünýä boýunça After Hours Til Dawn konsert syýahaty erkek solo aýdymçylarynyň arasynda taryhda iň girdejili syýahat boldy. 2022-nji ýylda başlany bäri konsert syýahaty Demirgazyk Amerikada (iki gezek), Ýewropada, Beýik Britaniýada, Latyn Amerikasynda we Awstraliýada geçdi
Tramp Jeki Çan we Kris Taker bilen “Dykyn wagty” kinofranşizasyny dikeltmek isleýär
26.11.2025 09:35
9.6k+

Tramp Jeki Çan we Kris Taker bilen “Dykyn wagty” kinofranşizasyny dikeltmek isleýär

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp “Dykyn wagty” (“Час пик”) kinofranşizasyny täzeden dikeltmek isleýär. Ak tamyň ýolbaşçysy 90-njy we 80-nji ýyllaryň komediýa görnüşli uruşly filmlerini gowy görýär we Jeki Çan bilen Kris Takeriň gatnaşmagyndaky kinotrilogiýany žanryň iň gowy mysallarynyň biri hasaplaýar diýip, Semafor neşiri ýazýar
Google 2025-nji ýylyň iň gowy Android programmalaryny we oýunlaryny saýlady
25.11.2025 17:43
4k+

Google 2025-nji ýylyň iň gowy Android programmalaryny we oýunlaryny saýlady

Google kompaniýasy 2025-nji ýylda Play Store platformasynda hödürlenen iň gowy oýunlary we programmalary saýlady. Bu ýyllyk tejribe diňe bir işläp düzüjileriň üstünlikleriniň ykrar edilmegi däl-de, eýsem Android enjamlary ulanyjylar üçin maslahat hökmünde hyzmat edýär
Budapeştde 1700 ýyllyk gadymy rim sarkofagy tapyldy
25.11.2025 16:39
3.2k+

Budapeştde 1700 ýyllyk gadymy rim sarkofagy tapyldy

Budapeşt taryhy muzeýiniň arheologlary Wengriýanyň paýtagtynyň demirgazygyndaky Obuda sebitinde rim sarkofagyny tapdy diýip, Associated Press agentligi habar berdi. Tapyndy Akwinkum gadymy rim şäherçesiniň çäklerinde gazuw-agtaryş işleri wagtynda ýüze çykaryldy
Wan Goguň suraty Sotheby’s auksionynda 62,7 mln dollara satyldy
25.11.2025 15:08
2.6k+

Wan Goguň suraty Sotheby’s auksionynda 62,7 mln dollara satyldy

Niderlandly suratkeş Winsent Wan Goguň “Pariž romanlarynyň toplary we bulgurdaky bägüller” suraty Nýu-Ýorkda geçirilen Sotheby’s auksionynda 62,7 mln dollara satyldy. Bu barada NL Times habar berýär. Suratyň ahyrky bahasy ilkibaşdaky bahadan 35% ýokary boldy
Krafton täze žanrda PUBG: Black Budget oýnuny hödürledi
25.11.2025 13:39
3.1k+

Krafton täze žanrda PUBG: Black Budget oýnuny hödürledi

Krafton kompaniýasy PlayerUnknown’s seriýasynyň täze PUBG: Black Budget oýnuny hödürledi. Patyşalyk söweşi bolan hakyky PUBG: Battlegrounds oýnundan tapawutlylykda täze taslama ekstrakşn-şuter žanrynda döredildi
YouTube-da indi habarlaşmak we wideo paýlaşmak üçin gurlan messenjer peýda boldy
24.11.2025 14:28
2.7k+

YouTube-da indi habarlaşmak we wideo paýlaşmak üçin gurlan messenjer peýda boldy

YouTube wideolary göni mobil programmanyň içinde paýlaşmaga we ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berýän täze funksiýanyň synagdan geçirilýändigini yglan etdi. Aslynda, bu, hyzmatda birnäçe ýyllap elýeterli bolan, ýöne 2019-njy ýylda aýrylan şahsy habarlaşmagy yzyna getirýär
Taryhda ilkinji kalkulýatory auksionda satmak gadagan edildi: ony Blez Paskal oýlap tapypdy
24.11.2025 13:59
12k+

Taryhda ilkinji kalkulýatory auksionda satmak gadagan edildi: ony Blez Paskal oýlap tapypdy

Christie's auksion öýi ilkinji işleýän hasaplaýjy maşynyň (kalkulýatoryň) seýrek nusgasyny söwdadan aýyrdy. Parižiň administratiw kazyýeti bu gymmatly zadyň Fransiýada galmalydygy barada karar çykardy diýip, "The Guardian" neşiri habar berýär
“Ýewrowideniýede” ses bermegiň düzgünleri üýtgedildi
24.11.2025 13:49
1.6k+

“Ýewrowideniýede” ses bermegiň düzgünleri üýtgedildi

Ýewropa ýaýlym birleşigi (EBU) “Ýewrowideniýede” ses bermegiň täze düzgünlerini yglan etdi. Esasy üýtgeşmeleriň arasynda ýarym finallara hünärmen eminleriň gaýdyp gelmegi we ses berişlikde kezzaplygyň öňüni almaga gönükdirilen täze çäreler boldy diýip, Bi-bi-si ýazýar
Aşgabatda Bütindünýä çagalar güni mynasybetli çäreler geçirildi
24.11.2025 12:22
8.9k+

Aşgabatda Bütindünýä çagalar güni mynasybetli çäreler geçirildi

22-nji noýabrda Aşgabatda Bütindünýä çagalar güni mynasybetli “Bitaraplyk we ynsanperwerlik: inklýuziw geljegiň bähbidine hemmetaraplaýyn goldaw” ady bilen çäre geçirildi. Çäre Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan bilelikde guraldy
Supermen baradaky ilkinji komiks rekord 9,12 mln dollara satyldy
24.11.2025 12:05
2.6k+

Supermen baradaky ilkinji komiks rekord 9,12 mln dollara satyldy

1939-njy ýylda çykan “Supermen” komiksiniň ilkinji sanynyň asyl nusgasy auksionda 9,12 mln dollara satyldy. NBC News-iň habar bermegine görä, bu komiks bazary üçin hakyky rekord boldy. Uzak wagtlap bu nusga ýitirilen diýlip hasaplanypdy: ol köp ýyllap Demirgazyk Kaliforniýadaky bir öýüň üçeginde gutuda saklanypdyr
Paramount “Nindzýa pyşbagalar” barada täze film düşürer
24.11.2025 11:54
3.6k+

Paramount “Nindzýa pyşbagalar” barada täze film düşürer

Paramount “Nindzýa pyşbagalar” franşizasy boýunça janly aktýorlaryň gatnaşmagynda täze film çykarmagy meýilleşdirýär. Bu barada The Hollywood Reporter habar berýär. Studiýa bu işe “Forsaž” we “Sonik kinoda” filmleri boýunça tanalýan prodýuser Nil H
Luwr muzeýinde ýakynda bolup geçen talaňçylyk barada film düşüriler
24.11.2025 11:52
3.8k+

Luwr muzeýinde ýakynda bolup geçen talaňçylyk barada film düşüriler

Amerikaly prodýuser R.J. Katler we fransiýaly režissýor Loran Buzero ýakynda Luwrda bolup geçen ogurlyk barada dokumental film döretmäge girişdi. Bu barada Hollywood Reporter habar berýär. Neşir filmiň ogurlygyň özüne we oňa gatnaşan adamlaryň gözlegine bagyşlanjakdygyny belleýär
Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: maýyl howa saklanýar
24.11.2025 06:55
9.9k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: maýyl howa saklanýar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar
Huawei Mate 80 goşmaça zarýad bermezden tutuş iki hepde işläp biler
23.11.2025 23:52
4.5k+

Huawei Mate 80 goşmaça zarýad bermezden tutuş iki hepde işläp biler

Huawei kompaniýasy 25-nji noýabrda Hytaýda görkeziljek Mate 80 hatarynyň smartfonlarynyň täze Outdoor Mode awtonom režimine eýe boljakdygyny habar berdi. Öndürijiniň maglumatlaryna görä, bu režimde geljekki flagman bir zarýadda 14 güne çenli işläp biler
National Geographic «Ýylyň suratlary — 2025» ýygyndysyny çap etdi
23.11.2025 22:43
6.8k+

National Geographic «Ýylyň suratlary — 2025» ýygyndysyny çap etdi

Her ýyl National Geographic-iň suratçylary we awtorlary öz iş saparlary wagtynda ýüz müňlerçe surat düşürýärler. Olaryň diňe ujypsyz bölegi çap edilýär, «Ýylyň suratlary» ýygyndysy üçin bolsa hakykatdanam özboluşly suratlar saýlanyp alynýar
The Economist: Dünýäde ýalňyz adamlaryň sany artýar
23.11.2025 21:19
4.8k+

The Economist: Dünýäde ýalňyz adamlaryň sany artýar

Soňky sekiz ýylyň dowamynda dünýäde ýalňyz adamlaryň sany azyndan 100 million artdy. Bu maglumaty The Economist žurnaly getirýär we bu ýagdaýyň ösen ýurtlaryň aglabasy üçin häsiýetlidigini belleýär. Iň ösen 30 ýurduň seljermesi olaryň 26-synda 2010-njy ýyldan bäri ýanýoldaşsyz ýaşaýan adamlaryň paýynyň artandygyny görkezdi
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.