Medeniýet we jemgyýet

Microsoft korporasiýasy Windows, Office we Edge-de 100-den gowrak gowşaklygy düzetdi
16.08.2025 13:25
1.7k+

Microsoft korporasiýasy Windows, Office we Edge-de 100-den gowrak gowşaklygy düzetdi

Microsoft “Patch Tuesday-iň” çäklerinde täzelenmeler bukjasyny çykaryp, Windows-da, Office-de, Edge brauzerinde we beýleki hyzmatlarda 107 gowşaklygy düzetdi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, olaryň arasynda howplulary hem bar, ýöne hakerler tarapyndan hakyky hüjümlerde ulanylan ýagdaýlar hasaba alynmady diýip, PSWorld ýazýar
«Ýaňlan, Diýarym! ― 2025» telebäsleşiginiň Lebap welaýaty boýunça tapgyrynyň ýeňijisi belli boldy
15.08.2025 19:20
9.8k+

«Ýaňlan, Diýarym! ― 2025» telebäsleşiginiň Lebap welaýaty boýunça tapgyrynyň ýeňijisi belli boldy

13-nji awgustda Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada «Ýaňlan, Diýarym! ― 2025» telebäsleşiginiň Lebap welaýaty boýunça tapgyrynyň ýeňijisini saýlamak boýunça bäsleşik geçirildi
Teýlor Swift täze "The Life of a Showgirl" albomyny yglan etdi
15.08.2025 18:48
4.1k+

Teýlor Swift täze "The Life of a Showgirl" albomyny yglan etdi

Teýlor Swift The Life of a Showgirl atly 12-nji studiýa albomyny yglan etdi. Albom barada aýdymçy ýoldaşy Trewis Kelsiniň we onuň dogany Jeýsonyň alyp barýan New Heights podkastynda aýtdy diýip, The Guardian habar berýär
Google gözleg ulgamynda indi "islenýän" habar saýtlaryny saýlamak mümkinçiligi peýda boldy
15.08.2025 17:03
1.9k+

Google gözleg ulgamynda indi "islenýän" habar saýtlaryny saýlamak mümkinçiligi peýda boldy

Google “Islenýän çeşmeler” (Preferred Sources) atly täze bir funksiýa hödürledi, bu ulanyjylara gözlegiň netijesinde “Esasy täzelikler” (Top Stories) bölüminde haýsy habar saýtlarynyň we bloglaryň peýda bolmalydygyny saýlamaga mümkinçilik berýär
Beýik Britaniýada gurakçylyk sebäpli suwy tygşytlamak üçin köne hatlary we suratlary aýyrmak maslahat berildi
15.08.2025 14:59
12k+

Beýik Britaniýada gurakçylyk sebäpli suwy tygşytlamak üçin köne hatlary we suratlary aýyrmak maslahat berildi

Beýik Britaniýanyň hökümeti yssy howa we gurakçylyk sebäpli suwy tygşytlamak boýunça maslahatlary hödürledi. Hususan-da, häkimiýetler ýurduň ýaşaýjylaryna köne elektron hatlary bozmagy maslahat berdi diýip, Tom’s Hardware neşiri belleýär
Tehasda suw joşguny 100 mln ýyldan gowrak ozal ýaşan dinozawrlaryň yzlaryny ýüze çykardy
14.08.2025 16:33
10k+

Tehasda suw joşguny 100 mln ýyldan gowrak ozal ýaşan dinozawrlaryň yzlaryny ýüze çykardy

Iýul aýynyň başynda Tehasa inen weýrançylykly suw joşguny Trewis okrugynda taryhdan öňki yzlaryň ýüze çykmagyna getirdi. Bu açyş barada CNN habar berýär. Tebigy betbagtçylykdan soň ýerli ýaşaýjylara harabalygy arassalamaga kömek edýän meýletinçi Sendi-Krik sebitinde üç dyrnakly 15 sany uly yzy tapdy
Apple adaty ringtonyň remiksleri we beýleki täzelikler bilen iOS 26 beta 6-ny çykardy
14.08.2025 16:28
2.2k+

Apple adaty ringtonyň remiksleri we beýleki täzelikler bilen iOS 26 beta 6-ny çykardy

Apple işläp düzüjiler üçin iOS 26-nyň altynjy beta wersiýasyny çykardy. Onda awtomatik gurnalan “Reflection” (Serpikme) ringtonynyň alty remiksi we interfeýsiň birnäçe üýtgeşmeleri peýda boldy. Adaty ringtonyň täze wersiýalary “Buoyant” (Şadyýan), “Dreamer” (Arzuwçyl), “Tech” (Tehnologik), “Pop”, “Reflected” (Serpikdirilen), “Surge” (Joşgun) atlaryny aldy
Polşada balykçy derýadan ýaşy 700 ýyla barabar bolan gylyjy çykardy
14.08.2025 16:23
13k+

Polşada balykçy derýadan ýaşy 700 ýyla barabar bolan gylyjy çykardy

Polşada balykçy Wisla derýasyndan ýaşy, takmynan, 700 ýyl bolan gylyjy çykardy. Onuň uzynlygy 79 santimetre barabar diýip, People ýazýar. Erkek adam kanunyň talap edişi ýaly artefakty Ýadygärlikleri goramak boýunça paýtagt gullugyna gowşurdy
“Barbiniň” režissýory Greta Gerwig täze “Narniýanyň hronikalaryny” düşürip başlady
14.08.2025 16:22
3k+

“Barbiniň” režissýory Greta Gerwig täze “Narniýanyň hronikalaryny” düşürip başlady

Klaýw Steýplz Lýuisiň meşhur romanynyň täze ekranlaşdyrmasy bolan “Narniýa” filmi surata düşürilip başlandy. Film 2026-njy ýylyň noýabrynda Netflix-de we IMAX kinoteatrlarynda çykar diýip, DiscussingFilm X sosial ulgamynda habar berdi
Huawei üç ekranly Mate XT-2 smartfonyny iPhone 17-niň tanyşdyryljak güni hödürlär
14.08.2025 16:20
2.5k+

Huawei üç ekranly Mate XT-2 smartfonyny iPhone 17-niň tanyşdyryljak güni hödürlär

Huawei eplenýän üç ekranly smartfonynyň täze görnüşini – Mate XT 2 smartfonyny taýýarlaýar. Fixed Focus Digital insaýderleriniň maglumatlaryna görä, smartfonyň tanyşdyrylyşy 10-njy sentýabrda bolup biler. Bu sene Apple-iň iPhone 17 smartfon hatarynyň garaşylýan tanyşdyrylyş dabarasy bilen gabat gelýär
Eýranda ýylanyň we içýanyň şekili bolan 3000 ýyllyk gapyrjak tapyldy
14.08.2025 16:19
7.6k+

Eýranda ýylanyň we içýanyň şekili bolan 3000 ýyllyk gapyrjak tapyldy

Arheologlar Eýranyň demirgazyk-gündogaryndaky Demirgazyk Horasan welaýatynda ýaşy 3000 ýyla barabar bolan daş gapyrjagy tapdy. Live Science neşiriniň maglumatlaryna görä, tapyndy Çalou Depesindäki gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda ýüze çykaryldy
Beýonse karýerasynda ilkinji “Emmi” baýragyny aldy
14.08.2025 16:16
6.5k+

Beýonse karýerasynda ilkinji “Emmi” baýragyny aldy

Telewizion akademiýasy ýörite kategoriýalarda 77-nji “Emmi” baýragynyň laureatlarynyň birinji tapgyryny yglan etdi. Şu ýyl ýeňijileriň arasynda Beýonse hem bar diýip, Entertainment habar berýär. Aýdymçy bu baýragy 2024-nji ýylda NFL oýnunyň arakesmesindäki çykyşynyň kostýumlary üçin aldy
Türkmen milli senenamasy boýunça Ýaldyrak döwri başlandy
14.08.2025 15:14
11k+

Türkmen milli senenamasy boýunça Ýaldyrak döwri başlandy

12-nji awgustda Ýaldyrak ýyldyzy dogdy. Türkmen milli senenamasy boýunça Aralyk we Üçýyldyz döwri jöwzaly günleri bilen ahyry öz ornuny Ýaldyraga berdi. Ýaldyrak dogmazyndan birnäçe gün öň we onuň yz ýanyndan jöwzaly yssy has ýokarlanýar
Monochrome Photography Awards 2025-iň “Ýabany tebigat” kategoriýasynda ýeňijiler yglan edildi
14.08.2025 13:35
7.4k+

Monochrome Photography Awards 2025-iň “Ýabany tebigat” kategoriýasynda ýeňijiler yglan edildi

Monochrome Photography Awards 2025 baýragynyň eminleri her ýyl geçirilýän monohrom surat bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdiler we ýabany tebigatyň iň gowy ak-gara suratlaryny hödürlediler. Ýabany tebigat kategoriýasy
Apple TV+ oktýabrda Martin Skorseze barada dokumental mini-serial çykarar
14.08.2025 12:57
2.5k+

Apple TV+ oktýabrda Martin Skorseze barada dokumental mini-serial çykarar

Apple TV+ “Näletlenenleriň adasy” (Остров проклятых), “Nýu-Ýorkuň bandalary” (Банды Нью-Йорка) we “Taksi sürüjisi” (Таксист) ýaly filmleri düşüren režissýor Martin Skorseze barada “Martin Skorseze” dokumental mini-serialynyň treýlerini hödürledi
UFC Paramount bilen 7 ýyllyk 7,7 milliard dollarlyk şertnama baglaşdy
13.08.2025 16:20
15k+

UFC Paramount bilen 7 ýyllyk 7,7 milliard dollarlyk şertnama baglaşdy

Ultimate Fighting Championship (UFC) Paramount bilen 7 ýyllyk 7,7 milliard dollarlyk şertnama baglaşdy diýip, The Hollywood Reporter habar berýär. Ylalaşyga görä, 2026-njy ýyldan başlap, her ýylky söweş mahabaty diňe Paramount+ platformasynda ýaýlyma berler
Lionsgate “Balerina” sebäpli 94 mln dollar möçberde çärýeklik ýitgi çekdi
13.08.2025 15:29
6.1k+

Lionsgate “Balerina” sebäpli 94 mln dollar möçberde çärýeklik ýitgi çekdi

Lionsgate studiýasy birnäçe aý mundan ozal prokata çykan “Balerina” filmi sebäpli çärýekde 94 mln möçberde ýitgi çekdi. Oňyn synlara garamazdan, “Jon Uigiň” spin-offy ýeterlik tomaşaçyny özüne çekip bilmedi. IGN-iň maglumatlaryna görä, film 90 mln dollar önümçilik býujeti bilen dünýä prokatynda 132,4 mln dollar ýygnady
Google «Dalçynly bulka» taýýarlaýar — Android 17-niň şertli ady şeýle
13.08.2025 12:35
3.1k+

Google «Dalçynly bulka» taýýarlaýar — Android 17-niň şertli ady şeýle

Google Android 17-iň täze wersiýasyna «Dalçynly bulka» (Cinnamon Bun) diýen şertli ady berdi. Operasion ulgamyň durnukly wersiýasynyň 2026-njy ýylyň iýun aýynda çykarylmagyna garaşylýar. Android wersiýalaryna süýjülikleriň ýa-da desertleriň adyny bermek däbi 2019-njy ýyla çenli dowam edipdi
Sukerberg Kremniý jülgesinde 11 jaýly tutuş köçäni satyn alyp, ol ýerde bunker gurdy
13.08.2025 11:14
10k+

Sukerberg Kremniý jülgesinde 11 jaýly tutuş köçäni satyn alyp, ol ýerde bunker gurdy

Meta-nyň baş direktory Mark Sukerberg Kremniý jülgesindäki Kresent-Park diýen ýerde 11 jaýy satyn alyp, munuň üçin 110 mln dollar sarp etdi. Kaliforniýada bu ýer hukukçylaryň, kompaniýalaryň top-menejerleriniň we Stenford uniwersitetiniň professorlarynyň ýaşaýan ýeri hökmünde bellidir
Emmanuel Makron Fransiýanyň "iň soňky köçe gazet satyjysyny" Hormat ordeni bilen sylaglady
13.08.2025 10:57
7.2k+

Emmanuel Makron Fransiýanyň "iň soňky köçe gazet satyjysyny" Hormat ordeni bilen sylaglady

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron 73 ýaşly gazet satyjysy Ali Akbary Respublikanyň ikinji ýokary baýragy bolan Hormat ordeni bilen sylaglamak barada yglan etdi. Bu barada The Times neşiri habar berdi. Ali Akbar Pariždäki Plýas-Sen-Sýulpis meýdanynda şäherde belli kafe Cafe de la Mairie-niň ýanynda işleýär
Täze “Ýura eýýamynyň dünýäsi” $800 mln ýygnady, “Fantastik dörtlük” zordan çykdajyny ýapýar
13.08.2025 08:17
5.9k+

Täze “Ýura eýýamynyň dünýäsi” $800 mln ýygnady, “Fantastik dörtlük” zordan çykdajyny ýapýar

“Ýura eýýamynyň dünýäsi: Galkynyş” (Мир Юрского периода: Возрождение) blokbasteri dünýä prokatynda 800 mln dollardan gowrak ýygnady. Olardan 327 mln dollar ABŞ-nyň, 437,4 mln dollar daşary ýurtlaryň paýyna düşdi
“Şrek 5” meýilleşdirilen möhletden ýarym ýyl giç çykar
13.08.2025 08:13
2.6k+

“Şrek 5” meýilleşdirilen möhletden ýarym ýyl giç çykar

Universal we DreamWorks Animation kompaniýalary “Şrek 5” multfilminiň premýerasynyň nobatdaky gezek yza süýşürilendigini habar berdi. 2026-njy ýylyň 23-nji dekabrynyň deregine reliz 2027-nji ýylyň 30-njy iýunynda bolar
Counter-Strike 2 oýnuna öý haýwany-towuk goşulyp bilner
13.08.2025 08:05
4.4k+

Counter-Strike 2 oýnuna öý haýwany-towuk goşulyp bilner

Counter-Strike 2 oýnunda öý haýwanlary-towuklar peýda bolup biler. Datamaýnerler oýun faýllarynda towuklaryň, ýumurtgalaryň modellerini we interfeýsde “Öý haýwanlary” goşundysyny tapdy. Onda üýtgeşik daşky keşbi we “Alaka”, “Leggro” ýaly atlary bolan bäş dürli guş görkezilen
Petuniýa atly buldog 2025-nji ýylda dünýäniň iň betnyşan iti diýlip ykrar edildi
13.08.2025 07:59
8.1k+

Petuniýa atly buldog 2025-nji ýylda dünýäniň iň betnyşan iti diýlip ykrar edildi

Petuniýa atly it Kaliforniýanyň Santa-Roza şäherinde geçirilen “Dünýäde iň betnyşan it-2025” bäsleşiginde ýeňiji boldy. Bu barada CBS News habar berýär. Petuniýa fransuz we iňlis buldoglarynyň çaknyşmasydyr. Öz hojaýyny Şennon Neýman bilen bilelikde ol 5000 dollar möçberde baýrak aldy
OpenAI-iň o3 modeli küşt oýnunda Ilon Maskyň Grok modelini utdy
13.08.2025 07:32
1.9k+

OpenAI-iň o3 modeli küşt oýnunda Ilon Maskyň Grok modelini utdy

OpenAI-iň o3 EA modeli Kaggle AI Exhibition küşt ýaryşynyň final oýnunda Ilon Maskyň xAI kompaniýasy tarapyndan döredilen Grok 4-i 4:0 hasabynda utdy. Bu barada The Independent habar berýär. Ýaryşa Anthropic, DeepSeek, Google we Moonshot AI ýaly kompaniýalaryň hem EA modelleri gatnaşdy
Google-dan täze Genie 3 daş-töweregi ýatda saklap, wirtual dünýäleri döredýär
13.08.2025 07:28
2.6k+

Google-dan täze Genie 3 daş-töweregi ýatda saklap, wirtual dünýäleri döredýär

Google kompaniýasy öz emeli aň modeliniň täze Genie 3 wersiýasyny hödürledi. Neýroulgam ulanyjynyň islegi boýunça 720p durulykda hakyky wideolary döredip bilýär. Öňki wersiýalardan tapawutlylykda, EA ulanyjy wirtual dünýäde öwrülen ýagdaýynda-da daşky dünýäni ýatda saklaýar
Teýlor Swift Elis Býorçiň edebi esasy boýunça film surata düşürer
12.08.2025 16:36
6.1k+

Teýlor Swift Elis Býorçiň edebi esasy boýunça film surata düşürer

Aýdymçy Teýlor Swift özüniň ilkinji doly metražly filmini surata düşürmäge taýýarlanýar. Ilkibaşda meýilleşdirilişine görä, filmiň edebi esasyny onuň özi ýazmalydy, ýöne indi bu wezipe meşhur "Mirasdüşerler" serialy boýunça tanalýan tejribeli ssenariçi Elis Býorçe tabşyryldy
Apple noutbuklarynda OLED ekrany peýda bolar. Displeý bilen Samsung üpjün eder
12.08.2025 14:45
1.5k+

Apple noutbuklarynda OLED ekrany peýda bolar. Displeý bilen Samsung üpjün eder

Apple 2026-njy ýylyň ahyrynda OLED displeýli ilkinji noutbugyny çykarmagy meýilleşdirýär. Bu barada Dealsite koreý neşiri habar berdi. Geljekki MacBook üçin OLED panellerini üpjün ediji hökmünde bolsa Apple Günorta Koreýanyň Samsung Display kompaniýasyny saýlady
"Men 71 ýaşymda we henizem söweşip bilýän": Jeki Çan Lokarnoda kino goşandy üçin baýrak aldy
12.08.2025 14:26
14k+

"Men 71 ýaşymda we henizem söweşip bilýän": Jeki Çan Lokarnoda kino goşandy üçin baýrak aldy

71 ýaşly aktýor Jeki Çan kinematografiýa goşan goşandy üçin Pardo alla Carriera baýragyna mynasyp boldy. Baýrak Lokarnoda (Şweýsariýada) her ýyl geçirilýän film festiwalynda gowşuryldy diýip, Deadline habar berýär
DeepSeek neýroulgamynyň işinde global näsazlyk bolup geçdi
12.08.2025 14:15
2k+

DeepSeek neýroulgamynyň işinde global näsazlyk bolup geçdi

11-nji awgustda agşam DeepSeek neýroulgamyny ulanyjylar hytaý hyzmatynyň işinde köpçülikleýin bökdençlik barada habar berdi. Näsazlyklar hem web wersiýada, hem ykjam goşundyda ýüze çykdy. Çat-botuň saýtyndaky habarda meseläniň bardygy tassyklandy: “Hyzmat elýeterli däl
Kristofer Nolan “Odisseýany” 6 aýyň içinde düşürip boldy
12.08.2025 09:56
5.3k+

Kristofer Nolan “Odisseýany” 6 aýyň içinde düşürip boldy

“Odisseýa” filminiň art-direktory Samanta Englender filmiň surata düşürilip tamamlanandygyny habar berdi. Kristofer Nolanyň täze epiki filminiň önümçiligi 2025-nji ýylyň fewral aýynda başlady, režissýor bu işi alty aýda tamamlady diýip, World of Reel ýazýar
Dünýäde planşet satuwy II çärýekde 13,1% ýokarlandy, öňdebaryjy – Apple
12.08.2025 09:38
1.4k+

Dünýäde planşet satuwy II çärýekde 13,1% ýokarlandy, öňdebaryjy – Apple

Dünýäde planşet üpjünçiligi 2025-nji ýylyň ikinji çärýeginde 38,3 mln birlige ýetdi, bu bolsa 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 13,1% ýokarydyr. Bu barada International Data Corporation (IDC) kompaniýasy habar berdi
Ubisoft kompaniýasy Far Cry oýunlary boýunça serial düşürer. Şouranner Noý Houli bolar
12.08.2025 09:33
2.2k+

Ubisoft kompaniýasy Far Cry oýunlary boýunça serial düşürer. Şouranner Noý Houli bolar

Ubisoft kompaniýasy Far Cry oýunlarynyň esasynda serial düşürmek isleýär. Bu barada maglumat kompaniýanyň resmi saýtyndaky metbugat relizinde peýda boldy, ýöne tiz wagtdan aýryldy. Muňa garamazdan, anons ulanyjylaryň ünsüni çekip ýetişdi diýip, PlayGround ýazýar
Disney “Ulaglar” multfilmleri boýunça täze animasion serial çykarar
12.08.2025 09:27
2.1k+

Disney “Ulaglar” multfilmleri boýunça täze animasion serial çykarar

Disney kompaniýasy “Ulaglar” (Тачки) multfilmleri boýunça spin-offy yglan etdi. Cars: Lightning Racers  (Ulaglar: Ýyldyrym çaltlygyndaky bäsdeşler) atly täze animasion serial 2027-nji ýylda Disney+ akym hyzmatynda çykar diýip, Variety ýazýar
Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (11.08 - 17.08)
11.08.2025 10:36
13k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (11.08 - 17.08)

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gul­­lugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Aş­ga­bat­da az-kem bu­lut­ly, hep­dä­niň ikin­ji ýa­ry­myn­da üýt­gäp dur­ýan bu­lut­ly ho­wa bo­lup, az-kem ýa­gyş ýa­gar
Pompeýde Wezuwiý atylandan soň hem ýaşalandygynyň subutnamalary tapyldy
11.08.2025 01:21
11k+

Pompeýde Wezuwiý atylandan soň hem ýaşalandygynyň subutnamalary tapyldy

Arheologlar b.e. öňki 79-njy ýylda Wezuwiniň atylmagy zerarly weýran bolan Pompeýde betbagtçylykdan soň hem ýaşaýyşyň gaýtadan dowam eden bolmagynyň mümkindigini görkezýän alamatlary tapdylar diýip, täze gazuw-agtaryş işleriniň netijelerine salgylanýan ScienceAlert neşiri habar berýär
WSJ: ChatGPT käte ylmy däl pikirleri berýär
11.08.2025 01:07
3k+

WSJ: ChatGPT käte ylmy däl pikirleri berýär

The Wall Street Journal neşiri kähalatlarda ChatGPT ýaly emeli aňly ulgamlaryň adama nädogry ýa-da geň pikirleri berýändigini, bu ýagdaýyň bolsa ulanyjylarda alada döredýändigini habar berdi. Neşiriň berýän maglumatlaryna
Timberland aýakgap brendi Sega bilen hyzmatdaşlykda Sonic kirpili toplumyny çykardy
10.08.2025 23:24
3.6k+

Timberland aýakgap brendi Sega bilen hyzmatdaşlykda Sonic kirpili toplumyny çykardy

Timberland meşhur aýakgap brendi Sega kompaniýasy bilen bilelikde Sonic The Hedgehog atly täze eşik we aýakgap toplumyny çykardy. Bu hyzmatdaşlyk Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda ilkinji Sega söwda dükanynyň açylmagyna bagyşlanýar diýip, HybeBeast habar berýär
Bloomberg: Tesla Dojo superkompýuterini işläp taýýarlamak bilen meşgullanýan toparyny ýatyrdy
10.08.2025 23:16
2.2k+

Bloomberg: Tesla Dojo superkompýuterini işläp taýýarlamak bilen meşgullanýan toparyny ýatyrdy

Ilon Maskyň eýeçiligindäki Tesla kompaniýasy Dojo superkompýuter taslamasy bilen meşgullanýan topary dargatdy. Bu barada çeşmelere salgylanyp, Bloomberg agentligi habar berdi. Neşiriň maglumatlaryna görä, taslamanyň ýolbaşçysy Piter Bennon kompaniýadan gitmäge taýýarlanýar, onuň toparynyň azyndan 20 agzasy işden çykdy
Microsoft syçanlaryň we klawiaturalaryň geçmişde galjakdygyny çaklaýar
10.08.2025 21:45
3.3k+

Microsoft syçanlaryň we klawiaturalaryň geçmişde galjakdygyny çaklaýar

Microsoft 2030-njy ýyla çenli adamlar kompýuterleri sesi, gözi we hatda pikirleri bilen dolandyrar diýip hasaplaýar. Windows operasion ulgamynyň geljegi baradaky garaýyşlaryny kompaniýanyň wise-prezidenti Dewid Ueston paýlaşdy
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.