Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Syýasat we ykdysadyýet
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Syýasat we ykdysadyýet
09.07.2025 11:02
12k+
Gurbanguly Berdimuhamedow awgustda “Awazada” geçiriljek halkara maslahatynyň guramaçylyk-taýýarlyk işlerini seljerdi
8-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary Balkan welaýatyna bilen ugrady. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri awgust aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň guramaçylyk-taýýarlyk işlerini seljerdi
09.07.2025 10:18
6k+
ÝB raýatlaryna ynsanperwerlik geçelgesini üpjün edendigi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi
8-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti hanym Kaýa Kallasyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
09.07.2025 10:09
11k+
Mähri Bäşimowa BMG-niň Nýu-Ýorkdaky baş edarasynda ýokary derejedäki duşuşykda çykyş etdi
7-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti BMG-niň Nýu-Ýorkdaky baş edarasynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň sebitleýin parahatçylyk zolaklary boýunça ýokary derejedäki duşuşygyna gatnaşdy
09.07.2025 10:03
4.2k+
Türkmenistanyň ilçisi Serbiýanyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy
7-nji iýulda Türkmenistanyň Serbiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi E.Aýdogdyýew Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wuçiçe ynanç hatlaryny gowşurdy. Dabara Belgrad şäherinde Prezidentiň köşgünde geçirildi
09.07.2025 01:20
25k+
Daşary işler ministrligi ukrain teleýaýlymynda Türkmenistan barada berlen ýalan habar boýunça ýazgarma bilen çykyş etdi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Ukrainanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Türkmenistan barada ýaýradylýan maglumatlar bilen baglylykda beýannama bilen çykyş etdi. Türkmen tarapy 2025-nji ýylyň
08.07.2025 17:16
4.4k+
ABŞ ýokarlandyrylan gümrük paçlarynyň güýje girizilmegini awgusta çenli yza süýşürdi
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp daşary ýurtlardan getirilýän harytlara salynýan gümrük paçlarynyň wagtlaýyn togtadylmagyny 2025-nji ýylyň 1-nji awgustyna çenli uzaltdy. Bu barada Ak tamyň resmi web sahypasynda habar berilýär
08.07.2025 11:38
3.1k+
Raşid Meredow Eswatiniden we Lesotodan kärdeşleri bilen telefon arkaly gepleşikleri geçirdi
7-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Lesoto Patyşalygynyň daşary işler we halkara gatnaşyklar ministri Ležone Mpotžoane hem-de Eswatini Patyşalygynyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministri hanym Folile Şakantu bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
08.07.2025 10:12
17k+
Türkmenistanyň Prezidenti Tehasdaky suw joşgunlary zerarly ABŞ-nyň Prezidentine gynanç bildirdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampa ýurduň Tehas ştatynda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi
08.07.2025 10:01
7.7k+
Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen bagly häkimler bilen iş maslahatyny geçirdi
7-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär
08.07.2025 09:53
7.5k+
BAE-niň Hökümeti TON kriptowalýutasyny alanlara "altyn wiza" beriljekdigi baradaky habary ret etdi
Birleşen Arap Emirlikleriniň Hökümeti Toncoin kriptowalýutasyny 100 müň dollar möçberinde steýking etmek (şol kriptowalýutanyň hasabyna şol möçberde pul goýmak) we 35 müň dollar komissiýa tölemek arkaly "altyn wiza" almak mümkinçiligi baradaky TON Foundation tarapyndan ýaýradylan habarlaryň hakykata laýyk däldigini mälim etdi
07.07.2025 13:59
2.3k+
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň iýun aýyndaky sany okyjylara ýetirildi
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň döredijilik we tehniki topary neşiriň iýun aýyndaky sanyny okyjylara hödürledi. Bu barada TDH habar berýär
07.07.2025 11:28
4k+
BAE TONcoin-a maýa goýýanlara 10 ýyllyk "altyn wizalary" berip başlady
Birleşen Arap Emirlikleri Toncoin blokçeýn platformasy bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýän täze maksatnama arkaly on ýyllyk altyn wiza almak mümkinçiligini hödürledi. Wiza almak üçin ýüz tutýan adam üç ýyl möhlet bilen azyndan 100 müň dollary TON belgilerine goýmaly
06.07.2025 19:52
12k+
Mask täze partiýa döredip, ony “Amerika” diýip atlandyrdy
Dünýäniň iň baý adamy, Tesla we SpaceX kompaniýalarynyň ýolbaşçysy Ilon Mask “Amerika” ady bilen täze syýasy partiýany döredendigini aýtdy. Bu barada ol 5-nji iýulda ulanyjylaryň arasynda geçirilen ses berişligiň jemi boýunça X sosial ulgamynda habar berdi
06.07.2025 11:56
5.4k+
Türkmenistan Nigeriýa diplomatik gatnaşyklary ýola goýmagy teklip etdi
4-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow nigeriýa tarapyna Türkmenistan bilen Nigeriýa Federatiw Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak teklibini beýan edýän we ýany bilen degişli ikitaraplaýyn resminamanyň taslamasy bolan diplomatik notany gowşurdy
05.07.2025 18:19
3.9k+
«Türkmenaragatnaşyk» agentligi Estoniýanyň akademiýasy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýar
Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Estoniýa Respublikasynyň degişli akademiýasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky teklibi makullady. Degişli teklibi anna güni Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M
05.07.2025 18:09
4.9k+
Serdar Berdimuhamedow «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň önümçiligini berkitmek bilen bagly çäreleri makullady
Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer N.Atagulyýew milli halyçylyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda “Türkmenhaly”
05.07.2025 18:06
3.7k+
Türkmenistan AÖB-niň sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň ikinji tapgyryna goşulmagy meýilleşdirýär
Prezident Serdar Berdimuhamedow Aziýanyň ösüş bankynyň Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin söwda ugry babatynda goşulyşmak maksatnamasynyň ikinji tapgyryny durmuşa geçirmek boýunça sebitleýin taslamasyna Türkmenistanyň goşulmagy hakyndaky teklibi goldady
05.07.2025 08:44
13k+
Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahat 4-8-nji awgustda Awazada geçiriler
Prezident Serdar Berdimuhamedow «Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek hakynda» Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2025-nji ýylyň 4
05.07.2025 08:37
3.9k+
Serdar Berdimuhamedow Nikolas Madurony Wenesuelanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Prezidenti Nikolas Maduro Wenesuelanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi diýip, TDH habar berýär
05.07.2025 06:14
3.2k+
Raşid Meredow YHG-niň 17-nji Sammitiniň çäginde Pakistanyň we BAE-niň wekilleri bilen duşuşdy
4-nji iýulda Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň 17-nji Sammitiniň çäginde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Pakistan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Muhammad Ishak Dar bilen duşuşdy
05.07.2025 06:08
6.1k+
Türkmenistanyň wekiliýeti Hankendi şäherinde YHG-nyň sammitinde teklipler bilen çykyş etdi
4-nji iýulda Hankendi şäherinde (Azerbaýjan) Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) “Durnukly we howanyň üýtgemegine durnukly geljek üçin YHG-nyň täze garaýşy” atly 17-nji sammiti geçirildi. Sammite daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy diýip, DIM-niň metbugat gullugy habar berýär
05.07.2025 05:16
6.4k+
Aşgabatda ABŞ-nyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli dabaraly kabul edişlik geçirildi
3-nji iýulda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy ABŞ-nyň Garaşsyzlyk Jarnamasynyň 249 ýyllygy mynasybetli dabaraly kabul edişlik geçirdi. Dabara diplomatlar, döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, medeniýet wekilleri hem-de habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy
05.07.2025 04:45
2.3k+
Aşgabatda Polşanyň Seýmynyň daşary işler boýunça komitetiniň başlygy bilen duşuşyk geçirildi
4-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Polşanyň Seýmynyň daşary işler boýunça komitetiniň başlygy Pawel Kowal bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň halkara guramalaryň, hususan-da Ýewropa Bileleşiginiň çägindäki hyzmatdaşlygynyň berkemegini bellediler
05.07.2025 04:39
5.7k+
Stambul Sergi Merkezinde Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi geçirilýär
2-5-nji iýul aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi geçirilýär. Stambul Sergi Merkezinde türkmen önüm öndürijileri tarapyndan eksport edilýän ýokary hilli
04.07.2025 19:31
9k+
Serdar Berdimuhamedow Donald Trampy ABŞ-nyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa ABŞ-nyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutany mümkinçilikden
04.07.2025 19:15
3.8k+
Türkmenistanyň daşary işler ministri azerbaýjanly kärdeşi bilen duşuşdy
3-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Azerbaýjanyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler
04.07.2025 18:58
3.6k+
Arabika kofesiniň bahasy noýabrdan bäri ilkinji gezek bir tonna üçin $6250-den aşak düşdi
Dünýäde arabika kofesi üçin bahalar 2024-nji ýylyň noýabryndan bäri ilkinji gezek bir tonna üçin 6250 dollardan aşak düşdi. ICE Futures biržasynyň maglumatlaryna görä, 2-nji iýulda, çarşenbe güni, arabika üçin sentýabr fýuçersiniň bahasy 3,41% peselip, bir funt üçin 2,82 dollar boldy
04.07.2025 18:11
4.9k+
Kazyýet ulanyjylaryň maglumatlaryny birugsat ýygnandygy üçin Google-y 314 million dollar tölemäge borçly etdi
Kaliforniýanyň kazyýet oturdaşlary Android enjamyndan ulanyjy maglumatlarynyň bikanun ýygnalmagy bilen bagly iş üçin Google kompaniýasyny 314 million dollar tölemäge borçly etdi diýip, Bloomberg habar berýär. Talap arzasyna görä, Alphabet Inc
04.07.2025 18:07
5.4k+
Çehiýada giň gerimli tok öçmesi boldy: Pragada metro durdy, adamlar liftlerde galdy
Çehiýada şu gün günortan töweregi giň gerimli tok öçmesi boldy diýip, «Novinky.cz» neşiri habar berýär. Tok öçmesi Praga şäheriniň köp bölegine, şeýle-de bäş sebite, şol sanda Mlada-Boleslawa, Usti-nad-Labeme we Grades-Kralowä hem täsir etdi
04.07.2025 12:19
6.4k+
Daniýa dünýäde ilkinji bolup raýatlaryny dipfeýkden goramak üçin kanun kabul etdi
Daniýa raýatlaryny dipfeýk tehnologiýasyndan goramak üçin giň gerimli kanunçylygy kabul eden ilkinji ýurt boldy. Täze kabul edilen kanun raýatlara öz sesine, daşky görnüşine hem-de sanly keşbine bolan aýratyn hukugy berýär diýip, «TechSpot» habar berýär
04.07.2025 12:15
10k+
Raşid Meredow Owganystanyň wise-premýeriniň wezipesini ýerine ýetiriji bilen TOPH we TOP taslamalaryny maslahatlaşdy
3-nji iýulda daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti ykdysady meseleler boýunça Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň wezipesini ýerine ýetiriji Abdul Gani Baradar bilen duşuşyk geçirdi
04.07.2025 11:29
9.6k+
Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Raşid Meredowy kabul etdi
3-nji iýulda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowy kabul etdi. Duşuşyk barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm taraplary ara alnyp maslahatlaşyldy
03.07.2025 18:32
3.3k+
Türkmenistan Parižde ÝUNESKO-nyň Hökümetara okeanografiýa komissiýasynyň mejlisine gatnaşýar
Türkmenistanyň wekiliýeti 25-nji iýun – 3-nji iýul aralygynda ÝUNESKO-nyň Pariž şäherindäki ştab-kwartirasynda geçirilýän ÝUNESKO-nyň Hökümetara okeanografiýa komissiýasynyň 33-nji Assambleýasyna gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler
03.07.2025 14:47
4.3k+
Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Prezidentini Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko we ýurduň ähli halkyna Belarus Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Döwlet Baştutany gutlag hatynda döwletara gatnaşyklaryň geljekde hem halklarymyzyň bähbidine pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi
03.07.2025 14:39
2.1k+
Windows ulanyjylarynyň sany üç ýylda 400 million azaldy
Microsoft korporasiýasy golaýda Windows ulgamynyň 1 milliarddan gowrak işjeň enjamda işleýändigini habar berdi diýip, «Forbes» ýazýar. Emma kompaniýanyň 2022-nji ýyl boýunça ýyllyk hasabatyna görä, bu görkeziji öň 1,4 milliarddan geçýärdi
03.07.2025 11:18
14k+
Britaniýanyň patyşa maşgalasy ýokary çykdajylar sebäpli öz otlusyny ulanmagyny bes eder
Britaniýanyň patyşa maşgalasy 2027-nji ýyla çenli dokuz wagondan ybarat patyşalyk otlusyndan ýüz öwürmegi meýilleşdirýär diýip, Sky News habar berýär. Munuň sebäbi tehniki hyzmat üçin şertnamanyň möhletiniň tamamlanmagy we otlyny saklamak üçin çykdajylaryň ýokary bolmagy boldy
03.07.2025 10:33
3.3k+
Türkmenistanyň we Merkezi Afrika Respublikasynyň daşary işler ministrleri LLDC 3 boýunça maslahatlaşdylar
2-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Merkezi Afrika Respublikasynyň daşary işler, frankofoniýa we daşary ýurtdaky merkezi afrikalylaryň işleri boýunça ministri Silwi Baýpo Temonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
03.07.2025 10:23
1.5k+
Raşid Meredow Malawiniň daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
2-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Malawi Respublikasynyň daşary işler ministri Nensi Tembo bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, söhbetdeşligiň dowamynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we mundan beýläk hem ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar
03.07.2025 10:19
4.6k+
Raşid Meredow we Murat Nurtleu Awazada geçiriljek halkara maslahata taýýarlygy maslahatlaşdylar
2-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystanyň daşary işler ministri Murat Nurtleu bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär
03.07.2025 10:11
3.5k+
Türkmenistanda Bütindünýä gümrük guramasynyň sebitleýin okuw merkezini döretmek barada Ähtnama gol çekildi
Türkmenistan bilen Bütindünýä gümrük guramasy Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekişdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkezi Bütindünýä gümrük guramasynyň Sebitleýin okuw merkezi diýlip resmi taýdan ykrar ediler
«
1
…
44
45
46
…
260
»
«
1
…
41
42
43
44
45
46
47
48
49
…
260
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.