Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Syýasat we ykdysadyýet
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Syýasat we ykdysadyýet
28.11.2025 12:21
2.1k+
Türkmenistan Halkara Sergiler Býurosynyň Administratiw–býujet komitetiniň agzalygyna saýlandy
25-nji noýabrda Türkmenistanуň Halkara Sergiler Býurosynyň (BIE) ýanyndaky wekili, ilçi M.Çaryýew Pariž şäherinde BIE-niň Baş Assambleýasynyň 177-nji sessiýasyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler
28.11.2025 10:26
5.7k+
Türkmenistan bilen Gazagystan Temirbaba we Bekdaş aralygynda ýerasty optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny gurar
Astana şäherinde Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýew bilen Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary – emeli aň we sanly ösüş ministri Žaslan Madiýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Duşuşyk Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana döwlet saparynyň çäklerinde boldy
28.11.2025 10:19
2.8k+
Türkmenistan we Gazagystan oba hojalyk önümleri üçin «ýaşyl geçelge» döretmegi maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň wise-premýeri Hojamyrat Geldimyradow Astana şäherinde Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary – milli ykdysadyýet ministri Serik Žumangarin bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar oba hojalyk önümleri üçin «ýaşyl geçelge» döretmek we täze logistika taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar
28.11.2025 10:13
2.1k+
Türkmenistanyň wekiliýeti Dubaýdaky «Big 5 Global 2025» gurluşyk sergisine gatnaşýar
Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministri A.Geldiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Dubaýda geçirilýän «Big 5 Global 2025» atly halkara sergisine gatnaşýar. Pudagyň wekilleri serginiň resmi açylyş dabarasyna we Global Leaders' Summit atly umumy mejlise gatnaşdylar
28.11.2025 10:04
2.8k+
Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy
25-nji noýabrda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Baýramow Ýaponiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Eri Arfiýa bilen duşuşdy. Bu barada Ýaponiýanyň daşary syýasat edarasynyň web sahypasynda habar berildi
28.11.2025 09:58
16k+
Serdar Berdimuhamedow Gonkongda bolup geçen ýangyn zerarly Si Szinpine gynanç bildirdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine Gonkong ýörite dolandyryş sebitindäki ýaşaýyş toplumynda bolup geçen ýangynyň köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi
27.11.2025 15:51
5.3k+
Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi Gwangju şäherinde serginiň açylyşyna gatnaşdy
25-nji noýabrda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi B.Durdyýew Koreýa Respublikasynyň Aziýa medeniýetiniň milli merkeziniň 10 ýyllygy mynasybetli Gwangju şäherinde geçirilen “Ýüpek ýolunyň ugrundaky çarwa halklar” atly serginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy
27.11.2025 15:45
2.5k+
Türkmenistanyň we Gazagystanyň oba hojalyk toplumynyň haryt dolanyşygy 37,5% artdy
Türkmenistanyň we Gazagystanyň arasyndaky oba hojalyk toplumynyň haryt dolanyşygy dokuz aýda $103 million dollara ýetdi. Ösüş 37,5% boldy diýip, Orient Gazagystanyň Oba hojalygy ministrliginiň maglumatlaryna salgylanyp habar berýär
27.11.2025 15:26
1.4k+
Maşatda YHG-nyň “ECO Heritage” žurnalynyň Türkmenistana bagyşlanan ýörite sany tanyşdyryldy
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Baş konsullygynda (Maşat şähri) Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna we Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, brifing geçirildi. Baş konsullykda habar
27.11.2025 12:41
3.4k+
Türkmenistan Adwokatlaryň Milli hünär assosiasiýasyny döretmek ugrunda iş alyp barýar
Türkmenistanda Adwokatlaryň milli hünär assosiasiýasyny döretmek meselesi ara alnyp maslahatlaşylýar. Bu mowzuk 21-nji noýabrda Aşgabatda geçirilen we ýuridik kömek ulgamyny ösdürmäge hem-de adam hukuklaryny goramakda aklawçylaryň roluny güýçlendirmäge bagyşlanan tegelek stoluň merkezi meselesi boldy
27.11.2025 12:09
7.1k+
Soňky 10 ýylda planetany beýlekilerden has "ýaşyl" eden ýurtlaryň sanawy düzüldi
Planetanyň "ýaşyl öýkeni" roluny ýerine ýetirýän tokaýlar kömürturşy gazyny özüne siňdirýär we kislorod çykarýar. Mundan başga-da, olar öz ekoulgamlaryny we suw aýlanyşyny döredip, müňlerçe kilometr uzaklykdaky sebitlere täsir edýärler
26.11.2025 17:48
5.3k+
BMG Baş sekretar wezipesine dalaşgärleri saýlap almak işine başlady
Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Baş sekretary wezipesine täze dalaşgärleri hödürlemek prosesi Howpsuzlyk Geňeşi bilen Baş Assambleýanyň bilelikdäki beýanatyndan soň başlady. Saýlaw işleriniň başlanandygy baradaky
26.11.2025 12:21
6.9k+
ABŞ-da energiýany simsiz geçirmek boýunça rekord goýuldy
Star Catcher Industries amerikan startapy lazer şöhlesi arkaly adaty, kommersiýa Gün panellerine 1,1 kW optiki kuwwat geçirmek bilen simsiz energiýa geçiriş boýunça täze dünýä rekordyny goýdy. Synaglar Florida ştatynyň Kennedi adyndaky kosmodromynda geçirildi
26.11.2025 11:26
4k+
Türkmenistanyň azyk harytlary Erbilde Agro Pack Iraq 2025 sergisinde görkezildi
24-nji noýabrda Yragyň Erbil şäherinde "Agro Pack Iraq 2025" - azyk önümlerini gaýtadan işlemek we gaplamak tehnologiýalary boýunça sekizinji halkara sergisi öz işine başlady. Çäre Erbil International Fairground meýdançasynda geçip, sebitiň ähli künjeklerinden öňdebaryjy öndürijileri, maýadarlary hem-de azyk we logistika pudagynyň hünärmenlerini bir ýere jemledi
26.11.2025 11:10
1.6k+
Aşgabatda halkara ylmy-amaly maslahatda ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli sanly ulgam arkaly «Halkara ulag-logistiki hyzmatdaşlygy berkitmekde Türkmenistanyň durnukly ulag syýasatynyň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
26.11.2025 11:06
2.1k+
Türkmenistan Saud Arabystany bilen atçylyk ulgamynda bilelikdäki taslamalary maslahatlaşýar
23-nji noýabrda Türkmenistanyň ilçisi M.Aýazow Saud Arabystany Patyşalygynyň Patyşa Abdulaziz adyndaky Arap atlary Merkeziniň Baş direktory Abdulaziz Almukbil bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşykda A
26.11.2025 11:01
2.4k+
FAO Türkmenistanda epidemiologik gözegçilik boýunça okuw maslahatyny geçirýär
2025-nji ýylyň 24-29-njy noýabry aralygynda Aşgabatda keselçilik ojaklaryny derňemek boýunça ýöriteleşdirilen okuw maslahaty geçirilýär. Türgenleşik Türkmenistanyň weterinariýa gullugynyň, saglygy goraýyş ulgamynyň we tebigaty goramak düzümleriniň hünärmenleri üçin guraldy
26.11.2025 10:43
990
Raşid Meredow kubaly kärdeşi bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
25-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Kuba Respublikasynyň daşary işler ministri Bruno Rodriges Parrilýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we olary mundan beýläk hem ösdürmegiň mümkin bolan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar
25.11.2025 18:46
13k+
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanda «Älem.AI» emeli aň merkezine baryp gördi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Gazagystana amala aşyrýan döwlet saparyny 25-nji noýabrda günüň ikinji ýarymynda «Älem.AI» halkara emeli aň merkezine baryp görmek bilen jemledi diýip, "Türkmenistan" gazeti habar berýär
25.11.2025 18:40
8.6k+
Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň«Altyn Bürgüt» ordeni bilen sylaglandy
Prezident Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň ýokary döwlet sylagy — «Altyn Bürgüt» (Altyn Kyran) ordeni bilen sylaglandy. Dabara Astanada ýokary derejeli türkmen-gazak gepleşikleri tamamlanandan soňra geçirildi diýip, "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär
25.11.2025 18:31
6.9k+
Astanada türkmen-gazak gepleşikleriniň jemleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi
Astanada Prezidentler Serdar Berdimuhamedow bilen Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi. "Türkmenistan" gazetiniň habar bermegine görä, «Akorda» köşgüniň dabaralar otagynda iki ýurduň döwlet Baştutanlary dabaraly ýagdaýda Bilelikdäki Beýannama öz gollaryny goýdular
25.11.2025 17:59
3.4k+
Serdar Berdimuhamedow Astanada Kasym-Žomart Tokaýew bilen gepleşikleri geçirdi
Şu gün, 25-nji noýabrda Astanada döwlet saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow «Akorda» köşgünde Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy. Belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi garşylamak dabarasyndan soňra, ikiçäk we giňeldilen düzümde türkmen-gazak gepleşikleri geçirildi
25.11.2025 15:10
3.6k+
Beýik Britaniýanyň ýel elektrik stansiýalary 22 mln öýi energiýa bilen üpjün edip, günlük rekordy täzeledi
Beýik Britaniýanyň ýel turbinalary bir günde 22,7 mln kilowatt-sagat elektrik energiýasyny öndürip, täze rekord goýdy. Milli energetika ulgamy operatorynyň (Neso) maglumatlaryna görä, bu möçber 22 mln töweregi öýi elektrik energiýasy bilen üpjün etmek üçin ýeterlik boldy
25.11.2025 13:24
4.2k+
Türkmenistanyň wekiliýeti Astanada Magtymgulynyň ýadygärligine gül goýdy
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystana döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary Astananyň gözel künjeginde ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýdular. Bu barada "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär
25.11.2025 13:13
4.5k+
Awazada Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasy dörediler
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasyny döretmek meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň barşynda gaznasynyň şahamçasynyň döredilmegi teklip edilýän ýere baryp gördi
25.11.2025 13:05
7.4k+
Gurbanguly Berdimuhamedow Awazanyň dekabrdaky çärelere taýýarlyk ýagdaýy bilen tanyşdy
24-nji noýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek” atly halkara maslahata görülýän taýýarlyk işleriniň ýagdaýy bilen tanyşmak üçin Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy
25.11.2025 12:49
1.5k+
Türkmenistanda geçen hepdäniň birža söwdalary 9 mln dollardan geçdi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 150 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 19-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň
24.11.2025 17:27
17k+
Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Gazagystana bardy
Şu gün, 24-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Gazagystan Respublikasyna bardy. Döwlet Baştutanyny Aşgabadyň Halkara howa menzilinde ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Birnäçe wagtdan Türkmenistanyň Prezidentiniň uçary iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline gelip gondy
24.11.2025 14:23
12k+
Altyn ätiýaçlygy boýunça ýurtlaryň infografikasy: Merkezi banklar ony çökgünlikden goranmak üçin ýygnaýarlar
Altyn iň ygtybarly we wagtyň synagyndan geçen gymmatly serişdeleriň biri bolmagynda galýar. Bütin dünýädäki Merkezi banklar onuň gorlaryny artdyrmagyny dowam etdirýärler, bu bolsa 2025-nji ýylda metalyň bahalarynyň rekord derejede ýokarlanmagyna getirdi
24.11.2025 11:12
1.4k+
Türkmen senetçileri Er-Riýadda Halkara senetçilik hepdeligine gatnaşdylar
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň wekilleri 2025-nji ýylyň 13-26-njy noýabry aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde geçirilen Saud Halkara senetçilik hepdeliginiň üçünji tapgyryna, ýagny «Banan» atly hepdelige gatnaşýarlar
24.11.2025 11:08
2.1k+
Tatarystan Türkmenistanda söwda öýüni açmak meýilnamalary barada aýtdy
21-nji noýabrda Aşgabatdaky «Ýyldyz» otelinde Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň 10-njy mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, oňa gatnaşmak üçin Türkmenistana Tatarystan Respublikasynyň premýer-ministriniň orunbasary, senagat we söwda ministri O
24.11.2025 10:01
10k+
Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetinde nämeler göz öňünde tutuldy: sanlar we maglumatlar
Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň on birinji maslahatynda “Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy biragyzdan kabul edildi. Kanun 24-nji noýabrda "Türkmenistan" gazetinde çap edildi
24.11.2025 09:49
8.8k+
Türkmenistanyň Mejlisi maslahatynda birnäçe kanunlar kabul edildi
22-nji noýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň on birinji maslahatynda deputatlar birnäçe kanunlaryň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar. “Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda”
24.11.2025 09:40
7.3k+
Türkmenistanyň Mejlisi 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda Kanuny kabul etdi
22-nji noýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň on birinji maslahatynda deputatlar birnäçe kanunlaryň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Maslahata wise-premýerler, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy
24.11.2025 09:28
8.1k+
Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda halkara çäreleriň geçiriljek binalarynyň taýýarlyk derejesi bilen tanyşdy
22-nji noýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda halkara çäreleriň geçiriljek binalarynyň taýýarlyk derejesi bilen tanyşdy. Şeýle hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky mejlisini geçirdi
23.11.2025 23:12
13k+
Fizuli şäheriniň ýaşaýjylary Gurbanguly Berdimuhamedowyň metjit gurmak başlangyjyna minnetdarlyk bildirdiler
Azerbaýjanyň Fizuli şäheriniň ähli ýaşaýjylary türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna minnetdarlyk hatyny iberdiler. "Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyny göterýän Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça
23.11.2025 00:39
17k+
Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynda wizasyz tertip hereket eder
Türkmenistanyň we Özbegistanyň raýatlary «Şawat-Daşoguz» serhetýaka söwda zolagyna wiza resmileşdirmesiz baryp bilerler. Bu barada Özbegistanyň Maýa goýumlar, senagat we söwda ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi
22.11.2025 23:26
6.6k+
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Walentina Matwiýenko bilen duşuşdy
Sankt-Peterburga saparynyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen duşuşdy
22.11.2025 14:26
4.6k+
Adalat köşgünde hukuk taýdan döwrebaplaşdyrmak we halkara başlangyçlar ara alnyp maslahatlaşyldy
19-njy noýabrda Adalat köşgünde halkara standartlaryň çäklerinde milli hukuk ulgamyny kämilleşdirmäge bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly – rowaçlygyň, ösüşiň we demokratiýanyň
22.11.2025 14:21
1.8k+
Parižde Türkmenistanyň we Fransiýanyň hyzmatdaşlygynyň geljegine bagyşlanan maslahat geçirildi
18-nji noýabrda Pariž şäherindäki Fransiýanyň Halkara we strategik barlaglar instituty – IRIS-iň maslahatlar zalynda «Türkmen-fransuz gatnaşyklary: häzirki zaman dünýäsiniň şertlerinde wehimler we mümkinçilikler» atly maslahat geçirildi
«
1
…
23
24
25
…
260
»
«
1
…
20
21
22
23
24
25
26
27
28
…
260
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.