Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
emeli aň
Baş sahypa
/
Habarlar
/
emeli aň
27.10.2025 00:10
5.6k+
Müňden gowrak işgär super EA-ny döretmegi bes etmek çagyryşy bilen çykyş etdi
1000-den gowrak jemgyýetçilik işgäri, şol sanda oýlap tapyjy, Apple-iň egindeş esaslandyryjysy Stiw Woznýak, “EA-nyň atalary” Jeffri Hinton we Ýoşua Benjio super EA-ny döretmäge garşy çykyş etdi. Olar şeýle tehnologiýanyň howpsuzdygyna göz ýetirilýänçä, şeýle ulgamlary döretmegi bes etmäge çagyryş bilen açyk hata gol çekdi
25.10.2025 15:34
1.8k+
Adaty gözleg ulgamlarynyň hereketi 2025-nji ýylda 25% pese düşdi
2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda Google, Yahoo we Bing ýaly adaty gözleg ulgamlarynyň ýerine adamlar emeli aň esasly hyzmatlara has köp ýüz tutup başladylar. Ulanyjylar bu hyzmatlaryň has amatlydygyny, sebäbi onlarça linki açyp gözlemän, derrew taýýar jogap berýändigini belleýärler
24.10.2025 09:38
2.1k+
Samsung täze Galaxy XR garniturasyny hödürledi: Apple-yňkydan iki esse arzan we Gemini bilen işleýär
Samsung kompaniýasy Galaxy XR garyşyk hakykat garniturasyny – Apple Vision Pro-nyň Android-e esaslanýan bäsdeşini hödürledi. Garnitura Google we Qualcomm bilen hyzmatdaşlykda döredildi. Onuň bahasy 1800 dollar bolup, bu ýakynda hödürlenen M5 çipli Apple Vision Pro-dan ($3500) iki esse diýen ýaly arzandyr
23.10.2025 13:02
4.4k+
Hytaýda emeli aňyň kömegi bilen 1600 ýyllyk söýgi golýazmasy dikeldildi
Pekin uniwersitetiniň alymlary emeli aňyň kömegi bilen, takmynan, 1600 ýyl mundan ozal meşhur hytaý kalligrafy Wan Sýançži tarapyndan ýazylan söýgi barada gadymy golýazmany dikeltdi. Bu barada South China Morning Post habar berýär
23.10.2025 09:48
1.1k+
Windows 11 ekranyňyzda bolup geçýän zatlary eşider we yzarlar
Microsoft operasion ulgamynyň 40 ýyllygynyň şanyna Windows 11 üçin uly emeli aň täzelenmesini taýýarlaýar. Täze mümkinçilikler diňe Copilot Plus kompýuterlerinde däl, eýsem ähli goldanylýan enjamlarda elýeterli bolar diýip, The Verge habar berýär
20.10.2025 17:37
1.6k+
Google DeepMind-yň emeli aň modeli rak bejergisinde öňegidişlik gazandy
Alymlar çişi irki tapgyrlarda, heniz adamyň immun ulgamy olara hüjüm etmäge ukyply wagty ýüze çykarmagyň usulyny eýýäm köpden bäri gözleýärdi. Indi bu işe emeli aň hem goşuldy we netijeler haýran galdyrdy. Google-yň blogunda habar berlişi ýaly, DeepMind bölümçesi Ýel uniwersiteti bilen bilelikde açyk Gemma EA modelini rak öýjükleriniň özüni alyp barşyny seljerer ýaly sazlady
18.10.2025 23:35
1.6k+
YouTube-da täze EA gürleýän adamyň dodagynyň hereketini dublýaž bilen gabat getirer
YouTube gürleýän adamyň dodagynyň hereketini wideonyň awtomatik terjimesine gabat getirmäge mümkinçilik berjek emeli aň tehnologiýasyny synagdan geçirýär. Ol EA-nyň kömegi bilen sesi awtomatik başga dile geçirýän dublýaž funksiýasynyň üstüni ýetirer
18.10.2025 12:40
2.1k+
Google öz Veo wideo döredijisini täzeledi: ýokary realizm, ses we kino stili
Google öz EA wideo generatorynyň täzelenen wersiýasyny – Veo 3.1-i çykardy. Täze model şekilleriň has hakykata ýakyn bolmagy, tekst beýanlaryny takyk berjaý etmegi we ses bezeginiň kämilleşdirilmegi bilen tapawutlanýar
17.10.2025 00:39
2.6k+
Microsoft realistik suratlary döredýän täze MAI-Image-1 generatoryny tanady
Microsoft kompaniýasy özüniň emeli aň esasynda işleýän ilkinji şekil generatory — MAI-Image-1 modelini hödürledi. Bu dolulygyna korporasiýanyň içinde işlenip düzülen we tekstdäki düşündirişe görä ýokary hilli, hakykata ýakyn suratlary döretmäge mümkinçilik berýän ulgamdyr
16.10.2025 09:35
8.3k+
Türkmen mekdep okuwçylary Google-yň geçiren ýaryşynda 2-nji orny eýelediler
Aşgabat şäheriniň Ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçylary Begenç Annaorazow, Aýhan Baýramow, Salyh Annanepesow Google kompaniýasynyň Firebase Studio Championship Central Asia 2025 ýaryşynda 2-nji orny eýelediler
15.10.2025 14:47
2.8k+
Öý we iş üçin täze Figure 03 gumanid roboty hödürlenildi
Amerikanyň Figure AI kompaniýasy Figure 03 atly üçünji nesil gumanoid robotyny tanyşdyrdy. Bu model öý hojalygynda hem, täjirçilik wezipelerini ýerine ýetirmekde hem ulanylyp bilner. BotQ zawodynda robotlaryň ýyllyk önümçiligi 12 000 birlik bolar, uzakmöhletleýin maksatda — dört ýylyň içinde 100 000 sanysyny öndürmek bar
15.10.2025 11:29
4.1k+
Emeli aň ABŞ-nyň ykdysadyýetini durgunlykdan halas etdi
2025-nji ýylda ABŞ-nyň ykdysadyýeti, esasan, emeli aň infrastrukturasyna maýa goýumlaryň ýokarlanmagy netijesinde durgunlykdan halas boldy. Derňew hut bu pudagyň Birleşen Ştatlaryň jemi içerki önümi üçin esasy hereketlendirijä öwrülendigini görkezýär
11.10.2025 14:05
2.4k+
ÝB möhüm on pudakda EA-nyň ornaşdyrylmagy üçin 1 mlrd ýewro bölüp berer, bu o diýen köp däl
Ýewropa Komissiýasy ykdysadyýetiň möhüm on pudagynda emeli aňy ornaşdyrmak boýunça başlangyjyň işe girizilendigini habar berdi. Täze taslamalary durmuşa geçirmek üçin 1 mlrd ýewro bölüp bermek meýilleşdirilýär
09.10.2025 18:12
3.6k+
Ilon Mask: Grok eýýäm 2026-njy ýylda ýarym sagatlyk filmleri döredip biler
Ilon Mask Grok AI-niň 2026-njy ýylyň ahyryna çenli tomaşa edip boljak wideo-filmleri döredip biljekdigini, 2027-nji ýylda bolsa hakykatdanam ýokary hilli filmleriň peýda bolmagyna garaşylýandygyny mälim etdi. Bu barada ol X sosial ulgamynda ýazdy
09.10.2025 16:59
1.1k+
OpenAI "Sora" arkaly döredilen keşplerden girdeji gazanmaga mümkinçilik berer
Emeli aň arkaly döredilen mazmunlar bilen işlemekde awtorlyk hukugyny goramak meselesi häzirki wagtda iň maslahatlaşylýan mowzuklaryň biri bolmagynda galýar. OpenAI keşpleri döredijilere "Sora" serwisinde olaryň ulanylyşyna has köp gözegçilik hukugyny bermek meýilleri barada mälim etdi
09.10.2025 16:23
1.1k+
ChatGPT indi göni çatda Spotify, Canva ýaly programmalary açyp bilýär
Her ýyl geçirilýän DevDay 2025 çäresinde OpenAI kompaniýasy ChatGPT-ni ulanyjylaryň göni çatda başga programmalary nädip işledip biljekdigini görkezdi. Häzir çat-botda Spotify, Figma, Booking.com, Expedia, Coursera, Zillow we Canva programmalary elýeterli
09.10.2025 16:19
1k+
Google programma üpjünçiliginiň gowşaklyklaryny özbaşdak düzedýän EA agentini döretdi
Google DeepMind barlaghanasy programma üpjünçiligindäki gowşaklyklary özbaşdak tapyp, düzedip bilýän CodeMender EA agentiniň iş netijelerini hödürledi. Bu barada SiliconANGLE neşiri ýazýar. Taslama DeepMind-yň howpsuzlyk bilen bagly OSS-Fuzz we Big Sleep ýaly işläp taýýarlamalarynyň yzyny dowam etdirýär
09.10.2025 16:02
1.2k+
AMD-nyň paýnamalary OpenAI bilen köp milliardlyk şertnamadan soň 30% ýokarlandy
AMD-nyň (Advanced Micro Devices) paýnamalary OpenAI bilen uly şertnama baglaşylandygy belli bolandan soň 30%-den gowrak gymmatlady. Sem Altmanyň startapy çip öndürijisiniň paýnamalarynyň 10%-ine çenli satyn almak hukugyna eýe boldy we bu oňa serwislerini ösdürmek üçin hasaplaýyş güýçleriniň ýetmezçilik etmek meselesini çözmäge kömek eder
07.10.2025 15:59
4.3k+
Meta ABŞ-da 70 futbol meýdançasynyň ululygyndaky maglumat merkezini gurýar
Meta kompaniýasy Luiziana ştatynda (ABŞ) 4 million inedördül fut (371 600 inedördül metr töweregi) meýdany bolan emeli aň maglumat merkezini gurýar, bu takmynan 70 futbol meýdançasyna deňdir. Reuters-iň habar bermegine görä, desganyň umumy çykdajysy takmynan 10 milliard dollar bolar
07.10.2025 15:56
3k+
OpenAI-iň ýolbaşçysy täze şertnamalary baglaşmak üçin dünýä syýahatyna ugrady
OpenAI-iň baş direktory Sem Altman maýa goýumlary çekmek we kompaniýanyň taslamalaryny ösdürmek maksady bilen Günorta-Gündogar Aziýa we Ýakyn Gündogara syýahata ugrady. The Wall Street Journal-yň maglumatlaryna görä, Altman garaşsyz EA infrastrukturasyny döretmek boýunça hyzmatlary öňe sürüp, enjamlary we komponentleri öndürmek üçin täze hyzmatdaşlary gözleýär
03.10.2025 17:59
3.4k+
OpenAI 500 milliard dollar bahasy bilen dünýäniň iň gymmat hususy kompaniýa boldy
ChatGPT-ni döreden OpenAI kompaniýasy dünýäde iň gymmat hususy kompaniýa öwrüldi diýip, Bloomberg habar berýär. Gürrüň döwletiň ýa-da döwlet edaralarynyň gözegçiliginde bolmadyk we hususy maliýeleşdiriş arkaly maýa goýumlaryny ýygnan kompaniýalar barada barýar
02.10.2025 18:10
894
Spotify EA bilen döredilen aýdymlara bellik goýup, dipfeýkleri bloklap başlar
Spotify emeli aňyň kömegi bilen döredilen aýdym-sazlar üçin täze düzgünleri girizýär. Üýtgeşmeleriň maksady aýdym döredilende EA-nyň ulanylandygyny aç-açan etmekden, spam bilen göreşmekden we rugsatsyz artistleriň sesine öýkünmegi gadagan etmekden ybarat
01.10.2025 14:38
2.3k+
ChatGPT-de ene-ata gözegçiligi işläp başlady
OpenAI kompaniýasy ChatGPT üçin ene-ata gözegçiligi funksiýasynyň işläp başlandygyny habar berdi. 2025-nji ýylyň 29-njy sentýabryndan hyzmat sazlamak üçin aýratyn sahypa bilen bilelikde web-wersiýany we mobil goşundysyny ulanyjylar üçin elýeterli boldy diýip, Bloomberg belleýär
01.10.2025 13:59
3.1k+
OpenAI "Sora 2" wideogeneratoryny hödürledi we onuň binýadynda TikTok-a meňzeş sosial ulgamyny yglan etdi
OpenAI kompaniýasy wideo döretmek boýunça Sora 2 täzelenen emeli aň generatory hödürledi. Işläp düzüjileriň aýtmagyna görä, täze wersiýa hereketiň fizikasyna has gowy düşünýär, hakykata has ýakyn sahnalary döredýär we generasiýa prosesini takyk dolandyrmaga mümkinçilik berýär
29.09.2025 12:19
7.9k+
Alymlar taryhy taýdan ygtybarly şekilleri döretjek emeli aňy işläp düzýärler
Sýurih uniwersitetiniň gadymy taryh professory Feliks K.Maýer bilen programmist Filipp Ştrebel bilelikde emeli aň esasynda işleýän täze surat generatoryny döredýärler. Ol gural Gadymy Rim we Gadymy Gresiýa döwründen taryhy taýdan hakykata ýakyn sahnalary şekillendirmäge ukyply bolar
29.09.2025 08:58
3k+
ABŞ-nyň federal agentlikleri bary-ýogy 42 sente Ilon Maskyň Grok çat-botuna elýeterli bolar
Ilon Maskyň xAI startapy ABŞ-nyň Umumy gulluklar edarasy (GSA) bilen federal agentlikleriň Grok çat-botuny ulanmagy barada şertnama baglaşdy. GSA-nyň habaryna görä, şertnama 2027-nji ýylyň martyna çenli hereket eder
28.09.2025 23:56
4k+
Apple-iň iPhone üçin ChatGPT-ä meňzeýän Veritas atly gizlin programmasy bar
Apple Siri ses kömekçisiniň täzelenen görnüşini barlamak üçin täze Veritas programmasyny işläp düzýär. Bloomberg-iň žurnalisti Mark Gurmanyň habar bermegine görä, bu programma häzirlikçe gizlin saklanýar we diňe kompaniýanyň öz içinde ulanylýar
26.09.2025 21:15
6.2k+
Magnum täze görnüşli doňdurmany emeli aňyň kömegi bilen döreder
Unilever kompaniýasynyň toparyna girýän we noýabrda birža çykmagy meýilleşdirýän Magnum doňdurma öndürijisi Çiliniň NotCo atly startapynyň emeli aňyny ulanmak meýilnamasyny yglan etdi. Täze tehnologiýa reseptleri üýtgetmäge we täze önümleri döretmäge kömek eder
25.09.2025 19:09
2.5k+
Nissan önümçilik modellerini emeli aňly “awtomatik sürüji” bilen üpjün eder
Nissan 2027-nji ýylda kompaniýanyň önümçilik modellerinde peýda boljak ProPilot sürüjä kömek toplumynyň täze nesliniň işlenip taýýarlanýandygyny habar berdi. Ulgam kämilleşdirilen enjamlara we emeli aň bilen programma üpjünçiligine eýe bolar
24.09.2025 13:13
3.6k+
Adamlar ChatGPT-ä haýsy sebäpler bilen has köp ýüz tutýarlar?
OpenAI-iň gözlegçiler topary ulanyjylaryň ChatGPT-ä 1,5 mln ýüz tutmasyny seljerip, adamlaryň çat-bota ýüzlenmeginiň iň esasy sebäpleriniň sanawyny düzdi. Bu adamlaryň guraly hakykatda nähili ulanýandygyny görkezýän ilkinji uly barlag boldy diýip, The Independent habar berýär
24.09.2025 11:28
3.7k+
OpenAI Apple-iň öňki dizaýneri Joni Aýw bilen bilelikde täze akylly kolonkalary we äýnekleri taýýarlaýar
OpenAI Apple-iň öňki baş dizaýneri Joni Aýw bilen bilelikde akylly enjamlaryň hataryny çykarmaga taýýarlanýar. The Information neşiriniň maglumatlaryna görä, ilkinji önüm displeýsiz akylly kolonka bolup biler. Beýleki önümleriň hatarynda äýnek, sanly diktofon we ýanyňda göterilýän "pin" agzalýar
23.09.2025 17:12
1.7k+
Google emeli aňy we interneti ösdürmek üçin Afrika milliardlarça dollar maýa goýýar
Alphabet-iň golçur kompaniýasy bolan Google Afrikada dört sany täze infrastruktura merkezini gurmagy meýilleşdirýär. Olar kompaniýanyň iň täze suwasty optiki süýümli kabellerini yklymyň dürli sebitlerine - demirgazyga, günbatara, günorta we gündogara birikdirerler
22.09.2025 18:08
1.2k+
Google kompaniýasy Gemini-ni göni Chrome-a birleşdirýär: ol ulanyjylaryň işini aňsatlaşdyrar
Google kompaniýasy macOS we Windows kompýuterlerinde täzelenen Gemini emeli aňyny Chrome bilen birleşdirip başlady. Hyzmat eýýäm ABŞ-da ulanyjylar üçin elýeterli bolup, ýazylmagy talap etmeýär. Täze EA agenti açyk sahypalary we brauzeriň taryhyny görüp biler
20.09.2025 18:01
2.3k+
OpenAI aýratyn interfeýsli we ene-ata gözegçiligi bolan ChatGPT-niň çagalar wersiýasyny döreder
OpenAI kompaniýasy "ChatGPT-niň çagalar interfeýsiniň" üstünde işleýär we ulanyjylary ýaşy boýunça awtomatiki tertipleşdirmegi meýilleşdirýär. Munuň üçin ýaşy çaklamak tehnologiýasy ulanylar. Ulgam ulanyjynyň ýaşyny takyk kesgitläp bilmese, ulanyjy 18 ýaşdan kiçi wersiýa ugrukdyrylar
20.09.2025 14:19
1.4k+
Italiýa ÝB-de ilkinji bolup emeli aňyň ulanylyşy barada kanun kabul etdi
Italiýa Ýewropa Bileleşiginde emeli aňyň ulanylyşyny düzgünleşdirýän kanuny tassyklan ilkinji ýurt boldy. Bu barada The Guardian habar berýär. Resminamanyň maksady innowasiýalara, kiberhowpsuzlyga we şahsy maglumatlaryň goragyna aýratyn üns bermek bilen, EA-nyň aç-açan we howpsuz ulanylmagyna ýardam etmekdir
20.09.2025 06:52
1k+
OpenAI gumanoid robotlary işläp taýýarlamak bilen meşgullanar we eýýäm hünärmenleri gözläp başlady
OpenAI kompaniýasy robot tehnikasy, şol sanda gumanoid ulgamlaryň üstünde işlemek boýunça täze topary döredýär döredýär. Bu barada Wired habar berýär. Neşiriň habar bermegine görä, kompaniýa robotlary dolandyrmak ugrunyň hünärmenlerini işjeň işe alýar
19.09.2025 20:03
2k+
Microsoft Windows 11-de “Bloknotyň”, Paint-iň we “Gaýçynyň” funksiýalaryny giňeltdi
Microsoft kompaniýasy “Bloknot”, Paint we “Gaýçy” programmalary üçin täze funksiýalary hödürledi. Olar Windows 11 operasion ulgamynyň düzümine girýär. Funksiýalar Copilot+ PC kategoriýaly ulanyjylar üçin elýeterli bolar
19.09.2025 14:48
1.7k+
YouTube-da Shorts döredijileri suratlary “janlandyryp”, gepleşigi aýdyma öwrüp biler
Ýakyn aýlarda YouTube-da gysga wideolar (Shorts) bilen işlemek üçin emeli aňyň esasynda täze gurallar peýda bolar. Bu barada kompaniýa Made on YouTube çäresinde habar berdi. Esasy täzelik Google Veo 3 Fast modeliniň sazlanan wersiýasy bolar
18.09.2025 23:36
5.3k+
Meta linza oturdylan ekran bilen ilkinji akylly Ray-Ban äýnegini hödürledi
Meta kompaniýasy 17-nji sentýabrda Kaliforniýada açylan Meta Connect konferensiýasynda öz akylly äýnekleriniň üç sany täze modelini hödürledi: Meta Ray-Ban Display, Meta Ray-Ban Gen 2 we Oakley Meta Vanguard. Esasy üns Meta Ray-Ban Display äýnegine gönükdirildi
18.09.2025 10:28
2.7k+
Lamborghini sürüjiniň ýalňyşlyklaryny düzedip biljek akylly superkar döredýär
Lamborghini sürüjä häzirki wagtda ýalňyşlyklary düzetmäge we awtoulaga gözegçiligi ýokarlandyrmaga kömek etjek emeli aň döredýär. Markanyň tehniki direktory Ruwen Moruň sözlerine görä, kompaniýa eýýäm ýol şertlerine we sürüliş stiline laýyklap torky dolandyrmak üçin maşyn öwreniş elementlerini ulanýar
«
1
…
8
9
10
…
28
»
«
1
…
5
6
7
8
9
10
11
12
13
…
28
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.