emeli aň

Rolling Stone-nyň we Variety-niň neşirýatçysy AI gözleg ulgamynyň jogaplary sebäpli Google-y kazyýete berdi
18.09.2025 10:07
1.2k+

Rolling Stone-nyň we Variety-niň neşirýatçysy AI gözleg ulgamynyň jogaplary sebäpli Google-y kazyýete berdi

Rolling Stone, Billboard, The Hollywood Reporter we Variety neşirýatlaryna eýeçilik edýän Penske Media amerikan metbugat kompaniýasy Google-y Waşingtondaky federal sebit kazyýetine berdi diýip, The Wall Street Journal neşiri habar berýär
Google Gemini ABŞ-da iPhone üçin iň meşhur mugt programma boldy
16.09.2025 20:04
1.6k+

Google Gemini ABŞ-da iPhone üçin iň meşhur mugt programma boldy

Google-yň Gemini programmasyna ABŞ-da iPhone üçin iň meşhur mugt programmalaryň sanawynda birinji orny eýelemek başartdy. Bu barada 9to5Google habar berýär. Google-yň beýleki meşhur mugt programmalarynyň arasynda Search, Google Maps, Google Chrome we Gmail hem bar
Meta täze önümleri bilen tanyşdyrmaga taýýarlanýar: 800 dollara geljegiň äýnegi, EA hyzmatlary we beýlekiler
16.09.2025 18:33
3.9k+

Meta täze önümleri bilen tanyşdyrmaga taýýarlanýar: 800 dollara geljegiň äýnegi, EA hyzmatlary we beýlekiler

Wirtual we giňeldilen hakykata, emeli aňa we metaälemine bagyşlanan Meta Connect 2025 ýyllyk konferensiýasyna sanlyja gün galdy. Şu ýyl kompaniýa akylly äýneklerini we EA tehnologiýalaryny ösdürmäge ünsi gönükdirer
OpenAI: ChatGPT-ni iş maksady bilen ulanýanlaryň sany gitdigiçe azalýar
16.09.2025 12:21
1.8k+

OpenAI: ChatGPT-ni iş maksady bilen ulanýanlaryň sany gitdigiçe azalýar

ChatGPT-den her hepde peýdalanýan ulanyjylaryň sany 700 million adama, ýagny Ýer şarynyň uly ýaşly ilatynyň 10 göterimine barabar. Bu barada OpenAI kompaniýasynyň çap eden makalasynda aýdylýar. Makalada beýleki gyzykly maglumatlar hem getirilýär
OpenAI emeli aňyň kömegi bilen doly metražly multfilm döreder we ony Kannda görkezer
13.09.2025 14:59
1.9k+

OpenAI emeli aňyň kömegi bilen doly metražly multfilm döreder we ony Kannda görkezer

OpenAI-yň döredijilik hünärmeni Çad Nelson özüniň gysga metražly “Ownuk jandarlar” multfilmini doly metražly multfilme öwrer.  Taslama DALL-E 2 neýroulgamynyň kömegi bilen döredildi diýip, The Wall Street Journal ýazýar
Albaniýada dünýäde ilkinji gezek ministriň wezipesini emeli aňa ynandylar
13.09.2025 13:16
9.6k+

Albaniýada dünýäde ilkinji gezek ministriň wezipesini emeli aňa ynandylar

Albaniýa dünýäde ilkinji bolup ministr derejesindäki wezipäni emeli aňa ynanýan ýurt boldy. Bu barada Politico neşiri habar berdi. Täze modeliň ady Diella diýlip atlandyrylýar. Albaniýanyň premýer-ministri Edi Rama ol barada: «Bu hökümet agzasy fiziki taýdan ýok, emma emeli aň esasynda wirtual görnüşde döredildi» diýip aýtdy
Oracle bilen OpenAI 300 mlrd dollarlyk “töwekgelçilikli” şertnama baglaşdy
12.09.2025 17:54
1.9k+

Oracle bilen OpenAI 300 mlrd dollarlyk “töwekgelçilikli” şertnama baglaşdy

Oracle amerikan korporasiýasy OpenAI kompaniýasy bilen 300 mlrd dollarlyk şertnama baglaşdy diýip, The Wall Street Journal ýazýar. Şertnama bäş ýyla niýetlenýär we ABŞ-nyň çäklerinde 4,5 GWt kuwwatly maglumat merkezleriniň kärendesini göz öňünde tutýar
Gemini çat-boty audio ýazgylaryna düşünip, tekste öwürmegi öwrendi
12.09.2025 17:47
1.6k+

Gemini çat-boty audio ýazgylaryna düşünip, tekste öwürmegi öwrendi

Google kompaniýasy Gemini emeli aňynyň esasyndaky önümleri üçin üç möhüm täzelenme hödürledi. Esasy täzelik Gemini çat-botunyň audio ýazgylaryna düşünip, olary tekste öwrüp bilmegi boldy. Indi ulanyjylar transkribasiýa üçin audiofaýllary ýükläp bilýär
ChatGPT dünýäniň çat-bot bazarynyň 80%-den gowragyny eýeleýär
11.09.2025 21:19
1.9k+

ChatGPT dünýäniň çat-bot bazarynyň 80%-den gowragyny eýeleýär

OpenAI kompaniýasynyň ChatGPT emeli aňly çat-bot bazarynda agdyklyk etmegini dowam etdirýär we şeýle hyzmatlaryň dünýäde ulanylyşynyň bäşden dört bölegini öz içine alýar. Bu barada web-seljeriji StatCounter şereketiniň 2024-nji ýylyň iýulyndan 2025-nji ýylyň awgustyna çenli aralykdaky maglumatlaryna salgylanýan TechRadar habar berýär
Tencent bir suratyň kömegi bilen 3D dünýäsini döretmek üçin EA modelini çykardy
11.09.2025 00:17
2.3k+

Tencent bir suratyň kömegi bilen 3D dünýäsini döretmek üçin EA modelini çykardy

Hytaýyň Tencent kompaniýasy bir suratyň esasynda 3D effektli wideolary döretmäge mümkinçilik berýän Hunyuan World-Voyager açyk EA modelini hödürledi. Algoritm bir suraty alyp, 49-a çenli yzygiderli kadr döredýär, bu iki sekuntlyk wideo deňdir
Orson Uellesiň filminiň ýitirilen 43 minudyny emeli aňyň kömegi bilen döretmek isleýärler
09.09.2025 13:11
5.3k+

Orson Uellesiň filminiň ýitirilen 43 minudyny emeli aňyň kömegi bilen döretmek isleýärler

Showrunner kompaniýasy Orson Uellesiň 43 minudy ýitirilen hasaplanýan “Ambersonlaryň ajaýyplygy” filmini dikeltmegi maksat edinýär. Bu barada Entertainment Weekly neşiri habar berdi. Dikeldiş üçin uzyn we çylşyrymly materiallary döretmäge niýetlenen täze emeli aň  modeli ulanylar
Warner Bros. Discovery öz gahrymanlaryny ulanandygy üçin Midjourney-i kazyýete berdi
09.09.2025 09:55
3.6k+

Warner Bros. Discovery öz gahrymanlaryny ulanandygy üçin Midjourney-i kazyýete berdi

Warner Bros. Discovery awtorlyk hukuklaryny bozandygy barada Midjourney neýroulgamynyň işläp düzüjisiniň üstünden kazyýet arzasyny berdi diýip, The Hollywood Reporter habar berýär. Resminamada ulanyjylaryň awtorlyk hukugy bilen goralýan kult gahrymanly şekilleri we wideolary döredip biljekdigi bellenýär
Apple kompaniýasy Siri üçin hususy EA gözleg ulgamyny işe girizmäge taýýarlanýar
06.09.2025 16:55
1k+

Apple kompaniýasy Siri üçin hususy EA gözleg ulgamyny işe girizmäge taýýarlanýar

Apple geljek ýyl emeli aňyň esasynda gözleg ulgamyny işe girizmegi meýilleşdirýär. Bu barada Bloomberg agentligi habar berýär. Agentligiň çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň içinde taslama World Knowledge Answers adyny göterýär
Hytaýyň uly sosial ulgamlary emeli aň tarapyndan döredilen kontentlere bellik goýup başlady
05.09.2025 10:43
2.3k+

Hytaýyň uly sosial ulgamlary emeli aň tarapyndan döredilen kontentlere bellik goýup başlady

1-nji sentýabrdan Hytaýyň WeChat (Tencent Holdings) we Douyin (ByteDance) ýaly uly sosial ulgamlary emeli aňyň kömegi bilen döredilen onlaýn kontentleriň ählisine bellik goýup başlady. Muny täze kanun talap edýär diýip, South China Morning Post habar berýär
OpenAI Hindistanda ägirt maglumat merkezini gurmagy meýilleşdirýär
05.09.2025 10:35
1.3k+

OpenAI Hindistanda ägirt maglumat merkezini gurmagy meýilleşdirýär

OpenAI Hindistanda uly maglumat merkezini gurmagy meýilleşdirýär. Ol ýurtda iň ulularyň biri we Aziýada emeli aň infrastrukturasyny ösdürmekde möhüm ädim bolup biler diýip, Bloomberg agentligi habar berýär. Çeşmeleriň maglumatlaryna görä, kompaniýa azyndan 1 gigawatt kuwwatly desganyň gurluşygy üçin ýerli hyzmatdaşlary gözleýär
Ilon Maskyň xAI kompaniýasy programmistler üçin Grok Code Fast 1 modelini hödürledi
03.09.2025 23:30
2k+

Ilon Maskyň xAI kompaniýasy programmistler üçin Grok Code Fast 1 modelini hödürledi

Ilon Maskyň xAI kompaniýasy tizlige we işjeňlige gönükdirilen programmirlemek üçin Grok Code Fast 1 emeli aň modelini hödürledi. Model täze arhitektura esaslanýar we giň maglumatlar toplumy bilen okadyldy. Bu işde taýýar çözgütler, programmirleme boýunça meseleler we kody üýtgetmek üçin hakyky ýüz tutmalar ulanyldy
OpenAI ChatGPT bilen alşylan hatlary barlaýar we howply mazmuny polisiýa habar berýär
03.09.2025 12:23
2.4k+

OpenAI ChatGPT bilen alşylan hatlary barlaýar we howply mazmuny polisiýa habar berýär

OpenAI kompaniýasy öz blogunda ChatGPT-niň ulanyjylarynyň hat alyşmalarynyň indi zyýanly mazmun taraplarynyň derňelýändigini habar berdi. Potensial howply habarlar gözden geçirmek üçin işgärlere iberilýär we käbir ýagdaýlarda polisiýa iberilip bilner
Hünärmenler EA bilen işleýän ilkinji kompýuter wirusyny ýüze çykardy
31.08.2025 20:37
3.4k+

Hünärmenler EA bilen işleýän ilkinji kompýuter wirusyny ýüze çykardy

ESET Research Labs-yň hünärmenleri emeli aňyň kömegi bilen işleýän zyýanly wirusy tapdy. Ol şeýle görnüşli ilkinji mälim bolan wirus boldy we PromptLock adyny aldy. Wirus taýýar promptlaryň toplumyny ýerli EA modeline iberýär, bu model hem jogap hökmünde Lua dilinde skriptleri döredýär (1993-nji ýylda döredilen dil programmirlemesi bolup, köplenç, oýunlary döretmekde ulanylýar)
Samsung EA-nyň we eplenýän iPhone-yň ýokdugy üçin Apple-iň üstünden güldi
31.08.2025 08:47
8k+

Samsung EA-nyň we eplenýän iPhone-yň ýokdugy üçin Apple-iň üstünden güldi

Samsung korporasiýasy X sosial ulgamynda mahabat wideosyny hödürledi we onda degişme äheňinde özüniň eplenýän Galaxy Z Fold 7 smartfonynyň iPhone-dan artykmaçlygyny görkezdi. Sýužet boýunça basseýniň gyrasynda dynç alýan iki adam iPhone bilen eplenýän Samsung smartfonyny deňeşdirýär
Microsoft ilkinji hususy EA modellerini görkezdi: biri sözleýiş, beýlekisi tekst döredýär
30.08.2025 18:10
1k+

Microsoft ilkinji hususy EA modellerini görkezdi: biri sözleýiş, beýlekisi tekst döredýär

Microsoft ilkinji gezek özüniň emeli aň modellerini hödürledi. Mundan öň kompaniýa, esasan, OpenAI-iň çözgütlerini ulanyp, olary Azure infrastrukturasyna we Copilot önümlerine goşýardy. Indi bolsa onuň öz ulgamlary – MAI-Voice-1 we MAI-1-preview bar
Hytaý dünýäde ilkinji suwasty emeli aň maglumat merkezini gurýar
27.08.2025 15:44
5.1k+

Hytaý dünýäde ilkinji suwasty emeli aň maglumat merkezini gurýar

Hytaý emeli aň üçin dünýäde ilkinji suwasty maglumat merkezini gurýar. Bu desga Şanhaýyň kenaryndan 10 km uzaklykda ýerleşip, golaýdaky deňiz ýel elektrostansiýasyndan energiýa alar diýip, Live Science habar berýär
Mask iPhone-a ChatGPT-niň goşulmagy sebäpli Apple bilen OpenAI-i kazyýete berdi
27.08.2025 11:12
7.7k+

Mask iPhone-a ChatGPT-niň goşulmagy sebäpli Apple bilen OpenAI-i kazyýete berdi

Milliarder Ilon Maskyň X we xAI kompaniýalary Apple we OpenAI (ChatGPT çat-botuny dörediji) kompaniýalaryna garşy şikaýat arzasy bilen Tehasdaky kazyýete ýüz tutdy. Bu barada 25-nji awgustda Bloomberg agentligi habar berdi
Google-yň aýtmagyna görä, Gemini her soraga jogap bermek üçin bary-ýogy 5 damja suw sarp edýär. Hakykatdan hem şeýlemikä?
26.08.2025 14:37
4.6k+

Google-yň aýtmagyna görä, Gemini her soraga jogap bermek üçin bary-ýogy 5 damja suw sarp edýär. Hakykatdan hem şeýlemikä?

Google kompaniýasy Gemini emeli aňynyň daşky gurşawa ýetirýän täsiri barada öz barlagyny çap etdi. Kompaniýa netijeliligiň ýokarlanmagy bilen häzirki modeliň ortaça 0,24 watt sagat elektrik energiýasyny (telewizoryň dokuz sekuntlap işlemegine deň) we bir tekst soragy üçin takmynan 0,26 millilitr suw (bäş damja) sarp edýändigini tassyklaýar
OpenAI Hindistanda ilkinji ofisini açýar
26.08.2025 13:50
1.3k+

OpenAI Hindistanda ilkinji ofisini açýar

OpenAI tiz wagtdan Hindistanda ilkinji ofisini açjakdygyny habar berdi. Wekilhana ýakyn aýlarda Nýu-Delide işläp başlar. Kompaniýa eýýäm ýurtda ýuridik şahs hökmünde hasaba alyndy we ýerli hünärmenler toparyny döredýär
Weýmarda ChatGPT-niň pýesasy boýunça “FaustX” spektakly görkezildi
23.08.2025 18:35
3.6k+

Weýmarda ChatGPT-niň pýesasy boýunça “FaustX” spektakly görkezildi

Nemes şahyry Iogann Wolfgang fon Gýoteniň ýaşan we işlän ýeri bolan Germaniýanyň Weýmar şäherindäki sungat festiwalynda “FaustX” spektaklynyň premýerasy boldy. Ol günorta afrikaly režissýor Brett Beýli we onuň garaşsyz teatry Third World Bunfight tarapyndan sahnalaşdyryldy
Forbes: Ilon Maskyň Grok çat-boty ulanyjylar bilen ýüzlerçe müň söhbetdeşligi internete ýaýratdy
22.08.2025 18:51
7.1k+

Forbes: Ilon Maskyň Grok çat-boty ulanyjylar bilen ýüzlerçe müň söhbetdeşligi internete ýaýratdy

Ilon Maskyň xAI kompaniýasy tötänleýin ýüzlerçe müň ulanyjynyň Grok çat-boty bilen ýazyşan söhbetlerini açyk elýeterlilige hödürledi. Köp ulanyjylar öz söhbetdeşliginiň köpçülige ýaýrap biljekdigini bilmeýärdi diýip, Forbes žurnaly habar berdi
Google "Gemini" emeli aňyna resminamalary sesli okamak funksiýasyny goşdy
22.08.2025 08:10
1.2k+

Google "Gemini" emeli aňyna resminamalary sesli okamak funksiýasyny goşdy

Google kompaniýasynyň işläp düzüjileri «Google Dokumentler» hyzmatyna teksti ses formata öwürmäge mümkinçilik berýän täze funksiýany girizdiler. Bu gurallar emeli aňyň Gemini modeliniň esasynda işleýär. «Audio» atly täze gural iş meýdançasynyň ýokarky bölegindäki «Gurallar» menýusynda peýda boldy
Kosmosdaky ilkinji EA kömekçisi: Hytaý orbita “Ukun” ulgamyny çykardy
21.08.2025 16:21
1.8k+

Kosmosdaky ilkinji EA kömekçisi: Hytaý orbita “Ukun” ulgamyny çykardy

“Týangun” stansiýasyndaky hytaý astronawtlary ilkinji emeli aň kömekçisini aldylar. Ýerli açyk modeliň esasynda döredilen “Ukun” atly ulgam täze skafandrlar, miweler we beýleki ätiýaçlyklar bilen “Týançžou-9” ýük gämisi arkaly stansiýa eltildi
ChatGPT goşundysy OpenAI-e $2 mlrd getirdi – bu bäsdeşleriň umumy girdejisinden 30 esse köp
18.08.2025 19:32
3.1k+

ChatGPT goşundysy OpenAI-e $2 mlrd getirdi – bu bäsdeşleriň umumy girdejisinden 30 esse köp

OpenAI-iň ChatGPT ykjam goşundysy 2023-nji ýylyň maý aýynda işläp başlany bäri 2 milliard dollar gazandy. Bir ýükläp gurnamadan ortaça girdeji 2,91 dollar boldy. Bu barada Appfigures kompaniýasyna salgylanyp, TechCrunch ýazýar
OpenAI Neuralink-iň çägine girýär. Kompaniýa beýni çiplerini döretmäge maýa goýýar
18.08.2025 09:58
3.3k+

OpenAI Neuralink-iň çägine girýär. Kompaniýa beýni çiplerini döretmäge maýa goýýar

Amerikanyň OpenAI kompaniýasy we ony esaslandyryjy Sem Altman beýni implantlary üçin interfeýsleri döredýän Merge Labs başlangyjyna maýa goýmagy meýilleşdirýärler. Bu barada üç sany anonim çeşmä salgylanyp, Faýnansial Taýms habar berdi
EA-nyň ornaşdyrylmagy lukmanlaryň düwnük keselini anyklamak başarnygyny peseltdi – The Lancet
16.08.2025 23:38
4.4k+

EA-nyň ornaşdyrylmagy lukmanlaryň düwnük keselini anyklamak başarnygyny peseltdi – The Lancet

Lukmanlar ençeme aýlap emeli aň tehnologiýalary ulanylandan soň düwnük keselini özbaşdak anyklamak başarnygyny ýitirýär. The Lancet iňlis žurnalynda neşir edilen ylmy gözlegde alymlar şeýle netijä geldi.   Ylmy gözleg 2021-nji ýylyň ahyrynda – 2022-nji ýylyň başynda Polşada dört sany endoskopiýa merkezinde geçirildi
YouTube görýän wideolaryna esaslanyp, ulanyjynyň ýaşyny kesgitlemek ulgamyny synagdan geçirýär
16.08.2025 17:45
2.3k+

YouTube görýän wideolaryna esaslanyp, ulanyjynyň ýaşyny kesgitlemek ulgamyny synagdan geçirýär

13-nji awgustda YouTube ABŞ-da ulanyjynyň ýaşyny barlamak boýunça täze ulgamyny synagdan geçirip başlady. Tehnologiýa görýän wideolarynyň häsiýetine baglylykda uly ýaşly we kämillik ýaşyna ýetmedik tomaşaçylary tapawutlandyrmak üçin emeli aňdan peýdalanar
Ford zawodlarynda AI kameralary oturdýar. Olar eýýäm gurnama tapgyrynda iň ownuk kemçilikleri tapyp berýär
15.08.2025 14:57
4k+

Ford zawodlarynda AI kameralary oturdýar. Olar eýýäm gurnama tapgyrynda iň ownuk kemçilikleri tapyp berýär

Ford öz AI ulgamyndan iki sanysyny – AiTriz-i we MAIVS-i öz zawodlaryna ornaşdyrýar. Kompaniýanyň aýtmagyna görä, olar häzirki wagtda iň ownuk önümçilik kemçiliklerini ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär. Dirborn şäherindäki zawod her ýylda dürli konfigurasiýaly 300 müňden gowrak F-150 pikabyny ýygnaýar
OpenAI-iň o3 modeli küşt oýnunda Ilon Maskyň Grok modelini utdy
13.08.2025 07:32
1.9k+

OpenAI-iň o3 modeli küşt oýnunda Ilon Maskyň Grok modelini utdy

OpenAI-iň o3 EA modeli Kaggle AI Exhibition küşt ýaryşynyň final oýnunda Ilon Maskyň xAI kompaniýasy tarapyndan döredilen Grok 4-i 4:0 hasabynda utdy. Bu barada The Independent habar berýär. Ýaryşa Anthropic, DeepSeek, Google we Moonshot AI ýaly kompaniýalaryň hem EA modelleri gatnaşdy
Google-dan täze Genie 3 daş-töweregi ýatda saklap, wirtual dünýäleri döredýär
13.08.2025 07:28
2.6k+

Google-dan täze Genie 3 daş-töweregi ýatda saklap, wirtual dünýäleri döredýär

Google kompaniýasy öz emeli aň modeliniň täze Genie 3 wersiýasyny hödürledi. Neýroulgam ulanyjynyň islegi boýunça 720p durulykda hakyky wideolary döredip bilýär. Öňki wersiýalardan tapawutlylykda, EA ulanyjy wirtual dünýäde öwrülen ýagdaýynda-da daşky dünýäni ýatda saklaýar
DeepSeek neýroulgamynyň işinde global näsazlyk bolup geçdi
12.08.2025 14:15
2k+

DeepSeek neýroulgamynyň işinde global näsazlyk bolup geçdi

11-nji awgustda agşam DeepSeek neýroulgamyny ulanyjylar hytaý hyzmatynyň işinde köpçülikleýin bökdençlik barada habar berdi. Näsazlyklar hem web wersiýada, hem ykjam goşundyda ýüze çykdy. Çat-botuň saýtyndaky habarda meseläniň bardygy tassyklandy: “Hyzmat elýeterli däl
WSJ: ChatGPT käte ylmy däl pikirleri berýär
11.08.2025 01:07
3k+

WSJ: ChatGPT käte ylmy däl pikirleri berýär

The Wall Street Journal neşiri kähalatlarda ChatGPT ýaly emeli aňly ulgamlaryň adama nädogry ýa-da geň pikirleri berýändigini, bu ýagdaýyň bolsa ulanyjylarda alada döredýändigini habar berdi. Neşiriň berýän maglumatlaryna
Microsoft syçanlaryň we klawiaturalaryň geçmişde galjakdygyny çaklaýar
10.08.2025 21:45
3.3k+

Microsoft syçanlaryň we klawiaturalaryň geçmişde galjakdygyny çaklaýar

Microsoft 2030-njy ýyla çenli adamlar kompýuterleri sesi, gözi we hatda pikirleri bilen dolandyrar diýip hasaplaýar. Windows operasion ulgamynyň geljegi baradaky garaýyşlaryny kompaniýanyň wise-prezidenti Dewid Ueston paýlaşdy
Microsoft surat döretmek üçin Bing Image Creator neýroulgamynda GPT-4o-ny mugt etdi
10.08.2025 14:19
2.8k+

Microsoft surat döretmek üçin Bing Image Creator neýroulgamynda GPT-4o-ny mugt etdi

Microsoft korporasiýasy Bing Image Creator hyzmatynda GPT-4o modelini mugt elýeterli etdi. Indi ulanyjylar bu emeli aň modeliniň kömegi bilen surat döredip biler. GPT-4o tekst beýanlaryna has takyk düşünip, ýazgylary surata goşup, olary üýtgedip ýa-da ýüklenen faýllaryň esasynda täze surat döredip bilýär
ChatGPT-nip täze modeli çykandan soň, Mask Grok 5-iň hacan çykjakdygyny aýtdy
09.08.2025 18:18
5.8k+

ChatGPT-nip täze modeli çykandan soň, Mask Grok 5-iň hacan çykjakdygyny aýtdy

Ilon Mask xAI kompaniýasynyň “şu ýylyň ahyryna çenli” Grok 5 modelini çykarjakdygyny aýtdy. Bu OpenAI-iň täze GPT-5 modeli tanyşdyrylandan soň belli boldy. Maskyň aýtmagyna görä, xAI-iň emeli aňynyň häzirki wersiýasy Grok 4 OpenAI-iň soňky modelinden “has üstün gelýär”
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.