Hytaý

Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň CNPC korporasiýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
19.03.2026 10:21
8.5k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň CNPC korporasiýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran dostluk saparynyň çäklerinde Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) direktorlar geňeşiniň başlygy Daý Houlýan bilen duşuşdy
Gurbanguly Berdimuhamedow Prezidentiň adyndan Si Szinpine ahalteke bedewini sowgat berdi
19.03.2026 07:21
15k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Prezidentiň adyndan Si Szinpine ahalteke bedewini sowgat berdi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýa saparynyň çäklerinde Si Szinpin bilen geçirilen duşuşykdan soň, onuň bilen dostlukly gezelenç etdi. Bu waka iki döwletiň arasyndaky özara düşünişmegiň we ýokary derejeli ynamyň aýdyň nyşanyna öwrüldi
Türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy
19.03.2026 06:51
6.2k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna (HHR) amala aşyran dostluk saparynyň dowamynda HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen resmi duşuşygy geçirildi
Ilkinji uçuşynda kösenmez ýaly gaýnynyň torbasyna giýewsi QR-kodly hat ýelmedi
18.03.2026 16:48
8.3k+

Ilkinji uçuşynda kösenmez ýaly gaýnynyň torbasyna giýewsi QR-kodly hat ýelmedi

Hytaýyň Sian şäheriniň ýaşaýjysy Çžao Çen ömründe birinji gezek ýeke özi ýola çykýan gaýynenesine kömek etmegiň täsin usulyny oýlap tapdy. 60-dan geçen zenan sowatsyzlygynyň üstüne, Hytaýda iň giň ýaýran gepleşik dili bolan mandarin dilinde hem gepläp bilmeýärdi
ByteDance-yň esaslandyryjysy Çžan Imin Hytaýyň iň baý adamy boldy – Forbes
18.03.2026 09:46
4.5k+

ByteDance-yň esaslandyryjysy Çžan Imin Hytaýyň iň baý adamy boldy – Forbes

ByteDance tehnologiýa kompaniýasynyň esaslandyryjysy Çžan Imin «Forbes» žurnalynyň täze reýtinginde Hytaýyň iň baý adamy diýlip ykrar edildi. Onuň baýlygy 69,3 milliard dollar möçberinde bahalandyrylýar, bu bolsa telekeçä dünýädäki milliarderleriň sanawynda 26-njy orny eýelemäge mümkinçilik berdi
Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly sapar bilen Hytaýa bardy
18.03.2026 00:27
7.1k+

Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly sapar bilen Hytaýa bardy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça dostlukly sapar bilen Hytaýa bardy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi
Deep Robotics adam daşamaga ukyply robot-atyny tanyşdyrdy
17.03.2026 21:11
5.6k+

Deep Robotics adam daşamaga ukyply robot-atyny tanyşdyrdy

Hytaýyň emeli aň we robototehnika ulgamynda iş alyp barýan Deep Robotics kompaniýasy at görnüşindäki üýtgeşik robotyny görkezdi. Bu taslama gündogar senenamasy boýunça 2026-njy – at ýylyna bagyşlanyp taýýarlandy
Hytaý raketasy Ýeriň ýüzüne gözegçilik edýän hemrany orbita çykardy
17.03.2026 15:50
1.8k+

Hytaý raketasy Ýeriň ýüzüne gözegçilik edýän hemrany orbita çykardy

Hytaýyň «Çançžen-6A» («Beýik ýöriş-6A») raketa göterijisi ýekşenbe güni raýat maksatlary üçin niýetlenen «Ýaogan-50 02» atly Ýere uzakdan aralykdan gözegçilik ediji hemrany orbita çykardy diýip, CGTN teleýaýlymy habar berdi
Hytaý taryhda ilkinji bolup Marsyň nusgalaryny Ýere getirmäge taýýarlanýar
17.03.2026 10:35
1.9k+

Hytaý taryhda ilkinji bolup Marsyň nusgalaryny Ýere getirmäge taýýarlanýar

Hytaý özüniň ägirt uly maksatnamasy bolan «Tianwen-3» taslamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmäge resmi taýdan girişdi we Marsyň toprak nusgalaryny Ýere getirmeli ilkinji missiýasynyň enjamlaryny ýygnap başlady. Nusgalaryň 2031-nji ýylda Ýere getirilmegi meýilleşdirilýär
Hytaýly maldar ördeginiň aşgazanyndan altyn tapdy
16.03.2026 16:34
9.5k+

Hytaýly maldar ördeginiň aşgazanyndan altyn tapdy

Hytaýly maldar öz bakýan ördeginiň aşgazanyndan takmynan on gram altyn tapdy. Bu barada South China Morning Post neşiri habar berýär. Waka Hunan welaýatynda ýüze çykýar. Lýu familiýaly kişi öz ördeklerini derýanyň golaýyndaky ozal altyn gazlyp alnan açyk meýdanda bakýan ekeni
Mercedes ýene-de öňde: Antonelli — «Formula-1-iň» taryhynda iň ýaş ikinji ýeňiji
15.03.2026 19:17
2.4k+

Mercedes ýene-de öňde: Antonelli — «Formula-1-iň» taryhynda iň ýaş ikinji ýeňiji

«Mercedes» toparynyň italýan sürüjisi Andrea Kimi Antonelli «Formula-1» çempionatynyň täze möwsüminiň ikinji tapgyry bolan Hytaý Gran-prisiniň ýeňijisi boldy. 19 ýaşly Antonelli ýaryşlar tapgyrynyň taryhynda iň ýaş ýeňijileriň hataryna girdi
Hytaý 2030-njy ýyla çenli 6G aragatnaşyk ulgamyny işe girizmegi meýilleşdirýär
14.03.2026 16:44
2.6k+

Hytaý 2030-njy ýyla çenli 6G aragatnaşyk ulgamyny işe girizmegi meýilleşdirýär

Hytaý halkara standartlary tassyklanylandan soň, 2030-njy ýyla çenli altynjy nesil (6G) aragatnaşyk tehnologiýasyny ulanmagy göz öňünde tutýar. Bu barada Yicai neşiri pudak hünärmenleriniň çaklamalaryna salgylanyp habar berýär
«Ultra-kaşaň şeýle bolmaly»: Dreame altyn we brilliantlar bilen bezelen smartfonlary hödürleýär
14.03.2026 10:07
4.6k+

«Ultra-kaşaň şeýle bolmaly»: Dreame altyn we brilliantlar bilen bezelen smartfonlary hödürleýär

Öý hojalyk tehnikalaryna ýöriteleşen Hytaýyň Dreame kompaniýasy ykjam gurluşlaryň bazaryna çykanyndan soň, «Appliance Consumer Electronics Expo» (AWE 2026) sergisinde mega-gymmat we kaşaň smartfonlaryny görkezdi
Pekinde Türkmen-Hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi
14.03.2026 10:01
1.2k+

Pekinde Türkmen-Hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

13-nji martda Pekin şäherinde şu ýylyň 28–30-njy aprelinde Aşgabatda geçiriljek Türkmen-Hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy boldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi
Hytaý awtoulaglary ýurduň içindäkä garanyňda, daşary ýurda has köp satylýar
14.03.2026 09:25
4.2k+

Hytaý awtoulaglary ýurduň içindäkä garanyňda, daşary ýurda has köp satylýar

Hytaýyň iri awtoulag öndürijileri daşary ýurt bazarlaryna barha köp üns berip ugradylar. Ýurduň içinde satuwyň ösüşiniň haýallamagy kompaniýalaryň Hytaýdan daşarda täze müşderileri has işjeň gözlemäge mejbur edýär
Çip ýetmezçiligi sebäpli awtoulag önümçiligi togtadylyp bilner
12.03.2026 13:43
2.8k+

Çip ýetmezçiligi sebäpli awtoulag önümçiligi togtadylyp bilner

Hytaýyň Kommersiýa ministrligi Niderlandlarda ýerleşýän Nexperia kompaniýasynyň baş edarasy tarapyndan edilýän hereketleriň gepleşikler üçin täze päsgelçilikleri döredýändigini mälim etdi. Mundan ozal, kompaniýa Hytaýdaky işgärleriniň korporatiw hasaplaryny ýapypdy
Pekinde Türkmenistanyň wekiliýeti Hytaýyň Milli muzeýine baryp gördi
10.03.2026 11:39
4.2k+

Pekinde Türkmenistanyň wekiliýeti Hytaýyň Milli muzeýine baryp gördi

Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý hökümetara toparynyň ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň 9-njy mejlisinden soň, Türkmenistanyň wekiliýeti Pekindäki Hytaýyň Milli muzeýine baryp gördi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berýär
Türkmenistan we Hytaý ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiň 9-njy mejlisiniň jemlerini jemledi
09.03.2026 20:07
3.5k+

Türkmenistan we Hytaý ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiň 9-njy mejlisiniň jemlerini jemledi

Pekinde hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý hökümetara toparynyň ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda berilýän maglumatlara görä, mejlis Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary G
Hytaýda uçýan ýel turbinasyny 2000 metr belentlikde synagdan geçirildi
09.03.2026 10:39
3.5k+

Hytaýda uçýan ýel turbinasyny 2000 metr belentlikde synagdan geçirildi

Hytaý ýokary belentlikde elektrik energiýasyny öndürýän we ony kabel arkaly ýere geçirýän SAWES Type S2000 uçýan ýel turbinasyny synagdan geçirdi. Bu turbiniň ilkinji prototipi 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda görkezilipdi
Hytaý milliarderleriň sany boýunça ABŞ-dan öňe geçdi
08.03.2026 12:54
6.2k+

Hytaý milliarderleriň sany boýunça ABŞ-dan öňe geçdi

Hytaý baýlygy 1 milliard dollardan geçýän adamlaryň sany boýunça ýene-de dünýäde birinji orna çykdy. Bu barada Hurun gözleg kompaniýasy tarapyndan taýýarlanan «Hurun Global Rich List 2026» hasabatynda bellenilýär
Hytaýda gadymy wulkanlaryň arasynda täsin syýahatçylyk merkezi guruldy
06.03.2026 20:39
5.6k+

Hytaýda gadymy wulkanlaryň arasynda täsin syýahatçylyk merkezi guruldy

Binagärlik dünýäsiniň iň täze we gyzykly taslamalarynyň biri bolan «Volcano-In» syýahatçylyk merkezi Hytaýyň Içki Mongoliýa sebitindäki Baýinkulun etrabynda gurlup gutaryldy. PLAT ASIA binagärlik edarasy tarapyndan döredilen bu desga «Sähra we wulkanlar» atly uly syýahatçylyk toplumynyň bir bölegi bolup durýar
Hytaý ortaça ömür dowamlylygyny 80 ýaşa ýetirmegi meýilleşdirýär
06.03.2026 18:23
7k+

Hytaý ortaça ömür dowamlylygyny 80 ýaşa ýetirmegi meýilleşdirýär

Hytaý 2026–2030-njy ýyllar üçin niýetlenen bäşýyllyk meýilnamanyň çäklerinde ilatyň ortaça ömür dowamlylygyny 80 ýaşa ýetirmegi maksat edinýär. Bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň Saglygy goraýyş baradaky döwlet komitetiniň başlygy Leý Haýçao mälim etdi
Hytaýly inženerler dünýäde bambukdan ýasalan ilkinji drony asmana uçurdylar
06.03.2026 16:51
6.1k+

Hytaýly inženerler dünýäde bambukdan ýasalan ilkinji drony asmana uçurdylar

Hytaýly inženerler gurluşygynyň ep-esli bölegi (25%-den gowragy) bambuk esasly kompozit materiallardan ybarat bolan täze uçarmansyz uçary döretdiler. Bu täsin enjamyň ilkinji synag uçuşy 2026-njy ýylyň başynda Týanszin şäherinde üstünlikli amala aşyryldy
Ýewropaly we hytaýly alymlar lazer internetini döretmekde uly öňegidişlik gazandylar
06.03.2026 11:48
1.4k+

Ýewropaly we hytaýly alymlar lazer internetini döretmekde uly öňegidişlik gazandylar

Ýewropa kosmos agentligi taryhda ilkinji gezek uçar bilen emeli hemranyň arasynda gigabit tizlikli lazer aragatnaşygyny amala aşyrdy. Bu tejribe awiasiýa we barylmasy kyn bolan sebitler üçin giň zolakly interneti ösdürmekde möhüm tapgyrdyr
Hytaý Halk Respublikasynda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň geljegi maslahatlaşyldy
05.03.2026 15:54
5.8k+

Hytaý Halk Respublikasynda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň geljegi maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçisi P.Durdyýew bilen Hytaýyň Daşary işler ministriniň kömekçisi jenap Lýu Biniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär
Hytaýly alymlar dünýäniň iň kiçi we iň tygşytly tranzistoryny döretdiler
04.03.2026 10:42
2.2k+

Hytaýly alymlar dünýäniň iň kiçi we iň tygşytly tranzistoryny döretdiler

Pekin uniwersitetiniň gözlegçi hünärmenleri dünýäde iň kiçi we iň az energiýa sarp edýän tranzistorlary işläp düzdüler. Bu täze tehnologiýa geljekde emeli aň üçin niýetlenen has güýçli çipleriň esasyny düzüp biler
Hytaýda tüwini robotlar üçin «akylly» serişde hökmünde ulanmak isleýärler
03.03.2026 14:41
2.5k+

Hytaýda tüwini robotlar üçin «akylly» serişde hökmünde ulanmak isleýärler

Birmingem uniwersitetiniň hünärmenleri adaty şaly däneleriniň ýüküň tizliginden täsirlenip, «akylly» serişde ýaly hereket edip biljekdigini görkezdiler. Barlag Matter žurnalynda çap edildi. Gowşak basyşda şaly däneleri owranmaýar we durkuny saklaýar
Hytaýda ägirt eskalator ýaşaýjylary 240 metr belentlige çykarýar
02.03.2026 12:43
8k+

Hytaýda ägirt eskalator ýaşaýjylary 240 metr belentlige çykarýar

Hytaýyň Çunsin şäherinde dünýäniň açyk asman astyndaky iň uly eskalator ulgamy synag tapgyrynda işe girizildi. China Daily neşiriniň habar bermegine görä, bu desga «Zenan hudaý Uşanyň eskalatory» diýen ady aldy
Indi onuň önümlerine «ýapon telewizorlary» diýilmez: Panasonic TW biznesini Hytaýyň brendine geçirýär
01.03.2026 11:55
4.7k+

Indi onuň önümlerine «ýapon telewizorlary» diýilmez: Panasonic TW biznesini Hytaýyň brendine geçirýär

Ýaponiýanyň Panasonic korporasiýasy ABŞ-da we Ýewropada telewizor biznesini dolandyrmagy resmi taýdan Hytaýyň Skyworth kompaniýasyna berýär diýip, Financial Times ýazýar. Ylalaşygyň şertlerine görä, aprel aýyndan başlap Skyworth bellenen sebitlerde ýapon brendiniň önümleriniň logistikasyny, marketingini we satuwyny doly öz boýnuna alar
60 millionda biri: Hytaýda ýaş zenan tebigy göwrelilik bilen bäşem çaga dünýä indirdi
28.02.2026 19:43
17k+

60 millionda biri: Hytaýda ýaş zenan tebigy göwrelilik bilen bäşem çaga dünýä indirdi

Hytaýyň Uhan şäherinde 26-njy fewralda lukmanlaryň «täsinden täsin» diýlip atlandyran hadysasy bolup geçdi. Sinzýan-Uýgur awtonom sebitiniň 24 ýaşly Dili atly ýaşaýjysy birbada bäş çaganyň — dört gyzyň we bir oglanyň enesi boldy
Hytaýda bir kofehana kert gaýada kofe içmäge çagyrýar: bu ýeri internetde trend boldy
23.02.2026 20:02
14k+

Hytaýda bir kofehana kert gaýada kofe içmäge çagyrýar: bu ýeri internetde trend boldy

Hytaýyň Fuszýan welaýatynda, deňiz derejesinden has belentde, kert gaýanyň gyrasynda ýerleşýän kofehana Hytaý Täze ýylynyň dynç alyş günlerinde iň meşhur ýerleriň birine öwrüldi. Bu ýerde kofe içmek üçin gelýänler ýörite alpinist enjamlaryny geýip, gaýanyň ýüzündäki insiz tagtanyň üstünde oturyp, mawy deňziň görnüşinden lezzet alýarlar
Ulag awtopilotdaka ýol heläkçiligi ýüze çyksa kim jogap bermeli? Hytaý kazyýeti düşündiriş berdi
19.02.2026 13:26
5.2k+

Ulag awtopilotdaka ýol heläkçiligi ýüze çyksa kim jogap bermeli? Hytaý kazyýeti düşündiriş berdi

Hytaýyň Ýokary halk kazyýeti ilkinji gezek elektron ulgamlar arkaly dolandyrylýan awtoulaglaryň gatnaşmagyndaky ýol-ulag hadysalarynda jogapkärçiligiň paýlanyşy barada resmi düşündiriş berdi. Autohome neşiriniň habaryna görä, kazyýet hatda iň ösen sürüjä kömek ulgamlary (ADAS) ulanylanda hem, hereket howpsuzlygy üçin jogapkärçiligiň adamyň boýnunda galýandygy baradaky netijä geldi
Taýkonawtlar orbitada Hytaý Täze ýyly mynasybetli tort bişirdi
17.02.2026 16:55
2.3k+

Taýkonawtlar orbitada Hytaý Täze ýyly mynasybetli tort bişirdi

Hytaýda millionlarça maşgala Bahar baýramyny öýlerinde belleýän wagty, üç sany taýkonawt Hytaýyň aý senenamasy boýunça Täze ýyly Ýerden, takmynan, 400 kilometr belentlikde garşylaýar diýip, Xinhua agentligi habar berýär
Gyzyl konwertler we "gadagan" sagatlar: Hytaýda 4723-nji ýyl nähili garşylanýar?
17.02.2026 15:49
3.1k+

Gyzyl konwertler we "gadagan" sagatlar: Hytaýda 4723-nji ýyl nähili garşylanýar?

Hytaý aý senenamasy boýunça täze ýyly garşylaýar. Şu günden, ýagny 17-nji fewraldan başlap, Hytaýda resmi taýdan Gyzyl ýanyp duran At ýyly başlandy — bu hytaý hronologiýasy boýunça 4723-nji ýyldyr. Däp boýunça bu baýrama "Bahar baýramy" diýilýär, emma köp sebitlerde heniz gyş höküm sürýär
Täzelenen Kia Sportage 2026 5-nji marta satuwa çykýar
17.02.2026 12:00
3.2k+

Täzelenen Kia Sportage 2026 5-nji marta satuwa çykýar

Kia kompaniýasy täzelenen Sportage 2026 krossoweriniň Hytaýda 5-nji martda satuwa çykaryljakdygyny habar berdi. Ulagyň köpçülikleýin önümçiligi bolsa eýýäm 7-nji fewralda Ýançendäki zawodda başlandy. Täze model öňki nesillerinden özüniň has häzirki zaman we agras dizaýny bilen tapawutlanýar
Serdar Berdimuhamedow HHR-iň Başlygyny Bahar baýramy bilen gutlady
17.02.2026 06:17
3.7k+

Serdar Berdimuhamedow HHR-iň Başlygyny Bahar baýramy bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine we dostlukly ýurduň halkyna Bahar baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady. Bu barada TDH habar berýär
Huawei Hytaýyň akylly sagat bazarynda öňdebaryjy, ýöne Apple ösüşini çaltlandyrýar
16.02.2026 17:40
2.3k+

Huawei Hytaýyň akylly sagat bazarynda öňdebaryjy, ýöne Apple ösüşini çaltlandyrýar

Huawei kompaniýasy üpjünçiligini 46,8% artdyryp, bazaryň 24,5%-ine eýe bolmak bilen, Hytaýyň akylly sagat bazarynda birinji orny eýeledi. Bu barada Runto guramasynyň maglumatlaryna salgylanyp, My Drivers neşiri habar berýär
Hytaý kompaniýalary on ýyllyk arakesmeden soň dünýä bazarynda ýene işjeňleşýär
16.02.2026 10:56
3.7k+

Hytaý kompaniýalary on ýyllyk arakesmeden soň dünýä bazarynda ýene işjeňleşýär

Tas on ýyla çeken arakesmeden soň, hytaý kompaniýalary daşary ýurtlardaky aktiwleri işjeň satyn alyp başladylar. Bloomberg agentliginiň habar bermegine görä, 2026-njy ýylyň ýanwar aýynda Hytaýdan çykýan birleşme we goşulyşma (M&A) geleşikleriniň umumy möçberi 12 milliard dollara ýetdi
Hytaý Afrikanyň 53 ýurdundan gelýän harytlar üçin gümrük pajyny ýatyrar
15.02.2026 15:23
5.7k+

Hytaý Afrikanyň 53 ýurdundan gelýän harytlar üçin gümrük pajyny ýatyrar

Hytaý 1-nji maýdan başlap, Afrikanyň diplomatik gatnaşyklary ýola goýlan 53 ýurdundan gelýän harytlar üçin gümrük pajyny ýatyrar. Bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň başlygy Si Szinpin mälim etdi. TASS-yň maglumatyna
Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy
14.02.2026 18:43
1.6k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.