Hytaý

CNPC «Galkynyş» käniniň 4-nji tapgyryny 2026-njy ýylyň başynda özleşdirmäge girişer
25.10.2025 14:25
7.2k+

CNPC «Galkynyş» käniniň 4-nji tapgyryny 2026-njy ýylyň başynda özleşdirmäge girişer

Hytaýyň nebitgaz korporasiýasy (CNPC), Türkmenistanyň iň iri tebigy gaz känleriniň biri bolan «Galkynyş» känini senagat taýdan özleşdirmegiň 4-nji tapgyryny 2026-njy ýylyň başlarynda başlamagy meýilleşdirýär. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2025 halkara forumynda aýtdy
Hytaýyň smartfon bazary 3% peseldi, birinji orny Vivo eýeledi
25.10.2025 11:40
3k+

Hytaýyň smartfon bazary 3% peseldi, birinji orny Vivo eýeledi

Hytaýyň smartfon bazary 2025-nji ýylyň üçünji çärýeginde, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 3% peseldi diýip, Omdia portalynyň analitikleri habar berýär. Şeýle-de bolsa, öňdebaryjy öndürijileriň arasyndaky bäsdeşlik güýçli bolup galýar we üpjünçilik möçberlerindäki tapawut kem-kemden azalýar
Türkmenistanyň bilim ministri Hytaýyň ilçisi bilen täze taslamalary maslahatlaşdy
25.10.2025 07:33
2.3k+

Türkmenistanyň bilim ministri Hytaýyň ilçisi bilen täze taslamalary maslahatlaşdy

22-nji oktýabrda Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýew Hytaý Halk Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçisi Si Şumin bilen duşuşdy. Bu barada ministrligiň saýtynda habar berilýär. Ministr ilçini wezipesine girişmegi bilen gutlap, bilim ulgamy boýunça türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň strategik häsiýetini nygtady
Hytaý platina we käbir harytlar hem hyzmatlar üçin salgyt ýeňilliklerini ýatyrýar
24.10.2025 09:50
2.3k+

Hytaý platina we käbir harytlar hem hyzmatlar üçin salgyt ýeňilliklerini ýatyrýar

Hytaý 1-nji noýabrdan platina we beýleki käbir harytlar hem hyzmatlar üçin salgyt ýeňilliklerini ýatyrýar. Bloomberg-iň HHR-iň Maliýe ministrligine salgylanyp habar bermegine görä, indi ýurduň içinde öndürilen we import edilýän platinanyň satuwyndan, şeýle-de platinadan ýasalan zergärlik önümleriniň importyndan goşulan baha üçin salgyt (GBS) alnar
Hytaýda emeli aňyň kömegi bilen 1600 ýyllyk söýgi golýazmasy dikeldildi
23.10.2025 13:02
4.4k+

Hytaýda emeli aňyň kömegi bilen 1600 ýyllyk söýgi golýazmasy dikeldildi

Pekin uniwersitetiniň alymlary emeli aňyň kömegi bilen, takmynan, 1600 ýyl mundan ozal meşhur hytaý kalligrafy Wan Sýançži tarapyndan ýazylan söýgi barada gadymy golýazmany dikeltdi. Bu barada South China Morning Post habar berýär
CR450 dünýäde iň tiz elektrik otly boldy, ol sagatda 453 km tizlige ýetdi
22.10.2025 14:14
5.6k+

CR450 dünýäde iň tiz elektrik otly boldy, ol sagatda 453 km tizlige ýetdi

Hytaýda geçen ýyl hödürlenen dünýäde iň tiz CR450 elektrik otlusy synaglaryň dowamynda ýeke otly üçin täze tizlik rekordyny goýdy. Ol sagatda 453 km ýetdi diýip, MyDrivers portaly ýazýar. Tehniki talaplara doly laýyk gelmek üçin, otly ýolagçy gatnadyp başlamazdan ozal synag režiminde 600 000 km geçmeli
Hytaýda kislorod işläp çykarýan krossower döredildi
21.10.2025 16:12
5.1k+

Hytaýda kislorod işläp çykarýan krossower döredildi

Hytaýyň Leapmotor kompaniýasy içerki bazarda täze D19 krossowerini hödürledi. Modeliň esasy aýratynlygy daglyk sebitlerde gezelenç wagty ulanmak üçin niýetlenen kislorod generatorynyň bolmagydyr. Onuň öndürijiligi minutda 8 litre barabar
Jetour Zongheng G700 ulagy Ýanszy derýasyny ýüzüp geçdi
20.10.2025 18:10
17k+

Jetour Zongheng G700 ulagy Ýanszy derýasyny ýüzüp geçdi

Chery kompaniýasynyň suwda ýüzýän Jetour Zongheng G700 ulagy Ýanszy derýasyny özbaşdak kesip geçen ilkinji awtomobil hökmünde taryha girdi. Ulag iki kenaryň arasyndaky 1480 metr aralygy geçip, munuň üçin 22 minut sarp etdi diýip, CarNewsChina habar berýär
Tim Kuk baryp gaýdandan soň Hytaýda iPhone Air birnäçe minutda satyldy
19.10.2025 16:54
7.9k+

Tim Kuk baryp gaýdandan soň Hytaýda iPhone Air birnäçe minutda satyldy

Hytaýda iPhone Air smartfonlarynyň ilkinji toplumy deslapky satuw başlandan soň bary-ýogy birnäçe minutda satyldy. Diňe eSIM-i (smartfonyň içinde oturdylan we fiziki plastik kartyň ornuny tutýan sanly SIM karty) goldaýan smartfona, Android modelleri bilen güýçli bäsdeşlige garamazdan, alyjylar tarapyndan isleg ýokary bolup çykdy
Türkmenistanda ýokary okuw mekdepleri üçin hytaý dili boýunça okuw kitaby neşir edildi
19.10.2025 08:11
4.4k+

Türkmenistanda ýokary okuw mekdepleri üçin hytaý dili boýunça okuw kitaby neşir edildi

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryna niýetlenilen «Hytaý dili» diýen okuw kitaby çykaryldy. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär. Täze kitap M.Gelenowa tarapyndan taýýarlanyldy we Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň teklibi boýunça neşir edildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Pekinde “Zenanlaryň bütindünýä sammiti -2025-de” çykyş etdi
19.10.2025 08:07
8k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Pekinde “Zenanlaryň bütindünýä sammiti -2025-de” çykyş etdi

13-nji oktýabrda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň başlygy Oguljennet Berdiliýewanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Pekinde geçirilen «Zenanlaryň bütindünýä sammiti – 2025» atly halkara foruma gatnaşdy
2025-nji ýylda dünýäde iň köp eksport edýän 30 döwletiň sanawy düzüldi
17.10.2025 12:22
9.7k+

2025-nji ýylda dünýäde iň köp eksport edýän 30 döwletiň sanawy düzüldi

2025-nji ýylda Hytaý eksport babatda dünýäde lider hökmünde öz ornuny berkitmegini dowam etdirýär. ABŞ bilen arasyndaky salgyt gapma-garşylygyna garamazdan, Hytaý Afrika, Günorta-Gündogar Aziýa we Ýewropa bilen söwda gatnaşyklaryny giňeldýär
Hytaýly alymlar bary-ýogy bir atom galyňlykda ýady saklaýjy  çip döretdiler
17.10.2025 12:18
3k+

Hytaýly alymlar bary-ýogy bir atom galyňlykda ýady saklaýjy çip döretdiler

Professor Çunsen Liunyň ýolbaşçylygyndaky hytaýly alymlar topary galyňlygy  bir atoma deň bolan iki ölçegli materiallardan we adaty kremnili arhitekturadan düzülen gibrid ýady saklaýan çip işläp düzdüler. Çibiň sygymy 1 kilobaýt, maglumatlary ýazmak we pozmak wagty bolsa bary-ýogy 20 nanosanýa deň
Hytaýda maýlama sebäpli XXI asyryň ahyrynda tutuş ýurtda çaý ösdürip ýetişdirip bolar
16.10.2025 10:42
7.4k+

Hytaýda maýlama sebäpli XXI asyryň ahyrynda tutuş ýurtda çaý ösdürip ýetişdirip bolar

2090-njy ýyla çenli Hytaýda çaý ösdürip ýetişdirmek üçin amatly 137 müň inedördül kilometre golaý täze ýer peýda bolup biler diýip, Günorta-Günbatar uniwersitetiniň alymlary N+1 neşirine beren maglumatynda aýdýarlar
Hytaýyň Deep Robotics kompaniýasy suw geçirmeýän DR02 gumanoid robotyny görkezdi
15.10.2025 15:13
3.8k+

Hytaýyň Deep Robotics kompaniýasy suw geçirmeýän DR02 gumanoid robotyny görkezdi

Hytaýyň Deep Robotics kompaniýasy DR02 atly gumanoid robotyny tanyşdyrdy. Bu robot çylşyrymly senagat we köçe şertlerinde işlemäge ukyply. Onuň korpusy IP66 standartyna laýyklykda suwdan we tozandan goragly, bu robotyň ýagyşly, tozanly we ýokary çyglylyk şertlerinde işläp bilmegine mümkinçilik berýär
Hytaýda akylly aýna meýdanly dünýäde ilkinji iki diňli Gün konsentratory işe girizildi
15.10.2025 14:57
4.2k+

Hytaýda akylly aýna meýdanly dünýäde ilkinji iki diňli Gün konsentratory işe girizildi

Hytaýda Gansu welaýatynyň Gobi çölünde ýerleşýän we China Three Gorges Corporation tarapyndan gurlan dünýäde ilkinji iki diňli Gün konsentratory işe girizildi, diýip SCMP habar berýär. Toplumda takmynan 27 müň aýna ulanylýar
Tramp noýabrdan başlap Hytaýdan importa 100% paç giriziljekdigini aýtdy
12.10.2025 10:23
12k+

Tramp noýabrdan başlap Hytaýdan importa 100% paç giriziljekdigini aýtdy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp 2025-nji ýylyň 1-nji noýabryndan başlap Birleşen Ştatlaryň Hytaýdan harytlaryň importyna 100% gümrük paçlaryny girizjekdigini habar berdi. Bu barada ol özüniň Truth Social sosial ulgamynda ýazdy
Hytaýly alymlar ilkinji gezek Arktikanyň buzunyň aşagyna adam tarapyndan dolandyrylýan çümmek işini geçirdiler
08.10.2025 07:29
10k+

Hytaýly alymlar ilkinji gezek Arktikanyň buzunyň aşagyna adam tarapyndan dolandyrylýan çümmek işini geçirdiler

Hytaýly ummany öwrenijiler Arktikanyň buzunyň aşagynda ilkinji adam tarapyndan dolandyrylýan çuňluga çümmek işini geçirdiler. Geçen hepde tamamlanan ekspedisiýa polýar ekoulgamynyň ýagdaýy barada täze maglumatlary berdi diýip, Interesting Engineering ýazýar
Hytaýda dünýäde iň uly ýüzýän ýel generatory ýygnaldy, onuň rotory ýedi futbol meýdançasyna deň
07.10.2025 13:13
7k+

Hytaýda dünýäde iň uly ýüzýän ýel generatory ýygnaldy, onuň rotory ýedi futbol meýdançasyna deň

Beýhaý portunda (Hytaýyň günortasyndaky Guansi Çžuan awtonom sebiti) 16 MWt kuwwaty bolan dünýäniň iň uly ýüzýän deňiz ýel generatoryny gurnamak işleri tamamlandy. Turbina “Üç jülge” bendi taslamasy bilen tanalýan China Three Gorges Corporation tarapyndan işlenip düzüldi
Hytaýda ýokary galýan üçegi we kiçijik aşhanasy bolan Ford Bronco üçin sargytlar açyldy
06.10.2025 17:50
6.6k+

Hytaýda ýokary galýan üçegi we kiçijik aşhanasy bolan Ford Bronco üçin sargytlar açyldy

Ford kompaniýasy Hytaýda Basecamp atly Bronco krossoweriniň täze wersiýasy üçin sargytlary kabul edip başlady. Model ýerli bazar üçin ýörite döredildi we syýahaty söýüjiler üçin niýetlenýär diýip, Carscoops ýazýar
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň ýolbaşçylaryny Hytaý Halk Respublikasynyň jar edilen güni bilen gutlady
01.10.2025 12:33
4.6k+

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň ýolbaşçylaryny Hytaý Halk Respublikasynyň jar edilen güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine, Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýana, şeýle hem ýurduň dostlukly halkyna Hytaý Halk Respublikasynyň jar edilen güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi
Hytaýda ýeli energiýa öwürýän dünýäde iň uly howa generatory synagdan geçirildi
01.10.2025 09:23
9.5k+

Hytaýda ýeli energiýa öwürýän dünýäde iň uly howa generatory synagdan geçirildi

Hytaýyň Beijing SAWES Energy Technology kompaniýasy ýurduň ylmy institutlary bilen bilelikde S1500 ýel generatorynyň ilkinji synaglaryny geçirdi. Ol Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda, Sinszýandaky Hami şäherinde asmana galdy diýip, South China Morning Post habar berýär
Hytaýda takmynan 6 müň ýyl ozal ýaşalyp geçilen iň gadymy şäher harabaçylyklarynyň biri tapyldy
30.09.2025 10:17
8.9k+

Hytaýda takmynan 6 müň ýyl ozal ýaşalyp geçilen iň gadymy şäher harabaçylyklarynyň biri tapyldy

Sýansu welaýatynyň Usi şäherinde arheologlar Hytaýda irki taryhdan öňki ilatly ýerleriň biri bolan Maszýaban medeni harabaçylygyny tapdylar. Bu açyşyň ýaşy takmynan 6000 ýyl töweregidir diýip çak edilýär. Bu Ýanszy derýasynyň aşaky akymynda Maszýaban medeniýetine degişli şäher harabaçylygynyň ilkinji gezek ýüze çykarylyşydyr
Hytaý 2024-nji ýyla çenli ähli ýurtlardan öňe geçip, 300 müň senagat robotyny gurnady
30.09.2025 10:12
3.1k+

Hytaý 2024-nji ýyla çenli ähli ýurtlardan öňe geçip, 300 müň senagat robotyny gurnady

Halkara Robototehnika federasiýasynyň hasabatyna görä, 2024-nji ýyla çenli Hytaýda, takmynan, 300 müň senagat roboty gurnaldy, bu dünýäniň ähli ýurtlarynyň bilelikde gurnanyndan hem köpdür. Umuman alanyňda, häzirki wagtda Hytaýyň zawodlarynda şeýle maşynlaryň 2 milliondan gowragy işleýär
Hytaýda sosial ulgamlarda pessimistik postlary paýlaşmak gadagan edildi
30.09.2025 09:32
2k+

Hytaýda sosial ulgamlarda pessimistik postlary paýlaşmak gadagan edildi

Hytaýyň internet düzgünleşdirijisi sosial ulgamlarda post ýerleşdirmegiň düzgünlerini berkitdi. Indi ulanyjylara nägilelik we iňirdemek ýaly pessimistik kontentleri paýlaşmak gadagan edilýär diýip, Reuters agentligi habar berýär
Hytaýda dünýäde iň beýik asma köpri açyldy
29.09.2025 19:00
14k+

Hytaýda dünýäde iň beýik asma köpri açyldy

Hytaýyň Guýçžou welaýatynda awtomobil hereketi üçin Huaszýan jülgesiniň üstünden geçýän asma köpri açyldy. Köpriniň ýol düşeginden Beýpan derýasynyň akýan jülgesiniň düýbüne çenli aralyk 625 metr boldy, bu hem ony dünýäde iň beýik köprä öwürýär diýip, CNA habar berýär
TikTok-yň ykbaly çözüldi: sosial ulgam 14 mlrd dollara amerikan kompaniýalaryna geçdi
26.09.2025 17:46
10k+

TikTok-yň ykbaly çözüldi: sosial ulgam 14 mlrd dollara amerikan kompaniýalaryna geçdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp amerikan kompaniýalarynyň TikTok sosial ulgamynyň aktiwleriniň 80%-ine eýeçilik edýändigini, ByteDance-iň we hytaý maýadarlarynyň bolsa 20%-i saklap galýandygyny görkezýän permana gol çekdi
Hytaýly söweş sungatynyň ussady howply rekord goýdy: gylyjy ellerini ulanmazdan pyrlady
25.09.2025 20:59
18k+

Hytaýly söweş sungatynyň ussady howply rekord goýdy: gylyjy ellerini ulanmazdan pyrlady

Hytaýly söweş sungatynyň ussady Hueý-I Saý ellerini ulanmazdan uly gylyjy aýlap, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Ol bir minutda gylyjy egniniň daşyndan 28 gezek aýlap, rekord goýdy. Şol wagt onuň elleri başga iki gylyç bilen meşguldy
Hytaý gazylyp alynýan peýdaly magdanlary gözlemek üçin iň kuwwatly georadary işe girizdi
25.09.2025 20:36
7.7k+

Hytaý gazylyp alynýan peýdaly magdanlary gözlemek üçin iň kuwwatly georadary işe girizdi

Hytaý ýere we suwa çuň aralaşyp biljek dünýäde iň güýçli georadary ulanyp başlady. Ilkibaşda Wireless Electromagnetic Method (WEM) ulgamy suwasty gämiler bilen aragatnaşygy saklamak üçin döredildi, ýöne bäş ýyl ozal ol geologiki gözlegler üçin ulanylyp başlandy diýip, South China Morning Post habar berýär
Mercedes-Maybach Hytaýda GLS 480 atly kaşaň ýeňil premium ulagyny hödürledi
25.09.2025 20:07
6.9k+

Mercedes-Maybach Hytaýda GLS 480 atly kaşaň ýeňil premium ulagyny hödürledi

Mercedes-Maybach Hytaýda täze GLS 480 Liyi Edition atly krossoweriniň söwdasyna başlady. Modeliň bahasy 1,498 mln ýuana (takmynan 210 müň ABŞ dollary) barabar. Daşky görnüşde ulag Maybach-a mahsus stili saklaýar: dik görnüşli radiator gözenegindäki MAYBACH ýazgysy, uly üçburç logo we 22 ýa-da 23 dýuýmlyk ýörite diskler
Haýsy ýurtlarda howa menzilleri has köp: infografika
25.09.2025 14:05
6.4k+

Haýsy ýurtlarda howa menzilleri has köp: infografika

Howa gatnawlary global aragatnaşykda möhüm orun eýeläp, yklymlaryň arasynda söwdany, syýahatçylygy we medeni alyş-çalşygy üpjün edýär. MAG-yň Bütindünýä maglumat kitapçasynyň (The World Factbook) maglumatlarynyň esasynda taýýarlanan infografikada häzirki günde dünýäniň dürli ýurtlarynda näçe howa menziliniň we aerodromlaryň bardygy görkezilýär
Türkmenistan Hytaýyň Hançžounyň Dýanszy uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagy teklip etdi
23.09.2025 18:30
2.8k+

Türkmenistan Hytaýyň Hançžounyň Dýanszy uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagy teklip etdi

22-nji sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Hançžou şäheriniň (HHR) Halk hökümetiniň Baş sekretarynyň orunbasary Sýuý Sinşan bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler
Hytaýda bir çapar zenany doňduryjy kamerada galmakdan halas etdi we onuň kompaniýasyndan paý aldy
22.09.2025 00:28
11k+

Hytaýda bir çapar zenany doňduryjy kamerada galmakdan halas etdi we onuň kompaniýasyndan paý aldy

Hytaýda bir çapar tötänden doňduryjyda gulplanyp galan bir zenany halas etdi. Zenan minnetdarlyk hökmünde oňa öz kompaniýasyndan paý berdi diýip, China Morning Post habar berýär. Hunan welaýatyndan Çen atly bir zenanyň logistika kompaniýasy bolupdyr
Hytaý awiakompaniýasy dünýäniň iň uzak göni uçuş gatnawyny amala aşyrar
22.09.2025 00:23
9.6k+

Hytaý awiakompaniýasy dünýäniň iň uzak göni uçuş gatnawyny amala aşyrar

Şu ýylyň dekabrynda Hytaýyň China Eastern Airlines awiakompaniýasy Şanhaý bilen Buenos-Aýresiň (Argentina) arasynda täze gatnaw ugruny açar. Bu dünýädäki iň uzak göni uçuş bolar diýip,  China Daily ýazýar. Bu ýoluň uzynlygy 19 631 kilometre barabar bolar
Disney, Universal we Warner Bros. Hailuo AI hytaý kompaniýasyny kazyýete berdi
20.09.2025 06:56
2.9k+

Disney, Universal we Warner Bros. Hailuo AI hytaý kompaniýasyny kazyýete berdi

Amerikanyň Walt Disney, Universal we Warner Bros. Discovery kino kompaniýalary Comcast korporasiýasy bilen bilelikde, emeli aň esasly şekil generatory Hailuo AI-ni döreden Hytaýyň MiniMax kompaniýasyny kazyýete berdi
Hytaýda 2200 ýyldan gowrak ozal gaýada oýulyp ýazylan ýazgy tapyldy
18.09.2025 13:47
8.7k+

Hytaýda 2200 ýyldan gowrak ozal gaýada oýulyp ýazylan ýazgy tapyldy

Hytaýda arheologlar ilkinji merkezleşdirilen imperiýanyň döreýiş eýýamy barada täze maglumatlary berýän özboluşly tapyndy barada habar berildi. Sinhua agentliginiň maglumatlaryna görä, Sinhaý welaýatynyň demirgazygynda, Golog-Tibet awtonom okrugynda, Gýaring-So kölüniň golaýyndaky gaýada gadymy ýazgy tapyldy
Tramp ABŞ-da TikTok-yň petiklenmeginiň möhletini 4-nji gezek yza süýşürdi
17.09.2025 16:01
4.7k+

Tramp ABŞ-da TikTok-yň petiklenmeginiň möhletini 4-nji gezek yza süýşürdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp TikTok üçin hukuklary Hytaýyň ByteDance kompaniýasyndan täze eýesine geçirmegiň möhletini dördünji gezek uzaltdy. Eger ylalaşyk gazanylmasa, programma ABŞ-da petiklenip bilner diýip, The New York Times habar berýär
ABŞ we Hytaý TikTok-yň satuw şertlerini ylalaşdy
16.09.2025 11:27
7.2k+

ABŞ we Hytaý TikTok-yň satuw şertlerini ylalaşdy

ABŞ we Hytaý TikTok sosial ulgamynyň satuw şertleri barada çarçuwaly ylalaşyk gazandy. Bu barada ABŞ-nyň maliýe ministri Skott Bessent aýtdy diýip, Reuters habar berýär. Bessent şertnama barada heniz giňişleýin maglumatlaryň ýokdugyny we olaryň ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň 19-njy sentýabrda HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşygy wagtynda yglan ediljekdigini belledi
Hytaýda dünýäde iň uzyn wantly köpri açyldy
15.09.2025 16:40
11k+

Hytaýda dünýäde iň uzyn wantly köpri açyldy

Hytaý Szýansu welaýatynyň Çançžou we Taýçžou şäherlerini birleşdirýän dünýäde iň uzyn wantly köpri bolan Çantaýy ulanylyşa girizdi. Desganyň uzynlygy 10,3 km barabar. Merkezi aralyk bolsa 1208 metr bolup, bu şeýle görnüşli köprüleriň arasynda dünýäde iň ulusy boldy
Toyota bZ7-ni görkezdi: Huawei-iň , Xiaomi-niň we Momenta-nyň tehnologiýalaryny alan, Camry-den uzyn sedan
15.09.2025 11:52
4.4k+

Toyota bZ7-ni görkezdi: Huawei-iň , Xiaomi-niň we Momenta-nyň tehnologiýalaryny alan, Camry-den uzyn sedan

Toyota-GAC bileleşigi ýazda ilkinji gezek Şanhaý awtoulag sergisinde yglan edilen bZ7 elektrik sedanynyň resmi suratlaryny ýaýratdy. Şol bir wagtyň özünde modeliň ilkinji tehniki häsiýetnamasy yglan edildi. Satuwlar 2025-nji ýylyň ahyryna çenli başlamaly
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.