Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Hytaý
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Hytaý
23.05.2025 00:05
8.5k+
2025-nji ýylyň aprel aýynda haýsy ýurtda awtomobil satuwy has ýokary boldy
GlobalData konsalting kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň aprel aýynda bütin dünýäde 7 324 712 ýolagçy awtomobili we ýeňil täjirçilik ulagy satyldy. Bu 2024-nji ýylyň degişli aýy bilen deňeşdirilende 6% köpdür
22.05.2025 00:50
14k+
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy iş sapary bilen Hytaýa bardy
21-nji maýda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet iş sapary bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin şäherine bardy. Bu barada milli parlamentiň metbugat gullugy habar berýär
21.05.2025 15:15
12k+
Hytaýda sürüjisiz samoswallaryň giden bir tapgyry ulanyşa berildi
Hytaýda 100 sany uly awtonom Huaneng Ruichi samoswal ulagy işe girizildi. Bular dünýäde emeli aň tehnologiýasyny ulanýan ilkinji açyk görnüşli elektrik awtoulaglarydyr. Olarda sürüjiniň kabinasy asla ýok we 90 metriki tonna çenli ýük daşamaga ukyply
21.05.2025 15:01
9.2k+
ABŞ-nyň asmanynda geň ak zolak peýda boldy: oňa Hytaýyň raketasy sebäp bolupdyr
Polýar şöhleleriniň we geomagnit tupanynyň dowam edýän wagty, ABŞ-nyň ýaşaýjylary asmandaky geň galdyryjy ýagty zolaga tomaşa etdiler. Garaşylmadyk hadysa köp sanly tomaşaçyny haýran galdyrdy diýip, «Space.com» habar berýär
21.05.2025 11:09
7.4k+
Hytaý kompaniýasy 10 518 drony Wýetnamyň asmanyna götermek bilen rekord goýdy
Aprel aýynda Ginnesiň rekordlar kitaby täze üstünligi hasaba aldy: Wýetnamyň asmanyna bir wagtyň özünde 10 518 kwadrokopter galyp, dünýäde iň uly yşyk şüweleňini geçirdi. Bu barada Interesting Engineering habar berýär
20.05.2025 14:40
3.6k+
Alymlar kebelekleriň howada nädip gaýyp saklanyp bilýändiklerini düşündirdiler
Beýhan uniwersitetiniň alymlary kebelekleriň uçuşyna gözegçilik edip, olaryň howada gülleriň depesinde nädip gaýyp durmagy başarýandyklaryny anykladylar. Bu açyş ýyladyşhanalarda ösümlikleri tozanlandyrmaga we barmasy kyn ýerlere girmäge ukyply mikrodronlary döretmekde gerekli bolup biler diýip, Science Daily habar berýär
20.05.2025 10:48
4.1k+
B.e. öňki 355-nji ýylyň hytaý ýyldyzlar kartasy iň irki asman atlasy diýlip ykrar edildi
Hytaýyň Milli astronomiýa obserwatoriýasynyň halkara alymlar topary gadymy hytaý resminamasy “Ussat Şiniň ýyldyz gollanmasyny” öwrenip, munuň ýyldyzly asmanyň iň irki atlasydygy baradaky netijä geldi. Täze maglumatlara görä, karta biziň eýýamymyzdan öň, takmynan, 355-nji ýylda döredilipdir
20.05.2025 10:33
3.9k+
Hytaýda domino stilinde “kart öýjagazyny” düzüp, ýykmak boýunça rekord goýuldy
Hytaý topary Wang Lei's Domino World domino stilinde 51 725 oýun kartyndan konstruksiýa düzmek we ýykmak bilen Ginnesiň täze dünýä rekordyny goýdy. Bu barada zakon.kz portaly habar berýär. Rekord üçin kartlary ýelden goraýan penjireler bilen ýörite ýapyk bina guruldy
17.05.2025 08:35
6k+
Aýdan getirilen nusgalarda üýtgeşik monjuk tapyldy: ol Aýyň içki gurluşyny bilmäge kömek eder
Hytaý alymlary “Çane 5” missiýasynyň kömegi bilen Aýdan getirilen toprak nusgalarynda üýtgeşik himiki düzümi bolan çüýşe monjugy tapdy. Ol hemranyň içki gurluşy barada maglumat almaga kömek eder diýip, Space.com neşiri ýazýar
16.05.2025 15:31
4.8k+
Hytaýyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bilim ministrleriniň ilkinji duşuşygy geçirildi
11-13-nji maýda Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýew Hytaý Halk Respublikasynyň Urumçi şäherine iş saparynyň barşynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Hytaýyň bilim ministrleriniň ilkinji duşuşygyna gatnaşdy
15.05.2025 11:24
5.7k+
Hytaýly alymlar DNK esasynda adamyň ýüz keşbini dikeltdiler
Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary diňe genetiki maglumatlara esaslanyp adamyň ýüz keşbiniň hakykata ýakyn 3D şekilini döredip bilýän Difface atly täze emeli aň modelini hödürlediler. Bu barada geçirilen barlagyň netijeleri «Advanced Science» žurnalynda çap edildi
14.05.2025 14:54
4.7k+
Camry we Accord yzda: Volkswagen Passat Hytaýda sedan satuwynda öňdebaryjy boldy
2025-nji ýylyň Volkswagen Passat ulagy Hytaýda iň köp satylýan orta göwrümli sedan boldy. Ol arzanladyşlar we döwrebap tehnologiýalaryň netijesinde aprel aýynda Toyota Camry we Honda Accord sedanlaryndan öňe geçdi
14.05.2025 11:23
4.9k+
Alymlar suw desgalaryny arassalamak üçin bir gezeklik, iýilýän robotlary döretdiler
EPFL intellektual ulgamlar laboratoriýasyndan (Şweýsariýa) aspirant Şuhang Çžan we onuň topary täze bir taslamany, ýagny daşky gurşawa zyýan bermezden, suwuň üstünde ýüzüp bilýän kiçijik robotlary hödürlediler
13.05.2025 19:23
9.8k+
ABŞ bilen Hytaý gümrük paçlaryny 90 gün möhlet bilen peseltmek boýunça özara ylalaşdylar
ABŞ bilen Hytaý gümrük paçlaryny 90 günlük möhlet bilen peseltmek boýunça özara ylalaşdylar. «CNN» neşiriniň habar bermegine görä, 14-nji maýdan başlap, Waşington nyrhlary 145%-den 30%-e çenli, Pekin bolsa 125%-den 10%-e çenli peselder
13.05.2025 10:42
6.6k+
Ilon Mask: Hytaý 2025-nji ýylda ulag satuwy boýunça ABŞ-dan we Ýewropadan öňe geçer
Hytaý 2025-nji ýylda ilkinji gezek umumy awtomobil satuwy boýunça ABŞ-dan we Ýewropadan öňe geçer diýip, Ilon Mask aýdýar. X sosial ulgamyndaky sahypasynda Tesla-nyň ýolbaşçysy bu ýurduň eýýäm birnäçe ýyl bäri adaty liderleriň yzyndan ýetip, ulag önümçiliginde öňdebaryjydygyny belledi
12.05.2025 16:36
1.8k+
Nvidia Hytaý üçin aýratyn täze emeli aň prosessoryny döretdi
Nvidia Hytaý üçin H20 emeli aň çibiniň ýönekeýleşdirilen görnüşini taýýarlaýar. Bu barada Reuters agentligi ýagdaý bilen tanyş bolan üç çeşmä salgylanyp habar berýär. Çözgüt ABŞ tarapyndan çibiň asyl modeliniň eksportyna çäklendirme girizilenden soň kabul edildi
12.05.2025 06:41
5.4k+
Hytaýyň Unitree kompaniýasy suw pürküji oturdylan ýangyn söndüriji robot iti döretdi
Hytaýyň Unitree Robotics kompaniýasy suw pürküji we öz-özüni sowadyş ulgamy bilen enjamlaşdyrylan B2 robot itiniň ýangyn söndüriji görnüşini hödürledi. Täze model Sindao şäherinde eýýäm synagdan geçirilýär. Robot bilen esasy wersiýanyň arasyndaky esasy tapawut - robotyň arkasyna oturdylan suw pürküjiniň bolmagydyr
09.05.2025 15:05
7.4k+
Türkmenistanyň Bilim ministrligi Hytaýda okamak isleýänler üçin seçip alyş işini geçirýär
Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2025/2026-njy okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş işini geçirýär
08.05.2025 16:33
9.8k+
Hytaýda geçirilen synagyň netijesinde dronlaryň kömegi bilen gurak sebitde güýçli ýagyş ýagdyryldy
Hytaýyň Meteorologiýa müdirliginiň inženeri Li Biniň ýolbaşçylygyndaky alymlar topary dronlar arkaly bulutlara täsir etmek boýunça synag geçirdiler. Bir günüň dowamynda, 8 müň inedördül kilometr meýdanda ýagşyň mukdary 4% artdy
08.05.2025 12:34
4.1k+
Hytaýly talyplar 2 müň ýyl ozalky resept boýunça tüwi bişirdiler
Hytaýdan talyplar topary Han nesilşalygynyň döwrüne degişli bambuk golýazmasyndaky tekst boýunça tüwini bişirmegiň gadymy usulyny dikeltdi. Şeýle tagam 2 müň ýyldan gowrak wagt ozal taýýarlanypdyr diýip, Interesting Engineering portaly ýazýar
07.05.2025 12:01
7.4k+
Hytaýyň Şençžen şäherinde Zaha Hadid taslamasy boýunça gurlan ylym muzeýi açyldy
Hytaýyň Şençžen şäherinde Zaha Hadid Architects býurosynyň taslamasy boýunça döredilen ylym we tehnologiýa muzeýi açyldy. Ol täze ylym seýilgähiniň günorta-gündogarynda ýerleşip, binagärlik merkezi bolup hyzmat edýär diýip, Designboom habar berýär
06.05.2025 11:03
3.6k+
«Çanýe-5» missiýasy Aýyň topragynda durnukly uglerod gurluşlaryny tapdy
Hytaýyň «Çanýe-5» missiýasy bilen Aýdan getirilen toprakdan täsin uglerod birleşmeleri tapyldy. Alymlar bu birleşmeleriň grafene meňzeş gaty gurluşdygyny we olaryň mukdarynyň garaşylandan has ýokarydygyny aýtdylar
06.05.2025 10:27
9.2k+
NASA-nyň alymy: Hytaýdaky ägirt bent Ýerde gije-gündiziň dowamlylygyny üýtgetdi
Wagtyň kanunlaryny üýtgetmek mümkin däl, ýöne bir emeli desga, her niçigem bolsa, Ýeriň aýlanmagyna täsir edip, gije-gündiziň dowamlylygyny uzaltdy. Gürrüň Hytaýdaky “Üç jülge” bendi barada gidýär. Bu desga kesgitlenen kuwwaty boýunça dünýäde iň uly elektrik stansiýasydyr
05.05.2025 12:27
2k+
Hytaý kosmosda bolan embrionlara mikrograwitasiýanyň täsirini öwrenýär
Hytaýly alymlar “Týangun” orbital stansiýasynda alty aýlap bolan adamlaryň we haýwanlaryň embrionlaryna mikrograwitasiýanyň eden täsirini öwrenip başlarlar. Bu barada Hytaýyň Ylymlar akademiýasyna salgylanýan TASS habar berýär
03.05.2025 11:03
2.1k+
Hytaýda Xiaomi-niň ikinji elektrokarynyň täze görnüşi patentleşdirildi
Hytaýyň Senagat we maglumat tehnologiýalary ministrliginiň soňky maglumatlaryna görä, Xiaomi YU7 elektromobiliniň täze görnüşi 835 km ýol ätiýaçlygy bilen çykarylar. Şeýlelikde, indi bir elektromotorly modelleriň hatarynda geçýän aralygy boýunça dört görnüş elýeterli bolar: 725, 810, 820 we 835 km
01.05.2025 14:24
15k+
Hytaýda 10 ýyldan soň dünýäniň iň beýik “taşlanan” binasynda gurluşyk işleri dikeldildi, bina 117 gatly
Hytaýyň Týanszin şäherinde 597 metrlik Goldin Finans 117 binasynyň gurluşygy 10 ýyllyk arakesmeden soň gaýtadan başlanýar. Gurluşygy 2027-nji ýylda tamamlanmak meýilleşdirilýär. Doly gurlup gutarylmadyk bina 2015-nji ýyldan bäri boş ýatyr
29.04.2025 11:27
3.8k+
Türkmenistan Almatyda “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy
25-26-njy aprelde Almaty şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň Daşary işler ministrleriniň altynjy duşuşygy geçirildi. Duşuşykda türkmen tarapyna Türkmenistanyň Hytaýdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi P
28.04.2025 14:04
5.7k+
Bazardaky bäsdeşlik Nissany Hytaýda krossowerleriň önümçiligini ýapmaga mejbur etdi
Nissan kompaniýasy 2026-njy ýylyň 31-nji martyna çenli Hytaýyň Uhan şäherindäki zawodynda awtoulag öndürmegi bes etmegi meýilleşdirýär. Bu barada ýagdaýdan habarly çeşmeler Reuters habarlar gullugyna habar berdiler
27.04.2025 12:20
11k+
Şanhaýyň naýbaşy restoranlaryň biri 550 dollara pil tezeginden taýýarlanan desert hödürleýär
Şanhaýdaky Posh China restorany myhmanlara sterilizasiýa edilen pil tezeginden taýýarlanan desert hödürleýär. Şeýle geň hezzetiň bahasy 550 dollara ýetýär, hyzmatyň özi bolsa hakyky teatrlaşdyrylan sahna öwrülýär diýip, SCMP neşiri habar berýär
25.04.2025 22:12
5.9k+
Taryhda ilkinji gezek Aýyň arka tarapyndan getirilen toprak köpçülige görkezildi
2025-nji ýylyň 24-nji aprelinde Hytaý Milli kosmonawtika gününi belledi. 55 ýyl mundan ozal bu günde ilkinji hemra “Dunfan Hun-1” uçurylypdy. Bu waka mynasybetli ýurt ilkinji gezek Aýyň arka tarapyndan “Çane-6” missiýasy tarapyndan ýygnalyp getirilen toprak nusgalaryny köpçülige hödürledi
25.04.2025 16:17
3.6k+
ABŞ aşgazanasty mäziň düwnük keselini anyklamak üçin Alibaba-nyň emeli aň guralyny tassyklady
Amerikanyň Azyk önümleriniň we derman serişdeleriniň hiline gözegçilik edarasy (FDA) Alibaba Damo Panda EA ulgamyna “öňegidişlik gazanan enjam” derejesini berdi. Ol aşgazanasty mäziň düwnük keselini irki tapgyrda anyklamak üçin niýetlenýär
25.04.2025 15:05
7.7k+
Mart boýunça awtoulaglaryň satuwy: Hytaý we ABŞ ösüşde, Gündogar Ýewropada bolsa satuwlar peselýär
2025-nji ýylyň mart aýynda dünýäde ýeňil we ýeňil täjirçilik maksatly awtoulaglaryň satuwy 8,57 million birlige ýetdi, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 7,6% köpdür. Bu barada «GlobalData-nyň» gözlegine salgylanyp, «Just Auto» habar berýär
24.04.2025 12:26
13k+
Hytaýda dünýäniň iň uly suw uçary ulanylmaga berildi. Oňa 12 tonna çenli suw sygýar
Hytaýyň Raýat awiasiýasynyň baş müdirligi (CAAC) AG600M “Kunlun” raýat suw uçaryny tassyklady. Ol dünýädäki iň uly amfibiýa uçary hasaplanýar. Işläp taýýarlama Hytaýyň AVIC korporasiýasy tarapyndan amala aşyryldy
23.04.2025 16:34
5.2k+
«Volkswagen ID. Unyx 06» Hytaýda resmi taýdan tanyşdyryldy
JAC Motors bilen Volkswagen-iň bilelikdäki Volkswagen Anhui kärhanasy Hytaýda täze «Yuzhong 06» kupe-krossowerini, ýagny «ID. Unyx 06» atly täze modelini resmi taýdan hödürledi diýip, «ITHome» portaly habar berýär
23.04.2025 16:29
9.4k+
ABŞ Mars ýaryşynda yza galdy: Hytaý 2031-nji ýyla çenli ilkinji bolup Gyzyl planetadan toprak getirer
Ak tam NASA-nyň «Mars Sample Return» (Marsdan nusga getirmek) maksatnamasyna maliýe goldawynyň ýatyrylmagyny teklip etdi. Bu maksatnama Marsdan ýygnalan toprak nusgalarynyň Ýere getirilmegini maksat edinýärdi. Çykdajylaryň artmagy we gijikmeler sebäpli kabul edilen karar bu ugurda öňdeligi Hytaýa berýär
23.04.2025 15:09
7.7k+
Hünärmenler Hytaý bolmasa, Maskyň Optimus robotlarynyň köpçülikleýin önümçiligini gijikdirmeli boljakdygyny aýdýarlar
Tesla kompaniýasy bu golaýda bahasy 20 müň dollarlyk Optimus gumanoid robotlaryny köpçülikleýin öndürip bilmez. Robototehnika pudagynyň hytaýly bilermenleri şeýle pikir edýärler diýip, South China Morning Post habar berýär
23.04.2025 12:33
3.4k+
Şanhaýda halkara awtosalon açyldy: dünýä brendleri 100-den gowrak ulag hödürlär
Şanhaýda 21-nji halkara awtosalon öz işine başlady. Ol 10 gün, 23-nji aprelden 2-nji maýa çenli dowam eder. Guramaçylar bu döwürde sergä 1,3 mln adamyň gelmegine garaşýar. Sergide 100-den gowrak täze ulag görkeziler
23.04.2025 00:44
7.4k+
Ford 150% gümrük pajy sebäpli Hytaýa awtomobil eksportyny togtadýar
Ford 150%-e ýetýän ýokary gümrük nyrhlary sebäpli ABŞ-dan Hytaýa awtomobil ibermegini togtatdy. Çäklendirme ýolsuz ýerden ýöreýän ulaglara, pikaplara we sportkarlara, şol sanda Miçiganda öndürilen F-150 Raptor, Mustang, Bronco modellerine we Kentukkiden Lincoln Navigator modeline degişli boldy
21.04.2025 12:28
5.7k+
Hytaýda 10G ulgamy eýýäm işe girizildi: 8K filmi bir minutda ýükläp alyp bolýar
Huawei we China Unicom Sýunan sebitinde ilkinji giň zolakly 10G ulgamyny işe girizdi. Ol dünýäde şeýle derejeli ilkinji çözgüt bolan 50G PON tehnologiýasyna esaslanýar. Täze ulgam geçiriş ukybyny adaty gigabit derejesinden 10G çenli artdyrmaga mümkinçilik berýär, gijikdirme bolsa millisekunta çenli azalýar
20.04.2025 23:39
2.7k+
Hytaý Gobi çölünde toriý ýangyjy bilen işleýän reaktory üstünlikli işe girizdi
Hytaý Gobi çölünde toriý ýangyçly 2 MWt-lyk synag üçin niýetlenen ergin-duzly reaktory (EDR) üstünlikli işe girizdi. Bu barada «South China Morning Post» neşiri habar berýär. Şanhaýyň amaly fizika instituty tarapyndan dolandyrylýan reaktor hiç hili durmazdan, öz ýangyjyny doly ulanyp, soňra täzeden dolduryp, doly iş tapgyryny tamamlady
«
1
…
13
14
15
…
42
»
«
1
…
10
11
12
13
14
15
16
17
18
…
42
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.