Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
ýokary tehnologiýalar
Baş sahypa
/
Habarlar
/
ýokary tehnologiýalar
18.03.2026 17:39
4.2k+
Oýunlar kino ýaly: Nvidia-nyň DLSS 5 tehnologiýasy kompýuter grafikasynda uly öňegidişlik gazandy
Nvidia kompaniýasy DLSS 5 tehnologiýasyny hödürledi we ony «şöhle ýoly» (ray tracing) tehnologiýasynyň peýda bolan döwründen bäri kompýuter grafikasyndaky iň uly öňegidişlik diýip atlandyrdy. Tanyşdyrylyş mart aýynyň başynda geçirildi
17.03.2026 16:06
3.4k+
Adamzat taryhynda iň gymmat tehnologiýa taslamalarynyň ady belli boldy
Her bir siwilizasiýa öz yzynda döwrüniň maddy subutnamalaryny galdyrýar. Häzirki zaman dünýäsinde iri inženerçilik we ylmy taslamalar şeýle simwollara öwrülýär. laryň köpüsiniň işlenip düzülmegi üçin onlarça ýyl gerek boldy we ägirt uly maliýe we tehnologik serişdeleri talap etdi
15.03.2026 20:30
2.5k+
Asus: MacBook Neo kompýuter bazaryny haýran galdyrdy
«Arzan bahaly MacBook Neo noutbugynyň peýda bolmagy tutuş şahsy kompýuter (PK) bazary üçin hakyky sarsgyn boldy. Bu barada Asus kompaniýasynyň maliýe direktory Nik Wu giňişleýin belleýär» diýip, PCMag neşiri ýazýar
14.03.2026 16:44
2.6k+
Hytaý 2030-njy ýyla çenli 6G aragatnaşyk ulgamyny işe girizmegi meýilleşdirýär
Hytaý halkara standartlary tassyklanylandan soň, 2030-njy ýyla çenli altynjy nesil (6G) aragatnaşyk tehnologiýasyny ulanmagy göz öňünde tutýar. Bu barada Yicai neşiri pudak hünärmenleriniň çaklamalaryna salgylanyp habar berýär
14.03.2026 10:07
4.6k+
«Ultra-kaşaň şeýle bolmaly»: Dreame altyn we brilliantlar bilen bezelen smartfonlary hödürleýär
Öý hojalyk tehnikalaryna ýöriteleşen Hytaýyň Dreame kompaniýasy ykjam gurluşlaryň bazaryna çykanyndan soň, «Appliance Consumer Electronics Expo» (AWE 2026) sergisinde mega-gymmat we kaşaň smartfonlaryny görkezdi
13.03.2026 18:43
1.6k+
Xiaomi kompaniýasy Xiaomi brendi bilen soňky birnäçe ýylda ilkinji noutbugyny tanyşdyrdy
Xiaomi kompaniýasy täze Xiaomi Book Pro 14 modeliniň tizer suratlaryny hödürledi. Bu kompaniýanyň 2023-nji ýylyň ahyrynda Xiaomi Book 14 modeli çykany bäri Xiaomi brendli ilkinji noutbugy boldy. Täze önüm ýakynda Hytaýda tanyşdyrylar
06.03.2026 18:24
924
Microsoft işläp düzüjiler üçin Build 2026 maslahatynyň geçiriljek senesini yglan etdi
Microsoft kompaniýasy her ýyl geçirilýän «Build 2026» maslahatynyň senesini mälim etdi. Çäre 2-3-nji iýun aralygynda San-Fransisko şäherinde bolar, onuň esasy sessiýalaryny bolsa onlaýn görnüşde mugt görüp bolar
04.03.2026 16:16
7.1k+
Britan inženeri ýekeje şaryň üstünde ýöreýän motosikl ýasady
Britan inženeri we wideoblogeri Jeýms Bruton deňagramlylygy saklap, ýekeje şaryň üstünde durup hereket edýän elektrikli motosikliň işçi prototipini hödürledi. Bu enjam korpusyny öwürmezden islendik keseligine ugra hereket edip bilýär
04.03.2026 15:04
3.9k+
Tikenleri pasla görä üýtgeýän tekerler bazara çykar
Finlýandiýanyň Nokian Tyres kompaniýasy dünýäde ilkinji bolup tikenleriniň ýagdaýyny awtomat usulda üýtgedýän Hakkapeliitta 01 nusgaly awtomobi teker toplumyny hödürledi. Bu täzelik sürüjä dahylsyz öz-özünden dürli howa şertlerine görä uýgunlaşmak üçin niýetlenendir
04.03.2026 10:42
2.2k+
Hytaýly alymlar dünýäniň iň kiçi we iň tygşytly tranzistoryny döretdiler
Pekin uniwersitetiniň gözlegçi hünärmenleri dünýäde iň kiçi we iň az energiýa sarp edýän tranzistorlary işläp düzdüler. Bu täze tehnologiýa geljekde emeli aň üçin niýetlenen has güýçli çipleriň esasyny düzüp biler
03.03.2026 16:57
3.7k+
Çipdäki beýni öýjükleri meşhur «Doom» oýnuny oýnamagy öwrendi
Awstraliýanyň Cortical Labs kompaniýasy laboratoriýada ösdürilip ýetişdirilen adam neýronlaryndan ýasalan CL1 bio-kompýuterinde «Doom» oýnuny işe girizdi. Kompaniýanyň habaryna görä, öýjükler gahrymany dolandyrmagy we duşmanlara ok atmagy öwrendiler
03.03.2026 13:38
3.9k+
Ýaponiýada 3D-printerde ýer titremesine durnukly ilkinji iki gatly ýaşaýyş jaýy çap edildi
Ýaponiýanyň Kidzuki şäherinde 3D-çap tehnologiýasyny ulanmak arkaly gurlan iki gatly O House ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy tamamlandy. Bu taslama COBOD senagat printeriniň kömegi bilen Onocom we Kizuki kompaniýalary tarapyndan durmuşa geçirildi
02.03.2026 15:10
3.1k+
MIT-iň inženerleri 3D-printerde elektrik welosipediniň hereketlendirijisini çap etdiler
Massaçusets tehnologiýa institutynyň (MIT) üç sagadyň dowamynda 3D-çap etmegiň bir tapgyrynda doly işleýän elektrik hereketlendirijisini döretdiler diýip, institutyň metbugat gullugy habar berýär. Täze tehnologiýa komponentleri ýygnamak tapgyryny doly aradan aýryp, bäş dürli materialdan enjam döretmäge mümkinçilik berýär
01.03.2026 13:58
2.2k+
Lenovo äýneksiz görmäge niýetlenen 3D-displeýli, goşa ekranly noutbugy döretdi
Lenovo kompaniýasy 2026-njy ýylyň martyň başynda Barselonada geçiriljek «Mobile World Congress» (MWC) sergisinde Yoga Book Pro 3D konseptual noutbugyny görkezer. Enjam baradaky maglumat 28-nji fewralda X platformasyndaky Evleaks insaýderi tarapyndan çap edildi
27.02.2026 19:13
2.7k+
Xiaomi ýanyň bilen göterip bolýan kir ýuwujy enjamyny çykardy
Hytaýyň Xiaomi kompaniýasy özüniň içerki bazarynda Mijia Mini Washer atly kiçijik kir ýuwujy maşynyny hödürledi. Bu model az mukdardaky kirleri ýuwmak üçin niýetlenenligi we tygşytlylygy bilen tapawutlanýar. Enjam bir gezeklik işinde bary-ýogy 0,08 kilowatt-sagat elektrik energiýasyny sarp edýär we 1,2 kilogram eşik ýüklemäge mümkinçilik berýär
27.02.2026 16:38
2.5k+
Xiaomi Tag trekeri ýiten zatlary tapyp berýär
Xiaomi kompaniýasy zatlaryň ýerini anyklamak üçin niýetlenen täze enjamy — Xiaomi Tag trekerini hödürledi. Bu enjam açar ýa-da torba ýaly özüne berkidilen zatlary aňsatlyk bilen tapmak üçin niýetlenendir. Enjamyň işleýiş ýörelgesi beýleki trekerler ýaly standart usulda
27.02.2026 16:25
3.8k+
Höwesjeňler iPhone-da gizlin hereket usulyny tapdy
Cult of Mac ýöriteleşdirilen blogyň žurnalistleri iPhone bilen işlemegi ýeňilleşdirýän gizlin hereket usuly barada habar berdiler. Olar iOS ulgamynda birbada birnäçe elementi bellemäge mümkinçilik berýän aýratyn hereket usuly bardygyny belläp, bu aýratynlygy iMessage messenjerini ulanmak arkaly görkezdiler
25.02.2026 06:26
2.3k+
Aýnadaky ...ýatkeşlik? Microsoft maglumatlary «ebedi» saklamagyň ugruny tapdy
Microsoft-yň barlagçylary Project Silica taslamasynyň çäginde femtosekund lazerleriniň kömegi bilen borosilikat aýnasynda arhiw maglumatlaryny saklamak ulgamyny döretdiler. "Nature" žurnalynyň habar bermegine görä, bu tehnologiýa maglumatlary hatda 290 gradus Selsiý gyzgynlykda hem 10 000 ýyla çenli okalýan görnüşde saklamaga mümkinçilik berýär
23.02.2026 14:13
8.7k+
Google ABŞ-ny, Aziýany, Awstraliýany we Afrikany optiki süýümli kabel arkaly baglajak bolýar
Google kompaniýasy U.S.-India Connection atly ägirt infrastruktura taslamasyna başlandygyny yglan etdi. Bu taslamany durmuşa geçirmek üçin 15 milliard dollar sarp etmek meýilleşdirilýär. Taslama ABŞ-ny, Aziýany, Awstraliýany we Afrikany birleşdirjek täze suwasty we gury ýer optiki süýümli liniýalarynyň ulgamyny gurmagy göz öňünde tutýar
22.02.2026 14:34
2.7k+
Işden soňra rahatlyk: Xiaomi ýadaw gözler üçin akylly massažor çykardy
Xiaomi kompaniýasy göze dynç bermek üçin niýetlenen Xiaomi Smart Massage Eye atly täze enjamy hödürledi. Bu döwrebap gajet köp wagtyny kompýutere ýa-da smartfona seredip işlemeli bolýan adamlar üçin niýetlenip, göreçleriň ýadawlygyny aýyrmaga kömek edýär
20.02.2026 21:38
2.8k+
Hytaýly alymlar simsiz aragatnaşygy rekord 400 Gbit/s çenli tizlige çykaryp bildiler
Pekin uniwersitetiniň alymlary Pençen barlaghanasy, Şanhaý tehnologiýa uniwersiteti we maglumat optoelektronika pudagynda Milli innowasiýalar merkezi bilen hyzmatdaşlykda optiki süýümli we simsiz maglumat geçirijiligi birleşdirýän dünýäde ilkinji gibrid ulgamy işläp düzdi
20.02.2026 18:09
2.5k+
Baktériýadan hem kiçi QR-kod döredildi: göze görünmeýän rekord
Alymlar dünýäde iň kiçi QR-koduny döretdiler. Ol eýýäm Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Koduň ölçegi öňki hasaba alnan rekordyň üçden bir bölegi ýaly, şonuň üçin ony adaty göz bilen görjek gümanyň ýok. «Biziň döreden gurluşymyz şeýle bir inçe welin, ony optiki mikroskoplaryň kömegi bilenem görüp bolmaýar» diýip, professor Pol Maýrhofer düşündirdi
20.02.2026 11:06
5.3k+
YouTube-daky ilkinji wideo muzeý eksponatyna öwrüldi
YouTube-daky ilkinji wideo we platformanyň 2006-njy ýyldaky interfeýsi Londonyň Wiktoriýa we Albert muzeýiniň resmi eksponatyna öwrüldi. Artnet neşiriniň habar bermegine görä, bu sanly artefakt internetiň taryhyndaky iň ähmiýetli pursatlaryň biri hökmünde dizaýn kolleksiýasyna goşuldy
19.02.2026 22:40
5.5k+
Alymlar gadymy dünýäniň ýedi täsinliginiň biriniň sanly modelini döredýärler
Barlagçylar topary gadymy dünýäniň ýedi täsinliginiň biri hasaplanýan Aleksandriýa (Faros) maýagynyň üç ölçegli sanly modelini döretmäge başladylar. Beýikligi 120 metre ýetip, Aleksandriýa limanynda ýerleşen bu maýak diňe Gizadaky Heops piramidasyndan (146,6 m) pes bolupdyr
18.02.2026 23:19
2.8k+
Hytaýyň 3D-printeri çylşyrymly jisimleri bir sekunda ýetirmän çap edýär
Hytaýyň Sinhua uniwersitetiniň alymlary bary-ýogy 0,6 sekundyň içinde ýokary takyklyk bilen çylşyrymly jisimleri döretmäge mümkinçilik berýän 3D-çap tehnologiýasyny işläp düzdüler. Onuň iň kiçi bölekleri 12 mikrometre ýetýär
16.02.2026 20:41
3.2k+
Bloomberg: sarp ediş elektronikasy pudagyna çökgünlik garaşýar
Dünýäniň iri tehnologiýa kompaniýalarynyň ýolbaşçylary sarp ediş elektronikasy pudagynda uly kynçylyklaryň gelip ýetýändigi barada duýdurýarlar. Emeli aň üçin niýetlenen maglumatlary işlemek merkezleriniň (data-center) örän ýokary islegi, smartfonlarda, noutbuklarda we beýleki ýokary tehnologiýaly enjamlarda ulanylýan DRAM (dinamiki operatiw ýat) mikroshemalarynyň gytçylygyna alyp barýar
16.02.2026 11:31
6.7k+
Robot itler futbol boýunça dünýä çempionatynda Meksikanyň stadionyna gözegçilik eder
Meksikanyň Gwadalupe şäheriniň häkimiýetleri BBVA stadionynda howpsuzlyk ulgamynyň bir bölegi boljak dört sany it şekilli roboty görkezdi. Bu stadion 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlaryny kabul etjek ýurtdaky üç desganyň biridir diýip, Wired neşiri habar berýär
16.02.2026 03:49
2.4k+
Indi kosmosda ýangyç guýmak mesele däl: Spaceium bu ugurda üstünlikli synag geçirdi
Emeli hemralara ýangyç guýmak we olary abatlamak üçin orbital beketleriň ulgamyny işläp düzýän Spaceium startapy özüniň esasy tehnologiýasyny üstünlikli synagdan geçirdi. Geçen ýylyň noýabr aýynda kompaniýa SpaceX Transporter-15 missiýasynyň düzüminde robotlaşdyrylan hereketlendiriji mehanizmi älem giňişligine çykarypdy
15.02.2026 21:09
3.9k+
Bir tarapy az gördüler... TPV dünýäde ilkinji ikitaraplaýyn telewizory tanyşdyrdy
TPV Technology Group kompaniýasy iki tarapynda hem ekrany bolan telewizory tanyşdyrdy. GP TV modelinde 4K durulygy bolan iki sany 48 dýuýmlyk OLED-displeý bar. Gaýtadan işlenen materiallardan ýasalan metal aýakly telewizor Dolby Atmos ses ulgamy bilen üpjün edilen
13.02.2026 18:03
3.9k+
Hytaýda gumanoid robotlaryň söweşi boýunça dünýäde ilkinji liga döredildi: baş baýrak – 1,44 mln dollar
Hytaýyň Şençžen şäherinde adam şekilli robotlaryň söweşi boýunça dünýäde ilkinji mugt liganyň – Ultimate Robot Knockout Legend (UKRL) ligasynyň işe girizilendigi yglan edildi. Ýaryşlara ýörite söweşler üçin işlenip düzülen EngineAI kompaniýasynyň T800 modelleri gatnaşýar
10.02.2026 13:53
3.6k+
Beýik Britaniýada batareýa bilen işleýän ilkinji ýolagçy otlusy ulanmaga berildi
Beýik Britaniýada sap batareýa bilen işleýän ilkinji ýolagçy otlusy ulanmaga berildi. Interesting Engineering neşiriniň habar bermegine görä, otly «Great Western Railway» (GWR) operatorynyň «Greenford» şahasyna yzygiderli gatnawlara başlady
10.02.2026 09:48
2.2k+
Ýapon alymlary wolframdan 3D çap etmegiň täze usulyny işläp düzdüler
Hirosima uniwersitetiniň alymlary iň gaty senagat materiallarynyň biri bolan wolfram-kobalt karbidinden (WC-Co) dürli önümleri 3D çap etmegiň innowasion usulyny tapdylar. Täze tehnologiýa materialy doly eretmän, ony diňe ýumşatmak arkaly işleýär
06.02.2026 23:24
1.6k+
YouTube-da wideolaryň awtomatik EA-dublýažy ähli ulanyjylar üçin elýeterli boldy
YouTube wideo hyzmaty emeli aňyň esasynda awtomatik dublýaž funksiýasy üçin birnäçe täzelenmeleri yglan etdi. Indi bu hyzmat ähli ulanyjylar üçin elýeterli we 27 dili goldaýar. YouTube 2024-nji ýylda emeli aň arkaly awtomatik ses bermek funksiýasyny tanyşdyryp, ony diňe synag toparyndaky awtorlar üçin elýeterli edipdi
02.02.2026 21:53
4.6k+
Dikuçaryň ganatyny uçuş wagtynda üýtgedýän nurbat synagdan üstünlikli geçdi
Germaniýanyň awiasiýa we kosmos merkeziniň (DLR) alymlary dikuçaryň ganatyny göni uçuş wagtynda üýtgedýän täze nurbaty üstünlikli synagdan geçirdiler. Aerodinamiki turbadaky synaglar bu täze tehnologiýanyň dikuçar gonan wagty galmagaly 7 desibel azaldýandygyny we agram düşen wagty titremäni iki esse peseldýändigini subut etdi
02.02.2026 15:46
4.8k+
Ýaponiýada «akula hamly» uçar synagdan geçirildi
Ýaponiýanyň Aerokosmiki barlaglar agentligi (JAXA) uçarlaryň korpuslaryny gapyrga görnüşde reňklemek tehnologiýasyny işläp düzdi we ony synagdan geçirip başlady. Bu barada jaxa.jp saýty habar berýär. Akulanyň hamyny
02.02.2026 10:53
2.9k+
FT: ABŞ-nyň ösen kompaniýalary emeli aň zerarly 52 müň işgäri işden çykarmaga taýýarlanýar
ABŞ-nyň iri kompaniýalary emeli aň tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy we zähmet bazaryndaky ösüşiň haýallamagy sebäpli 52 müňe golaý işgäri azaltmagy meýilleşdirýärler. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär
01.02.2026 16:12
1.8k+
Reincubate kompaniýasy Apple-i web-kamera funksiýany ogurlamakda aýyplady
Britaniýanyň Reincubate kompaniýasy Apple garşy şikaýat bilen kazyýete ýüz tutdy. Ol korporasiýany patent hukuklaryny bozmakda we smartfony web-kamera hökmünde ulanmak tehnologiýasyny göçürmekde aýyplaýar. Şikaýatçy
31.01.2026 09:49
2.5k+
Matematikler emeli aňyň adam paýhasyndan öňe geçmejegini subut etdiler
Emeli aňyň başarnyklary hernäçe öwülse-de, bu gün matematiki subutnamalar uly dil modelleriniň (LLM) belli bir çylşyrymlylyk derejesinden ýokary wezipeleri ýerine ýetirmäge ukypsyzdygyny tassyklaýar. Matematik-alymlar Wişal we Warin Sikka tarapyndan geçirilen barlag hem emeli aň agentleriniň awtonom ýagdaýda adamdan öňe geçmäge päsgel berýän nazary böwet bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny giňişleýin subut edýär
30.01.2026 19:58
5.9k+
Dubaýda dünýäde ilkinji gezek robotlar tarapyndan gurlan willa peýda bolar
Dubaýda (BAE) dünýäde ilkinji gezek doly awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň kömegi bilen ýaşaýyş willasy gurlar. Interesting Engineering neşiriniň habar bermegine görä, bu taslama 25-den gowrak tehnologiýa kompaniýasyny we akademiki edarany öz içine alýan halkara konsorsium tarapyndan amala aşyrylýar
30.01.2026 11:34
3.9k+
Kondisionerler barha akyllanýar: LG-iň täze modelleriniň şemaly adama görä «öwüsýär»
LG Electronics kompaniýasy Koreýanyň bazaryna kondisionerleriň täze LG Whisen Objet Collection Tower 1 we View 1 Pro modellerini çykardy. Enjamlar«AI Cold Free» tehnologiýasy bilen üpjün edilensoň, olar sowuk howany otagdaky adamlaryň üstüne gönümel üflemän, eýsem jaýy giňişleýin sowatmagy başarýar
«
1
…
4
5
6
…
18
»
«
1
2
3
4
5
6
7
8
9
…
18
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.