Saýlanan şäher
27 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Ýaponiýa
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Ýaponiýa
01.09.2025 00:32
2.7k+
Osakada EKSPO-2025-de Türkmenistanyň Milli pawilýonynda syýahatçylyga bagyşlanan halkara maslahat geçirildi
29-njy awgustda Ýaponiýanyň Osaka şäherindäki “EKSPO-2025” Bütindünýä sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň milli pawilýonynda “Türkmenistan – dost-doganlygyň, myhmansöýerligiň mekany” atly ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamyna bagyşlanan halkara maslahaty geçirildi
23.08.2025 12:41
15k+
102 ýaşly ýaponiýaly Fudzi dagyna çykan iň garry adam boldy
102 ýaşly ýaponiýaly Kokiti Akudzawa Fudzi dagyna çykan iň garry adam hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Adatça, daga çykmak 6 – 10 sagat wagt alýar, ýöne ol organizme agram salmazlyk üçin bu ýoly üç günde geçdi: Kokiti ýürek nogsanlygyndan ejir çekýär
22.08.2025 18:57
12k+
Ýaponiýanyň üstünden “otly şar” uçup geçdi
Ýaponiýanyň günbatar prefekturalarynyň üstünden sişenbe güni ýerli wagt bilen 23:00-da ýiti otly şar uçup geçdi diýip, The Guardian habar berýär. Birbada birnäçe sebitiň ýaşaýjylary bu hadysa syn edip, sosial ulgamlarda wideo ýerleşdirdi
22.08.2025 15:55
2.3k+
Ýaponiýanyň ilçihanasy ýapon dil bilimini bahalandyrýan synag üçin arzalary kabul edip başlady
Japanese-Language Proficiency Test (JLPT) synagyna arzalar kabul edilýär. Bu barada Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berdi. Hasaba alnyş 25-nji awgustan 1-nji sentýabra çenli dowam eder. Bellenilişi ýaly, synag şu ýyl ikinji gezek geçirilýär
21.08.2025 16:33
2.3k+
SoftBank $2 mlrd möçberde maýa goýum bilen Intel-i çökgünlikden “halas edýär”
Ýaponiýanyň SoftBank maliýe konglomeraty Intel amerikan mikroprosessor öndürijisine 2 mlrd dollar maýa goýýar. Bu barada The Wall Street Journal neşiri habar berýär. SoftBank kompaniýanyň altynjy uly paýdary boldy
21.08.2025 16:15
5k+
Tokio iş bilen dynç alşy utgaşdyrmak üçin şäherleriň reýtinginde birinji orny eýeledi
Ýaponiýanyň paýtagty 2025-nji ýylda uzak aralykdan işi we dynç alşy utgaşdyrmak üçin iň gowy şäherleriň reýtinginde birinji orny eýeledi. Bu barada Şweýsariýanyň International Workplace Group (IWG) kompaniýasy tarapyndan taýýarlanan Anywhere Barometer gözleginde habar berilýär
20.08.2025 08:48
14k+
Awtomobilleriň iň köp öndürilýän ýeri nirede: infografika
Geçen ýyl dünýäde 92 milliondan gowrak awtomobil öndürildi. Önümçiligiň esasy bölegini Hytaý, Ýaponiýa we ABŞ üpjün etdi – ýygnalan ähli ulaglaryň 54%-i bu ýurtlaryň paýyna düşdi. Şol bir wagtyň özünde, Hindistan, Meksika we Braziliýa ýaly ösýän bazarlaryň täsiri-de artýar
15.08.2025 19:14
2.3k+
Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi bilen geljekdäki duşuşyklaryň tertibi maslahatlaşyldy
14-nji awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Hirosi Sasaki bilen duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda diplomatlar ýakyn geljekde meýilleşdirilýän ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşlerdäki duşuşyklaryň tertibini ara alyp maslahatlaşdylar
11.08.2025 23:52
11k+
Ýaponiýada rekord dereje ýagyşlar we siller zerarly ewakuasiýa yglan edildi
Ýaponiýanyň ululygy boýunça üçünji adasy bolan Kýusýuda suw joşmalaryna we süýşgünlere getiren güýçli ýagyşlar sebäpli ýerli häkimiýetler köpçülikleýin ewakuasiýa yglan etdiler. Bu barada The Japan Times habar berýär
11.08.2025 23:14
13k+
Türkmenistan Hirosima we Nagasakiniň atom ýaragy bilen bombalanmagynyň ýatlama çärelerine gatnaşdy
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow 6-njy awgustda Hirosimada we 9-njy awgustda Nagasakide agzalan ýapon şäherleriniň atom ýaragy bilen bombalanmagynyň 80 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi
05.08.2025 23:33
6.3k+
Ýaponiýa orbitany zibilden arassalamak boýunça halkara düzgünleri taýýarlaýar
Ýaponiýa hemralara we Halkara kosmos stansiýasyna howp salýan kosmos zibillerini aýyrmak üçin halkara düzgünleri işläp taýýarlamagy meýilleşdirýär. Bu barada ýurduň resmi şahslaryna salgylanyp, Kyodo agentligi habar berýär
30.07.2025 14:39
2.3k+
Ýaponiýada Daun sindromynyň öňüni almak üçin goşmaça hromosomlary aýyrmagy öwrenýärler
Ýaponiýanyň Mie uniwersitetiniň alymlary Daun sindromyna sebäp bolýan goşmaça hromosomy aýyrmaga gönükdirilen gen redaktirleme usulyny döretdiler diýip, PNAS Nexus žurnalynda çap edilen barlaga salgylanýan My Modern Met onlaýn neşiri habar berýär
29.07.2025 18:24
7.1k+
Ýaponiýada zenanlaryň ortaça ömür dowamlylygy 87,13 ýyla deň boldy
Ýaponiýa zenanlaryň arasynda ömür dowamlylygy boýunça eýýäm 40-njy gezek dünýä rekordyny täzeledi diýip, ýurduň Saglygy goraýyş ministrliginiň maglumatlaryna salgylanýan NHK habar berdi. Resmi san maglumatyna görä, 2024-nji ýylda ýurtda zenanlaryň ortaça ömri 87,13 ýaş, erkekleriňki bolsa 81,09 ýaş boldy
24.07.2025 18:16
19k+
ABŞ we Ýaponiýa ýapon awtoulaglaryna hem-de beýleki harytlara salynýan paçlary azaltmak barada ylalaşdylar
ABŞ bilen Ýaponiýa käbir ýapon harytlaryna, şol sanda awtoulaglara gümrük paçlaryny azaltmagy göz öňünde tutýan nyrh syýasatyny üýtgetmek barada ylalaşyk gazandy. Muny ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp özüniň Truth Social sosial ulgamynda yglan etdi we bu şertnamany ýurtlaryň arasyndaky “taryhda iň uly” şertnama diýip atlandyrdy
23.07.2025 07:20
22k+
Ýaponiýada ýertitremelerinden we beýleki hadysalardan soň kömek bermek üçin niýetlenen üç metrlik robot dörediler
Waseda uniwersiteti we birnäçe ýapon kompaniýalary halas ediş işleri we betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmekde ulanmak üçin niýetlenen üç metrlik adam şekilli roboty öndürer diýip, Kýodo habarlar gullugy habar berdi
21.07.2025 19:06
6.1k+
Ýaponiýada dolandyryjy koalisiýa LDP-niň 70 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek parlamentde köplügi ýitirdi
20-nji iýulda geçen saýlawlaryň jemi boýunça Ýaponiýada dolandyryjy koalisiýa parlamentiň ýokarky palatasynda zerur orun sanyny alyp bilmedi. Bu barada NHK habar berýär. Liberal-demokratik partiýany we “Komeýto” partiýasyny öz içine alýan koalisiýa gaýtadan saýlanan 124 mandatdan (palatada jemi 248 orun) azyndan 50-isini almagyna garaşypdy
19.07.2025 14:07
7.9k+
Mitsubishi Heavy Industries "Garabogazkarbamid" zawodyna serwis hyzmaty boýunça şertnama gol çekişdi
Mitsubishi Heavy Industries, Ltd. kompaniýasynyň golçur kärhanasy bolan Mitsubishi Heavy Industries Asia Pacific Pte. Ltd. (MHI-AP) «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen Türkmenistanyň iri dökün zawody bolan Garabogazkarbamid zawodyna serwis hyzmatlaryny ýerine ýetirmek boýunça üç ýyllyk şertnama gol çekdi
16.07.2025 12:42
8.6k+
Ýaponiýanyň Tokara adalarynda 3 hepdäniň içinde 2000-den gowrak ýertitremesi bolup geçdi
Ýaponiýanyň uzakdaky Tokara adalarynda soňky üç hepdäniň dowamynda 2000-den gowrak ýertitremeleri bolup geçdi. Käbir ýer yranmalarynyň magnitudasy 5 baldan geçdi. Bu barada Ýaponiýanyň Meteorologiýa guramasy habar berdi
11.07.2025 11:09
3.8k+
Ýapon kompaniýasy beýni tolkunlaryny sungat eserlerine öwürýär
Ýaponiýanyň Brainwave Trading Center kompaniýasy adamlaryň beýnisiniň işjeňligini sungat eserlerine öwrüp başlady diýip, South China Morning Post habar berýär. Tehnologiýa Tokiodaky BWTC Metaverse Store dükanynda oturdyldy
09.07.2025 14:12
7.7k+
Ýaponiýada 145 müň dollardan BMW M3 CS Touring-iň ýörite wersiýasy satylýar
BMW Ýaponiýada “zarýadlanan” M3 CS Touring uniwersalyny satyp başlady. Ýerli bazar üçin bary-ýogy 30 sanysy bölünip berildi. Bu diňe ýapon bazary üçin niýetlenen, seýrek duş gelýän M seriýaly modelleriň biriniň ruly sag tarapdaky wersiýasydyr
02.07.2025 11:20
10k+
Alymlar ilkinji gezek haýal ýertitremesini ýazgy etdiler
Alymlar ilkinji gezek Ýaponiýanyň kenaryndaky suwasty çat açan zolagynda haýal ýertitremesini hasaba aldylar. Ostindäki Tehas uniwersitetiniň barlagçylary tarapyndan geçirilen barlaglar ýertitremeleriniň sunamini emele getirýänligi bilen belli umman çat açmasynyň uzaboýuna nädip ýaýraýandygyny görkezdi
01.07.2025 17:52
5.4k+
Ýapon arheologlary gadymy gurallardan kanoe ýasap, daş asyrynyň adamlarynyň geçen ýoluny gaýtaladylar
Ýapon we taýwan arheologlary paleolit döwrüniň adamlarynyň, takmynan, 30 müň ýyl ozal amala aşyran syýahatyna meňzeş howply deňiz syýahatyny amala aşyrdylar. Olar öz synaglaryny Science Advances žurnalynda beýan etdiler
30.06.2025 08:46
3.7k+
Serdar Berdimuhamedow “Toyo Engineering” korporasiýasynyň hyzmatdaşlyk boýunça tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady
29-njy iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen “Toyo Engineering” korporasiýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Haruo Nagamatsuny kabul etdi diýip, TDH habar berýär. Duşuşygyň barşynda
30.06.2025 08:22
2.1k+
Türkmenistanyň DIM-nde ýapon kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
28-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaý we «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory, zawodlary taslamalaşdyrmak boýunça işewürlik bölüminiň baş menejeri Kendzi Sanada bilen duşuşdy
29.06.2025 18:37
5.8k+
Gurbanguly Berdimuhamedow “Kawasaki” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen täze taslamalar barada pikir alyşdy
28-nji iýunda Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Kenji Sanada bilen duşuşdy diýip, TDH agentligi habar berýär
28.06.2025 02:57
7.1k+
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdy
27-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, maşyngurluşyk kompaniýasynyň prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaýy kabul etdi
28.06.2025 02:51
6.4k+
Serdar Berdimuhamedow «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
27-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Kendzi Sanadany kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär. Işewür Arkadag şäheriniň uly ösüşlere eýe bolýandygyny belläp, döwlet Baştutanyny şäheriň iki ýyllygy mynasybetli gutlady
24.06.2025 19:11
3.4k+
Türkmenistan we Ýaponiýa täze taslamalary durmuşa geçirmek meseleleri maslahatlaşdy
23-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon toparynyň başlygy Raşid Meredow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen toparynyň başlygy, «Itochu Corporation» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti Hiroýuki Subaý bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirdi
24.06.2025 18:48
8.8k+
Ýaponiýadaky Fudzi dagyna rezin tigirli üýtgeşik tramwaý goýberilýär
Ýaponiýanyň Ýamanasi prefekturasynda adaty asfalt ýollardan hereket etjek rezin tigirli üýtgeşik tramwaýy işe girizmäge taýýarlyk görülýär. Ýöne onuň hereketi magnit markerleriniň ulgamy bilen çäklendiriler. The Asahi Shimbun neşiriniň habar bermegine görä, täze ulag görnüşi Fudzi dagyna barýan alpinistler we syýahatçylar üçin niýetlenýär
20.06.2025 19:15
4k+
Ýaponiýanyň ilçisi Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU baryp gördi we "Nippon” gaznasynyň kitaplaryny sowgat berdi
17-nji iýunda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Hiroşi Sasaki bilen duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň metbugat gullugynyň
16.06.2025 13:14
6k+
Ýaponiýadaky iň gadymy «adam galyndylary» aslynda adama degişli däl eken
1950-nji ýyllarda Ýaponiýanyň merkezindäki Toýohasi şäheriniň golaýynda arheologlar birnäçe gadymy süňkleri – bir egin süňki bilen but süňküniň bir bölegini tapdylar. Şol wagt olar iň gadymy adam galyndylary hökmünde kesgitlenip, ýaşy 20 müň ýyl diýlip çaklanypdy
10.06.2025 13:43
2.6k+
Ýapon alymlary duzly suwda ereýän plastik döretdiler
RIKEN Täze materiallary öwreniş merkezinden we Tokio uniwersitetinden hünärmenler diňe bir sagadyň dowamynda duzly suwda ereýän plastik işläp taýýarladylar. Düzüminde duz bolan toprakda bolsa, plastik ululygyna görä, takmynan, 200 sagadyň dowamynda dargaýar diýip, «Techspot» habar berýär
07.06.2025 13:30
5.8k+
Ýaponiýada gözleri elektromagnit tolkunlaryndan goraýan kontakt linzalar işlenip düzülýär
Ýaponiýanyň Waseda uniwersitetiniň fizikleri kontakt linzalar üçin ýagtylygy geçirýän, ýöne elektronika hem-de dürli senagat we lukmançylyk enjamlary tarapyndan döredilýän zyýanly elektromagnit tolkunlaryny saklaýan açyk reňkli nano-örtük döretdiler
07.06.2025 13:05
5.7k+
Ýene-de gonup bilmedi: ispace ýapon kompaniýasynyň Resilience enjamy Aýa baryp uruldy
ispace hususy ýapon kompaniýasy tarapyndan gurlan Resilience gonuş enjamy Aýa asuda gonup bilmedi. Onuň bilen aragatnaşyk gonuşdan 1 minut 45 sekunt öň ýitirildi diýip, Space habar berýär. Enjam 2025-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda Firefly Aerospace kompaniýasynyň Blue Ghost Aý moduly bilen bilelikde uçuryldy
03.06.2025 13:29
9.4k+
Ýaponiýada iş ýerlerindäki yssy howa şertleri sebäpli, kompaniýalara jerime salnar
Ýaponiýada 1-nji iýundan başlap, iş berijileri aşa yssy howa şertlerinde işgärleriniň howpsuzlygyny üpjün etmäge borçly edýän täze düzgünler güýje girdi. Bu barada «Bloomberg» agentligi habar berýär. Täze düzgünlere görä, talaplary ýerine ýetirmeýän kompaniýalara 500 müň ýena (takmynan, 3475 dollara) çenli jerime salnar
03.06.2025 10:52
4k+
Ýaponlar sekuntda 1,02 petabit maglumat iberdi: bu 4K-da 10 000 film ýaly
Ýaponiýaly gözlegçiler maglumat ibermekde täze dünýä rekordyny goýdy – sekuntda 1,02 petabit. Muny häzirki internet ulgamlaryndaky ýaly bary-ýogy 0,125 mm ýogynlykdaky optiki-süýümli kabeliň kömegi bilen gazanmak başartdy
02.06.2025 13:37
3.7k+
Ýapon alymlary islendik adama dogry geljek emeli gany synagdan geçirýärler
Ýaponiýada emeli ganyň kliniki synaglaryna başlamaga taýynlanýarlar. Professor Hiromi Sakainiň ýolbaşçylygyndaky Nara lukmançylyk uniwersitetiniň hünärmenler toparynyň işläp taýýarlamasy, esasanam, adatdan daşary ýagdaýlarda we uzak sebitlerde donor ganynyň ýetmezçiliginiň meselesini çözüp biler
31.05.2025 17:33
5.8k+
Pikaçu, Naýki, Pu... Ýaponiýada anime gahrymanlarynyň stilindäki çylşyrymly atlaryň dakylmagyna garşy göreşýärler
Ýaponiýa çagalaryň atlarynyň hytaý harplary - kandzi bilen ýazylan aýdylyşynyň täze düzgünlerini girizdi. Japan Today -iň habar bermegine görä, bu köplenç animeden we pop medeniýetden ylham alýan adaty bolmadyk we okamasy kyn aýdylyş usullaryny aradan aýyrmak üçin edildi
29.05.2025 16:00
3.2k+
Türkmenistanyň ilçisi Sukuba uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy berkitmek meselelerini maslahatlaşdy
27-nji maýda Tokio şäherinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň Prezidenti Kýosuke Nagata hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subai bilen duşuşyk geçirdi
28.05.2025 14:04
15k+
Toyota kompaniýasy GR Corolla-nyň önümçiligini Ýaponiýadan Beýik Britaniýa geçirer
Toyota Demirgazyk Amerikanyň bazary üçin niýetlenen GR Corolla sport hetçbeginiň önümçiliginiň bir bölegini Ýaponiýadan Beýik Britaniýa geçirer. Kompaniýa Derbişir graflygynyň Býornaston şäherindäki zawodda ýörite önümçilik hataryny döretmek üçin, takmynan, 56 mln dollar maýa goýmagy göz öňünde tutýar
«
1
…
4
5
6
…
20
»
«
1
2
3
4
5
6
7
8
9
…
20
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.