Saýlanan şäher
27 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Ýaponiýa
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Ýaponiýa
04.05.2026 12:04
4.2k+
Ählumumy maglumat merkezleriniň gurluşygynyň şowhuny serişdelere düşýän agramy artdyrýar
Dünýäniň maglumat merkezleriniň infrastrukturasy çalt depginde giňelýär, bu bolsa gurluşykda iň uly şowhunlaryň birini döredýär we energiýa we suw serişdelerine düşýän agramy artdyrýar.
01.05.2026 16:09
2.1k+
GPT-5.2 Tokio we Kioto uniwersitetleriniň giriş synaglaryny adamlardan has gowy tabşyrdy
GPT-5.2 neýroulgamy Tokionyň we Kiotonyň uniwersitetlerine giriş synaglarynda dalaşgärlerden has ýokary netijeleri görkezdi. Bu synagy LifePrompt kompaniýasy geçirdi.
01.05.2026 14:57
4.9k+
Toyota Land Cruiser 70-iň Urban Heritage Style atly görnüşini tanyşdyrar
Toyota konserni Tokioda geçiriljek Field Style sergisine gabatlap, Land Cruiser 70 wnedorožniginiň täze görnüşini çykarmagy meýilleşdirýändigini yglan etdi.
30.04.2026 18:37
2k+
Türkmenistanyň wekiliýeti Tokiodaky “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy
27–29-njy aprel aralygynda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçirilen “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara innowasion forumyna Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň wekillerinden ybarat wekiliýet gatnaşdy....
28.04.2026 14:27
6.9k+
Tokioda energiýa çykdajylaryny azaltmak üçin döwlet gullukçylaryna şorty geýmek maslahat berilýär
Tokio häkimiýeti döwlet gullukçylaryna mümkin boldugyndan ýeňil geýime geçmegi, şol sanda şorty, polo köýneklerini we krossowkalary geýmegi resmi taýdan maslahat berdi. «The Guardian» neşiriniň...
23.04.2026 18:16
8.5k+
Asman aýagyň astynda: Ýaponiýanyň Hitaçi seýilgähinde millionlarça mawy nemofila gülledi
Ýaponiýanyň «Hitachi Seaside» seýilgähinde millionlarça nemofila gülleriniň gülleýän möwsümi başlandy. Bu täsinlik aprel aýynyň ortalaryndan maýyň başyna çenli dowam eder.
20.04.2026 20:13
7.2k+
Ýaponiýada 7,7 bal güýji bolan ýer titremesi boldy we sunami howpunyň bardygy hakynda duýduryş berildi
Ýaponiýanyň demirgazyk-gündogar kenarynda 7,7 bal güýji bolan ýer titremesi boldy. Ýer titremesinden soň birnäçe sebitde sunami howpunyň bardygy hakynda duýduryş berildi diýip, Ýaponiýanyň meteorologiýa...
17.04.2026 16:25
3.9k+
Deňiz kirpileri "mineral hazynalarynyň" ýygnaýjylary bolup çykdy
Ýaponiýanyň kenarýakasynda ýaşaýan deňiz kirpileri seýrek minerallary ýörite diwertikulalarda ýörite ýygnaýarlar, olar bolsa çökündiniň diňe ýüzden bir bölegini düzýär. Bu barada “Deňiz biologiýasy žurnaly”...
16.04.2026 18:02
4.3k+
Ýapon blokbasteri «Godzilla: Minus nol» filminiň ilkinji tizeri çykdy
Internetde «Godzilla: Minus nol» filminiň resmi tizeri peýda boldy. Bu film 2023-nji ýyldaky uly meşhurlyk gazanan blokbasteriň göni dowamy bolup, ol şu ýylyň noýabr aýynda halkara prokatyna çykmaga...
16.04.2026 14:14
4.5k+
Gün energiýasy bilen işleýän dirižabl stratosferada 12 günlük uçuşyny tamamlady
Sceye kompaniýasynyň SE2 stratosfera dirižably 12 günde 10 300 kilometr ýol geçip, tehnologiýanyň uzak möhletli gözegçilik we telekommunikasiý üçin taýýardygyny subut etdi.
14.04.2026 16:19
1.9k+
Tokioda türkmen milli lybaslarynyň we şaý-sepleriniň sergisi açyldy
Tokionyň «The Shoto Museum of Art» sungat muzeýinde 10-njy aprelde gadymy türkmen milli lybaslarynyň, el işleriniň, keşdeçilik we zergärçilik önümleriniň sergisi açyldy. Çäre «Merkezi Aziýanyň el işleri»...
09.04.2026 09:31
4.2k+
Ýapon fizikleri hiç haçan solmaýan suratlary çap etmegi öwrendiler
Ýaponiýaly alymlaryň topary kremniý nanosferaly ýörite boýaglary ulanyp, gurluşly reňkler bilen çap etmek usulyny işläp düzdi. Bu tehnologiýa Advanced Materials žurnalynda beýan edildi.
07.04.2026 14:25
5.8k+
Ýaponiýa iş wizalaryny almak üçin täze talaplary girizýär
Ýaponiýanyň hökümeti inžener, halkara hyzmatlary boýunça hünärmen we ynsanperwer ylymlary pudagyndaky wiza almak isleýänlerden ýapon dilini bilýändigi barada resmi tassyknamany talap etmek barada karar kabul...
06.04.2026 14:50
9.6k+
Ýaponiýa adamlara ýetirýän zeleli sebäpli müňlerçe aýylaryň sanyny azaltmakçy
Ýaponiýanyň häkimiýetleri aýylaryň ýetirýän zyýanyna garşy göreşmegiň 2030-njy ýyla çenli niýetlenen täze meýilnamasyny tassykladylar. Okinawa Times neşiriniň habar bermegine görä, bu resminama müňlerçe aýyny...
31.03.2026 23:11
6.5k+
Ýaponiýada emeli aň bäbekleriň agysyny «terjime edip» başlady
Ýaponiýada emeli aň esasynda işlenip düzülen «Awababy» mobil programmasy ene-atalara entek dilem açmadyk çagalarynyň näme üçin aglaýandygyna düşünmäge kömek edýär.
31.03.2026 07:17
2.7k+
19 ýaşly Antonelli Ýaponiýanyň Gran-prisini utdy we «Formula-1-iň» iň ýaş lideri boldy
«Mercedes» toparynyň sürüjisi Kimi Antonelli Ýaponiýanyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryşa birinji ýerden başlan italiýaly sürüji yzyndan gelýän Oskar Piastriden («McLaren») 13,7 sekunt tiz bolup, pellehana...
27.03.2026 16:06
5k+
Ýaponiýa iň mylakatly ilaty bolan ýurtlaryň sanawynda birinji orunda durýar
Ýaponiýa 26 ýurtdan 4600 adamyň arasynda geçirilen pikirsoraşmanyň esasynda Remitly amerikan kompaniýasy tarapyndan düzülen iň mykatly ilaty bolan ýurtlaryň reýtinginde birinji orny eýeledi.
26.03.2026 21:03
4.9k+
Ýaponiýanyň premýer-ministriniň Türkmenistana saparyny guramak meýilleşdirilýär
2026-njy ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow Ýaponiýanyň Daşary işler boýunça Döwlet ministri Aýano Kunimitsu bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
25.03.2026 15:13
2.6k+
Ýapon alymlary ýetginjeklerde köp duşýan täze görnüşli leýkozyň üstüni açdylar
Ýapon alymlary gan düwnük keseliniň esasan ýetginjeklerde has köp duşýan täze we howply görnüşini tapdylar. Bu barada Ýaponiýanyň Milli onkologiýa merkeziniň ylmy-barlag toparynyň ýolbaşçysy Keniti Ýosida habar berdi
24.03.2026 19:24
2.1k+
Türkmenistan Ýaponiýadaky «Green EXPO 2027 Yokohama» sergisine gatnaşmagy meýilleşdirýär
2026-njy ýylyň 23-nji martynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A. Baýramowyň «Green EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergi assosiasiýasynyň Baş sekretary Masato Komura bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär
23.03.2026 14:05
9.7k+
Küýki hem burunlak: Ýaponiýada dünýäniň iň «betgelşik» uçary görkezildi
Ýaponiýanyň täze reaktiw uçary Kawasaki EC-2 özüniň geň we adatdan daşary daşky keşbi bilen köpçüligiň, esasan hem awiasiýa höwesjeňleriniň ünsüni çekdi. Ýük daşaýjy uçaryň binýadynda döredilen bu model, özüniň «çişen» burny we göwresiniň ýokarky bölegindäki iki sany äpet büküri bilen beýleki uçarlardan düýpli tapawutlanýar
17.03.2026 15:38
11k+
Ýapon alymlary pişikleriň ýere düşenlerinde näme üçin hemişe aýaklarynyň üstüne düşýändigini düşündirdiler
Ýaponiýanyň Ýamaguti uniwersitetiniň alymlary pişikleriň ýere düşenlerinde näme üçin aýaklarynyň üstüne düşýändigini düşündirdiler. Bu barlagyň netijeleri The Anatomical Record ylmy žurnalynda çap edildi. Bu ýagdaý haýwanyň oňurgasynyň aýratynlyklary bilen baglanyşyklydyr
12.03.2026 20:33
1.6k+
Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýanyň atçylyk sport birleşiginiň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 12-nji martynda Tokioda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A. Baýramowyň Ýaponiýanyň atçylyk sport birleşiginiň we Tokio atçylyk toplumynyň ýolbaşçylary Ito Hiroşi hem-de Ýoşikazu Masuda bilen duşuşygy geçirildi
11.03.2026 15:23
9k+
Ýaponiýadaky täze açyş saçyň düşmegine garşy netijeli bejerginiň salgysyny berdi
Ýaponiýanyň RIKEN instituty we OrganTech biotehnologiýa kompaniýasynyň alymlary saçyň üznüksiz ösmegini üpjün edýän öýjükleriň ozal näbelli bolan görnüşini tapdylar. Barlagyň netijeleri Biochemical and Biophysical Research Communications atly ylmy žurnalda çap edildi
06.03.2026 15:41
1.3k+
Türkmenistanyň wekiliýeti Tokioda geçirilen salgyt ulgamy bilen bagly mejlise gatnaşdy
2026-njy ýylyň 2-3-nji marty aralygynda Tokio şäherinde Bütindünýä banky, Halkara pul gaznasy, Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy hem-de BMG tarapyndan döredilen «Salgyt boýunça hyzmatdaşlyk platformasynyň» çäklerinde «Salgyt we ösüş» atly mejlis geçirildi
03.03.2026 13:38
3.9k+
Ýaponiýada 3D-printerde ýer titremesine durnukly ilkinji iki gatly ýaşaýyş jaýy çap edildi
Ýaponiýanyň Kidzuki şäherinde 3D-çap tehnologiýasyny ulanmak arkaly gurlan iki gatly O House ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy tamamlandy. Bu taslama COBOD senagat printeriniň kömegi bilen Onocom we Kizuki kompaniýalary tarapyndan durmuşa geçirildi
01.03.2026 11:55
4.7k+
Indi onuň önümlerine «ýapon telewizorlary» diýilmez: Panasonic TW biznesini Hytaýyň brendine geçirýär
Ýaponiýanyň Panasonic korporasiýasy ABŞ-da we Ýewropada telewizor biznesini dolandyrmagy resmi taýdan Hytaýyň Skyworth kompaniýasyna berýär diýip, Financial Times ýazýar. Ylalaşygyň şertlerine görä, aprel aýyndan başlap Skyworth bellenen sebitlerde ýapon brendiniň önümleriniň logistikasyny, marketingini we satuwyny doly öz boýnuna alar
27.02.2026 21:47
6.6k+
Bentley ýapon bazary üçin 10 sany «toý» Bentayga krossowerini çykarar
Bentley markasy diňe Ýaponiýanyň bazary üçin niýetlenen «Something Blue Collection» atly çäkli nusgada Bentayga krossowerlerini tanyşdyrdy. Bu seriýanyň ady XIX asyryň iňlis toý däp-dessurlaryna esaslanýar; oňa görä, gelniň bagtly durmuşy üçin onuň ýanynda gök reňkli bir zadyň bolmagy zerurdyr
26.02.2026 16:09
4.4k+
Toyota Ýaponiýada RAV4-iň iň kuwwatly nusgasyny hödürledi
Toyota kompaniýasy Ýaponiýanyň bazarynda 2026-njy ýylyň modeli bolan RAV4 krossoweriniň tokdan zarýad alýan gibrid (PHEV) görnüşini resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täze nusga adaty öz-özüni zarýadlaýan gibridlere alternatiwa bolup hyzmat edýär we modeliniň häzirki hataryndaky iň güýçli wersiýasy bolup durýar
24.02.2026 19:37
16k+
Osaka şäherinde näbelli bir adam suw üpjünçiligini oňartmak üçin 21 kg altyny haýyr-sahawatyna berdi
Ýaponiýanyň Osaka şäherinde adynyň aýdylmagyny islemedik sahawatly bir adam şäheriň suw üpjünçilik ulgamyny täzeletmek üçin 21 kilogram altyn böleklerini peşgeş berdi. Osakanyň häkimi Hideýuki Ýokoýamanyň gürrüň bermegine görä, altynlar şäheriň suw üpjünçilik müdiriýetine tabşyryldy we olaryň satuwyndan geljek serişdeleri könelen suw turbalaryny bejermek üçin ulanmak meýilleşdirilýär
22.02.2026 17:06
2.5k+
Ýaponiýada Parkinson keselini bejerýän ilkinji derman bölekleýin tassyklanyldy
Ýaponiýada Parkinson keselini bejermek üçin induksirlenen plýuripotent sütün öýjükleri (iPS-öýjükleri) esasynda işlenip düzülen derman serişdesini ulanmaga bölekleýin rugsat berildi. Bu barada Kioto uniwersitetiniň ýanyndaky iPS-öýjüklerini barlamak we ulanmak instituty habar berdi
21.02.2026 20:39
2.4k+
Ýaponiýa uçarlarda daşky akkumulýatorlary ulanmagy gadagan edýär
Ýaponiýanyň Ulag ministrligi awiakompaniýalara uçaryň içinde portatiw zarýad beriji enjamlary ulanmagy gadagan edýär. Bu görkezme 2026-njy ýylyň aprel aýynda güýje girer. Gadaganlyga uçuş wagtynda smartfonlaryň akkumulýatorlarynyň we pauerbanklaryň ýanmagy bilen bagly ýüze çykan wakalar sebäp boldy
20.02.2026 14:55
6k+
Ýaponiýanyň gadymy "gaplaňlary" hakykatda gowak arslanlary bolup çykdy
Uzak wagtlap Ýaponiýanyň adalarynda gadymy döwürlerde gaplaňlaryň ýaşapdyr diýlip hasaplanýardy. Emma täze geçirilen DNK barlaglary bu ýyrtyjylaryň aslynda meşhur gowak arslanlarydygyny subut etdi. Häzirki wagtda Ýaponiýanyň tebigatynda ýolbars ýa-da gaplaň ýok
20.02.2026 09:03
4.4k+
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrini wezipä gaýtadan saýlanylmagy bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow hanym Sanae Takaitä Ýaponiýanyň Premýer-ministri wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady. Gutlag hatynda Döwlet Baştutany Tokio şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň ilkinji sammitiniň çäklerindäki duşuşygy ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi
18.02.2026 17:02
2.7k+
Sanae Takaiti Ýaponiýanyň premýer-ministri wezipesine gaýtadan saýlandy
Ýaponiýanyň parlamentiniň ýokary palatasy Sanae Takaitini ýurduň 105-nji premýer-ministri hökmünde saýlady. NHK telekanalynyň berýän habaryna görä, ses berilişik hanym Takaitä ýeňiş üçin zerur bolan sesleriň takyk ýarysyny toplamak üçin bary-ýogy birje sesiň ýetmezçilik edendigi sebäpli iki tapgyrda geçirildi
16.02.2026 20:15
2.7k+
Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Imperatoryň doglan güni mynasybetli kabul edişlik gurady
Aşgabatda Ýaponiýanyň ilçihanasy tarapyndan Onuň Alyhezreti Imperator Naruhitonyň 66 ýaşy mynasybetli dabaraly kabul edişlik guraldy. Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, diplomatik wekiller, halkara guramalarynyň ýolbaşçylary we işewürler jemgyýetçiliginiň wekilleri gatnaşdy
14.02.2026 14:11
4.7k+
Ýaponiýadaky awtobezeg ussahanasy Toyota Century-ni sport "lybasyna geýindirdi"
Ýaponiýanyň Tom’s Racing týuning (awtobezeg) studiýasy Toyota Century lýuks sedanyny döwrebaplaşdyryp, oňa has sport we agras görnüş berdi. Bu täzelik adaty durnuklylygy we asudalygy aňladýan Century modeliniň imijini düýpli üýtgedýär
12.02.2026 18:54
1.5k+
Türkmenistanyň ilçisi ýapon hyzmatdaşlary bilen ylmy-tehnologik gatnaşyklary maslahatlaşdy
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Ýaponiýada Türkmenistanyň ilçisi A. Baýramowyň Türkmen-ýapon ylmy-tehnologik assosiasiýasynyň prezidenti H. Koýnuma we bu assosiasiýa bilen hyzmatdaşlyk edýän ýapon kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşygy boldy
11.02.2026 14:40
9.2k+
Ýaponiýanyň asmanynda lowurdap uçup barýan otly şar göründi
Ýaponiýanyň merkezi sebitleriniň asmanynda örän ýiti we lowurdap duran otly şar göründi. Şaýatlaryň köpüsi bu pursady kameralaryna düşürip ýetişdiler. Bu geň waka baradaky maglumatlar ýapon sosial ulgamlarynda derrew ýaýrady we iň köp pikir alşylýan temalaryň birine öwrüldi
10.02.2026 09:48
2.2k+
Ýapon alymlary wolframdan 3D çap etmegiň täze usulyny işläp düzdüler
Hirosima uniwersitetiniň alymlary iň gaty senagat materiallarynyň biri bolan wolfram-kobalt karbidinden (WC-Co) dürli önümleri 3D çap etmegiň innowasion usulyny tapdylar. Täze tehnologiýa materialy doly eretmän, ony diňe ýumşatmak arkaly işleýär
«
1
2
3
…
20
»
«
1
2
3
4
5
6
…
20
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.