Saýlanan şäher
28 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Aý
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Aý
02.04.2026 09:27
5.5k+
53 ýylyň içinde ilkinji gezek adamlar Aýa tarap ýola düşdi. Artemis II missiýasy badalga aldy
2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde ýerli wagt bilen sagat 18:35-de (Aşgabat wagty bilen 2-nji aprelde sagat 03:35-de) Floridanyň Kennedi adyndaky Kosmos merkeziniň 39B meýdançasyndan Orion kosmos gämisi bilen...
27.03.2026 11:04
2.7k+
“Çane-4” zondy Ýer bilen Aýyň arasynda radiasiýasy pes bolan zolagy ýüze çykardy
Alymlar Hytaýyň «Çane-4» zondunyň maglumatlarynyň kömegi bilen Ýer bilen Aýyň aralygynda radiasiýa derejesiniň pes bolan zolagyny tapdylar. Bu açyş geljekki missiýalar wagtynda astronawtlaryň üstüne düşýän...
26.03.2026 13:03
2.2k+
NASA Aýda hemişelik baza gurmagy meýilleşdirýär
NASA agentligi Aýda ýörite baza döretmek we Ýeriň hemrasynda adamyň hemişelik bolmagyny üpjün etmek bilen bagly meýilnamalaryny mälim etdi. Agentlik esasy ünsi Aýyň infrastrukturasyny ösdürmäge gönükdirýär we...
22.03.2026 16:34
4.4k+
Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar
2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar
17.03.2026 10:35
1.9k+
Hytaý taryhda ilkinji bolup Marsyň nusgalaryny Ýere getirmäge taýýarlanýar
Hytaý özüniň ägirt uly maksatnamasy bolan «Tianwen-3» taslamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmäge resmi taýdan girişdi we Marsyň toprak nusgalaryny Ýere getirmeli ilkinji missiýasynyň enjamlaryny ýygnap başlady. Nusgalaryň 2031-nji ýylda Ýere getirilmegi meýilleşdirilýär
16.03.2026 15:20
2.1k+
Alymlar garynjalaryň Aýa görä ugur kesgitläp bilýändigini anykladylar
Myrmecia midas görnüşindäki buldog garynjalary gijelerine özboluşly "aý kompasy" arkaly ugurlaryny kesgitläp bilýärler. Current Biology žurnalynda çap edilen makalada alymlar şeýle netijä gelipdirler. Bu gije gezýän
15.03.2026 14:07
2.4k+
Alymlar Aýda nohut ösdürip ýetişdirmegi teklip etdiler
Ostindäki Tehas uniwersitetiniň we Tehas A&M uniwersitetiniň hünärmenleri Aýda guruljak geljekki bazalarda nohut ösdürip ýetişdirmegi teklip etdiler. Geçirilen tejribeleriň dowamynda olara Aýyň topragynyň nusgasynda — regolitde bu ösümligi ösdürip ýetişdirmek we hasyl almak başartdy
09.03.2026 12:18
2.3k+
Aý howp astynda däl: NASA-nyň hasaplamalaryna görä 2024 YR4 asteroidi onuň gapdalyndan geçer
NASA-nyň Ýere golaý asman jisimlerini öwreniş merkeziniň hünärmenleri 2024 YR4 asteroidiniň hereket ugruny anykladylar we onuň 2032-nji ýylda Aý bilen çaknyşmak ähtimallygyny doly aradan aýyrdylar. Ozal 2032-nji ýylyň 22-nji dekabrynda urgy bolmak ähtimallygy 4,3% diýlip çaklanylypdy
08.03.2026 12:33
1.4k+
NASA-nyň inženerleri Aý tozanyndan kislorod almagy öwrendiler
NASA Aý tozanyndan — regolitden kislorod almagyň täze usulyny görkezýän barlaglaryň netijelerini tanyşdyrdy. Agentligiň metbugat beýanatynda bellenilişi ýaly, bu täze açyş geljekki Aý missiýalarynda möhüm peýda berip biler
08.03.2026 09:13
3.9k+
NASA «Artemis II» missiýasynyň çäklerinde Aýa uçjak astronawtlaryň menýusyny açyp görkezdi
2026-njy ýylyň aprel aýyna meýilleşdirilen Artemis II missiýasynyň astronawtlary Aýyň töweregine uçuş wagtynda adaty Ýerdäki iýmitlere ýakyn bolan tagamlar bilen iýmitlener. Ekipaž üçin niýetlenen önümleriň sanawyny NASA hödürledi
05.03.2026 07:02
5.3k+
2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy: «Ganly Aý» dürli künjeklerde nähili göründi?
3-nji martda 2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy boldy. Bu tebigy hadysa wagtynda Aý goýy gyzyl reňke eýe bolýar, şol sebäpli hem oňa, adatça, «Ganly Aý» diýilýär. Fotosuratçylar dünýäniň dürli künjeklerinde bu täsin pursaty surata düşürdi
02.03.2026 14:41
4.4k+
Aý barha kiçelýär: bu geljekde oňa gonjak kosmonawtlar üçin howply bolup biler
Ýeriň hemrasy kem-kemden göwrümini ýitirýär, bu bolsa onuň gabygynda jaýryklaryň we gatlaklaryň emele gelmegine sebäp bolýar. Bu barada The Planetary Science Journal neşiri Smitson milli howa we kosmos muzeýiniň hünärmeni Koul Naýpaweriň barlaglaryna salgylanyp habar berýär
02.03.2026 10:16
4.3k+
3-nji martda 2026-njy ýylyň ilkinji hem ýeke-täk doly Aý tutulmasy bolar
3-nji martda şu ýylyň ilkinji doly Aý tutulma hadysasy bolar, onuň dowamynda Ýeriň hemrasy 58 minudyň dowamynda gyrmyzy öwüşgin alar. Bu tebigy hadysanyň jikme-jikliklerini Perm politehniki uniwersitetiniň (RF) astronomiýa boýunça hünärmeni Ýewgeniý Burmistrow mälim etdi
01.03.2026 10:42
9.7k+
Ýewropa we Hytaý bazarlaryny elden gidirýän Tesla üçin Mask Aýyň ýüzünde zawod gurmak isleýär
Ilon Mask Tesla kompaniýasynyň geljekki 20 ýylyň dowamynda Aýda önümçilik zawodyny gurmagy meýilleşdirýändigini aýtdy. Ol bu barada Giga Berlin zawodynyň ýolbaşçysy bilen bolan söhbetdeşlikde aýtdy we maýadarlaryň kompaniýanyň uzak möhletli geljegine üns bermelidigini belledi
28.02.2026 16:14
2.1k+
NASA Aýa gonmagy 2028-nji ýyla çenli yza süýşürdi
NASA ýarym asyrdan bäri ilkinji gezek astronawtlary Aýa düşürmegi 2027-nji ýyldan 2028-nji ýyla geçirdi. Karar «Artemis» Aý maksatnamasynyň düýpli guralmagy we ekipažy Aýyň üstüne ugratmazdan ozal howpsuzlyk ulgamlarynyň goşmaça barlaglaryny geçirmegiň zerurlygy bilen baglydyr
22.02.2026 16:59
2.8k+
Aýa dolanmak kyn boldy: NASA Artemis II Aý missiýasyny ýene yza süýşürýär
NASA-nyň Artemis II aý missiýasynyň 6-njy marta meýilleşdirilen uçuşy tehniki näsazlyklar sebäpli yza süýşürilýär. Nobatdaky barlag wagtynda SLS raketasynyň ikinji basgançagynyň hereketlendiriji desgasynda geliý akymynyň bozulmagy ýüze çykaryldy
21.02.2026 18:05
2.3k+
NASA Aýa uçjak missiýasynyň ýangyç guýmak synaglaryny şowly diýip tassyklady we uçuşy mart aýyna meýilleşdirdi
NASA Space Launch System (SLS) agyr göteriji raketasyny ýangyç bilen doldurmak boýunça gaýtadan geçirilen doly göwrümli synagyň üstünlikli tamamlanandygyny resmi taýdan tassyklady we taryhy Artemis II missiýasyny taýýarlamagyň jemleýji tapgyryna girişdi
10.02.2026 11:20
9.4k+
Ilon Mask 10 ýyla ýetirmän Aýda şäher gurup boljakdygyny aýdýar
Ozal hem habar berşimiz ýaly, Ilon Maskyň SpaceX kompaniýasy Marsy eýelemek meýlini ikinji orna süýşürip, ünsüni Aýa gönükdirdi. Indi milliarder Aýda öz-özüni ösdürýän şäheriň taslamasy barada çynlakaý pikir ýöredýär
08.02.2026 10:23
2.3k+
Ugur üýtgeýär: SpaceX ilki Marsa däl-de, Aýa uçmagy makul bildi
SpaceX kompaniýasy 2027-nji ýylyň martynda Starship gämisiniň Aýyň ýüzüne ilkinji uçarmansyz gonuşyny amala aşyrmak isleýär. Bu barada The Wall Street Journal neşiri habar berýär. Maglumata görä, kompaniýa indi ilkinji nobatda Aý maksatnamasyna we NASA-nyň Artemis taslamasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyga ünsüni gönükdirmek kararyna geldi
07.02.2026 14:13
2.2k+
NASA astronawtlara kosmosa uçanda ýany bilen iPhone almaga rugsat berdi
NASA kosmosa we Aýa uçjak astronawtlaryna taryhda ilkinji gezek resmi taýdan ýany bilen smartfon almaga rugsat berdi. Gürrüň iPhone barada gidýär: NASA-nyň ýolbaşçysy (we milliarder-astronawt) Jared Aýzekmanyň habar bermegine görä, hut şu smartfonlar orbital we kosmos şertlerinde işlemek üçin ilkinji etapda sertifikasiýadan geçdi
30.01.2026 20:13
4k+
Aýdan alnan topragyň seljermesi Ýerde suwuň gelip çykyşy baradaky düşünjeleri üýtgedýär
Aý topragynyň (regolitiň) seljermesi Ýerdäki suwuň esasy böleginiň daşarky kosmosdan gelmedik bolmagynyň mümkindigini görkezdi. Şeýle netijä takmynan 50 ýyl mundan ozal “Apollo” missiýalary tarapyndan getirilen nusgalary täzeden öwrenen amerikan alymlar geldiler
25.01.2026 23:25
3k+
Adam haçan ýene Aýa uçmaly? NASA munuň mümkin bolan senelerini belli etdi
NASA "Orion" kosmos gämisiniň ekipažy bilen Aýyň daşyndan aýlanyp gelmeli "Artemis II" dolandyryşly missiýasynyň goýberiş tertibini neşir etdi. Bu maglumat agentligiň X sosial ulgamyndaky resmi hasabynda paýlaşyldy
24.01.2026 11:58
3.5k+
Aýyň arka tarapyndan alnan nusgalarda näbelli material tapyldy
Aýyň arka tarapyndan alnan topragyň Ýere getirilen ilkinji nusgalary täze ylmy açyşlara sebäp boldy. South China Morning Post gazetiniň habaryna görä, hytaýly barlagçylar toprakdan diwarlary ýekeje atom galyňlygynda bolan örän inçe uglerod turbalaryny tapdylar
23.01.2026 14:53
1.2k+
NASA Aýa uçuryljak Artemis II missiýasynyň kinematografik treýlerini görkezdi
NASA dört astronawtyň Aýyň töweregine 10 günlük syýahatyny göz öňünde tutýan Artemis II missiýasynyň treýlerini hödürledi. Uçuş 6-njy fewralda bolup biler. «Biz hiç kimiň hiç haçan görmedik zatlaryny göreris… Öwrenmäge ymtylmak – bu biziň kimdigimiziň düýp esasydyr… bu adam tebigatynyň bir bölegi» – diýip, wideoda astronawt Wiktor Glower aýdýar
15.01.2026 21:31
7.8k+
Amerikan startapy Aýdaky myhmanhanalar üçin 250 müň dollardan petek satyp başlady
Galactic Resource Utilization Space (GRU Space) amerikan startapy Aýyň üstünde myhmanhana otaglaryny bron etmek üçin öňünden tölegiň kabul edilip başlanýandygy barada habar berdi. Geljekki müşderilere ilkinji Aý missiýalarynyň birine gatnaşmak üçin 250 müň dollardan 1 mln dollara çenli töleg geçirmek teklip edilýär diýip, ArsTechnica neşiri habar berýär
11.01.2026 11:42
2.8k+
Hytaýly taýkonawtlar Aýa uçmak üçin Ýerdäki gowaklarda türgenleşik geçdiler
Hytaýyň kosmonawtlar topary geljekde Aýa amala aşyryljak adamly uçuşlara taýýarlyk görmek maksady bilen, gowaklarda bir aýlyk ýörite okuw-türgenleşik geçdiler. Space News neşiriniň habar bermegine görä, bu maksatnama adamyň ekstremal şertler bilen özara gatnaşygyny öwrenmäge we Aýyň üstüni ýatladýan gurşawda hereket etmegi öwrenmäge gönükdirilendir
03.01.2026 23:21
4.5k+
1972-nji ýyldan bäri ilkinji gezek: NASA fewralda Aýa ilkinji ekipažly uçuşy meýilleşdirýär
NASA şu ýylyň fewralynda Artemis II missiýasyny uçurmagy meýilleşdirýär. Bu 1972-nji ýyldan bäri Ýere golaý orbitadan daşary ilkinji ekipažly uçuş bolar. Dört astronawt Aýyň daşyndan aýlanyp, gonmazdan Ýere gaýdyp geler
16.12.2025 09:48
8.9k+
Aýa bir sagatda üç meteorit baryp urdy
15-nji dekabra geçilen gije Aýyň üstüne üç meteoritiň gaçyşy hasaba alyndy. Hadysa bir sagatdan az wagtyň içinde bolup geçdi. Seýrek çaknyşma seriýasy iň kuwwatly meteor akymlarynyň biri bolan Geminidiň iň ýokary işjeňligi bilen baglanyşyklydyr diýip, ýaponiýaly astronom-höwesjeň Daiçi Fuji habar berdi
04.12.2025 13:40
3.6k+
Honda Aýa uçýar: kompaniýa raketalary we Aý bazalary üçin ulgamlary taýýarlaýar
Honda kosmosy özleşdirmek boýunça meýilnamalary bilen paýlaşdy. Iýunda kompaniýa Ýaponiýanyň Hokkaýdo prefekturasyndaky poligonda uzynlygy alty metr bolan köp gezeklik raketanyň prototipiniň uçuşyny we gonuşyny üstünlikli amala aşyrdy
03.12.2025 09:20
10k+
Dekabrda Ýeriň ýaşaýjylary Superaýy, Ýupiteriň hemralaryny we sagatda 150-ä golaý meteory görüp biler
Ýeriň ýaşaýjylary dekabryň başynda birnäçe täsin astronomik hadysalara: Superaýa, Geminid meteor akymyna we Ýupiteriň iň uly hemralaryna syn edip biler. Bu barada UrFU okuw astronomiýa obserwatoriýasynyň inženeri Wladilen Sanakoýewe salgylanyp, TASS habar berýär
18.11.2025 17:29
2.6k+
SpaceX adamlary Aýa gondurmagyň möhletini yza süýşürdi
Politico neşiriniň alan resminamalaryna görä, SpaceX adamlary Aýa gondurmagyň möhletiniň azyndan 2028-nji ýylyň ahyryna çenli süýşürilýändigi barada NASA-ny habardar etmegi meýilleşdirýär. Bu Ak tamda göz öňünde tutulandan bir ýyldan gowrak wagt giçdir
31.10.2025 15:56
3.6k+
Hytaý 2030-njy ýyla çenli Aýa taýkonawtlaryny gondurmagy meýilleşdirýär
Hytaý ekipažly Aý maksatnamasynyň üstünde işlemegini dowam etdirýär we 2030-njy ýyla çenli Aýa taýkonawtlary gondurmagy meýilleşdirýär. Bu barada HHR-iň Uçarmanly kosmos uçuşlary maksatnamasynyň edarasynyň resmi wekili Çžan Szinbo habar berdi
30.10.2025 14:16
6.9k+
5-nji noýabrda Türkmenistanyň asmanynda ýylyň iň ýagty dolan Aýy görner
2025-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Türkmenistanyň ýaşaýjylary täsin asman hadysasyna – “Samyr Aýyna” syn edip biler. Bu gezek noýabryň Superaýy öňkülerden has owadan bolmagy wada berýär, çünki ol ýylda iň uly hem iň ýagty dolan Aý bolar
13.10.2025 09:21
2.1k+
Alymlar Aýyň iň uly krateriniň gelip çykyşyna täzeden seredýärler
Alymlar Aýdaky iň uly krater bolan Günorta polýus — Eýtkeniň gelip çykyşynyň ozal çak edilenden tapawutlydygyny anykladylar. Arizona uniwersitetinden Jeffri Endrýus-Hannanyň ýolbaşçylygyndaky täze barlagyň netijesine görä, asteroid Aýa günortadan däl-de, demirgazyk tarapdan gelip urupdyr
27.09.2025 19:40
2.7k+
NASA 2026-njy ýylda Aýyň daşyndan adamly uçuşy meýilleşdirýär
NASA 2026-njy ýylyň 5-nji fewralynda «Artemida» maksatnamasynyň çäginde ekipažly Aý uçuşyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Eger bu senä çenli ýetişilmese, iň soňky sene hökmünde aprel aýy görkezilýär diýip, Reuters habar berýär
25.09.2025 15:48
3.2k+
Aýyň topragynda çaý ösdürip ýetişdirdiler - alymlaryň täze barlagynyň netijeleri
Kentiň uniwersitetiniň alymlary Britaniýanyň Dartmoor Tea çaý plantasiýasy, Lightcurve Films kompaniýasy we Europlanet bilen hyzmatdaşlykda çaýyň Aýyň topragynda ösdürilip ýetişdirilip bilinjekdigini anykladylar
18.09.2025 10:47
2.1k+
NASA “çipdäki beden agzalarynyň” Aýa uçuşa nähili çydajagyny barlar
NASA 10 gün dowam etjek we Aýa uçuşyň dowamynda geçjek Artemis II missiýasynyň çäklerinde AVATAR (A Virtual Astronaut Tissue Analog Response) synagyny geçirer. Synaglaryň dowamynda “çipdäki beden agzalary” - Artemis II-niň astronawtlarynyň süňk ýiliginiň öýjüklerini öz içine alýan fleşkanyň ölçegindäki enjamlar ulanylar
08.09.2025 13:02
14k+
Doly Aý tutulmasy: dünýäniň dürli künjeklerinden suratlar
7-nji sentýabr gijesi bütin dünýäde şu ýylda eýýäm ikinji doly Aý tutulmasyna syn edildi. Hadysanyň doly fazasy üç sagatdan gowrak dowam etdi. Aý Aşgabat wagty bilen 22:31-den 23:53-e çenli Ýeriň kölegesine doly girdi, şondan soň kem-kemden ondan çykyp başlady
25.08.2025 13:42
12k+
Aý Günüň golaýyndan geçdi: teleskoplar Gün tutulmasyna taýýarlygy düşürip ýetişdiler
23-nji awgustda Aý Günüň ýanyndan geçdi. Bu hadysany GOES-19 kosmos apparatyna ornaşdyrylan SUVI Gün teleskoplary ýazga aldy. Suratlar we wideo ýazgylar Aşgabat wagty bilen irden sagat 10 töwereginde, astronomik täze Aý döwründen takmynan bir sagat öň düşürildi
08.08.2025 15:15
6.7k+
Aý 7-nji sentýabrdaky tutulma wagtynda gyzyl reňke eýe bolar
7-nji sentýabrda doly Aý tutulmasy bolup geçer we onuň dowamynda Aý bir ýarym sagat töweregi Ýeriň kölegesinde bolar. Bu döwürde tebigy hemra gyzylymtyl reňke eýe bolar diýip, Moskwa planetariýasynyň usuly goldaw bölüminiň başlygy, astronom Lýudmila Koşmana salgylanyp, TASS habar berýär
«
1
2
3
…
8
»
«
1
2
3
4
5
6
7
8
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.