filmler we multfilmler

EA kitap ogrusymy? Çat-botlaryň ýadynda awtorlyk hukugy bilen goralýan müňlerçe sahypalyk mazmun ýüze çykdy
02.03.2026 10:35
1.7k+

EA kitap ogrusymy? Çat-botlaryň ýadynda awtorlyk hukugy bilen goralýan müňlerçe sahypalyk mazmun ýüze çykdy

Stenford we Ýell uniwersitetleriniň bilermenleri Gemini 2.5 algoritminiň Garri Poter baradaky birinji kitabyň tekstiniň 76,8%-ini, Grok 3 modeliniň bolsa, 70,3%-ini ýokary takyklyk bilen dikeldip bilýändigini görkezýän tejribe geçirdiler
«Karib deňziniň garakçylary 6» gijigýär. Sebäbi – Tom Kruzly «Top Gan 3»
01.03.2026 11:37
5.3k+

«Karib deňziniň garakçylary 6» gijigýär. Sebäbi – Tom Kruzly «Top Gan 3»

Prodýuser Jerri Brukhaýmer Collider-e beren interwýusynda «Karib deňziniň garakçylarynyň» altynjy bölüminiň näme üçin gijigýändigini aýtdy. Brukhaýmeriň sözlerine görä, häzir onuň esasy ünsi Tom Kruzyň gatnaşmagyndaky «Top Gan» filminiň üçünji seriýasyna gönükdirilen
Multfilm diýjeksiň!: «Haýwanlar şäheri 2» 1,85 milliard dollar bilen «Minecraft kinoda» filminden öňe geçdi
28.02.2026 20:02
6.3k+

Multfilm diýjeksiň!: «Haýwanlar şäheri 2» 1,85 milliard dollar bilen «Minecraft kinoda» filminden öňe geçdi

ABŞ-da prokatyň takmynan üç aýynyň dowamynda «Haýwanlar şäheri 2» multfilmi 424,2 million dollar girdeji toplady we «Minecraft kinoda» ($424 million) filminden geçip, 2025-nji ýylda Amerikanyň kinoteatrlarynda iň köp girdeji getiren tomaşa boldy
«Sezar» baýragynyň ýeňijileri yglan edildi: baş baýragy «Ysnyşyk» dramasy aldy
28.02.2026 15:47
2.3k+

«Sezar» baýragynyň ýeňijileri yglan edildi: baş baýragy «Ysnyşyk» dramasy aldy

Režissýor Karin Tardýonyň «Ysnyşyk» (L’Attachement) atly fransuz maşgala dramasy «Iň gowy film» kategoriýasynda baş «Sezar» baýragyny aldy. Baýragyň 51-nji gowşurylyş dabarasy 26-njy fewralda Parižde geçirildi diýip, Deadline habar berýär
Jim Kerri kino sungatyna goşan goşandy üçin «Sezar» hormat baýragyna mynasyp boldy
28.02.2026 14:13
4.3k+

Jim Kerri kino sungatyna goşan goşandy üçin «Sezar» hormat baýragyna mynasyp boldy

Amerikaly aktýor we komik Jim Kerri karýerasynda gazanan üstünlikleri üçin Fransiýanyň «Sezar» hormat kinobaýragy bilen sylaglandy. Sylag gowşurylyş dabarasy Parižde geçirildi. Baýragy aktýora «Arassa aňyň baky şuglasy» (Вечное сияние чистого разума) filminiň režissýory Mişel Gondri gowşurdy
Iň gowusy «Ýedi samuraý»: Collider taryhda iň gowy uruşly filmleri saýlady
27.02.2026 14:43
5.2k+

Iň gowusy «Ýedi samuraý»: Collider taryhda iň gowy uruşly filmleri saýlady

Collider neşiri taryhyň iň gowy 20 sany söweşjeň filminiň sanawyny düzdi. Sanawyň birinji basgançagynda režissýor Akira Kurosawanyň 1954-nji ýylda surata düşüren «Ýedi samuraý» filmi ýerleşdi.  Filmdäki wakalar XVI asyrdaky Ýaponiýada raýatlyk urşy döwründe bolup geçýär
Netflix «Tekepbirlik we gümanalyk» romanynyň täze ekranlaşdyrmasynyň tizerini görkezdi
25.02.2026 22:11
2.4k+

Netflix «Tekepbirlik we gümanalyk» romanynyň täze ekranlaşdyrmasynyň tizerini görkezdi

Netflix özüniň YouTube kanalynda Jeýn Ostiniň «Tekepbirlik we gümanalyk» («Гордость и предубеждение») romanynyň täze taslamasynyň tizerini görkezdi. Garaşylýan mini-serialda baş keşbi Emma Korrin ýerine ýetirýär
«Garri Potter» serialynda Ron Uizliniň keşbini iki sany dürli aktýor ýerine ýetirer
25.02.2026 16:04
4.1k+

«Garri Potter» serialynda Ron Uizliniň keşbini iki sany dürli aktýor ýerine ýetirer

«Garri Potter» serialynda Ron Uizliniň keşbini iki sany aktýor ýerine ýetirer diýip, Comicbook portaly habar berýär. Gahrymanyň ýaşlyk keşbini Alaster Staut ýerine ýetirer, has kämil ýaşdaky keşbini bolsa Luis Şelton oýnar
Tom Henks «Linkoln bardoda» romanynyň ekranlaşdyrylmasynda Awraam Linkolny oýnar
25.02.2026 15:53
2.9k+

Tom Henks «Linkoln bardoda» romanynyň ekranlaşdyrylmasynda Awraam Linkolny oýnar

Oskar baýragynyň eýesi, aktýor Tom Henks täze kino taslamasynda ABŞ-nyň 16-njy prezidenti Awraam Linkolnyň keşbini ýerine ýetirer. Artist «Linkoln bardoda» (Lincoln in the Bardo) diýlip atlandyrylýan eksperimental dramanyň aktýorlar düzüminde esasy gahryman bolar diýip, Variety neşiri habar berýär
«Bir söweşden soň beýleki» filmi alty BAFTA baýragyna mynasyp boldy
23.02.2026 12:52
2.5k+

«Bir söweşden soň beýleki» filmi alty BAFTA baýragyna mynasyp boldy

Londonda britan we halkara kinematografiýasynda gazanylan üstünlikleri belleýän BAFTA baýragynyň 79-njy gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy ýeňijisi Pol Tomas Andersonyň «Bir söweşden soň beýleki» (Битва за битвой) filmi boldy
Režissýor Jeýms Kemeron Netflix-iň Warner Bros. bilen «nikalaşmagyna» garşy çykdy
22.02.2026 17:37
2.9k+

Režissýor Jeýms Kemeron Netflix-iň Warner Bros. bilen «nikalaşmagyna» garşy çykdy

«Titanik» we «Awatar» filmleriniň režissýory Jeýms Kemeron Netflix platformasynyň Warner Bros. studiýasyny satyn almak ähtimallygyndan ynjalyksyzlanýandygyny aýtdy. Onuň pikiriçe, bu şertnama iş ýerleriniň azalmagyna we kinoteatrlaryň uly zyýan çekmegine sebäp bolup biler
Berlin kinofestiwalynyň baş baýragy «Sary hatlar» filmine gowşuryldy
22.02.2026 07:18
2k+

Berlin kinofestiwalynyň baş baýragy «Sary hatlar» filmine gowşuryldy

76-njy Berlin kinofestiwalynyň baş baýragy — «Altyn Aýy» germaniýaly asly türk režissýor Ilker Çatakyň düşüren «Sary hatlar» (Gelbe Briefe) filmine gowşuryldy. Baýragyň gowşurylyş dabarasy 21-nji fewralda Potsdam meýdanyndaky Berlinale köşgünde geçirildi
«Rolling Stone» XXI asyryň iň gowy «Oskarly» aktrisalarynyň atlaryny mälim etdi
21.02.2026 16:26
2.5k+

«Rolling Stone» XXI asyryň iň gowy «Oskarly» aktrisalarynyň atlaryny mälim etdi

«Rolling Stone» žurnaly XXI asyrda «Oskar» baýragyna mynasyp bolan aktrisalaryň reýtingini düzdi. Sanaw taýýarlanylanda redaksiýa aktrisalaryň kino sungatyna goşan umumy goşandyna däl-de, hut olaryň baýrak getiren filmlerdäki işleriniň hiline baha berdi
«The Big Bang Theory» serialynyň ýyldyzy özüni tanatman, ýat adamlaryň saglyk çykdajysyny töleýär
21.02.2026 13:15
3.8k+

«The Big Bang Theory» serialynyň ýyldyzy özüni tanatman, ýat adamlaryň saglyk çykdajysyny töleýär

«Uly partlama teoriýasy («The Big Bang Theory») sitkomyndaky Raj Kutrappaliniň keşbi bilen tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan aktýor Kunal Naýýar gijelerine GoFundMe platformasyna girip, özüni tanatmazdan, düýbünden ýat adamlaryň lukmançylyk çykdajylaryny töleýändigini boýun aldy
Mads Mikkelsen Skorsezeniň täze filminde Di Kaprio we Lourens bilen bilelikde surata düşer
21.02.2026 09:56
1.6k+

Mads Mikkelsen Skorsezeniň täze filminde Di Kaprio we Lourens bilen bilelikde surata düşer

Dünýä belli aktýor Mads Mikkelsen režissýor Martin Skorsezeniň "Gije bolup geçýän zatlar" (Что происходит ночью) atly täze taslamasynyň ýyldyzlar düzümine goşuldy. Filmde baş keşpleri Leonardo Di Kaprio we Jennifer Lourens janlandyrýar
Ikinji jahan urşunyň haý-haýly 72 sagady hakda giň gerimli harby dramanyň treýleri çykdy
20.02.2026 22:20
5.9k+

Ikinji jahan urşunyň haý-haýly 72 sagady hakda giň gerimli harby dramanyň treýleri çykdy

Focus Features kinokompaniýasy «Basgy» («Давление») atly harby dramanyň treýlerini hödürledi. Ilkinji görkezilişi 29-njy maýa meýilleşdirilen film dünýä prokatyna hem şol aýda çykar. Taryhy filmiň sýužeti Ikinji jahan urşy döwründe antifaşistik goşunlaryň Normandiýa düşürilmeginden 72 sagat öňki wakalary öz içine alýar
Bar ýagysy – gajetler! «Oýnawaçlar hekaýaty 5» multfilminiň treýleri çykdy
20.02.2026 19:28
1.7k+

Bar ýagysy – gajetler! «Oýnawaçlar hekaýaty 5» multfilminiň treýleri çykdy

Disney we Pixar kompaniýalary «Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» (История игрушек-5) animasion filminiň doly derejeli treýlerini hödürledi. Multfilmiň premýerasy 19-njy iýuna meýilleşdirildi. Bu gezek gahrymanlar çagalaryň ünsüni özüne baglan iň döwrebap duşman — gajetler bilen ýüzbe-ýüz bolmaly bolar
Netflix «Otly petegi» stolüsti oýnuny ekrana geçirýär
20.02.2026 17:24
1.8k+

Netflix «Otly petegi» stolüsti oýnuny ekrana geçirýär

Netflix kompaniýasy «Otly petegi» («Ticket to Ride») stolüsti oýnuny ekranlaşdyrmak hukugyny satyn aldy.  Ylalaşyga görä, kompaniýa, islese, oýnuň esasynda çeper ýa-da dokumental filmleri, seriallary hem-de beýleki media önümleri çykaryp biler
Aýyjyk Paddington BAFTA dabarasynyň alyp baryjylarynyň biri bolar
20.02.2026 16:44
2.1k+

Aýyjyk Paddington BAFTA dabarasynyň alyp baryjylarynyň biri bolar

Paddington atly aýyjyk BAFTA baýragynyň gowşuryş dabarasynda alyp baryjylaryň biri bolar. Ol «Iň gowy çagalar we maşgala filmi» kategoriýasynda baýragy gowşurar diýip, The Hollywood Reporter neşiri habar berýär
Bad Bunny "Porto-Riko" taryhy dramasynda baş keşbi janlandyrar
20.02.2026 15:09
1.3k+

Bad Bunny "Porto-Riko" taryhy dramasynda baş keşbi janlandyrar

Bad Bunny lakamy bilen tanalýan dünýä belli puerto-rikoly sazanda Benito Martines Okasio "Porto-Riko" (Porto Rico) atly taryhy dramada baş keşbi janlandyrmaga taýýarlanýar. Bu barada "The Guardian" neşiri habar berýär
Täze «Mumiýa» filminiň gorkunç treýleri peýda boldy
20.02.2026 12:11
4k+

Täze «Mumiýa» filminiň gorkunç treýleri peýda boldy

Warner Bros. kompaniýasy «Mumiýa» («Мумия») filminiň ilkinji treýlerini köpçülige hödürledi. Filmiň dünýä premýerasy 15-nji aprele meýilleşdirilýär. Filmiň wakalary çölüň ortasynda dereksiz ýiten žurnalistiň gyzy barada gürrüň berýär
Hakyky oktagonda surata düşürilen MMA söweşijisi baradaky filmiň treýleri çykdy
20.02.2026 11:52
4.4k+

Hakyky oktagonda surata düşürilen MMA söweşijisi baradaky filmiň treýleri çykdy

One Media-nyň YouTube kanalynda garyşyk söweş sungaty (MMA) baradaky «Ýyrtyjy» («Зверь») atly sport dramasynyň treýleri peýda boldy. Filmde baş rollary Deniel Makferson, Lýuk Hemswort we Rassell Krou ýerine ýetirdiler
«Ýedi patyşalygyň rysary» serialyna IMDb platformasynda rekord 10/10 baha berdiler
19.02.2026 22:43
4k+

«Ýedi patyşalygyň rysary» serialyna IMDb platformasynda rekord 10/10 baha berdiler

«Tagtlar oýny» äleminde bolup geçýän we Dunk bilen Egginiň başdangeçirmelerine bagyşlanan «Ýedi patyşalygyň rysary» serialy IMDb platformasynda rekord netije görkezdi. Taslamanyň «Enäniň hatyrasyna» («Во имя матери» ) diýlip atlandyrylýan bäşinji bölümi çykan badyna 5 müňden gowrak ulanyjynyň ses bermeginde 10/10 baha almagy başardy
Jeki Çan täze ekşn-trillerde ussat yzarlaýjynyň keşbini janlandyrdy
19.02.2026 18:01
7.1k+

Jeki Çan täze ekşn-trillerde ussat yzarlaýjynyň keşbini janlandyrdy

Jeki Çanyň baş keşbi ýerine ýetirmegindäki jenaýat ekşn-trilleri bolan «Kölegäniň yzy bilen» (Охота за тенью) filminiň treýleri hödürlendi. Film 12-nji martda prokata çykar. Waka Makaoda bolup geçýär. Birnäçe talaňçylykdan soň, ýerli polisiýa yzarlamak boýunça hünärmenden kömek soraýar
«Ýyldyz söweşleriniň» muşdaklary üçin «Mandalorly we Grogu» filminiň treýleri çykdy
18.02.2026 23:38
1.7k+

«Ýyldyz söweşleriniň» muşdaklary üçin «Mandalorly we Grogu» filminiň treýleri çykdy

Lucasfilm we Disney kompaniýalary «Ýyldyz söweşleri» franşizasy boýunça meşhur «Mandalorly» serialynyň epiki soňlanmasy boljak «Mandalorly we Grogu» (The Mandalorian and Grogu) doly metražly filminiň treýlerini hödürledi
TÜRKSOÝ-yň ştab-kwartirasynda Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň 100 ýyllygy bellenildi
17.02.2026 18:48
3.6k+

TÜRKSOÝ-yň ştab-kwartirasynda Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň 100 ýyllygy bellenildi

Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasynyň goldawy bilen «Türkmen kinematografiýasy: taryhy menziller we döwrebaplyk» atly halkara duşuşygy geçirdi. Bu çäre TÜRKSOÝ-yň ştab-kwartirasynda boldy we Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň 100 ýyllygyna bagyşlandy
Bred Pitt bilen Tom Kruzyň "garpyşygy" tankytlanandan soň ByteDance täze emeli aň generatoryna çäklendirme girizýär
17.02.2026 18:37
4.4k+

Bred Pitt bilen Tom Kruzyň "garpyşygy" tankytlanandan soň ByteDance täze emeli aň generatoryna çäklendirme girizýär

Hytaýyň ByteDance kompaniýasy (TikTok-yň eýesi) amerikan kinostudiýalarynyň kazyýet şikaýatlary baradaky duýduryşlaryndan soň, täze Seedance 2.0 emeli aň (AI) wideo generatorynda intellektual eýeçilik obýektleriniň ulanylyşyny çäklendirmegi wada berdi
Türkmenistanda Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy mynasybetli Kino hepdeligi geçirilýär
17.02.2026 16:36
3.6k+

Türkmenistanda Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy mynasybetli Kino hepdeligi geçirilýär

2026-njy ýylyň 16 — 22-nji fewraly aralygynda Türkmenistanda Kino hepdeligi geçirilýär. Bu çäre Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan guraldy
Tom Kruz bilen Bred Pittiň uruşýan wideosy Golliwudyň gaharyny getirdi
15.02.2026 20:51
7.7k+

Tom Kruz bilen Bred Pittiň uruşýan wideosy Golliwudyň gaharyny getirdi

Iri golliwud studiýalary Hytaýyň ByteDance kompaniýasyny öz neýroulgamlaryna tälim bermek üçin awtorlyk hukugy bilen goralan kontenti yzygiderli ulanmakda aýypladylar. Şikaýat eden kompaniýalaryň arasynda Disney we Paramount Skydance bar diýip, Variety habar berýär
Kurt Wonnegutyň ýarym asyr öň döreden öňdengörüji romany esasynda film düşüriler
15.02.2026 17:03
2k+

Kurt Wonnegutyň ýarym asyr öň döreden öňdengörüji romany esasynda film düşüriler

Kurt Wonnegutyň ilkinji romany bolan «Mehaniki pianino» (Player Piano) esasynda çeper film surata düşüriler. Filmiň režissýory Rid Morano bolar, ssenariýasyny bolsa Metýu Woker ýazar diýip, Deadline neşiri habar berýär
Pitt we Kruz ekranda söweşýär: Emeli aň aktýorsyz ekşn-film düşürmegiň mümkinçiliklerini görkezdi
14.02.2026 19:15
6k+

Pitt we Kruz ekranda söweşýär: Emeli aň aktýorsyz ekşn-film düşürmegiň mümkinçiliklerini görkezdi

Joyrider Films-iň amerikaly režissýory Ruairi Robinson Bred Pitt bilen Tom Kruzuň biri-biri bilen söweşýän örän realistik wideosyny tanyşdyrdy. Bu iş ByteDance kompaniýasynyň Seedance 2.0 neýroulgamy arkaly taýýarlanyp, hakyky düşürilişden diýen ýaly tapawutlanmaýar
Ertekiler dünýäsine syýahat: "Jadyly agaç bilen ýokary" filminiň ilkinji treýleri çykdy
14.02.2026 10:40
1.8k+

Ertekiler dünýäsine syýahat: "Jadyly agaç bilen ýokary" filminiň ilkinji treýleri çykdy

Entertainment Film Distributors kompaniýasynyň YouTube kanalynda iňlis ýazyjysy Enid Blaýtonyň klassyky eseri esasynda surata düşürilen "The Magic Faraway Tree" («Вверх по волшебному дереву») filminiň resmi treýleri köpçülige hödürlendi
Tahyr Ataýewiň orkestri 26-27-nji fewralda «Mult-konsertini» geçirer
13.02.2026 14:10
2.5k+

Tahyr Ataýewiň orkestri 26-27-nji fewralda «Mult-konsertini» geçirer

26-27-nji fewralda dirižýor Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky orkestr «Mult-konsertini» geçirer. Sazly çäre Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynyň sahnasynda bolar. Guramaçylar Disney we Pixar studiýalarynyň häzirkizaman meşhur multfilmlerini Netflix-iň meşhur seriallarynyň sazlary bilen utgaşdyrýan täsirli programmany taýýarlady: Tropiki joşgun: «Moana» multfilmdäki adalaryň owazlary
«Waranasi» filmi hindi kinosynyň taryhynda iň gymmat film bolar
13.02.2026 09:10
6.7k+

«Waranasi» filmi hindi kinosynyň taryhynda iň gymmat film bolar

«RRR» we «Bahubali» filmleri bilen tanalýan hindi režissýory S.S. Rajamuli hindi kinematografiýasynyň taryhynda iň gymmat taslama boljak «Waranasi» atly täze filminiň üstünde işleýär. Bu barada Variety neşiri habar berýär
Jeýson Momoa "Helldivers" oýnunyň ekranlaşdyrylyşynda baş keşbi janlandyrar
12.02.2026 23:27
2.2k+

Jeýson Momoa "Helldivers" oýnunyň ekranlaşdyrylyşynda baş keşbi janlandyrar

​Jeýson Momoa "Arrowhead Game Studios" tarapyndan döredilen meşhur wideo oýnunyň esasynda surata düşüriljek "Helldivers" filminde baş keşbi janlandyrmaga hukuk gazandy. Bu barada "The Hollywood Reporter" neşiri habar berýär
Ankarada «Kompozitor» atly türkmen filmi görkeziler
12.02.2026 14:08
3.5k+

Ankarada «Kompozitor» atly türkmen filmi görkeziler

17-nji fewralda Ankaranyň Ýaşar Kemal adyndaky medeniýet merkeziniň «İnce Memed» zalynda Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan düşürilen «Kompozitor» filminiň görkezilişi bolar. Bu çäre Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen bilelikde guralýar
Täze «Spider-Noir» serialynyň ilkinji suratlary çap edildi: baş keşbi Nikolas Keýj ýerine ýetirýär
12.02.2026 09:07
1.9k+

Täze «Spider-Noir» serialynyň ilkinji suratlary çap edildi: baş keşbi Nikolas Keýj ýerine ýetirýär

Esquire neşiri «Spider-Noir» («Möý-Nuar») serialyndan ilkinji suratlary çap etdi.  Sekiz bölümden ybarat bolan birinji möwsüm şu ýylyň baharynda Prime Video platformasynda görkezilip başlanar (anyk senesi heniz belli däl)
Bred Pittiň gatnaşmagyndaky «F1» filminiň dowamy boljagy tassyklanyldy
12.02.2026 04:24
2.2k+

Bred Pittiň gatnaşmagyndaky «F1» filminiň dowamy boljagy tassyklanyldy

Bred Pittiň baş keşbi janlandyran «F1» filminiň sikweli resmi taýdan taýýarlanylyp başlandy. Bu barada blokbasteriň prodýuseri Jerri Brukhaýmer Oskar baýragynyň gowşurylyş dabarasy mynasybetli agşam naharynyň  dowamynda BBC gullugyna beren interwýusynda tassyklady we «Biz filmiň dowamynyň üstünde işleýäris» diýip, aýratyn belledi
Universal täze «Mumiýada» Brendan Freýzeri we Reýçel Waýsy gaýtaryp getirýär: film 2028-nji ýylda çykar
11.02.2026 15:33
3.2k+

Universal täze «Mumiýada» Brendan Freýzeri we Reýçel Waýsy gaýtaryp getirýär: film 2028-nji ýylda çykar

Universal Pictures studiýasy Brendan Freýzeriň we Reýçel Waýsyň gatnaşmagynda «Mumiýa» franşizasynyň dördünji bölüminiň surata düşüriljekdigini resmi taýdan yglan etdi. Bu barada The Hollywood Reporter neşiri habar berýär
«Karib deňziniň garakçylary» Margo Robbi we täze gahrymanlar bilen dolanýar
11.02.2026 10:34
4.4k+

«Karib deňziniň garakçylary» Margo Robbi we täze gahrymanlar bilen dolanýar

Disney dünýä belli «Karib deňziniň garakçylary» filminiň dowamyny surata düşürmäge taýýarlanýar we ony ýakyn wagtda amala aşyrmaly esasy täze taslamalaryň hatarynda görýär. Bu barada studiýanyň öz çeşmelerine salgylanyp, tanymal insaýder Jeff Snaýder habar berdi
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.