filmler we multfilmler

"Superboul-2026" dabarasynda hödürlenen iň uly kino-anonslar: Kliff Butdan Supergyza çenli
10.02.2026 11:19
2.7k+

"Superboul-2026" dabarasynda hödürlenen iň uly kino-anonslar: Kliff Butdan Supergyza çenli

9-njy fewrala geçilen gije ABŞ-da Milli Futbol Ligasynyň finaly bolan 60-njy "Superboul" geçdi. Dünýä jemgyýetçiligi üçin bu waka diňe bir sport däl, eýsem iň garaşylýan filmleriň täze treýlerleriniň görkezilýän meýdançasy hökmünde hem uly ähmiýete eýedir
Superboul-yň finalynda hemmeler "Çirkin ses 7-ni" eşitdi
10.02.2026 10:42
3.7k+

Superboul-yň finalynda hemmeler "Çirkin ses 7-ni" eşitdi

Paramount Pictures kinostudiýasy "Çirkin ses 7" (Крик 7) gorkuly filminiň täze tizer-treýlerini hödürledi. Wideorolik ilki Superboul oýny wagtynda görkezildi, soňra bolsa YouTube platformasynda köpçülige ýaýradyldy
Multfilmiň täze treýlerinde minýonlar kino düşýärler we nägehanlary gözleýärler
10.02.2026 00:22
2.4k+

Multfilmiň täze treýlerinde minýonlar kino düşýärler we nägehanlary gözleýärler

Illumination Entertainment studiýasy tarapyndan döredilen "Ýigrenji men" (Гадкий я) animasiýa franşizasynyň dowamy bolan "Minýonlar we Nägehanlar" (Миньоны и Монстры) multfilminiň ilkinji treýleri ýaýradyldy. Täze taslama "spin-off" görnüşinde bolup, esasy ünsi minýonlaryň nobatdaky başdan geçirmelerine gönükdirer
Pol Tomas Anderson ABŞ-nyň Režissýorlar gildiýasynyň baş baýragyna mynasyp boldy
09.02.2026 16:16
2.2k+

Pol Tomas Anderson ABŞ-nyň Režissýorlar gildiýasynyň baş baýragyna mynasyp boldy

Los-Anjelesde ABŞ-nyň Režissýorlar gildiýasynyň (DGA) 78-nji baýrak gowşurylyş dabarasy geçirildi diýip, Variety neşiri habar berýär. Bu baýragyň ýeňijileri, adatça, geljekki "Oskar" baýragynyň hem esasy dalaşgärleri hasaplanýar
Amazon emeli aňyň kömegi bilen kino edýän çykdajylaryny azaltmak isleýär
09.02.2026 07:35
814

Amazon emeli aňyň kömegi bilen kino edýän çykdajylaryny azaltmak isleýär

Amazon kompaniýasy filmleri döretmekde emeli aňy ulanmak arkaly önümçilik möhletlerini gysgaltmagy hem-de onuň bahasyny arzanlatmagy göz öňünde tutýar. Kompaniýanyň nygtaýşy ýaly, elbetde täze tehnologiýa döredijilik hünärmenleriniň ornuny tutmaz, ýöne onuň has köp taslamalaryň durmuşa geçirilmegine ýardam edip biljekdigine welin, bil baglamak mümkin
M.Naýt Şýamalanyň täze filminiň çykjak senesi indiki ýyla geçirildi
08.02.2026 20:49
1.4k+

M.Naýt Şýamalanyň täze filminiň çykjak senesi indiki ýyla geçirildi

Režissýor M.Naýt Şýamalanyň ýazyjy Nikolas Sparks bilen bilelikde döreden hekaýasyna esaslanýan täze filmi 2027-nji ýylyň Walentin gününe gabatlanyp ekranlara çykar. Bu barada The Hollywood Reporter neşiri habar berýär
Netflix Stiwen Spilbergiň «Dinozawrlar» atly dokumental serialynyň treýlerini görkezdi
08.02.2026 18:20
2.6k+

Netflix Stiwen Spilbergiň «Dinozawrlar» atly dokumental serialynyň treýlerini görkezdi

Netflix Stiwen Spilbergiň prodýuserligindäki «Dinozawrlar» («Динозавры») dokumental serialynyň ilkinji kadrlaryny we treýlerini görkezdi. Filmi meşhur aktýor Morgan Frimen seslendiripdir. Platformanyň beýanatynda aýdylyşy ýaly, «Dinozawrlar» tomaşaçylara «dünýäniň ýitirim bolan eýýamyna syýahaty» hödürleýär
Blackpink toparyndaky Lisa komediýada surata düşer
08.02.2026 13:15
3.1k+

Blackpink toparyndaky Lisa komediýada surata düşer

Blackpink k-pop toparynyň aýdymçysy Lisa Netflix tarapyndan taýýarlanylýan romantik komediýada keşp janlandyrar. Bu barada Elle žurnaly habar berýär. Bu film aýdymçynyň ikinji aktýorlyk işi bolar. Ol ekrandaky ilkinji ädimi «Ak lotos» serialynyň üçünji möwsümindäki Mukuň keşbinde ädipdi
Kong, Godzilla we näbelli nägehanlar: «Monarhyň» ikinji möwsüminiň treýleri çykdy
08.02.2026 03:08
2.6k+

Kong, Godzilla we näbelli nägehanlar: «Monarhyň» ikinji möwsüminiň treýleri çykdy

Apple TV+ platformasy «Monarh: Nägehanlaryň mirasy» («Монарх: Наследие монстров») serialynyň ikinji möwsüminiň täze treýlerini görkezdi. Kadrlardan görnüşi ýaly, serialyň gerimi has giňeldi: Godzilla we King-Kong indi wakanyň esasy hereketlendiriji güýçlerine öwrüler
Gaý Riçiniň «Ýaş Şerlok» serialynyň resmi treýleri çykdy
07.02.2026 15:56
1.4k+

Gaý Riçiniň «Ýaş Şerlok» serialynyň resmi treýleri çykdy

Prime Video striming hyzmaty režissýor Gaý Riçiniň «Ýaş Şerlok» atly täze serialynyň resmi treýlerini görkezdi. Taslamanyň ilkinji premýerasy 2026-njy ýylyň 4-nji martyna meýilleşdirildi. Serialda baş keşbi — ýaş Şerlok Holmsy «Soň» («После») kinofranşizasy arkaly tanalýan aktýor Hiro Faýns Tiffin oýnady
Zendeýa Louis Vuitton-yň mahabat kampaniýasynyň ýüzi boldy
07.02.2026 00:28
2.2k+

Zendeýa Louis Vuitton-yň mahabat kampaniýasynyň ýüzi boldy

Louis Vuitton özüniň meşhur monogrammasynyň 130 ýyllygyny Zendeýa we moda öýi bilen işleşýän beýleki ýyldyzlaryň gatnaşmagyndaky kampaniýa bilen baýram etmegini dowam edýär. WWD neşirinde habar berilşine görä, bu mowzukdaky mahabatlar üçin fotosuratlary düşürýän Glen Laçford, gysga göwrümli filmleriň awtory bolsa meşhur režissýor Roman Koppola
Emma Stoun hosting kompaniýasy üçin düşen mahabatynda noutbuklary döwýär
06.02.2026 16:27
3.1k+

Emma Stoun hosting kompaniýasy üçin düşen mahabatynda noutbuklary döwýär

Squarespace hosting kompaniýasy 8-nji fewralda geçiriljek Superboula ýörite taýýarlanan iri mahabat kampaniýasyna başlady. Taslamanyň režissýory Ýorgos Lantimos boldy, ol özüniň hemişelik aktrisasy Emma Stoun bilen ýene-de bir gezek bilelikde işleşdi
Aşgabatda nusgawy türkmen filmleriniň ajaýyp sazlary ýaňlanar
06.02.2026 13:29
2.6k+

Aşgabatda nusgawy türkmen filmleriniň ajaýyp sazlary ýaňlanar

Aşgabatda türkmen kinematografynyň meşhur saz eserlerine bagyşlanan konsert geçiriler. Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny «Türkmen kinosynyň altyn mukamlary» atly sazly agşama çagyrýar
LEGO we Netflix «Keý-pop melgun awçylary» multfilmi boýunça toplum döredýärler
06.02.2026 13:01
686

LEGO we Netflix «Keý-pop melgun awçylary» multfilmi boýunça toplum döredýärler

​LEGO we Netflix «Keý-pop melgun awçylary» (K-Pop Demon Hunters) multfilmi esasynda birnäçe toplumlaryny yglan etdiler. Birinji toplumy şu ýylyň ýazynda sargyt edip bolar, satuwa bolsa tomusda çykar. ​Tizerde gaplaňy ýatladýan, pişikler maşgalasyndan bolan täsin jandar — Derpi görkezildi
Time žurnaly XXI asyryň iň pes baha berlen 50 filminiň sanawyny düzdi
06.02.2026 10:38
1.8k+

Time žurnaly XXI asyryň iň pes baha berlen 50 filminiň sanawyny düzdi

Time amerikan žurnaly XXI asyryň dowamynda çykan, emma kino muşdaklary we hünärmenler tarapyndan mynasyp baha berilmedik 50 filmiň sanawyny çap etdi. Sanaw žurnalyň kino tankytçysy Stefani Zaharek tarapyndan taýýarlanyldy
Collider ähli döwürleriň iň gowy fentezi filmleriniň sanawyny düzdi
04.02.2026 11:16
5k+

Collider ähli döwürleriň iň gowy fentezi filmleriniň sanawyny düzdi

Collider neşiri ähli döwürleriň iň beýik 20 fentezi filminiň reýtingini çap etdi. Sanawdaky orunlar žanryň meşhurlygyny, onuň ähliumumylygyny we emosional täsirini kesgitleýär. «Fentezi filmlerini söýmezlik mümkin däl
«Gaty geň zatlaryň» animasiýa spin-offy – «85-nji ýylyň hekaýatlary» tizer-treýleri çykdy
04.02.2026 08:49
1.2k+

«Gaty geň zatlaryň» animasiýa spin-offy – «85-nji ýylyň hekaýatlary» tizer-treýleri çykdy

Netflix platformasy «Gaty geň zatlar: 85-nji ýylyň hekaýatlary» atly taslamanyň tizer-treýlerini çykardy. Bu «Gaty geň zatlaryň» animasiýa görnüşindäki spin-offy bolup, onda bolup geçýän wakalar serialyň ikinji we üçünji möwsümleriniň arasyndaky döwri öz içine alar
«Agyn daýysy!»: Maýkl Jekson hakdaky filmiň täze treýleri görkezildi
04.02.2026 07:55
2.3k+

«Agyn daýysy!»: Maýkl Jekson hakdaky filmiň täze treýleri görkezildi

Lionsgate Movies kinokompaniýasy Maýkl Jekson baradaky terjimehal filmiň täze treýlerini hödürledi. Onda baş keşbi sazandanyň ýegeni Jafar Jekson janlandyrýar. Film ilkinji gezek kinoteatrlarda 24-nji aprelde görkeziler
«Watan» kinokonsert merkezinde türk seriallary boýunça Röwşen Nepesowyň orkestriniň konserti bolar
03.02.2026 20:37
4.9k+

«Watan» kinokonsert merkezinde türk seriallary boýunça Röwşen Nepesowyň orkestriniň konserti bolar

15-nji fewralda «Watan» kinokonsert merkezinde Röwşen Nepesowyň orkestriniň «Türk seriallaryndan mukamlar» atly konserti geçiriler. Bu çäre diňleýjileriň köpsanly haýyşlary boýunça gurnaldy. Konsertiň dirižýory Eziz Jumanyýazow bolar
«Garri Potteriň» gahrymany Hytaý täze ýylynyň garaşylmadyk nyşanyna öwrüldi
03.02.2026 19:18
5.3k+

«Garri Potteriň» gahrymany Hytaý täze ýylynyň garaşylmadyk nyşanyna öwrüldi

Hytaý täze ýylynyň bu ýylky dabarasynda garaşylmadyk gahryman peýda boldy. Gündogar kalendary boýunça 2026-njy ýylyň resmi nyşany bolan Otly gyzyl At (Ýylky) bilen bir hatarda, baýramçylygyň ýene bir resmi däl nyşany — Drako Malfoý peýda boldy
Jonni Deppi tanar ýaly bolmandyr: «Ebenezer: Roždestwo aýdymy» filminiň ilkinji kadrlary
03.02.2026 14:15
6.5k+

Jonni Deppi tanar ýaly bolmandyr: «Ebenezer: Roždestwo aýdymy» filminiň ilkinji kadrlary

62 ýaşly Jonni Depp Londonda Çarlz Dikkensiň nusgawy powestiniň täze ekranlaşdyrylmasy bolan «Roždestwo aýdymy» («Рождественская песнь») filminiň surata düşürilişinde göründi. Aktýor «Ebenezer: Roždestwo aýdymy» diýlip atlandyrylan täze filmde Ebenezer Skrujyň keşbini ýerine ýetirýär
«Melgun Prada geýýär 2» filminiň doly göwrümli treýleri çykdy we premýeranyň senesi mälim boldy
03.02.2026 11:42
2k+

«Melgun Prada geýýär 2» filminiň doly göwrümli treýleri çykdy we premýeranyň senesi mälim boldy

20th Century Studios studiýasy «Melgun Prada geýinýär» filminiň dowamynyň ilkinji doly göwrümli treýlerini hödürledi. Kinofilmiň halkara prokatyna çykarylyşy 1-nji maýa meýilleşdirildi. Filmiň treýleri Madonnanyň meşhur «Vogue» aýdymynyň astynda berlipdir
«Kömek iberiň!» filmi ABŞ-nyň prokatynda birinjiligi eýeledi
03.02.2026 06:09
4.1k+

«Kömek iberiň!» filmi ABŞ-nyň prokatynda birinjiligi eýeledi

«Kömek iberiň!» («Send Help») atly komediýa trilleri ekrana çykan ilkinji günlerinden Demirgazyk Amerikanyň prokatynda birinji orny eýeledi. Režissýor Sem Reýminiň surata düşüren filmi ABŞ-da we Kanadada 20 million dollar toplady
Tailandda «Rembo» filminiň prikweli düşürilip başlandy
02.02.2026 19:37
3.5k+

Tailandda «Rembo» filminiň prikweli düşürilip başlandy

Tailandda «Rembo: Ilkinji gan» (Rambo: First Blood) hereketli filminiň prikweli boljak «Jon Rembo» çeper filminiň önümçiligi başlandy. Bu barada Variety neşiri ýazýar. Filmiň sýužeti baş gahrymanyň Wýetnam urşy döwründäki durmuşyna bagyşlanýar
«Byçgy» franşizasynyň täze bölümini birinji filmi düşüren režissýor düşürer
02.02.2026 16:59
3.9k+

«Byçgy» franşizasynyň täze bölümini birinji filmi düşüren režissýor düşürer

Režissýor Jeýms Wan «Byçgy» («Пила») horror-franşizasynyň nobatdaky bölümini surata düşürer. Täze filmiň ssenarisini Li Uonnell ýazar. Bu barada «UPI» neşiri habar berýär. Awtorlar bu taslama gaýdyp gelmek meýilleri barada «Sandens» festiwalynda asyl filmiň ýörite görkezilişi wagtynda yglan etdiler
«Forsažyň» jemleýji bölüminiň çykjak senesi belli boldy
02.02.2026 16:21
7.4k+

«Forsažyň» jemleýji bölüminiň çykjak senesi belli boldy

«Universal» studiýasynyň «Forsaž» kinosagasynyň iň soňky bölümi 2028-nji ýylyň 17-nji martynda amerikan prokatyna çykar. Bu barada «Deadline» neşiri habar berýär. Seriýanyň on birinji filmi resmi taýdan «Forsaž ebedi» (Fast Forever) diýlip atlandyryldy
Odri Hepbýorne degişli bolan Bulgari gülýakasy çaklanan bahasyndan 5 esse gymmat satyldy
02.02.2026 15:28
2.9k+

Odri Hepbýorne degişli bolan Bulgari gülýakasy çaklanan bahasyndan 5 esse gymmat satyldy

Aktrisa Odri Hepbýorne degişli bolan 1960-njy ýyllaryň Bulgari gülýakasy Pariždäki Sotheby’s auksionynda 355 600 ýewro satyldy diýip, söwda öýüniň saýty habar berýär. Harydyň ahyrky bahasy deslapky 60 müň ýewro bahadan bäş esse dagy ýokary boldy
Stiwen Spilberg «Iň gowy sazly film» ugrunda «Grammy» baýragynyň eýesi boldy
02.02.2026 12:10
846

Stiwen Spilberg «Iň gowy sazly film» ugrunda «Grammy» baýragynyň eýesi boldy

Amerikaly meşhur režissýor Stiwen Spilberg «Iň gowy sazly film» diýen ugurda «Grammy» baýragyna mynasyp boldy. Baýraklaryň gowşuryş dabarasy öten agşam Los-Anjeles şäherinde geçirildi. Spilberg bu baýragy «Jon Wilýamsyň sazy» («Музыка Джона Уильямса») atly dokumental filmiň prodýuseri hökmünde gazandy
Genri Kewill «Dagly» filminiň remeýkinden ilkinji kadrlary paýlaşdy
01.02.2026 15:13
1.4k+

Genri Kewill «Dagly» filminiň remeýkinden ilkinji kadrlary paýlaşdy

Aktyor Genri Kewill sosial torlarda «Dagly» («Горец») filminden ilkinji şekilleri paýlaşdy. «Amazon MGM» kinostudiýasynyň bu taslamasy 1980-nji ýyllarda surata düşürilen adybir filmiň remeýkidir. Filmiň režissýorlyk kürsüsinde «Jon Uik» franşizasynyň awtorlarynyň biri bolan Çad Stahelski oturýar
ABŞ-nyň Milli film sanawyna «Başlangyç», «Truman şüweleňi» we ýene 23 film goşuldy
31.01.2026 18:36
2.8k+

ABŞ-nyň Milli film sanawyna «Başlangyç», «Truman şüweleňi» we ýene 23 film goşuldy

ABŞ-nyň Milli film sanawyna 25 sany täze kinofilm goşuldy diýip, Variety neşiri habar berýär.  Bu sanaw her ýyl täzelenip, oňa medeni, taryhy ýa-da estetiki ähmiýeti bolan, azyndan 10 ýyl mundan ozal düşürilen filmler girizilýär
ABŞ-da «Melaniýa» dokumental filmi çykdy: premýera Trampyň administrasiýasynyň wekilleri gatnaşdy
31.01.2026 17:10
5.2k+

ABŞ-da «Melaniýa» dokumental filmi çykdy: premýera Trampyň administrasiýasynyň wekilleri gatnaşdy

Donald Trampyň administrasiýasynyň ýokary wezipeli wekilleri penşenbe güni Waşingtondaky Kennedi merkezinde geçirilen «Melaniýa» dokumental filminiň premýerasyna gatnaşdy. Umumy býujeti 75 mln dollar bolan bu film Amazon MGM Studios tarapyndan maliýeleşdirildi
«Oskar» dabarasynda diňe iki aýdym janly ýerine ýetiriler
31.01.2026 14:04
2.1k+

«Oskar» dabarasynda diňe iki aýdym janly ýerine ýetiriler

15-nji martda geçiriljek «Oskar» baýragynyň gowşurylyş dabarasynda «Iň oňat özboluşly aýdym» ugry boýunça dalaşgär görkezilen bäş aýdymyň diňe ikisi janly görnüşde ýerine ýetiriler. Bu barada Variety neşiri Kinematografiýa sungatlary we ylymlary akademiýasynyň hatyna salgylanyp habar berýär
«Kagyz öýüň» spin-offy bolan «Berlin we samyrly hanym» serialynyň tizeri çykdy
31.01.2026 13:06
2.2k+

«Kagyz öýüň» spin-offy bolan «Berlin we samyrly hanym» serialynyň tizeri çykdy

Netflix-iň YouTube kanalynda «Berlin we samyrly hanym» (Берлин и дама с горностаем) serialynyň tizeri ýerleşdirildi. Bu taslama ozal «Kagyz öý» (Бумажный дом) serialynyň prikweli hökmünde çykan «Berlin» serialynyň dowamydyr
Apple TV «Tagtlar oýnuna» gaýra dur diýjek fantastik serialy wada berýär
31.01.2026 10:53
3.1k+

Apple TV «Tagtlar oýnuna» gaýra dur diýjek fantastik serialy wada berýär

Apple TV telekompaniýasy HBO-nyň üstünligini ozup geçmäge hyýallanýar. The Hollywood Reporter neşiriniň habar bermegine görä, striming hyzmaty ýazyjy Brendon Sandersonyň kitaplary esasynda fentezi-älemini döretmek üçin ägirt uly şertnama baglaşdy
«Ýeke özi öýde» filmindäki «Kewiniň ejesi» Ketrin O’Hara aradan çykdy
31.01.2026 03:56
15k+

«Ýeke özi öýde» filmindäki «Kewiniň ejesi» Ketrin O’Hara aradan çykdy

«Ýeke özi öýde», «Bitljus» filmleriniň we «Şitts Krik» serialynyň ýyldyzy, aktrisa Ketrin O’Hara aradan çykdy. Bu barada Variety neşiri habar berýär. 71 ýaşan O’Haranyň ölümine nämäniň sebäp bolandygy entek açyk aýdylmaýar
Emeli aň ABŞ-nyň taryhy hakynda serial taýýarlady
31.01.2026 03:34
2.6k+

Emeli aň ABŞ-nyň taryhy hakynda serial taýýarlady

Internet torunda emeli aňyň kömegi bilen döredilen «On This Day… 1776» («Şu gün... 1776-njy ýyl») atly taryhy serialyň treýleri peýda boldy. Filmde ABŞ-nyň garaşsyzlyk ugrundaky göreşi barada gürrüň berilýär. Serialyň prodýuseri hökmünde «Arzuwlaryň rekwiýemi» («Реквием по мечте») we «Nuh» («Ной») filmleri bilen meşhur bolan režissýor Darren Aronofskiniň çykyş etdi
«Täze tolkun» filmi Sezar kino baýragynyň 10 nominasiýasyny aldy
30.01.2026 20:54
2.6k+

«Täze tolkun» filmi Sezar kino baýragynyň 10 nominasiýasyny aldy

Fransiýanyň 51-nji Sezar milli kino baýragyna dalaşgärler yglan edildi. Şu ýyl nominasiýalaryň sany boýunça Riçard Linkleýteriň «Täze tolkun» (Новая волна) komediýasy öňdebaryjy boldy. Bu film jemi on sany nominasiýada, şol sanda «Iň gowy film», «Iň gowy režissýor», «Iň gowy original ssenariý», «Iň gowy operatorlyk işi» we «Iň gowy kostýum dizaýny» ýaly kategoriýalarda baýraga dalaşgar görkezildi
Magtymguly Pyragynyň çagalygy barada «Arzyman» ady bilen täze film düşürildi
30.01.2026 11:52
6.9k+

Magtymguly Pyragynyň çagalygy barada «Arzyman» ady bilen täze film düşürildi

Magtymguly Pyraga bagyşlanan «Arzyman» filmi häzirki wagtda montaž tapgyryndan geçýär. Şahyryň ykbaly we mirasy baradaky täze kino eserini režissýor, ssenariçi hem-de «Mekanfilm» studiýasynyň esaslandyryjysy Çaryýar Seýidow düşürdi
LEGO «Ýüzükleriň hökümdaryndaky» Sauronyň tuwulgasynyň toplumyny çykardy
30.01.2026 03:19
1.9k+

LEGO «Ýüzükleriň hökümdaryndaky» Sauronyň tuwulgasynyň toplumyny çykardy

LEGO Icons seriýasynda «Sauronyň tuwulgasy» atly täze toplum peýda boldy. 538 bölekden ybarat bolan bu toplum, meşhur epopeýanyň esasy ganymynyň tikenli tuwulgasynyň nusgasyny gaýtalaýar. Tuwulganyň taýýar modeliniň beýikligi takmynan 33 santimetre deňdir
Collider öz ähmiýetini ýitirmeýän 10 sany ylmy-fantastik filmiň sanawyny düzdi
29.01.2026 21:08
4.5k+

Collider öz ähmiýetini ýitirmeýän 10 sany ylmy-fantastik filmiň sanawyny düzdi

Collider neşiri häzire çenli ähmiýetini ýitirmän gelýän 10 sany ylmy-fantastik filmiň sanawyny hödürledi. Bilermenleriň bellemegine görä, gowy ylmy-fantastik filmler tomaşaçyny ýeňil galpyldyda saklaýar, toslanan dünýäniň ýönekeý düzgünlerini we ýyllar geçse-de könelmeýän pikirleri özünde jemleýär
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.