Saýlanan şäher
14 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
filmler we multfilmler
Baş sahypa
/
Habarlar
/
filmler we multfilmler
04.12.2025 13:35
2.2k+
Paramount “Nindzýa pyşbagalar” we “Sonik” boýunça täze filmleriň çykjak senesini aýtdy
Paramount studiýasy “Nindzýa pyşbagalar” we “Sonik kinoda” franşizalary boýunça täze filmleriň çykjak senesini aýtdy. Bu barada Deadline habar berýär. “Nindzýa pyşbagalar” boýunça täze film 2028-nji ýylyň 17-nji noýabrynda, “Sonik” älemi boýunça indiki doly metražly film bolsa bir aý soň, 2028-nji ýylyň 22-nji dekabrynda çykar
04.12.2025 13:30
3.1k+
“Forsaž 9-yň” režissýory Jastin Lin Helldivers oýnuny ekranlaşdyrar
“Forsaž 9” filmi bilen tanalýan režissýor Jastin Lin meşhur Helldivers (Dowzaha çümýänler) wideo oýnuny ekranlaşdyrmak bilen meşgullanar. Bu barada The Hollywood Reporter neşiri habar berdi. Ssenariniň üstünde ozal “Ol” we “Annabeliň näleti” filmleri üçin ssenarileri sazlan Geri Doberman işlär
03.12.2025 10:46
5k+
"Cahiers du Cinéma" neşiri 2025-nji ýylyň iň gowy 10 filmini yglan etdi
Kino hakyndaky abraýly fransuz neşiri bolan “Cahiers du Cinéma” 2025-nji ýylyň iň gowy 10 filminiň sanawyny çap etdi. Žurnalistler birinji orny “Lýudowik XIV-niň ölümi” we “Adalardaky jebirler” atly filmleriň döredijisi bolan ispaniýaly režissýor Albert Serranyň “Ýalňyzlyk günleri” (“Дни одиночества”) atly dokumental filmine berdiler
02.12.2025 17:15
4.2k+
IMAX kinoteatrlarynda Kristofer Nolanyň "Odisseýa" filminden giriş görkeziler
IMAX kinoteatrlarynda Kristofer Nolanyň geljekki "Odisseýa" atly epik filminden alty minutlyk giriş görkezilip başlanar diýip, "World of Reel" portaly habar berýär. Çeşmäniň maglumatyna görä, bu giriş 12-nji dekabrdan başlap "Günäliler" ("Грешники") we "Söweş yzyna söweş" ("Битвы за битвой") filmleriniň gaýtadan görkezilişlerinden öň görkeziler
01.12.2025 17:20
8.4k+
Melaniýa Tramp hususy kinokompaniýasyny döretdi
ABŞ-nyň Birinji hanymy Melaniýa Tramp Muse Films hususy kompaniýasyny esaslandyrdy diýip, People neşiri habar berýär. Kompaniýanyň ilkinji taslamasy “Melaniýa” atly dokumental film bolar. Filmiň premýerasy 2026-njy ýylyň 30-njy ýanwaryna meýilleşdirilýär we prokat global derejede bolar
01.12.2025 14:24
8k+
Birnäçe prikwelden soň, “Tagtlaryň oýnunyň” indi dowamy çykarylar
“Tagtlaryň oýny” serialynyň asyl wakasy dowam etdiriler. Muny Reýkýawikde geçirilen Iceland Noir edebiýat festiwalynda ýazyjy Jorj R.R.Martin tassyklady. HBO teleýaýlymy häzir meşhur serialyň dowamyny döretmegiň üstünde işleýär
01.12.2025 13:27
6.6k+
"Tom we Jerri: Gadagan edilen kompas" filminiň treýleri çykdy
Warner Bros. Pictures kinokompaniýasy "Tom we Jerri: Gadagan edilen kompas" multfilminiň doly treýlerini çykardy. Filmiň premýerasy 2026-njy ýylyň 2-nji ýanwarynda bolar. Wakanyň dowamynda meşhur pişik we syçan tötänden muzeýde wagtyň içinde syýahata girýärler
01.12.2025 11:51
5.3k+
“Ýyrtyjy: Ölüm planetasy” $162 mln ýygnap, franşizada iň girdejili film boldy
“Ýyrtyjy: Ölüm planetasy” (Хищник: Планета Смерти) resmi taýdan franşizada iň girdejili film boldy. Den Trahtenberg tarapyndan düşürilen täze bölüm dünýä prokatynda 162 mln dollar gazandy diýip, The Numbers ýazýar
01.12.2025 11:25
4.2k+
“Haýwanlar şäheri 2” dünýä prokatynda ilkinji uikendde 500 mln dollardan gowrak gazandy
26-njy noýabrda çykan Disney studiýasynyň “Haýwanlar şäheri 2” animasion filmi dünýä prokatynda başlangyç kassa ýygymy boýunça rekord goýdy. Multfilm 556 mln dollar ýygnady. ABC News-iň maglumatlaryna görä, bu taryhda ähli multfilmleriň arasynda iň gowy we islendik žanrdaky filmleriň arasynda dördünji netije boldy
30.11.2025 21:08
3.3k+
Kwentin Tarantino "Açlyk oýunlarynyň" döredijilerini plagiatda aýyplady
Režissýor Kwentin Tarantino "Açlyk oýunlary" (The Hunger Games) franşizasynyň 1999-njy ýylda çykan "Şa söweşi" (Battle Royale) atly ýapon romanyndan we onuň film adaptasiýasyndan göçürilip alnandygyny (plagiatdygyny) öňe sürdi diýip, "The Hollywood Reporter" neşiri habar berýär
29.11.2025 11:02
8.8k+
«Kompozitor» atly türkmen filmi «Göwher kebelek» atly Açyk Ýewraziýa kinobaýragyna mynasyp boldy
Türkmen kinoçylarynyň surata düşüren «Kompozitor» atly çeper filmi «Göwher kebelek» atly Açyk Ýewraziýa kinobaýragynyň ilkinji gowşurylyş dabarasynda «Iň gowy suratçy» ugrunda iň gowusy diýlip ykrar edildi. Dabara 27-nji noýabrda Moskwada, russiýaly režissýor Nikita Mihalkowyň «Ussahana 12» diýen ýerinde geçirildi diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" neşiri habar berýär
29.11.2025 09:20
2.3k+
Jeýms Kemeron Netflix-iň filmleriniň “Oskar” baýragyna dalaş etmegine garşy çykdy
Režissýor Jeýms Kemeron Netflix-iň filmleriniň «Oskar» baýragyna gatnaşmaly däldigini aýtdy. Ol öz pikiri bilen «The Town with Matt Belloni» podkastynda paýlaşdy. «Awatar» we «Titanik» filmleriniň režissýory Netflix-iň filmleri diňe akademiýanyň düzgünlerine laýyk gelmek üçin gysga möhletleýin çäkli kinoprokata goýbermek tejribesini tankytlady
29.11.2025 09:06
5.7k+
Paramount Jeki Çanyň we Kris Takeriň gatnaşmagynda «Dykyn wagty 4» filmini çykarar
Paramount studiýasy komediýa görnüşli «Dykyn wagty» («Час пик») uruşly filminiň dördünji bölümini çykarmak barada şertnama baglaşdy. Täze filmiň režissýory franşizanyň öňki bölümleriniň ählisini düşüren Brett Retner bolar
28.11.2025 11:39
6.4k+
Variety ähli döwrüň iň gülkünç 100 komediýasyny saýlady
Variety žurnaly ähli döwrüň iň gowy 100 komediýasynyň reýtingini hödürledi. Žurnalistler sanaw düzülende filmiň klassyk bolmagyna täsir edýän faktorlary göz öňünde tutmaga çalyşdy, ýöne esasy görkeziji filmiň näderejede gülkünçdigi boldy
28.11.2025 11:22
1k+
Far Cry oýun franşizasy esasynda teleserial surata düşüriler
FX teleýaýlymy meşhur Far Cry oýun seriýasy esasynda resmi taýdan teleserial surata düşürmäge girişdi diýip, Deadline habar berýär. Taslama üçin Noý Houli ("Fargo") bilen Rob Mak ("Filadelfiýa mydama güneşli" / «В Филадельфии всегда солнечно») jogapkär bellenildi
28.11.2025 11:01
1.4k+
Jorj Kluni kino sungatyna goşan goşandy üçin Çarli Çaplin baýragyny alar
Aktýor Jorj Kluni kino sungatynyň ösüşine uly goşant goşandygy üçin her ýyl berilýän 51-nji Çarli Çaplin baýragynyň eýesi bolar. Dabara 2026-njy ýylyň 27-nji aprelinde Linkoln merkezinde geçiriler diýip, Variety ýazýar
28.11.2025 10:58
4k+
Disney-iň inženerleri “Doňan ýürekden” Olafyň robotyny döretdi
Walt Disney Imagineering kompaniýasynyň inženerleri “Doňan ýürek” (Холодное сердце) animasion filminiň gahrymany Olafyň robotyny hödürledi. Ol multfilmdäki prototipi ýaly görünýär, hereket edýär we gürleýär diýip, Disney-iň metbugat gullugy habar berdi
27.11.2025 12:12
1.9k+
Jeýms Kemeron Billi Aýlişiň konsert filminiň režissýory boldy
“Awatar”, “Titanik” we “Terminator” ýaly filmleriň režissýory Jeýms Kemeron Billi Aýlişiň “Hit Me Hard and Soft” atly konsert-filminiň režissýorlarynyň biri boldy. Deadline neşiriniň ýazmagyna görä, ol bu taslamany ikinji režissýor hökmünde çykyş edýän aýdymçynyň özi bilen bilelikde alyp barýar
27.11.2025 10:28
1.9k+
“Emmi-2025” halkara baýragynyň ýeňijileri yglan edildi
Nýu-Ýorkda “Emmi” halkara baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Adaty “Emmiden” tapawutlylykda bu baýrak ABŞ-dan daşary döredilen teletaslamalara we seriallara berilýär diýip, The Hollywood Reporter habar berýär
26.11.2025 13:07
5.6k+
«Zalym: Baky» filmi başlangyçda 226 million dollar gazanyp, dünýä prokatynda öňe saýlandy
«Zalym: Baky» (Wicked: For Good) mýuzikli ilkinji dynç günlerinde 226 million dollar ýygnap, dünýäniň boks-ofisinde öňdebaryjy boldy. Variety-niň maglumatlaryna görä, film ABŞ-da 150 million dollar gazandy, bu «Minecraft kinoda» filminden soň şu ýylyň ikinji netijesidir ($162 million dollar)
26.11.2025 12:15
6.8k+
«20 ýyl bäri jaň garaşýardym»: Brendan Freýzer «Mumiýa 4» filmine gatnaşýandygyny tassyklady
Amerikan-kanadaly aktýor, «Oskar» baýragynyň eýesi Brendan Freýzer «Mumiýa» atly başdan geçirmeler franşizasynda Rik O'Konnelliň roluna gaýdyp gelýär. Ol AP agentligine beren interwýusynda «ýigrimi ýyl bäri şu jaňa garaşandygyny» boýun aldy
26.11.2025 09:35
9.6k+
Tramp Jeki Çan we Kris Taker bilen “Dykyn wagty” kinofranşizasyny dikeltmek isleýär
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp “Dykyn wagty” (“Час пик”) kinofranşizasyny täzeden dikeltmek isleýär. Ak tamyň ýolbaşçysy 90-njy we 80-nji ýyllaryň komediýa görnüşli uruşly filmlerini gowy görýär we Jeki Çan bilen Kris Takeriň gatnaşmagyndaky kinotrilogiýany žanryň iň gowy mysallarynyň biri hasaplaýar diýip, Semafor neşiri ýazýar
24.11.2025 12:05
2.6k+
Supermen baradaky ilkinji komiks rekord 9,12 mln dollara satyldy
1939-njy ýylda çykan “Supermen” komiksiniň ilkinji sanynyň asyl nusgasy auksionda 9,12 mln dollara satyldy. NBC News-iň habar bermegine görä, bu komiks bazary üçin hakyky rekord boldy. Uzak wagtlap bu nusga ýitirilen diýlip hasaplanypdy: ol köp ýyllap Demirgazyk Kaliforniýadaky bir öýüň üçeginde gutuda saklanypdyr
24.11.2025 11:54
3.6k+
Paramount “Nindzýa pyşbagalar” barada täze film düşürer
Paramount “Nindzýa pyşbagalar” franşizasy boýunça janly aktýorlaryň gatnaşmagynda täze film çykarmagy meýilleşdirýär. Bu barada The Hollywood Reporter habar berýär. Studiýa bu işe “Forsaž” we “Sonik kinoda” filmleri boýunça tanalýan prodýuser Nil H
24.11.2025 11:52
3.8k+
Luwr muzeýinde ýakynda bolup geçen talaňçylyk barada film düşüriler
Amerikaly prodýuser R.J. Katler we fransiýaly režissýor Loran Buzero ýakynda Luwrda bolup geçen ogurlyk barada dokumental film döretmäge girişdi. Bu barada Hollywood Reporter habar berýär. Neşir filmiň ogurlygyň özüne we oňa gatnaşan adamlaryň gözlegine bagyşlanjakdygyny belleýär
23.11.2025 23:16
4.2k+
Jeep aýrylýan gapyly we sportkar ýaly bat alyş tizligi bilen Recon ulagyny çykardy
Jeep ýokary dinamiki aýratynlyklary bolan Recon SUV ulagyny çykardy. Bu Wagoneer S krossowerinden soň demirgazyk amerikan bazarynda kompaniýanyň ikinji doly elektrik modeli boldy. Täze awtomobiliň aýrylýan gapylary, üçegi we yzky aýnasy bar
23.11.2025 00:02
5.9k+
Çedwik Bouzman aradan çykandan soň Golliwudyň Şöhrat alleýasynda ýyldyz aldy
Merhum aktýor Çedwik Bouzman (“Gara Babyr”) aradan çykandan soň Golliwudyň Şöhrat alleýasynda atly ýyldyzyň eýesi boldy. Bu waka bagyşlanan dabara Bouzmanyň ýakynlary, şeýle-de kärdeşleri – “Gara Babyryň” režissýory Raýan Kugler we aktýorlar Maýkl B
22.11.2025 23:54
4.2k+
Collider geçen asyryň iň gorkunç filmleriniň ilkinji onlugyny hödürledi
Collider žurnaly XX asyrda düşürilen nägehanlar baradaky iň gorkunç on filmiň reýtingini taýýarlady. Žurnalist Jeremi Urkhartyň makalasynda nägehanlar baradaky her bir filmiň horror žanryna degişli däldigi, ýöne saýlanan filmleriň howsala we howp duýgusyny güýçli döredýändigi, şol sebäpli onlarça ýyllardan soň hem ýörgünli bolup galýandygy aýdylýar
22.11.2025 14:43
4.8k+
“Kalmar oýnunyň” amerikan wersiýasy 2026-njy ýylda düşürilip başlanar
Meşhur “Kalmar oýny” serialynyň amerikan spin-offy resmi taýdan önümçilige goýberildi. Kino we telewizion pudagy birleşiginiň maglumatlaryna görä, “Kalmar oýny: Amerika” atly taslama 2026-njy ýylyň fewralynda Los-Anjelesde düşürilip başlanar
22.11.2025 11:05
3.9k+
“Açlyk oýunlary: Orak möwsüminiň säheri” filminiň ilkinji treýleri çykdy
Lionsgate kinostudiýasy “Açlyk oýunlary: Orak möwsüminiň säheri” (Голодные игры: Рассвет жатвы) filminiň ilkinji treýlerini hödürledi. Meşhur franşizanyň täze bölümi indiki ýylyň 20-nji noýabrynda prokata çykar
20.11.2025 10:37
2.6k+
“Keý-pop melgun awçylaryny” döredijiler Labubu barada film düşürerler
Sony Pictures studiýasy Labubu atly meşhur oýunjak barada film düşürer. The Hollywood Reporter neşiriniň maglumatlaryna görä, taslamany ozal Netflix üçin üstünlikli "Keý-pop melgun awçylary" multfilmini döreden kompaniýanyň animasion bölümi ýerine ýetirer
19.11.2025 23:03
3.1k+
Norwegiýa dramasy Ýewropa kinoakademiýasynyň baýragyna dalaş etmek boýunça öňdebaryjy boldy
Norwegiýanyň “Duýgy gymmatlygy” dramasy Ýewropa kinoakademiýasynyň baýragy üçin iň köp dalaşgär görkezilen film boldy. Bu barada Variety neşiri habar berýär. Ýoakim Trieriň (“Dünýäde iň ýaramaz adam”) filmi “iň gowy ýewropa filmi”, “režissýor”, “ssenariçi”, şeýle-de “aktýor” (Stellan Skarsgard) we “aktrisa” (Renate Reinswe) kategoriýalarynda baýrak üçin göreşer
19.11.2025 13:27
4.9k+
Aktrisa Mişel Ýeo Berlin kinofestiwalynyň abraýly “Altyn aýy” baýragyny alar
Hytaý gelip çykyşly malaýziýaly aktrisa Mişel Ýeo kinematografiýa goşan goşandy üçin abraýly “Altyn aýy” baýragyny alar. Baýrak oňa 12-nji fewralda Berlin film festiwalynda gowşurylar diýip, Variety habar berýär
19.11.2025 10:24
4.8k+
Disney “Moana” boýunça düşürilen filmiň ilkinji tizerini hödürledi
Disney “Moananyň” oýun remeýkiniň ilkinji treýlerini hödürledi. Ol 2026-njy ýylyň 10-njy iýulynda daşary ýurt prokatyna çykar. Filmde baş keşbi kinoda ilkinji gezek çykyş edýän 17 ýaşly Ketrin Lagaýýa ýerine ýetirdi
19.11.2025 09:47
3k+
“Awatar: Ot we kül” filminiň ahyrky treýleri çykdy
Disney “Awatar: Ot we kül” (Avatar: Fire and Ash) blokbasteriniň ahyrky treýlerini hödürledi. Jeýms Kemeronyň epiki franşizasynyň üçünji bölümi 19-njy dekabrda dünýä prokatyna çykar. Täze filmde Jeýk Salli (Sem Uortington) we onuň maşgalasy Pandorada ýaşaýan Kül halky bilen ýüzbe-ýüz bolar
18.11.2025 18:09
3.2k+
Daşkentde Türkmenistanyň we Özbegistanyň kino günleri geçirildi
Daşkentde Milli Kino köşgünde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň ylmy hem medeni toparlarynyň wekilleriniň, sungat işgärleriniň we ýaş ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda «Merkezi Aziýa ruhy miras we aň-bilim» atly halkara kongresiň çäginde türkmen we özbek filmleriniň görkezilişi bolup geçdi
18.11.2025 11:18
2.2k+
“Garri Potteriň” ýyldyzy Alan Rikmanyň şahsy goşlary auksiona çykarylar
“Garri Potterden” Sewerus Sneýpiň keşbi bilen has tanalýan aktýor Alan Rikmanyň şahsy goşlary Londondaky Propstore auksionyna çykarylar. The Guardian neşiri olaryň arasynda “Ýanbermez” (Крепкий орешек) we “Garri Potter” filmleriniň ssenarileriniň hem bardygyny habar berýär
18.11.2025 11:01
3.5k+
“Aldaw illýuziýasy 3” ilkinji uikendde kassa ýygymy boýunça öňdebaryjy boldy
“Aldaw illýuziýasy 3” (Иллюзия обмана 3) filmi ilkinji dynç günleri 75,5 mln dollar ýygnap, dünýäde kassa ýygymy boýunça öňdebaryjy boldy. Gözbagçy talaňçylar baradaky waka Demirgazyk Amerika bazarynda 21,3 mln dollar, beýleki sebitlerde 54,2 mln dollar gazandy
18.11.2025 09:22
3.5k+
Tom Kruza kinematografa goşan goşandy üçin “Oskar” hormat baýragy berildi
Amerikaly aktýor Tom Kruz kino pudagyna goşan goşandy üçin “Oskar” hormat baýragyny aldy. Bu barada Amerikan kinosungat akademiýasyna salgylanyp, Variety neşiri habar berýär. Kruza heýkeli amerikaly režissýor Alehandro Gonsales Inýarritu gowşurdy
17.11.2025 14:19
1.8k+
“Astral-6” filmi düşürilip tamamlandy: ol 2026-njy ýylyň awgustynda ekrana çykar
“Astral-6” filminiň düşürilişi tamamlandy. Bu barada režissýor Jeýkob Çeýz sosial ulgamlarda habar berip, aktýorlar düzümine we düşüriji topara bitiren işleri üçin minnetdarlyk bildirdi. Sýužet barada maglumatlar entek gizlin saklanýar, ýöne bu gezek wakanyň üns merkezinde arwahdyr jynlary öwreniji Elis Raýneriň boljakdygy belli
«
1
…
10
11
12
…
40
»
«
1
…
7
8
9
10
11
12
13
14
15
…
40
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.