Aeronawtika we kosmos giňişligini öwrenmek boýunça milli müdirlik (NASA)

NASA Aýa uçuryljak Artemis II missiýasynyň kinematografik treýlerini görkezdi
23.01.2026 14:53
1.2k+

NASA Aýa uçuryljak Artemis II missiýasynyň kinematografik treýlerini görkezdi

NASA dört astronawtyň Aýyň töweregine 10 günlük syýahatyny göz öňünde tutýan Artemis II missiýasynyň treýlerini hödürledi. Uçuş 6-njy fewralda bolup biler. «Biz hiç kimiň hiç haçan görmedik zatlaryny göreris… Öwrenmäge ymtylmak – bu biziň kimdigimiziň düýp esasydyr… bu adam tebigatynyň bir bölegi» – diýip, wideoda astronawt Wiktor Glower aýdýar
NASA Marsda azyk üpjünçiligi meselesini çözenlere $750 000 berer
22.01.2026 12:30
3.6k+

NASA Marsda azyk üpjünçiligi meselesini çözenlere $750 000 berer

NASA Mars to Table Challenge («Marsdan saçaga») bäsleşigini yglan etdi. Ol Aýa we Marsa uzak möhletleýin ekipažly missiýalar üçin azyk ulgamlaryny işläp taýýarlamaga bagyşlanýar. Gatnaşyjylara azyk meýilnamasyny
NASA 7 kompaniýa bilen Ýerden daşardaky ýaşaýşy gözlemek üçin teleskop gurmakçy bolýar
17.01.2026 22:53
3.1k+

NASA 7 kompaniýa bilen Ýerden daşardaky ýaşaýşy gözlemek üçin teleskop gurmakçy bolýar

NASA 7 sany kompaniýa bilen ekzoplanetalardan ýaşaýyş alamatlaryny gözlemäge niýetlenen Habitable Worlds Observatory (HWO) kosmos teleskopy üçin tehnologiýalary işläp düzmek maksatly şertnama baglaşdy. Obserwatoriýa ýüzlerçe we müňlerçe ýagtylyk ýylyndan uzaklykdaky, ýyldyzlaryň töwereginde aýlanýan we  planetalaryň atmosferasyndan geçýän ýagtylygy seljerer
Crew-11-iň astronawtlary lukmançylyk ewakuasiýasyndan soň Ýere möhletinden ir gaýdyp geldi
15.01.2026 16:31
4.3k+

Crew-11-iň astronawtlary lukmançylyk ewakuasiýasyndan soň Ýere möhletinden ir gaýdyp geldi

SpaceX amerikan kompaniýasynyň köp gezeklik Crew Dragon kosmos gämisi Crew 11 missiýasynyň ekipažy bilen şu gün Kaliforniýanyň günorta kenaryndaky Ýuwaş ummana üstünlikli gondy. Bu barada NASA habar berýär. NASA
NASA Crew-11 ekipažyny 15-nji ýanwarda Ýere gaýtaryp getirer
11.01.2026 18:13
2.1k+

NASA Crew-11 ekipažyny 15-nji ýanwarda Ýere gaýtaryp getirer

NASA Crew-11 kosmos gämisiniň ekipažyny 15-nji ýanwarda Ýere gaýtaryp getirmegi meýilleşdirýär. Bu barada agentligiň metbugat gullugy X sosial media platformasynda habar berdi. Crew-11 missiýasy Halkara kosmos stansiýasynda 2-nji awgustdan bäri işleýär
«Habbl» teleskopy kosmosda täze görnüşli obýekti tapdy: Ýyldyzsyz «Bulut 9»
11.01.2026 13:24
2.1k+

«Habbl» teleskopy kosmosda täze görnüşli obýekti tapdy: Ýyldyzsyz «Bulut 9»

«Habbl» (Hubble) kosmos teleskopy örän geň galdyryjy astronomik obýekti — içinde ýekeje ýyldyz hem bolmadyk, diňe gazdan we garaňky maddadan ybarat bolan ägirt uly buludy ýüze çykardy. Phys.org neşiriniň habar bermegine görä, bu açyş galaktikalaryň nähili emele gelýändigi baradaky ylmy garaýyşlary üýtgedip biler
ABŞ-nyň Kongresi Trampyň NASA-nyň býujetini azaltmak baradaky teklibini ret etdi
10.01.2026 11:32
3.8k+

ABŞ-nyň Kongresi Trampyň NASA-nyň býujetini azaltmak baradaky teklibini ret etdi

ABŞ-nyň Kongresi NASA-nyň 2026-njy maliýe ýyly üçin býujetini tassyklaýan kanun taslamasynyň gutarnykly görnüşini kabul etdi. Kanun çykaryjylar Prezident Donald Trampyň administrasiýasynyň çykdajylary ep-esli azaltmak baradaky teklibini goldamadylar
NASA astronawtyň saglyk ýagdaýy sebäpli Crew-11 ekipažyny kosmosdan möhletinden öň yzyna gaýtarýar
09.01.2026 16:16
5.5k+

NASA astronawtyň saglyk ýagdaýy sebäpli Crew-11 ekipažyny kosmosdan möhletinden öň yzyna gaýtarýar

NASA agentligi astronawtlaryň birinde ýüze çykan lukmançylyk meseleli ýagdaý sebäpli, SpaceX kompaniýasynyň Crew-11 ekipažyny meýilleşdirilen wagtyndan öň Ýere gaýtarmak barada karar kabul etdi. Bu barada CBS News neşiri kosmos agentliginiň direktory Jared Aýzekmana salgylanyp habar berýär
Marsdaky Curiosity enjamy planetadan «baýramçylyk otkrytkasyny» iberdi
07.01.2026 14:07
6.8k+

Marsdaky Curiosity enjamy planetadan «baýramçylyk otkrytkasyny» iberdi

NASA Marsdaky Curiosity enjamy tarapyndan düşürilen panorama suratyny hödürledi. «Baýramçylyk otkrytkasynda» Geýl kraterindäki Şarp dagynyň eňňitleri şekillendirilýär. Fotosuratda günüň dürli wagtynda düşürilen suratlar birleşdirilýär diýip, Phys
1972-nji ýyldan bäri ilkinji gezek: NASA fewralda Aýa ilkinji ekipažly uçuşy meýilleşdirýär
03.01.2026 23:21
4.5k+

1972-nji ýyldan bäri ilkinji gezek: NASA fewralda Aýa ilkinji ekipažly uçuşy meýilleşdirýär

NASA şu ýylyň fewralynda Artemis II missiýasyny uçurmagy meýilleşdirýär. Bu 1972-nji ýyldan bäri Ýere golaý orbitadan daşary ilkinji ekipažly uçuş bolar. Dört astronawt Aýyň daşyndan aýlanyp, gonmazdan Ýere gaýdyp geler
NASA we Boeing geljekki uçarlar üçin has uzyn we inçe ganatlary döredýärler
29.12.2025 12:03
4.7k+

NASA we Boeing geljekki uçarlar üçin has uzyn we inçe ganatlary döredýärler

NASA-nyň we Boeing-iň inženerleri täze görnüşli, uzaldylan we inçe ganatyň nusgasyny synagdan geçirdiler. New Atlas neşiriniň habar bermegine görä, bu gurluş ýangyç sarp edilişini we zyýanly gazlaryň zyňyndylaryny azaltmak üçin niýetlenendir
NASA Günüň ýüzündäki plazma partlamasynyň iň jikme-jik kadrlaryny çap etdi
22.12.2025 14:44
3.9k+

NASA Günüň ýüzündäki plazma partlamasynyň iň jikme-jik kadrlaryny çap etdi

NASA-nyň Parker Solar Probe apparaty Günüň ýüzünden zyňylýan Gün maddasynyň şu wagta çenli iň aýdyň suratlaryny almagy başardy. Suratlarda gyzgyn plazmanyň bir böleginiň partlamadan soň kosmosa gitmän, tersine, yzyna öwrülip, ýyldyza tarap "U-öwrümini" amala aşyrýandygy görünýär
SPHEREx teleskoby alty aýyň dowamynda tutuş Älemiň jikme-jik infragyzyl kartasyny döretdi
21.12.2025 13:09
2.9k+

SPHEREx teleskoby alty aýyň dowamynda tutuş Älemiň jikme-jik infragyzyl kartasyny döretdi

SPHEREx kosmos teleskoby alty aýyň içinde tutuş asman sferasynyň infragyzyl şöhlelerdäki ilkinji doly kartasyny düzmegi tamamlady. Apparat adamyň gözüne görünmeýän 102 dürli spektral diapazonda ýüz millionlarça galaktikany surata aldy
NASA: Perseverance marsroweri azyndan 2031-nji ýyla çenli missiýasyny dowam etdirmäge taýýar
20.12.2025 19:24
2.5k+

NASA: Perseverance marsroweri azyndan 2031-nji ýyla çenli missiýasyny dowam etdirmäge taýýar

NASA-nyň Perseverance marsroweri birnäçe tehniki synaglardan üstünlikli geçdi we geljekki ýyllarda Marsda gözleg missiýasyny dowam etdirmäge taýýar. Bu barada Milli aeronawtika we kosmos giňişligini barlamak boýunça müdirlik (NASA) habar berdi
NASA-nyň orbitadaky enjamy Marsyň üstüniň 100 000-nji suratyny aldy
19.12.2025 17:16
3.8k+

NASA-nyň orbitadaky enjamy Marsyň üstüniň 100 000-nji suratyny aldy

NASA-nyň Mars Reconnaissance Orbiter orbital enjamynyň bortuna gurnalan HiRISE (High Resolution Imaging Experiment) kamerasy Marsyň üstüniň 100 000-nji suratyny aldy. Ýubileý surat missiýa başlanandan tas 20 ýyl soň düşürildi
NASA Marsdaky MAVEN enjamy bilen aragatnaşygy ýitirdi
11.12.2025 09:32
2k+

NASA Marsdaky MAVEN enjamy bilen aragatnaşygy ýitirdi

ABŞ-nyň Milli aeronawtika we kosmos giňişligini öwrenmek edarasy (NASA) MAVEN (Mars Atmosphere and Volatile EvolutioN) Mars zondy bilen aragatnaşygyň ýitendigini habar berdi. Bu enjam Gyzyl planetanyň atmosferasyny öwrenmek bilen meşgullanýar
NASA «Habblyň» işini dowam etdirjek Roman teleskopyny ýygnamak işini tamamlady
09.12.2025 06:39
3.2k+

NASA «Habblyň» işini dowam etdirjek Roman teleskopyny ýygnamak işini tamamlady

Milli aeronawtika we kosmos giňişligini öwrenmek edarasy (NASA) Nensi Greýs Roman adyndaky kosmos teleskopyny (Nancy Grace Roman Space Telescope) ýygnamak işlerini tamamlady. Işleriň möhüm tapgyry 2025-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Merilendde NASA-nyň Goddard adyndaky kosmos uçuşlary merkezinde geçirildi
NASA-nyň ESCAPADE Mars zondundan düşürilen ilkinji suratlary çap edildi
27.11.2025 13:17
4.6k+

NASA-nyň ESCAPADE Mars zondundan düşürilen ilkinji suratlary çap edildi

NASA Marsa tarap barýan ESCAPADE zondundan alnan ilkinji suratlary hödürledi. Suratlar apparatyň kadaly işleýändigini we öz işlerini ýerine ýetirmäge taýýardygyny tassyklaýar. ESCAPADE missiýasy 14-nji noýabrda Blue Origin kompaniýasynyň New Glenn super agyr raketasynyň kömegi bilen badalga aldy
Boeing-iň kosmos gämisi ýene HKS-e iberiler, ýöne bu gezek ekipažsyz: uçuş senesi yglan edildi
26.11.2025 17:50
2.3k+

Boeing-iň kosmos gämisi ýene HKS-e iberiler, ýöne bu gezek ekipažsyz: uçuş senesi yglan edildi

NASA Boeing kompaniýasynyň Starliner kosmos gämisiniň ýene Halkara kosmos stansiýasyna iberiljekdigini habar berdi. Ýöne bu gezek ol ekipažly däl-de, diňe ýük bilen uçar. Maglumatlara görä, kompaniýa bilen 2024-nji ýylda baglaşylan ekipažly gämi barada şertnama üýtgediler
NASA 3I/ATLAS kometasynyň Ýere howp salmaýandygyny aýdyp, onuň emeli gelip çykyşyny ret etdi
20.11.2025 18:49
6.7k+

NASA 3I/ATLAS kometasynyň Ýere howp salmaýandygyny aýdyp, onuň emeli gelip çykyşyny ret etdi

3I/ATLAS kometasy Gün ulgamyndan daşary ýerden geldi diýip, brifingde NASA-nyň ýolbaşçysynyň orunbasary Amit Kşatriýa habar berdi. Agentligiň esasy ylmy işgäri Tom Stetler kometanyň Gün ulgamyndan ep-esli gadymy bolan ýyldyz ulgamynda emele gelip bilendigini aýdýar
“Jeýms Uebb” teleskopy ilkinji gezek üçünji nesil ýyldyzlaryny surata aldy
15.11.2025 21:53
3.6k+

“Jeýms Uebb” teleskopy ilkinji gezek üçünji nesil ýyldyzlaryny surata aldy

“Jeýms Uebb” kosmos teleskopyna ilkinji gezek Uly partlamadan gysga wagtdan soň emele gelen ýyldyzlary gönüden-göni surata almak başartdy. Olar üçünji populýasiýa (Pop III) ýyldyzlary diýlip atlandyrylýar we seýrek obýektler bolup, Älemiň dörän eýýamynyň gadymy obýektleri hasaplanýar diýip, Phys
Tehasda awtomobil ululygynda NASA-nyň enjamy gondy
14.10.2025 13:11
8.6k+

Tehasda awtomobil ululygynda NASA-nyň enjamy gondy

Tehas amerikan ştatynda meýdana awtomobil ululygynda NASA-nyň abzally kosmos enjamy gondy. Ýerli ýaşaýjy Enn Uolter, takmynan, 10 metr diametrli paraşýutda ýuwaşlyk bilen aşak düşýän obýekti gördi diýip, ABC News habar berýär
NASA-da astronawtlyga dalaşgärleriň düzüminde ilkinji gezek zenanlar erkeklerden köp boldy
29.09.2025 08:56
2.4k+

NASA-da astronawtlyga dalaşgärleriň düzüminde ilkinji gezek zenanlar erkeklerden köp boldy

NASA 2025-nji ýylda astronawt bolmaga dalaş edýän 10 adamyň adyny yglan etdi. Agentligiň taryhynda ilkinji gezek zenanlar erkeklerden köp boldy: alty zenan, dört erkek. Bäsleşige gatnaşmak üçin 8 müňden gowrak amerikaly arza tabşyrdy
NASA 2026-njy ýylda Aýyň daşyndan adamly uçuşy meýilleşdirýär
27.09.2025 19:40
2.7k+

NASA 2026-njy ýylda Aýyň daşyndan adamly uçuşy meýilleşdirýär

NASA 2026-njy ýylyň 5-nji fewralynda «Artemida» maksatnamasynyň çäginde ekipažly Aý uçuşyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Eger bu senä çenli ýetişilmese, iň soňky sene hökmünde aprel aýy görkezilýär diýip, Reuters habar berýär
NASA ýene 6 müňden gowrak planetanyň bardygyny tassyklady
24.09.2025 13:11
3.3k+

NASA ýene 6 müňden gowrak planetanyň bardygyny tassyklady

NASA Gün ulgamyndan daşary ýene 6 müňden gowrak planetanyň bardygyny tassyklady diýip, Science Alert neşiri habar berýär. Ilkinji ekzoplanetalar 1992-nji ýylda açyldy: astronomlar pulsaryň töwereginde aýlanýan birnäçe planetany ýüze çykardy
NASA “çipdäki beden agzalarynyň” Aýa uçuşa nähili çydajagyny barlar
18.09.2025 10:47
2.1k+

NASA “çipdäki beden agzalarynyň” Aýa uçuşa nähili çydajagyny barlar

NASA 10 gün dowam etjek we Aýa uçuşyň dowamynda geçjek Artemis II missiýasynyň çäklerinde AVATAR (A Virtual Astronaut Tissue Analog Response) synagyny geçirer. Synaglaryň dowamynda “çipdäki beden agzalary” - Artemis II-niň astronawtlarynyň süňk ýiliginiň öýjüklerini öz içine alýan fleşkanyň ölçegindäki enjamlar ulanylar
NASA Perseverance-yň tapyndysyny Marsdaky ýaşaýşyň iň ygtybarly subutnamasy diýip atlandyrdy
15.09.2025 09:50
2.9k+

NASA Perseverance-yň tapyndysyny Marsdaky ýaşaýşyň iň ygtybarly subutnamasy diýip atlandyrdy

NASA-nyň Marsda hereket edýän Perseverance enjamy tarapyndan ýygnalan nusga gadymy mikrob durmuşynyň yzlaryny saklap biler. Bu barada 2025-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda Nature žurnalynda neşir edilen NASA-nyň ylmy gözleginde aýdylýar
NASA-nyň täze tejribesinde 4 meýletinçi bir ýylyny Marsyň “simulyatorynda” geçirer
11.09.2025 21:21
6.7k+

NASA-nyň täze tejribesinde 4 meýletinçi bir ýylyny Marsyň “simulyatorynda” geçirer

NASA Marsyň barlag bazasyny simulýasiýa edýän gurşawda adamlary izolirlemek boýunça tejribeleriniň ikinji tapgyryny geçirer. 19-njy oktýabrda dört meýletinçi Hýustonyň Jonson adyndaky Kosmos merkeziniň Mars Dune Alpha barlaghanasyna ugrar
“Jeýms Uebb” teleskopy ýaşamak üçin şertleri bolup biljek planetany tapdy
11.09.2025 19:53
7.9k+

“Jeýms Uebb” teleskopy ýaşamak üçin şertleri bolup biljek planetany tapdy

TRAPPIST-1 ýyldyz ulgamyna girýän TRAPPIST-1e ekzoplanetasynda ýaşaýyş üçin laýyk gelýän şertler bolup biler. Bu barada “Jeýms Uebb” kosmos teleskopyndan alnan täze maglumatlara salgylanyp, NewScientist neşiri habar berýär
“Jeýms Uebb” Uranyň täze hemrasyny açdy
22.08.2025 13:22
3.2k+

“Jeýms Uebb” Uranyň täze hemrasyny açdy

“Jeýms Uebb” kosmos teleskopy Uranyň täze hemrasyny açdy – ol S/2025 U1 adyny aldy. Indi planetanyň mälim hemralarynyň sany 29-a ýetdi diýip, NASA habar berdi. Agentlik bu açyşyň 2025-nji ýylyň 2-nji fewralynda bolandygyny belleýär
Marsda Ýerde näbelli mineral tapyldy
13.08.2025 07:36
9.5k+

Marsda Ýerde näbelli mineral tapyldy

Marsa köpýyllyk gözegçilikler onuň üstüniň jikme-jik kartasyny döretmäge mümkinçilik berdi, ýöne planetanyň mineral düzümi häzire çenli doly öwrenilmän galýar. Alymlar bu planeta barada täze düşünjeleri almak üçin zond we spektr maglumatlaryny seljermegi dowam etdirýär, bu bolsa käwagtlar garaşylmadyk netijeleri berýär
Agramy 36 milliard Güne deň: “Habble” iň uly gara girdaby tapmaga kömek etdi
12.08.2025 16:25
5.6k+

Agramy 36 milliard Güne deň: “Habble” iň uly gara girdaby tapmaga kömek etdi

Astronomlar massasy 36 milliard Güne deň bolan, şu günki güne çenli iň uly gara girdabyň tapylandygyny habar berdiler. Obýekt Älemde bolup biläýjek zatlaryň nazary çägine ýakyn we Akmaýanyň ýolunyň merkezindäki iň uly gara girdap bolan Streles A*-dan, takmynan, 10 000 esse agyrdyr
NASA we Google Cloud kosmosda astronawtlara kömek etmek üçin EA lukmanyny döredýär
09.08.2025 18:20
3.5k+

NASA we Google Cloud kosmosda astronawtlara kömek etmek üçin EA lukmanyny döredýär

NASA we Google Cloud uzak dowam edýän kosmos missiýalarynda astronawtlara diagnoz goýmakda we bejermekde kömek edip biljek emeli aň ulgamyny synagdan geçirýär. Ulgam “Ekipaž lukmanynyň sanly kömekçisi” (CMO-DA) adyny aldy we Aýa gaýdyp barmak boýunça “Artemid” missiýasyndan başlap, ekipažly uçuşlara taýýarlygyň çäklerinde döredildi
Aýy koloniýalaşdyrmakda esasy maksatnamalardan biri bolan Lunar Trailblazer missiýasyny şowsuzlyga uçrady - NASA
07.08.2025 13:28
2.6k+

Aýy koloniýalaşdyrmakda esasy maksatnamalardan biri bolan Lunar Trailblazer missiýasyny şowsuzlyga uçrady - NASA

NASA Lunar Trailblazer missiýasynyň tamamlanandygyny resmi taýdan yglan etdi. Apprat bilen aragatnaşyk gutarnykly ýitdi diýip hasaplandy. Aýda suwy gözlemek üçin döredilen zond Artemis programmasynyň möhüm bölegi bolupdy
NASA Trampyň prezidentlik möhletiniň gutarmanka Aýa adam gondurmagy meýilleşdirýär
02.08.2025 15:13
4.4k+

NASA Trampyň prezidentlik möhletiniň gutarmanka Aýa adam gondurmagy meýilleşdirýär

NASA ýakyn ýyllarda astronawtlary Aýa ibermegi meýilleşdirýär. Bu barada edaranyň direktorynyň wezipe borçlaryny ýerine ýetiriji Şon Daffi Fox News bilen söhbetdeşlikde habar berdi. Missiýanyň birinji tapgyry geljek ýyla meýilleşdirilýär – ekipaž gonmazdan Aýyň töweregine uçuşy amala aşyrar
Aý we Ýer bir günde Günüň öňüni örtdi. NASA-nyň zondy seýrek hadysany ýazga aldy
31.07.2025 20:18
7.5k+

Aý we Ýer bir günde Günüň öňüni örtdi. NASA-nyň zondy seýrek hadysany ýazga aldy

NASA-nyň gije-gündizleýin Günüň işjeňligini yzarlaýan Solar Dynamics Observatory (SDO) kosmos zondy 25-nji iýulda  seýrek hadysany bellige aldy. Günüň öňüni ilki Aý bölekleýin ýapdy we üç sagatdan soň Ýer hem şu ýagdaýy gaýtalady
NASA-nyň her bäşinji işgäriniň işden boşadylmagyna garaşylýar
28.07.2025 18:23
4.2k+

NASA-nyň her bäşinji işgäriniň işden boşadylmagyna garaşylýar

ABŞ-nyň Milli aeronawtika we kosmos giňişliginiň barlaglary dolandyryş gullugy (NASA) 3870 töweregi işgäriň işden çykarylýandygyny habar berdi, bu bolsa işgärleriň umumy sanynyň 20%-ini düzýär. Şolar işden aýrylandan soň agentligiň işgärleri 18 000-den 14 000 adama çenli azalar
NASA Ýeriň magnit galkanyny öwrenmek üçin TRACERS zonduny uçurdy
28.07.2025 17:47
2.4k+

NASA Ýeriň magnit galkanyny öwrenmek üçin TRACERS zonduny uçurdy

NASA Ýere golaý giňişlikde magnit birikdiriş hadysalaryny öwrenmek üçin TRACERS missiýasyna başlady. Munuň üçin ol Kaliforniýadaky Wandenberg kosmos merkezinden SpaceX kompaniýasynyň Falcon 9 raketasyny ulandy
NASA we Hindistan Ýere syn ediş hemralaryndan iň gymmatlarynyň birini uçurmaga taýynlanýar
26.07.2025 11:59
3.1k+

NASA we Hindistan Ýere syn ediş hemralaryndan iň gymmatlarynyň birini uçurmaga taýynlanýar

30-njy iýulda ABŞ-nyň Milli aeronawtika we kosmos giňişliginiň barlaglary dolandyryş gullugy (NASA) we Hindi kosmos barlaglary guramasy (ISRO) tarapyndan işlenip düzülen NISAR Ýere gözegçilik hemrasyny (NASA-ISRO Synthetic Aperture Radar) uçurmak meýilleşdirilýär
NASA býujetiň azaldylmagy sebäpli hemralary we kosmos enjamlaryny satýar
21.07.2025 23:42
3.2k+

NASA býujetiň azaldylmagy sebäpli hemralary we kosmos enjamlaryny satýar

NASA-nyň Reaktiw hereket barlaghanasy (JPL) ozal Ýere gözegçilik etmek üçin ulanylan hemralary we kosmos enjamlaryny satyp başlady. Bu barada agentligiň öňki astrobiology Kit Kouwing tarapyndan ýöredilýän NASA Watch blogunda habar berilýär
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.