Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
tebigat
Baş sahypa
/
Habarlar
/
tebigat
22.02.2026 09:10
2.4k+
Ýabany totyguşlar özara «gepleşikde» çylşyrymly sintaksis düzgünlerini ulanýarlar
Sary boýunly amazonlar (totyguşlaryň seýrek duş gelýän Amazona auropalliata görnüşi) ýabany tebigatda wokal duetlerini emele getirenlerinde çylşyrymly sintaksisi ulanýarlar. Bu barada Journal of Avian Biology neşiri habar berýär
21.02.2026 15:50
5.3k+
Floridada kenara zyňylan girdenek kaşalotlarda bakteriýanyň nämälim görnüşleri ýüze çykaryldy
Floridanyň Atlantik uniwersitetiniň ýanyndaky Harbow-Branç okeanografiýa institutynyň hünärmenleri girdenek kaşalotlaryň organizmlerinde Helicobacter urugyna degişli, ylma ozal nämälim bolan üç sany bakteriýa genotipini tapdylar
19.02.2026 21:38
8.1k+
Antarktidanyň kenarýakalarynda ilkinji gezek akula göründi
Awstraliýaly alymlar topary Antarktikanyň suwlarynda, Günorta Şetland adalarynyň golaýynda ilkinji gezek akulanyň bardygyny hasaba aldy. Bu barada Associated Press habarlar agentligi habar berýär. Günbatar Awstraliýa uniwersitetiniň professory Alan Jeýmison: «Biz ol ýerde akula göreris diýip garaşmandyk, sebäbi Antarktikada akulalar ýok diýen umumy kabul edilen ylmy garaýyş bardy» diýip belledi
19.02.2026 12:31
4.5k+
ABŞ-da lagymdan 185 kilogramlyk lamantin halas edildi
ABŞ-nyň Florida ştatyndaky Melburn-Biç kenarynyň golaýynda, siliň suwuny akdyrýan lagym ulgamynda gysylyp galan 185 kilogramlyk äpet lamantin tapyldy. New York Post neşiriniň habar bermegine görä, bu deňiz süýdemdirijisini Melburn-Biç kärhanasynyň bir işgäri görüp, derrew degişli gulluklara habar beripdir
18.02.2026 07:37
7.8k+
Balykçylygyň gadagan edilmegi Ýanszy derýasynda 70 ýylda ilkinji gezek balyklaryň köpelmegine getirdi
Science žurnalynda Hytaýda geçirilen giň gerimli ekologik barlagyň netijeleri çap edildi. Onda alymlar 2021-nji ýylda Ýanszy derýasynyň howzunda täjirçilik maksatly balyk tutmaga girizilen on ýyllyk moratoriýanyň netijelerine baha berdiler
16.02.2026 16:39
12k+
Ýewropa şäherleri köçe yşyklaryny ak reňkden gyzyl reňke geçirýärler. Sebäbi?
Kopengageniň esasy köçeleriniň biriniň ak yşyklaryny gyzyl reňkli yşyklara çalyşdylar. Çyralaryň reňkiniň beýle görnüşde üýtgedilmegi gijeki haýwanlar üçin aýratyn zyýanly bolan yşyk hapalanmasyny azaltmak baradaky maksatnamanyň bir bölegi bolup durýar
16.02.2026 15:06
10k+
Italiýada meşhur «Aşyklaryň arkasy» gaýasy ýumruldy
Italiýanyň Apuliýa sebitindäki Adriatika deňziniň kenarynda «Aşyklaryň arkasy» ady bilen tanalýan Sant-Andrea gaýasy ýumruldy. Ýerli häkimiýetleriň maglumatlaryna görä, muňa ygally howa şertleri we deňiz eroziýasy sebäp boldy
15.02.2026 19:36
3.8k+
Şyrkyldawuk leňňeçlerde başga hiç jandarda duş gelmeýän gorag «başgaby» tapyldy
Şyrkyldawuk leňňeçler öz gyrkyçlaryny gulagyňy deşip barýan derejede şyrkyldadyp, awlaryny we garşydaşlaryny seňseletmek ukyby bilen meşhur. Olar şeýle edenlerinde ýokary tizlikli suw akymyny döredip, güýçli urgy tolkunyny emele getirýärler
15.02.2026 17:58
5.8k+
Fin aýlagyny soňky on ýylyň dowamynda görülmedik derejede buz örtdi
2026-njy ýylyň fewralynda Fin aýlagyndaky buzuň meýdany soňky on ýyl boýunça iň uly derejesine ýetdi. Bu barada Helsingin Sanomat gazeti habar berdi. Neşiriň maglumatlaryna görä, buzuň galyňlygy häzirki wagtda 10-dan 40 santimetre çenli ýetýär
15.02.2026 13:47
3.2k+
Aloe weranyň düzüminde Alsgeýmer keseline garşy madda tapyldy
Alymlar aloe wera ösümliginiň düzüminde Alsgeýmer keselini bejermek üçin zerur dermanlaryň esasyny düzüp biljek täze bir birleşmäni ýüze çykardylar. Beta-sitosterol diýlip atlandyrylýan bu madda ýatkeşligiň peselmegi bilen bagly iki sany fermentiň işine täsir etmäge ukyply
15.02.2026 09:44
10k+
Taýwanda ýaşy 400–800 müň ýyla barabar bolan äpet pitonyň oňurgasy tapyldy
Arheologlar Taýwanda ýaşy 400–800 müň ýyl diýlip çaklanylýan äpet pitonyň oňurgasyny tapdy. Bu tapyndy şeýle ýylanlaryň bir wagtlar adada ýaşandygyny subut edýän ilkinji gazylyp tapylan subutnamadyr. Barlagyň netijeleri Historical Biology žurnalynda çap edildi
14.02.2026 18:58
4.3k+
Şäher durmuşy garynjalary üýtgetdi: indi olaryň iýmit dannaýşy peselýär
Şäherlerdäki durmuş şertleri janly organizmleriň ýaşaýyş ýörelgelerini mazaly üýtgedýär. Alymlaryň anyk maglumatlaryna görä, şäherleşmek ýagdaýy garynjalaryň hem iýmitleniş endiklerine täsir edip, olaryň uglewod çeşmelerini saýlamakdaky talapkärligini peseldipdir
14.02.2026 14:15
3.2k+
Norwegiýa deňziniň düýbünde adatdan daşary wodorod çeşmesi tapyldy
Alymlar Norwegiýa deňziniň düýbünde düzüminde adatdan daşary ýokary mukdarda wodorod saklaýan gidrotermal çeşmeleri ýüze çykardylar. Knipowiç gerşiniň çäklerinde edilen bu açyş şeýle ulgamlaryň emele gelşi we beýleki planetalaryň ummanlaryndaky ýaşaýyş mümkinçilikleri baradaky düşünjelere üýtgeşme girizip biler
12.02.2026 13:26
3.7k+
Alymlar strategik pikirlenip aw etmek ukyby bolan täsin möý hakda gürrüň berdiler
Alymlar soňky wagtlar Portia urugyna degişli möýleriň geň galdyryjy ukyplaryna üns berdiler. Ratgers uniwersitetiniň ewolýusion biology Skott Trewersiň Forbes neşirinde ýazan makalasynda bellemegine görä, bu möýler özleriniň örän kiçijik nerw ulgamyna garamazdan, çylşyrymly we çeýe awçylyk endiklerini özleşdiripdirler
11.02.2026 09:21
7.1k+
Gartaşýan dünýäde ilatyň azalmagy nähili töwekgelçilikleri döredýär?
Geçen aýda Hytaý 1949-njy ýyldan bäri iň pes dogluş derejesi barada habar beripdi. ABŞ-da bolsa ilatyň ösüşi, immigrasiýanyň azalmagy we dogluş derejesiniň dowamly peselmegi sebäpli, rekord derejede haýallady. Şuna meňzeş ýagdaýlar Hindistanda, Günorta Koreýada, Italiýada, Kolumbiýada we Meksikada hem hasaba alynýar
11.02.2026 00:20
8.2k+
Äpet nemes dogy Minni Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi
Nemes dogy tohumyndan bolan Minni lakamly it dünýäniň iň uly iti hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Adatça erkek itler daýaw bolýar diýlip hasap edilse-de, boýy gerişden ölçelende 97,5 santimetre ýetýän Minnini-de olardan kemlär ýaly däl
09.02.2026 18:55
10k+
Ýer ýüzüniň iň gök we dury suwy nirede ýerleşýär
Alymlar owadan suratlara ýa-da subýektiw garaýyşlara däl-de, ylmy maglumatlara esaslanyp, Ýer ýüzündäki haýsy suwlary iň gök we dury suwlar hasaplap boljakdygy baradaky soraga jogap bermäge synanyşdy diýip, IFLScience neşiri habar berýär
06.02.2026 15:41
17k+
Indoneziýada täsin ululykda piton tapyldy: ýylanyň uzynlygy 7 metrden geçýär
Sulawesi adasynda dünýäniň rekordlar sanawyny täzelän ýylan tapyldy. Ibu Baron (Baronessa) diýlip atlandyrylan torjumak urkaçy piton Ýer ýüzünde iň uzyn ýabany ýylan diýlip resmi taýdan ykrar edildi we Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi
05.02.2026 02:54
9.9k+
Gyrgyzystanda agramy 180 tonnadan geçýän täsin ägirt uly daş tapyldy
Gyrgyzystanyň Ysykköl sebitinde agramy 180 tonnadan geçýän ägirt uly mineral daş syýahatçylar üçin resmi taýdan açyldy. Ol Jeti-Oguz etrabynda, Çon-Gyzyl-Suu obasyndan takmynan üç kilometr uzaklykda, öňler ýol-ýodasyz, barmasy kyn ýerde ýerleşýär
04.02.2026 12:04
10k+
Uelsde adam-garasyz adada ýaşajaklara iş hödürlenýär: bar etmelisi – guş sanamaly
Uelsiň Skomer adasynda mugt ýaşamak hödürlenilýär. Teklibe razy bolan adamlar esasan deňiz guşlarynyň, şol sanda seýrek duş gelýän Fratercula arctica guşlarynyň sanawyny ýöretmeli diýip, Bi-bi-si habar berýär. Maksatnamany Günorta we Günbatar Uelsiň ýabany tebigat gaznasy (WTSWW) guraýar
03.02.2026 08:57
4.4k+
Atlar adam gorkusynyň ysyny alýar
Fransiýaly etologlar atlaryň diňe ysa esaslanyp hem adamyň emosional ýagdaýyny duýup bilýändigini anykladylar. Geçirilen synaglar haýwanlary gorkan adamlaryň deriniň biynjalyk edýändigini, olaryň ýygy-ýygydan tisginmegine, galtaşmakdan gaça durmagyna sebäp bolýandygyny görkezdi
03.02.2026 06:29
3k+
Paleontologlar Portugaliýada dili uzyn gadymy amfibiýany tapdylar
Portugaliýanyň Lorinýan formasiýasynda mundan takmynan 150 million ýyl ozal ýaşan we ozal nämälim bolan Nabia civiscientrix atly örän gadymy amfibiýanyň galyndylary tapyldy. Bu tapyndy dinozawrlaryň döwründen tä iň soňky buzluk eýýamyna çenli ýaşan, az öwrenilen we nesli kesilen Albanerpetontidae toparyna degişlidir
30.01.2026 20:25
4.6k+
Indoneziýada mundan beýläk pil münmek gadagan: bu jandara zeper ýetirýär
World Animal Protection guramasynyň saýtynda berilýän habara görä, Indoneziýanyň häkimiýetleri ähli tebigat goraghanalarynda we syýahatçylyk desgalarynda pile münüp gezelenç etmegi gadagan etdiler. Bu baradaky resmi hat eýýäm 2025-nji ýylyň ahyrynda çap edilipdi
29.01.2026 10:15
3.5k+
Ady — Nowruz: Gazagystanda arynyň täze görnüşi tapyldy
Nemes entomologlary Gazagystanyň günorta-gündogarynda arynyň täze görnüşini tapdylar. Ol mundan ozal Merkezi Aziýada, Eýranda, Ysraýylda we Ýakyn Gündogaryň birnäçe ýurdunda duş gelýän sekiz görnüşi bilen tanalýan Planiandrena aşaky jynsynyň dokuzynjy wekili boldy
«
1
2
3
4
5
»
«
1
2
3
4
5
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.