Saýlanan şäher
28 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
ylym
Baş sahypa
/
Habarlar
/
ylym
17.02.2026 20:02
2.9k+
Alymlar Gün ýylylygyny ýyllar boýy saklamaga ukyply molekulany döretdiler
Santa-Barbaradaky Kaliforniýa uniwersitetiniň alymlary Gün şöhlesini siňdirip, ony ýyllar boýy saklamaga we soňra zerur wagty ýylylygy bölüp çykarmaga ukyply organiki birleşmäni döretdiler. Laboratoriýa barlaglarynda bu ýylylygyň otag temperaturasyndaky suwy gaýnatmaga ýetýändigi subut edildi
17.02.2026 09:29
4.4k+
Beýik Britaniýada elektrik toguny simsiz geçirmek synag edilýär
Beýik Britaniýada elektriki energiýasyny hiç hili simsiz geçirmek boýunça täze taslama badalga berildi. Wireless Power Transmission diýlip atlandyrylýan bu taslama, adaty elektrik ulgamlaryny we kabelleri simsiz ulgamlar bilen çalşyp boljakdygyny ýa-da olary bar bolan infrastruktura bilen bilelikde ulanyp boljakdygyny öwrenýär
16.02.2026 18:08
6.8k+
Ýyldyz ýuwdan gara girdap öňküden güýçlendi we 50 esse ýiti ýanyp başlady
Oregon uniwersitetiniň professory Iwett Sendesiň ýolbaşçylygyndaky astronomlar topary AT2018hyz diýlip atlandyrylýan sowulma güýji arkaly dargama ýagdaýyndan gelýän radioşöhlelenmäniň birden artandygyny hasaba aldylar
15.02.2026 13:47
3.2k+
Aloe weranyň düzüminde Alsgeýmer keseline garşy madda tapyldy
Alymlar aloe wera ösümliginiň düzüminde Alsgeýmer keselini bejermek üçin zerur dermanlaryň esasyny düzüp biljek täze bir birleşmäni ýüze çykardylar. Beta-sitosterol diýlip atlandyrylýan bu madda ýatkeşligiň peselmegi bilen bagly iki sany fermentiň işine täsir etmäge ukyply
14.02.2026 18:58
4.3k+
Şäher durmuşy garynjalary üýtgetdi: indi olaryň iýmit dannaýşy peselýär
Şäherlerdäki durmuş şertleri janly organizmleriň ýaşaýyş ýörelgelerini mazaly üýtgedýär. Alymlaryň anyk maglumatlaryna görä, şäherleşmek ýagdaýy garynjalaryň hem iýmitleniş endiklerine täsir edip, olaryň uglewod çeşmelerini saýlamakdaky talapkärligini peseldipdir
14.02.2026 17:27
3.5k+
NASA üçünji «ganatly» uçary synagdan geçirdi: ol ýangyç sarp edilişini peseldýär
NASA aerodinamiki garşylygy gowşatmak we ýangyjy az sarp etmek maksady bilen ýasalan CATNLF ganatynyň uly göwrümli modeliniň ilkinji uçuş synagyny geçirdi. Synag 29-njy ýanwarda Kaliforniýadaky NASA-nyň Armstrong adyndaky barlag merkezinde amala aşyrylsa-da, bu barada resmi taýdan diňe häzir habar berildi
14.02.2026 14:15
3.2k+
Norwegiýa deňziniň düýbünde adatdan daşary wodorod çeşmesi tapyldy
Alymlar Norwegiýa deňziniň düýbünde düzüminde adatdan daşary ýokary mukdarda wodorod saklaýan gidrotermal çeşmeleri ýüze çykardylar. Knipowiç gerşiniň çäklerinde edilen bu açyş şeýle ulgamlaryň emele gelşi we beýleki planetalaryň ummanlaryndaky ýaşaýyş mümkinçilikleri baradaky düşünjelere üýtgeşme girizip biler
13.02.2026 23:10
6.9k+
Gury ýerdäki ilkinji ot iýýän jandar: 307 million ýyllyk Tyrannoroter tapyldy
Paleontologlar ösümlikler bilen iýmitlenmegi başaran iň irki oňurgaly jandarlaryň birine degişli 307 million ýyllyk galyndylary ylmy esasda suratlandyrdylar. Bu möhüm gözleg Nature Ecology & Evolution žurnalynda çap edildi
13.02.2026 19:35
18k+
Fransuz alymlary 10 günläp ýatmaga razy bolanlara 5000 ýewro töleýär
Tuluzadaky Kosmos medisinasyny we fiziologiýasyny öwreniş instituty geljekki kosmos uçuşlaryna taýýarlyk görmek maksady bilen, açlyk we ýatmak düzgünini barlamak üçin meýletinçileri gözleýär. Barlaga sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän 20–40 ýaş aralygyndaky erkek adamlar çagyrylýar
13.02.2026 13:45
2.1k+
Wenerada ägirt uly lawa tuneliniň alamatlary ýüze çykaryldy
Trento uniwersitetiniň alymy Lorenso Brussoneniň ýolbaşçylygyndaky halkara gözlegçiler topary Wenera planetasynda örän uly ýerasty lawa tuneliniň bardygyny subut etdiler. Bu açyşa NASA-nyň mundan 35 ýyl ozal planetada işlän «Magellan» missiýasynyň radiolokasion maglumatlarynyň gaýtadan seljerilmegi esas boldy
13.02.2026 10:25
1.4k+
Hytaý kosmosda ilkinji gezek «beýni—kompýuter» interfeýsini synagdan geçirdi
Hytaý alymlary dünýäde ilkinji gezek orbitada simsiz oturdylýan «beýni-kompýuter» interfeýsiniň (BCI) işini synagdan geçirendiklerini habar berdiler. Bu synagyň maksady — şeýle tehnologiýanyň kosmos şertlerinde işlemek ukybynyň näderejededigini anyklamakdan ybarat
13.02.2026 10:11
3k+
Alymlar möý kerebiniň berk we çeýeliginiň sebäbini anykladylar
Londonyň Patyşalyk kollejiniň we San-Diegodaky Kaliforniýa uniwersitetiniň alymlary möý kerebine bir wagtyň özünde hem ýokary berklik, hem-de çeýelik berýän molekulýar prosesleri ýüze çykardylar. Bu barlagyň netijeleri Proceedings of the National Academy of Sciences žurnalynda neşir edildi
12.02.2026 13:26
3.7k+
Alymlar strategik pikirlenip aw etmek ukyby bolan täsin möý hakda gürrüň berdiler
Alymlar soňky wagtlar Portia urugyna degişli möýleriň geň galdyryjy ukyplaryna üns berdiler. Ratgers uniwersitetiniň ewolýusion biology Skott Trewersiň Forbes neşirinde ýazan makalasynda bellemegine görä, bu möýler özleriniň örän kiçijik nerw ulgamyna garamazdan, çylşyrymly we çeýe awçylyk endiklerini özleşdiripdirler
12.02.2026 10:54
3.9k+
Fizikler Edisonyň unudylan tejribesinden geljegiň tehnologiýasynyň salgysyny tapdylar
XIX asyryň ahyrynda Tomas Edison iş edinip, lampalaryň has uzak wagtlap ýanmagynyň ýollaryny gözledi. Aradan takmynan 150 ýyl geçensoň, alymlar onuň tejribelerinden birini gaýtalamak kararyna geldiler we garaşylmadyk açyş etdiler
12.02.2026 10:44
1.6k+
Neýrobiologlar çagalaryň elde hat ýazmaklarynyň peýdalydygyny aýdýarlar
Soňky ýyllarda sanly enjamlaryň giňden ýaýramagy sebäpli, köp ýurtlaryň mekdep maksatnamalaryndan harplaryň biri-birine birikdirilip ýazylýan usuly aýrylyp başlapdy. Emma neýrobiologlaryň we bilim hünärmenleriniň Nature žurnalynda neşir edilen pikirlerine görä, el bilen ýazmak ukyby zehin ösüşi üçin uly ähmiýete eýedir
10.02.2026 15:07
3.1k+
Niderlandlarda himiýa kanunlaryny inkär edýän we öz-özüni dikeldýän plastik döredildi
Niderlandlaryň Wageningen uniwersitetiniň barlagçylary, professor Ýasper wan der Guhtyň ýolbaşçylygynda, materialyň düýpgöter täze görnüşini oýlap tapdylar we oňa «kompleksimer» diýip at dakdylar. Onuň üýtgeşikligi, öň biri-birine düýbünden çapraz gelýär diýlip hasap edilen häsiýetleri-de özünde jemlemegindedir
10.02.2026 09:48
2.2k+
Ýapon alymlary wolframdan 3D çap etmegiň täze usulyny işläp düzdüler
Hirosima uniwersitetiniň alymlary iň gaty senagat materiallarynyň biri bolan wolfram-kobalt karbidinden (WC-Co) dürli önümleri 3D çap etmegiň innowasion usulyny tapdylar. Täze tehnologiýa materialy doly eretmän, ony diňe ýumşatmak arkaly işleýär
09.02.2026 21:04
6.5k+
Iki aýlyk bäbekleriň beýnisi çak edilişinden has ösen bolup çykdy
Görüp oturylsa, bäbekler eýýäm iki aýlyk wagtlarynda janly we jansyz zatlary biri-birinden tapawutlandyrmagy başarýan ekenler. Munuň şeýledigini beýniniň ösüşiniň we daşky dünýäni işjeň tertipleşdirmegiň öňki çak edilişinden has ir başlanýandygyny görkezýän kognitiw ukyplar baradaky täze barlaglar hem subut edýär diýip, Nature Neuroscience žurnaly habar berýär
09.02.2026 18:55
10k+
Ýer ýüzüniň iň gök we dury suwy nirede ýerleşýär
Alymlar owadan suratlara ýa-da subýektiw garaýyşlara däl-de, ylmy maglumatlara esaslanyp, Ýer ýüzündäki haýsy suwlary iň gök we dury suwlar hasaplap boljakdygy baradaky soraga jogap bermäge synanyşdy diýip, IFLScience neşiri habar berýär
09.02.2026 00:09
2.1k+
«Jeýms Webb» teleskopy iň uzakdaky «MoM-z14» galaktikasyny surata düşürdi
Astronomlar «Jeýms Webb» kosmos teleskopunyň kömegi bilen häzirki wagtda mälim bolan galaktikalaryň iň uzakdakysyny tapdylar. «MoM-z14» diýlip atlandyrylýan bu galaktikanyň şuglasynyň Ýer şaryna ýetmegi üçin takmynan 13,5 milliard ýyllyk ýol gerek bolýar
08.02.2026 18:42
3.8k+
Olar aňsat bildirmeýärler: barlaglar gyzlaryň hem autizmden az ejir çekmeýändigini görkezdi
Şwesiýanyň Karolinska institutynyň alymlary tarapyndan geçirilen barlaglar autizm baradaky öňki düşünjeleri düýpgöter üýtgedýär. Täze maglumata görä, gyzlar hem autizm spektriniň bozulmalaryndan oglanlardan az ejir çekmeýärler
07.02.2026 22:33
7.7k+
Yrakda Aleksandr Makedonskiniň ýiten şäheriniň anyk ýeri kesgitlendi
Yragyň günortasynda ylmy gözlegçiler Aleksandr Makedonskiý tarapyndan esaslandyrylan port şäheri — Tigrdäki Aleksandriýanyň ýerleşýän ýerini anyklamagy başardy. Ol asyrlaryň dowamynda ýazuw çeşmelerinden mälim bolsa-da, birmeňzeş atly birnäçe şäheriň bolmagy sebäpli, onuň anyk ýerleşýän nokady jedelli mesele bolup galypdy
07.02.2026 17:42
3.6k+
Azyk önümleriniň ýaramlylyk möhletini uzaldýan plýonka oýlanyp tapyldy
Öz üstündäki mikroplaryň tas 100 göterimini ýok etmäge ukyply, azyk önümlerini gaplamak üçin niýetlenen innowasion material döredildi. Bu täzelik önümleriň saklanyş möhletini artdyrmaga we iýmitden zäherlenmek töwekgelçiligini azaltmaga mümkinçilik berer diýip, Tomsk döwlet uniwersitetiniň (TDU) saýtynda habar berilýär
07.02.2026 02:25
5.2k+
Türkmen himikleri ekologiýa taýdan has arassa sement öndürmegiň usulyny tapdylar
Türkmen alymlary taýýar materialyň hilini ýitirmezden, çig malyň we ýangyjyň sarp edilişini azaltmaga mümkinçilik berýän, mineral goşundylaryň paýy ýokarlandyrylan portlandsement öndürmegiň tehnologiýasyny işläp düzdüler
05.02.2026 16:20
9.3k+
Ispaniýada taryhda iň kiçijik dinozawrlaryň biri tapyldy
Ispaniýanyň demirgazygynda paleontologlar dinozawryň täze görnüşini — irki hek döwrüniň iň kiçi ornitopodlarynyň biri bolan Foskeia pelendonum diýlip atlandyrylan görnüşi ýüze çykardy. Bu jandaryň boýy ýarym metrden geçmeýär, emma onuň kelleçanagynyň gurluşy örän çylşyrymly we ewolýusion taýdan ösen bolup çykdy
05.02.2026 11:56
5.8k+
ABŞ-ly hirurglar hassany 48 sagatlap öýkensiz diri saklamagy başardylar
Amerikaly hirurglar näsagy iki gije-gündizläp öýkensiz diri saklamagy başardylar. Lukmaçylygyň bu haýran galdyryjy üstünligi barada ScienceAlert ylmy neşirde has içgin gürrüň berilýär. 33 ýaşly erkek adam agyr dümewden soň ölüm bilen ýaşaýyşyň arasynda galýar
05.02.2026 08:55
2k+
Awstraliýada çagalar üçin rak keseliniň garşysyna waksinanyň ilkinji synagy geçiriler
Awstraliýaly alymlar bejergisi agyr bolan beýin çiş keselinden ejir çekýän çagalara niýetlenen rak keseliniň garşysyna sanjymy synag etmäge taýýarlanýarlar. Şeýle synag dünýäde ilkinji gezek geçirilýär. Bu barada waksinanyň kliniki däl barlaglary geçirilen Kwinslend ştatynyň uniwersiteti (UQ) mälim etdi diýip, TASS-yň habarlarynda aýdylýar
05.02.2026 02:03
3k+
Ýupiter «garnyny çekdi»: iň uly planeta ozal hasaplanyşyndan kiçi bolup çykdy
Gün ulgamynyň iň uly planetasy bolan Ýupiter soňky 50 ýylyň dowamynda kabul edilen ölçeglerinden birneme kiçi we polýuslarda has gysby bolup çykdy. Bu netijä Ysraýylyň Weýsman ylmy instituty tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän halkara alymlar topary NASA-nyň Juno zondundan alnan maglumatlary seljermek arkaly geldiler
04.02.2026 11:00
6k+
Gün sowaşýar: onuň işjeňligi 2024-nji ýyldaky iň ýokary derejesinden 2–3 esse peseldi
Günüň işjeňligi durnukly peselme tapgyryna geçdi. Häzirki işjeňlik döwrüniň iň ýokary nokady 2024-nji ýylda doly geçildi diýip, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos barlaglary instituty habar berýär. Berilýän maglumatlardan çen tutsaň, ýakyn ýyllarda görkezijiler geçilen ýokary derejelerine gaýdyp gelmez
03.02.2026 23:56
3.2k+
Mikroblar kosmosda adatdan daşary güýje eýe bolýar
Halkara kosmos stansiýasyndaky (HKS) mikrograwitasiýa şertlerinde inkubasiýadan geçen bakteriofaglar, peşew ýollarynyň ýokançlyklaryna sebäp bolýan Ýerdäki bakteriýalary ýok etmek ukybyna eýe boldular. Bu baradaky ylmy iş PLOS Biology žurnalynda çap edildi
02.02.2026 18:06
5.9k+
Infarkt bilen iş gutaranok: ýüregiň bellibir derejede gutulyp bilýänligi anyklanyldy
Awstraliýaly alymlar infarktdan soň adamyň ýüreginiň täze ýürek myşsalarynyň öýjüklerini emele getirip bilýändigini ýüze çykardylar. Bu, organyň doly dikelmegi diýmek bolmasa-da, şeýle ýagdaýda ýüregiň diňe çat açmak bilen çäklenmeýändigi baradaky möhüm hem teselli beriji täzelikdir
02.02.2026 15:57
3.6k+
Ýapon alymlary Nipah wirusyna garşy sanjym döretdi: ol aprelde adamlarda synag ediler
Tokio uniwersitetiniň Ösen ylym we tehnologiýa gözleg merkeziniň hünärmenleri Nipah wirusyna garşy sanjym işläp taýýarlady. Nikkei gazetiniň habar bermegine görä, aprel aýynda sanjymyň adamlardaky synagynyň birinji tapgyry başlanar
01.02.2026 23:09
2.5k+
Ýaponiýaly alymlar ultrases barlagynda suwuk geliň deregine polimer ýassyk döretdiler
Ýaponiýanyň Kindaý uniwersitetiniň hünärmenleri ultrases barlaglarynda (UZI) adaty geliň deregine ulanyp boljak polimer "ýassygy" döretdiler. Bu täzelik barada "Scientific Reports" ylmy žurnalynda makala çap edildi
31.01.2026 08:52
2.6k+
Haýsy döwlet ylmy-barlaglar üçin köp çykdajy edýär? 25 ýylyň infografikasy
Soňky ýigrimi ýylyň dowamynda ylmy-barlag we tejribe-gurnamaçylyk işlerine (NIOKR /R&D) gönükdirilýän global çykdajylar ep-esli artdy. 2000-nji ýylda bu görkeziji 1 trillion dollardan hem az bolan bolsa, 2024-nji ýyla çenli 3 trillion dollara golaýlady
30.01.2026 08:37
2.6k+
Uky beýniden öň döräpdir. Muny meduzalar subut etdi
Meduzalar hem gije-gündiziň dowamynda adamlar ýaly takmynan sekiz sagat ýatýan ekenler. Bu barada Nature Communications žurnaly Bar-Ilan uniwersitetiniň alymlaryna salgylanyp habar berýär. Lior Appelbaumyň ýolbaşçylygynda işleýän neýrobiologlar boşiçegeliler toparyna degişli jandarlary öwrenip, şeýle netijä geldiler
29.01.2026 20:16
2.4k+
Çagalar bakja baglary peýdaly bakteriýalaryň esasy çeşmesi bolup çykdy
Halkara alymlar topary çagalaryň bakja-baglara gitmeginiň olaryň içege mikrobiomasynyň kemala gelmegine öý şertlerinden has güýçli täsir edýändigini anykladylar. Bary-ýogy birnäçe aýdan soň, çagalar peýdaly bakteriýalary ene-atalaryna garanyňda, öz deň-duşlary bilen has işjeň alyş-çalyş edip başlaýarlar
29.01.2026 18:18
8.3k+
Matematik alym tas iki asyrdan bäri çözülmeze dönen deňlemäni çözdi
Russiýaly matematik Iwan Remizow differensial deňlemeler nazaryýetine degişli bolan we 190 ýyldan gowrak wagt bäri analitiki usul bilen çözüp bolmaýar diýlip hasaplanan meseläniň çözgüdini tapdy. Habarda häzirki zaman ylmynyň esasy gurallarynyň biri bolan üýtgeýän koeffisiýentli ikinji tertipli differensial deňlemeler barada gürrüň gidýär
29.01.2026 10:15
3.5k+
Ady — Nowruz: Gazagystanda arynyň täze görnüşi tapyldy
Nemes entomologlary Gazagystanyň günorta-gündogarynda arynyň täze görnüşini tapdylar. Ol mundan ozal Merkezi Aziýada, Eýranda, Ysraýylda we Ýakyn Gündogaryň birnäçe ýurdunda duş gelýän sekiz görnüşi bilen tanalýan Planiandrena aşaky jynsynyň dokuzynjy wekili boldy
28.01.2026 18:38
6.9k+
Gýoteniň kolleksiýasyndaky ýantar daşynyň içinde 40 mln ýyl ozal gatap galan garynja tapyldy
Fridrih Şiller adyndaky Ýena uniwersitetiniň alymlary ýantar daşynyň içinde 40 million ýyl ozal gatap galan garynjany tapdy. Bu tapyndy meşhur nemes şahyry Iogann Wolfgang fon Gýoteniň kolleksiýasyndaky ýantar daşy öwrenilen wagty ýüze çykaryldy
28.01.2026 16:58
6.3k+
Russiýada dünýäniň iň güýçli neýtrino obserwatoriýasy gurlar
Russiýanyň Çelýabinsk oblastynyň Snežinsk şäherinde dünýäde iň täze we iň iri neýtrino obserwatoriýasyny gurmak meýilleşdirilýär. Bu barada Milli fizika we matematika merkezi habar berýär. Taslama hakynda merkeziň ylmy ýolbaşçysy, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi Aleksandr Sergeýew yglan etdi
«
1
…
8
9
10
…
52
»
«
1
…
5
6
7
8
9
10
11
12
13
…
52
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.