Saýlanan şäher
28 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
ylym
Baş sahypa
/
Habarlar
/
ylym
24.11.2025 13:51
7k+
Alymlar Santorinidäki 25 müňden gowrak ýertitremäniň sebäbini anyklady
Şu ýylyň başynda Santorini grek adasynda köpüsiniň ululygy 5 baldan geçýän onlarça müň ýertitreme bolup geçdi. Indi birnäçe aýdan soň alymlar bu hadysanyň sebäbini anyklady – ol magmanyň, ýagny erän dag jynsynyň ýerasty hereketi boldy diýip, Bi-bi-si habar berýär
24.11.2025 13:43
4.1k+
Halkara nebit we gaz uniwersitetinde ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy boýunça bäsleşik geçirildi
21-22-nji noýabrda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy boýunça bäsleşik geçirildi. Bilim ministrligi tarapynda guralan bu bäsleşige Türkmenistanyň dürli künjeginden ýaşlaryň 300-e golaýy öz taýýarlan robotlary bilen gatnaşdy
23.11.2025 20:23
6.5k+
Alymlar süňkleriň öz-özüni dikeltmegine kömek etmegiň ýoluny tapdylar
Alymlar köp ýyllardan bäri süňk dykyzlygynyň peselýän we döwülme howpuny ýokarlandyrýan kesel bolan – osteoporoz keselini öwrenýärler. Häzirki dermanlar süňk dokumasynyň ýumrulmagyny haýalladýar ýa-da gysga wagtlyk onuň ösüşini höweslendirýär, emma käbirleri ýaramaz täsirleri döredýär
21.11.2025 23:19
8.1k+
Awstraliýada 55 mln ýyl ozal ýaşan krokodilleriň ýumurtgalarynyň bölekleri tapyldy
Awstraliýanyň gündogaryndaky Murgon şäherinde krokodilleriň ýitip giden toparynyň ýumurtgalarynyň ýurtda iň gadymy bölekleri tapyldy. Tapyndy alymlara bu haýwanlara we olaryň ýaşaýyş gurşawyna has gowy düşünmäge mümkinçilik berer diýip, Täze Günorta Uels uniwersiteti habar berýär
20.11.2025 12:08
4k+
Hytaýda maýmynyň näbelli görnüşiniň galyndylary tapyldy
Londonyň Zoologiýa institutynyň alymlary we olaryň hytaýly kärdeşleri Sianda takmynan 2200–2300 ýyl ozal jaýlanan zenanyň mazarynda gibbonyň (maýmynyň görnüşi) ozal näbelli görnüşiniň galyndylaryny tapdylar. Skelet ilkibaşda 2004-nji ýylda tapylypdy, ýöne jikme-jik öwrenilmegi onuň Nomascus urugynyň ýok bolup giden görnüşine degişlidigini görkezdi diýip, Arkeonews neşiri ýazýar
20.11.2025 11:50
4.4k+
Alymlar ilkinji gezek 40 müň ýyllyk mamontyň RNK-syny açyklap başardylar
Halkara alymlar topary Ýakut mamontlarynyň galyndylaryndan ilkinji gezek matrisa RNK (mRNK) molekulalaryny alyp, açyklamagy başardylar. Bu molekulalar, öýjükleriň beloklary döretmek üçin ulanýan genleriň işleýän göçürmeleridir
20.11.2025 11:22
8k+
Russiýada ýaşy 385 million ýyllyk agaç tapyldy
Sankt-Peterburg döwlet uniwersitetiniň (SPbGU) paleontologlary Leningrad oblastynyň Lužskiý raýonynda ýerleşýän Şalowo-Pereçiskiý çäge karýerinde dewon döwründen galan seýrek tapyndynyň — gadymy agaç sütüniň üstünden bardylar
20.11.2025 11:14
3.2k+
Belgiýada kömelekden gaplamalar öndürilip başlandy
Brýusselde kömelek damarlaryndan (miseliýden) gaplama öndürýän Permafungi fabrigi işläp başlady. Bu "miko-material" doly dargap bilýär we polietileniň hem-de plastigiň beýleki görnüşleriniň ornuna ulanmak üçin işlenip taýýarlanýar
20.11.2025 10:55
3.1k+
Alymlar: Kosmos zyňyndylary Ýeriň atmosferasyny metallar bilen çalt hapalaýar
Nemes alymlarynyň halkara barlaglarynyň netijelerine görä, Ýeriň atmosferasy kosmos galyndylary sebäpli metallar bilen barha köp hapalanýar. Orbital mega-toparlaryň döremegi we uçuşlaryň köpelmegi bu prosesi has-da güýçlendirýär
19.11.2025 13:43
6.5k+
Derman serişdeleri gana goýberilen mikro-robotlar arkaly bellenilen ýere eltilip başlanar
Alymlar çäge däneleriniň ululygyndaky kiçijik robotlary döretdiler — olar gan damarlary arkaly hereket edip, derman serişdelerini zerur ýerine takyk eltip, soňra bedende ýaýrap (ereýär) ýok bolup bilýär. Bu mikro-robotlary dolandyrmak magnit meýdanlarynyň kömegi bilen amala aşyrylýar, bu bolsa kapsulany bedeniň zerur böleklerine gönükdirmäge mümkinçilik berýär
19.11.2025 13:38
4.4k+
Alymlar “içki ses” bilen ýürek urşunyň arasynda geň baglanyşyk tapdylar
Daniýanyň Orhus uniwersitetiniň psihologlary adamyň içki sesiniň — ýagny öz-özüne içinden gürlemeginiň — bedeni hereketsiz galanda-da, ýürek ritmini üýtgetmäge ukyplydygyny görkezdiler. Işiň netijeleri Psychophysiology žurnalynda çap edildi
19.11.2025 13:32
3.9k+
Emeli aňly robotlaryň ählisi adam üçin howpsuzlyk synagyndan geçip bilmediler
Uly dil modelleri (UDM) arkaly dolandyrylýan robotlar diskriminasiýa meýillidigini we adamlara fiziki zyýan ýetirip biljek hereketleri makullamaga çalşandygyny görkezdiler. London Korollyk kollejiniň we Karnegi-Mellon uniwersitetiniň alymlary bilelikdäki gözlegleriniň netijesinde şeýle netijä geldiler
19.11.2025 13:14
3.5k+
Russiýaly alymlar 60-dan gowrak näbelli wirusy ýüze çykardylar
Rospotrebnadzoryň "Wektor" atly ylmy merkeziniň alymlary Russiýada ozal öwrenilmedik 60-dan gowrak wirusy anykladylar. Bu barada RIA "Nowosti" habar berdi. Gözleg üçin nusgalar ýurduň 50 sebitinden gelip gowşupdyr
18.11.2025 17:16
2.9k+
Alymlar kosmos şöhleleriniň gelip çykyşynyň 70 ýyllyk syryny açdy
LHAASO obserwatoriýasynda işleýän hytaý alymlary gara deşikden we hemra ýyldyzdan ybarat ulgamyň – mikrokwazarlaryň zarýadly bölejikleri tizleşdiriji hökmünde hereket edýändigini anyklady. Bu obýektler Akmaýanyň ýolunda ýokary energiýaly kosmos şöhleleriniň gelip çykyşynda möhüm rol oýnap biler
18.11.2025 11:24
5.9k+
Alymlar itleriň ilkinji tohumlarynyň haçan peýda bolandygyny anyklady
Itleriň gelip çykyşy we eldekileşdirilmegi häli-häzire çenli ylymda iň köp öwrenilýän temalaryň biri bolmagynda galýar. Science žurnalynda neşir edilen täze gözleg itleriň arasyndaky tapawutlaryň häzirki tohum çykarmak usullaryndan has öň ýüze çykyp başlandygyny görkezýär
17.11.2025 14:06
6.2k+
Alymlar Perudaky syrly çukurlaryň inklerde buhgalterçilik guraly bolandygyny çaklaýarlar
Alymlar Perudaky syrly Monte-Sýerpe ýadygärliginiň maksady barada täze bir çaklamany hödürlediler. Täze gipoteza görä, müňlerçe çukurdan ybarat ägirt uly toplum, inkleriň harytlary hasaba almak we alyş-çalyş etmek üçin ulanan hasapçylyk ulgamynyň bir bölegi bolup hyzmat edip bilerdi
16.11.2025 18:09
3k+
«Sanly çözgüt – 2025» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Sanly çözgüt – 2025» bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Bu çäre ýurduň telekommunikasiýa we IT ulgamynda esasy waka bolan «Türkmentel–2025» XVIII Halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň dabaraly ýapylyşynyň çäklerinde geçirildi
16.11.2025 17:03
3.9k+
Awstraliýada “şahlyja” arylaryň täze görnüşi tapyldy. Olar "lýusiferler" diýlip atlandyryldy
Günbatar Awstraliýada barlagçylar kellesi naşyja “şahlyja” arylaryň täze görnüşini tapdylar. Bu görnüşe Megachile lucifer diýen geň at dakyldy. Bu açyşy Kýortin uniwersiteti yglan etdi. "Urkaçysynyň [Megachile lucifer] kellesinde diýseň kiçijik şahlary bar
16.11.2025 16:52
3.2k+
Kosmonawtlary mör-möjekler bilen iýmitlendirerler: Bu uzak missiýalar üçin täze iýmit çeşmesi bolar
Alymlar uzak möhletli kosmos missiýalarynda iýmitiň gaýtadan dikeldilip bilinýän çeşmesi hökmünde mör-möjekleri ulanmagyň mümkinçiliklerini öwrenýärler. Bu organizmler ýeňil, talapkär däl we iýmitlige baý bolup, hatda mikrograwitasiýa şertlerinde-de kadaly ösüşe ukyplydyr
16.11.2025 16:17
4.4k+
Hytaýly alymlar üzüm däneleriniň esasynda garramaga garşy dermanyň döredilendigini habar berdiler
Hytaýdaky Lonvi Biosciences barlaghanasynyň barlagçylary "adamyň ömrüni 100 ýaş edip, hatda ondanam uzaldyp biljek" dermanyň döredilendigini mälim etdiler diýip, The New York Times habar berýär. Şençžen şäherinde ýerleşýän barlaghana üzüm dänesiniň ekstraktynda bar bolan prosianidin C1 (PCC1) birleşmesine esaslanýan garrylyga garşy gerdejikleri işläp taýýarlady
16.11.2025 16:00
8.1k+
Nar we hoz goşundysy immun öýjükleriniñ 28 günde «ýaşarmagyna'" ýardam edýär - barlaglar
Halkara alymlar topary Urolithin A metabolitiniň bary-ýogy 28 günde immun ulgamynyň öýjükleriniň ýagdaýyny gowulandyrmaga ukyplydygyny görkezdi. Nature Aging žurnalynda çap edilen barlaga görä, günüň dowamynda 1 000 mg bu maddany kabul etmeklik CD8+ T-öýjükleriniň profilini has «ýaş» görnüşe getirýär we öýjükleriň «energiýa stansiýalary» bolan mitohondriýalaryň işini güýçlendirýär
16.11.2025 15:52
3.3k+
Alym tarakanlaryň we jaýlardaky allergenleriň arasyndaky baglanyşygy tapdylar
Demirgazyk Karolina uniwersitetiniň alymlarynyň geçiren täze gözlegi tarakanlaryň öýlerdäki howanyň hiline göni täsir edýändigini görkezdi. Mör-möjekler bolan jaýlarda allergenleriň we bakterial zäherleriň — endotoksinleriň derejesiniň ýokarlanýandygy anyklandy
16.11.2025 15:42
1.1k+
Ösümlik ýaglarynyň öndürijiligini we hilini ýokarlandyrýan täze tehnologiýa döredildi
Russiýada WDITU-nyň (Woronež Döwlet Inženerçilik Tehnologiýalar uniwersiteti) alymlary ösümlik ýaglaryny öndürmegiň täze tehnologiýasyny döredip, oňa patent aldylar. Bu barada TASS agentligi uniwersitetiň metbugat gullugyna salgylanyp habar berdi
16.11.2025 13:05
6.3k+
Dünýädäki hroniki böwrek keselli adamlaryň sany 35 ýylda iki esse artdy
Halkara alymlar toparynyň anyklamagyna görä, 1990-njy ýyldan bäri hroniki böwrek kesellerinden ejir çekýän uly ýaşly adamlaryñ sany iki esse artdy we 788 milliona ýetdi. Häzirki wagtda bu kesel dünýäde iň köp adam pidasyna sebäp bolýan keselleriň hatarynda dokuzynjy orny eýeleýär
15.11.2025 00:14
8.9k+
Russiýanyň ilkinji gumanoid roboty tanyşdyryldy: birnäçe ädimden soň ol ýykyldy
Moskwada Russiýanyň emeli aňly (EA) ilkinji adam şekilli (gumanoid) robotynyň tanyşdyrylyşy boldy. Bu barada TASS agentligi Milli Tehnologiýa Koalisiýasyna salgylanyp habar berdi. "Moskwa" agentliginiň maglumatyna görä, "Aýdol" (Aidol) atly robot deňagramlylygyny saklap bilmän, eýýäm tanyşdyrylyşyň başynda ýykyldy
13.11.2025 19:45
5.7k+
Alymlar günebakar unundan düzüminde köp mukdarda belok saklaýan et önümini döretdiler
Braziliýadan we Germaniýadan alymlaryň topary etiň ornuny çalşyp biljek innowasion önümi işläp taýýarladylar. Bu önüm üçin esasy çig mal hökmünde günebakar uny ulanyldy diýip, ScienceDaily ýazýar. Barlag prosesinde alymlar ilki bilen günebakar tohumlaryndan ýag çykardylar, soňra uny gabygyndan we käbir fenollardan arassaladylar — bu minerallaryň we beloklaryň özleşdirilmegini gowulandyrdy
12.11.2025 18:50
6.6k+
Alymlar buzuň täze görnüşini – Ice XXI-i açdylar
Koreýanyň Standartlar we ylymlar boýunça ylmy-gözleg institutynyň (KRISS) alymlary kristal buzuň täze, 21-nji görnüşini ýüze çykardylar. Ol 2 GPa-dan ýokary basyşda we otag temperaturasynda emele gelýär. Ol Ice XXI diýlip atlandyryldy diýip, Eurekalert neşiri habar berýär
12.11.2025 18:49
9.5k+
Hytaýly alymlar rak keseline garşy derman serişdelerini öndürmegiň täze usulyny tapdylar
Hytaýly himikler beýlekiler bilen bir hatarda onkologiýa kesellerini bejermek üçin gymmat derman serişdelerini öndürmegiň adaty tehnologiýasyny üýtgedip biljek täze usuly oýlap tapdy diýip, South China Morning Post (SCMP) habar berýär
11.11.2025 15:19
4.1k+
Kembrijde CO₂-ni peýdaly çig mala öwürýän “emeli ýaprak” döretdiler
Kembrij uniwersitetiniň alymlary Gün şöhlesiniň täsiri astynda kömürturşy gazyny (CO₂) we suwy peýdaly himiki maddalara öwrüp bilýän ýarym sintetik “emeli ýapragy” döredendiklerini habar berdiler. Bu enjam tebigy fotosinteziň iş prinsipini gaýtalaýar we zäherli katalizatorlary ulanmaýar, şonuň bilen hem ekologiýa taýdan arassa hasaplanýar diýip, SciTechDaily ýazýar
11.11.2025 13:06
7.7k+
Gadymy maýýa ybadathanasy Älemiň modeli bolup çykdy
Arheologlar 2020-nji ýylda Meksika bilen Gwatemalanyň serhetinde tapylan Aguada-Feniks maýýa ybadathanasynyň, hakykatda, ägirt “kosmogrammadygyny” – gadymy maýýalaryň Älemi göz öňüne getirişiniň modelidigini anyklady diýip, Live Science habar berýär
10.11.2025 11:29
12k+
Russiýada 6 million ýyl öň ýaşap geçen äpet aýynyň galyndylary tapyldy
Russiýaly alymlar häzirki Russiýanyň günbatary bilen serhetdeş sebitlere hem golaý ýerleşýän Stawropol ülkesinden 5–6 million ýyl öň ýaşan äpet aýynyň galyndylaryny tapdylar. Bu barada Paleontologiýa institutynyň direktory Alekseý Lopatin habar berdi
08.11.2025 07:27
5.4k+
Galapagosda alymlar “geçmişe dolanýan” pomidorlary tapdylar
Galapagos adalarynda alymlar ters ewolýusiýany görkezýän adaty bolmadyk pomidory – Solanum pennellii görnüşini tapdylar diýip, CNN habar berýär. Bu ösümlik Ekwadoryň kenaryndan ýüzlerçe kilometr uzaklykda ösýär
08.11.2025 07:13
4.8k+
Ýaponiýada ýabany köklerden alnan täze üzüm sorty döredildi
Okaýamanyň Tebigy ylymlary uniwersitetiniň alymlary Muskat Siragaý atly täze üzüm sortuny döretdiler. ScienceDaily-niň ýazmagyna görä, ol süýjüligi we ýumşak tagamy bilen tapawutlanýar hem-de geljekde giň gerimde ösdürip ýetişdirmek üçin uly mümkinçiliklere eýe
08.11.2025 07:06
2.5k+
“Gurak” ekzoplanetalaryň öz jümmüşinde suw emele getirip bilýändikleri ýüze çykaryldy
Alymlar köp wagtdan bäri, adatça suwy saklap bilmeýär öýdülýän “suw dünýäleri” (mini-neptunlar ýa-da subneptunlar) nädip öz ýyldyzlarynyň golaýynda bolup bilýär diýlen sorag bilen gyzyklanýarlar. Ilki bilen, şeýle planetalar “gar serhediniň” daşyndaky sowuk giňişliklerden içki orbitlara göçüp gelendir diýip çak edilýärdi
07.11.2025 06:25
3.9k+
Alymlar haýsy ýurtlarda adamlaryň tebigat bilen baglanyşygy has güýçli duýýandygyny kesgitledi
Beýik Britaniýanyň we Awstriýanyň alymlary dürli ýurtlaryň ýaşaýjylarynyň tebigat bilen arabaglanyşygy näderejede duýýandygyna düşünmek üçin ylmy gözleg geçirdi. Olar 61 döwlet boýunça maglumatlary seljerip, degişli reýtingi düzdüler diýip, The Guardian habar berýär
07.11.2025 06:22
3k+
Mýanmada ýantarda ýaşy 99 mln ýyl bolan çybyn liçinkasy tapyldy
Mýanmadaky Kaçin ştatynda ýaşy 99 mln ýyl bolan ýantar böleginde häzire çenli belli bolanlaryň arasynda iň gadymy çybyn liçinkasy tapyldy diýip, Independent habar berýär. Tirannozawrlaryň döwürdeşi bolan bu tapyndy ozal näbelli görnüşiň wekili bolup çykdy
05.11.2025 10:07
3.7k+
Hytaýly alymlar iýmitiň ajylygyny “duýup” bilýän emeli dil döretdi
Hytaýda alymlar iýmitleriň ajylygyny çalt we takyk ölçemäge ukyply emeli diliň prototipini taýýarladylar. Bu barada Phys.org habar berýär. Enjam kapsaisini — ajy burçuň, sarymsagyň, zenjebiliň we beýleki ajyly maddalaryň ýakýan tagamyny döredýän birleşmäni — hem-de şol topardaky beýleki maddalary anyklamaga mümkinçilik berýär
05.11.2025 10:00
6.6k+
40 ýyl mundan ozal ýitip giden möjek-möýüň görnüşi Britan adalarynda gaýtadan tapyldy
Beýik Britaniýada uzak wagt bäri ýok bolup giden görnüş hökmünde hasaplanýan kiçijik möý goraghananyň diňe gaýyk arkaly baryp bolýan çet ýerinde gaýtadan gabat gelindi. Uaýt adasynda tapylan bu görnüş mämişi aýakly Aulonia albimana diýlip atlandyrylýan möjek-möýlere degişli
04.11.2025 20:21
9.1k+
Ýylanlaryň 17 görnüşiniň zäherine garşy täsirli derman döredildi
Nature žurnalynda 17 görnüşli Afrika ýylanlarynyň zäherinden goraýan we ýylan çakmalaryndan deridäki zeperlenmeleri azaldýan täze derman serişdesiniň döredilendigi barada barlag çap edildi. Häzirlikçe bu derman syçanlarda synag edildi
04.11.2025 19:53
10k+
Grenlandiýa kitiniň 200 ýyllap ýaşamagynyň syryny adamlarda ulanmak isleýärler
Grenlandiýa kitleri (Balaena mysticetus) ýer ýüzüniň iň uzak ýaşaýan haýwanlarynyň biri bolup, olaryň ömri 200 ýyldan gowrak dowam edip bilýär. Alymlar olaryň uzak ýaşamagynyň CIRPB diýlip atlandyrylýan ýörite belok bilen baglanyşykly bolup biljekdigini aýdýarlar
«
1
…
11
12
13
…
52
»
«
1
…
8
9
10
11
12
13
14
15
16
…
52
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.