Alymlar 6000 ýyl ozal ýaşan iki doganyň daşky keşbini dikeltdi
06.08.2025 18:05
10k+

Alymlar 6000 ýyl ozal ýaşan iki doganyň daşky keşbini dikeltdi

Çehiýaly ylmy gözlegçiler alty müň ýyldan gowrak ozal ýaşan iki aýalyň daşky keşbini gaýtadan dikeltdi. Archaeological and Anthropological Sciences žurnalynda neşir edilen makalada hakyky 3D modelini döretmegiň kriminalistika, arheologiýa we genetika usullarynyň utgaşdyrylmagy netijesinde mümkin bolandygy aýdylýar
Ulitkalaryň owadanlygy olaryň ýitip gitmek howpunyň astyna düşmegine sebäp boldy
06.08.2025 17:42
5.1k+

Ulitkalaryň owadanlygy olaryň ýitip gitmek howpunyň astyna düşmegine sebäp boldy

Alymlar topary diňe gündogar Kubanyň tokaýlarynda ýaşaýan Polymita agaç ulitkalaryny halas etmek boýunça maksatnamany işe girizdi. Bu mollýuskalar olaryň dürli reňkli çaňňalagyna islegiň ýokary bolmagy sebäpli ýitip gitmek howpunyň astyna düşdi diýip, Bi-bi-si habar berýär
Marsda wagt Ýerdäkiden has çalt geçýär, astronomlar sagatlary deňeşdirip gördüler
06.08.2025 16:19
6.3k+

Marsda wagt Ýerdäkiden has çalt geçýär, astronomlar sagatlary deňeşdirip gördüler

Marsda wagt Ýerdäkiden has çalt geçýär, ol ortaça günde 477 mikrosekunt tapawut berýär. Bu barada astronomlar Arxiv.org-da ýakynda çap edilen makalada gürrüň berdiler. Astronomlar Gyzyl planetada boljak geljekki koloniýa üçin Mars üçin utgaşdyrylan wagtyny girizmegi teklip etdiler
Pomidor bilen ýeralma kowumdaş bolup çykdy: olar baryp 9 mln ýyl ozal sapylypdyr
04.08.2025 20:33
12k+

Pomidor bilen ýeralma kowumdaş bolup çykdy: olar baryp 9 mln ýyl ozal sapylypdyr

Ýeralma bilen pomidoryň genetiki gelip çykyşy umumy bolup, olary sapylmagy, takmynan, 9 million ýyl ozal bolup geçipdir. Bu barada Xinhua agentligi halkara alymlar topary tarapyndan geçirilen gözlegiň netijelerine salgylanyp habar berýär
Hytaýda baryp II asyrda oýlanyp tapylan dünýäde ilkinji seýsmograf dikeldildi
04.08.2025 19:27
6.3k+

Hytaýda baryp II asyrda oýlanyp tapylan dünýäde ilkinji seýsmograf dikeldildi

Hytaýda Betbagtçylyklaryň öňüni alyş institutyndan Sýuý Goudunyň ýolbaşçylygyndaky alymlar topary dünýäde ilkinji seýsmograf hasaplanýan gadymy enjamy dikeltdi. Bu barada Progress in Geophysics žurnalyna salgylanýan South China Morning Post ýazýar
Russiýaly alymlar ýalany 92% takyklyk bilen kesgitlemek üçin algoritm döretdiler
04.08.2025 18:12
3.4k+

Russiýaly alymlar ýalany 92% takyklyk bilen kesgitlemek üçin algoritm döretdiler

Russiýaly alymlar sözdäki ýalany 92% takyklyk bilen kesgitlemegiň usulyny tapandyklaryny habar berdiler. Bu barada Nižniý Nowgoroddaky “Ýokary ykdysadyýet mekdebi” ylmy-barlag uniwersitetiniň (НИУ ВШЭ) barlagçylaryna salgylanýan TASS habar berýär
Marsda uzynlygy 16 000 km bolan gadymy derýalaryň yzlary tapyldy
04.08.2025 18:05
8k+

Marsda uzynlygy 16 000 km bolan gadymy derýalaryň yzlary tapyldy

Marsda umumy uzynlygy, takmynan, 10 müň mil (16 000 km töweregi) bolan gadymy suw ýollarynyň geologiki yzlary tapyldy. Tapylan çeşmeleriň ýaşynyň 3 milliard ýyldan geçýändigi çaklanylýar diýip, Marsdaky orbital apparatlardan alnan maglumatlara salgylanýan The Guardian habar berýär
Awstraliýada ýurtda iň uly we iň agyr mör-möjek ýüze çykaryldy
03.08.2025 17:37
12k+

Awstraliýada ýurtda iň uly we iň agyr mör-möjek ýüze çykaryldy

Kwinslend tropiklerinde, Aterton belentliginde Awstraliýanyň çäginde belli bolan mör-möjekleriň iň uly we iň agyr görnüşi ýüze çykaryldy. The Guardian neşiriniň habar bermegine görä, taýajyk görnüşlileriň täze görnüşine Acrophylla alta ady berildi
Gün ulgamynda bir ýyly 1648 Ýer ýylyna deň bolan asman jisimi tapyldy
02.08.2025 00:23
6k+

Gün ulgamynda bir ýyly 1648 Ýer ýylyna deň bolan asman jisimi tapyldy

Gün ulgamynda adaty bolmadyk asman jisimi tapyldy. 2020 VN40 diýlip atlandyrylýan bu trans-neptun obýekti 1648 Ýer ýylyna barabar wagtda Günüň töwereginden doly aýlanyp çykýar. Bu barada Garward-Smitsonow institutynyň  Astrofizika merkeziniň barlagçylary habar berdiler
Geçirilen barlaglar Ýerde süýji suwuň alada goýýan tizlik bilen azalyp barýandygyny görkezýär
02.08.2025 00:21
9.3k+

Geçirilen barlaglar Ýerde süýji suwuň alada goýýan tizlik bilen azalyp barýandygyny görkezýär

Science Advances žurnalynda çap edilen global barlagyň netijesine görä, Ýeriň yklymlarynda süýji suw çalt depginde tükelip barýar. Arizona ştatynyň uniwersitetiniň (ASU) alymlary 2002-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli
Alymlar DNK-nyň sakawlamak bilen baglanyşykly 57 bölegini tapdylar
02.08.2025 00:18
3.1k+

Alymlar DNK-nyň sakawlamak bilen baglanyşykly 57 bölegini tapdylar

Halkara alymlar topary sakawlamak bilen baglanyşykly 57 genom bölegini tapdylar. Bu barada ABŞ-nyň Wanderbilt uniwersitetiniň lukmançylyk merkeziniň (VUMC) metbugat gullugy habar berdi. Barlaga birnäçe ýurtdan hünärmenler gatnaşdy
Gonkongda dyz bogunlaryna düşýän agramy iki esse azaltmaga kömek edýän ekzoskelet döredildi
02.08.2025 00:13
7.9k+

Gonkongda dyz bogunlaryna düşýän agramy iki esse azaltmaga kömek edýän ekzoskelet döredildi

Gonkongly inženerler adam bedeniniň aşaky bölegi üçin geýilýän ýörite ekzoskelet işläp taýýarladylar. Bu enjam dyzyň bogunlaryna düşýän agramy 50%-e çenli azaldýar. Enjam 20 ýaşdan uly, işjeň hereketdäki adamlar üçin niýetlenendir
Gadymy Müsür artefaktynda tötänleýin 4000 ýyllyk el yzy tapyldy
01.08.2025 15:02
5.9k+

Gadymy Müsür artefaktynda tötänleýin 4000 ýyllyk el yzy tapyldy

Kembrijdäki Fisuilýam muzeýinde saklanýan Gadymy Müsür artefaktynda hünärmenler 4000 ýyllyk el yzyny tapdylar. Tapyndy açylyşy 3-nji oktýabra meýilleşdirilen sergide görkeziler diýip, CNN ýazýar. El yzy “ruhlar öýüniň” – gurban etmek üçin aramgählerde we ruhlar üçin öý hökmünde ulanylan iki gatly binanyň şekilindäki palçyk predmetiň düýbünde tapyldy
Alymlar derisi ýelekpisint bolan gadymy süýrenijiniň galyndylaryny tapdylar
29.07.2025 14:09
6.3k+

Alymlar derisi ýelekpisint bolan gadymy süýrenijiniň galyndylaryny tapdylar

Fransiýada arka tarapy ýelekpisint gurluşly gadymy süýrenijileriň galyndylary tapyldy. Tapyndynyň ýaşy 247 million ýyl diýip, Ştutgartdaky (Germaniýa) Döwlet tebigat ylymlary muzeýiniň metbugat gullugy habar berdi
Alymlar wagtyň azalandygyny subut edip, indi sekunty hasapdan aýyrmak isleýärler
29.07.2025 12:15
16k+

Alymlar wagtyň azalandygyny subut edip, indi sekunty hasapdan aýyrmak isleýärler

Ýer öňküden çalt aýlanýar we bu taryhda ilkinji gezek global wagtdan sekunty aýyrmagyň zerurlygyna getirip biler. Bu barada Ýeriň aýlanyşy we hasaplaýyş ulgamlarynyň halkara gullugynyň (IERS) we ABŞ-nyň Harby-deňiz obserwatoriýasynyň maglumatlaryna salgylanyp, CNN habar berýär
Gaýtadan işlenen çilim naýçalaryndan berk, arzan asfalt döretdiler
29.07.2025 11:54
8.4k+

Gaýtadan işlenen çilim naýçalaryndan berk, arzan asfalt döretdiler

Granada we Bolonýa uniwersitetleriniň alymlary gaýtadan işlenen çilim naýçalaryndan ekologiýa taýdan arassa asfalt öndürmegiň tehnologiýasyny işläp düzdüler. Oýlap tapyş ScienceDirect žurnalynyň makalasynda beýan edildi
Geljekki Mars missiýasy üçin iň uly paraşýut stratosferada synag edildi
28.07.2025 17:38
2.4k+

Geljekki Mars missiýasy üçin iň uly paraşýut stratosferada synag edildi

Thales Alenia Space-iň we Ýewropa kosmos agentliginiň (ESA) işgärleri ExoMars-yň geljekki missiýasy üçin paraşýut ulgamyny synagdan geçirdiler. Uçurylýan modulyň geliý şary bilen Polýar tegeleginden 30 km belentlige galdyrylan maketi iki paraşýutyny açandan soň ýere üstünlikli gondy
Alymlar Stounhenj daşlaryny adamlaryň daşandygyny tassykladylar
26.07.2025 18:29
10k+

Alymlar Stounhenj daşlaryny adamlaryň daşandygyny tassykladylar

Aberistuit uniwersitetiniň ylmy gözlegçileri Stounhenji emele getirýän daşlaryň bäş müň ýyldan gowrak ozal adamlar tarapyndan daşalandygyny subut etdi. Bu barada geçirilen ylmy barlaga salgylanyp, Daily Mail habar berýär
ABŞ-ly alymlar plastmassanyň, metalyň we aýnanyň häsiýetlerini birleşdirýän material döretdiler
26.07.2025 17:01
4.5k+

ABŞ-ly alymlar plastmassanyň, metalyň we aýnanyň häsiýetlerini birleşdirýän material döretdiler

Tehas ştatynyň Hýuston şäherindäki Raýs uniwersitetiniň we Hýuston uniwersitetiniň alymlary bakterial sellýulozadan täze material döretdiler. Ol metalyň güýjüni, plastmassanyň çeýeligini we aýnanyň durulygyny özünde birleşdirýär
Superbakteriýalar 2050-nji ýyla çenli dünýä ykdysadyýetine ýylda $1,7 trln ýitgi getirip, ölüm derejesini ýokarlandyryp biler
24.07.2025 14:28
8.3k+

Superbakteriýalar 2050-nji ýyla çenli dünýä ykdysadyýetine ýylda $1,7 trln ýitgi getirip, ölüm derejesini ýokarlandyryp biler

2050-nji ýyla çenli antibiotiklere durnuklylyk (AMR) dünýä ykdysadyýetine ýylda 1,7 trln dollara çenli möçberde zyýan ýetirip, ölüm derejesini ep-esli ýokarlandyryp biler. Şeýle maglumatlary 122 ýurdy gurşap alan Global ösüş merkezi öňe sürýär diýip, The Guardian ýazýar
Perm ülkesinde Ýerdäki iň gadymylara degişli jandarlaryň yzlary tapyldy
24.07.2025 10:31
3.7k+

Perm ülkesinde Ýerdäki iň gadymylara degişli jandarlaryň yzlary tapyldy

Russiýanyň Perm ülkesinde suwuň yza çekilmegi üýtgeşik paleontologiki açyşlara getirdi. Şirokowskiý suw howdanynyň kenarynda Ýeriň ýüzünde 550 mln ýyldan gowrak ozal ýaşap geçen gadymy köp öýjükli organizmleriň yzlary tapyldy
Orta asyrlardan galan “ýylgyryş”: Polşadaky adada ýylgyrýan agaç ýüzi tapdylar
24.07.2025 10:24
4.2k+

Orta asyrlardan galan “ýylgyryş”: Polşadaky adada ýylgyrýan agaç ýüzi tapdylar

Torundaky (Polşa) Nikolaý Kopernik uniwersitetiniň arheologlary Polşanyň Lednisa kölüniň düýbünden ýüzüne oýulyp adamyň ýüzi şekillendirilen pürsi tapdylar. Bu açyş 2024-nji ýylda edildi, ýöne bu hakda indi resmi taýdan habar berildi
Alymlar dem goýberiş boýunça öýkeniň rak keselini irki döwründe tapmagy öwrenýärler
23.07.2025 07:19
4.6k+

Alymlar dem goýberiş boýunça öýkeniň rak keselini irki döwründe tapmagy öwrenýärler

Kuban döwlet uniwersitetiniň we Krasnodardaky 1-nji ülke kliniki hassahanasynyň barlag institutynyň alymlary dem goýberilende çykýan howanyň düzümini seljermek arkaly öýkeniň rak keselini irki döwründe anyklamagyň usulynyň üstünde işleýärler
Awstriýaly alymlar mikroplastik bilen öýkende howply täze döremäniň arasynda baglanyşyk tapdylar
22.07.2025 12:35
7.9k+

Awstriýaly alymlar mikroplastik bilen öýkende howply täze döremäniň arasynda baglanyşyk tapdylar

Awstriýadaky Wena lukmançylyk uniwersitetiniň alymlary mikroplastigi we nanoplastigi demiňe dartmagyň öýkeniň öýjüklerinde kanserogeneziň irki döwürleri bilen baglanyşykly howply üýtgeşmelere getirip biljekdigini anykladylar
Haýwanlar bilen ösümlikleriň aragatnaşygyň ilkinji ylmy delilleri peýda boldy
22.07.2025 12:28
5.7k+

Haýwanlar bilen ösümlikleriň aragatnaşygyň ilkinji ylmy delilleri peýda boldy

Tel-Awiw uniwersitetiniň barlagçylary ösümlikler bilen haýwanlaryň arasyndaky özara akustiki aragatnaşygy hasaba aldylar. Ösümlikler öz ýagdaýyny aňladýan sesleri çykarýarlar, haýwanlar bolsa jogap hökmünde özlerini alyp barşyny üýtgedýärler diýip, uniwersitetiň metbugat gullugy habar berýär
Äpet ýyrtyjy ihtiozawryň keşbi dikeldildi. Onuň sesi basýan ýüzgüçleri bolupdyr
21.07.2025 13:51
8.1k+

Äpet ýyrtyjy ihtiozawryň keşbi dikeldildi. Onuň sesi basýan ýüzgüçleri bolupdyr

Paleontologlaryň halkara topary ýura döwrüniň äpet ihtiozawry bolan temnodontozawryň keşbini dikeldip, onuň özboluşly aýratynlygyny ýüze çykardylar. Onuň suwda ýüzýärkä sesi basmaga ukyply ýüzgüçleri bolupdyr diýip, Nature žurnalynda çap edilen barlagyň netijesinde aýdylýar
Astronomlar ilkinji gezek täze planeta ulgamynyň döremegini görüp bildiler
21.07.2025 00:38
7k+

Astronomlar ilkinji gezek täze planeta ulgamynyň döremegini görüp bildiler

Halkara astronomlar topary ilkinji gezek ýaş ýyldyzyň töwereginde planetalaryň emele gelip başlandygyny hasaba aldy. Nature žurnalynda neşir edilen açyş Gün ulgamynyň gelip çykyşyna düşünmekde möhüm ädim boldy
Hytaýda robot-pingwinler metro arkaly sargytlary eltip başlady
19.07.2025 17:39
7.2k+

Hytaýda robot-pingwinler metro arkaly sargytlary eltip başlady

Hytaýyň Şençžen şäheriniň metrosynda jemgyýetçilik ulagyna birleşdirilen, dünýäde ilkinji eltip beriş ulgamy işe girizildi: daşky görnüşi pingwine meňzeş 41 sany özbaşdak robot 7-Eleven dükanlar zynjyry üçin haryt daşap başlady
Zebra balyklary alymlara adamda eşidişi nädip dikeltmelidigine düşünmäge kömek edýär
18.07.2025 12:10
3.3k+

Zebra balyklary alymlara adamda eşidişi nädip dikeltmelidigine düşünmäge kömek edýär

Amerikaly biologlar sesleriň kabul edilişine jogapkär duýgur öýjükleriň dikeldilmegine gözegçilik edýän genleri tapdylar. Bu adamlarda kerrewligi we kerligi bejermegiň usullaryny işläp düzmäge kömek edip biler diýip, Stouers lukmançylyk barlag institutynyň (SIMR) metbugat gullugy habar berdi
Amerikaly alymyň pişigi oňa eýýäm ikinji gezek näbelli bir wirusy açmaga kömek etdi
17.07.2025 14:35
7.1k+

Amerikaly alymyň pişigi oňa eýýäm ikinji gezek näbelli bir wirusy açmaga kömek etdi

Pepper atly pişik ikinji gezek öý hojaýynyna, Floridadan mikrobiolog Jon Ledniskä täze, ozal ylma belli bolmadyk wirus ştammyny açmaga kömek etdi diýip, Gizmodo habar berýär. Pepper öýe jansyz gyzylguýruk syçany getirdi we Ledniski ony barlaghanada öwrenmek kararyna geldi
Turşudan süýjä: Hytaýda kömürturşy gazyny şekere öwürmegi öwrendiler
17.07.2025 14:28
3.2k+

Turşudan süýjä: Hytaýda kömürturşy gazyny şekere öwürmegi öwrendiler

Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň Týanszin senagat biotehnologiýa institutynyň alymlary kömürturşy gazyny çylşyrymly uglewodlara netijeli öwürmegiň usulyny işläp taýýarladylar. CO₂-ni üýtgetmegiň netijesinde olara fruktoza, glýukoza, amiloza, amilopektin we azyk hem himiki senagatda ulanmak üçin ýaramly bolan beýleki birleşmeleri almak başardýar
Grenlandiýada 3 km buzuň astyndan gadymy tundranyň galyndylary tapyldy. Ol ýerde haşhaş, moh we hatda leýlisaç ösüpdir
16.07.2025 13:28
7.2k+

Grenlandiýada 3 km buzuň astyndan gadymy tundranyň galyndylary tapyldy. Ol ýerde haşhaş, moh we hatda leýlisaç ösüpdir

Grenlandiýanyň köp bölegi buz we gar bilen örtülendir, şonuň üçin adanyň ady şoňa ýaňzydylyp goýlan. Emma bu hemişe beýle bolmandyr. Alymlar üç kilometrlik buz gatlagynyň astyndan gadymy tundra ekoulgamynyň yzlaryny tapdylar
Hytaýda arynyň beýnisini dolandyrmagy öwrendiler. Ol diýleni 90% ýerine ýetirýär
16.07.2025 06:27
6.3k+

Hytaýda arynyň beýnisini dolandyrmagy öwrendiler. Ol diýleni 90% ýerine ýetirýär

Pekin tehnologiýa institutynyň alymlary beýnä täsir edýän dolandyryjy arkaly dolandyryp bolýan dünýäde ilkinji kiborg aryny döretdi. Bu barada South China Morning Post neşiri habar berýär. Enjamyň agramy 74 milligram bolup, bu arylaryň göterýän şireli haltasynyň agramyndan hem azdyr
Alymlar bagry göçürmezden bejermek üçin sütün öýjüklerini döretdiler
16.07.2025 06:16
3.4k+

Alymlar bagry göçürmezden bejermek üçin sütün öýjüklerini döretdiler

Ýewropaly molekulýar biologlar organyň dokumalaryna netijeli ýapyşýan we çynlakaý zeper ýetmelerde onuň regenerasiýasyny çaltlaşdyrýan bagyr sütün  öýjükleriniň ösdürilip ýetişdirilişini işläp taýýarladylar. Bu açyş sirrozyň agyr görnüşlerinde bagyr transplantasiýasyna alternatiwa bolup biler diýip, Birmingem uniwersitetiniň metbugat gullugy habar berdi
Belizde maýalaryň gadymy şäheriniň ilkinji hökümdary - Te Kaab Çaakanyň mazary tapyldy
16.07.2025 06:12
5.2k+

Belizde maýalaryň gadymy şäheriniň ilkinji hökümdary - Te Kaab Çaakanyň mazary tapyldy

Hýuston uniwersitetiniň arheologlary Karakolda (Beliz) maýalaryň bu gadymy şäheriniň ilkinji hökümdary we onuň şa nesilşalygynyň esaslandyryjysy Te Kaab Çaagyň mazaryny tapdylar. Bu Merkezi Amerikanyň döwleti bolan Belizdäki iň uly maýa arheologik ýadygärliginde 40 ýyldan gowrak wagtlap geçirilen barlagda tapylan ilkinji şa mazarydyr
Aşgazany ösümlikden doly, taryhda ilkinji ot iýýän pterozawr tapyldy
14.07.2025 17:12
8.9k+

Aşgazany ösümlikden doly, taryhda ilkinji ot iýýän pterozawr tapyldy

Paleontologlar taryhda ilkinji gezek aşgazanynda ösümlik iýmitiniň galyndylary bolan pterozawryň galyndylaryny tapdylar. Bu açyş agzalan uçýan süýrenijileriň käbir görnüşleriniň ot iýiji bolandygynyň ilkinji göni subutnamasydyr
Paleontologlar gadymy süýdemdirijiniň täze görnüşini açdy. Ol 143 mln ýyl ozal ýaşapdyr
14.07.2025 10:44
3k+

Paleontologlar gadymy süýdemdirijiniň täze görnüşini açdy. Ol 143 mln ýyl ozal ýaşapdyr

Paleontologlar dügür dişlileriň toparyndan mezozoý süýdemdirijisiniň täze nesline we görnüşine häsiýetnama berdi. Onuň dişleriniň daşa öwrülen galyndylary Beýik Britaniýada tapyldy. Takmynan, 143 mln ýyl ozal ýaşan bu jandar Novaculadon mirabilis adyny aldy diýlip, Proceedings of the Geologists’ Association žurnalynda habar berilýär
Alymlar ýaralary bitirmek üçin guşuň düwünçek dokumalaryny ulanmagy teklip edýärler
13.07.2025 19:23
3k+

Alymlar ýaralary bitirmek üçin guşuň düwünçek dokumalaryny ulanmagy teklip edýärler

Demirgazyk-Kawkaz federal uniwersitetiniň alymlary ýara bitiriji dermanlary döretmek üçin guşuň düwünçek dokumalaryndan edilen peptidleri ulanmagy teklip etdiler. Işläp taýýarlama melhemleriň, gelleriň we suwuk plastyrlaryň bir toparynyň çykarylmagy bilen tamamlanar
Mum güýeleriniň gurçuklarynyň plastigi iýip, ýag görnüşinde öz organizminde toplaýandyklary ýüze çykaryldy
13.07.2025 18:57
4.4k+

Mum güýeleriniň gurçuklarynyň plastigi iýip, ýag görnüşinde öz organizminde toplaýandyklary ýüze çykaryldy

Alymlar uly mum güýeleriniň (Galleria mellonella) gurçuklarynyň polietileni metabolik taýdan işläp (siňdirip), ony birnäçe günüň dowamynda öz bedeninde lipid (ýag) görnüşinde toplap bilýändiklerini ýüze çykardylar
Alymlar 200 mln ýyl ozal ýaşan pterozawryň täze görnüşini suratlandyrdylar
11.07.2025 11:17
4.4k+

Alymlar 200 mln ýyl ozal ýaşan pterozawryň täze görnüşini suratlandyrdylar

ABŞ-nyň Smitsonow institutynyň işgärleri Petrifaýd-Forest milli seýilgähinde (Arizona ştaty)  209 million ýyl mundan ozal ýaşap geçen pterozawrlaryň näbelli görnüşleriniň galyndylaryny tapdylar. Edaranyň metbugat gullugynyň habaryna görä, tapyndy giçki trias döwrüne degişlidir
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.