Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Ýerli
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Ýerli
16.12.2025 11:01
16k+
Baýramdurdy Nurmuhammedow Dubaýda geçirilen boks boýunça dünýä çempionatynda bürünç medal gazandy
Baýramdurdy Nurmuhammedow 71 kilograma çenli agram derejesinde boks boýunça dünýä çempionatynda Türkmenistana bürünç medal getirdi. Dubaýda geçirilen bu ýaryş dünýäniň iň güýçli türgenlerini jemläp, Halkara boks assosiasiýasynyň (IBA) howandarlygynda möwsümiň esasy wakalarynyň birine öwrüldi
16.12.2025 10:31
23k+
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny Bitaraplygyň ýubileý medaly bilen sylaglady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowy «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi
16.12.2025 10:23
12k+
Türkmenistanda Täze ýyl Baş arçasynyň yşyklary ýakyldy
15-nji dekabrda Aşgabatda ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy geçirildi. Baş arça Aşgabadyň gözel künjekleriniň biri bolan “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada oturdyldy. Aýazbabadyr
15.12.2025 23:17
32k+
Serdar Berdimuhamedow halkara ýaryşlarda ýeňiş gazanan türgenlere 2025-nji ýylyň Toyota Camry-lerini sowgat etdi
15-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda halkara sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolan ýaşlara hem-de olaryň tälimçilerine sylaglary gowşurdy
15.12.2025 23:00
13k+
Türkmenistanyň Prezidenti halkara ders bäsleşiklerinde ýeňiji bolan okuwçylara we talyplara pul baýragyny berdi
15-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda halkara ders bäsleşiklerinde we sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolan ýaşlara hem-de olaryň halypa mugallymlaryna we tälimçilerine sylaglary gowşurdy
15.12.2025 12:18
3.8k+
Türkmenistanda nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi
14-nji dekabrda Türkmenistanda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli Nebitgaz toplumynyň mejlisler zalynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda nebitgaz pudagynda ýetilen sepgitler” atly baýramçylyk maslahaty geçirildi
15.12.2025 11:20
1.8k+
Türkmenistanyň Prezidenti Bahreýniň Patyşasyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan
15.12.2025 11:11
2.5k+
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerini hünär baýramy bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow nebitçileri, gazçylary we geologlary Türkmenistanda her ýylyň 14-nji dekabrynda bellenilip geçilýän Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen gutlady
15.12.2025 08:54
10k+
Gar gatyşykly ýagyş ýagar: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (15.12 - 21.12)
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda gar gatyşykly ýagyş ýagar
14.12.2025 12:23
7.4k+
«Baky Tylla» bilim merkezi: geljekki çempionlar üçin ýol açylýar
Häzirki zaman sanly dünýäsinde üstünlik gazanmak, diňe bir tehnologiýany ulanmagy däl, eýsem ony döretmegi we çylşyrymly meseleleri çözmegi başarmagy talap edýär. «Baky Tylla» bilim merkezi hut şu maksat bilen, ýaş zehinleriň gizlin mümkinçiliklerini açmak we olary dünýä derejesindäki hünärmenler edip ýetişdirmek üçin hereket edýär
14.12.2025 10:19
5.4k+
Aşgabatda daşary ýurt raýatlaryny we ýurdumyzyň ýaşululary sylaglamak dabarasy geçirildi
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramynyň bellenilýän günlerinde daşary ýurtlaryň raýatlaryna we Türkmenistanyň hormatly ýaşulularyna «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we ýadygärlik kümüş nyşanyny gowşurmak dabarasy boldy
13.12.2025 17:03
5.8k+
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda baýramçylyk konserti boldy
12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy. Oňa Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda geçirilen halkara çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada gelen daşary ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlary bilen bilelikde gatnaşdy
13.12.2025 16:57
9k+
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň raýatlaryny Bitaraplygyň ýubileý medallary we nyşanlary bilen sylaglady
Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň şu raýatlaryny «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly hem-de ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda resminamalara gol çekdi
13.12.2025 15:04
11k+
Türkmenistan Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmegi teklip edýär
Türkmenistan BMG bilen hyzmatdaşlykda Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmek başlangyjy bilen çykyş etdi. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow 12-nji dekabrda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumda çykyşynda belledi
13.12.2025 15:00
8.6k+
Serdar Berdimuhamedow: Bitaraplyk üýtgewsiz gurluş däl-de, döwür bilen aýakdaş gidýän janly döredijilik ýagdaýy
12-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda Maslahatlar merkezinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumda çykyş etdi
13.12.2025 13:16
6.6k+
Gurbanguly Berdimuhamedow halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynda çykyş etdi
12-nji dekabrda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara forumyň plenar mejlisinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çykyş etdi
13.12.2025 12:58
8.4k+
Gurbanguly Berdimuhamedow halkara guramalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi
12-nji dekabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumyň çäklerinde birnäçe iri halkara guramalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi
13.12.2025 12:46
4.4k+
Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurt raýatlaryny Bitaraplygyň ýubileý medaly we nyşany bilen sylaglady
Prezident Serdar Berdimuhamedow daşary ýurt raýatlaryny «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly hem-de ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda resminamalara gol çekdi
13.12.2025 12:37
8k+
Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy
12-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy. Döwlet Baştutany belent mertebeli myhmana Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşmaga çakylygy kabul edip, ýurdumyza sapar bilen gelendigi üçin minnetdarlyk bildirdi
13.12.2025 12:31
12k+
Aşgabatdaky forumyň çäklerinde Serdar Berdimuhamedowyň Wladimir Putin bilen duşuşygy geçirildi
12-nji dekabrda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy
13.12.2025 02:52
4.7k+
Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumy tamamlandy
12-nji dekabrda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumy dabaraly ýagdaýda tamamlandy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen bu çäre döwlet we Hökümet Baştutanlaryny, şeýle hem öňdebaryjy halkara we sebit guramalarynyň ýolbaşçylaryny bir ýere jemledi
13.12.2025 02:47
4k+
BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny mälim etdi
BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Tatýana Molçan Aşgabatda Halkara forumda çykyş etdi. BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary çykyşynda bu halkara maslahatyň häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin uly ähmiýete eýedigini belledi
13.12.2025 02:41
3.8k+
BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary: Türkmenistan halklary, ýurtlary we medeniýetleri baglanyşdyryp, parahatçylygyň ýollaryny giňeldýär
Aşgabatda geçirilen Halkara forum tejribe alyşmak, öňdebaryjy tejribeleri paýlaşmak we parahatçylygy, durnuklylygy hem-de Durnukly ösüş maksatlaryny öňe sürmek üçin aýratyn ähmiýete eýedir diýip, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ženewadaky edarasynyň Baş direktory Tatýana Walowaýa forumda eden çykyşynda aýtdy
13.12.2025 02:33
6.5k+
Özbegistan Türkmenistanyň BMG-niň howandarlygynda «Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini» döretmek başlangyjyny goldaýar
Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew 12-nji dekabrda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen Halkara forumda çykyş etdi
13.12.2025 01:32
4.1k+
Ermenistan Türkmenistanyň halkara parahatçylyga we howpsuzlyga goşýan goşandyna ýokary baha berýär
Ermenistanyň Prezidenti Waagn Haçaturýan 12-nji dekabrda Aşgabatda Halkara forumda çykyş etdi. Ermenistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, geçen 30 ýylyň içinde hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň möhüm şerti hökmünde özüniň ähmiýetini subut etdi
13.12.2025 01:16
4.5k+
Emomali Rahmon häzirki döwrüň çylşyrymly meselelerini çözmekde parahatçylygyň we ynanyşmagyň ähmiýetini belledi
Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon Aşgabatda 12-nji dekabrda geçirilen Halkara forumynda eden çykyşynda dünýäniň häzirki geosyýasy ýagdaýlarynda 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky başlangyjyň aýratyn ähmiýete eýedigini nygtady
13.12.2025 01:06
2.9k+
Gyrgyzystanyň Prezidenti Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyny durnukly ösüşiň netijeli binýady diýip atlandyrdy
Türkmenistan öz saýlap alan Bitaraplyk ýolunyň dogry we strategiki ähmiýetini subut etdi. Bitaraplyk derejesi içerki syýasy durnuklylygy, jemgyýetdäki ylalaşygy üpjün etdi we ýurduň yzygiderli ösüşi üçin berk binýady goýdy diýip, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow 12-nji dekabrda Aşgabatda geçirilen Halkara forumda çykyşynda aýtdy
13.12.2025 00:59
3k+
Tokaýew Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatynyň Ýewraziýada durnukly ösüşe goşandyny belledi
Hemişelik oňyn bitaraplyk syýasaty Türkmenistana halkara derejesinde abraý getirdi, ýurdumyzyň uly taryhy üstünligine, onuň parahatçylyk ýörelgelerine ygrarlylygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Bu syýasat giň Ýewraziýa yklymynda durnukly ösüşe uly goşant goşdy
13.12.2025 00:31
4.9k+
Eýranyň Prezidenti sebitde parahatçylyk, durnuklylyk we ösüş üçin Aşgabat forumynyň ähmiýetini belledi
12-nji dekabrda Aşgabatda Maslahatlar merkezinde geçirilen Halkara forumyň barşynda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian çykyş etdi. Masud Pezeşkian bu maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna hoşallyk bildirip, bu çäräniň ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna gabat gelmeginiň möhüm ähmiýetini belledi
13.12.2025 00:19
11k+
Wladimir Putin Aşgabat Jarnamasynyň taslamasyna ýokary baha berip, ony goldady
Türkmenistanyň mundan 30 ýyl ozal hemişelik Bitaraplyk ýoluny saýlap almagy Garaşsyz we özygtyýarly döwlet hökmünde strategik ösüş ugruny kesgitledi. Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin 12-nji dekabrda Aşgabatda geçirilen Halkara forumda eden çykyşynda bu barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň sebitde we dünýäde uly hormatdan hem-de abraýdan peýdalanýan ýurtdugyny nygtady
13.12.2025 00:04
5.8k+
Türkiýe Türkmenistanyň parahatçylyk babatdaky garaýyşlaryny goldaýar – Rejep Taýyp Ärdogan
Türkiýede Türkmenistanyň her bir gazanýan üstünligine guwanylýar we begenilýär. Häzirki wagtda Türkmenistan dünýäniň iň bir çalt depginler bilen ösýän ykdysadyýetleriniň birine öwrüldi. Bu barada Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan 12-nji dekabrda Aşgabatda geçirilen Halkara forumda eden çykyşynda aýtdy
12.12.2025 18:29
3.3k+
Türkmenistanyň DIM-nde birnäçe halkara guramalarynyň wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi
11-nji dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Aşgabatda iri halkara guramalarynyň: BMG-niň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA), Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG), Halkara zähmet guramasynyň (HZG) we Gyzyl Haç Halkara Komitetiniň (GHKHK) wekilleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi
12.12.2025 18:19
2k+
Türkmenistan Serbiýa bilen Bilelikdäki Hökümetara topary döretmek meselesini maslahatlaşýar
Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Serbiýanyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek boýunça gepleşikler geçirildi. Geňeşmeler Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Serbiýanyň halkara ykdysady hyzmatdaşlyk ministri Nenad Popowiçiň arasynda boldy
12.12.2025 17:14
2.2k+
Türkmenistanda fizika dersi boýunça V halkara olimpiada geçirildi
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda fizika dersi boýunça sanly ulgam arkaly V halkara olimpiada geçirildi. Bu halkara çäresine Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary
12.12.2025 16:33
5.4k+
Uzynada käninde birbada üç sany guýy ulanyşa girizildi
"Türkmennebit" döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň zähmet toparlary Hazar deňziniň kenarýaka zolagynda ýerleşýän Uzynada käninde birbada üç sany guýynyň gazuw işlerini üstünlikli tamamlap, ulanyşa tabşyrdylar
12.12.2025 16:27
1.8k+
Mejlisiň Başlygy Latwiýanyň täze bellenen ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi
11-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Latwiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Girts Ýaunzemsden ynanç hatyny kabul etdi
12.12.2025 15:21
3.5k+
Döwletliler köşgünde we Arkadag şäherindäki sagaldyş-dikeldiş merkezinde terbiýelenilýän çagalara sowgatlar gowşuryldy
11-nji dekabrda Aşgabatdaky Döwletliler köşgünde bilim-terbiýe alýan çagalar hem-de Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde terbiýelenilýän we saglygy dikeldilýän çagalar dürli datly miwelerden, süýjülik we beýleki naz-nygmatlardan ybarat sowgatlary kabul etdiler
12.12.2025 15:14
6.9k+
Arkadag şäherinde baýramçylyk mynasybetli täze öýleriň eýelerine açarlar gowşuryldy
11-nji dekabrda Arkadag şäherinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramçylygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýaşaýyş jaýlaryndan öýleriň açarlarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Bu barada "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär
12.12.2025 15:01
10k+
Aşgabatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Halkara forum geçirilýär
Şu gün, 12-nji dekabrda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Halkara forum geçirilýär. Oňa dünýä döwletleriniň, halkara we sebit guramalarynyň ýokary derejeli wekiliýetleri gatnaşýarlar
12.12.2025 13:10
7.7k+
Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda daşary ýurtlaryň Prezidentlerini kabul etdi
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän iri halkara foruma gatnaşmak üçin Aşgabada ýokary derejeli myhmanlar geldi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özi dostlukly ýurtlaryň birnäçesiniň Prezidentlerini Aşgabadyň Halkara howa menzilinde garşylady
«
1
…
20
21
22
…
160
»
«
1
…
17
18
19
20
21
22
23
24
25
…
160
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.