Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Ylym we tehnika
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Ylym we tehnika
23.05.2025 18:46
5.1k+
Taýwanda dünýädäki ilkinji robot şepagat uýasy lukmanlara kömek edip başlady
Taýwanyň hassahanalarynda lukmançylyk işgärlerine ýardam bermek üçin döredilen dünýäde ilkinji Nurabot robot şepagat uýalary synagdan geçirilip başlandy. Enjam ýönekeý işleri ýerine ýetirýär: dermanlary eltip berýär, palatalara aýlanyp çykýar we gelýänlere ýoldaş bolýar
23.05.2025 11:47
3.9k+
Barlaglar orta asyrlarda maýyplara nädip çylşyrymly hirurgiki kömegiň edilendigini görkezdi
Şwesiýanyň Lund uniwersitetiniň alymlary giçki orta asyr döwründe maýyplaryň uzak möhletli we ýokary hilli bejergi alyp bilendiklerini anykladylar. Bu barada Open Archaeology žurnalynda çap bolan makalada aýdylýar
23.05.2025 00:00
2.9k+
“Habbl” Eýnşteýniň halkasyny surata aldy. Ol üç galaktikadan ybarat
NASA “Habbl” teleskopy tarapyndan düşürilen üýtgeşik suraty hödürledi – onda bir hatara diýen ýaly düzülen üç galaktika görünýär. Olar Ýerden 19,5 mlrd, 5,5 mlrd we 2,7 mlrd ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýär
22.05.2025 12:43
2.8k+
ESA Aý üçin GPS ýaly nawigasiýa ulgamyny döredýär
Häzirki Aý missiýalary Ýerdäki GPS ýaly ýokary derejede takyk nawigasiýa ulgamynyň ýokdugy sebäpli düýpli çäklendirmeler bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Aýda hereket edýän enjamlar we astronawtlar Ýerden gelýän maglumatlara we öz hasaplaýyş modullaryna daýanýar
21.05.2025 15:52
4.6k+
Kosmosda syrly, şar şekilli gurluş ýüze çykaryldy
Astronomlar ASKAP radio teleskopynyň kömegi bilen Akmaýanyň ýolunda ideal diýen ýaly şar şekilli gurluşy tapdylar. Obýekt Teleos adyny aldy. Barlag Günbatar Sidneý uniwersitetinden Miroslaw Filipowiçiň ýolbaşçylygyndaky halkara topar tarapyndan geçirildi diýip, ScienceAlert habar berýär
21.05.2025 15:47
2.6k+
NASA-nyň we SpaceX-iň öňki işgärleri Starship-e bäsdeş boljak göteriji raketany gurmak kararyna geldiler
SpaceX-iň, Thales Alenia Space-iň we NASA-nyň öňki işgärleri tarapyndan döredilen Hstar kosmos kompaniýasy köp gezek ulanyp bolýan agyr göteriji raketany işläp taýýarlamaklyga girişendigini habar berdi. Renderlerde apparat daşyndan SpaceX kompaniýasynyň Starship-ine meňzeýär
20.05.2025 15:15
4.4k+
Awstraliýada GPS-iň ornuny tutjak nawigasiýa ulgamy döredildi. Ol 50 esse takyk
Awstraliýanyň Q-Ctrl kompaniýasy Ironstone Opal nawigasiýa ulgamyny hödürledi. Ol hemrasyz işleýär we ýerleşýän ýerini kesgitlemek üçin Ýeriň magnit meýdanyndan peýdalanýar. Tehnologiýa GPS-den 50 esse takyk we päsgelçiliklere durnukly
20.05.2025 14:40
3.6k+
Alymlar kebelekleriň howada nädip gaýyp saklanyp bilýändiklerini düşündirdiler
Beýhan uniwersitetiniň alymlary kebelekleriň uçuşyna gözegçilik edip, olaryň howada gülleriň depesinde nädip gaýyp durmagy başarýandyklaryny anykladylar. Bu açyş ýyladyşhanalarda ösümlikleri tozanlandyrmaga we barmasy kyn ýerlere girmäge ukyply mikrodronlary döretmekde gerekli bolup biler diýip, Science Daily habar berýär
20.05.2025 14:36
2.6k+
Ähli janly-jandarlaryň juda gowşak ýagtylyk bölüp çykarýandygy ýüze çykaryldy
Kanadanyň Kalgari uniwersitetiniň we Milli gözleg geňeşiniň barlagçylary ähli janly-jandarlaryň hemişe örän gowşak we göze görünmeýän ýagtylyk bölüp çykarýandygyny ýüze çykardylar. Bu hadysa «örän gowşak foton şöhlelenmesi» (UPE) diýlip atlandyrylýar
20.05.2025 14:30
7.6k+
Kanadada “garynjygy” bolan üç gözli deňiz ýyrtyjysyny tapdylar. Ol 506 million ýyl ozal ýaşap geçipdir
Manitoba muzeýiniň we Patyşalygyň Ontario muzeýiniň paleontologlary Kanadadaky Býorjess slaneslerinde deňiz ýyrtyjysynyň täze görnüşini tapdylar. Tapyndynyň ýaşy 506 million ýyl diýip, Royal Society Open Science žurnalyndaky çap edilen barlaga salgylanýan Phys
20.05.2025 10:48
4.1k+
B.e. öňki 355-nji ýylyň hytaý ýyldyzlar kartasy iň irki asman atlasy diýlip ykrar edildi
Hytaýyň Milli astronomiýa obserwatoriýasynyň halkara alymlar topary gadymy hytaý resminamasy “Ussat Şiniň ýyldyz gollanmasyny” öwrenip, munuň ýyldyzly asmanyň iň irki atlasydygy baradaky netijä geldi. Täze maglumatlara görä, karta biziň eýýamymyzdan öň, takmynan, 355-nji ýylda döredilipdir
20.05.2025 07:44
8.4k+
Awstraliýaly alymlar plastik aýnalaryny ulanyp, Gün energiýasyny öndürmegiň çykdajysyny 40% peseltdiler
Awstraliýaly alymlar Gün energiýasynyň öndürilişiniň çykdajysyny 40% azaldyp biljek ýeňil plastik aýnalary işläp taýýarladylar. Ilkibaşda awtoulaglar üçin işlenip düzülen tehnologiýa indi oba hojalygynda we senagatda çykdajylary peseltmäge, şeýle hem uglerod zyňyndylaryny azaltmaga ýardam berer diýip, «New Atlas» neşiri habar berýär
20.05.2025 07:41
1.4k+
Autonomous ýerli ýagdaýda işleýän neýrotorlar üçin güýçli EA kompýuterini çykardy
«Autonomous Inc.» kompaniýasy «Brainy» atly täze iş stansiýasyny hödürledi. «Brainy» – bulut ulgamlaryna mätäç bolmazdan, emeli aň modellerini ýerli ýagdaýda işledip, türgenleşdirip bilýän kiçi ölçegli güýçli enjamdyr
19.05.2025 19:03
4.8k+
Awstraliýaly alymlar adamyň gözüne meňzeş kompýuter gözüni döretdi
Awstraliýadaky RMIT (Royal Melbourne Institute of Technology) uniwersitetiniň alymlary adamyň gözi ýaly işleýän elektron gözüň prototipini döretdi. Adamyň gözi we beýnisi her bir kadry dolulygyna işlemeýär: olar herekete tiz reaksiýa bildirip, ilkinji nobatda, obýektleriň konturlaryny görýär we beýnä derrew signal iberýär
19.05.2025 18:15
2.6k+
Neýrobiolog: Nusgawy saz çyşyrymly meseläni çözmäge girişmezden ozal ünsüňi jemlemäge kömek edýär
Nusgawy saz ünsüňi jemlemäge we işiň netijeliligini ýokarlandyrmaga kömek edýär. Bu barada New York Post neşirine neýrobiolog we “Beýnä bähbitli iş ýeri: näme üçin zehinli adamlar işden çykyp gidýärler” kitabynyň awtory Friderike Fabrisius gürrüň berdi
19.05.2025 18:12
5k+
Alymlar düwünçejikde ýüregiň emele gelşini ilkinji gezek wideo ýazga geçirdiler
London uniwersitet kollejiniň we Frensis Krik institutynyň barlagçylary janly syçan düwünçeginde ýüregiň emele gelşiniň ilkinji 3D wideosyny aldylar. Bu barada MedicalXpress neşiri habar berdi. Ýüregiň öýjükleri bolan kardiomiositler fluoresent markerleri bilen bellik edildi we dürli reňklerde yşyklandyryldy
19.05.2025 17:55
3.9k+
Astronomlar ilkinji gezek Ýerden 155 ýagtylyk ýyly uzaklykda kristallaşan suw buzuny tapdylar
Astronomlar onlarça ýyl bäri doňan suwuň diňe bir Gün ulgamynda däl, eýsem onuň daşyndaky ýerlerde hem bolup biljekdigini çaklap gelýärdiler. Indi bolsa «Jeýms Uebb» teleskobynyň kömegi bilen ilkinji gös-göni subutnama alyndy – kristallaşan suw buzy «HD 181327» atly ýyldyzyň daşyndaky galyndy diskinde ýüze çykaryldy
19.05.2025 17:52
1.8k+
«Intuitive Machines» kompaniýasy «Athena» aý modulynyň ýykylmagynyň üç sebäbini düşündirdi
ABŞ-nyň «Intuitive Machines» kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen «Athena» (Afina) aý moduly 2025-nji ýylyň 6-njy martynda Aýa gonjak bolanda, tehniki näsazlyklar sebäpli, ýykylypdy. Kompaniýanyň baş direktory Stiw Altemus başa barmadyk synanyşygyň sebäplerini düşündirdi
18.05.2025 21:56
2.9k+
Garwardda emeli aň başga planetalylary gözlemek üçin ulanylar
Garward uniwersiteti Ýerden daşary ýaşaýyş alamatlaryny gözlemek üçin “Galileo” taslamasynyň çäklerinde emeli aňy ulanar. Bu barada Bloomberg ýazýar. Şeýle taslama doktor Lora Domine ýolbaşçylyk edýär. Ozal ol “tutmak” we ýazga almak mümkin däl diýen ýaly elementar bölejikler – neýtrino bilen meşgullandy
18.05.2025 16:46
4k+
Fizik Braýan Koks ylmy leksiýasynyň tomaşaçylarynyň sany boýunça rekord goýdy
Britaniýanyň ýadro fizigi, teleýaýlymyň alypbaryjysy, ylmy ýaýradyjy we professor Braýan Koks özüniň ylmy leksiýalaryna satylan petekleriň sany boýunça rekord goýdy. Onuň “Gözýetimler: XXI asyryň kosmos odisseýasy” (“Horizons: A 21st Century Space Odyssey”) atly dünýä aýlanan leksiýalaryna 2022-nji ýylyň awgustyndan 2025-nji ýylyň maý aýyna çenli 369 297 adam gatnaşdy
17.05.2025 19:40
3.9k+
NASA 20 ýyldan gowrak ozal öçürilen “Woýajer-1” zondunyň hereketlendirijilerini işletmegi başardy
NASA-nyň inženerlerine 20 ýyldan gowrak wagt ozal öçürilen we häzire çenli düzedip bolmaýan hasaplanan “Woýajer-1” zondunyň ugrukdyryjy hereketlendirijileriniň işini dikeltmek başartdy. 2002-nji ýylda gyzdyryjylaryň öçürilmegi sebäpli olaryň işinde bökdençlik ýüze çykdy diýlip hasaplanypdy
17.05.2025 14:47
7.3k+
ABŞ-da polatdan 10 esse berk bolan agaç döredildi
Merilendden InventWood amerikan kompaniýasy Superwood ady bilen täze gurluşyk materialyny hödürledi. Ol tebigy agajyň häsiýetlerini saklaýar, ýöne şol bir wagtyň özünde berkligiň agrama gatnaşygy boýunça polatdan 10 esse berk diýip, Interesting Engineering neşiri ýazýar
17.05.2025 08:35
6k+
Aýdan getirilen nusgalarda üýtgeşik monjuk tapyldy: ol Aýyň içki gurluşyny bilmäge kömek eder
Hytaý alymlary “Çane 5” missiýasynyň kömegi bilen Aýdan getirilen toprak nusgalarynda üýtgeşik himiki düzümi bolan çüýşe monjugy tapdy. Ol hemranyň içki gurluşy barada maglumat almaga kömek eder diýip, Space.com neşiri ýazýar
17.05.2025 08:33
3k+
Bristoldan bir talyp “Ar alyjy” roboty ýygnady. Robot Rubigiň kubigini düzmekde rekord goýdy
Bristol uniwersitetiniň talyby Mett Pidden 4x4 Rubigiň kubigini düzmek boýunça dünýä rekordyny goýan roboty ýygnady. Taslama onuň diplom işi boldy. Ozal robotlaryň arasynda rekord 1 minut 18 sekuntdy. Piddene bu görkezijini 45,305 sekunta çenli azaltmak başartdy – bu tas 33 sekunt tizdir
17.05.2025 00:28
2.1k+
Neuralink Abu-Dabide enjamlary pikiriň güýji bilen dolandyrmak boýunça synaglara başlaýar
Ilon Maskyň Neuralink kompaniýasy Ýakyn Gündogarda ilkinji kliniki synaglaryň başlanandygyny habar berdi. Kompaniýa pikiriň güýji bilen aragatnaşyk saklamak we enjamlary dolandyrmak mümkinçiligini öwrener. UAE-PRIME atly taslama Cleveland Clinic Abu Dhabi we Abu-Dabiniň Saglygy goraýyş departamenti bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýär
16.05.2025 18:27
3.4k+
Gemini emeli aňy indi sagatlarda, telewizorlarda we awtomobillerde peýda bolar
Google kompaniýasy Gemini emeli aň kömekçisini öz ekoulgamyna girizmegi meýilleşdirýär. Ýakyn aýlarda ol Google TV, Android Auto, Wear OS bolan gurluşlarda, şeýle-de Android XR esasly garyşyk hakykat garnituralarynda peýda bolar
16.05.2025 16:03
2k+
TikTok AI Alive emeli aň funksiýasynyň kömegi bilen suratlary janlandyrmagy öwrendi
TikTok sosial ulgamynda emeli aňyň esasynda täze TikTok AI Alive guraly peýda boldy. Ol adaty suratlary owadan effektler bilen gysga hereketli wideolara öwürmäge mümkinçilik berýär. Bu funksiýa eýýäm Stories bölüminde elýeterli bolup, platformanyň ulanyjylaryna öz döredijiligini görkezmek üçin täze mümkinçilikleri berýär
16.05.2025 15:50
2.1k+
Tesla-nyň Optimus atly adam şekilli roboty tans etmegi öwrendi
Ilon Mask X sosial torunda adam şekilli Tesla Optimus robotynyň tans hereketlerini ýerine ýetirýän wideosyny paýlaşdy. Tesla-nyň robototehnika bölüminiň ýolbaşçysy Milan Kowaçyň aýtmagyna görä, bu hereketler güýçlendirilen maşyn öwrenmesi (reinforcement learning, RL) arkaly gazanyldy
15.05.2025 21:54
4.9k+
Deep kompaniýasy 200 metr çuňlukda işlejek suwasty modullaryň synagyny tamamlady
Deep kompaniýasy 200 metre çenli çuňlukda işlejek suwasty ýaşaýyş modullaryň synaglarynyň üstünlikli tamamlanandygyny habar berdi. 2022-nji ýylda başlanan taslama aerokosmos we deňiz inženerligi tehnologiýalaryny birleşdirip, uzak wagtlap deňizde galmaga ukyply awtonom stansiýalary döretmegi maksat edinýär
15.05.2025 21:27
3.3k+
Baýkonur kosmodromynda H-1 Aý raketasynyň iň uly maketi oturdyldy
Baýkonurda SSSR-iň Aý maksatnamasy üçin döredilen H-1 raketa göterijisiniň dünýäde iň uly maketi peýda boldy. Onuň beýikligi 22 metre ýetýär. Maket 2025-nji ýylyň 2-nji iýunynda bellenjek şäheriň we kosmodromyň 70 ýyllygy mynasybetli gurnaldy
15.05.2025 11:24
5.8k+
Hytaýly alymlar DNK esasynda adamyň ýüz keşbini dikeltdiler
Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary diňe genetiki maglumatlara esaslanyp adamyň ýüz keşbiniň hakykata ýakyn 3D şekilini döredip bilýän Difface atly täze emeli aň modelini hödürlediler. Bu barada geçirilen barlagyň netijeleri «Advanced Science» žurnalynda çap edildi
14.05.2025 16:12
4.4k+
IBM we Google garrylyga garşy göreş üçin kwant tehnologiýalaryny hödürlediler
Kaliforniýada (ABŞ) geçirilen konferensiýada IBM we Google kompaniýalary derman serişdeleriniň işlenip düzülişini çaltlandyryp biljek we garramagyň mehanizmleriniň öwrenilmegine ýardam berip biljek kwant tehnologiýalaryny hödürlediler
14.05.2025 16:09
5.4k+
Iň gadymy naýzalary Germaniýanyň çäginde ýaşap geçen neandertallar ýasapdyr
Ýewropaly antropologlar Saksoniýadan (Germaniýa) tapylan Şöningen naýzalarynyň, takmynan, 200 müň ýyl ozal döredilendigini kesgitlediler. Bu öň pikir edişimizden 100–200 müň ýyl soňdur. Science Advances žurnalynda çap edilen barlag naýzalaryň geýdelberg adamlaryna däl-de, neandertallara degişlidigini görkezýär
14.05.2025 16:07
4.3k+
Nvidia-nyň täze wideokartasy çylşyrymly parollary döwmegi has-da tizleşdirýär
Hive Systems kompaniýasy açar sözleri (parol) çaklaýyş tizligini ölçemek üçin, 12 sany GeForce RTX 5090 wideokartasyndan ybarat klasteri synagdan geçirdi. Netijeleri bolsa, «Açar sözleriň tablisasy» atly hasabatda paýlaşdy
14.05.2025 16:04
5.5k+
Dünýä boýunça ummanlaryň düýbüniň bary-ýogy 0,001%-i ylmy taýdan öwrenilipdir
Amerikaly alymlaryň geçiren täze barlagy çuň suwly ummanlaryň düýbüniň bary-ýogy 0,001%-iniň wizual görüş arkaly öwrenilendigini görkezdi. Bu Belgiýanyň tutýan meýdanyndan takmynan on esse kiçi diýmegi aňladýar
14.05.2025 11:25
9.3k+
Marsyň jümmüşinde uly kölüň gizlenip ýatandygy anyklandy
Halkara alymlar topary Marsyň jümmüşinde suwuk suwly kölüň bardygynyň subutnamalaryny tapdy. Bu barlagy Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň Geologiýa we geofizika institutynyň, Awstraliýanyň milli uniwersitetiniň we Milanyň Bikokka uniwersitetiniň hünärmenleri geçirdi
14.05.2025 11:23
4.9k+
Alymlar suw desgalaryny arassalamak üçin bir gezeklik, iýilýän robotlary döretdiler
EPFL intellektual ulgamlar laboratoriýasyndan (Şweýsariýa) aspirant Şuhang Çžan we onuň topary täze bir taslamany, ýagny daşky gurşawa zyýan bermezden, suwuň üstünde ýüzüp bilýän kiçijik robotlary hödürlediler
14.05.2025 11:16
2.4k+
Robotlara programmirleme däl-de, mehanikanyň kanunlary boýunça işlemek öwredildi
Seul milli uniwersitetinden we Garwarddan ylmy gözlegçileriň topary datçik, algoritm we merkezi dolandyryş bolmazdan hereket edip bilýän robotlary döretdi. Science Advances žurnalynda beýan edilen täze ulgam link-botlar adyny aldy
14.05.2025 11:09
6.1k+
Türkiýede AirCar uçýan awtomobiliniň ilkinji adamly uçuşy geçirildi
AirCar kompaniýasy adamyň gatnaşmagynda iki orunlyk uçýan awtomobiliniň ilkinji synagyny geçirdi. Uçuş 35 km/sag-dan gowrak ýel tizliginde we 8 metr belentlikde amala aşyryldy diýip, Anadolu agentligi habar berýär
12.05.2025 07:19
6.3k+
Uly adron kollaýderi ilkinji gezek gurşuny altyna öwürdi
Fizikler dünýäniň iň güýçli elementar bölejik tizlendirijisi bolan Uly adron kollaýderinde ilkinji gezek gurşuny altyna öwürmegi başardylar. Bu barada «Newsweek» habar berýär. Asyrlarboýy «hrizopeýa», ýagny gurşuny altyna öwürmek mümkin däl diýip hasap edildi
«
1
…
26
27
28
…
79
»
«
1
…
23
24
25
26
27
28
29
30
31
…
79
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.