Ylym we tehnika

Baidu haýwan dilini adam diline terjime edýän tehnologiýany patentlemek üçin arza berdi
12.05.2025 07:06
5.1k+

Baidu haýwan dilini adam diline terjime edýän tehnologiýany patentlemek üçin arza berdi

Hytaýyň Baidu kompaniýasy haýwan seslerini adam diline terjime edip biljek tehnologiýany patentlemek üçin arza berdi. Bu barada South China Morning Post habar berdi. Arza 2023-nji ýylyň dekabrynda berlipdi, ýöne Hytaýyň Milli intellektual eýeçilik müdirligi ony diňe 2025-nji ýylyň 6-njy maýynda neşir etdi
Ýaponiýanyň ispace-niň Resilience moduly 4 aýlyk uçuşdan soň Aýyň orbitasyna ýetdi
12.05.2025 07:03
2.5k+

Ýaponiýanyň ispace-niň Resilience moduly 4 aýlyk uçuşdan soň Aýyň orbitasyna ýetdi

Ýaponiýanyň ispace kompaniýasynyň ýanwar aýynda Hakuto-R Mission 2 missiýasynyň çäginde uçurylan Resilience Aý moduly Aýyň orbitasyna üstünlikli girdi. Apparaty 5-nji iýunda Ýeriň hemrasynyň üstüne gondurmak meýilleşdirilýär diýip, işläp düzüjiler habar berdiler
Hytaýyň Unitree kompaniýasy suw pürküji oturdylan ýangyn söndüriji robot iti döretdi
12.05.2025 06:41
5.4k+

Hytaýyň Unitree kompaniýasy suw pürküji oturdylan ýangyn söndüriji robot iti döretdi

Hytaýyň Unitree Robotics kompaniýasy suw pürküji we öz-özüni sowadyş ulgamy bilen enjamlaşdyrylan B2 robot itiniň ýangyn söndüriji görnüşini hödürledi. Täze model Sindao şäherinde eýýäm synagdan geçirilýär. Robot bilen esasy wersiýanyň arasyndaky esasy tapawut - robotyň arkasyna oturdylan suw pürküjiniň bolmagydyr
Alymlar adamyň görüş ukybynyň biologik çägini anykladylar
11.05.2025 22:41
6.3k+

Alymlar adamyň görüş ukybynyň biologik çägini anykladylar

Ýewropaly we awstraliýaly alymlar adamyň hereket edýän zatlara berýän görüş reaksiýasynyň tizliginiň gözleriň işleýiş aýratynlyklary bilen çäklenýändgini anykladylar. Bu barada Berliniň tehniki uniwersitetiniň (TU Berlin) metbugat gullugyna salgylanyp, «TASS» agentligi habar berýär
Äpet Starship raketasynyň maý aýyndaky uçuşy ilkinji gezek 4K formatda görkeziler
11.05.2025 22:20
2.7k+

Äpet Starship raketasynyň maý aýyndaky uçuşy ilkinji gezek 4K formatda görkeziler

Starship kosmos gämisiniň indiki uçuşy 2025-nji ýylyň maý aýynyň üçünji ongünlügine meýilleşdirilýär. Bu tomaşaçylara iň ýokary aýdyňlyk bilen 4K formatda görkeziljek ilkinji uçuş bolar. Bu barada Ilon Mask X sosial ulgamyndaky sahypasynda habar berdi
ClearSpace kompaniýasy kosmosy zibilden arassalamak tehnologiýasyny üstünlikli synady
10.05.2025 19:26
3k+

ClearSpace kompaniýasy kosmosy zibilden arassalamak tehnologiýasyny üstünlikli synady

ClearSpace kompaniýasy Beýik Britaniýanyň Kosmos agentligi tarapyndan amala aşyrylýan Active Debris Removal (ADR) maksatnamasynyň ikinji tapgyryny üstünlikli tamamlady. Missiýanyň bu bölegi Ýere golaý orbitada ýerleşýän hatardan çykan hemralary tutmak we aýyrmak üçun zerur bolan tehnologiýalary synagdan geçirmäge we kämilleşdirmäge gönükdirildi
Maskyň superkompýuteri 300 000 öýe ýeterlik tok sarp edýär
10.05.2025 19:12
7.1k+

Maskyň superkompýuteri 300 000 öýe ýeterlik tok sarp edýär

Ilon Maskyň xAI kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanan Colossus superkompýuteri Memphis Supercluster taslamasynyň çäklerinde doly güýjüne işläp başlady. Onuň energiýany sarp edişi şeýle bir ýokary welin, ol 300 000 ýaşaýyş jaýynyň sarp etjek toguna barabar diýip, Tom’s Hardware habar berýär
SpaceX ýylda 25 gezek Starship raketasyny uçurmaga rugsat aldy
09.05.2025 12:35
2k+

SpaceX ýylda 25 gezek Starship raketasyny uçurmaga rugsat aldy

ABŞ-nyň Federal raýat awiasiýasy edarasy (FAA) Starship uçuşlarynyň daşky gurşawa ýetirýän täsirine degişli jemleýji ekologiki bahalandyrmasyny çap etdi. FAA-nyň hasabatyna görä, Ilon Maskyň kosmos kompaniýasy
Hytaýda geçirilen synagyň netijesinde dronlaryň kömegi bilen gurak sebitde güýçli ýagyş ýagdyryldy
08.05.2025 16:33
9.8k+

Hytaýda geçirilen synagyň netijesinde dronlaryň kömegi bilen gurak sebitde güýçli ýagyş ýagdyryldy

Hytaýyň Meteorologiýa müdirliginiň inženeri Li Biniň ýolbaşçylygyndaky alymlar topary dronlar arkaly bulutlara täsir etmek boýunça synag geçirdiler. Bir günüň dowamynda, 8 müň inedördül kilometr meýdanda ýagşyň mukdary 4% artdy
Hindistan sagatda 28,8 müň km tizlikde emeli hemralaryň “duelini” üstünlikli synag etdi
08.05.2025 15:56
2.2k+

Hindistan sagatda 28,8 müň km tizlikde emeli hemralaryň “duelini” üstünlikli synag etdi

Hindistanyň Kosmos barlaglary guramasy (ISRO) SpaDeX missiýasynyň çäklerinde özboluşly synag geçirdi. Iki emeli hemra, SDX 01 we SDX 02, 470 km belentlikde sagatda 28,8 müň km tizlik bilen hereket edip, golaýlamak manýowryny ýerine ýetirdi
"Intuitive Machines" Moon RACER Aý roweri üçin özbaşdak ulgam döretdi
08.05.2025 15:53
1.9k+

"Intuitive Machines" Moon RACER Aý roweri üçin özbaşdak ulgam döretdi

Intuitive Machines kompaniýasy Moon RACER Aý ulagy üçin awtonom hereketlendiriji ulgamyny işläp taýýarlamagy üstünlikli tamamlady. 2024-nji ýylyň aprelinde NASA Lunar Terrain Vehicle Services (LTVS) taslamasy üçin şertnama alandan soň enjamyň üstünde işlenip başlandy
Akulanyň tutdurmaýan görnüşi ilkinji gezek kameranyň obýektiwine düşdi
08.05.2025 15:29
9.8k+

Akulanyň tutdurmaýan görnüşi ilkinji gezek kameranyň obýektiwine düşdi

Deňiz biologlary ilkinji gezek uly kelleli ala akulany wideo düşürdiler (Cephaloscyllium pictum). Ondan öň onuň bardygy diňe Indoneziýada balykçylar tarapyndan tutulan öli nusgalar boýunça bilinýärdi. Balyk Gündogar Timoryň kenarynda wideo alyndy
Bosch elektrowelosipedler üçin özboluşly režimli magniý hereketlendirijisini hödürledi
08.05.2025 14:07
2.3k+

Bosch elektrowelosipedler üçin özboluşly režimli magniý hereketlendirijisini hödürledi

Germaniýanyň Bosch kompaniýasy täze nesil elektrowelosiped hereketlendirijisini – «Performance Line CX-R» modelini tanyşdyrdy. Bu enjam çylşyrymly şertlerde sürmegi halaýanlar üçin niýetlenendir. Esasy aýratynlygy – «Race» (Ýaryş) režimidir
Ýerdäki tokaýlaryň iň takyk we jikme-jik kartasy hödürlendi
08.05.2025 14:02
5.9k+

Ýerdäki tokaýlaryň iň takyk we jikme-jik kartasy hödürlendi

Tokaýlarda saklanýan biomassany takyk ölçemek klimatyň üýtgemegine we uglerod aýlawyna dogry düşünmek üçin örän möhümdir. Şonuň üçin hem Ýewropa kosmos agentligi (ESA) «Biomass» atly täze hemrany uçurdy. ESA bar bolan maglumatlary täze alnan maglumatlar bilen birleşdirip, tokaýlaryň häzirki güne çenli taýýarlanan iň jikme-jik kartasyny hödürledi
Kanadaly owerkloker DDR5 ýadynyň maglumat geçiriş tizligini rekord derejä – 12 806 MT/s ýetirdi
08.05.2025 13:29
2.4k+

Kanadaly owerkloker DDR5 ýadynyň maglumat geçiriş tizligini rekord derejä – 12 806 MT/s ýetirdi

Kanadaly «saltycroissant» lakamly owerkloker DDR5 operatiw ýady üçin maglumat geçiriş tizliginde täze dünýä rekordyny goýdy – 12 806 MT/s. Ol 12 800 MT/s çäginden geçen ilkinji adam boldy. Rekord «Corsair Vengeance» modullary we «ASRock Z890 Taichi OCF» enelik platasy bilen gazanyldy
NASA-nyň howa şary 17 günde dünýäniň daşyndan aýlandy
08.05.2025 12:26
4.2k+

NASA-nyň howa şary 17 günde dünýäniň daşyndan aýlandy

Täze Zelandiýanyň Wanaka şäherinden asmana uçurylan NASA-nyň futbol meýdançasy ýaly ululykdaky howa şary 17 gün 13 sagat 47 minudyň dowamynda, dünýäniň daşyndan doly aýlanyp, ilkinji uçuşyny üstünlikli tamamlady
Ylmy barlag okan wagtyň beýniniň teksti nähili işleýändigini görkezdi
08.05.2025 11:48
2.6k+

Ylmy barlag okan wagtyň beýniniň teksti nähili işleýändigini görkezdi

Okamak adama dünýägaraýşyny giňeltmäge, täze zatlary öwrenmäge we durmuşy meseleleri çözmäge kömek edýär. Ol bilim, iş we hatda ruhy sagdynlyk üçin hem möhümdir. Maks Plank adyndaky Kognitiw we beýni ylymlary institutynyň hünärmenleri okan wagtyň beýniniň nähili işleýändigini, onuň haýsy bölekleriniň has işjeň bolýandygyny öwrenmek kararyna geldi diýip, Medical Xpress habar berýär
Alymlar garry agaçlaryň ýaş tokaýlara abanýan howp barada duýduryş berýändigini anykladylar
07.05.2025 13:56
6.2k+

Alymlar garry agaçlaryň ýaş tokaýlara abanýan howp barada duýduryş berýändigini anykladylar

Italiýanyň daglarynda alymlar köp ýaşan agaçlaryň ýaş daragtlara maglumat berşini ilkinji gezek hasaba almagy başardylar. Awstraliýanyň we Italiýanyň barlagçylary Kosta Bokke tokaýynda berýoza agaçlarynda datçik goýdular
Kawkazdaky tapyndy neandertallaryň oýlap tapyjylygy barada täze maglumatlary berdi
06.05.2025 21:06
4.3k+

Kawkazdaky tapyndy neandertallaryň oýlap tapyjylygy barada täze maglumatlary berdi

Alymlar Demirgazyk-Günbatar Kawkazdaky gowakda ýaşy 80-70 müň ýyl bolan süňkden ýasalan peýkamy tapdy. Bu tapyndy süňkden enjam ýasamaga ukypsyz hasaplanan neandertallar baradaky garaýyşlary üýtgedýär. Görnüşi ýaly, neandertallar, takmynan, 40 müň ýyl mundan ozal Ýewraziýada häzirkizaman adamlary peýda bolmazdan has öň çylşyrymly tehnologiýalary ulanan eken
«Çanýe-5» missiýasy Aýyň topragynda durnukly uglerod gurluşlaryny tapdy
06.05.2025 11:03
3.6k+

«Çanýe-5» missiýasy Aýyň topragynda durnukly uglerod gurluşlaryny tapdy

Hytaýyň «Çanýe-5» missiýasy bilen Aýdan getirilen toprakdan täsin uglerod birleşmeleri tapyldy. Alymlar bu birleşmeleriň grafene meňzeş gaty gurluşdygyny we olaryň mukdarynyň garaşylandan has ýokarydygyny aýtdylar
NASA-nyň alymy: Hytaýdaky ägirt bent Ýerde gije-gündiziň dowamlylygyny üýtgetdi
06.05.2025 10:27
9.2k+

NASA-nyň alymy: Hytaýdaky ägirt bent Ýerde gije-gündiziň dowamlylygyny üýtgetdi

Wagtyň kanunlaryny üýtgetmek mümkin däl, ýöne bir emeli desga, her niçigem bolsa, Ýeriň aýlanmagyna täsir edip, gije-gündiziň dowamlylygyny uzaltdy. Gürrüň Hytaýdaky “Üç jülge” bendi barada gidýär. Bu desga kesgitlenen kuwwaty boýunça dünýäde iň uly elektrik stansiýasydyr
ABŞ 2030-njy ýyla çenli HKS-iň ulanylyşyny bes eder we täjirçilik stansiýalaryna geçer
06.05.2025 10:24
2k+

ABŞ 2030-njy ýyla çenli HKS-iň ulanylyşyny bes eder we täjirçilik stansiýalaryna geçer

ABŞ-nyň administrasiýasy 2030-njy ýyla çenli Halkara kosmos stansiýasynyň ulanylyşyny bes etmegi meýilleşdirýär. Bu barada ýurduň 2026-njy ýyl üçin býujet taslamasynda aýdylýar. Resminama görä, HKS üçin çykdajylar 508 mln dollar azaldylar
Ilon Maskyň Tehasdaky «Starbase» kosmos bazasy resmi taýdan şäher derejesini aldy
05.05.2025 16:15
5.4k+

Ilon Maskyň Tehasdaky «Starbase» kosmos bazasy resmi taýdan şäher derejesini aldy

Tehasyň (ABŞ) günortasynda resmi taýdan «Starbase» atly täze şäher döredildi. 2025-nji ýylyň 3-nji maýynda geçirilen ses berişligiň netijesinde, ilatyň 97,74%-i täze dolandyryş birliginiň döredilmegini goldady
Hytaý kosmosda bolan embrionlara mikrograwitasiýanyň täsirini öwrenýär
05.05.2025 12:27
2k+

Hytaý kosmosda bolan embrionlara mikrograwitasiýanyň täsirini öwrenýär

Hytaýly alymlar “Týangun” orbital stansiýasynda alty aýlap bolan adamlaryň we haýwanlaryň embrionlaryna mikrograwitasiýanyň eden täsirini öwrenip başlarlar. Bu barada Hytaýyň Ylymlar akademiýasyna salgylanýan TASS habar berýär
«Inoue» teleskoby täze enjamy bilen Güni ilkinji gezek surata düşürdi
05.05.2025 00:30
3.9k+

«Inoue» teleskoby täze enjamy bilen Güni ilkinji gezek surata düşürdi

Dünýäde Güni öwrenmek boýunça iň güýçli teleskop bolan «Inoue» Gün teleskopy ilkinji gezek täze enjamyny, ýagny Visible Tunable Filter (VTF) kamerasyny ulanyp, Güni surata düşürdi. Bu barada «Eurekalert» habar berýär
Dünýäde ilkinji gezek Şweýsariýada demir ýollara Gün panelleri oturdyldy
04.05.2025 23:46
4.8k+

Dünýäde ilkinji gezek Şweýsariýada demir ýollara Gün panelleri oturdyldy

Dünýäde ilkinji gezek Şweýsariýada sökülip-oturdylýan Gün panelleri hereket edýän demir ýol ugruna ornaşdyrylyp, işe girizildi. Bu ulgam jemi 48 sany, hersi 385 wattlyk kuwwaty bolan fotoelektrik modulyndan ybarat bolup, ýylyň dowamynda, takmynan, 16 megawatt-sagat elektrik energiýasyny öndürmäge ukyply diýip, «Sustainability Times» habar berýär
Polşaly inžener Volonaut Airbike atly innowasion uçýan ulagyny tanyşdyrdy
04.05.2025 23:44
7.3k+

Polşaly inžener Volonaut Airbike atly innowasion uçýan ulagyny tanyşdyrdy

Jetson kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri we tehniki direktory Tomaş Patan «Volonaut Airbike» atly reaktiw hereketlendirijili täze nesil howa ulagyny hödürledi. Enjam diňe bir adamy daşamak üçin niýetlenendir
«Jeýms Uebb» häzirki wagta çenli mälim bolan iň sowuk ekzoplanetany açdy
04.05.2025 19:56
3.9k+

«Jeýms Uebb» häzirki wagta çenli mälim bolan iň sowuk ekzoplanetany açdy

«Jeýms Uebb» teleskopy örän sowuk ekzoplanetanyň üstüni açdy. «WD 1856+534 b» belgili ekzoplanetanyň atmosferasynyň temperaturasy −87°C bolup, ol Ýupitere we Saturna meňzeýär diýip, «Space.com» habar berýär. Alymlar ýaşaýyş üçin zerur bolan şertleriň diňe Gün ulgamynda däl, eýsem, beýleki ýerlerde hem bardygyny-ýokdugyny öwrenýärler
Alymlar Týudorlar eýýamynyň peýniriň taýýarlanyşy hakyndaky kitabynyň syryny bildiler
04.05.2025 13:46
2.8k+

Alymlar Týudorlar eýýamynyň peýniriň taýýarlanyşy hakyndaky kitabynyň syryny bildiler

Lids uniwersitetiniň hünärmenleri özboluşly golýazmanyň sanly nusgasyny we transkripsiýasyny neşir etdiler. Ol - 1580-nji ýyllarda döredilen, peýnir hakyndaky iň gadymy iňlis traktaty bolan "A pamflyt compiled of Cheese, contayninge the differences, nature, qualities, and goodnes, of the same"
Alymlar antibiotikleriň ornuny tutup biljek molekulany döretdiler
04.05.2025 13:43
1.7k+

Alymlar antibiotikleriň ornuny tutup biljek molekulany döretdiler

Halkara alymlar konsorsiumy antibiotikleriň ornuny tutup biljek, ýöne başgaça işleýän täze molekulany döretdi. Ol bakteriýalary öldürmegiň ýerine, olary adam immunitetiniň öňünde has ejiz edýär, ýagny bedeniň özüne ýokançlyga garşy göreşmäge kömek edýär
Täze rekord: 18 sagadyň dowamynda alty raketa kosmosa ugradyldy
03.05.2025 12:05
6.6k+

Täze rekord: 18 sagadyň dowamynda alty raketa kosmosa ugradyldy

Dünýä boýunça täze rekord goýuldy – 18 sagadyň dowamynda alty dürli göteriji raketa orbita ugradyldy diýip, «Space.com» habar berýär. Ilkinji uçuş Hytaýda boldy: 29-njy aprelde gijesine Haýnan adasyndaky Wençan kosmodromyndan «Long March 5B» raketasy Guowang hemra ulgamy üçin niýetlenen hemralary orbita çykardy
Alymlar geljekki kosmos bazalary üçin balyk fermalaryny işläp taýýarlaýar
03.05.2025 11:11
2.7k+

Alymlar geljekki kosmos bazalary üçin balyk fermalaryny işläp taýýarlaýar

Fransiýada alymlar sibas balygyny adatdan daşary wezipe üçin taýýarlaýarlar – ol Aýda ösdürilip ýetişdiriljek ilkinji görnüş bolar. «Lunar Hatch» taslamasy geljekki astronawtlary balyk bilen üpjün eder we Aýdaky ýaşaýyş nokatlary üçin ýapyk iýmit zynjyry döretmäge mümkinçilik berer diýip, «The Guardian» ýazýar
Türkmenistanda kükürt esasynda çygdan goraýjy örtük döretmegiň tehnologiýasy patentlendi
02.05.2025 17:03
11k+

Türkmenistanda kükürt esasynda çygdan goraýjy örtük döretmegiň tehnologiýasy patentlendi

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda Tehniki ylymlaryň kandidaty Meretmuhammet Hudaýberdiýewiň ýolbaşçylygynda geçirilen giňişleýin ylmy we tejribeli işleriň netijesinde «Suw desgalary we beýlekiler üçin suwdan goraýjy birleşmeli örtük» döretmek tehnologiýasy işlenip düzüldi we patentleşdirildi
Ýewropa kosmos agentligi tokaýlary öwrenmek üçin orbita emeli hemra uçurdy
01.05.2025 14:37
6.2k+

Ýewropa kosmos agentligi tokaýlary öwrenmek üçin orbita emeli hemra uçurdy

29-njy aprelde Ýewropa kosmos agentligi (ESA) Vega-C göteriji raketasyny üstünlikli uçurdy. Apparat Fransuz Gwianasyndaky Kuru kosmodromyndan badalga aldy we tokaýlary öwrenmek hem-de kömürturşy gazyna gözegçilik etmek üçin ulanyljak Biomass emeli hemrasyny orbita çykardy
Gündäki alawlamalar Ýeriň atmosferasyny sarsýar: 2024-nji ýylda 2000-den gowrak alawlama hasaba alyndy
30.04.2025 15:15
9.3k+

Gündäki alawlamalar Ýeriň atmosferasyny sarsýar: 2024-nji ýylda 2000-den gowrak alawlama hasaba alyndy

Belfastdaky Patyşalyk uniwersitetiniň (Queen's) alymlary Günüň magnit meýdanyndan çykýan güýçli energiýa zyňyndylary bolan Gün alawlamalarynyň ozal mümkin däl diýlip hasaplanylýan täsiri, ýagny Ýeriň atmosferasynda sinhron pulsasiýalary döredýändigini ýüze çykardylar
 Alymlar Ýeri Boeing 777 uçarynyň kömegi bilen sowatmagy teklip edýär
30.04.2025 13:33
12k+

 Alymlar Ýeri Boeing 777 uçarynyň kömegi bilen sowatmagy teklip edýär

Londonyň Uniwersitet kollejiniň alymlary Boeing 777F uçarlaryny global ýylama bilen göreşmek üçin ulanmagy teklip etdi. Bu uçaryň kömegi bilen aerozollary polýuslarda, mysal üçin, Norwegiýa ýa-da Alýaska sebitinde 13 km belentlikde sepmek bolýar diýip, hünärmenler aýdýar
Amazon ilkinji Project Kuiper hemralaryny orbita çykardy. Ol Starlink bilen bäsleşer
30.04.2025 13:23
1.9k+

Amazon ilkinji Project Kuiper hemralaryny orbita çykardy. Ol Starlink bilen bäsleşer

Amazon kompaniýasy Atlas V raketasynyň kömegi bilen öz Project Kuiper internet ulgamynyň 27 hemrasyny üstünlikli uçurdy. Bu kompaniýanyň Starlink bilen bäsleşjek global ulgamy döretmek ugrunda ilkinji ädimidir
Suwuň we betonyň içinden maglumatlary geçirip bilýän ilkinji aragatnaşyk hödürlendi
30.04.2025 13:09
4.3k+

Suwuň we betonyň içinden maglumatlary geçirip bilýän ilkinji aragatnaşyk hödürlendi

Şotlandiýanyň Csignum startapynyň inženerler topary dykyz suwdan, buzdan we hatda beton gurluşlardan aňsatlyk bilen geçip bilýän öwrülişikli aragatnaşyk ulgamyny döretdi. Olaryň işläp taýýarlan EM-2 önümi suw bilen howanyň araçägini bökdençsiz geçmek üçin ( häzirki bar tehnologiýalar üçin kyn mesele) pes ýygylykly elektromagnit meýdanlaryny ulanýar
Alymlar doňzuň agzynda adam dişlerini ösdürdiler
30.04.2025 12:25
6.4k+

Alymlar doňzuň agzynda adam dişlerini ösdürdiler

ABŞ-da Tafts uniwersitetiniň alymlary doňzuň äňinde adam dişlerine meňzeş dişleri ösdürdi. Stem Cells Translational Medicine žurnalynda beýan edilen tejribe biologiki diş implantlaryny döretmäge tarap ýol açýar
Braziliýada 113 million ýyl ozal ýaşap geçen garynjanyň galyndylary tapyldy
30.04.2025 12:19
5.2k+

Braziliýada 113 million ýyl ozal ýaşap geçen garynjanyň galyndylary tapyldy

Braziliýada ylma mälim bolan dowzah garynjasynyň (bu hili atlandyrma gadymy grek mifologiýasyndan gözbaş alýar) iň gadymysy tapyldy. Onuň ýaşy 113 million ýyl hasaplanýar diýip, Current Biology žurnaly habar berýär
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.