Ylym we tehnika

Çip ýetmezçiligi sebäpli awtoulag önümçiligi togtadylyp bilner
12.03.2026 13:43
2.8k+

Çip ýetmezçiligi sebäpli awtoulag önümçiligi togtadylyp bilner

Hytaýyň Kommersiýa ministrligi Niderlandlarda ýerleşýän Nexperia kompaniýasynyň baş edarasy tarapyndan edilýän hereketleriň gepleşikler üçin täze päsgelçilikleri döredýändigini mälim etdi. Mundan ozal, kompaniýa Hytaýdaky işgärleriniň korporatiw hasaplaryny ýapypdy
Ýaponiýadaky täze açyş saçyň düşmegine garşy netijeli bejerginiň salgysyny berdi
11.03.2026 15:23
9k+

Ýaponiýadaky täze açyş saçyň düşmegine garşy netijeli bejerginiň salgysyny berdi

Ýaponiýanyň RIKEN instituty we OrganTech biotehnologiýa kompaniýasynyň alymlary saçyň üznüksiz ösmegini üpjün edýän öýjükleriň ozal näbelli bolan görnüşini tapdylar. Barlagyň netijeleri Biochemical and Biophysical Research Communications atly ylmy žurnalda çap edildi
xAI-nyň täze hyzmaty teksti duýgy we äheň bilen seslendirýär
10.03.2026 17:04
1.7k+

xAI-nyň täze hyzmaty teksti duýgy we äheň bilen seslendirýär

Ilon Maskyň xAI emeli aň kompaniýasy adaty teksti täsirli sözleýişe öwürýän täze guraly tanyşdyrdy. Başlangyç tapgyrda bäş sany ses elýeterli bolup, olar «Eve», «Ara», «Rex», «Sal» we «Leo» diýlip atlandyrylýar
Her planetanyň öz owazy bar: NASA teleskop maglumatlaryny saza öwürdi
10.03.2026 11:37
2.4k+

Her planetanyň öz owazy bar: NASA teleskop maglumatlaryny saza öwürdi

NASA-nyň hünärmenleri «Çandra» obserwatoriýasy tarapyndan alnan Ýupiter, Saturn we Uran planetalarynyň şekillerini owaz sazlaşygyna öwürdiler. Ýakynda bolup geçen planetalaryň parady döwründe ýygnalan bu ylmy maglumatlar sonifikasiýa arkaly audio görnüşine getirildi
Apple 15 sany enjamynyň önümçiligini ýatyrýar
10.03.2026 08:10
3.9k+

Apple 15 sany enjamynyň önümçiligini ýatyrýar

Apple kompaniýasy geçen hepde 10 sany täze enjamyny tanyşdyrmak bilen bir hatarda, ozal öndürilýän 15 sany önüminiň çykarylmagyny bes edýändigini-de yglan etdi. Täzelikleriň arasynda iPhone 17e smartfony, M4 prosessorly
NASA geljekki Aý missiýalarynda «Vulcan» raketasyny ulanmagy göz öňünde tutýar
09.03.2026 16:05
1.2k+

NASA geljekki Aý missiýalarynda «Vulcan» raketasyny ulanmagy göz öňünde tutýar

NASA agentligi geljekki Aý missiýalary üçin möhüm bölekleri üpjün etmekde United Launch Alliance kompaniýasyny saýlamagy meýilleşdirýär. Gürrüň «Vulcan» raketasynyň «Centaur V» diýlip atlandyrylýan ýokarky bölegi barada barýar
Awstraliýada iň kiçijik opossumyň gizlin populýasiýasynyň yzlary tapyldy
09.03.2026 15:46
2.4k+

Awstraliýada iň kiçijik opossumyň gizlin populýasiýasynyň yzlary tapyldy

Australian Zoologist ylmy žurnalynda çap edilen täze gözleg, Günorta Awstraliýanyň Ýork ýarym adasyndaky «Dhilba Guuranda-Innes» milli seýilgähinde kiçi girdenek opossumyň (Cercartetus lepidus) bolmagynyň mümkindigini görkezýär
Aý howp astynda däl: NASA-nyň hasaplamalaryna görä 2024 YR4 asteroidi onuň gapdalyndan geçer
09.03.2026 12:18
2.3k+

Aý howp astynda däl: NASA-nyň hasaplamalaryna görä 2024 YR4 asteroidi onuň gapdalyndan geçer

NASA-nyň Ýere golaý asman jisimlerini öwreniş merkeziniň hünärmenleri 2024 YR4 asteroidiniň hereket ugruny anykladylar we onuň 2032-nji ýylda Aý bilen çaknyşmak ähtimallygyny doly aradan aýyrdylar. Ozal 2032-nji ýylyň 22-nji dekabrynda urgy bolmak ähtimallygy 4,3% diýlip çaklanylypdy
Hytaýda uçýan ýel turbinasyny 2000 metr belentlikde synagdan geçirildi
09.03.2026 10:39
3.5k+

Hytaýda uçýan ýel turbinasyny 2000 metr belentlikde synagdan geçirildi

Hytaý ýokary belentlikde elektrik energiýasyny öndürýän we ony kabel arkaly ýere geçirýän SAWES Type S2000 uçýan ýel turbinasyny synagdan geçirdi. Bu turbiniň ilkinji prototipi 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda görkezilipdi
Solar Orbiter kosmos apparaty Günüň arka tarapyndan ilkinji suratlary ugradyp başlady
09.03.2026 00:37
3.5k+

Solar Orbiter kosmos apparaty Günüň arka tarapyndan ilkinji suratlary ugradyp başlady

Solar Orbiter kosmos apparaty Günüň arka tarapynyň — Ýerden synlap bolmaýan sebitiniň şekillerini ugradyp başlady. Suratlar alymlaryň apparatyň orbitasyna esaslanyp, öňünden çaklan möhletlerinde gelip gowuşdy. Häzirki wagtda görüş burçy heniz 180 gradusa ýetmedik hem bolsa, alnan şekilleriň sag tarapynyň takmynan üçden iki bölegi eýýäm Ýerdäki teleskoplardan gizlin duran Gün sebitini görkezýär
Bill Geýts täze görnüşli «Natrium» atom stansiýasyny gurmaga rugsat aldy
08.03.2026 18:02
6.4k+

Bill Geýts täze görnüşli «Natrium» atom stansiýasyny gurmaga rugsat aldy

ABŞ-nyň Ýadro kadalaşdyryş komissiýasy Bill Geýtsiň esaslandyran TerraPower kompaniýasyna Waýoming ştatynda «Natrium» kysymly täze nesil reaktoryny gurmaga resmi taýdan rugsat berdi. Netijede bu karar ýurtda şeýle görnüşdäki ilkinji täjirçilik maksatly atom stansiýasynyň gurulmagyna mümkinçilik berdi
Modelirlemeler Marsy "gyzdyrmak" synanyşygynyň garaşylmadyk netijäni berendigini görkezýär
08.03.2026 12:57
4.2k+

Modelirlemeler Marsy "gyzdyrmak" synanyşygynyň garaşylmadyk netijäni berendigini görkezýär

Barlagçylar Marsyň atmosferasynda aerozol pürkmekligiň täsirini modelirläp, emeli parnik effektini döretdiler. Hasaplamalar ters netijäni ýüze çykardy: planetanyň käbir sebitlerinde maýlamaklygyň ýerine has beter sowamaklyk bolup biler
NASA-nyň inženerleri Aý tozanyndan kislorod almagy öwrendiler
08.03.2026 12:33
1.4k+

NASA-nyň inženerleri Aý tozanyndan kislorod almagy öwrendiler

NASA Aý tozanyndan — regolitden kislorod almagyň täze usulyny görkezýän barlaglaryň netijelerini tanyşdyrdy. Agentligiň metbugat beýanatynda bellenilişi ýaly, bu täze açyş geljekki Aý missiýalarynda möhüm peýda berip biler
Marsda sagat näçekä? Inženerler planetalara sagat oýlap tapdylar
08.03.2026 10:04
4.2k+

Marsda sagat näçekä? Inženerler planetalara sagat oýlap tapdylar

Britaniýanyň Chronova Engineering kompaniýasynyň inženerleri Marsda, Ýupiterde we Saturnda wagty görkezýän «Interplanetary Clock» — «planetalarara sagady» işläp düzdüler. Enjam 131 bölekden ybarat bolup, planetalaryň aýlanyşynyň dürli tizliklerini hasaba alýar
OpenAI GPT-5.4-i tanyşdyrdy: Kontekst penjiresi bir million tokene çenli giňeldildi
07.03.2026 17:10
1k+

OpenAI GPT-5.4-i tanyşdyrdy: Kontekst penjiresi bir million tokene çenli giňeldildi

OpenAI kompaniýasy özüniň täze GPT-5.4 dil modelini tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler çylşyrymly meseleleri çözmäge, programirlemäge we dürli gurallar bilen işlemäge has uly üns berip, emeli aň ulgamlarynyň hataryny ösdürmegi dowam edýärler
«Starlink 10-40» uçurylyşynda asmany «meduza» şekilli ýagtylyk gurşap aldy
07.03.2026 11:02
6k+

«Starlink 10-40» uçurylyşynda asmany «meduza» şekilli ýagtylyk gurşap aldy

NASA SpaceFlight toparynyň älem fotosuraçysy Maks Ewans «Starlink 10-40» missiýasynyň uçurylyşyny «taryhdaky iň gowy Starlink uçurylyşy» diýip atlandyrdy. Onuň bellemegine görä, hemralaryň täze toparynyň asmana goýberilmegi diňe bir alymlar üçin däl, eýsem ýönekeý synçylar we fotosuraçylar üçin hem aýratyn täsirli boldy
Nemes alymlary «Starship-iň» ýewropaly bäsdeşini tanyşdyrdylar
07.03.2026 10:41
3.1k+

Nemes alymlary «Starship-iň» ýewropaly bäsdeşini tanyşdyrdylar

Germaniýanyň awiasiýa we kosmonawtika merkeziniň alymlary meşhur «Starship» raketasynyň iň jikme-jik we garaşsyz synyny çap etdiler. Bu ylmy iş hakynda CEAS Space Journal žurnalynda okap bolýar. Gözlegçi bilermenler «Starship» raketasynyň ilkinji dört synag uçuşynyň açyk maglumatlaryny seljerdiler we onuň mümkinçilikleri esasynda öz modellerini gurdular
HNGU-nyň talyp gyzy kükürtden boýag serişdesini almagyň tehnologiýasyny işläp düzdi
06.03.2026 17:29
5.6k+

HNGU-nyň talyp gyzy kükürtden boýag serişdesini almagyň tehnologiýasyny işläp düzdi

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Maral Gullyýewa adaty kükürtden boýag serişdelerini almagyň tehnologiýasyny işläp düzdi. Bu oýlap tapyş Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy tarapyndan bellige alyndy
Hytaýly inženerler dünýäde bambukdan ýasalan ilkinji drony asmana uçurdylar
06.03.2026 16:51
6.1k+

Hytaýly inženerler dünýäde bambukdan ýasalan ilkinji drony asmana uçurdylar

Hytaýly inženerler gurluşygynyň ep-esli bölegi (25%-den gowragy) bambuk esasly kompozit materiallardan ybarat bolan täze uçarmansyz uçary döretdiler. Bu täsin enjamyň ilkinji synag uçuşy 2026-njy ýylyň başynda Týanszin şäherinde üstünlikli amala aşyryldy
Üstýurt düzlüginde möýüň täze görnüşi tapyldy: Karakumosa ustyurtica
06.03.2026 16:26
6.8k+

Üstýurt düzlüginde möýüň täze görnüşi tapyldy: Karakumosa ustyurtica

Özbegistanyň Garagalpagystan böleginde, Üstýurt düzlüginiň gündogarynda ylym üçin nätanyş bolan täze möý görnüşi ýüze çykaryldy. Möjek-möýler maşgalasyna degişli bolan bu täze görnüş baradaky maglumatlar Arachnology halkara ylmy žurnalynda neşir edildi
Oýun iş däl: NASA Aý maksatly «Artemis II» missiýasyny 1-nji aprele süýşürdi
06.03.2026 14:44
1.8k+

Oýun iş däl: NASA Aý maksatly «Artemis II» missiýasyny 1-nji aprele süýşürdi

NASA agentligi Aý maksatnamasynyň ikinji tapgyry bolan «Artemis II» missiýasyny 1-nji aprelde amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Bu möhlet fewral aýynyň ikinji ýarymynda ýüze çykarylan tehniki bökdençlik sebäpli yza süýşürildi
GPT-5.4-de adatdan daşary pikirleniş režimi peýda bolar
06.03.2026 12:05
2.8k+

GPT-5.4-de adatdan daşary pikirleniş režimi peýda bolar

GPT-5.4 modelinde çylşyrymly soraglary işlemek üçin ýörite režimiň peýda bolmagy mümkin. Bu barada "The Information" neşiri habar berýär. Çeşmäniň berýän maglumatyna görä, şeýle tertipde model çylşyrymly logikany we jikme-jik seljermäni talap edýän meseleleri çözmek üçin has köp wagt we hasaplama serişdelerini ulanar
Ýewropaly we hytaýly alymlar lazer internetini döretmekde uly öňegidişlik gazandylar
06.03.2026 11:48
1.4k+

Ýewropaly we hytaýly alymlar lazer internetini döretmekde uly öňegidişlik gazandylar

Ýewropa kosmos agentligi taryhda ilkinji gezek uçar bilen emeli hemranyň arasynda gigabit tizlikli lazer aragatnaşygyny amala aşyrdy. Bu tejribe awiasiýa we barylmasy kyn bolan sebitler üçin giň zolakly interneti ösdürmekde möhüm tapgyrdyr
Wera Rubin obserwatoriýasynyň ulgamy bir gijede 800 müň kosmos hadysasyny hasaba aldy
06.03.2026 10:56
1.6k+

Wera Rubin obserwatoriýasynyň ulgamy bir gijede 800 müň kosmos hadysasyny hasaba aldy

Wera Rubin adyndaky obserwatoriýanyň awtomat habar beriş ulgamy resmi taýdan işe başlady. Bu ölçegi ýeňil awtomobil bilen deň bolan LSST kamerasy bilen enjamlaşdyrylan iň uly ýerüsti astronomiýa taslamadyr. Kamera bir gijäniň dowamynda gijeki asmanyň müňe golaý suratyny almaga we iň kiçijik üýtgeşmeleri hem hasaba almaga ukyplydyr
SpaceX 2027-nji ýyla çenli Starship raketasynyň ilkinji täjirçilik uçuşyny taýýarlaýar
05.03.2026 13:26
1.9k+

SpaceX 2027-nji ýyla çenli Starship raketasynyň ilkinji täjirçilik uçuşyny taýýarlaýar

Amerikanyň SpaceX kompaniýasy 2027-nji ýylyň ortalaryna çenli kämilleşdirilen Starlink internet hemralaryny orbita çykarmak üçin täze Starship göteriji raketasyny taýýarlamagy meýilleşdirýär. Bu barada «Financial Times» neşiri kompaniýanyň Starlink boýunça uly wise-prezidenti Maýkl Nikollsa salgylanyp habar berýär
Mercedes-Benz 10 million dollara dikuçaryň içini bezäp berdi
05.03.2026 10:50
7.3k+

Mercedes-Benz 10 million dollara dikuçaryň içini bezäp berdi

Mercedes-Benz kompaniýasy Airbus ACH145 dikuçarynyň ýörite wersiýasyny döretmäge gatnaşdy. Bu täze modele "Mercedes-Benz Edition" diýen at berildi. Brendiň dizaýnerleri ýolagçy kabinasynyň interýerini özleriniň premium awtoulag modellerinde ulanylýan çözgütlerini esas edinip taýýarladylar
Apple iň elýeterli MacBook-yny hödürledi: onuň bahasy 600 dollardan başlanýar
05.03.2026 06:56
1.6k+

Apple iň elýeterli MacBook-yny hödürledi: onuň bahasy 600 dollardan başlanýar

4-nji martda Apple kompaniýasy özüniň iň elýeterli noutbugy bolan MacBook Neo-ny tanyşdyrdy. Modeliň bahasy 599 dollardan başlanýar. Bilim ulgamyndaky alyjylar üçin bolsa arzanladyşly baha — 499 dollar bellenildi
Özbegistan ABŞ-dan 300 sany uçýan awtomobil satyn almagy meýilleşdirýär
04.03.2026 18:18
11k+

Özbegistan ABŞ-dan 300 sany uçýan awtomobil satyn almagy meýilleşdirýär

Samson Sky amerikan kompaniýasy we Özbegistanyň Air Tashkent awiakompaniýasy «Switchblade» atly uçýan awtomobillerini Özbegistana getirmek barada özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekdiler. Taraplar umumy bahasy 60 million dollar bolan 300 sany ulagdan ybarat tapgyr barada deslapky ylalaşyga geldiler diýip, PR Newswire portaly habar berýär
Çybynlaryň «adam kastyna çykanyna» 1,8 million ýyl bolupdyr
04.03.2026 16:19
4.8k+

Çybynlaryň «adam kastyna çykanyna» 1,8 million ýyl bolupdyr

Biologlar mör-möjekleriň DNK-syny seljerip, çybynlaryň adamy çakmak arkaly iýmitlenip başlamagynyň takmynan 1,8 million ýyl mundan ozal Günorta-Gündogar Aziýada ýüze çykandygy baradaky netijä geldiler. Çybynlar adam üçin iň wehimli mör-möjekler hasaplanylýar
Britan inženeri ýekeje şaryň üstünde ýöreýän motosikl ýasady
04.03.2026 16:16
7.1k+

Britan inženeri ýekeje şaryň üstünde ýöreýän motosikl ýasady

Britan inženeri we wideoblogeri Jeýms Bruton deňagramlylygy saklap, ýekeje şaryň üstünde durup hereket edýän elektrikli motosikliň işçi prototipini hödürledi. Bu enjam korpusyny öwürmezden islendik keseligine ugra hereket edip bilýär
Alymlar metandan dermanlyk madda almagy öwrendiler
04.03.2026 16:01
1.2k+

Alymlar metandan dermanlyk madda almagy öwrendiler

Alymlar metany derman öndürmekde ulanyp boljak çylşyrymly himiki maddalara öwürmegiň täze usulyny işläp düzdüler. Bu baradaky barlag Science Advances žurnalynda çap edildi. Taslamanyň esasy üstünligi – taryhda ilkinji gezek metandan gönüden-göni dimestrol maddasynyň alynmagydyr
Starlink Mobile iň elýetersiz ýerlerde hem doly öýjükli aragatnaşygy wada berýär
04.03.2026 15:58
2.3k+

Starlink Mobile iň elýetersiz ýerlerde hem doly öýjükli aragatnaşygy wada berýär

Smartfonlar üçin niýetlenen Starlink Direct-to-cell hemra aragatnaşygy hyzmaty resmi taýdan täze — Starlink Mobile adyny aldy. SpaceX kompaniýasy ulgamyň işleýiş aýratynlyklary barada goşmaça maglumatlary paýlaşdy
Hytaýly alymlar dünýäniň iň kiçi we iň tygşytly tranzistoryny döretdiler
04.03.2026 10:42
2.2k+

Hytaýly alymlar dünýäniň iň kiçi we iň tygşytly tranzistoryny döretdiler

Pekin uniwersitetiniň gözlegçi hünärmenleri dünýäde iň kiçi we iň az energiýa sarp edýän tranzistorlary işläp düzdüler. Bu täze tehnologiýa geljekde emeli aň üçin niýetlenen has güýçli çipleriň esasyny düzüp biler
Çipdäki beýni öýjükleri meşhur «Doom» oýnuny oýnamagy öwrendi
03.03.2026 16:57
3.7k+

Çipdäki beýni öýjükleri meşhur «Doom» oýnuny oýnamagy öwrendi

Awstraliýanyň Cortical Labs kompaniýasy laboratoriýada ösdürilip ýetişdirilen adam neýronlaryndan ýasalan CL1 bio-kompýuterinde «Doom» oýnuny işe girizdi. Kompaniýanyň habaryna görä, öýjükler gahrymany dolandyrmagy we duşmanlara ok atmagy öwrendiler
Galaxy S26 Ultra aýdylyşyndan has çalt zarýad alýar
03.03.2026 15:24
6.8k+

Galaxy S26 Ultra aýdylyşyndan has çalt zarýad alýar

Samsung-yň flagman smartfony Galaxy S26 Ultra resmi taýdan yglan edilendäkiden has ýokary zarýad alyş tizligini görkezdi. Tanyşdyryş wagtynda kompaniýa Super Fast Charging 3.0 tehnologiýasy arkaly enjamyň 30 minutda 75%-e çenli zarýad alyp biljekdigini habar beripdi
Ýaponiýada 3D-printerde ýer titremesine durnukly ilkinji iki gatly ýaşaýyş jaýy çap edildi
03.03.2026 13:38
3.9k+

Ýaponiýada 3D-printerde ýer titremesine durnukly ilkinji iki gatly ýaşaýyş jaýy çap edildi

Ýaponiýanyň Kidzuki şäherinde 3D-çap tehnologiýasyny ulanmak arkaly gurlan iki gatly O House ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy tamamlandy. Bu taslama COBOD senagat printeriniň kömegi bilen Onocom we Kizuki kompaniýalary tarapyndan durmuşa geçirildi
Samsung Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasyny iPhone-nyň we Xiaomi-niň kameralary bilen deňeşdirdiler
03.03.2026 06:09
12k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasyny iPhone-nyň we Xiaomi-niň kameralary bilen deňeşdirdiler

Internetde Samsung kompaniýasynyň täze flagman smartfony bolan Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezýän deňeşdirme suratlary peýda bolup başlady. Hususan-da, bir meňzeş sahnanyň birbada birnäçe enjamda, ýagny Samsung Galaxy S26 Ultra, Xiaomi 17 Ultra, Samsung Galaxy S25 Ultra, iPhone 17 Pro Max, Vivo X300 Pro we Oppo Find X9 Pro smartfonlarynda düşürilen suratlary çap edildi
Tesla Cybertruck-da sesi basmak ulgamyny işjeňleşdirýär
02.03.2026 23:27
1.9k+

Tesla Cybertruck-da sesi basmak ulgamyny işjeňleşdirýär

Tesla kompaniýasy Cybertruck elektrik pikaplarynda uzakdan işleýän programma üpjünçiliginiň täzelenmegi arkaly işjeň ses ýatyryş ulgamyny (ANC) işe girizer. Bu barada kompaniýanyň resmi web sahypasynda we öndürijiniň hyzmat resminamalarynda täzelenen enjamlaryň sanawynda yglan edildi
MIT-iň inženerleri 3D-printerde elektrik welosipediniň hereketlendirijisini çap etdiler
02.03.2026 15:10
3.1k+

MIT-iň inženerleri 3D-printerde elektrik welosipediniň hereketlendirijisini çap etdiler

Massaçusets tehnologiýa institutynyň (MIT) üç sagadyň dowamynda 3D-çap etmegiň bir tapgyrynda doly işleýän elektrik hereketlendirijisini döretdiler diýip, institutyň metbugat gullugy habar berýär. Täze tehnologiýa komponentleri ýygnamak tapgyryny doly aradan aýryp, bäş dürli materialdan enjam döretmäge mümkinçilik berýär
Aý barha kiçelýär: bu geljekde oňa gonjak kosmonawtlar üçin howply bolup biler
02.03.2026 14:41
4.3k+

Aý barha kiçelýär: bu geljekde oňa gonjak kosmonawtlar üçin howply bolup biler

Ýeriň hemrasy kem-kemden göwrümini ýitirýär, bu bolsa onuň gabygynda jaýryklaryň we gatlaklaryň emele gelmegine sebäp bolýar. Bu barada The Planetary Science Journal neşiri Smitson milli howa we kosmos muzeýiniň hünärmeni Koul Naýpaweriň barlaglaryna salgylanyp habar berýär
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.