Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Ylym we tehnika
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Ylym we tehnika
15.11.2025 14:58
5k+
Blue Origin ilkinji gezek Marsa zond iberdi we New Glenn raketasynyň birinji basgançagyny yzyna gaýtardy
Blue Origin kompaniýasy New Glenn raketasynyň kömegi bilen ilkinji gezek orbita peýdaly ýük çykardy we onuň birinji basgançagyny Atlantikdäki barža yzyna gaýtardy. Uçuş ýerli wagt bilen 13-nji noýabrda 15:55-de (Aşgabat wagty bilen ertesi gün 01:55) Kanaweral burnundaky ABŞ-nyň Kosmos güýçleriniň bazasyndan amala aşyryldy
15.11.2025 00:14
8.9k+
Russiýanyň ilkinji gumanoid roboty tanyşdyryldy: birnäçe ädimden soň ol ýykyldy
Moskwada Russiýanyň emeli aňly (EA) ilkinji adam şekilli (gumanoid) robotynyň tanyşdyrylyşy boldy. Bu barada TASS agentligi Milli Tehnologiýa Koalisiýasyna salgylanyp habar berdi. "Moskwa" agentliginiň maglumatyna görä, "Aýdol" (Aidol) atly robot deňagramlylygyny saklap bilmän, eýýäm tanyşdyrylyşyň başynda ýykyldy
13.11.2025 19:45
5.7k+
Alymlar günebakar unundan düzüminde köp mukdarda belok saklaýan et önümini döretdiler
Braziliýadan we Germaniýadan alymlaryň topary etiň ornuny çalşyp biljek innowasion önümi işläp taýýarladylar. Bu önüm üçin esasy çig mal hökmünde günebakar uny ulanyldy diýip, ScienceDaily ýazýar. Barlag prosesinde alymlar ilki bilen günebakar tohumlaryndan ýag çykardylar, soňra uny gabygyndan we käbir fenollardan arassaladylar — bu minerallaryň we beloklaryň özleşdirilmegini gowulandyrdy
12.11.2025 18:50
6.6k+
Alymlar buzuň täze görnüşini – Ice XXI-i açdylar
Koreýanyň Standartlar we ylymlar boýunça ylmy-gözleg institutynyň (KRISS) alymlary kristal buzuň täze, 21-nji görnüşini ýüze çykardylar. Ol 2 GPa-dan ýokary basyşda we otag temperaturasynda emele gelýär. Ol Ice XXI diýlip atlandyryldy diýip, Eurekalert neşiri habar berýär
12.11.2025 18:49
9.5k+
Hytaýly alymlar rak keseline garşy derman serişdelerini öndürmegiň täze usulyny tapdylar
Hytaýly himikler beýlekiler bilen bir hatarda onkologiýa kesellerini bejermek üçin gymmat derman serişdelerini öndürmegiň adaty tehnologiýasyny üýtgedip biljek täze usuly oýlap tapdy diýip, South China Morning Post (SCMP) habar berýär
12.11.2025 18:40
9.6k+
Türkmenistan «Lu Ban ussahanasy» üçin enjamlary almak hakynda Hytaý bilen şertnama baglanyşdy
Türkmenistanyň Pekindäki ilçihanasynda «Lu Ban ussahanasy» (Luban Workshop) üçin enjamlaryň ilkinji tapgyryny ibermek baradaky şertnama gol çekmek dabarasy geçirildi. Bu ussahana Aşgabadyň Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň binýadynda işläp başlar
12.11.2025 18:22
2k+
Türkmen oba hojalyk institutynda agroinnowasiýalar boýunça halkara ylmy-taslama bäsleşigi geçirilýär
12-13-nji noýabrda Türkmen oba hojalyk institutynda Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda sanly ulgam arkaly “Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly” atly II halkara ylmy-taslama bäsleşigi geçirilýär
11.11.2025 14:14
3.5k+
Türkmenistanyň Döwlet gullugy akademiýasy russiýaly kärdeşleri bilen hyzmatdaşlygyny berkidýär
6-7-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň rektory A.Annamyradowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti döwlet dolandyryşy meselelerine bagyşlanan II halkara ylmy-amaly maslahatynyň işine gatnaşdy
11.11.2025 13:06
7.7k+
Gadymy maýýa ybadathanasy Älemiň modeli bolup çykdy
Arheologlar 2020-nji ýylda Meksika bilen Gwatemalanyň serhetinde tapylan Aguada-Feniks maýýa ybadathanasynyň, hakykatda, ägirt “kosmogrammadygyny” – gadymy maýýalaryň Älemi göz öňüne getirişiniň modelidigini anyklady diýip, Live Science habar berýär
11.11.2025 00:53
2.3k+
Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde obasenagat toplumyny durnukly ösdürmek boýunça halkara forum geçirildi
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Obasenagat toplumynyň durnukly ösüşi» atly halkara onlaýn ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ol ýokary okuw mekdep tarapyndan Türkmenistanyň Oba hojalyk we Bilim ministrlikleri bilen bilelikde guraldy
10.11.2025 13:02
7k+
Hytaý şäherlerinde geljek üç ýylda “uçýan awtomobiller” peýda bolar
Dik uçuş we gonuş bilen elektrik uçýan taksileri işläp düzüji EHang hytaý kompaniýasy geljek üç ýylyň dowamynda uly howa menzillerinden şäherlere täjirçilik sürüjisiz gatnawlary ýola goýmagy meýilleşdirýär diýip, Financial Times habar berýär
10.11.2025 06:35
3.9k+
Taýwanda arheologlar şeker ulanylyp gurlan gadymy ýollary tapdylar
Taýwanyň Tainan şäherinde arheologlar XIX asyryň birinji ýarymynda gurlan ýollaryň böleklerini tapdylar. Tapyndynyň aýratynlygy — ýol gurluşygynda adaty materiallaryň arasynda şekeriň ulanymagydyr diýip, Taipei Times neşiri ýazýar
09.11.2025 20:23
7.8k+
Türkiýede 5000 ýyl mundan ozal bolup geçen ýertitremesiniň yzlary tapyldy
Çanakkale uniwersitetiniň arheologlary Türkiýäniň günorta-gündogaryndaky gadymy Çayönü Depesi oturymly ýerinde takmynan 5000 ýyl mundan ozal bolup geçen ýertitremesiniň yzlaryny ýüze çykardylar. Barlagyň netijeleri Arkeonews žurnalynda neşir edildi
08.11.2025 07:41
2.8k+
Ilon Mask SpaceX-iň göni orbitada maglumat merkezlerini gurmak meýli barada aýtdy
Ilon Mask SpaceX-iň göni orbitada maglumat (data) merkezlerini gurmak meýilnamasyny mälim etdi. Şeýle çözgüt emeli aňyň çalt ösmegi sebäpli artýan hasaplaýyş kuwwatyna we maglumat saklaýyş zerurlygyna esaslanýar
08.11.2025 07:27
5.4k+
Galapagosda alymlar “geçmişe dolanýan” pomidorlary tapdylar
Galapagos adalarynda alymlar ters ewolýusiýany görkezýän adaty bolmadyk pomidory – Solanum pennellii görnüşini tapdylar diýip, CNN habar berýär. Bu ösümlik Ekwadoryň kenaryndan ýüzlerçe kilometr uzaklykda ösýär
08.11.2025 07:13
4.8k+
Ýaponiýada ýabany köklerden alnan täze üzüm sorty döredildi
Okaýamanyň Tebigy ylymlary uniwersitetiniň alymlary Muskat Siragaý atly täze üzüm sortuny döretdiler. ScienceDaily-niň ýazmagyna görä, ol süýjüligi we ýumşak tagamy bilen tapawutlanýar hem-de geljekde giň gerimde ösdürip ýetişdirmek üçin uly mümkinçiliklere eýe
08.11.2025 07:06
2.5k+
“Gurak” ekzoplanetalaryň öz jümmüşinde suw emele getirip bilýändikleri ýüze çykaryldy
Alymlar köp wagtdan bäri, adatça suwy saklap bilmeýär öýdülýän “suw dünýäleri” (mini-neptunlar ýa-da subneptunlar) nädip öz ýyldyzlarynyň golaýynda bolup bilýär diýlen sorag bilen gyzyklanýarlar. Ilki bilen, şeýle planetalar “gar serhediniň” daşyndaky sowuk giňişliklerden içki orbitlara göçüp gelendir diýip çak edilýärdi
06.11.2025 22:10
6.5k+
Hytaý taýkonawtlary ilkinji gezek agramsyzlyk şertlerinde towuk ganatlaryny bişirdiler
Hytaýyň “Týangun” orbital stansiýasynyň bortunda ilkinji gezek agramsyzlyk şertlerinde et bişirildi. “Şençžou-20” we “Şençžou-21” missiýalarynyň taýkonawtlary nýu-orlean stilinde towuk ganatlaryny we gara burç bilen steýk bişirip, adaty agşamlygy hakyky baýramçylyga öwürdi diýip, Interesting Engineering portaly habar berýär
06.11.2025 11:41
4.3k+
Türkmen okuwçylary Panamada "Robotlaryň Olimpiadasynda" birinji orny aldylar
Türkmenistanly mekdep okuwçylary 29-njy oktýabrdan 1-nji noýabr aralygynda Panama Respublikasynda geçirilen “Robotlaryň Olimpiadasynda” üstünlikli çykyş etdiler. Mekdep okuwçylarymyz “Skills Challenge”, ýagny robotlaryň ýekelikde özbaşdak işleri ýerine ýetirişi boýunça 1-nji derejeli diploma mynasyp bolmagy başardylar
05.11.2025 10:14
3k+
Ýapon alymlary meduzanyň täze görnüşini tapdylar we oňa samuraýyň adyny dakdylar
Ýaponiýanyň Sendaý aýlagynda fizaliýa diýlip atlandyrylýan zäherli meduzanyň täze görnüşi tapyldy. Kobalt-gök reňkli bu jandar öz adyny ýerli meşhur samuraý — feodal Date Masamuneniň hormatyna aldy. Täze görnüşe Physalia mikazuki (“ýarymaýly tuwulga geýen adam”) diýlip at berildi
04.11.2025 23:24
1.9k+
Türkmenistanyň wekiliýeti Belarusda ylmy-tehniki forumda çykyş etdi
zTürkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň wekiliýeti 30-31-nji oktýabrda Minsk şäherinde geçirilen "Häzirki zaman aragatnaşyk serişdeleri" atly XXX Halkara ylmy-tehniki maslahatyna gatnaşdy
04.11.2025 20:21
9.1k+
Ýylanlaryň 17 görnüşiniň zäherine garşy täsirli derman döredildi
Nature žurnalynda 17 görnüşli Afrika ýylanlarynyň zäherinden goraýan we ýylan çakmalaryndan deridäki zeperlenmeleri azaldýan täze derman serişdesiniň döredilendigi barada barlag çap edildi. Häzirlikçe bu derman syçanlarda synag edildi
04.11.2025 19:42
3.9k+
Günorta Koreýada ekzoskeletli geýimköpçülikleýin öndürilmäge taýyn edildi
Günorta Koreýada täze görnüşli ekzoskelet oturdylan ýeňil geýim — “robo-mata” bilen işlýän kostýum köpçülikleýin önümçilige taýyn edildi. Bu çözgüt Koreýanyň Maşyngurluşyk we materiallar institutynyň (KIMM) robotika boýunça Öňdebaryjy tehnologiýalar merkezinde işlendi diýip, Eurekalert habar berýär
04.11.2025 19:08
3.7k+
«Sanly çözgüt – 2025» bäsleşigine şu günki güne çenli 350-den gowrak sanly taslamalar gelip gowuşdy
Türkmenistanda «Sanly çözgüt – 2025» atly innowasion taslamalaryň nobatdaky bäsleşiginiň saýlama tapgyry dowam edýär. Bäsleşik yglan edilen gününden bäri, ýurdumyzyň tehnologik özgertmeler bilen gyzyklanýan höwesjeňleriniň, talyp we okuwçy ýaşlarynyň 350-den gowrak sanly taslamalary gelip gowuşdy
04.11.2025 10:04
6.1k+
Alymlar maýalaryň Gün tutulmalaryny asyrlarboýy nädip takyk aýdandyklaryny açykladylar
Alymlar maýa siwilizasiýasynyň asyrlaryň dowamynda Gün tutulmalaryny juda ýokary takyklyk bilen çaklap bilendiginiň syryny düşündirdiler. Aýdylyşyna görä, olar ýygnanan astronomik nätakyklary düzetmek üçin biri-birine gabat gelýän çylşyrymly senenama jedweller ulgamyny ulanypdyrlar
04.11.2025 09:37
3k+
Alymlar ilkinji gezek termoýadro reaktorynyň içinde plazmanyň nähili görnüşde bolýandygyny görkezdiler
Britaniýanyň Tokamak Energy kompaniýasy ilkinji gezek synag termoýadro reaktory bolan ST40-nyň içindäki plazmanyň nähili hereket edýändigini jemgyýetçilige görkezdiler. Bu üstünlik adamzady çäksiz we ekologiýa taýdan arassa energiýa öndürip bilýän elektrik stansiýalaryna bir ädim ýakynlaşdyrýar
04.11.2025 09:35
3.3k+
Näme üçin suratkeşler dünýäni başgaça görýärler: alymlar muny beýniniň aýratynlyklary bilen düşündirdiler
Amerikaly alymlar suratkeşlik ukyby bolan adamlaryň töweregindäki dünýäni üýtgeşik görnüşde kabul edýändigini anykladylar. 2024-nji ýylda alymlar iki topar talyplaryň gatnaşmagynda ýörite barlag geçirdiler. Birinji toparda döredijilik ugruny ýöriteleşen ABŞ-nyň öňdebaryjy okuw jaýlarynyň biri bolan Pratt institutynyň 40 talyby bardy
02.11.2025 23:39
4.4k+
Alymlar nanotirannozawrlaryň ýaşap geçendigini subut etdiler
Demirgazyk Karolina ştatynyň uniwersitetinden amerikaly paleontologlar nanotirannozawrlaryň, hakykatdanam, gadymy ýyrtyjylaryň aýratyn görnüşi hökmünde ýaşap geçendigini tassyklady. Olar tapylan nusgalaryň biriniň süňklerini gaýtadan seljerip, şeýle netijäni öňe sürdi
01.11.2025 10:22
2.5k+
Adamlarda garaşlylygyň döremegine täsir edýän täze genler açyldy
Halkara alymlar topary Indiana uniwersitetiniň Lukmançylyk mekdebiniň alymlarynyň ýolbaşçylygynda alkogol, temmäki, opioidler we gadagan maddalara garaşlylygy döremek howpy bilen baglanyşykly DNK-nyň 220 bölümçesini anykladylar
31.10.2025 22:25
6.9k+
Alymlar Antarktidada ýaşy 6 mln ýyl bolan iň gadymy buz nusgalaryny tapdylar
Antarktidada ýaşy, takmynan, 6 mln ýyla barabar bolan Ýerde iň gadymy buz nusgalary tapyldy. Bu barada Proceedings of the National Academy of Sciences (PNAS) žurnaly habar berýär. Dürli ýurtlardan ylmy gözlegçiler Gündogar Antarktidadaky Allan baýyrlarynyň töwereginde gözleg işlerini geçirdi
31.10.2025 15:56
3.6k+
Hytaý 2030-njy ýyla çenli Aýa taýkonawtlaryny gondurmagy meýilleşdirýär
Hytaý ekipažly Aý maksatnamasynyň üstünde işlemegini dowam etdirýär we 2030-njy ýyla çenli Aýa taýkonawtlary gondurmagy meýilleşdirýär. Bu barada HHR-iň Uçarmanly kosmos uçuşlary maksatnamasynyň edarasynyň resmi wekili Çžan Szinbo habar berdi
31.10.2025 12:44
6.8k+
Polşadaky “Takyr Dagynda” kelleçanak kesmek üçin ulanylan gadymy kelt guraly tapyldy
Polşaly arheologlar kelleçanagyň töweregini kesip ýa-da deşip bejermekde ulanylýan seýrek duş gelýän kelt guralyny tapdylar. Tapyndy b.e. öňki IV–III asyrlara degişli. Bu bolsa Merkezi Ýewropada ýaşan keltleriň lukmançylyk endiklerine eýe bolandygyny görkezýär diýip, Nauka w Polsce neşiri habar berýär
31.10.2025 12:29
5.7k+
Hytaý “emeli Günüň” gurluşygyny 2027-nji ýyla çenli tamamlar
Hytaýly alymlar “emeli Gün” diýip hem atlandyrylýan BEST (Burning Plasma Experimental Superconducting Tokamak) atly termoýadro enjamynyň gurluşygyny 2027-nji ýyla çenli tamamlamagy meýilleşdirýärler. Bu barada Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Mao Nin aýtdy
30.10.2025 14:30
11k+
ABŞ-da sesden tiz uçýan sessiz X-59 uçarynyň ilkinji uçurylyşy geçirildi
ABŞ-da Lockheed Martin we NASA tarapyndan bilelikde işlenip düzülen synag görnüşli ýokary derejeli X-59 uçarynyň ilkinji uçuşy üstünlikli amala aşyryldy. Synaglar Kaliforniýada geçirildi: uçar ABŞ-nyň Harby-howa güýçleriniň Skunk Works zawodyndan uçup, Eduard howa güýçleri bazasyna gondy
29.10.2025 13:04
5.1k+
Ierusalimde ilkinji gezek assiriýa ýazgysy tapyldy
Ierusalimde gazuw işlerini alyp barýan arheologlar möhüm tapyndyny ýüze çykardylar: olar, takmynan, 2700 ýyllyk kiçijik kerpiç bölegini – assiriýa klin ýazgysy bilen bezelen bölegi – tapdylar. Bu tapyndy gadymy şäheriň taryhynda ilkinji gezek şeýle ýazgyň ýüze çykarylandygyny görkezýär
29.10.2025 11:02
4.9k+
Alymlar birnäçe ösümlikleriň rak keseline garşy täsiriniň bardygyny tassykladylar
Yrakly, hindistanly we russiýaly alymlar Hytaýyň halk lukmançylygynda ulanylýan birnäçe ösümlikden alnan maddalary barladylar we olaryň iň azyndan sekizsinde rak keseline garşy täsirleriň bardygyny subut etdiler
29.10.2025 10:52
2k+
Mýanmada molýuskalaryň iki täze görnüşi tapyldy
Halkara alymlar topary Mýanmada süýji suwda ýaşaýan korbikul (Corbicula) tohumyna degişli molýuskalaryň iki täze görnüşini we sferokorbikul (Sphaerocorbicula) atly täze kiçi tohumy ýüze çykardylar. Şeýlelikde, tohumyň doly klassifikasiýasy täzeden anyklandy
27.10.2025 16:42
6.7k+
Türkmenistanly okuwçylar Panamada geçiriljek «Robotlaryň olimpiadasyna» ugradylar
Türkmen mekdep okuwçylary robototehnika boýunça halkara derejeli abraýly bäsleşik hasaplanýan "First Global Challenge 2025" ýaryşyna gatnaşarlar. «Robotlaryň Olimpiadasy» diýlip hem atlandyrylýan bu ýaryş 29-njy oktýabrdan 1-nji noýabra çenli Panamada geçirilip, dünýäniň 190 döwletinden gatnaşyjylary bir ýere jemlär
27.10.2025 00:07
4.5k+
Ylmy barlaglaryñ netijesi: Tokaýlar bagtly bolmaga we durmuşdan kanagatlanmaga täsir edýär
Soňky ýyllarda dünýäniň iň bagtly ýurtlarynyň sanawynda Finlýandiýa yzygiderli birinji orunda durýar. Şol bir wagtda ol Ýewropanyň iň tokaýly ýurtlarynyň biridir. Bu ýagdaý halkara alymlaryň ünsüni özüne çekdi — olar finleriň gündelik durmuşynda tokaýlaryň bagt duýgusyna gönüden-göni täsir edýändigini anykladylar
26.10.2025 09:27
10k+
Hindistan Delini tüsseden arassalamak üçin emeli ýagyş ýagdyrmaga taýýarlanýar
Hindi häkimiýeti emeli aňyň kömegi bilen Delidäki tüssä garşy göreşmek meýilnamasyny durmuşa geçirmäge girişdi. Şäher häkimiýetiniň başlygy Rekha Guptanyň habar bermegine görä, 23-nji oktýabrda tehnologiýanyň synaglary üstünlikli geçirildi, indi bolsa hünärmenler 28 – 30-njy oktýabrda bulut “ekişi” boýunça synagy geçirmäge taýýarlanýar
«
1
…
15
16
17
…
79
»
«
1
…
12
13
14
15
16
17
18
19
20
…
79
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.