Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Ylym we tehnika
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Ylym we tehnika
26.07.2025 16:58
2k+
Microsoft-yň Surface Laptop 5G noutbugy sekuntda 40+ trillion amaly ýerine ýetirýän NPU-ny aldy
Microsoft gibrid birikmesi bolan Surface Laptop 5G-niň korporatiw wersiýasyny bildiriş etdi. Enjam 26-njy awgustda 1799 dollardan satuwa çykar diýip, The Verge ýazýar. Täze önüm nano-SIM üçin lotok we eSIM moduly bilen enjamlaşdyrylyp, Wi-Fi-ýa bagly bolmazdan 5G toruna birikmegi üpjün edýär
26.07.2025 11:59
3.1k+
NASA we Hindistan Ýere syn ediş hemralaryndan iň gymmatlarynyň birini uçurmaga taýynlanýar
30-njy iýulda ABŞ-nyň Milli aeronawtika we kosmos giňişliginiň barlaglary dolandyryş gullugy (NASA) we Hindi kosmos barlaglary guramasy (ISRO) tarapyndan işlenip düzülen NISAR Ýere gözegçilik hemrasyny (NASA-ISRO Synthetic Aperture Radar) uçurmak meýilleşdirilýär
26.07.2025 11:55
5.1k+
Günorta Koreýa 2045-nji ýyla çenli Aýda öz bazasyny gurar
Günorta Koreýa 2045-nji ýyla çenli Aýda öz bazasynyň gurluşygyny tamamlamagy meýilleşdirýär. Aeroskosmos tehnikasy boýunça Döwlet koreý edarasy (KASA) degişli meýilnamany Tejondaky Koreýanyň Milli gözleg gaznasynda geçirilen ýygnakda hödürledi diýip, The Korea Times habar berýär
25.07.2025 17:14
8.5k+
Maskyň Starlink hemra internet ulgamynyň işinde global bökdençlik bolup geçdi
24-nji iýulda agşam Starlink hemra aragatnaşyk ulgamynyň işinde global bökdençlik ýüze çykdy. Ilon Maskyň SpaceX kompaniýasy tarapyndan dolandyrylýan hyzmatda aýtmaklaryna görä, näsazlyk takmynan 2,5 sagat dowam edip, soňra doly düzedildi
24.07.2025 10:31
3.7k+
Perm ülkesinde Ýerdäki iň gadymylara degişli jandarlaryň yzlary tapyldy
Russiýanyň Perm ülkesinde suwuň yza çekilmegi üýtgeşik paleontologiki açyşlara getirdi. Şirokowskiý suw howdanynyň kenarynda Ýeriň ýüzünde 550 mln ýyldan gowrak ozal ýaşap geçen gadymy köp öýjükli organizmleriň yzlary tapyldy
23.07.2025 07:20
22k+
Ýaponiýada ýertitremelerinden we beýleki hadysalardan soň kömek bermek üçin niýetlenen üç metrlik robot dörediler
Waseda uniwersiteti we birnäçe ýapon kompaniýalary halas ediş işleri we betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmekde ulanmak üçin niýetlenen üç metrlik adam şekilli roboty öndürer diýip, Kýodo habarlar gullugy habar berdi
22.07.2025 19:47
9.2k+
Android smartfonlary millionlarça adama ýertitremeleri öňünden duýdurýan tora öwrüldi
Google Berklidäki Kaliforniýa uniwersiteti bilen bilelikde Android smartfonlaryny ýertitremeleri anyklaýan iň uly tora öwürdi. Ol 98 ýurtda 2,5 mlrd adamy gurşap alýar diýlip, Science žurnalyndaky ylmy gözlegde aýdylýar
22.07.2025 19:38
3.4k+
Täze Xiaomi Bone Conduction 2 nauşnikleri suwda we smartfonsyz işleýär
Xiaomi suwda ulanyp boljak täze Bone Conduction 2 nauşniklerini hödürledi. Model Finlýandiýanyň Suunto fitnes-sagat brendi bilen hyzmatdaşlykda döredildi we suwda ýüzmek üçin niýetlenýär. Onuň aýratynlygy, aksessuar sesi gulagyň däl-de, süňküň üsti bilen geçirýär we smartfona birikdirmezden işleýär
22.07.2025 12:35
7.9k+
Awstriýaly alymlar mikroplastik bilen öýkende howply täze döremäniň arasynda baglanyşyk tapdylar
Awstriýadaky Wena lukmançylyk uniwersitetiniň alymlary mikroplastigi we nanoplastigi demiňe dartmagyň öýkeniň öýjüklerinde kanserogeneziň irki döwürleri bilen baglanyşykly howply üýtgeşmelere getirip biljekdigini anykladylar
22.07.2025 12:28
5.7k+
Haýwanlar bilen ösümlikleriň aragatnaşygyň ilkinji ylmy delilleri peýda boldy
Tel-Awiw uniwersitetiniň barlagçylary ösümlikler bilen haýwanlaryň arasyndaky özara akustiki aragatnaşygy hasaba aldylar. Ösümlikler öz ýagdaýyny aňladýan sesleri çykarýarlar, haýwanlar bolsa jogap hökmünde özlerini alyp barşyny üýtgedýärler diýip, uniwersitetiň metbugat gullugy habar berýär
21.07.2025 23:42
3.2k+
NASA býujetiň azaldylmagy sebäpli hemralary we kosmos enjamlaryny satýar
NASA-nyň Reaktiw hereket barlaghanasy (JPL) ozal Ýere gözegçilik etmek üçin ulanylan hemralary we kosmos enjamlaryny satyp başlady. Bu barada agentligiň öňki astrobiology Kit Kouwing tarapyndan ýöredilýän NASA Watch blogunda habar berilýär
21.07.2025 13:59
5.1k+
2026-njy ýyla çenli Astanada Merkezi Aziýanyň iň uly maglumat merkezi gurlar
2026-njy ýyla çenli Astanada Merkezi Aziýada maglumatlary gaýtadan işleýän iň uly maglumat merkezi gurlar. Taslama Gazagystanyň Akashi Data Center kompaniýasy bilen Hytaýyň China Mobile telekommunikasiýa korporasiýasynyň hyzmatdaşlygynda durmuşa geçiriler diýip, “Kompaniýa” neşiri habar berýär
21.07.2025 13:51
8.1k+
Äpet ýyrtyjy ihtiozawryň keşbi dikeldildi. Onuň sesi basýan ýüzgüçleri bolupdyr
Paleontologlaryň halkara topary ýura döwrüniň äpet ihtiozawry bolan temnodontozawryň keşbini dikeldip, onuň özboluşly aýratynlygyny ýüze çykardylar. Onuň suwda ýüzýärkä sesi basmaga ukyply ýüzgüçleri bolupdyr diýip, Nature žurnalynda çap edilen barlagyň netijesinde aýdylýar
21.07.2025 00:38
7k+
Astronomlar ilkinji gezek täze planeta ulgamynyň döremegini görüp bildiler
Halkara astronomlar topary ilkinji gezek ýaş ýyldyzyň töwereginde planetalaryň emele gelip başlandygyny hasaba aldy. Nature žurnalynda neşir edilen açyş Gün ulgamynyň gelip çykyşyna düşünmekde möhüm ädim boldy
20.07.2025 13:44
2k+
ChatGPT-de EA agenti kompýuterde ýumuşlary ulanyjynyň adyndan ýerine ýetirip başlady
OpenAI kompaniýasy ChatGPT-de ulanyjynyň adyndan kompýuter ýumuşlaryny ýerine ýetirip bilýän täze EA guralyny döretdi. Bu barada hyzmaty işläp düzüjiler habar berdi. Täze agent awtomatik usulda senenamany dolandyryp, prezentasiýalary döredip we özbaşdak kody işe girizip bilýär
19.07.2025 17:57
21k+
Dronlaryň kömegi bilen Amazonkada pyşbagalaryň höwürtgeleýän dünýäde iň uly ýeri tapyldy
Florida uniwersitetiniň alymlary Amazonka jülgesinde Guapore derýasynyň boýunda ýygnanan, Günorta Amerikanyň derýalarynda ýaşaýan 41 000 töweregi uly pyşbagany hasaba aldylar diýip, Phys.org portaly habar berýär
19.07.2025 17:39
7.2k+
Hytaýda robot-pingwinler metro arkaly sargytlary eltip başlady
Hytaýyň Şençžen şäheriniň metrosynda jemgyýetçilik ulagyna birleşdirilen, dünýäde ilkinji eltip beriş ulgamy işe girizildi: daşky görnüşi pingwine meňzeş 41 sany özbaşdak robot 7-Eleven dükanlar zynjyry üçin haryt daşap başlady
19.07.2025 17:21
9.4k+
Tasmaniýada geçen Beaker Street festiwalynda ýylyň iň gowy ylmy suratlary saýlandy
Awstraliýanyň Tasmaniýa ştatynda Beaker Street festiwalynyň çäginde geçirilen ylmy surat bäsleşigini gurnaýjylar ýeňijileriň atlaryny mälim etdiler. Sanawa tebigatyň, makro dünýäniň gözelligini we köpdürlüligini görkezýän suratlar, şeýle hem ylmy takyklyk we çeperçilik garaýşy bilen surata düşürilen hadysalar girdi
18.07.2025 12:10
3.3k+
Zebra balyklary alymlara adamda eşidişi nädip dikeltmelidigine düşünmäge kömek edýär
Amerikaly biologlar sesleriň kabul edilişine jogapkär duýgur öýjükleriň dikeldilmegine gözegçilik edýän genleri tapdylar. Bu adamlarda kerrewligi we kerligi bejermegiň usullaryny işläp düzmäge kömek edip biler diýip, Stouers lukmançylyk barlag institutynyň (SIMR) metbugat gullugy habar berdi
18.07.2025 06:48
2.8k+
Hytaý “Týangun” orbital stansiýasyna rekord 6,5 tonna ýük iberdi
Hytaýyň kosmos agentligi (CNSA) “Týangun” orbital stansiýasyna “Týançžou-9” ýük gämisini rekord 6,5 tonna agyrlykdaky ýük bilen üstünlikli iberdi. Bu öňki ýük missiýalaryndan 100 kg köpdür. Taýkonawtlara azyk, tejribe üçin enjamlar we materiallar iberildi
17.07.2025 14:28
3.2k+
Turşudan süýjä: Hytaýda kömürturşy gazyny şekere öwürmegi öwrendiler
Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň Týanszin senagat biotehnologiýa institutynyň alymlary kömürturşy gazyny çylşyrymly uglewodlara netijeli öwürmegiň usulyny işläp taýýarladylar. CO₂-ni üýtgetmegiň netijesinde olara fruktoza, glýukoza, amiloza, amilopektin we azyk hem himiki senagatda ulanmak üçin ýaramly bolan beýleki birleşmeleri almak başardýar
16.07.2025 18:19
5.8k+
Mask Starship-iň onunjy uçuşynyň senesini aýtdy. Soňky gezek tizleşdiriji ýarylyp, gämi ýanypdy
SpaceX kompaniýasynyň esaslandyryjysy we baş direktory Ilon Mask Starship kosmos gämisiniň täze synag uçuşyny yglan etdi. Milliarder X sosial ulgamyndaky sahypasynda Starship-iň prototipiniň onunjy uçuşynyň, takmynan, ýene üç hepdeden, ýagny awgust aýynyň başynda boljakdygyny ýazdy
16.07.2025 06:27
6.3k+
Hytaýda arynyň beýnisini dolandyrmagy öwrendiler. Ol diýleni 90% ýerine ýetirýär
Pekin tehnologiýa institutynyň alymlary beýnä täsir edýän dolandyryjy arkaly dolandyryp bolýan dünýäde ilkinji kiborg aryny döretdi. Bu barada South China Morning Post neşiri habar berýär. Enjamyň agramy 74 milligram bolup, bu arylaryň göterýän şireli haltasynyň agramyndan hem azdyr
16.07.2025 06:16
3.4k+
Alymlar bagry göçürmezden bejermek üçin sütün öýjüklerini döretdiler
Ýewropaly molekulýar biologlar organyň dokumalaryna netijeli ýapyşýan we çynlakaý zeper ýetmelerde onuň regenerasiýasyny çaltlaşdyrýan bagyr sütün öýjükleriniň ösdürilip ýetişdirilişini işläp taýýarladylar. Bu açyş sirrozyň agyr görnüşlerinde bagyr transplantasiýasyna alternatiwa bolup biler diýip, Birmingem uniwersitetiniň metbugat gullugy habar berdi
15.07.2025 14:21
8.9k+
NASA Parker enjamynyň Güne iň golaý aralykdan alan wideosyny çykardy
NASA Parker Solar Probe enjamynyň 2024-nji ýylyň dekabrynda Güne ýakynlaşanda alan ilkinji suratlaryny paýlaşdy. Enjam ýyldyzyň üstünden 6,17 million km uzaklykdan sagatda 687 müň km tizlik bilen uçup geçdi. Görünýän
14.07.2025 17:12
8.9k+
Aşgazany ösümlikden doly, taryhda ilkinji ot iýýän pterozawr tapyldy
Paleontologlar taryhda ilkinji gezek aşgazanynda ösümlik iýmitiniň galyndylary bolan pterozawryň galyndylaryny tapdylar. Bu açyş agzalan uçýan süýrenijileriň käbir görnüşleriniň ot iýiji bolandygynyň ilkinji göni subutnamasydyr
14.07.2025 10:44
2.9k+
Paleontologlar gadymy süýdemdirijiniň täze görnüşini açdy. Ol 143 mln ýyl ozal ýaşapdyr
Paleontologlar dügür dişlileriň toparyndan mezozoý süýdemdirijisiniň täze nesline we görnüşine häsiýetnama berdi. Onuň dişleriniň daşa öwrülen galyndylary Beýik Britaniýada tapyldy. Takmynan, 143 mln ýyl ozal ýaşan bu jandar Novaculadon mirabilis adyny aldy diýlip, Proceedings of the Geologists’ Association žurnalynda habar berilýär
13.07.2025 19:23
3k+
Alymlar ýaralary bitirmek üçin guşuň düwünçek dokumalaryny ulanmagy teklip edýärler
Demirgazyk-Kawkaz federal uniwersitetiniň alymlary ýara bitiriji dermanlary döretmek üçin guşuň düwünçek dokumalaryndan edilen peptidleri ulanmagy teklip etdiler. Işläp taýýarlama melhemleriň, gelleriň we suwuk plastyrlaryň bir toparynyň çykarylmagy bilen tamamlanar
13.07.2025 19:08
3.4k+
OpenAI düýpgöter täze kompýuter döretmek isleýär. Häzirki enjamlar emeli aň üçin döredilmedik
OpenAI kompaniýasynyň baş direktory Sem Altman häzirki kompýuterleriň emeli aňsyz dünýä üçin işlenip düzülendigini, olaryň emeli aň bilen işleşmäge laýyk däldigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, kompaniýa konteksti göz öňünde tutup, esasly kararlary kabul edip bilýän düýbünden täze enjamyň üstünde işleýär
13.07.2025 18:57
4.4k+
Mum güýeleriniň gurçuklarynyň plastigi iýip, ýag görnüşinde öz organizminde toplaýandyklary ýüze çykaryldy
Alymlar uly mum güýeleriniň (Galleria mellonella) gurçuklarynyň polietileni metabolik taýdan işläp (siňdirip), ony birnäçe günüň dowamynda öz bedeninde lipid (ýag) görnüşinde toplap bilýändiklerini ýüze çykardylar
12.07.2025 19:19
2k+
ESA köp gezeklik we köpugurly Space Rider kosmos gämisini üstünlikli synady
Ýewropanyň kosmos agentligi (ESA) köp gezeklik Space Rider kosmos enjamynyň paraşýut ulgamynyň synaglaryny üstünlikli geçirdi. Synaglar italýan harbylarynyň gatnaşmagynda we taslamanyň baş potratçysy bolan Thales Alenia Space kompaniýasynyň inženerleriniň ýolbaşçylygynda Sardiniýada geçirildi
11.07.2025 11:17
4.4k+
Alymlar 200 mln ýyl ozal ýaşan pterozawryň täze görnüşini suratlandyrdylar
ABŞ-nyň Smitsonow institutynyň işgärleri Petrifaýd-Forest milli seýilgähinde (Arizona ştaty) 209 million ýyl mundan ozal ýaşap geçen pterozawrlaryň näbelli görnüşleriniň galyndylaryny tapdylar. Edaranyň metbugat gullugynyň habaryna görä, tapyndy giçki trias döwrüne degişlidir
11.07.2025 11:09
3.8k+
Ýapon kompaniýasy beýni tolkunlaryny sungat eserlerine öwürýär
Ýaponiýanyň Brainwave Trading Center kompaniýasy adamlaryň beýnisiniň işjeňligini sungat eserlerine öwrüp başlady diýip, South China Morning Post habar berýär. Tehnologiýa Tokiodaky BWTC Metaverse Store dükanynda oturdyldy
11.07.2025 11:01
6.2k+
“Ýüzükleriň hökümdary” filminiň režissýory ýitip giden moa guşlaryny janlandyrmaklyga 15 million dollar goýdy
Täze zelandiýaly režissýor Piter Jekson (“Ýüzükleriň hökümdary” we “Hobbit” trilogiýasy) we onuň hyzmatdaşy Fren Uolş ýitip giden moa guşlaryny janlandyrmaklyk boýunça taslama 15 million dollar maýa goýdy diýip, Forbes habar berýär
10.07.2025 20:55
2.9k+
Hytaýda kosmos jümmüşini öwrenmek boýunça dünýäde ilkinji assosiasiýa döredildi
Hytaýyň Hefeý şäherinde (Anhoý welaýaty) Kosmos jümmüşini öwrenmegiň halkara assosiasiýasy (International Deep Space Exploration Association, IDSEA) resmi taýdan işe başlady. Ol doly derejede bu ugra ünsi gönükdirýän dünýäde ilkinji ylmy gurama boldy
10.07.2025 11:41
3.4k+
Alymlar Ýerde Merkuriniň ilkinji bölekleriniň tapylandygyny habar berdiler
Afrikada tapylan iki meteorit Merkuriý planetasynyň ylma mälim bolan ilkinji bölekleri bolup çykdy. Bu barada Icarus ylmy žurnaly habar berýär. Eger ylmy çaklama tassyklansa, bu Ýerde Güne iň golaý planetanyň meteoritleriniň tapylmagyna degişli ilkinji ýagdaý bolar
09.07.2025 13:33
10k+
Hytaýyň täze lazerli enjamy çybynlary üç millisekuntda ýok edýär
Hytaýda Photon Matrix atly enjam döredildi. Bu enjam çybynlary üç millisekundyň dowamynda tapyp, aralygy kesgitläp, lazer arkaly ýok edýär diýip, «New Atlas» neşiri habar berýär. Işläp düzüjileriň maglumatlaryna görä, enjam bir sekuntda 30-a çenli çybyny ýok edip bilýär
07.07.2025 13:17
2.4k+
ChatGPT kosmos gämisini dolandyrmaga ukyplydygyny görkezdi
ChatGPT kosmos gämisini dolandyrmaga ukyply bolup çykdy. Ol «Kerbal Space Program Differential Games» atly simulýasiýadaky uçuş bäsleşiginde ikinji orny eýeledi. Bu barada «Live Science» neşiri habar berýär. Bäsleşik ilkinji gezek 2023-nji ýylda Massaçusets tehnologiýa institutynyň başlangyjy bilen geçirilip başlandy
07.07.2025 10:53
4k+
Astronomlar ilkinji gezek goşa supernowa partlamasynyň «barmak yzyny» surata aldylar
Çilidäki Ýewropanyň günorta obserwatoriýasynyň (ESO) Örän uly teleskobyndan (VLT) peýdalanan astronomlar «Ia» görnüşli ýaş supernowa galyndysy bolan SNR 0509-67.5-iň suratyny aldylar. Onuň ýaşynyň 300-350 ýyl aralygyndadygy çaklanýar
06.07.2025 15:46
11k+
ABŞ-da mallary goramak üçin milliardlarça tohumsyz siňekler köpeldiler
ABŞ-nyň hökümeti Tehasda we Meksikada et senagatyny Amerikanyň tropik et siňeginiň (Cochliomyia hominivorax) zabun liçinkalaryndan halas etmek üçin uly taslamany durmuşa geçirip başlady. Bu siňekler mallaryň ýarasynda ýumurtga taşlaýarlar, bu bolsa iri şahly mallaryň kesellemegine we ölmegine sebäp bolup bilýär
«
1
…
21
22
23
…
79
»
«
1
…
18
19
20
21
22
23
24
25
26
…
79
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.