Ylym we tehnika

Meta kompaniýasy EA maglumat merkezlerini geotermal energiýa bilen üpjün eder
16.06.2025 17:31
1.1k+

Meta kompaniýasy EA maglumat merkezlerini geotermal energiýa bilen üpjün eder

Meta kompaniýasy XGS Energy bilen geotermal tehnologiýalar arkaly öndürilýän uglerod taýdan bitarap 150 megawattlyk elektrik energiýasyny üpjün etmek boýunça şertnama baglaşdy. Bu energiýa kompaniýanyň Nýu-Meksiko ştatyndaky (ABŞ) emeli aň bilen baglanyşykly maglumatlary işläp taýýarlaýan maglumat merkezlerinde peýdalanylar
Ekspedisiýa Hazar deňzinde adanyň peýda bolandygyny tassyklady, ýöne oňa düşlemek başa barmady
16.06.2025 13:32
13k+

Ekspedisiýa Hazar deňzinde adanyň peýda bolandygyny tassyklady, ýöne oňa düşlemek başa barmady

Alymlar Hazar deňziniň demirgazygynda täze adanyň peýda bolandygyny öz gözleri bilen görüp tassykladylar, emma häzirlikçe ol ýere düşläp bolmady diýip, Live Science habar berýär. Hazar deňzi Ýewropa bilen Aziýanyň serhedinde ýerleşip, takmynan, 371 000 inedördül kilometr meýdany tutýan “dünýäniň iň uly ýapyk suw howdany”
Ýaponiýadaky iň gadymy «adam galyndylary» aslynda adama degişli däl eken
16.06.2025 13:14
6k+

Ýaponiýadaky iň gadymy «adam galyndylary» aslynda adama degişli däl eken

1950-nji ýyllarda Ýaponiýanyň merkezindäki Toýohasi şäheriniň golaýynda arheologlar birnäçe gadymy süňkleri – bir egin süňki bilen but süňküniň bir bölegini tapdylar. Şol wagt olar iň gadymy adam galyndylary hökmünde kesgitlenip, ýaşy 20 müň ýyl diýlip çaklanypdy
Kanadaly alymlar Gobi çölünde tirannozawryň täze görnüşini açdy
15.06.2025 15:27
6k+

Kanadaly alymlar Gobi çölünde tirannozawryň täze görnüşini açdy

Kanadaly paleontologlar dinozawrlaryň Tyrannosaurus rex-e ýakyn bolan täze görnüşini açdy. ABC-niň alymlara salgylanyp habar bermegine görä, gürrüň 1970-nji ýyllarda Mongoliýadaky Gobi çölünde tapylan skeletler barada gidýär
Ýewropanyň Solar Orbiter zondy ilkinji gezek Günüň günorta polýusyny görkezdi
15.06.2025 12:48
5.3k+

Ýewropanyň Solar Orbiter zondy ilkinji gezek Günüň günorta polýusyny görkezdi

Ýewropanyň Kosmos agentliginiň (ESA) Solar Orbiter zondy taryhda ilkinji gezek Günüň günorta polýusynyň suratlaryny we wideo ýazgysyny iberdi. Adatça, biz Güni diňe “gapdaldan” – onuň ekwatorynyň töwereginden görýäris
Hytaý dünýäde iň uly amfibiýa uçarynyň köpçülikleýin önümçiligine girişdi
15.06.2025 12:38
5.3k+

Hytaý dünýäde iň uly amfibiýa uçarynyň köpçülikleýin önümçiligine girişdi

Hytaý jogapkärli inženerler tarapyndan işlenip taýýarlanan dünýäde iň uly AG600 amfibiýa uçarynyň köpçülikleýin önümçiligine başlady. Uçar ýangynlary söndürmek we halas ediş işlerini geçirmek üçin niýetlenýär diýip, Hytaýyň awiasiýa senagaty korporasiýasy habar berdi
SpaceX Kanaweral burnundaky SLC-37 kosmodromyny Starship raketalary üçin üýtgedip gurar
14.06.2025 19:35
1.9k+

SpaceX Kanaweral burnundaky SLC-37 kosmodromyny Starship raketalary üçin üýtgedip gurar

SpaceX kompaniýasy Kanaweral burnundaky (Florida) SLC-37 uçuş toplumyny Starship raketasynyň zerurlyklaryna görä gaýtadan üýtgedip gurmaga deslapky ygtyýarnamany aldy. Ozal bu meýdançadan ULA kompaniýasynyň Delta IV raketalary uçurylýardy, indi bolsa ol SpaceX-e berildi
Alymlar kömür gazylyp alnanda galýan galyndylary berk semente öwürdiler
14.06.2025 19:32
3.9k+

Alymlar kömür gazylyp alnanda galýan galyndylary berk semente öwürdiler

Russiýanyň Perm milli ylmy-barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) alymlary kömür gazylyp alnanda galýan galyndylary – terrikonikleri sement önümçiliginde peýdalanmagyň usulyny tapdylar. Täze düzüm adaty sementden 21% has berk
Hytaý 11 km çuňluga çenli burawlap bilýän barlag gämisini işe girizdi
14.06.2025 19:27
4.1k+

Hytaý 11 km çuňluga çenli burawlap bilýän barlag gämisini işe girizdi

Hytaý çuň suwly ýerlerde buraw işlerini geçirmäge niýetlenen “Men Sýan” (terjimesi “Arzuw”) barlag gämisini işe girizdi. Ol, takmynan, 900 tonna agramy bolan buraw enjamy rekord çuňluga - 11 kilometre çenli düşürmäge ukyply diýip, New Atlas ýazýar
Siriýanyň Idlib şäherinde 1500 ýyl mundan ozalky Wizantiýa döwrüniň mazarlary tapyldy
14.06.2025 19:16
6k+

Siriýanyň Idlib şäherinde 1500 ýyl mundan ozalky Wizantiýa döwrüniň mazarlary tapyldy

Siriýanyň Idlib welaýatynyň Maarret-en-Nuuman şäherinde ýykylan jaýyň harabalygy arassalanýan wagtynda Wizantiýa döwründen galan mazarlar toplumy tapyldy.  Onuň ýaşy, takmynan, 1500 ýyl diýip, Sky News habar berýär
Serdar Berdimuhamedow «Sanly çözgüt — 2025» atly bäsleşigi yglan etmek baradaky teklibi goldady
14.06.2025 11:38
3.3k+

Serdar Berdimuhamedow «Sanly çözgüt — 2025» atly bäsleşigi yglan etmek baradaky teklibi goldady

Türkmenistanda “San­ly çöz­güt — 2025” at­ly in­no­wa­sion tas­la­ma­la­ryň bäs­le­şi­gi­ni ge­çir­mek bo­ýun­ça işler al­nyp ba­ryl­ýar. Bu barada Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ýa­nyn­da­ky Ulag we kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar agent­li­gi­niň Baş di­rek­to­ry M
Microsoft Windows 11-de täze funksiýalar bilen süýşürilýän «Başlat» menýusyny synag edýär
14.06.2025 00:39
1.8k+

Microsoft Windows 11-de täze funksiýalar bilen süýşürilýän «Başlat» menýusyny synag edýär

Microsoft korporasiýasy Windows 11 operasion ulgamynyň synagçylary üçin täzelenen «Başlat» (Start) menýusyny Dev Channel arkaly hödürledi. Täze görnüşli menýu has ulaldy, süýşürmäge ukyply interfeýs bilen üpjün edildi we sazlama degişli birnäçe täze mümkinçilikler girizildi
Ýewropada maglumat geçiriş tizliginde rekord goýuldy: 3500 km aralykdan 1,2 Tbit/sek
14.06.2025 00:35
2.6k+

Ýewropada maglumat geçiriş tizliginde rekord goýuldy: 3500 km aralykdan 1,2 Tbit/sek

Ýewropaly alymlar rekord goýdy – CSC (Finlýandiýa), SURF (Niderlandlar) we Nokia konsorsiumy 3500 kilometr aralykdan maglumatlary 1,2 Tbit/sek tizlikde geçirmegi başardy. Bu üstünlik superkompýuterleriň işini tizleşdirer we maglumatlaryň kwant goragyny üpjün eder diýip, Interesting Engineering ýazýar
Türkmenistanda ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi
13.06.2025 17:31
5.4k+

Türkmenistanda ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi
Serdar Berdimuhamedow ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak hakynda Karara gol çekdi
13.06.2025 13:02
6.6k+

Serdar Berdimuhamedow ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak hakynda Karara gol çekdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda Karara gol çekdi. Şu ýyl bäsleşigiň emin agzalary hödürlenen işleri seljerip, jemi 118 sany ýaş alymy ýeňiji diýip yglan etdiler
Hytaýda giriş synaglary döwründe emeli aň programmalarynyň käbir funksiýalary öçürildi
13.06.2025 10:58
4.7k+

Hytaýda giriş synaglary döwründe emeli aň programmalarynyň käbir funksiýalary öçürildi

Hytaý kompaniýalary milli giriş synagy bolan Gaokaonyň adalatly geçmegini üpjün etmek maksady bilen, meşhur çat-botlarynda şekil tanamak funksiýalaryny wagtlaýyn öçürdiler. Bu synag 7-10-njy iýun aralygynda mekdeplerde geçirildi diýip, «Bloomberg» agentligi habar berýär
«Inoue» teleskoby Günüň fotosferasyny öň görlüp-eşidilmedik jikme-jiklikde görkezdi
13.06.2025 10:53
8.6k+

«Inoue» teleskoby Günüň fotosferasyny öň görlüp-eşidilmedik jikme-jiklikde görkezdi

«Inoue» teleskoby Günüň fotosferasynyň häzire çenli düşürilen iň jikme-jik suratlaryny aldy we ilkinji gezek, takmynan, 20 kilometrlik inçe magnit zolaklaryny görkezmegi başardy. Bu zolaklar Günüň granullarynyň – konweksion öýjükleriň diwarlary boýunça uzalyp gidýär
Serdar Berdimuhamedow ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini gutlady
12.06.2025 12:07
6.2k+

Serdar Berdimuhamedow ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini gutlady

Pre­zi­den­t Ser­dar Berdimuhamedow Türk­me­nis­ta­nyň ýaş­la­ry­ny yl­my iş­ler bo­ýun­ça ge­çi­ri­len bäs­le­şik­de ga­za­nan uly üs­tün­lik­le­ri­ bi­len gut­la­dy. Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, bi­lim
Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde innowasiýalara bagyşlanan halkara maslahat geçirildi
11.06.2025 14:44
12k+

Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde innowasiýalara bagyşlanan halkara maslahat geçirildi

11-nji iýunda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Innowasiýalar, parahatçylyk, durnukly ösüş» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Halkara ylmy-amaly maslahata dünýäniň
Amerikan başlangyjy düwünçeklere genetiki taýdan baha berjek ilkinji programmany döretdi
11.06.2025 13:58
3k+

Amerikan başlangyjy düwünçeklere genetiki taýdan baha berjek ilkinji programmany döretdi

Amerikanyň Nucleus Genomics startapy emeli tohumlandyrma wagtynda ýatga geçirilmezden ozal düwünçegiň genetiki profilini seljermäge mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji programma üpjünçiligini döretdi. Maksatnama neslegeçiji keselleriň ösmek ähtimallygyna, ömrüň dowamlylygyna, şeýle hem geljekki çaganyň fiziki we aň-bilim aýratynlyklaryna baha berýär
Alymlar syrly we seýrek Uinston Red göwheriniň syryny açdylar
11.06.2025 13:14
3.8k+

Alymlar syrly we seýrek Uinston Red göwheriniň syryny açdylar

Alymlar dünýäde iň seýrek we syrly göwherleriň biri, agramy 2,33 karat bolan Uinston Red göwheriniň ilkinji barlagyny geçirdiler. Bu iş Gems & Gemology žurnalynda çap edildi diýip, IFLScience habar berýär. Uinston Red göwheri özboluşly gyzyl reňki bilen tapawutlanýar
Hytaýda asyrlarboýy zenanlaryň höküm süren gadymy jemgyýetiniň yzlary tapyldy
10.06.2025 21:53
3.4k+

Hytaýda asyrlarboýy zenanlaryň höküm süren gadymy jemgyýetiniň yzlary tapyldy

Hytaýdan we Beýik Britaniýadan ylmy gözlegçileriň topary neolit eýýamynda Hytaýyň gündogarynda matriarhal jemgyýetiň hereket edendigine subutnama tapdy. Onuň yzlary Hytaýyň häzirki Şandun welaýatynyň çäklerinde tapyldy diýlip, Nature žurnalynda aýdylýar
Xiaomi wena damarlaryny skanirleýän akylly gapy gulpuny hödürledi
10.06.2025 15:29
3.9k+

Xiaomi wena damarlaryny skanirleýän akylly gapy gulpuny hödürledi

Xiaomi Hytaýda täze «Smart Door Lock 2 Vein Recognition» atly akylly gapy gulpuny hödürledi. Bu enjam dürli datçikler bilen enjamlaşdyrylan, olaryň arasynda wena (gan damary) skaneri hem bar. Täze gulpda emeli
Mikroblar antibiotiklerden gutulmak üçin «tizlenmegi» öwrendi
10.06.2025 15:22
1.9k+

Mikroblar antibiotiklerden gutulmak üçin «tizlenmegi» öwrendi

Käbir bakteriýalar antibiotikleriň täsirinden halas bolmak üçin, öz metabolizmini çaltlandyrmagy başarýarlar. Bu ýagdaý olara gorag proseslerini işjeňleşdirmäge we mutasiýalary has tiz ýygnamaga kömek edýär. Amerikaly we ýewropaly molekulýar biologlar şeýle netijä geldiler diýip, «Nature Communications» žurnalynda çap edilen materiala salgylanyp, «ScienceDaily» neşiri habar berýär
Alymlar dagynyk skleroz bilen içegäniň mikroflorasynyň arasynda baglanyşygyň bolup biljekdigini öňe sürýärler
10.06.2025 14:08
2.1k+

Alymlar dagynyk skleroz bilen içegäniň mikroflorasynyň arasynda baglanyşygyň bolup biljekdigini öňe sürýärler

Mýunheniň Lýudwig-Maksimilian uniwersitetiniň alymlary dagynyk sklerozy döredip biläýjek sebäbi ýüze çykardylar. Barlag içege bakteriýalarynyň bu agyr awtoimmun keseliniň ösmegine itergi berip biljekdigini görkezdi
Ýapon alymlary duzly suwda ereýän plastik döretdiler
10.06.2025 13:43
2.6k+

Ýapon alymlary duzly suwda ereýän plastik döretdiler

RIKEN Täze materiallary öwreniş merkezinden we Tokio uniwersitetinden hünärmenler diňe bir sagadyň dowamynda duzly suwda ereýän plastik işläp taýýarladylar. Düzüminde duz bolan toprakda bolsa, plastik ululygyna görä, takmynan, 200 sagadyň dowamynda dargaýar diýip, «Techspot» habar berýär
Windows 11 ulanyjy işjeň bolmadyk wagty prosessory awtomatik ýagdaýda haýalladar
10.06.2025 12:16
1.3k+

Windows 11 ulanyjy işjeň bolmadyk wagty prosessory awtomatik ýagdaýda haýalladar

Microsoft korporasiýasy Windows 11-de täze energiýa tygşytlaýyş funksiýasyny synag edýär. Bu funksiýa ulanyjy kompýuter bilen aragatnaşyga girmedik wagtynda prosessoryň öndürijiligini awtomatik ýagdaýda peselder
Hytaýly alymlar litiý batareýalarynyň ömrüni takmynan 4 esse uzaldýan täze usul tapdylar
09.06.2025 22:01
5.6k+

Hytaýly alymlar litiý batareýalarynyň ömrüni takmynan 4 esse uzaldýan täze usul tapdylar

Fudan uniwersitetiniň (Hytaý) alymlary litiý batareýalaryny dikeltmegiň usulyny işläp düzüp, hyzmat ediş möhletini 12 müň sikle (aýlawa) çenli ýokarlandyrdylar. Tehnologiýanyň esasynda batareýanyň içindäki işjeň litini dikeldýän arzan organiki duz bolan LiSO₂CF₃-iň sanjymy ýatýar
Alymlar radiasiýadan goraýan aýna döretdiler
09.06.2025 21:59
3.2k+

Alymlar radiasiýadan goraýan aýna döretdiler

Halkara alymlar topary borosilikat aýnanyň täze görnüşini döretdiler. Ol betona (22,1%) we täjirçilik RS-360 aýnasyna (27,3%) garanda, radiasiýadan 28,3% has netijeli goragy üpjün edýär. Bu barada Ural Federal Uniwersitetine (UrFU) salgylanýan TASS habar berýär
Beýik britaniýaly alymlar tozan bölejigine barabar skripka şekilini döretdiler
09.06.2025 14:49
5.2k+

Beýik britaniýaly alymlar tozan bölejigine barabar skripka şekilini döretdiler

Lafboro uniwersitetiniň (Beýik Britaniýa) fizikleri uzynlygy 35 mikron we ini 13 mikron bolan skripkanyň şekilini döretdiler, bu adam saçynyň tarynyň galyňlygyndan ýa-da tihohodkanyň ululygyndanam kiçi diýmekdir
Nýu-Ýorkuň howa menziline ilkinji gezek doly elektrikleşdirilen uçar gondy
09.06.2025 14:48
4.5k+

Nýu-Ýorkuň howa menziline ilkinji gezek doly elektrikleşdirilen uçar gondy

Nýu-Ýorkuň Jon F.Kennedi adyndaky halkara howa menziline ilkinji gezek doly elektrikleşdirilen uçar gondy. Beta Technologies tarapyndan işlenip düzülen Alia CX300 dört ýolagçyny we piloty getirdi. Uçuş 45 minut dowam etdi diýip, Reuters habar berýär
Hindistanda köne köşgüň aşagyndan 50 müň kitaply ýerasty kitaphana tapyldy
09.06.2025 14:38
8.5k+

Hindistanda köne köşgüň aşagyndan 50 müň kitaply ýerasty kitaphana tapyldy

Hindistanyň Tikamgar şäherinde (Madhýa-Pradeş ştaty) öňki Tal Koti köşgüniň binasynyň aşagyndan 50 000 sany seýrek kitap ýygyndysy bolan gizlin kitaphana tapyldy. Gymmatly tapyndy hakda Times of India ýazýar. Tal Koti binasy häzir kollej hökmünde ulanylýar
Arheologlar Gazagystanda mongollaryň çozuşy wagtynda ýakylan şäheriň galyndylaryny tapdylar
09.06.2025 13:51
7.4k+

Arheologlar Gazagystanda mongollaryň çozuşy wagtynda ýakylan şäheriň galyndylaryny tapdylar

Gazagystanyň günortasyndaky Žetysu oblastynda orta asyr şäheriniň harabalyklary tapyldy. Bu barada "Petroglif awçylary" respublikan jemgyýetçilik gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory Olga Gumirowa habar berdi. "Her kimiň köpden bäri gözleýän orta asyr şäherini tapaýdyk öýdýän
NASA 2024 YR4 asteroidiniň Aý bilen çaknyşmak ähtimallygyny ýokarlandyrdy
08.06.2025 20:44
3.8k+

NASA 2024 YR4 asteroidiniň Aý bilen çaknyşmak ähtimallygyny ýokarlandyrdy

NASA 2024 YR4 asteroidiniň traýektoriýasyna gaýtadan seredip, onuň Aýa gaçmak ähtimallygyny ýokarlandyrdy. Geçen ýylyň ahyrynda ýüze çykarylan 2024 YR4 asteroidi ilkibaşda asteroid howpuna gözegçilik etmegiň taryhynda Ýer üçin iň çynlakaý howp diýlip ykrar edildi
Gemini 2.5 intonasiýa düşünmegi we söhbetdeşliklerde emosiýa bermegi öwrendi
08.06.2025 17:38
1.8k+

Gemini 2.5 intonasiýa düşünmegi we söhbetdeşliklerde emosiýa bermegi öwrendi

Google I/O konferensiýasynda multimodal EA modeli Gemini 2.5-iň täzelenen görnüşi hödürlendi. Indi ol hakyky wagtda audio döretmegi we emosiýalary göz öňünde tutup gürrüňdeşligi alyp barmagy başarýar. Bu funksiýalar Google AI Studio we Vertex AI arkaly işläp düzüjiler üçin elýeterlidir
Bezosyň Blue Origin kompaniýasy Aýy özleşdirmek meýilnamasyny hödürledi: gonuş modullary we Aý tankeri
07.06.2025 13:32
2.1k+

Bezosyň Blue Origin kompaniýasy Aýy özleşdirmek meýilnamasyny hödürledi: gonuş modullary we Aý tankeri

Jeff Bezosyň «Blue Origin» aerokosmos kompaniýasy Aýy özleşdirmek boýunça meýilnamalarynyň käbir jikme-jikliklerini mälim etdi. Kompaniýa şu onýyllygyň ahyryna çenli Aýa iki sany adamly uçuşy amala aşyrmagy meýilleşdirýär
Ýaponiýada gözleri elektromagnit tolkunlaryndan goraýan kontakt linzalar işlenip düzülýär
07.06.2025 13:30
5.8k+

Ýaponiýada gözleri elektromagnit tolkunlaryndan goraýan kontakt linzalar işlenip düzülýär

Ýaponiýanyň Waseda uniwersitetiniň fizikleri kontakt linzalar üçin ýagtylygy geçirýän, ýöne elektronika hem-de dürli senagat we lukmançylyk enjamlary tarapyndan döredilýän zyýanly elektromagnit tolkunlaryny saklaýan açyk reňkli nano-örtük döretdiler
Ýene-de gonup bilmedi: ispace ýapon kompaniýasynyň Resilience enjamy Aýa baryp uruldy
07.06.2025 13:05
5.7k+

Ýene-de gonup bilmedi: ispace ýapon kompaniýasynyň Resilience enjamy Aýa baryp uruldy

ispace hususy ýapon kompaniýasy tarapyndan gurlan Resilience gonuş enjamy Aýa asuda gonup bilmedi. Onuň bilen aragatnaşyk gonuşdan 1 minut 45 sekunt öň ýitirildi diýip, Space habar berýär. Enjam 2025-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda Firefly Aerospace kompaniýasynyň Blue Ghost Aý moduly bilen bilelikde uçuryldy
NASA beýleki planetalaryň buzlarynyň aşagynda ýaşaýyş gözlemek üçin burawçy roboty döretdi
07.06.2025 11:23
3.2k+

NASA beýleki planetalaryň buzlarynyň aşagynda ýaşaýyş gözlemek üçin burawçy roboty döretdi

NASA-nyň Reaktiw hereket laboratoriýasynyň (JPL) inženerleri Europa Lander robotynyň prototipini (nusgasyny) görkezdiler. Hünärmenler bu işläp düzmäniň üstünde 10 ýyl bäri işleýärler diýip, Science Robotics žurnalyna salgylanýan Phys
Russiýada atmosferadaky kömürturşy gazyny susup alyp, spirte öwürmegi öwrendiler
07.06.2025 11:21
2.3k+

Russiýada atmosferadaky kömürturşy gazyny susup alyp, spirte öwürmegi öwrendiler

Rus, eýran we fransuz himikleri birnäçe metalyň grafenine we oksidlerine esaslanýan katalizator döretdiler. Ol kömürturşy gazyny metilbutanola we beýleki senagat taýdan gymmatly spirtlere we ketonlara 77% netijelilik bilen öwürmäge mümkinçilik berýär
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.