Saýlanan şäher
28 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Habarlar
Baş sahypa
/
Habarlar
18.06.2025 14:41
3.4k+
Stellar Blade oýnunyň kompýuter wersiýasy üç günde milliondan gowrak nusgada satyldy
Günorta Koreýanyň Shift Up studiýasy tarapyndan işlenip düzülen post-apokaliptik Stellar Blade ekşen oýnunyň kompýuter wersiýasy bary-ýogy üç günüň dowamynda bir milliondan gowrak nusgada satyldy. Oýnuň satuwy 12-nji iýunda başlady diýip, Günorta Koreýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri habar berýär
18.06.2025 14:36
16k+
Antarktidanyň buzlarynyň astyndan gelen adaty bolmadyk signallar alymlary geň galdyrdy
Pensilwaniýa uniwersitetinden gözlegçileriň ýolbaşçylygyndaky halkara alymlar topary Antarktidada adaty bolmadyk radiosignallary ýüze çykardy. Bu signallar buz bilen örtülen yklymyň üstündäki howa şarlaryna ornaşdyrylan Antarctic Impulsive Transient Antenna (ANITA) detektory tarapyndan ýazga alyndy
18.06.2025 14:34
5k+
Pluton Gün ulgamy üçin howanyň düýbünden täze görnüşine eýe. Muny bilmäge James Uebb kömek etdi
James Uebb kosmos teleskopy (JWST) astronomlara ýene bir möhüm açyşy etmäge kömek etdi, ýagny ol alymlara Plutonyň adaty bolmadyk howa ulgamyny açmaga mümkinçilik berdi. Gözegçilikler planetanyň üstündäki belentlikdäki dumanyň onuň ekstremal howa şertlerine işjeň täsir edýändigini görkezdi
18.06.2025 14:32
7.5k+
Hytaý ýertitremesiniň alamatlaryny gije-gündizleýin öwrenmek üçin hemra uçurdy
Hytaý ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Szýusýuan kosmos merkezinden CSES-2 (China Seismo-Electromagnetic Satellite-2) hemrasyny üstünlikli uçurdy. Apparat orbita Long March 2D (“Beýik ýöriş-2D”) raketasy bilen uçuryldy diýip Space News habar berýär
18.06.2025 14:31
2.7k+
Täzelenen ChatGPT suratlar arkaly gözlemegi we kontekste has gowy düşünmegi öwrendi
OpenAI ChatGPT Search gözleg ulgamyny kämilleşdirdi. Täze wersiýasyna surat gözlegini goşdy, kontekste düşünmegi gowulandyrdy we gaýtalanýan jogaplary azaltmak üçin dowamly söhbetdeşligi ýatda saklamagyny gowulandyrdy
18.06.2025 14:13
4k+
Hytaýyň «Mençžou» atly täze nesil uçarmanly kosmos gämisi synagdan üstünlikli geçdi
Hytaý «Mençžou» («Arzuw gaýygy») atly täze nesil uçarmanly kosmos gämisinde synag uçuşyny üstünlikli amala aşyrdy. Nol beýiklikde geçirilen synag uçuşy geljekki Aý missiýasyna taýýarlygyň möhüm tapgyry boldy diýip, «South China Morning Post» habar berýär
18.06.2025 14:09
8.5k+
Qatar Airways - dünýäniň iň gowy awiakompaniýasy. Singapore Airlines-iň bolsa iň gowy ekipažy bar
Qatar Airways World Airline Awards-yň wersiýasy boýunça dünýäniň iň gowy awiakompaniýalarynyň sanawynda dokuzynjy gezek öňdeligi eýeledi. Baýrak gowşurylyş dabarasy Halkara awiakosmos sergisiniň çäginde Parižde geçirildi
18.06.2025 13:57
7.7k+
Indoneziýadaky wulkanyň kül sütüni 10 kilometr beýiklige ýetdi
Indoneziýada Lewotobi Laki-laki wulkany atylyp başlandy diýip, SindoNews neşiri habar berýär. Ýerli wulkanologiýa merkeziniň maglumatlaryna görä, kül sütüni dagyň çür depesinden 10 müň metre göterildi. Wulkana gözegçilik nokadynyň işgärleri ýerli ýaşaýjylara we syýahatçylara wulkanyň golaýynda bolmagyň howpludygyny duýdurdy
18.06.2025 13:56
7.1k+
Günde iň ýokary derejeli alawlama bolup geçdi
18-nji iýunda Günde iň ýokary X derejeli kuwwatly alawlama bolup geçdi. Bu barada Gün işjeňligine gözegçilik merkezine salgylanyp, TASS habar berýär. X1.3 derejeli alawlama soňky üç hepdede şeýle derejeli ilkinji alawlama boldy
18.06.2025 10:33
4.2k+
Audi A7L 2025 tanyşdyryldy: 3,0 litrlik hereketlendiriji we doly herekete getiriji ulgam
Audi kompaniýasy 2025-nji ýylyň täzelenen A7L sedanyny tanyşdyrdy. Awtoulag 7 komplektasiýada hödürlenýär diýip, «ITHome» habar berýär. Daşky keşbi boýunça täze model ýylyna geçýän A7L-de hiç hili üýtgeşme ýok
18.06.2025 10:31
3.4k+
Maserati we Alfa Romeo birleşmäge mejbur bolar
Maserati we Alfa Romeo kompaniýalarynyň baş direktory Santo Fiçili awstraliýaly we aziýaly žurnalistlere beren beýanatynda, Stellantis-iň täze ýolbaşçysynyň öňünde düýpli üýtgeşmeler boýunça meýilnamasynyň bardygyny aýtdy
18.06.2025 10:22
4.5k+
Hytaýly alymlar doňuz düwünçeginde adam ýüregini ösdürip ýetişdirdiler
Hytaýly alymlar doňuz düwünçekleriniň içinde kiçijik adam ýürekleriniň ösdürilendigini habar berdiler. Bu baradaky maglumatlar sütün öýjükleriniň barlagy boýunça halkara jemgyýetiniň mejlisinde hödürlendi diýip, Nature žurnaly ýazýar
18.06.2025 10:21
11k+
Indi ulag dyknyşyklarynyň üstünden uçubam geçip bolar. Hytaý 69,5 müň dollardan uçýan trisiklleri çykardy
Hytaýyň elektrik skuterleri bilen tanalýan Kuickwheel tehnologiýa kompaniýasy bu gezek düýbünden täze ulagy – uçýan Skyrider X6 trisikl-amfibiýalaryny hödürledi. Täze önümiň görkezme uçuşy Pekinde geçirildi. Uçmak üçin trisikl alty sany wint bilen enjamlaşdyryldy, olaryň hersi aýratyn egnine oturdyldy
18.06.2025 10:09
12k+
Hemra suratlary dünýäde kub görnüşli iň uly binanyň – “Mukaabyň” gurluşygyny görkezdi
Täze hemra suratlary Saud Arabystanynda uly kub şekilli bina bolan “Mukaabyň” (The Mukaab) gurluşygynyň işjeň alnyp barylýandygyny tassyklady. Gurluşyk meýdançasynyň suraty düýp çukurynyň doly taýýardygyny we häzir söýegleriň buraw işleriniň dowam edýändigini görkezýär
18.06.2025 10:07
3.7k+
WhatsApp sözünde durmady: messenjerde ilkinji gezek mahabat peýda bolar
WhatsApp messenjerinde 2009-njy ýylda esaslandyrylandan bäri ilkinji gezek mahabat peýda bolar. Täzelik barada Meta korporasiýasyna degişli bolan messenjeriň blogunda habar berilýär. Kompaniýa “Statuslary” we “Kanallary” öz içine alýan “Ýörgünli” bölüminde üç sany täze funksiýanyň peýda boljakdygyny anons etdi
18.06.2025 10:04
4.4k+
Türkmenistan Gonduras bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy
Türkmenistan Gonduras Respublikasy bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Bilelikdäki komýunike gol çekişdi. Gol çekmek dabarasy 12-nji iýunda Nýu-Ýork şäherinde Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynda geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler
18.06.2025 10:00
3.6k+
“Ahyrky nokat: Gan baglanyşygy” Internetde elýeterli boldy
“Ahyrky nokat” horror-franşizasynyň altynjy bölümi bolan “Gan baglanyşygy” (Пункт назначения: Узы крови) filmi onlaýn kinoteatrlarda çykdy. Bu barada WhenToStream habar berýär. Warner Bros. studiýasy 50 mln dollar býujet bilen dünýä prokatynda 272 mln dollar gazandy
18.06.2025 09:52
5k+
«Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammitiniň jemleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi
17-nji iýunda Astana şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammitiniň jemleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi. Hususan-da, Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Hytaý Halk
18.06.2025 09:46
4.3k+
Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Hytaý” ikinji sammitinde birnäçe teklipleri öňe sürdi
17-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Astanada geçirilen “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitinde çykyş edip, tagallalary utgaşdyrmak arkaly sebitara hyzmatdaşlygy dürli ugurlarda mundan beýläk-de ösdürmek boýunça birnäçe teklipleri öňe sürdi
18.06.2025 06:57
6.9k+
Serdar Berdimuhamedowyň Astanada “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitindäki çykyşy
Hormatly jenap Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti! Hormatly Hytaý Halk Respublikasynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlary! Hormatly wekiliýet agzalary! Ilki bilen, bildirilen myhmansöýerlik üçin Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti hormatly Kasym-Žomart Kemelewiç Tokaýewe minnetdarlygymy beýan etmäge rugsat ediň
17.06.2025 20:42
14k+
Sabiana, Airwell we GRAD kompaniýalarynyň Türkmenistandaky distribýuteri amatly bahadan sowadyş ulgamlaryny hödürleýär
Italiýanyň "Sabiana", Fransiýanyň "Airwell" we Hytaýyň "Grad" kompaniýalarynyň Türkmenistandaky distribýuteri bolan "Mylaýym şemal" hususy kärhanasy öýlerde we ofislerde mylaýym howa gurşawyny döretmek üçin kondisionerleri, fankoýllary we VRV sowadyş ulgamlaryny hödürleýär
17.06.2025 20:11
10k+
Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammitinde Türkmenistanyň garaýyşlaryny beýan etdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow 17-nji iýunda Astanada geçirilen «Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammitinde çykyş edip, altytaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek babatda ýurdumyzyň garaýyşlaryny beýan etdi. Bu barada "Türkmenistan" gazetiniň elektron neşiri habar berýär
17.06.2025 19:52
10k+
Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatyndaky ikinji sammite gatnaşýar
Astanada «Garaşsyzlyk» köşgünde «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatyndaky ikinji sammit öz işine başlady. Oňa Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy we Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň Liderleri bilen bilelikde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşýar diýip, "Türkmenistan" gazetiniň elektron neşiri habar berýär
17.06.2025 19:38
9k+
Nýu-Ýorkda “The Last of Us” serialynyň ýyldyzy Pedro Paskala meňzeş adamlaryň bäsleşigi geçirildi
Nýu-Ýorkda meňzeş adamlaryň nobatdaky bäsleşigi geçirildi. Bu gezek guramaçylar myhmanlara “The Las of Us” (“Biziň soňkymyz”) we “Narko” seriallaryndaky keşpleri bilen tanalýan aktýor Pedro Paskala has meňzeş adamlary saýlamagy teklip etdi
17.06.2025 19:33
8.5k+
Ilon Mask 2027-nji ýyla çenli Halkara kosmos stansiýasyny ýok etmegi teklip etdi
SpaceX kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ilon Mask Halkara kosmos stansiýasyny (HKS) mümkin boldugyça tiz orbitadan çykaryp, ummana gaçyrmalydygyny aýtdy. Onuň X sosial torunda paýlaşan ýazgysyny «Daily Mail» neşiri getirýär
17.06.2025 19:31
4.2k+
“Aždarhany nädip eldekileşdirmeli” kinoremeýki prokatyň başynda $200 mln töweregi ýygnady
“Aždarhany nädip eldekileşdirmeli” (Как приручить дракона) multfilminiň oýun remeýki dünýä prokatyna 198 mln dollar kassa ýygymy bilen başlady. Bu barada Variety ýazýar. Ilkinji dynç günleri kassa ýygymy garaşylandan ýokary boldy
17.06.2025 19:30
3.6k+
Italiýa 2026-njy ýylda Sardiniýa adasyndan raketa uçuryp başlar
Italiýanyň OLM kompaniýasy 2026-njy ýylda Sardiniýa adasyndan ýeňil raketalaryň suborbital uçuşlaryna başlamagy meýilleşdirýär. Bu barada European Spaceflight neşiri habar berýär. Uçuş üçin ygtyýarnama 2025-nji ýylyň maý aýynda Italiýanyň Goranmak ministrliginden alyndy
17.06.2025 19:27
1.6k+
Nissan işe ukyplylygyny saklamak üçin Renault-daky paýyny azaldýar
Nissan-yň baş direktory Iwan Espinoza kompaniýanyň Renault fransuz awtoöndürijisindäki paýyny azaltmagy meýilleşdirýändigini aýtdy. Mart aýynda Nissan we Renault biri-birinde eýeçilik edýän paýlarynyň talap edilýän iň az möçberini 15%-den 10%-e çenli azaltmak barada ylalaşdy
17.06.2025 19:26
3.2k+
Hytaýda ysmaz keselli adama beýni implanty üstünlikli oturdyldy
ABŞ ysmaz adamlara pikiriň güýji bilen kompýuteri dolandyrmaga mümkinçilik berýän beýni implantlaryny işläp taýýarlamak bilen meşgullanýan ýeke-täk ýurt däl. Bu ugurda Ilon Maskyň Neuralink startapy öňdebaryjy hasaplanýar, ýöne ýakynda Hytaý hem öz neýroimplantynyň kliniki synaglaryny üstünlikli tamamlady
17.06.2025 19:24
10k+
Dubaýda beýikligi 445 metr bolan goşa ýaşaýyş diňi gurlar
Deyaar Development kompaniýasy Dubaýda täze Downtown Residences ýaşaýyş toplumynyň taslamasyny hödürledi. Onuň beýikligi 445 metre barabar bolar diýip, New Atlas habar berýär. Taslamany Business Bay sebitinde durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär
17.06.2025 19:22
4.1k+
Dinozawrlar Ýeri dolandyrýar: “Ýura eýýamynyň dünýäsi: Galkynyş” filminiň tizer-treýleri çykdy
Universal Pictures “Ýura eýýamynyň dünýäsi: Galkynyş” (Мир Юрского периода: Возрождение) filminiň täze tizer-treýlerini hödürledi. Wideo “Dinozawrlar Ýeri dolandyrýar” ady bilen çykdy. Filmiň premýerasy 2025-nji ýylyň 2-nji iýulyna meýilleşdirilýär
17.06.2025 19:14
19k+
Kriştianu Ronaldu Trampa öz awtografy we parahatçylyk ýüzlenmesi bilen köýnekçe iberdi
“Altyn topuň” bäş gezek eýesi Kriştianu Ronaldu ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampa şahsy ýüzlenmesi bilen goly goýlan Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň köýnekçesini berdi. Sowgat Kanadada geçirilen G7 sammiti wagtynda Ýewropa geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta tarapyndan gowşuryldy
17.06.2025 18:50
7.2k+
39 ýaşly lemur Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi: ýabany tebigatda olar 20 ýyldan köp ýaşamaýar
15-nji iýunda Stampi atly alabeder guýrukly lemur 39 ýaşyny belledi we resmi taýdan erkinlikde ýaşamaýan iň garry lemur diýlip ykrar edildi. Ol Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Stampi 1986-njy ýylda Surreý graflygynda (Beýik Britaniýa) dünýä indi, soňra Şotlandiýa getirildi
17.06.2025 17:31
11k+
Trampyň maşgalasy 499 dollara “altyn” smartfon çykarar we aragatnaşyk operatoryny işe girizer
Trump Organization holdingi Trump Mobile aragatnaşyk operatorynyň işe girizilýändigini we “kaşaň altyn görnüşde” T1 smartfonynyň çykarylýandygyny habar berdi. Bu barada The Verge belleýär. Aragatnaşyk operatory
17.06.2025 14:34
7.3k+
Serdar Berdimuhamedow Astanada Si Szinpin bilen gepleşikleri geçirdi
17-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynda geçiriljek ikinji sammite gatnaşmagynyň çäklerinde Astana şäherinde Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdi
17.06.2025 14:25
6.5k+
Tewesiň pokeri we ÝUNISEF üçin 7 mln funt: “Old Traffordda” haýyr-sahawat oýny geçirildi
“Mançester Ýunaýtediň” öý stadionynda her ýyl geçirilýän haýyr-sahawat oýny Soccer Aid geçdi. Oýunda Angliýanyň topary bilen öňki futbol ýyldyzlaryny, tälimçileri we beýleki media şahsyýetlerini jemlän dünýä topary duşuşdy
17.06.2025 14:21
2.4k+
Huawei 2025-nji ýylyň I çärýeginde smart-sagatlaryň we fitnes bilezikleriniň bazarynda öňdebaryjy boldy
IDC analitiki agentliginiň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde dakylýan gurluşlaryň (akylly sagatlar we fitnes bilezikleri) dünýä bazary 10,5% ösüp, 45,57 mln birlige ýetdi. Iň uly ösüş Hytaýda hasaba alyndy, bu ýerde döwlet goldawynyň netijesinde üpjünçilik 37,6% ýokarlandy
17.06.2025 14:18
9.2k+
Tramp kriptowalýutadan we öz ady bolan harytlaryň satuwyndan millionlarça dollar gazandy
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp kriptowalýutadan 57 million dollardan gowrak we öz ady bolan dürli harytlaryň satuwyndan ýene-de millionlarça dollar gazandy. Bu barada Ak tam tarapyndan hödürlenen maliýe deklarasiýasyna salgylanyp, Reuters habar berýär
17.06.2025 14:17
3k+
HarmonyOS Huawei-niň 100 milliondan gowrak smartfonynda Android-iň ornuny çalyşdy
Hytaýyň Huawei kompaniýasy 2019-njy ýylda HarmonyOS işe girizileni bäri bazara bu operasion ulgam bilen 100 milliondan gowrak smartfon iberdi. Bu barada Canalys analitiki kompaniýasynyň hasabatynda habar berilýär
17.06.2025 13:47
7.7k+
BMG-niň Bütindünýä ummanlar güni mynasybetli geçiren surat bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
BMG-niň Bütindünýä ummanlar güni (8-nji iýun) mynasybetli geçiren 12-nji «UNWOD» (United Nations World Oceans Day) surat bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Bäsleşigiň emin agzalary dört nominasiýa boýunça iň gowy işleri saýladylar
«
1
…
254
255
256
…
1118
»
«
1
…
251
252
253
254
255
256
257
258
259
…
1118
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.