Saýlanan şäher
28 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Habarlar
Baş sahypa
/
Habarlar
25.05.2025 23:37
4.9k+
Disney täze «Ar alyjylar» filmleriniň çykarylyşyny yza süýşürýär
«Disney» mediakorporasiýasy «Ar alyjylar: Kyýamat güni» («Avengers: Doomsday») we «Ar alyjylar: Gizlin uruşlar» («Avengers: Secret Wars») filmleriniň çykarylyşyny yza süýşürdi diýip, «Variety» neşiri habar berýär
25.05.2025 23:35
4.6k+
Lýuis Hemiltonyň kinokompaniýasy üç sany täze filmiň üstünde işleýär
Monakonyň Monte-Karlo sebitinde geçirilen «Formula-1» filminiň ýapyk görkezilişinden soň, prodýuser we geňeşçi hökmünde çykyş eden, ýedi gezek dünýä çempiony bolan meşhur ýaryşçy Lýuis Hemilton öz uly maksatly meýilnamalaryny paýlaşdy diýip, «The Guardian» ýazýar
25.05.2025 23:21
7.3k+
Aşgabatda okuw sapaklaryny geçirmegiň döwrebap usullary boýunça okuw maslahaty geçirildi
21–23-nji maý aralygynda Aşgabatda “Arçabil” myhmanhanasynda Merkezi Aziýada Serhetleri Dolandyrmak Maksatnamasynyň (BOMCA-10) çäginde “Okuw sapaklaryny geçirmegiň döwrebap usullary” atly okuw maslahaty üstünlikli geçirildi
25.05.2025 23:15
2.8k+
Google aktýorsyz film döretmek üçin Flow EA guralyny hödürledi
Google teksti hakyky filmlere öwürýän täze Flow EA guralyny işe girizdi. Hyzmat aktýorlar, surata düşüriji topar, sahna bezegleri we adaty önümçilik bolmazdan kino döretmäge mümkinçilik berýär. Flow diňe ABŞ-da elýeterli
25.05.2025 19:55
14k+
184 million akkauntyň açyk duran parollar bazasy tapyldy, olaryň arasynda, hatda Google-yňky, Apple-iňki we Meta-nyňky hem bar
Internetde Facebook, Instagram, Snapchat, Roblox ýaly meşhur onlaýn hyzmatlarynyň, şeýle hem dürli ýurtlaryň bank, lukmançylyk we hökümet web sahypalarynyň 184 162 718 loginden we paroldan ybarat açyk maglumat bazasy tapyldy
25.05.2025 19:53
2.4k+
OpenAI kompaniýasy 6,5 mlrd dollara emeli aň gajetlerini işläp düzýän startapy satyn aldy
«OpenAI» kompaniýasy emeli aň tehnologiýasyny ulanmak üçin enjamlary taýýarlaýan «io Products» startapyny satyn alandygyny habar berdi. Amerikan metbugat çeşmeleriniň ýazmagyna görä, geleşik 6,5 milliard dollara baglaşylypdyr, şeýle-de pul serişdeleri paýnama görnüşinde tölener
25.05.2025 19:52
2k+
Hususy kompaniýa hemrany “taýyn däl” obýekt bilen sepleşdirmäge synanyşar
Amerikanyň Starfish Space hususy kompaniýasy orbitada synag missiýasyny geçirmäge taýýarlanýar. Iýun aýynyň ortalarynda Otter Pup 2 hemrasy kosmosa uçurylar. Onuň maksady - D-Orbit ION apparaty bilen sepleşmek
25.05.2025 19:41
1.4k+
Google emeli aň tarapyndan döredilen mazmunlary barlamak üçin ýörite gural döretdi
«Google I/O 2025» konferensiýasynda «Google» kompaniýasy «SynthID Detector» atly ýörite portaly hödürledi. Bu portal emeli aňyň kömegi bilen döredilen sanly mazmunlary barlamaga mümkinçilik berýär. «SynthID Detector» arkaly ýüklenen faýlyň «Google-yň» EA gurallary arkaly döredilip-döredilmändigini anyklap bolýar
25.05.2025 19:36
2.2k+
«The Last of Us» serialynyň üçünji möwsümi Ebbiniň hekaýasyny gürrüň berer
«The Last of Us» («Biziň iň soňkymyz») serialynyň üçünji möwsüminde üns merkezinde Keýtlin Diwer tarapyndan ýerine ýetirilýän Ebbiniň keşbi bolar. Bu barada serialyň ikinji möwsüminde psihoterapewt Geýliň keşbini ýerine ýetiren aktrisa Ketrin O’Hara gürrüň berdi
25.05.2025 19:33
4.6k+
«Kalmar oýnunyň» awtory serialyň soňky möwsümi barada gürrüň berdi
«Kalmar oýny» serialynyň awtory Hwan Don-hýogyň aýtmagyna görä, üçünji möwsümde baş gahryman öňküsindenem has agyr synaglar bilen ýüzbe-ýüz bolar. Bu barada ol «Entertainment Weekly» neşirine gürrüň berdi. «Üçünji möwsümde ynsan tebigatynyň iň aşak çäklerini görkezýän oýunlar bilen tanyşdyrmak isledim
25.05.2025 19:25
1.5k+
Honda elektrik ulagynyň önümçiligini kemeldip, gibridlere üns berer
Honda Motor strategiýasyny täzeden gözden geçirýändigini we elektrik ulaglarynyň önümçiligine maýa goýumlaryny azaldýandygyny yglan etdi. Kompaniýa 2030-njy maliýe ýylyna çenli elektrikli awtoulag satmak boýunça görkezijisini umumy satuwyň 30 göterimine çenli azaltdy diýip, kompaniýanyň baş direktory Tosihiro Mibeniň beren beýanatyna salgylanýan CarBuzz habar berýär
25.05.2025 19:17
6.6k+
Türkmenistanyň ilçisi Belarusdaky türkmen talyplary bilen duşuşdy
21-nji maýda Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçihanasynyň guramagynda Belarus döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Türkmenistanyň ilçisi N.Şagulýew bilen ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplarynyň arasynda duşuşyk geçirildi
25.05.2025 19:13
3.1k+
Aşgabatda Türkmenistanyň Halkara pul gaznasy bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary maslahatlaşyldy
23-nji maýda Türkmenistanyň DIM-nde daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurdyýew bilen Halkara pul gaznasynyň (HPG) Türkmenistan boýunça missiýasynyň başlygy Anna Rouz Bordonyň ýolbaşçylygyndaky HPG-niň wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi
25.05.2025 19:08
6.2k+
Ilon Mask Tesla-nyň baş direktorlygyndan aýrylmagy meýilleşdirmeýär
«Tesla» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ilon Mask özüniň baş direktorlyk wezipesinden çekilmegi meýilleşdirmeýändigini mälim etdi. Ol täze baş direktoryň diňe onuň aradan çykmagy bilen gelip biljekdigini aýtdy diýip, «Carscoops» habar berýär
25.05.2025 19:06
7.3k+
MrBeast öz taslamalary bilen iň ýaş milliarder derejesine ýetdi
MrBeast lakamy bilen tanalýan 27 ýaşly YouTube blogeri Jimmi Donaldson baýlygyny öz taslamalarynyň kömegi bilen gazanan dünýäde iň ýaş milliarder boldy. Blogeriň baýlygy 1 mlrd dollar diýlip hasaplanylýar, aýlyk girdeji bolsa, takmynan, 50 mln dollara barabar
25.05.2025 19:02
3.3k+
Meizu täze gajetleri bilen dünýä bazaryna gaýdyp gelýär
Meizu global onlaýn tanyşdyrylyş dabarasyny geçirip, birnäçe täze smartfonyny we dakylýan gurluşlaryny, şol sanda AR äýnegini we smart-ýüzügini hödürledi. Gurluşlaryň ählisi emeli aň ulgamyny işjeň ulanmak bilen döredildi
25.05.2025 19:01
2.8k+
Tesla Optimus-a hojalyk işlerini ýerine ýetirmegi öwretdi. Robot tozan sorujy bilen işleýär, nahar taýýarlaýar...
Tesla-nyň baş direktory Ilon Mask Optimus robotynyň öý işlerini ýerine ýetirişini görkezýän wideo ýerleşdirdi. Wideoda ol tozan sorujy bilen işleýär, gazojagyň üstüne oturdylan pitidäki nahary bulamaklyga öýkünip görkezýär we hapany zyňýar
25.05.2025 18:58
9.4k+
ABŞ-da 2020-2022-nji ýyllar aralygynda iň köp ogurlanan awtoulaglar atlandyryldy
ABŞ-nyň Ýol howpsuzlygynyň ätiýaçlandyryş instituty (IIHS) iň köp ogurlanýan awtoulaglaryň sanawyny düzmek üçin barlag geçirdi. Netijelere görä, 2020-2022-nji ýyllar aralygynda ogrular üçin iň özüne çekiji awtoulag - «Dodge Charger SRT Hellcat» bolupdyr
25.05.2025 18:42
6.4k+
Ýewropa Komissiýasynyň ýolbaşçysyna Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy gowşurdyldy
Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy hanym Ursula fon der Lýaýene 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmak üçin çakylyk haty gowşuryldy. Türkmenistanyň
25.05.2025 18:34
14k+
Fransiýada fermer melleginden 4 mlrd dollarlyk altyn tokgalaryny tapdy
52 ýaşly fransiýaly fermer Mişel Dýupon öz melleginden sap altyn böleklerini tapdy. Deslapky hasaplamalara görä, onuň ýerinde, takmynan, 150 tonna altyn bolup biler. "Mirror" neşiriniň habaryna görä, Tapyndynyň bahasy 3 milliard funt sterling (4 milliard dollardan gowrak) diýip hasaplandy diýip, Mirror neşiri ýazýar
25.05.2025 18:31
4.9k+
Netflix “Titan” batiskafynyň heläkçiligi hakdaky filmiň treýlerini görkezdi
Netflix “TITAN: OceanGate Disaster” (Titan: OceanGate heläkçiligi) dokumental filminiň treýlerini çykardy. Akym hyzmatynda ilkinji görkeziliş 11-nji iýunda bolar. Film 2023-nji ýylda Atlantik ummanynda bolup geçen betbagtçylygy derňeýär
25.05.2025 10:56
4.9k+
Kann kinofestiwalynyň baş baýragy eýranly Jafar Panahiniň filmine berildi
78-nji Kann kinofestiwalynyň “Altyn palma şahasyny” eýranly režissýor Jafar Panahiniň “Ýönekeý bir tötänlik” (Простая случайность) filmi aldy. Bu barada festiwalyň ýapylyş dabarasynda yglan edildi. “Ýönekeý bir tötänlik” pidalaryň we jellatlaryň arasyndaky gatnaşyk baradaky wakadyr
25.05.2025 10:51
13k+
ABŞ-nyň hökümeti Garward uniwersitetine daşary ýurtly talyplary kabul etmegi gadagan etdi
ABŞ-nyň hökümeti Garward uniwersitetine daşary ýurtly talyplary okuwa kabul etmegi gadagan etdi. Içerki howpsuzlyk ministrligi uniwersitete alyş-çalyş boýunça talyplary kabul etmäge mümkinçilik berýän maksatnama gatnaşmagyny haýal etmän ýatyrmak barada hat iberdi diýip, The New York Times ýazýar
25.05.2025 10:48
6.6k+
Daniýada pensiýa ýaşy 70 ýaşa çenli ýokarlandyrylar
Daniýanyň parlamenti pensiýa ýaşyny tapgyrlaýyn ýokarlandyrmak meýilnamasyny tassyklady. 2040-njy ýyla çenli ol 70 ýaşa ýeter diýip, The Local Denmark portaly habar berýär. Çözgüt 1970-nji ýylyň 31-nji dekabryndan soň doglan raýatlara degişlidir
25.05.2025 10:46
10k+
Awiakompaniýalar 2026-njy ýyldan ýolagçylara arzan dik durulýan orunlary hödürläp başlar
Käbir arzan awiagatnadyjylar uçarlaryň salonynda dik durulýan orunlary hödürlemek bilen, has köp ýolagçyny ýerleşdirip biler. Daily Mail britan tabloidiniň habar bermegine görä, olar eýýäm 2026-njy ýylda gysga gatnawlarda peýda bolup biler
25.05.2025 10:43
11k+
Toyota modeliň 70 ýyllygyna bagyşlap, Crown-yň ýörite wersiýasyny çykardy
Ýaponiýada Toyota Crown sedanynyň ýörite wersiýasy satylyp başlandy, ol modeliň 70 ýyllygyna bagyşlanýar. Bu wersiýa Crown Special Edition Z «The 70th» adyny aldy. Model Mercedes-Maybach awtomobilini ýatladýan kuzowyň iki reňkli boýagy bilen tapawutlanýar: onuň üsti Precious Metal kümüşsöw reňkinde, aşaky bölegi bolsa ak ýa-da gara perlamutrda ýerine ýetirildi
25.05.2025 10:42
2.4k+
“Melgun Prada geýýär” filminiň dowamy 2026-njy ýylyň maýynda çykar
Disney studiýasy “Melgun Prada geýýär” (Дьявол носит Prada) filminiň dowamynyň üstünde işleýär. Variety žurnalynyň habar bermegine görä, filmiň premýerasy 2026-njy ýylyň 1-nji maýyna meýilleşdirildi. Aktýorlar düzümi heniz belli däl
25.05.2025 10:40
3.5k+
Tanymal režissýor Martin Skorsezeniň durmuşy barada serial düşüriler
Apple TV+ režissýor Martin Skorsezeniň durmuşy we döredijiligi barada dokumental serialyň çykaryljakdygyny habar berdi. Deadline neşiriniň belleýşi ýaly, “Jenap Skorseze” atly taslama bäş bölümden ybarat bolar
25.05.2025 10:36
5k+
BMW V8 hereketlendirijisi bilen Speedtop uniwersalyny hödürledi
BMW täze Speedtop superkarynyň suratlaryny we ilkinji maglumatlary hödürledi. Şuting-breýk kuzowyna eýe bolan üç gapyly uniwersal awtoöndürijiniň geçen ýylky konseptine esaslanyp, Skytop modeli bilen bir platformada gurnaldy
25.05.2025 10:33
6.5k+
“PSŽ” taryhda 16-njy gezek Fransiýanyň Kubogynyň eýesi boldy
“PSŽ” Fransiýanyň Kubogynyň final oýnunda “Reýmsi” utdy. Duşuşyk “Stad de Frans” stadionynda geçirildi we Pariž toparynyň peýdasyna 3:0 hasabynda tamamlandy. 16-njy we 19-njy minutlarda Bredli Barkolýa iki gol geçirdi
25.05.2025 10:31
2.4k+
Jokowiç karýerasynda 100-nji ATP titulyny gazandy
Serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç Ženewada geçirilen ATP ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Ýaryşda ikinji belgi bilen ýerleşdirilen 38 ýaşly türgen finalda dünýäniň 31-nji raketkasy, polşaly Hubert Hurkaçy 5:7, 7:6 (7:2), 7:6 (7:2) hasabynda utdy
25.05.2025 10:22
5.7k+
Mohamed Salah APL möwsüminiň iň gowy oýunçysy boldy
“Liwerpulyň” hüjümçisi Mohamed Salah Angliýanyň Premýer-ligasy 2024/2025 möwsüminiň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi. Bu barada liganyň metbugat gullugy X sosial ulgamynda habar berdi. Tamamlanan möwsümde 32 ýaşly müsürli oýunçy Angliýanyň çempionatynda 37 oýna gatnaşdy
25.05.2025 10:20
2.4k+
X sosial ulgamynyň işinde dünýä derejesinde bökdençlik bolup geçdi
X (ozal Twitter) sosial ulgamyny ulanyjylar platformanyň işleýşinde näsazlygyň bolmagyndan zeýrenýär. Muny onlaýn hyzmatlaryň işindäki bökdençliklere gözegçilik edýän Downdetector hyzmatynyň maglumatlary delillendirýär
25.05.2025 10:18
3.1k+
Kann festiwalynyň ýapyljak güni şäher çyrasyz galdy
Fransiýanyň Alpes Maritimes departamentinde elektrik energiýasy öçdi. Blekaut 78-nji Halkara kinofestiwalynyň geçirilýän Kann şäherine-de täsir etdi diýip, Deadline habar berýär. FranceInfo-nyň polisiýa işgärlerine salgylanyp habar bermegine görä, munuň sebäbi ýokary woltly liniýalardaky heläkçilik boldy
24.05.2025 19:30
5.8k+
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy HHR-iň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy
23-nji maýda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Hytaýa iş saparynyň çäklerinde HHR-iň Başlygynyň orunbasary Han Çžen bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy
24.05.2025 19:27
13k+
“Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary Stambulda 7-nji Halkara etnosport festiwalynda çykyş etdi
2025-nji ýylyň maý aýynda Bütindünýä Etnosport Konfederasiýasynyň guramagynda Stambul şäherinde bütin dünýäde meşhur çärä öwrülen 7-nji Halkara etnosport medeniýeti festiwaly geçirildi. Festiwalyň çäklerinde dürli ýurtlardan gelen milli medeni toparlar, olaryň däp-dessurlary, at üstündäki oýunlary we milli sport görnüşlerini giňden ýaýbaňlandyryldy
24.05.2025 19:20
13k+
Tramp iPhone smartfonlary ABŞ-da öndürilmese, Apple-e 25% paç girizmek isleýär
ABŞ-nyň häkimiýetleri Apple kompaniýasy iPhone önümçiligini ABŞ-a geçirmedik ýagdaýynda, kompaniýanyň harytlaryna 25% gümrük paçlaryny girizer. Bu barada Birleşen Ştatlaryň Prezidenti Donald Tramp aýtdy. “Men öň Apple-den Tim Kuka iPhone-yň Hindistanda ýa-da başga bir ýerde däl-de, ABŞ-da öndürilmegine we ýygnalmagyna garaşýandygymy aýdypdym
24.05.2025 17:20
8.5k+
Apple könelip barýan we könelen gurluşlaryň sanawyny täzeledi
Apple kompaniýasy wintaž (könelip barýan) we könelen gurluşlaryň sanawyny täzeledi. Indi birinji sanawa iPhone 7 Plus-yň ähli wersiýalary, şeýle-de 64 GB we 256 GB ýatly iPhone 8 girdi. 128 GB iPhone 8 we iPhone 8 Plus-yň ählisi, diňe (Product) Red wersiýasyndan daşary, häzirlikçe bu sanawa girmedi
24.05.2025 13:15
4.8k+
Xiaomi 800 km çenli ýol geçýän ilkinji krossoweri YU 7-ni hödürledi
15 ýyllygy mynasybetli geçirilen tanyşdyrylyş dabarasynda Xiaomi özüniň ilkinji elektrik krossowerini – YU 7-ni hödürledi. Awtomobiliň tigir bazasy 300 sm, göwrümi – 499,9×199,6×160,8 sm. Gapy tutarlary awtomobiliň korpusyna ýygnanýar
24.05.2025 13:11
10k+
Hytaýda ogurlanan iPhone-laryň gaýtadan satylýan global merkezi tapyldy
Dünýäniň dürli ýurtlaryndan ogurlanan iPhone smartfonlarynyň köpüsi ahyrynda Hytaýyň Şençžen şäherindäki bir bina gelip düşýär. Muny derňewleriň netijesinde Financial Times-yň žurnalistleri anyklady. Gürrüň Huasýanbeý sebitindäki ünsi çekmeýän Feiyang Times binasy barada gidýär
«
1
…
270
271
272
…
1118
»
«
1
…
267
268
269
270
271
272
273
274
275
…
1118
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.