Saýlanan şäher
28 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Habarlar
Baş sahypa
/
Habarlar
14.05.2025 14:56
3.2k+
Nissan çökgünlikden halas bolmak üçin 10 müň işgärini işden çykarar
Ýaponiýanyň Nissan awtoöndürijisi maliýe kynçylyklaryny ýeňip geçmek we bäsdeşlige ukyplylygy saklamak üçin dünýä boýunça 10 000 işgärini işden çykarmagy meýilleşdirýär. Bu barada NHK neşiri habar berýär. Öňki işden çykarylanlary göz öňünde tutsaň, olaryň umumy sany 20 000 adama ýeter, bu bolsa kompaniýanyň umumy işgärleriniň 15%-ine deňdir
14.05.2025 14:54
4.7k+
Camry we Accord yzda: Volkswagen Passat Hytaýda sedan satuwynda öňdebaryjy boldy
2025-nji ýylyň Volkswagen Passat ulagy Hytaýda iň köp satylýan orta göwrümli sedan boldy. Ol arzanladyşlar we döwrebap tehnologiýalaryň netijesinde aprel aýynda Toyota Camry we Honda Accord sedanlaryndan öňe geçdi
14.05.2025 14:52
3.3k+
Bred Pitt we Hawýer Bardem bilen “F1” filminiň täze treýleri çykdy
Apple TV YouTube kanalynda režissýor Jozef Kosinski tarapyndan düşürilen “F1” sport dramasynyň ikinji treýleri peýda boldy. Filmde baş keşpleri Bred Pitt we Hawýer Bardem ýerine ýetirdi. Film 25-nji iýunda dünýä prokatyna çykar
14.05.2025 14:46
3k+
iOS 18.5 täzelenmesiniň üsti bilen iPhone 13 ABŞ-da hemra aragatnaşygyna eýe boldy
Apple iOS 18.5 täzelenmesini çykardy. Esasy täzelikleriň biri iPhone 13, şol sanda mini, Pro we Pro Max wersiýalary üçin habarnamalary hemra arkaly ibermek mümkinçiligi boldy. Hyzmat Starlink tehnologiýasynyň esasynda T-Mobile operatory tarapyndan üpjün edilýär
14.05.2025 14:45
4.1k+
Toyota premýerasyndan öň täze RAV4-üň suratlaryny görkezdi
Toyota ilkinji gezek RAV4 krossoweriniň täze nesliniň resmi tizerini hödürledi. Modeliň doly premýerasy 20-nji maýda bolar. Suratlarda awtomobil ýokardan görkezilýär, şeýle-de onuň interýeri hödürlenýär. Model kuzowyň iki reňkli boýagyna eýe boldy
14.05.2025 14:41
5k+
ABŞ-da Oskar atly pişik uzak aralyga bökmekde rekord eýesi boldy
Oskar atly ýedi ýaşly pişik dünýäde pişikleriň arasynda iň uzyn böküşi ýerine ýetirip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Oskar beýiklige böküp, howada 2,58 metr aralygy geçdi. Pişik Dallasyň (ABŞ) ýaşaýjysy Teodor Şillse degişli
14.05.2025 14:26
1.9k+
Täze Bluetooth 6.1 standarty hödürlendi: ol maglumatlaryň goragyny güýçlendirýär we zarýady tygşytlaýar
Bluetooth SIG resmi taýdan Bluetooth 6.1 standartyny hödürledi. Ol arabaglanyşygy tiz ýa-da uzak etmeýär, ýöne maglumatlary has gowy goraýar we energiýany tygşytlamaga kömek edýär. Esasy aýratynlyk Random Resolvable Private Address (RPA) tehnologiýasynda jemlenýär
14.05.2025 14:14
2.3k+
Arkadag şäherinde Bütindünýä Weterinariýa güni mynasybetli ylmy-usuly maslahat geçirildi
13-nji maýda Arkadag şäherinde «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi bilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň bilelikde guramagynda «Oba hojalyk mallaryň ýokanç we ýokanç däl keselleriniň öňüni alyş çärelerini kämilleşdirmek» atly ylmy-usuly maslahat geçirildi
14.05.2025 14:04
1.5k+
Raşid Meredow BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky Hemişelik utgaşdyryjylary bilen duşuşdy
13-nji maýda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky Hemişelik utgaşdyryjylary bilen duşuşdy diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berdi. Bellenilişi ýaly
14.05.2025 13:45
11k+
Iliýa Topuriýa bilen Çarlz Oliweýra Mahaçewiň boşadan guşagy ugrunda söweşer
Islam Mahaçew ýarym orta agrama geçenden soň, ýeňil diwizionda UFC-niň çempion tituly erkin boldy. Guşagyň täze eýesi 29-njy iýunda Paradaýs amerikan şäherinde (Las-Wegasyň bir bölegi, Newada ştaty) kesgitlener
14.05.2025 13:41
7k+
Günde iň ýokary derejeli alawlama hasaba alyndy
13-nji maýda Günde X1.2 derejeli alawlama bolup geçdi. Bu soňky bir ýarym aýda şeýle derejeli ilkinji hadysadyr diýip, Kosmos gözlegleri institutynyň we Gün-Ýer fizikasy institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasy habar berdi
14.05.2025 13:38
9.7k+
Gurbanguly Berdimuhamedow «Arkadag» FK-ny AFK-nyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolmagy bilen gutlady
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Arkadag» futbol toparynyň tälimçilerini, türgenlerini hem-de janköýerlerini toparyň Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolmagy bilen gutlady
14.05.2025 13:28
4k+
“Ýewrowideniýe – 2025-iň” finalyna çykan ilkinji 10 ýurt belli boldy
13-nji maýda Şweýsariýanyň Bazel şäherinde “Ýewrowideniýe-2025” aýdym-saz bäsleşiginiň ilkinji ýarym finaly geçirildi. Oňa 15 ýurduň wekilleri gatnaşdy. Tomaşaçylaryň ses bermeginde finala olardan 10 aýdymçy çykdy diýip, bäsleşigiň metbugat gullugy habar berdi
14.05.2025 13:24
4k+
Aşgabatdaky orta hünär okuw mekdebi “Biçimçi-tikinçi” hünäri boýunça gysga möhletli okuwlara çagyrýar
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebi isleg bildirýänleri “Biçimçi-tikinçi” hünäri boýunça gysga möhletli okuwlara çagyrýar. Okuwa orta bilimli, şeýle-de esasy okuwynyň daşyndan hünär öwrenmeklige isleg bildirýän orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylary (8-nji synpdan ýokary okuwçylary) hem kabul edilýär
14.05.2025 11:43
11k+
Dana Uaýt ýarym orta agramda UFC-niň tituly üçin Mahaçew – Maddalena söweşini yglan etdi
UFC-niň prezidenti Dana Uaýt russiýaly söweşiji Islam Mahaçewiň ýeňil agramda (70 kg çenli) çempion guşagyny boşadandygyny we ýarym orta diwiziona (77 kg çenli) geçendigini habar berdi. Bu barada ol sosial ulgamlarda göni ýaýlymda aýtdy
14.05.2025 11:25
9.3k+
Marsyň jümmüşinde uly kölüň gizlenip ýatandygy anyklandy
Halkara alymlar topary Marsyň jümmüşinde suwuk suwly kölüň bardygynyň subutnamalaryny tapdy. Bu barlagy Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň Geologiýa we geofizika institutynyň, Awstraliýanyň milli uniwersitetiniň we Milanyň Bikokka uniwersitetiniň hünärmenleri geçirdi
14.05.2025 11:23
4.9k+
Alymlar suw desgalaryny arassalamak üçin bir gezeklik, iýilýän robotlary döretdiler
EPFL intellektual ulgamlar laboratoriýasyndan (Şweýsariýa) aspirant Şuhang Çžan we onuň topary täze bir taslamany, ýagny daşky gurşawa zyýan bermezden, suwuň üstünde ýüzüp bilýän kiçijik robotlary hödürlediler
14.05.2025 11:19
9.6k+
Mermer deňzinde peýda bolan deňiz sülekeýi Türkiýäniň demirgazygynda syýahatçylyk möwsümine howp salýar
Kenarýakada ýerleşýän Erdek şäherinde Mermer deňzinde peýda bolan deňiz sülekeýi Türkiýäniň demirgazygynda syýahatçylyk möwsümine zyýan ýetirip biler. Bu barada ýerli metbugat habar berýär. Syýahatçylaryň we ýaşaýjylaryň “himiki suwoty” diýip atlandyrýan deňiz sülekeýi alymlary alada goýýar
14.05.2025 11:16
2.4k+
Robotlara programmirleme däl-de, mehanikanyň kanunlary boýunça işlemek öwredildi
Seul milli uniwersitetinden we Garwarddan ylmy gözlegçileriň topary datçik, algoritm we merkezi dolandyryş bolmazdan hereket edip bilýän robotlary döretdi. Science Advances žurnalynda beýan edilen täze ulgam link-botlar adyny aldy
14.05.2025 11:14
3.2k+
Apple-iň 2027-nji ýyl üçin meýilnamalary: eplenýän iPhone, akylly äýnek we ... öý roboty
Apple-iň 2027-nji ýyl üçin uly meýilnamalary bar, kompaniýa düýpgöter täze önümleri çykarmagy meýilleşdirýär, olar eplenýän iPhone, Apple Glass akylly äýnegi we öý roboty. Bloomberg-den Mark Gurmana salgylanýan Appleinsider-iň habar bermegine görä, esasy täze önüm köpden bäri garaşylýan eplenýän iPhone Fold bolar
14.05.2025 11:12
2.8k+
Cadillac-yň 615 at güýjüni berýän V seriýaly ilkinji awtoulagy sport awtoulaglaryndan has çalt bat alýar
Cadillac kompaniýasy V seriýaly doly elektrik güýji bilen işleýän ilkinji modeli bolan Lyriq-V elektrik krossowerini satyp başlady. Onuň önümçiligine 2025-nji ýylyň mart aýynda ABŞ-nyň Tennessi şäherindäki zawodynda başlanypdy
14.05.2025 11:09
6.1k+
Türkiýede AirCar uçýan awtomobiliniň ilkinji adamly uçuşy geçirildi
AirCar kompaniýasy adamyň gatnaşmagynda iki orunlyk uçýan awtomobiliniň ilkinji synagyny geçirdi. Uçuş 35 km/sag-dan gowrak ýel tizliginde we 8 metr belentlikde amala aşyryldy diýip, Anadolu agentligi habar berýär
14.05.2025 11:08
2.9k+
Xiaomi SU7 iň haýal arzanlaýan elektrokar boldy: ýapon brendleri bu ugurda yza galýar
Xiaomi SU7 iň haýal arzanlaýan elektromobilleriň arasynda öňdebaryjy boldy. Baha taýdan has durnukly modelleriň ilkinji onlugynda ýekeje-de Toyota ýok. Ozal ýapon brendleriniň awtomobilleri, aýratynam, Toyota bahasyny haýal ýitirýär we gaýtadan satmak üçin hem uly ýitgisiz hasap edilýärdi
14.05.2025 11:07
1.4k+
Samsung 500 Gs täzelenme ýygylygy bilen dünýäde ilkinji OLED oýun monitoryny görkezdi
Samsung kompaniýasy täzelenme ýygylygy 500 Gs bolan dünýäde ilkinji OLED oýun monitoryny hödürledi. Täze gurluş Odyssey OLED G6 hataryna degişli bolup, G60SF adyny aldy. Model diňe kümüşsöw reňkde we 27 dýuým diagonal bilen elýeterli bolar
14.05.2025 10:30
5.8k+
Giorgio Armani-den ilkinji 72 metrlik super gämi suwa goýberildi
Italian Sea Group gämi gurluşyk kompaniýasy Giorgio Armani moda öýi bilen bilelikde döredilen ilkinji Admiral Armani mega-gämisini suwa goýberdi. 72 metrlik gäminiň konsepti iki ýyl ozal hödürlenipdi diýip, Sail-World ýazýar
14.05.2025 10:29
2.9k+
WSJ: Apple täze iPhone-laryň bahasyny galdyrar
Apple kompaniýasy 2025-nji ýylyň güýzünde tanyşdyryljak täze iPhone modelleriniň bahasyny ýokarlandyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada çeşmelerine salgylanyp, 12-nji maýda «The Wall Street Journal» gazeti habar berdi
14.05.2025 10:26
3.2k+
Bahreýn Wenesiýa binagärlik biennalesiniň baş baýragyny aldy
19-njy Wenesiýa binagärlik biennalesiniň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Iň gowy milli pawilýon üçin baş baýragy – “Altyn ýolbarsy” Heatwave taslamasy üçin Bahreýn aldy. Bu taslamanyň ýolbaşçysy binagär Andrea Faraguna boldy
13.05.2025 19:33
5.7k+
Saudi Aramco nebitiň bahasynyň peselmegi sebäpli girdejisini ýitirýär
Saud Arabystanynyň döwlet nebit kompaniýasy Saudi Aramco ýekşenbe güni 2025-nji ýylyň birinji çärýegi üçin maliýe hasabatyny hödürledi. Resminama görä, arassa girdeji 26 mlrd dollar boldy we bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 4,6% azdyr
13.05.2025 19:28
3.4k+
Prime Video Nikolas Keýj bilen “Möý adam: Nuar” serialynyň ilkinji tizerini görkezdi
Prime Video akym hyzmaty “Möý adam: Nuar” (Человек-паук: Нуар) serialynyň ilkinji tizerini hödürledi. Serialda baş keşbi ozal “Möý adam: Älemiň üsti bilen” (Человек-паук: Через вселенные) multfilminde bu gahrymana ses beren Nikolas Keýj ýerine ýetirdi
13.05.2025 19:23
9.8k+
ABŞ bilen Hytaý gümrük paçlaryny 90 gün möhlet bilen peseltmek boýunça özara ylalaşdylar
ABŞ bilen Hytaý gümrük paçlaryny 90 günlük möhlet bilen peseltmek boýunça özara ylalaşdylar. «CNN» neşiriniň habar bermegine görä, 14-nji maýdan başlap, Waşington nyrhlary 145%-den 30%-e çenli, Pekin bolsa 125%-den 10%-e çenli peselder
13.05.2025 19:18
11k+
Salah, Mbappe ýa-da Lewandowski: “Altyn butsa” kim dalaş edýär?
Mohamed Salah, Kilian Mbappe, Robert Lewandowski we Garri Keýn ýewropa çempionatlarynyň iň gowy bombardirine berilýän “Altyn butsy” baýragy üçin esasy dalaşgärler hasaplanýar. Ýöne häzirki wagtda reýtingde birinji orny Lissabonyň “Sporting” klubunyň şwesiýaly hüjümçisi Wiktor Dýokereş eýeleýär
13.05.2025 18:55
4.5k+
Türkmenistanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaş diplomatlary we döwlet gullukçylary üçin okuw maslahaty açyldy
12-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaş diplomatlary we beýleki döwlet gullukçylary üçin sebitleýin okuw maslahaty açyldy. Maslahat bilen ugurdaşlykda “Halkara gatnaşyklary: parahatçylykly dialogyň medeniýeti” atly II halkara bäsleşiginiň hem açylyş dabarasy geçirildi
13.05.2025 18:45
3.5k+
Aşgabatda Howanyň üýtgemegi boýunça Merkezi Aziýa maslahaty geçirilýär
13-nji maýda «Ýyldyz» otelinde Howanyň üýtgemegi boýunça 7-nji Merkezi Aziýa maslahaty öz işine başlady. Maslahat «Türkmenistan: Howanyň üýtgemegi we ýaşyl geçiş» atly wideorolik bilen açyldy. Maslahatda Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri Ç
13.05.2025 14:23
16k+
Saud Arabystanynyň The Line «ýatan gökdiräni» sebitiň howasyny üýtgedip biler
Saud Arabystanynda alnyp barylýan birnäçe megataslama sebitiň howa şertlerine oňaýsyz täsir edip biler. Şol taslamalaryň biri hem geljekde Neom tehnologik toplumynyň paýtagty boljak «The Line» şäher-binasydyr diýip, klimat meseleleri boýunça bilermen Donald Wublza salgylanyp, «Financial Times» habar berýär
13.05.2025 14:16
3.4k+
Britan startapy kwant kompýuteriniň we EA-nyň kömegi bilen aýdym döretdi
Britaniýanyň Moth startapy Recurse atly özboluşly aýdymy çykardy. Ol generatiw EA-nyň we kwant kompýuteriniň kömegi bilen döredilen taryhda ilkinji aýdym boldy we eýýäm Spotify-da elýeterlidir. Bu aýdymyň üstünde elektron artist ILĀ işledi
13.05.2025 14:14
3.4k+
Google maglumatlaryň gizlinligini bozandygy üçin Tehasa 1,375 mlrd dollar tölär
Google kompaniýasy Tehas ştatynyň (ABŞ) ýaşaýjylarynyň şahsy maglumatlarynyň gizlinligini bozandygy baradaky aýyplamalary çözmek üçin, ştata 1,375 mlrd dollar tölemäge razy boldy. Bu barada Tehasyň baş prokurory Ken Pakston habar berdi
13.05.2025 14:10
1.6k+
78-nji Kann kinofestiwaly açyldy
Sişenbe güni Kann şäherinde 78-nji halkara kinofestiwaly öz işine başlady. Ol 13-nji maýdan 24-nji maý aralygynda dowam eder. Kinofestiwalyň esasy baýragy – “Altyn palma şahasy” eýýäm festiwalyň rezidensiýasyna eltildi
13.05.2025 13:21
7.5k+
Metallica-nyň Wirjiniýadaky konserti ýeriň yranmagyna sebäp boldy
Wirjiniýa ştatynyň (ABŞ) Lane stadionynda geçirilen Metallica rok toparynyň konserti seýsmiki işjeňlige sebäp boldy. Bu barada ştatyň seýsmologiýa obserwatoriýasynyň (VTSO) maglumatlaryna salgylanyp, «Fox Weather» habar berýär
13.05.2025 13:17
4.8k+
Nemes alymlary insultdan soňky dikeldiş bejergisi üçin aýdym-saz programmasyny döretdiler
Maks Plank adyndaky Ylmy barlaglar jemgyýetiniň Kognitiw we beýni ylymlary institutynyň barlagçylary Face Active programmasyny işläp düzdüler. Bu programma insultdan soň ýüz myşsalary ysmaz bolan näsaglara dikeldiji bejergini bermek üçin niýetlenendir
13.05.2025 13:11
9.1k+
Magtymguly etrabynda «Berkarar döwletiň ylham joşguny» we «Owadan ýazuw» bäsleşikleriniň ýeňijileri sylaglanyldy
Ýakynda Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyndaky “Magtymguly Pyragy” muzeýiniň mejlisler jaýynda «Berkarar döwletiň ylham joşguny» atly şygryýet bäsleşiginiň hem-de «Owadan ýazuw» atly bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi
«
1
…
279
280
281
…
1118
»
«
1
…
276
277
278
279
280
281
282
283
284
…
1118
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.