BMW öz ştab-kwartirasynyň şekilindäki çüýşede atyr çykardy
09.05.2025 09:31
7.6k+

BMW öz ştab-kwartirasynyň şekilindäki çüýşede atyr çykardy

Germaniýanyň BMW awtokonserni öz önümleriniň hataryny giňeldýär. Kompaniýa iki sany täze atyr hödürledi – Amberness we Bergamood. Bu hoşboý yslar Widal maşgalasyna degişli bolan Mavive italýan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda döredildi
“Ýura eýýamynyň dünýäsi 3” taryhda iň gymmat film boldy
09.05.2025 09:29
3.7k+

“Ýura eýýamynyň dünýäsi 3” taryhda iň gymmat film boldy

“Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk” (Мир Юрского периода: Господство) filmi kinematograf taryhynda iň gymmat film boldy. Universal-yň Beýik Britaniýadaky salgyt resminamalaryna laýyklykda, filmiň önümçiligi 584 mln dollara (453 mln funt) düşdi
Watikanda ak tüsse goýberildi: täze Rim papasy ABŞ-dan Robert Prewo saýlandy
09.05.2025 09:24
5.1k+

Watikanda ak tüsse goýberildi: täze Rim papasy ABŞ-dan Robert Prewo saýlandy

8-nji maýda Watikanda konklaw tamamlandy. Täze Rim papasy hökmünde Çikagodan (ABŞ) Robert Frensis Prewo saýlandy. Ol taryhda 267-nji papa boldy we özüne Şir XIV adyny aldy. Täze papanyň saýlanandygy Sikstin kapellasynyň üçegindäki turbadan ak tüsse goýberilmegi bilen yglan edildi – bu dalaşgärleriň biriniň kardinallardan zerur ses sanyny alandygynyň we täze papa bolmaga razy bolandygynyň alamatydyr
Niderlandlarda seýrek we üýtgeşik boýagly Lamborghini Revuelto satylýar
09.05.2025 01:43
6.4k+

Niderlandlarda seýrek we üýtgeşik boýagly Lamborghini Revuelto satylýar

Lamborghini Rotterdam diler merkezinde aýratyn Lamborghini Revuelto satuwa çykaryldy. Awtomobil müşderilere üýtgeşik reňkleri, materiallary we bezegi saýlamaga mümkinçilik berýän Ad Personam programmasy boýunça döredildi
Microsoft iPhone Link programmasy bilen Windows 11 üçin täze “Başlat” menýusyny hödürledi
09.05.2025 01:37
1k+

Microsoft iPhone Link programmasy bilen Windows 11 üçin täze “Başlat” menýusyny hödürledi

Microsoft korporasiýasy Windows 11 üçin täzelenen “Başlat” (Start) menýusyny hödürledi. Indi ol sazlap bolýan makete we Phone Link programmasy bilen baglanyşyga eýe boldy. Menýunyň täze funksiýalary barada ilkinji yşaratlar bir aý mundan öň peýda boldy, şol wagt kompaniýanyň programmalar sanawyny esasy menýu bilen birleşdirjek bir umumy interfeýsiň üstünde işleýändigi belli boldy
Germaniýada gadymy rimlileriň söweş atlarynyň aramgähi tapyldy
09.05.2025 01:33
8.5k+

Germaniýada gadymy rimlileriň söweş atlarynyň aramgähi tapyldy

Arheologlar Germaniýada Rim imperiýasy döwrüniň atlarynyň mazarlygyny tapdy. Bu barada The Independent gazeti habar berýär. Taryhçylar bu jandarlaryň ala diýlip atlandyrylan II asyryň atly goşun bölümine gulluk edendigini anyklady
Türkmenistanyň hormat garawulynyň rotasy Moskwada dabaraly harby ýörişe gatnaşar
08.05.2025 17:03
26k+

Türkmenistanyň hormat garawulynyň rotasy Moskwada dabaraly harby ýörişe gatnaşar

Türkmenistanyň Aýratyn hormat garawuly rotasy 9-njy maýda Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde geçiriljek Ýeňiş baýramynyň dabaraly harby ýörişine gatnaşar. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin habar berdi
Koreýa Respublikasy Türkmenistandan gelýän ýolagçylar üçin täze düzgünleri girizdi
08.05.2025 16:57
20k+

Koreýa Respublikasy Türkmenistandan gelýän ýolagçylar üçin täze düzgünleri girizdi

Koreýa Respublikasynyň Migrasiýa gullugy türkmen raýatlary we ýurda girýän ähli ýolagçylar üçin täze düzgünleri girizdi. Bu barada «Türkmenistan» awiakompaniýasy resmi internet sahypasynda maglumat paýlaşdy. Täze düzgünlere laýyklykda, ýolagçylar Koreýa Respublikasyna girmezden öň, ýörite internet portaly arkaly elektron sapar kartasyny doldurmalydyrlar
OpenAI täjirçilik maksatly kompaniýa bolmak meýillerinden el çekdi
08.05.2025 16:49
3.2k+

OpenAI täjirçilik maksatly kompaniýa bolmak meýillerinden el çekdi

ChatGPT-ni döreden OpenAI amerikan kompaniýasy täjirçilik däl guramanyň dolandyryşynda galar. Muny kompaniýanyň baş direktory Sem Altman 5-nji maýda işgärlere ýazan hatynda resmi taýdan yglan etdi. Onuň sözlerine görä, OpenAI çäklendirilen jogapkärçilikli täjirçilik däl kompaniýa bolmagyndan jemgyýetçilik bähbitlerini üpjün etmek boýunça korporasiýa  öwrüler
BMG-de Ikinji jahan urşunyň pidalary hatyralandy
08.05.2025 16:46
5.1k+

BMG-de Ikinji jahan urşunyň pidalary hatyralandy

Ikinji jahan urşunyň gutarmagynyň 80 ýyllygy mynasybetli Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirada BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite mejlisi geçirildi. Ol mart aýynda Russiýanyň teklibi bilen kabul edilen rezolýusiýa laýyklykda geçirildi
Hyundai ABŞ-da awtomobil ýygnamak üçin müňlerçe gumanoid robotlary işleder
08.05.2025 16:42
4.7k+

Hyundai ABŞ-da awtomobil ýygnamak üçin müňlerçe gumanoid robotlary işleder

Hyundai Jorjiýa ştatyndaky Metaplant America zawodynda adam şekilli Atlas robotlaryny ulanyp başlar. Bu iki aýakly maşynlar Boston Dynamics kompaniýasy tarapyndan işlenip düzüldi we öň adamlar tarapyndan ýerine ýetirilen işleri ýerine ýetirmek üçin niýetlenýär
Lukmanlar ilkinji gezek näsagyň göz hanasyndan aralaşmak arkaly oňurganyň çişini aýyrdylar
08.05.2025 16:41
6.3k+

Lukmanlar ilkinji gezek näsagyň göz hanasyndan aralaşmak arkaly oňurganyň çişini aýyrdylar

Amerikaly neýrohirurglar göz hanasyndan aralaşmak arkaly kelleçanagyň düýbündäki çişi aýyrmak bilen özboluşly operasiýany amala aşyrdylar. Operasiýa 19 sagat dowam etdi we munuň üçin ýokary takyklyk gerek boldy
Google Gemini "Pokémon Blue" oýnuny üstünlikli tamamlady
08.05.2025 16:38
1.8k+

Google Gemini "Pokémon Blue" oýnuny üstünlikli tamamlady

Google-yň Gemini 2.5 Pro emeli aňy 1996-njy ýylda çykan Pokémon Blue oýnuny üstünlikli tamamlady. Gemini Plays Pokémon atly taslamany Google bilen baglanyşykly bolmadyk programmist gurady. Görkezilen oýun kompaniýanyň ýolbaşçylarynyň, şol sanda baş direktor Sundar Piçainiň  ünsüni özüne çekdi, ol bu üstünligi sosial ulgamlarda örän täsirli diýip atlandyrdy
Sankt-Peterburgda dünýäde ikinji beýik gökdirän binanyny gurmak meýilleşdirilýär
08.05.2025 16:36
10k+

Sankt-Peterburgda dünýäde ikinji beýik gökdirän binanyny gurmak meýilleşdirilýär

Sankt-Peterburgda iki sany täze gökdirän binanyň gurluşygyna taýýarlyk işleri dowam edýär. “Gazprom” JPJ olary Ýewropanyň iň beýik binasy (462 m) bolan “Lahta Merkeziniň” gapdalynda gurmagy meýilleşdirýär. Täze binalaryň beýikligi 555 we 703 metr bolar
Hytaýda geçirilen synagyň netijesinde dronlaryň kömegi bilen gurak sebitde güýçli ýagyş ýagdyryldy
08.05.2025 16:33
9.8k+

Hytaýda geçirilen synagyň netijesinde dronlaryň kömegi bilen gurak sebitde güýçli ýagyş ýagdyryldy

Hytaýyň Meteorologiýa müdirliginiň inženeri Li Biniň ýolbaşçylygyndaky alymlar topary dronlar arkaly bulutlara täsir etmek boýunça synag geçirdiler. Bir günüň dowamynda, 8 müň inedördül kilometr meýdanda ýagşyň mukdary 4% artdy
Azerbaýjanda Hazar deňzi bilen Gara deňzi ýerasty tunel arkaly birleşdirmek teklip edildi
08.05.2025 16:17
11k+

Azerbaýjanda Hazar deňzi bilen Gara deňzi ýerasty tunel arkaly birleşdirmek teklip edildi

Azerbaýjanyň ADOG kompaniýasy bilen Halkara Zira porty Hazar deňzi bilen Gara deňzi ýerasty tunel arkaly birleşdirmek teklibini orta atdy. Bu barada azerbaýjan maglumat portaly «Minval Politika» habar berýär. Taslamada diametri 10 metr bolan tuneliň gurluşygy göz öňünde tutulýar
ABŞ bikanun migrantlaryň watanyna dolanmagy üçin ýol biletlerini satyn alyp berer we 1000 dollar tölär
08.05.2025 16:15
13k+

ABŞ bikanun migrantlaryň watanyna dolanmagy üçin ýol biletlerini satyn alyp berer we 1000 dollar tölär

ABŞ-nyň Içeri Howpsuzlyk ministrliginiň (DHS) duşenbe güni habar bermegine görä, ABŞ-nyň hökümeti bikanun migrantlaryň (ýurda bikanun girenleriň) öz watanyna dolanmagy üçin, biletleriň nyrhyny tölär we ýurduň çäginden çykandygyny tassyklandan soň, olara 1000 dollar möçberinde pul berler
Ford akkumulýatoryň ot almak howpy sebäpli, F-150 Lightning pikaplaryny yzyna çagyrýar
08.05.2025 16:11
3k+

Ford akkumulýatoryň ot almak howpy sebäpli, F-150 Lightning pikaplaryny yzyna çagyrýar

Ford kompaniýasy 2022-nji ýylyň noýabryndan 2023-nji ýylyň martyna çenli aralykda öndürilen elektrikli «F-150 Lightning» pikaplaryny akkumulýatoryň ot almak howpy sebäpli yzyna çagyrýandygyny yglan etdi. Mesele akkumulýator blogyndaky şinalaryň üstünde ýerleşýän boltlaryň gowşak berkidilmegi bilen baglanyşykly bolup, bu ýagdaý elektrik dugasynyň döremegine we ýangyna sebäp bolup biler
Hindistan sagatda 28,8 müň km tizlikde emeli hemralaryň “duelini” üstünlikli synag etdi
08.05.2025 15:56
2.2k+

Hindistan sagatda 28,8 müň km tizlikde emeli hemralaryň “duelini” üstünlikli synag etdi

Hindistanyň Kosmos barlaglary guramasy (ISRO) SpaDeX missiýasynyň çäklerinde özboluşly synag geçirdi. Iki emeli hemra, SDX 01 we SDX 02, 470 km belentlikde sagatda 28,8 müň km tizlik bilen hereket edip, golaýlamak manýowryny ýerine ýetirdi
"Intuitive Machines" Moon RACER Aý roweri üçin özbaşdak ulgam döretdi
08.05.2025 15:53
1.9k+

"Intuitive Machines" Moon RACER Aý roweri üçin özbaşdak ulgam döretdi

Intuitive Machines kompaniýasy Moon RACER Aý ulagy üçin awtonom hereketlendiriji ulgamyny işläp taýýarlamagy üstünlikli tamamlady. 2024-nji ýylyň aprelinde NASA Lunar Terrain Vehicle Services (LTVS) taslamasy üçin şertnama alandan soň enjamyň üstünde işlenip başlandy
25 ýurduň iň baý we iň garyp adamlarynyň girdejileriniň arasyndaky tapawut anyklandy
08.05.2025 15:50
13k+

25 ýurduň iň baý we iň garyp adamlarynyň girdejileriniň arasyndaky tapawut anyklandy

Visualcapitalist portalynyň hünärmenleri 2024-nji ýylda 25 ýurduň iň baý we iň garyp ýaşaýjylarynyň gündelik girdejilerini görkezýän infografikany taýýarladylar. Our World in Data taslamasy tarapyndan toplanan maglumatlar ABŞ-nyň dollarynda görkezilýär we 2017-nji ýylyň bahalary boýunça satyn alyjylyk ukybynyň pariteti (PPS) nazarda tutulyp düzedildi
Akulanyň tutdurmaýan görnüşi ilkinji gezek kameranyň obýektiwine düşdi
08.05.2025 15:29
9.8k+

Akulanyň tutdurmaýan görnüşi ilkinji gezek kameranyň obýektiwine düşdi

Deňiz biologlary ilkinji gezek uly kelleli ala akulany wideo düşürdiler (Cephaloscyllium pictum). Ondan öň onuň bardygy diňe Indoneziýada balykçylar tarapyndan tutulan öli nusgalar boýunça bilinýärdi. Balyk Gündogar Timoryň kenarynda wideo alyndy
Azerbaýjanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny sapar bilen gelmäge çagyrdy
08.05.2025 15:11
9k+

Azerbaýjanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny sapar bilen gelmäge çagyrdy

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy sapar bilen Azerbaýjana gelmäge çagyrdy. Bu barada azerbaýjan Lideriniň türkmen halkynyň Milli Liderine iberen hatynda aýdylýar
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň aprel aýyndaky sany okyjylara ýetirildi
08.05.2025 15:04
1k+

«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň aprel aýyndaky sany okyjylara ýetirildi

Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanynda döredilen «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň aprel aýyndaky sany okyjylara ýetirildi. Žurnalyň täze sanyndaky ilkinji makala «Ýaňlansyn parahatlyk aýdymy
Google kompaniýasy Android ulgamy üçin düýpli täzelenme taýýarlaýar. Näme zat üýtgeýär?
08.05.2025 14:11
2.3k+

Google kompaniýasy Android ulgamy üçin düýpli täzelenme taýýarlaýar. Näme zat üýtgeýär?

Google-yň resmi blogunda Android ulgamynyň täze dizaýn konsepsiýasy barada ýazgy peýda boldy. Bu ýazgyda täze ulgamyň nähili boljakdygy görkezilýärdi. Ekran şekillerine görä, täze Android has düşnükli, ýagty, reňkli we aňsat bolar
Bosch elektrowelosipedler üçin özboluşly režimli magniý hereketlendirijisini hödürledi
08.05.2025 14:07
2.3k+

Bosch elektrowelosipedler üçin özboluşly režimli magniý hereketlendirijisini hödürledi

Germaniýanyň Bosch kompaniýasy täze nesil elektrowelosiped hereketlendirijisini – «Performance Line CX-R» modelini tanyşdyrdy. Bu enjam çylşyrymly şertlerde sürmegi halaýanlar üçin niýetlenendir. Esasy aýratynlygy – «Race» (Ýaryş) režimidir
Ýerdäki tokaýlaryň iň takyk we jikme-jik kartasy hödürlendi
08.05.2025 14:02
5.9k+

Ýerdäki tokaýlaryň iň takyk we jikme-jik kartasy hödürlendi

Tokaýlarda saklanýan biomassany takyk ölçemek klimatyň üýtgemegine we uglerod aýlawyna dogry düşünmek üçin örän möhümdir. Şonuň üçin hem Ýewropa kosmos agentligi (ESA) «Biomass» atly täze hemrany uçurdy. ESA bar bolan maglumatlary täze alnan maglumatlar bilen birleşdirip, tokaýlaryň häzirki güne çenli taýýarlanan iň jikme-jik kartasyny hödürledi
iPhone 17 Air zarýad berýän daşlyk bilen çykarylar
08.05.2025 13:47
5.9k+

iPhone 17 Air zarýad berýän daşlyk bilen çykarylar

Täze iPhone 17 Air-iň juda inçejik dizaýny, ähtimal, batareýanyň işleýiş wagtynyň gysgalmagyna sebäp bolar. «The Information» neşiriniň çeşmelerine salgylanyp beren habaryna görä, bu smartfony bir günläp zarýadsyz ulanmak kyn düşer
Xiaomi «SU7 Ultra-nyň» kuwwat çäklendirmelerini aýyrdy: indi ol ozalky 900-e derek 1548 at güýjüni berýär
08.05.2025 13:33
2.4k+

Xiaomi «SU7 Ultra-nyň» kuwwat çäklendirmelerini aýyrdy: indi ol ozalky 900-e derek 1548 at güýjüni berýär

Howpsuzlyk sebäpli Xiaomi öz «SU7 Ultra» elektromobiliniň kuwwatyny başlangyç tapgyrda programma arkaly çäklendiripdi. Emma müşderileriň şikaýatlaryndan soň, kompaniýa bu karary täzeden gözden geçirip, çäklendirmeleri aýyrmaga karar berdi
Kanadaly owerkloker DDR5 ýadynyň maglumat geçiriş tizligini rekord derejä – 12 806 MT/s ýetirdi
08.05.2025 13:29
2.4k+

Kanadaly owerkloker DDR5 ýadynyň maglumat geçiriş tizligini rekord derejä – 12 806 MT/s ýetirdi

Kanadaly «saltycroissant» lakamly owerkloker DDR5 operatiw ýady üçin maglumat geçiriş tizliginde täze dünýä rekordyny goýdy – 12 806 MT/s. Ol 12 800 MT/s çäginden geçen ilkinji adam boldy. Rekord «Corsair Vengeance» modullary we «ASRock Z890 Taichi OCF» enelik platasy bilen gazanyldy
Xiaomi we Huawei ätiýaçdan Google Play-siz HyperOS 3-i işläp düzýärler
08.05.2025 13:26
1.3k+

Xiaomi we Huawei ätiýaçdan Google Play-siz HyperOS 3-i işläp düzýärler

Xiaomi, BBK Group (Oppo, Vivo we OnePlus brendleriniň eýesi) we Huawei bilelikde Google Play hyzmatlary bolmazdan hem işläp biljek HyperOS 3 operasion ulgamyny işläp düzýärler. Bu ädim ABŞ-nyň täze sanksiýalarynyň mümkinçiligi bilen baglanyşykly bolup, şol sanksiýalar eýýäm Huawei kompaniýasyna güýçli täsir etdi
Business Insider: Google filmler we teleseriallar boýunça täze bölüm döretdi
08.05.2025 13:24
1k+

Business Insider: Google filmler we teleseriallar boýunça täze bölüm döretdi

Google kompaniýasy film we teleserial önümçiligi boýunça «100 Zeros» atly başlangyjy işe girizdi. Bu barada «Business Insider» neşiri habar berýär. Täze taslama Range Media Partners prodýuserlik kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýär
Hytaýly talyplar 2 müň ýyl ozalky resept boýunça tüwi bişirdiler
08.05.2025 12:34
4.1k+

Hytaýly talyplar 2 müň ýyl ozalky resept boýunça tüwi bişirdiler

Hytaýdan talyplar topary Han nesilşalygynyň döwrüne degişli bambuk golýazmasyndaky tekst boýunça tüwini bişirmegiň gadymy usulyny dikeltdi. Şeýle tagam 2 müň ýyldan gowrak wagt ozal taýýarlanypdyr diýip, Interesting Engineering portaly ýazýar
Collider ähli döwürleriň iň esasy kinotrilogiýalarynyň sanawyny düzdi: “Ýüzükleriň hökümdary”, “Çokundyran ata”
08.05.2025 12:30
3.7k+

Collider ähli döwürleriň iň esasy kinotrilogiýalarynyň sanawyny düzdi: “Ýüzükleriň hökümdary”, “Çokundyran ata”

Collider amerikan neşiri taryhda iň esasy kinotrilogiýalaryň reýtingini düzdi. Sanawa kinematografa uly täsirini ýetiren on taslama girdi. Şeýlelikde, neşir Jon R.R. Tolkiniň Ortaýer baradaky fentezi romanlarynyň ekranlaşdyrylmasy bolan “Ýüzükleriň hökümdaryny” (Властелин колец) iň möhüm trilogiýa diýip atlandyrdy
NASA-nyň howa şary 17 günde dünýäniň daşyndan aýlandy
08.05.2025 12:26
4.3k+

NASA-nyň howa şary 17 günde dünýäniň daşyndan aýlandy

Täze Zelandiýanyň Wanaka şäherinden asmana uçurylan NASA-nyň futbol meýdançasy ýaly ululykdaky howa şary 17 gün 13 sagat 47 minudyň dowamynda, dünýäniň daşyndan doly aýlanyp, ilkinji uçuşyny üstünlikli tamamlady
ChatGPT-niň özüňe laýyk geljek modelini nädip saýlamaly? OpenAI düşündiriş berdi
08.05.2025 12:16
1.5k+

ChatGPT-niň özüňe laýyk geljek modelini nädip saýlamaly? OpenAI düşündiriş berdi

OpenAI ChatGPT çat-botunyň her bir adamyň özüne laýyk gelýän wersiýasyny saýlamak boýunça gollanma hödürledi. Ol kompaniýanyň resmi saýtynda ýerleşdirildi. Häzirki günde ulanyjylar üçin dürli modeller elýeterli: GPT-4o, GPT-4
BYD aprel aýynda Tesla-nyň tutuş çärýekde satanyndan köp ulag satdy
08.05.2025 12:14
2.1k+

BYD aprel aýynda Tesla-nyň tutuş çärýekde satanyndan köp ulag satdy

Hytaýyň BYD awtoöndürijisi 2025-nji ýylyň ýanwar – aprel aýlaryndaky satuw barada maglumatlary hödürledi. Kompaniýa bu döwürde 1,38 mln awtomobil satdy – bu 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 46,98% köpdür
Ýaponiýada ýaşy 2,6 mln ýyl bolan gadymy kebelek tapyldy: onuň 9 sm ganatlary bolupdyr
08.05.2025 12:12
2.3k+

Ýaponiýada ýaşy 2,6 mln ýyl bolan gadymy kebelek tapyldy: onuň 9 sm ganatlary bolupdyr

Alymlar Ýaponiýada ozal näbelli kebelegiň daşa öwrülen galyndylaryny tapdy. Bu tapyndy Osakadan, takmynan, 180 km uzaklykda, Hiogo prefekturasynyň Sin’onsen şäherçesinde ýüze çykaryldy. Kebelegiň ganatynyň gerimi dokuz santimetre ýetipdir
“Formula-1-iň” sürüjileri LEGO-dan düzülen ulaglarda ýaryşdy
08.05.2025 12:11
2.8k+

“Formula-1-iň” sürüjileri LEGO-dan düzülen ulaglarda ýaryşdy

Geçen dynç günleri Maýaminiň Halkara awtodromynda “Formula-1” çempionatynyň altynjy tapgyry başlamazdan ozal ýaryşa gatnaşyjylaryň däp bolan ýörişi geçirildi. Bu gezek olar aýlawy adaty ulaglaryň deregine LEGO böleklerinden ýygnalan doly göwrümli bolidlerde geçdi diýip, Reuters habar berýär
Kriştianu Ronaldunyň ogly Portugaliýanyň ýaşlar ýygyndysyna çagyryldy
08.05.2025 11:59
11k+

Kriştianu Ronaldunyň ogly Portugaliýanyň ýaşlar ýygyndysyna çagyryldy

Kriştianu Ronaldunyň uly ogly – 14 ýaşly Kriştianu duş Santuş Portugaliýanyň 15 ýaşa çenli ýaşlar milli ýygyndysyna çagyryldy. Bu barada Portugaliýanyň futbol federasiýasynyň metbugat gullugy habar berýär. Ýygyndy 13-18-nji maý aralygynda Horwatiýada geçiriljek Wlatko Markowiç adyndaky halkara ýaryşyna gatnaşar
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.