Saýlanan şäher
29 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Habarlar
Baş sahypa
/
Habarlar
03.05.2025 11:11
2.7k+
Alymlar geljekki kosmos bazalary üçin balyk fermalaryny işläp taýýarlaýar
Fransiýada alymlar sibas balygyny adatdan daşary wezipe üçin taýýarlaýarlar – ol Aýda ösdürilip ýetişdiriljek ilkinji görnüş bolar. «Lunar Hatch» taslamasy geljekki astronawtlary balyk bilen üpjün eder we Aýdaky ýaşaýyş nokatlary üçin ýapyk iýmit zynjyry döretmäge mümkinçilik berer diýip, «The Guardian» ýazýar
03.05.2025 11:03
2.1k+
Hytaýda Xiaomi-niň ikinji elektrokarynyň täze görnüşi patentleşdirildi
Hytaýyň Senagat we maglumat tehnologiýalary ministrliginiň soňky maglumatlaryna görä, Xiaomi YU7 elektromobiliniň täze görnüşi 835 km ýol ätiýaçlygy bilen çykarylar. Şeýlelikde, indi bir elektromotorly modelleriň hatarynda geçýän aralygy boýunça dört görnüş elýeterli bolar: 725, 810, 820 we 835 km
03.05.2025 10:59
1.7k+
TSMC çip imperiýasyny bir wagtda 3 yklymda 24 zawod gurýar
Taýwanly ägirt TSMC häzirki wagtda dünýäniň dürli künjeklerinde şol bir wagtyň özünde 24 sany zawody gurar. Bu zawodlaryň 15-si Taýwanda ýerleşýär (şolaryň 11-si plastina öndürýän fabrika, 4-si bolsa çip gaplaýyş kärhanasy), 6-sy ABŞ-nyň Arizon ştatyndaky Fab 21 taslamasynyň çäginde gurulýar, galanlary bolsa Ýaponiýada we Germaniýada ýerleşýär
03.05.2025 10:57
2.3k+
«Kalmar oýny», «Wan Pis» we «Uensdeý»: Netflix 31-nji maýda täzelikleri tanyşdyrar
Netflix striming hyzmaty «Tudum 2025» atly uly tanyşdyryş çäresini yglan etdi. Bu çärede onlaýn-kinoteatrda iň köp garaşylýan täze taslamalar baradaky täzelikleri paýlaşmak meýilleşdirilýär. Tudum-yň treýlerinde «Kalmar oýnunyň» 3-nji möwsüminden, «Wan Pis» serialyndan, «Pyçaklary çykarmak 3» filminden we beýleki meşhur taslamalardan bölekler görkezildi
03.05.2025 10:51
2.5k+
Bred Pitt Tim Uintonyň “Atlylar” filminde baş keşbi janlandyrar
Bred Pitt awstraliýaly ýazyjy Tim Uintonyň “Atlylar” romany esasynda düşüriljek filmde baş keşbi janlandyrar. Taslama “Konklaw” we “Günbatar frontda üýtgeşiklik ýok” filmlerini döreden Edward Berger režissýorlyk edýär diýip, Variety žurnaly habar berdi
03.05.2025 10:35
11k+
Balkanabat Halkara howa menzili birnäçe halkara güwanamalara mynasyp boldy
2-nji maýda ulanyşa girizilen Balkanabat Halkara howa menzili birnäçe halkara talaplaryna laýyklygy barada birnäçe güwanamalara eýe boldy. Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň (ICAO) Ýewropa we Demirgazyk Atlantika sebiti boýunça direktory Nikolas Rallo täze howa menziliň Halkara raýat awiasiýasy guramasy tarapyndan resmi bellige alnandygy baradaky güwänamany gowşurdy
03.05.2025 10:20
10k+
Serdar Berdimuhamedowyň Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyndaky çykyşy
(Balkanabat şäheri, 2025-nji ýylyň 2-nji maýy) Hormatly dabara gatnaşyjylar! Eziz watandaşlar! Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni taryhy wakalara, zähmet üstünliklerine beslenýär. Ynha, şu gün hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň rowaçlyklara beslenýän günlerinde Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşýarys
03.05.2025 09:27
3.1k+
“Sýogunyň” ikinji möwsümi 2026-njy ýylyň ýanwarynda surata düşürilip başlanar
“Sýogun” serialynyň ikinji möwsümi 2026-njy ýylyň ýanwarynda surata düşürilip başlanar. Bu barada FX teleýaýlymynyň wekilleri Deadline neşirine habar berdi. Hiroýuki Sanada lord Ýosi Toranaganyň keşbine gaýdyp geler, Kosmo Jarwis bolsa ýene-de britaniýaly deňizçi Jon Blektorny oýnar
03.05.2025 09:26
5.3k+
Bugatti we Jacob & Co. içinde V16 hereketlendirijisi bolan goşar sagadyny çykardy
Bugatti kompaniýasy Jacob & Co. bilen bilelikde içinde V16 hereketlendirijisiniň kiçijik modeli bolan goşar sagadyny çykardy. Bu mehanizm ýönekeý bir bezeg däldir – ol Tourbillon giperkarynyň hakyky hereketlendirijisiniň işleýşini görkezýär
03.05.2025 09:23
7.4k+
Gazagystan 10 ýyla çenli möhlet bilen daşary ýurtly maýadarlara “altyn wiza” hödürleýär
Gazagystanyň häkimiýetleri “altyn wizany” bermegiň düzgünlerini tassyklady. Ol daşary ýurt maýadarlaryna on ýyla çenli möhlet bilen ýaşaýyş ygtyýarnamasyny almaga mümkinçilik berýär. Respublikanyň Daşary işler
02.05.2025 18:09
18k+
Chery-nyň täze krossoweri howpsuzlyk synagynda 11,5 tonna agrama çydady
Chery kompaniýasy özüniň täze Tiggo 8 CSH gibrid krossoweri üçin “awtomobil diňi” synagyny geçirdi. Bu barada brendiň metbugat gullugy habar berdi. Synagda bu brendiň ýedi awtomobili biri-biriniň üstünden dik goýuldy we netijede 12 metrlik “diň” emele geldi
02.05.2025 18:01
12k+
Toyota Camry 2026 täze Dark Cosmos reňkine we Nightshade wersiýasyna eýe boldy
Toyota ABŞ-da 2026-njy model ýylynyň täzelenen Camry ulagyny hödürledi. Esasy täzelik – SE we XSE wersiýalaryna esaslanan Nightshade Edition boldy. Nightshade wersiýasynyň esasy aýratynlygy garaňky stil bolup, radiator gözeneginde, aýnalarda, gapy tutarlarynda, spoýlerde we yzky bamperde gara detallar hem-de 19 dýuýmlyk gara diskler we garaldylan nyşanlar bilen tapawutlanýar
02.05.2025 17:54
24k+
Tailandyň migrasiýa gullugy Türkmenistanyň raýatlary üçin täze talaplary girizdi
2025-nji ýylyň 1-nji maýyndan başlap, Tailanda syýahat etmek isleýän Türkmenistanyň raýatlary üçin Tailandyň Migrasiýa gullugy tarapyndan girizilen täze talaplar güýje girdi. Ozal bu barada “Türkmenistan” awiakompaniýasy habar beripdi
02.05.2025 17:03
11k+
Türkmenistanda kükürt esasynda çygdan goraýjy örtük döretmegiň tehnologiýasy patentlendi
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda Tehniki ylymlaryň kandidaty Meretmuhammet Hudaýberdiýewiň ýolbaşçylygynda geçirilen giňişleýin ylmy we tejribeli işleriň netijesinde «Suw desgalary we beýlekiler üçin suwdan goraýjy birleşmeli örtük» döretmek tehnologiýasy işlenip düzüldi we patentleşdirildi
02.05.2025 16:46
6.5k+
Türkmen talyplarynyň taslama işleri Dubaýda GOTECH 2025 halkara sergisinde görkezildi
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy we talyplary 2025-nji ýylyň 21-23-nji apreli aralygynda BAE-niň Dubaý şäherinde geçirilen GOTECH 25 "Energiýa, tehnologiýa, innowasiýa" halkara sergisine gatnaşdylar
02.05.2025 16:38
8.6k+
Dzýudoçy Oguljan Ruslanowa Germaniýada geçirilen Ýewropa Kubogynda bürünç medal gazandy
Türkmenistandan 16 ýaşly dzýudoçy Oguljan Ruslanowa Germaniýada geçirilen Ýewropa Kubogy ugrundaky ýaryşda (Berlin Millennium Team Cadet European Cup 2025) bürünç medal gazandy. Berlinde geçirilen ýaryşa 70 kilograma çenli agram derejesinde 16 ýurtdan 39 türgen gatnaşdy
02.05.2025 16:31
17k+
Serdar Berdimuhamedow Balkanabat Halkara howa menzilini açdy
Şu gün, 2-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyş dabarasy boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär. Sagatda 100 ýolagça hyzmat etmek üçin niýetlenen Halkara howa menziliniň ýolagçy terminaly 3 gatdan ybarat bolup, tutýan meýdany 5 müň 203 inedördül metre deňdir
02.05.2025 16:22
8.4k+
«Awazada» deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça III halkara maslahatyny geçirmäge taýýarlyk görülýär
1-nji maýda Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guraljak Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatyna taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi
02.05.2025 16:13
8.4k+
Awazada geçiriljek maslahatyň çäklerinde parlamentara forum guralar
2025-nji ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatynyň çäklerinde parlamentara forumy guralar
02.05.2025 16:06
5.9k+
Awazada halkara tans we folklor festiwaly geçiriler
1-nji maýda Balkan welaýatynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisinde wise-premýer B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamy tarapyndan BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi
02.05.2025 15:57
9.1k+
Arkadag şäherindäki sagaldyş merkezinde we Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara süýjülik sowgatlary gowşuryldy
30-njy aprelde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan we onuň çäginde hereket edýän çagalar baglarynda terbiýelenýän körpelere, şeýle-de paýtagtymyzdaky Döwletliler
02.05.2025 15:45
8.9k+
Hindistanda hakyky pilleriň deregine robotlaşdyrylan piller ulanylyp başlandy
Hindistanyň Kerala ştatynda dini däp-dessurlarda robotlaşdyrylan piller ulanylyp başlandy. Aýna süýümden we rezinden ýasalan metal karkasly bu mehaniki jandarlar hakyky pilleriň hereketlerini we sesini gaýtalap bilýär diýip, Goodnet habar berýär
02.05.2025 13:11
9.4k+
Serdar Berdimuhamedow “Awazada” geçiriljek BMG-niň halkara maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy
1-nji maýda Balkan welaýatynda iş saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň geçiriljek ýerindäki gurluşyk we abadanlaşdyryş işleri bilen tanyşdy
02.05.2025 13:07
6.6k+
Giza piramidalarynda 51 mln dollara abatlaýyş işleri geçiriler
Müsür Giza piramidalarynyň durkuny täzelemek işlerine 51 mln dollar bölüp berer. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň obýekti eýýäm birnäçe wagtdan bäri dolandyryşyň pesligi, iriziji söwdagärler, adamlaryň köp bolmagy we haýwanlara ýowuz daralmagy sebäpli tankyt edilýär diýip, DailyExpress habar berýär
02.05.2025 13:05
17k+
Saud Arabystany haj döwründe zyýaratçylar üçin düzgünleri güýçlendirýär
Saud Arabystany 10-njy iýuna çenli dowam etjek haj döwründe musulmanlar üçin mukaddes ýerlere – Mekgä we Medinä barmagyň täze düzgünleri barada habar berdi. Indi giriş diňe ýörite haj wizasy bilen mümkindir. Ýurduň Içeri işler ministrligi ygtyýarnamasyz haj parzyny ýerine ýetirmek synanyşygy üçin 20 000 saud rialyna (takmynan, 5 300 dollar) çenli jerimäniň göz öňünde tutulandygyny duýdurýar
02.05.2025 12:59
8.7k+
Ýewropa ligasynyň we Konferensiýalar ligasynyň ilkinji ýarym final oýunlary 3 iňlis klubunyň ýeňşi bilen tamamlandy
2-nji maýa geçilen gije Ýewropa ligasynyň we Konferensiýalar ligasynyň ilkinji ýarym final oýunlary geçirildi. Ýewropa ligasynda Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” kluby myhmançylykda Ispaniýanyň “Atletik” toparyny utdy
02.05.2025 12:45
12k+
Tomusky dynç alyş möwsüminde Balkan welaýatyna ulag gatnawlarynyň sany artdyrylar
1-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisinde tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk bilen bagly meselelere garalyp geçildi. Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M
01.05.2025 23:51
4.1k+
Raşid Meredow BAE-niň «Etihad Rail» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşdy
30-njy aprelde daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Arap Emirlikleriniň «Etihad Rail» kompaniýasynyň halkara gatnaşyklar boýunça ýerine ýetiriji direktory Tarik Mohammed Al Falahi bilen duşuşyk geçirdi
01.05.2025 23:43
17k+
Beýonse dünýä boýunça konsert syýahatyna başlap, uçýan awtomobil bilen hemmeleri haýran galdyrdy
Amerikaly aýdymçy Beýonse ABŞ we Ýewropa boýunça Cowboy Carter konsert syýahatyna başlady. Onuň çäklerinde ilkinji konsert Kaliforniýanyň Inglwud şäherinde geçirildi we bu ýerde ol özüniň tehnologiki taýdan çylşyrymly çykyşy bilen muşdaklary haýran galdyrdy
01.05.2025 23:35
8.5k+
Ukrainanyň ilçisi Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlady
30-njy aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýan Ukrainanyň ilçisi Wiktor Maýko bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär
01.05.2025 23:28
2.1k+
Raşid Meredow Somaliniň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy
30-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Somali Federal Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçisi Fathudin Ali Muhammediň arasynda duşuşyk geçirildi. Ilçi diplomatik işini Ankara şäherinde oturýan ýerinden alyp barýar
01.05.2025 20:57
23k+
Toyota Türkmenistanyň çäginde sowadyş ulgamlaryny mugt barlamak boýunça aksiýa başlatdy
Toyota Central Asia FZE resmi distribýutory «Garagum Ulag» HJ we «Beýik Ýüpek Ýoly» HK resmi diler merkezleri bilen hyzmatdaşlykda 2014–2025-nji ýyllar aralygynda öndürilen Toyota we Lexus kysymly awtoulaglaryň esasy sowadyş ulgamlarynyň mugt barlagyny geçirmek boýunça aksiýanyň başlanandygyny habar berdi
01.05.2025 20:22
6.9k+
Bilermenler Ispaniýadaky tok öçmesiniň zyýanyny 4,5 mlrd ýewro diýip çaklaýarlar
28-nji aprelde Ispaniýada elektrik togunyň sebit derejesinde öçmegi ýurduň ykdysadyýetine uly zyýan ýetirip biler. RTVE bilen geçirilen gürrüňdeşlikde bilermenleriň aýtmagyna görä, ýeten zyýanyň möçberi 1 mlrd – 4,5 mlrd ýewro aralygynda üýtgeýär
01.05.2025 20:10
7.1k+
Samsung smartfonlarynyň eýeleri Brýusseldäki syn ediş çarhynda mugt aýlanyp biler
3-nji maýdan 18-nji maý aralygynda Brýusseldäki Poelaert meýdançasynda The View syn ediş çarhynda mugt aýlanmak bolýar. Bu aksiýa Samsung tarapyndan täze Galaxy S25 smartfonlaryny mahabatlandyrmagyň çäklerinde gurnaldy
01.05.2025 20:08
4.7k+
Nepal tejribesiz alpinistleriň Ewereste çykmagyna rugsat bermez
Nepal Ewereste çykýan alpinistleriň sanyny çäklendirer. Indi çykmak üçin ygtyýarnamany diňe ozal ýurduň 7 müň metr beýiklikdäki daglarynyň, iň bolmanda, birine çykan alpinistler alyp biler. Bu çözgüt dünýäniň iň beýik dagynda howpsuzlygy ýokarlandyrmak maksady bilen kabul edildi
01.05.2025 20:04
9.3k+
WSJ: Tesla Ilon Maskyň ornuna täze baş direktory gözleýär. Kompaniýa maglumaty ret edýär
Tesla-nyň müdirler geňeşi bir aý öň kompaniýanyň baş direktory wezipesinde Ilon Masky çalyşmak barada maslahatlaşyp başlady. Bu barada çeşmelere salgylanyp, The Wall Street Journal habar berýär. Munuň sebäbi kompaniýanyň paýnamalarynyň pese gaçmagy we maýadarlaryň Maskyň Ak tamdaky işlere wagtyny köp sarp etmeginden nägile bolmagy boldy
01.05.2025 15:26
20k+
Dünýäniň iň garry adamy ady beýik britaniýaly zenana geçdi
116 ýyl 326 gün ýaşynda monah aýal Ina Kanabarro Lukas aradan çykdy – ol dünýäde iň garry adam diýlip hasaplanýardy. Bu barada aýalyň degişli bolan Portu-Alegri şäheriniň dini jemagatyna salgylanyp, AFP habar berýär
01.05.2025 14:37
6.2k+
Ýewropa kosmos agentligi tokaýlary öwrenmek üçin orbita emeli hemra uçurdy
29-njy aprelde Ýewropa kosmos agentligi (ESA) Vega-C göteriji raketasyny üstünlikli uçurdy. Apparat Fransuz Gwianasyndaky Kuru kosmodromyndan badalga aldy we tokaýlary öwrenmek hem-de kömürturşy gazyna gözegçilik etmek üçin ulanyljak Biomass emeli hemrasyny orbita çykardy
01.05.2025 14:34
14k+
Täze Toyota Tacoma IIHS-niň heläkçilik synagyndan geçip bilmedi, Infiniti QX80 iň ýokary bal gazandy
Amerikanyň Ýol hereketiniň howpsuzlygy instituty (IIHS) iki sany meşhur ulagyň - Toyota Tacoma-nyň we Infiniti QX80-iň gatnaşmagynda täze heläkçilik synagynyň netijelerini çap etdi. Olaryň netijeleri biri-birine düýbünden gapma-garşy boldy
01.05.2025 14:27
13k+
UFC-iň söweşijisi hakyndaky täze filmde Aleksandr Usik Dueýn Jonson bilen oktagona çykar
A24 studiýasy amerikaly aktýor Dueýn “Gaýa” (“Скала”) Jonsonyň we Ukrainanyň agyr agram derejesindäki ýeňilmezek boksçysy Aleksandr Usigiň oýnan “Ýumurýan maşyn” (“Крушащая машина”) sport dramasynyň ilkinji treýlerini çykardy
«
1
…
288
289
290
…
1119
»
«
1
…
285
286
287
288
289
290
291
292
293
…
1119
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.