Saýlanan şäher
27 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Habarlar
Baş sahypa
/
Habarlar
08.03.2026 15:59
1.9k+
Rassel «Formula-1-iň» ilkinji tapgyrynda ýeňiji bolup, «Mersedese» goşa ýeňiş getirdi
«Mersedes» toparynyň britaniýaly sürüjisi Jorj Rassel «Formula-1» awtoýaryşlary boýunça dünýä çempionatynyň ilkinji tapgyry bolan Awstraliýanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy. Ikinji orny onuň topardaşy, italiýaly Andrea Kimi Antonelli eýeledi
08.03.2026 13:31
1k+
Pixar «Nägehanlar korporasiýasy» älemi boýunça täze multfilm taýýarlaýar
Pixar animasiýa studiýasy «Nägehanlar korporasiýasy» (Корпорация монстров) älemi boýunça täze doly metražly filmiň üstünde işleýär. Bu barada «The Wall Street Journal» neşiri studiýanyň «Bökegenler» (Прыгуны) atly täze multfilminiň çykmagynyň öňüsyrasyndaky işi barada taýýarlan makalasynda habar berdi
08.03.2026 13:24
13k+
Ak tamda geçiriljek UFC ýaryşynda kimleriň tutluşjakdygy belli boldy
Şu tomusda taryhda ilkinji gezek UFC ýaryşy Ak tamyň çäginde geçiriler. Indi ýaryşyň doly sanawy hem mälim boldy — guramanyň ýolbaşçysy Dana Uaýt UFC 326 ýaryşynyň dowamynda resmi duşuşyklary yglan etdi. Agşamyň esasy wakasy ýeňil agramda çempionlyk guşagy ugrunda Iliýa Topuriýa bilen Jastin Getjiniň arasyndaky tutluşyk bolar
08.03.2026 13:18
3.9k+
Alymlar çepbekeýleriň bäsdeşlige has meýillidiginiň sebäbini tapdylar
Näme üçin boks, gylyçlaşmak ýa-da tennis boýunça çempionlaryň arasynda çepbekeýler has köp duş gelýär? Täze ylmy barlaglar munuň sebäbiniň fiziki ukyplarda däl-de, eýsem psihologiýada ýatandygyny görkezdi. Scientific Reports ylmy žurnalynda çap edilen netijelere görä, köplenç çepbekeýler bäsdeşlige has meýilli bolýarlar
08.03.2026 12:57
4.2k+
Modelirlemeler Marsy "gyzdyrmak" synanyşygynyň garaşylmadyk netijäni berendigini görkezýär
Barlagçylar Marsyň atmosferasynda aerozol pürkmekligiň täsirini modelirläp, emeli parnik effektini döretdiler. Hasaplamalar ters netijäni ýüze çykardy: planetanyň käbir sebitlerinde maýlamaklygyň ýerine has beter sowamaklyk bolup biler
08.03.2026 12:54
6.2k+
Hytaý milliarderleriň sany boýunça ABŞ-dan öňe geçdi
Hytaý baýlygy 1 milliard dollardan geçýän adamlaryň sany boýunça ýene-de dünýäde birinji orna çykdy. Bu barada Hurun gözleg kompaniýasy tarapyndan taýýarlanan «Hurun Global Rich List 2026» hasabatynda bellenilýär
08.03.2026 12:36
2.8k+
«Kesgir gaşlar: Ölmez adam» filmi tankytçylardan ýokary baha aldy
Internetde «Kesgir gaşlar: Ölmez adam» (Острые козырьки: Бессмертный человек) filmi barada ilkinji synlar peýda boldy. Filmiň Netflix platformasyndaky premýerasy 20-nji marta meýilleşdirilýär. Tankytçylar meşhur serialyň dowamy bolan doly metražly filme, umuman, oňyn baha berdi
08.03.2026 12:33
1.4k+
NASA-nyň inženerleri Aý tozanyndan kislorod almagy öwrendiler
NASA Aý tozanyndan — regolitden kislorod almagyň täze usulyny görkezýän barlaglaryň netijelerini tanyşdyrdy. Agentligiň metbugat beýanatynda bellenilişi ýaly, bu täze açyş geljekki Aý missiýalarynda möhüm peýda berip biler
08.03.2026 10:05
4.8k+
Chupa Chups daşyny açyp bolmaýan, otda ýakyp bolmaýan süýji hödürleýär
Dünýä belli Chupa Chups brendi açylmasy diýseň kyn bolan, täsin we adaty bolmadyk üýtgeşik süýjini hödürledi. Bu taslama brendiň täze we has aňsat açylýan gaplamasynyň mahabat kampaniýasynyň bir bölegi boldy. Ters düşünje arkaly amala aşyrylan bu taslama, adaty süýjiniň daşyny açmagyň hem nähili «kyn» bolup biljekdigini görkezmek üçin döredildi
08.03.2026 10:04
4.2k+
Marsda sagat näçekä? Inženerler planetalara sagat oýlap tapdylar
Britaniýanyň Chronova Engineering kompaniýasynyň inženerleri Marsda, Ýupiterde we Saturnda wagty görkezýän «Interplanetary Clock» — «planetalarara sagady» işläp düzdüler. Enjam 131 bölekden ybarat bolup, planetalaryň aýlanyşynyň dürli tizliklerini hasaba alýar
08.03.2026 10:01
6.2k+
Garga özüne azar beren adamy ýatda saklap, ol hakda beýleki guşlara-da habar berip bilýär
Gargalar adamlary tanamaga, olaryň özüni alyp barşyny ýatda saklamaga we bu maglumaty beýleki guşlara ýetirmäge ukyplydyrlar. Bu barada Şmalgauzen adyndaky Zoologiýa institutynyň ylmy işgäri Natalýa Atamas RBK-Ukraina neşirine beren interwýusynda gürrüň berdi
08.03.2026 09:13
3.9k+
NASA «Artemis II» missiýasynyň çäklerinde Aýa uçjak astronawtlaryň menýusyny açyp görkezdi
2026-njy ýylyň aprel aýyna meýilleşdirilen Artemis II missiýasynyň astronawtlary Aýyň töweregine uçuş wagtynda adaty Ýerdäki iýmitlere ýakyn bolan tagamlar bilen iýmitlener. Ekipaž üçin niýetlenen önümleriň sanawyny NASA hödürledi
08.03.2026 08:56
4.7k+
Mercedes V12 hereketlendirijisi bilen bary-ýogy 50 sany kaşaň Maybach sedanyny çykarar
Mercedes-Benz kompaniýasy kaşaň sedanyň çäkli mukdardaky görnüşini — Mercedes-Maybach S 680 V12 Edition modelini hödürledi. Bu awtomobil taryhy Maybach Zeppelin modeline hormat hökmünde döredildi we dünýä bazary üçin bary-ýogy 50 nusgada öndüriler
08.03.2026 00:12
5k+
Täze Toyota RAV4 Plug-in Hybrid öňki neslinden has arzan we kuwwatly boldy
Toyota kompaniýasy ABŞ-nyň bazary üçin 2026-njy model ýylynyň Toyota RAV4 Plug-in Hybrid krossoweriniň bahalaryny mälim etdi. Täze wersiýa öňki nesliň modellerinden has arzan boldy, şol bir wagtyň özünde onuň görnüşleriniň sany artdyryldy
07.03.2026 20:33
7.1k+
Antalýanyň kenarlarynda agramy 10 kg ýetýän howply meduzalar peýda boldy
Türkiýäniň Antalýa şäheriniň kenarýakalarynda ynsan saglygy üçin howply bolan Rhopilema nomadica görnüşli meduzalar peýda boldy. Bu barada Akdeňiz uniwersitetiniň ylmy işgäri Mehmet Gökoglu habar berdi. Ol bu meduzalaryň käbiriniň agramynyň 10 kilograma çenli ýetip bilýändigini belleýär
07.03.2026 19:41
7.1k+
Caviar bahasy 11 490 dollara çenli ýetýän Galaxy S26 Ultra kolleksiýasyny çykardy
Caviar kompaniýasy Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonynyň "Totem Collection" diýlip atlandyrylýan täze premium görnüşlerini hödürledi. Bu ýörite seriýa simwoliki jandarlardan, ýagny atdan, ýolbarsdan, möjekden we laçyndan ylham alnyp döredilen modelleri öz içine alýar
07.03.2026 19:40
7k+
Könäni ýatlap: La Liga klublary bir tapgyry köne äheňdäki eşiklerde oýnar, ýöne «Barselona» we «Real» gatnaşmaz
La Liga Ispaniýanyň futbol taryhyna bagyşlanan «Retro Matchday» (Retro oýun güni) atly taryhda ilkinji gezek geçiriljek aksiýany yglan etdi. Resmi habara görä, 10-njy aprelden 13-nji aprel aralygynda La Ligadan (31-nji tapgyr) we Segundadan (35-nji tapgyr) jemi 38 klub meýdança öňki ýyllaryň dizaýnlaryndan ylham alnyp taýýarlanan lybaslarda çykar
07.03.2026 19:23
14k+
Tejende döwrebaplaşdyrylan şäher awtomenzili açyldy
Tejen şäherinde döwrebaplaşdyrylan awtomenzil ulanylmaga berildi. Binanyň durkuny täzelemek işleri ýolagçy gatnatmak hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak we şäheriň ulag düzümini ösdürmek maksady bilen amala aşyryldy diýip, Awtomobil ulaglary ministrligi habar berýär
07.03.2026 18:48
1.4k+
DreamWorks «Ýabany robot» multfilminiň dowamynyň üstünde işläp başlady
DreamWorks Animation studiýasy «Ýabany robot» (Дикий робот) multfilminiň dowamynyň üstünde işläp başlady. Bu barada «TheWrap» neşiri habar berýär. Birinji bölümi döreden Kris Sanders täze taslamada ssenariniň awtory hökmünde çykyş eder
07.03.2026 18:05
3.4k+
Xiaomi smartfonlaryň bahasynyň gymmatlap biljekdigini duýdurdy
Smartfony düzýän bölekleriň bahasynyň ýokarlanmagy we ýat mikroshemalarynyň ýetmezçiligi smartfonlaryň gymmatlamagyna sebäp bolup biler, emma Xiaomi kompaniýasy bu ýagdaýyň alyjylara ýetirjek täsirini mümkin boldugyndan ýumşatmaga çalyşýar
07.03.2026 17:52
2.8k+
Brand Finance dünýäniň iň gymmat bank brendleriniň adyny aýtdy
Brand Finance konsalting kompaniýasy dünýäniň iň gymmat 500 bank brendiniň her ýylky reýtingini hödürledi. Hytaýyň Industrial Commercial Bank of China (ICBC) banky reýtingiň lideri bolmagynda galýar. Bir ýylyň dowamynda bu bankyň brendiniň bahasy 14,9% artyp, 90,8 milliard dollara ýetdi
07.03.2026 17:45
5.7k+
Toyota oturgyçlar bilen bagly mesele sebäpli 550 müň töweregi Highlander-i yzyna çagyrýar
Toyota kompaniýasy ABŞ-nyň bazarynda satylan takmynan 550 müň sany Highlander krossoweriniň ikinji hatardaky oturgyçlar bilen bagly ýüze çykyp biljek mesele sebäpli meýletin yza çagyryşy yglan etdi. Bu çagyryş 2021-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli öndürilen awtoulaglaryň benzin we gibrid görnüşlerine degişlidir
07.03.2026 17:17
1.1k+
Uniqlo Disney we Formula 1 bilen hyzmatdaşlykda futbolkalaryň kolleksiýasyny çykarar
Mart aýynyň ahyrynda ýapon brendi Uniqlo Disney we Formula 1 bilen hyzmatdaşlykda döredilen täze geýim kolleksiýasyny çykarar. Hypebeast kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, kapsul setirinde ulular we çagalar üçin tematik suratly maýkalar bolar
07.03.2026 17:10
1k+
OpenAI GPT-5.4-i tanyşdyrdy: Kontekst penjiresi bir million tokene çenli giňeldildi
OpenAI kompaniýasy özüniň täze GPT-5.4 dil modelini tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler çylşyrymly meseleleri çözmäge, programirlemäge we dürli gurallar bilen işlemäge has uly üns berip, emeli aň ulgamlarynyň hataryny ösdürmegi dowam edýärler
07.03.2026 16:39
23k+
Şotlandiýada 55 sany läheň özüni kenara taşlady: munuň sebäbi näme?
Şotlandiýada 55 sany läheň (kit) özüni kenara urdy. Independent neşiriniň habar bermegine görä, 6-njy mart güni irden bir kişi Treýg-Mor kenaryndaky äpet jandarlary görüp, bu barada polisiýa habar ýetiripdir. Wakanyň bolan ýerine Britaniýanyň deňiz haýwanlaryny halas ediş gullugynyň hünärmenleri geldiler
07.03.2026 16:20
2.4k+
Swarovski «Şregiň» 25 ýyllygy mynasybetli multfilm gahrymanlarynyň heýkeljiklerini çykardy
Swarovski brendi «Şrek» franşizasynyň birinji multfilminiň çykmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli özüniň kristallaryndan ýasalan heýkeljikler toplumyny hödürledi. Taslama Universal kinostudiýasy bilen hyzmatdaşlykda amala aşyryldy
07.03.2026 15:48
3k+
Netflix filosof Aristotel we ýetginjek Isgender Zülkarneýn hakdaky serialyň ugruna çykdy
Netflix meşhur serkerde Aleksandr Makedoniýaly (Isgender Zülkarneýin) we onuň halypasy, beýik filosof Aristoteliň arasyndaky gatnaşyklar barada gürrüň berýän «Aleksandr» atly täze serialy surata düşürer. Deadline neşiriniň habar bermegine görä, taslamanyň režissýory we ssenariýaçysy Žakob Tirne bolar
07.03.2026 13:48
3.8k+
Adaty wakalaryň getirýän şatlygy: žurnalist bagtyň interaktiw kartasyny döretdi
Amerikaly žurnalist we suratkeş Elwin Çang dürli ýaşdaky we dürli ýurtlardaky adamlaryň paýlaşan bagtly pursatlarynyň taryhyny görkezýän interaktiw karta bolan Happy Map-i döretdi. Bu karta halkara alymlar topary tarapyndan 2017-nji ýylda geçirilen barlaga esaslanýar
07.03.2026 13:41
12k+
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň DIM-iniň ýolbaşçylary sebitdäki ýagdaýy maslahatlaşdy
2026-njy ýylyň 7-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramowyň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär
07.03.2026 11:59
7.5k+
«United Airlines» gulaklyk dakynman aýdym diňleýän ýolagçylary gatnawdan düşürer
ABŞ-nyň iň iri awiakompaniýalarynyň biri bolan «United Airlines» uçaryň içinde ýolagçylaryň özüni alyp baryş kadalaryny berkidýär. Şoňa görä, indi islendik ýolagçy uçuş wagtynda gulaklyksyz aýdym ýa-da wideo diňlese, ony uçar gatnawyndan aýyrmak ýa-da awiakompaniýanyň hyzmatlaryndan peýdalanmagy bütinleý gadagan etmek göz öňünde tutulýar
07.03.2026 11:59
6.1k+
Sürüp bolanok, ýöne diwary bezeýär: üýtgeşik Ferrari 250 Testa Rossa auksiona çykaryldy
Collecting Cars internet platformasy adaty bolmadyk, öý üçin sungat eserini — meşhur Ferrari 250 Testa Rossa sport awtoulagynyň kuzowynyň kiçi nusgasy görnüşinde diwar heýkelini auksionda satýar. Auksionyň tamamlanmagyna 24 sagatdan az wagt galanda, onuň soralýan bahasy 9107 funt sterlinge (takmynan 11 600 dollar) deňdir
07.03.2026 11:53
3.8k+
Lexus UX krossoweriniň batareýaly görnüşiniň önümçiligini bes etdi
Lexus kompaniýasy özüniň UX krossoweriniň elektrik görnüşiniň önümçiligini we satuwyny togtatdy. Bu barada "Auto Express" neşiri brendiň Britaniýadaky bölüminiň tassyklamagyna salgylanyp habar berdi. Şonuň bilen birlikde, agzalan model baradaky maglumatlar Lexus-yň Ýewropa we Ýaponiýa üçin niýetlenen resmi internet çeşmelerinden hem aýryldy
07.03.2026 11:02
6k+
«Starlink 10-40» uçurylyşynda asmany «meduza» şekilli ýagtylyk gurşap aldy
NASA SpaceFlight toparynyň älem fotosuraçysy Maks Ewans «Starlink 10-40» missiýasynyň uçurylyşyny «taryhdaky iň gowy Starlink uçurylyşy» diýip atlandyrdy. Onuň bellemegine görä, hemralaryň täze toparynyň asmana goýberilmegi diňe bir alymlar üçin däl, eýsem ýönekeý synçylar we fotosuraçylar üçin hem aýratyn täsirli boldy
07.03.2026 10:50
1.8k+
«Ýüzükleriň hökümdarynyň» režissýory hormatly «Altyn palma şahasyna» eýe bolar
Taryhyň iň meşhur filmleriniň awtory, Täze Zelandiýaly režissýor Piter Jekson kinematografiýanyň ösmegine goşan ägirt uly goşandy üçin Kann kinofestiwalynyň hormatly «Altyn palma şahasyny» alar. Bu barada kino gözleginiň guramaçylarynyň beýanynda aýdylýar
07.03.2026 10:41
3.1k+
Nemes alymlary «Starship-iň» ýewropaly bäsdeşini tanyşdyrdylar
Germaniýanyň awiasiýa we kosmonawtika merkeziniň alymlary meşhur «Starship» raketasynyň iň jikme-jik we garaşsyz synyny çap etdiler. Bu ylmy iş hakynda CEAS Space Journal žurnalynda okap bolýar. Gözlegçi bilermenler «Starship» raketasynyň ilkinji dört synag uçuşynyň açyk maglumatlaryny seljerdiler we onuň mümkinçilikleri esasynda öz modellerini gurdular
07.03.2026 10:33
4.9k+
Samsung Galaxy S26 smartfonlaryny Hindistanda öndürer
Samsung-yň Hindistandaky iň uly zawodynda Galaxy S26 hatarynyň önümçiligi başlanar. Kompaniýa enjamlaryň Uttar-Pradeş ştatynyň Noýda şäherindäki kärhanasynda ýygnaljakdygyny resmi taýdan tassyklady. Samsung-yň Günorta-Günbatar Aziýa boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Jeý Bi Pakyň bellemegine görä, bu kärhana dünýäde ykjam enjamlary öndürýän iň uly zawoddyr
07.03.2026 10:24
3k+
Şweýsariýanyň Alp daglarynyň jülgesinde 3500 ýyllyk bürünç palta we iňňebagjyk tapyldy
Şweýsariýanyň demirgazyk-günbataryndaky Leýmental jülgesinde takmynan 3500 ýyllyk bürünç palta we eşige dakylýan iňňebagjyk tapyldy. Bu tapyndylar yzygiderli arheologik barlaglaryň dowamynda ýüze çykaryldy diýip, Die Archäologie Baselland guramasy habar berýär
07.03.2026 10:10
3.8k+
Türkmenistanyň Prezidenti ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň strategiýasyny tassyklady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmek boýunça 2026–2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyny tassyklamak hakyndaky Karara gol çekdi. Bu barada TDH habar berdi
07.03.2026 09:43
4.2k+
Brýusselde Türkmenistan — Ýewroparlament 9-njy parlamentara duşuşygy geçirildi
5-nji martda Brýusselde Türkmenistanyň Mejlisi bilen Ýewropa Parlamentiniň arasynda 9-njy parlamentara duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň metbugat gullugy habar berdi. Gepleşikleriň dowamynda
07.03.2026 09:36
4.6k+
Inýesta Marokkonyň milli ýygyndysynyň sport direktory boldy
Marokkonyň Patyşalyk futbol federasiýasy «Barselonanyň» öňki ýarymgoragçysy Andres Inýestanyň milli ýygyndynyň sport direktory wezipesine bellenendigini mälim etdi. Bu barada «Atlas ýolbarslarynyň» ýolbaşçylygynyň täze düzümine bagyşlanan metbugat maslahatynda habar berildi
«
1
…
83
84
85
…
1117
»
«
1
…
80
81
82
83
84
85
86
87
88
…
1117
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.