Saýlanan şäher
27 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Habarlar
Baş sahypa
/
Habarlar
02.03.2026 12:43
8k+
Hytaýda ägirt eskalator ýaşaýjylary 240 metr belentlige çykarýar
Hytaýyň Çunsin şäherinde dünýäniň açyk asman astyndaky iň uly eskalator ulgamy synag tapgyrynda işe girizildi. China Daily neşiriniň habar bermegine görä, bu desga «Zenan hudaý Uşanyň eskalatory» diýen ady aldy
02.03.2026 12:19
4.3k+
Suratkeş Pariždäki Pon-Nýof köprüsini «gowaga» öwürýär
Fransuz suratkeş JR Parižiň Pon-Nýof köprüsini ses effektlerini we goşmaça hakykat tehnologiýalaryny ulanmak arkaly pyýada gezelenç edilýän «gowaga» öwürer. Bu barada Associated Press agentligi habar berýär. Artnet
02.03.2026 11:41
4.6k+
Basym 38 ýaşaýar: Fensi lakamly baýtal dünýäde iň garry at hökmünde ykrar edildi
ABŞ-da atlaryň arasynda uzak ýaş rekordy resmi taýdan hasaba alyndy. Wirjiniýa ştatynda ýaşaýan Fensi lakamly baýtal dünýäde häzirki wagtda ýaşaýan atlaryň iň garrysy hökmünde ykrar edildi — 1-nji aprelde ol 38 ýaşaýar
02.03.2026 11:17
4.3k+
«Jeýn Eýr» esasynda düşüriljek täze serialda baş keşbi Eými Lu Wud ýerine ýetirer
Şarlotta Brontäniň «Jeýn Eýr» romanynyň esasynda surata düşüriljek täze teleserialda baş roly «Ak lotos» (The White Lotus) serialy arkaly tanalýan aktrisa Eými Lu Wud ýerine ýetirer. Bu barada Deadline neşiri Britaniýanyň Working Title studiýasyna salgylanyp habar berýär
02.03.2026 11:15
10k+
Seýrek ak kit çagasy bilen düşürilen surat awstraliýaly suratça WNPA 2026 bäsleşikde ýeňiş getirdi
«World Nature Photography Awards» (WNPA) halkara bäsleşiginiň guramaçylary 2026-njy ýylyň netijelerini yglan etdiler. «Tebigat dünýäsiniň ýylyň suratçysy» diýen ada we baş baýraga awstraliýaly Jono Allen mynasyp boldy
02.03.2026 11:03
1.7k+
Starlink Microsoft-a internet elýeterliligi boýunça global deňsizligi azaltmaga kömek eder
Microsoft kompaniýasy bütin dünýäde 299 million adamyň internete birikmegini üpjün etdi. Bu ugurdaky başlangyçlary dowam etdirmek üçin korporasiýa Starlink bilen hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşdy diýip, kompaniýanyň resmi blogunda habar berilýär
02.03.2026 10:55
5.8k+
Gijäň bir mahaly gelýän jaň iPhone ulanyjylaryny gorkuzdy: Apple-iň maslahaty
iPhone-da gaty geň, hatda, jady-tilsime meňzeş bökdençlikler peýda boldy. Hytaýdaky ulanyjylar telefonlarynyň gijelerine, takmynan sagat 02:00 töwereklerinde öz-özünden jaň edip başlaýandygyny habar berdiler. Enjamyň eýeleriniň biri jaň sesinden we: «Jaň eden abonentiňiz wagtlaýynça elýeterli däl» diýen sesli habardan oýanandygyny gürrüň berdi
02.03.2026 10:48
17k+
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Dubaýa we Jiddä uçuşlary wagtlaýyn togtadýar
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat — Dubaý — Aşgabat we Aşgabat — Jidda — Aşgabat ugurlary boýunça amala aşyrylýan howa gatnawlarynyň wagtlaýyn togtadylýandygyny habar berdi. Awiakompaniýanyň resmi saýtynda berilýän maglumata görä, uçuşlar 2026-njy ýylyň 2-nji martyndan 4-nji martyna çenli ýatyryldy
02.03.2026 10:35
1.7k+
EA kitap ogrusymy? Çat-botlaryň ýadynda awtorlyk hukugy bilen goralýan müňlerçe sahypalyk mazmun ýüze çykdy
Stenford we Ýell uniwersitetleriniň bilermenleri Gemini 2.5 algoritminiň Garri Poter baradaky birinji kitabyň tekstiniň 76,8%-ini, Grok 3 modeliniň bolsa, 70,3%-ini ýokary takyklyk bilen dikeldip bilýändigini görkezýän tejribe geçirdiler
02.03.2026 10:16
4.3k+
3-nji martda 2026-njy ýylyň ilkinji hem ýeke-täk doly Aý tutulmasy bolar
3-nji martda şu ýylyň ilkinji doly Aý tutulma hadysasy bolar, onuň dowamynda Ýeriň hemrasy 58 minudyň dowamynda gyrmyzy öwüşgin alar. Bu tebigy hadysanyň jikme-jikliklerini Perm politehniki uniwersitetiniň (RF) astronomiýa boýunça hünärmeni Ýewgeniý Burmistrow mälim etdi
02.03.2026 09:55
12k+
Ygally hepde: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda ýagyş ýagar
01.03.2026 23:03
3.4k+
«Aždarha derisi»: täze ýubileý Škoda Octavia üçin reňki tutuş internet jemgyýeti saýlady
Škoda kompaniýasy Beýik Britaniýada Octavia modeli üçin açyk onlaýn ses berişliginde ýeňiji bolan täze altynsow-ýaşyl «Dragon Skin» (Aždarha derisi) reňkini görkezdi. Kompaniýanyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, sosial ulgamlaryň ulanyjylary bu görnüşi «Storm Blue» we «Tangerine Orange» reňklerinden has makul bildi
01.03.2026 21:56
3.7k+
Volkswagen müşderilerine iki million elektromobil gowşurdy
Volkswagen jemi 2 million satylan elektromobil görkezijisine ýetdi. Ýubileý awtomobili Germaniýanyň Swikkau şäherindäki zawodda öndürilen we Drezden şäherindäki Gläserne Manufaktur merkezinde eýesine gowşurylan ID
01.03.2026 21:44
9.4k+
Halk Maslahatynyň Başlygy Ahalteke atçylyk toplumyna baryp gördi we atly gezelenç etdi
28-nji fewralda Arkadag şäherine amala aşyran saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahalteke atçylyk toplumyna baryp gördi. Ol ýerde Milli Lider Hanbeg atly bedewe atlanyp, birsellem gezim etdi diýip, «Watan» habarlar gepleşigi habar berdi
01.03.2026 21:31
10k+
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň 5 ýyllygyna taýýarlyk ara alnyp maslahatlaşyldy
28-nji fewralda Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny geçirdi. Maslahat şäheri ösdürmegiň häzirki zaman meselelerine we öňde duran çärelere taýýarlyk görmäge bagyşlandy
01.03.2026 21:23
11k+
Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry bilen tanyşdy
28-nji fewralda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyryny amala aşyrmagyň barşy bilen tanyşdy. Iş saparynyň dowamynda ol alnyp barylýan gurluşyklar we hödürlenen taslama çözgütleri bilen tanyşdy diýip, «Watan» habarlar gepleşigi habar berdi
01.03.2026 14:22
1.7k+
ChatGPT her hepdede 1 milliard işjeň ulanyjy sanyna ýakynlaşýar
OpenAI kompaniýasy ChatGPT-ni her hepdede işjeň ulanýanlarynyň sanynyň 900 million adama ýetendigini habar berdi. Şeýlelikde, bu hyzmat 1 milliard ulanyjy çägine has-da golaýlady. Şol bir wagtyň özünde, tölegli abunaçylaryň sany 50 milliona çenli ýokarlandy
01.03.2026 13:58
2.2k+
Lenovo äýneksiz görmäge niýetlenen 3D-displeýli, goşa ekranly noutbugy döretdi
Lenovo kompaniýasy 2026-njy ýylyň martyň başynda Barselonada geçiriljek «Mobile World Congress» (MWC) sergisinde Yoga Book Pro 3D konseptual noutbugyny görkezer. Enjam baradaky maglumat 28-nji fewralda X platformasyndaky Evleaks insaýderi tarapyndan çap edildi
01.03.2026 13:01
3.1k+
Subaru ýangyç bakynyň gapagy sebäpli 69 müňden gowrak krossoweri yzyna çagyrýar
Subaru kompaniýasy ABŞ-da 69 153 gibrid krossoweri yzyna çagyrýar. Yza çagyryş 2026-njy ýylyň Crosstrek Hybrid we 2025-nji ýylyň Forester Hybrid modellerine degişlidir. Yza çagyryş ýangyç bakynyň gapagyndan ýangyjyň syzmagynyň mümkindigi sebäpli geçirilýär
01.03.2026 12:12
6.4k+
Amerikaly ussalar Rolls-Royce Cullinan-y «prezident» limuzinine öwürdiler
Amerikaly ussalar Rolls-Royce Cullinan modelini alyp, ony hakyky «prezident» limuzinine öwürýärler. ABŞ-nyň iki kompaniýasy — premium awtomobiller hyzmaty bolan «PML Chauffeur Services» we «Platinum Motorsport» awtobezeg atelýesi Presidential diýlip atlandyrylan bilelikdäki taslamany yglan etdiler
01.03.2026 11:55
4.7k+
Indi onuň önümlerine «ýapon telewizorlary» diýilmez: Panasonic TW biznesini Hytaýyň brendine geçirýär
Ýaponiýanyň Panasonic korporasiýasy ABŞ-da we Ýewropada telewizor biznesini dolandyrmagy resmi taýdan Hytaýyň Skyworth kompaniýasyna berýär diýip, Financial Times ýazýar. Ylalaşygyň şertlerine görä, aprel aýyndan başlap Skyworth bellenen sebitlerde ýapon brendiniň önümleriniň logistikasyny, marketingini we satuwyny doly öz boýnuna alar
01.03.2026 11:37
5.3k+
«Karib deňziniň garakçylary 6» gijigýär. Sebäbi – Tom Kruzly «Top Gan 3»
Prodýuser Jerri Brukhaýmer Collider-e beren interwýusynda «Karib deňziniň garakçylarynyň» altynjy bölüminiň näme üçin gijigýändigini aýtdy. Brukhaýmeriň sözlerine görä, häzir onuň esasy ünsi Tom Kruzyň gatnaşmagyndaky «Top Gan» filminiň üçünji seriýasyna gönükdirilen
01.03.2026 11:24
1.4k+
2025-nji ýylyň ahyryna Puma-nyň girdejisi 20%-den gowrak peseldi
Sport eşikleriniň meşhur brendi Puma 2025-nji ýyl üçin maliýe netijelerini hödürledi. Ýylyň jemleri boýunça kompaniýanyň söwda dolanyşygy 8,1% peselip, 2024-nji ýyldaky 8,39 milliard ýewro garanyňda 7,29 milliard ýewro pese düşdi
01.03.2026 11:08
9.2k+
Er-Riýadda iki kilometrlik Rise Tower gökdirän binasynyň taslamasy görkezildi
Saud Arabystany Er-Riýadda bina edilmegi meýilleşdirilýän Rise Tower gökdirän binasynyň renderlerini görkezdi. Taslama görä, binanyň beýikligi, takmynan, iki kilometr bolar. Ony durmuşa geçirmek başartsa, ol ýer ýüzüniň iň beýik desgasy bolar we Dubaýdaky Burj Halifa we häzirki wagtda gurulýan Jeddah Tower-den hem öňe geçer
01.03.2026 11:00
7.7k+
Aleksandr Usik Müsür piramidalarynyň ýanynda «kikboksyň şasyna» garşy urşar
Ukrain boksçysy Aleksandr Usik 2026-njy ýylyň ýazynda nederlandly Riko Werhuwene garşy uly söweş geçirer diýip, Ring žurnaly habar berýär. Resmi taýdan "Glory in Giza" diýlip atlandyrylan söweşi 23-nji maýda geçirmek meýilleşdirilýär
01.03.2026 10:48
7.8k+
«Barselonanyň» wingeri Lamin Ýamal karýerasynda ilkinji gezek het-trik etdi
Ispaniýanyň çempionatynyň 26-njy tapgyrynda «Barselonanyň» oýunçylary öz meýdançasynda geçirilen oýunda «Wilýarrealy» 4:1 hasaby bilen ýeňdi. Bu duşuşykda 18 ýaşly Lamin Ýamal karýerasynda ilkinji gezek het-trik etmegi başardy
01.03.2026 10:42
9.7k+
Ýewropa we Hytaý bazarlaryny elden gidirýän Tesla üçin Mask Aýyň ýüzünde zawod gurmak isleýär
Ilon Mask Tesla kompaniýasynyň geljekki 20 ýylyň dowamynda Aýda önümçilik zawodyny gurmagy meýilleşdirýändigini aýtdy. Ol bu barada Giga Berlin zawodynyň ýolbaşçysy bilen bolan söhbetdeşlikde aýtdy we maýadarlaryň kompaniýanyň uzak möhletli geljegine üns bermelidigini belledi
28.02.2026 20:02
6.3k+
Multfilm diýjeksiň!: «Haýwanlar şäheri 2» 1,85 milliard dollar bilen «Minecraft kinoda» filminden öňe geçdi
ABŞ-da prokatyň takmynan üç aýynyň dowamynda «Haýwanlar şäheri 2» multfilmi 424,2 million dollar girdeji toplady we «Minecraft kinoda» ($424 million) filminden geçip, 2025-nji ýylda Amerikanyň kinoteatrlarynda iň köp girdeji getiren tomaşa boldy
28.02.2026 19:51
5.2k+
Twitter-i esaslandyryjy EA zerarly täze kompaniýasynyň işgärleriniň ýarysyny işden çykarar
Tehnologiýa kompaniýasy Block emeli aň guralynyň işjeň ornaşdyrylmagy bilen baglylykda işgärleriniň takmynan ýarysyny işden boşadar. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy, Twitter-i esaslandyryjy Jek Dorsi X sosial ulgamynda habar berdi
28.02.2026 19:43
17k+
60 millionda biri: Hytaýda ýaş zenan tebigy göwrelilik bilen bäşem çaga dünýä indirdi
Hytaýyň Uhan şäherinde 26-njy fewralda lukmanlaryň «täsinden täsin» diýlip atlandyran hadysasy bolup geçdi. Sinzýan-Uýgur awtonom sebitiniň 24 ýaşly Dili atly ýaşaýjysy birbada bäş çaganyň — dört gyzyň we bir oglanyň enesi boldy
28.02.2026 19:26
4.9k+
$110 mlrd meseläni çözdi: Warner Bros. kompaniýasy bilen Paramount ahyr elleşdi
Warner Bros. Discovery kompaniýasy Paramount Skydance bilen bahasy 110 milliard dollara deň bolan birleşmek baradaky şertnamany baglaşdy. Bu barada Paramount kompaniýasynyň resmi saýtynda habar berilýär. Indi bu şertnama Ýewropa komissiýasynyň tassyklamagyna garaşýar
28.02.2026 19:21
5.3k+
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Azerbaýjanyň DIM-niň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
27-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Azerbaýjanyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär. Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejededigini nygtady
28.02.2026 18:41
7.9k+
Türkmenistanda ilkinji gezek: Ýörite biznes üçin awtomatlaşdyrylan satyn alyş hyzmaty
Ýerli B2B platformasy 📈ALSAT, täjirçilik teklibini almak üçin awtomatik gabat getirmek funksiýasyny işe girizdi. Türkmen topary tarapyndan döredilen sanly hyzmat kompaniýalara satyn alyşyň täze formatyny hödürleýär: bir haryt sanawy, katalog bilen awtomatik deňeşdiriş we birnäçe sagadyň dowamynda saýlamanyň taýýarlygy barada habarnama
28.02.2026 16:56
2.8k+
Aşgabatda «Zemin görki zenandyr» ady bilen suratkeş zenanlaryň bäsleşik-sergisi geçiriler
Türkmenistanda Halkara zenanlar güni mynasybetli «Zemin görki zenandyr» atly bäsleşik-sergi yglan edildi. Çäräni Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkezi, Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezi Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigi bilen bilelikde gurnaýar
28.02.2026 16:14
2.1k+
NASA Aýa gonmagy 2028-nji ýyla çenli yza süýşürdi
NASA ýarym asyrdan bäri ilkinji gezek astronawtlary Aýa düşürmegi 2027-nji ýyldan 2028-nji ýyla geçirdi. Karar «Artemis» Aý maksatnamasynyň düýpli guralmagy we ekipažy Aýyň üstüne ugratmazdan ozal howpsuzlyk ulgamlarynyň goşmaça barlaglaryny geçirmegiň zerurlygy bilen baglydyr
28.02.2026 16:05
1.9k+
Türkmenistan we Azerbaýjan hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdy
27-nji fewralda Baku şäherinde Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geňeşmeler geçirildi. Wekiliýetlere Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow we Azerbaýjanyň daşary işler ministriniň orunbasary S
28.02.2026 16:01
5.3k+
Ford kompaniýasy Mustang Mach-E-niň öňdäki bagažyny tölegli etdi
Ford kompaniýasy 2026-njy ýylyň modeli bolan Mustang Mach-E elektrik krossoweriniň gurnama bölümini täzeledi. Şoňa görä, indi öňdäki goşhana standart enjamlaşdyrmanyň düzüminden aýryldy we tölegli bölege öwrüldi
28.02.2026 15:53
3.9k+
Londonda Türkmenistanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gatnaşmagynda işewürlik kabul edişligi boldy
26-njy fewralda Lankaster-haus binasynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Britaniýanyň işewürler jemgyýetiniň wekilleri bilen geçirilen işewürlik kabul edişligine gatnaşdy
28.02.2026 15:51
2.5k+
Türkmenistan we Pakistan parlamentara hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy
25-nji fewralda Pakistanyň Parlament binasynda Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Mowlämow Yslam Respublikasynyň Senatynyň başlygy Saýed Ýusuf Reza Gilani bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi
28.02.2026 15:47
2.3k+
«Sezar» baýragynyň ýeňijileri yglan edildi: baş baýragy «Ysnyşyk» dramasy aldy
Režissýor Karin Tardýonyň «Ysnyşyk» (L’Attachement) atly fransuz maşgala dramasy «Iň gowy film» kategoriýasynda baş «Sezar» baýragyny aldy. Baýragyň 51-nji gowşurylyş dabarasy 26-njy fewralda Parižde geçirildi diýip, Deadline habar berýär
«
1
…
88
89
90
…
1117
»
«
1
…
85
86
87
88
89
90
91
92
93
…
1117
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.