Islam Mahaçew dünýäde sambonyň ilçisi boldy
19.02.2026 17:30
7.6k+

Islam Mahaçew dünýäde sambonyň ilçisi boldy

Garyşyk söweş sungaty boýunça russiýaly türgen Islam Mahaçewe «Dünýäde sambonyň ilçisi» diýen hormatly at berildi. Bu barada Halkara sambo federasiýasynyň (FIAS) metbugat gullugy habar berýär. Dabara Moskwada, Lužnikidäki Halkara sambo merkezinde geçirildi
Netflix platformasynda ilkinji gezek MMA söweşi göni ýaýlymda görkeziler
19.02.2026 15:37
4.8k+

Netflix platformasynda ilkinji gezek MMA söweşi göni ýaýlymda görkeziler

Netflix öz taryhynda ilkinji gezek MMA söweşini göni ýaýlymda görkezer. 16-njy maýda geçiriljek bu tutluşygyň gatnaşyjylary Ronda Rauzi we Jina Karano bolar. Zenan türgenleriň ikisi hem karýerasyny tamamlanlaryndan soň, ýene oktagona dolanýar
Google I/O 2026 maý aýynda geçiriler: maslahatyň esasy bölegi emeli aň ulgamyna bagyşlanar
19.02.2026 15:36
768

Google I/O 2026 maý aýynda geçiriler: maslahatyň esasy bölegi emeli aň ulgamyna bagyşlanar

Google kompaniýasy her ýyl geçirilýän işläp düzüjiler üçin Google I/O 2026 maslahatynyň senesini yglan etdi. Çäre 19-njy we 20-nji maýda bolar. Kompaniýa esasy tanyşdyryşlary we maslahatyň bir bölegini, şol sanda esasy täzelikleriň hödürlenýän açylyş dabarasyny onlaýn görnüşde mugt ýaýlyma berer
Tutanhamonyň duşmanlaryny dep eden «sandallary» görkezildi
19.02.2026 15:30
6.8k+

Tutanhamonyň duşmanlaryny dep eden «sandallary» görkezildi

Arheologlar Tutanhamonyň aramgähinden tapylan we iç ýüzünde faraonyň el-aýagy daňylgy duşmanlary şekillendirilen gyzykly bir jübüt sandaly görkezdiler. Takmynan, 3 300 ýyllyk taryhy bolan bu aýakgap 1922-nji ýylda britaniýaly arheolog Goward Karter tarapyndan tapylypdy
Türkmenistanda 2028-nji ýylda Halkara hukugynyň ýylyny geçirmäge taýýarlyk görlüp başlandy
19.02.2026 14:49
3.3k+

Türkmenistanda 2028-nji ýylda Halkara hukugynyň ýylyny geçirmäge taýýarlyk görlüp başlandy

2026-njy ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 2028-nji ýylda Halkara hukugynyň ýylyny geçirmäge taýýarlyk görmek boýunça ilkinji maslahat geçirildi. Duşuşykda şu ýyl üçin meýilleşdirilen çäreleriň Meýilnamasyny durmuşa geçirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
«Mukaddes behişt ýoly» HK Oraza aýynda umra zyýaratlaryny gurnap berýär
19.02.2026 14:25
8.6k+

«Mukaddes behişt ýoly» HK Oraza aýynda umra zyýaratlaryny gurnap berýär

Gelşi bilen güldüren, Kalba huzur dolduran, Ynsanlygy bildiren, Remezan geldi, Remezan. Säherde galkyň ynsanlar, Hatym ediň Kuranlar, “Eý, wah” diýsin şeýtanlar, Remezan geldi, Remezan. Gaflat aýy däldir bu, Öýke aýam däldir bu, Rahmet aýy diýmek bu, Remezan geldi, Remezan
Mask aşa çalt öwrenmek aýratynlygy bolan Grok 4.2 neýroulgamynyň işe girizilendigini yglan etdi
19.02.2026 14:25
2.3k+

Mask aşa çalt öwrenmek aýratynlygy bolan Grok 4.2 neýroulgamynyň işe girizilendigini yglan etdi

​Ilon Mask xAI kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen uly dil modeliniň täzelenmesi bolan Grok 4.2 wersiýasynyň çykandygyny habar berdi. Neýroulgam eýýäm köpçülikleýin beta-testirleme görnüşinde ulanyjylara elýeterlidir
Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewada geçirilýän Içerki ulag boýunça komitetiň 88-nji mejlisine gatnaşýar
19.02.2026 14:20
1.6k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewada geçirilýän Içerki ulag boýunça komitetiň 88-nji mejlisine gatnaşýar

2026-njy ýylyň 17-nji fewralynda Ženewada BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (ÝYK) Içerki ulag boýunça komitetiniň 88-nji mejlisi öz işine başlady. Halkara ulag syýasaty üçin möhüm meýdança bolan bu çärä Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B
Türkmen oba hojalyk institutynda geodeziýa boýunça V internet ders bäsleşigi geçiriler
19.02.2026 14:05
1.6k+

Türkmen oba hojalyk institutynda geodeziýa boýunça V internet ders bäsleşigi geçiriler

Türkmen oba hojalyk instituty ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny geodeziýa boýunça geçiriljek V internet ders bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar. Oba hojalygynyň meliorasiýasy kafedrasy tarapyndan guralýan bu bäsleşik 16-njy aprelde şahsy görnüşde geçiriler
Pitbull-yň Londondaky konsertinde «kel» muşdaklar dünýä rekordyny goýmaga synanyşar
19.02.2026 14:04
6.9k+

Pitbull-yň Londondaky konsertinde «kel» muşdaklar dünýä rekordyny goýmaga synanyşar

Meşhur amerikan repçisi Pitbull Londonyň «BST Hyde Park» festiwalynda konsert berer. Onuň dowamynda guramaçylar kel oturtmany kellä geýen adamlaryň sany boýunça dünýä rekordyny täzelemäge synanyşarlar.  Bu gülkünç fleşmoby gurnamak pikiri Radio 1 radioýaýlymynyň alyp baryjysy Greg Jeýmsiň kellesine gelipdir, aýdymçynyň özi hem muňa höwes bilen razy bolupdyr
Tesla sürüjisiz taksileriniň köpçülikleýin önümçiligine başlady we bahanyň 30 müň dollardan pes boljakdygyny wada berdi
19.02.2026 13:46
5.4k+

Tesla sürüjisiz taksileriniň köpçülikleýin önümçiligine başlady we bahanyň 30 müň dollardan pes boljakdygyny wada berdi

​Tesla kompaniýasy «Cybercab» elektromobiliniň köpçülikleýin önümçiligine başlandygyny yglan etdi. Ilkinji seriýaly awtomobil eýýäm önümçilikden çykdy. Tesla Ilon Maskyň ozal beren wadasyny ýerine ýetirmegi we 2026-njy ýylyň ahyryna çenli ulagy alyjylara 30 müň dollardan ýokary bolmadyk bahadan gowşurmagy meýilleşdirýär
Apple TV-de ýaryş möwsüminiň öňüsyrasynda Formula-1 kanaly açyldy
19.02.2026 13:39
816

Apple TV-de ýaryş möwsüminiň öňüsyrasynda Formula-1 kanaly açyldy

Formula-1 boýunça dünýä çempionatynyň täze möwsüminiň başlamagyna sanlyja günler galanda, Apple TV platformasynda bu ýaryşlara bagyşlanan aýratyn kanal işe girizildi. Bu täzelik Apple-iň ABŞ-da "Formula-1" ýaryşlaryny görkezmek üçin gol çeken bäş ýyllyk şertnamasynyň we bu sport baradaky täze çykan çeper filmiň uly üstünliginiň netijesidir
Ulag awtopilotdaka ýol heläkçiligi ýüze çyksa kim jogap bermeli? Hytaý kazyýeti düşündiriş berdi
19.02.2026 13:26
5.2k+

Ulag awtopilotdaka ýol heläkçiligi ýüze çyksa kim jogap bermeli? Hytaý kazyýeti düşündiriş berdi

Hytaýyň Ýokary halk kazyýeti ilkinji gezek elektron ulgamlar arkaly dolandyrylýan awtoulaglaryň gatnaşmagyndaky ýol-ulag hadysalarynda jogapkärçiligiň paýlanyşy barada resmi düşündiriş berdi. Autohome neşiriniň habaryna görä, kazyýet hatda iň ösen sürüjä kömek ulgamlary (ADAS) ulanylanda hem, hereket howpsuzlygy üçin jogapkärçiligiň adamyň boýnunda galýandygy baradaky netijä geldi
Chelsea Rivet: Traktor bilen rodsteriň garyndysy bolan täsin "mini-wnedorožnik"
19.02.2026 13:06
2.3k+

Chelsea Rivet: Traktor bilen rodsteriň garyndysy bolan täsin "mini-wnedorožnik"

Britaniýaly týunerler (awtobezeg ussalary) tarapyndan döredilen Chelsea Rivet özüniň üýtgeşik dizaýny bilen awtomobil dünýäsini haýran galdyrdy. Carscoops neşiriniň ýazmagyna görä, bu ulag retro-rodsteriň (açyk üçekli sport ulagy) we oba hojalyk traktorynyň "gibridini" ýatladýar
"Titanik" 110 ýyldan soň: Rowaýata öwrülen gämi dargaýar, emma hazynalaryny açýar
19.02.2026 12:51
8.5k+

"Titanik" 110 ýyldan soň: Rowaýata öwrülen gämi dargaýar, emma hazynalaryny açýar

2024-nji ýylyň tomsunda RMS Titanic Inc. tarapyndan amala aşyrylan täze ekspedisiýa, gäminiň galyndylaryny we bir wagtlar ony bezän täsin artefaktlary iň ýokary durulykda surata düşürmegi başardy. Birnäçe aý dowam eden bu barlaglar, gäminiň häzirki ýagdaýy barada möhüm maglumatlary orta çykardy
Heniz ulanylmadyk müňlerçe täze Android enjamlaryndan Keenadu atly wirus tapyldy
19.02.2026 12:42
1.9k+

Heniz ulanylmadyk müňlerçe täze Android enjamlaryndan Keenadu atly wirus tapyldy

"Kasperskiý barlaghanasynyň" hünärmenleri dünýä boýunça 13 müňden gowrak täze Android enjamynda Keenadu atly zyýanly programma üpjünçiligini ýüze çykardylar. Iň köp zäherlenen enjamlar Russiýada (9 müňe golaý) hasaba alyndy, şeýle hem Ýaponiýada, Braziliýada we Ýewropa ýurtlarynda wirusyň ýaýran halatlary bar
ABŞ-da lagymdan 185 kilogramlyk lamantin halas edildi
19.02.2026 12:31
4.5k+

ABŞ-da lagymdan 185 kilogramlyk lamantin halas edildi

ABŞ-nyň Florida ştatyndaky Melburn-Biç kenarynyň golaýynda, siliň suwuny akdyrýan lagym ulgamynda gysylyp galan 185 kilogramlyk äpet lamantin tapyldy. New York Post neşiriniň habar bermegine görä, bu deňiz süýdemdirijisini Melburn-Biç kärhanasynyň bir işgäri görüp, derrew degişli gulluklara habar beripdir
Çempionlar ligasy: «Budýo-Glimt» «Interi» utdy, «Nýukaslyň» hüjümçisi poker etdi
19.02.2026 11:24
5.9k+

Çempionlar ligasy: «Budýo-Glimt» «Interi» utdy, «Nýukaslyň» hüjümçisi poker etdi

Penşenbä geçýän gije UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň pleý-off (utulan çykdy) tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. «Nýukasl» Bakuda uly hasap bilen ýeňiş gazandy, «Baýer» we «Budýo-Glimt» iki gol aratapawudy bilen üstün çykdylar, «Brýugge» bilen «Atletikonyň» duşuşygy bolsa 6 golly oýunda deňme-deňlik bilen tamamlandy
Fransiýada 36 gün bäri dynman ýagan ýagyş taryhy rekordy täzeledi
19.02.2026 10:39
10k+

Fransiýada 36 gün bäri dynman ýagan ýagyş taryhy rekordy täzeledi

Fransiýada ýagynly günleriň dowamlylygy boýunça taryhy rekord hasaba alyndy. BFMTV teleýaýlymynyň habar bermegine görä, ýurtda 15-nji ýanwardan bäri, ýagny 36 günläp yzyny üzmän ýagyş ýagýar. Howanyň ýaramazlaşmagy bilen 17-nji fewralda dört sany departamentde sil gelme ähtimallygy zerarly iň ýokary — "gyzyl" derejeli howp yglan edildi
Altaýda 2500 ýyl ozal çylşyrymly hirurgiýa operasiýalary geçirilipdir
19.02.2026 10:16
3.6k+

Altaýda 2500 ýyl ozal çylşyrymly hirurgiýa operasiýalary geçirilipdir

Nowosibirsk döwlet uniwersitetiniň alymlary Altaý Respublikasynyň Ukok belentliginde tapylan gadymy pazyryk medeniýetine degişli zenanyň kellesini häzirki zaman kompýuter tomografiýasy arkaly öwrendiler. Barlaglar netijesinde, mundan 2,5 müň ýyl ozal bu zenana örän çylşyrymly äň operasiýasynyň edilendigi anyklandy
Mör-möjekleriň haýran galdyryjy dünýäsi 2025-nji ýylyň iň gowy suratlarynda
19.02.2026 09:50
3.6k+

Mör-möjekleriň haýran galdyryjy dünýäsi 2025-nji ýylyň iň gowy suratlarynda

​Patyşalyk entomologiýa jemgyýeti mör-möjekleriň dünýäsine bagyşlanan makro-suratlaryň tapgyryny çap edip, özüniň her ýylky fotosuratlaryň bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdi. Saýlanyp alnan işler, adatça ýönekeý göz bilen görünmeýän jikme-jiklikleri görkezýär we tebigatyň öwrenişilen dünýäsine täzeçe garamaga mümkinçilik berýär
Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde täze şowhunly tomaşa görkezilýär
19.02.2026 09:44
2.6k+

Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde täze şowhunly tomaşa görkezilýär

Dynç güni — bu diňe bir iş günleriniň arasyndaky arakesme däl. Bu adaty durmuşyň depgininden çykyp, özüňize we ýakynlaryňyza ýatdan çykmajak duýgulary peşgeş bermek üçin gowy mümkinçilikdir. Arkadag şäherinde şeýle pursatlary peşgeş berýär ýerleriň biri hem Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkidir
Perseverance barlaglary Marsyň öň çygly we maýyl bolandygyny tassyklady
19.02.2026 09:05
2.1k+

Perseverance barlaglary Marsyň öň çygly we maýyl bolandygyny tassyklady

Marsyň ýüzünde geçirilen barlaglar milliardlarça ýyl ozal bu planetanyň öň çaklanylyşy ýaly buz bilen örtülmän, gaýta maýyl we çygly bolandygyny görkezdi. Munuň özi «Nuh eýýamy» diýlip atlandyrylýan döwürde (takmynan 4,1–3,7 mlrd ýyl ozal) Marsda äpet suw howdanlarynyň we derýalaryň bolandygyny çaklamaga doly mümkinçilik berýär
«Al-Nasr» «Arkadag» FK-ny ýeňip, AFK Çempionlar ligasy-2-niň çärýek finalyna çykdy
19.02.2026 06:27
20k+

«Al-Nasr» «Arkadag» FK-ny ýeňip, AFK Çempionlar ligasy-2-niň çärýek finalyna çykdy

Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» topary AFK Çempionlar ligasy-2-niň 1/8 finalynyň jogap duşuşygynda Türkmenistanyň «Arkadag» toparyny 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. 19-njy fewrala geçilen gije Er-Riýadda bolan bu oýun saud toparynyň çärýek finala çykmagyny üpjün etdi
Awstraliýada 100 ýyl bäri birinji gezek täze şäher gurlar
19.02.2026 00:20
4.7k+

Awstraliýada 100 ýyl bäri birinji gezek täze şäher gurlar

Awstraliýada Sidneýiň günbatarynda, ýaňy-ýakynda açylan «Western Sydney» halkara uçar menziliniň golaýynda gurulmagy meýilleşdirilýän täze Bredfild şäheriniň esasy meýilnamasy tanyşdyryldy. Bu taslama ýurtda soňky 100 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda döredilen ilkinji iri şäher aglomerasiýasy bolar
«Ýyldyz söweşleriniň» muşdaklary üçin «Mandalorly we Grogu» filminiň treýleri çykdy
18.02.2026 23:38
1.7k+

«Ýyldyz söweşleriniň» muşdaklary üçin «Mandalorly we Grogu» filminiň treýleri çykdy

Lucasfilm we Disney kompaniýalary «Ýyldyz söweşleri» franşizasy boýunça meşhur «Mandalorly» serialynyň epiki soňlanmasy boljak «Mandalorly we Grogu» (The Mandalorian and Grogu) doly metražly filminiň treýlerini hödürledi
Portugaliýada tupanlaryň ýetiren zyýany 5,5 milliard ýewrodan geçdi
18.02.2026 23:24
7.6k+

Portugaliýada tupanlaryň ýetiren zyýany 5,5 milliard ýewrodan geçdi

Portugaliýanyň hökümetiniň we senagat guramalarynyň berýän deslapky maglumatlaryna görä, ýanwar-fewral aýlarynda ýurda inen tupanlaryň ýetiren umumy maddy zyýany 5,5 milliard ýewrodan aşdy. Iň uly ýitgiler döwlet we şahsy emläklere degişli bolup, olaryň möçberi 4,5 milliard ýewrodan gowrak diýlip kesgitlenilýär
Hytaýyň 3D-printeri çylşyrymly jisimleri bir sekunda ýetirmän çap edýär
18.02.2026 23:19
2.8k+

Hytaýyň 3D-printeri çylşyrymly jisimleri bir sekunda ýetirmän çap edýär

Hytaýyň Sinhua uniwersitetiniň alymlary bary-ýogy 0,6 sekundyň içinde ýokary takyklyk bilen çylşyrymly jisimleri döretmäge mümkinçilik berýän 3D-çap tehnologiýasyny işläp düzdüler. Onuň iň kiçi bölekleri 12 mikrometre ýetýär
Amerikaly ýaşaýjy lotereýada 22 ýyllap şol bir sanlary saýlap, 3,5 mln dollar utdy
18.02.2026 19:43
7.6k+

Amerikaly ýaşaýjy lotereýada 22 ýyllap şol bir sanlary saýlap, 3,5 mln dollar utdy

Amerikanyň Ogaýo ştatynyň ýaşaýjysy 22 ýyllap şol bir lotereýa sanlaryny ulanyp, ahyrynda jekpot utmagy başardy. «Classic Lotto» saýtynyň habar bermegine görä, fewral aýynyň başynda satyn alnan bilet oňa köp garaşylan uly utuşy getirdi
Sudandaky 4000 ýyllyk aramgäh Kerma medeniýetiniň gizlin däplerinden habar berýär
18.02.2026 19:30
5.1k+

Sudandaky 4000 ýyllyk aramgäh Kerma medeniýetiniň gizlin däplerinden habar berýär

Sudanyň Baýuda çölünde geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda alymlar takmynan 4000 ýyl ozalky döwre degişli bolan täsin gubury ýüze çykardylar. Bu tapyndy biziň eýýamymyzdan öňki 2500–1500-nji ýyllar aralygynda gülläp ösen gadymy Nubia patyşalygy — Kerma baradaky bilinýän maglumatlary has-da baýlaşdyrdy
Android «Downloads» bukjasyndaky faýllary awtomatik usulda Google Drive-e göçürer
18.02.2026 19:13
1.5k+

Android «Downloads» bukjasyndaky faýllary awtomatik usulda Google Drive-e göçürer

Android enjamlary üçin Google Play hyzmatlarynyň täzelenmesinde ulanyjylar üçin üýtgeşme girizipdir. Peýda bolan täze funksiýalaryň biri smartfondaky «Ýüklenenler» (Downloads) bukjasyndaky faýllary awtomat ýagdaýda Google Drive ammaryna ätiýaçlyk nusgasy hökmünde ýükläp başlaýar
Hytaýyň L7 roboty gylyç oýnatmakda ussatlygyň nusgasyny görkezdi
18.02.2026 18:46
4.3k+

Hytaýyň L7 roboty gylyç oýnatmakda ussatlygyň nusgasyny görkezdi

Hytaýyň Robotera kompaniýasy Hytaý Täze ýyly — Alawly At ýyly mynasybetli taýýarlan täze wideosyny paýlaşdy. Wideoda L7 atly adampisint robotyň gadymy hytaý gylyç tansyny ussatlyk bilen ýerine ýetirişi görkezilýär
Çaga iýmiti bilen bagly dawa Nestle-niň paýnamalaryny 8 ýylyň içinde iň pes derejä düşürdi
18.02.2026 18:23
3.1k+

Çaga iýmiti bilen bagly dawa Nestle-niň paýnamalaryny 8 ýylyň içinde iň pes derejä düşürdi

Nestle kompaniýasynyň paýnamalary soňky sekiz ýylyň dowamyndaky iň pes derejesine çenli peseldi. Bloomberg agentliginiň habar bermegine görä, ertir 19-njy fewralda ýyllyk hasabatyň çap edilýän güni maýadarlar kompaniýanyň ýolbaşçylaryndan satuwlary dikeltmegiň anyk meýilnamasyny talap etmegi maksat edinýärler
Sanae Takaiti Ýaponiýanyň premýer-ministri wezipesine gaýtadan saýlandy
18.02.2026 17:02
2.7k+

Sanae Takaiti Ýaponiýanyň premýer-ministri wezipesine gaýtadan saýlandy

Ýaponiýanyň parlamentiniň ýokary palatasy Sanae Takaitini ýurduň 105-nji premýer-ministri hökmünde saýlady. NHK telekanalynyň berýän habaryna görä, ses berilişik hanym Takaitä ýeňiş üçin zerur bolan sesleriň takyk ýarysyny toplamak üçin bary-ýogy birje sesiň ýetmezçilik edendigi sebäpli iki tapgyrda geçirildi
Türkmenistandan «Oguzrobot» topary Hytaýda geçiriljek ýaryşa gatnaşmaga hukuk gazandy
18.02.2026 16:51
3.3k+

Türkmenistandan «Oguzrobot» topary Hytaýda geçiriljek ýaryşa gatnaşmaga hukuk gazandy

Türkmen okuwçylary 2026-njy ýylyň 10 — 13-nji fewraly aralygynda Astana şäherinde geçirilen FIRST Tech Challenge (FTC) robot tehnikasy boýunça çempionatyň sebit tapgyrynda uly üstünlik gazandy. Aşgabat şäheriniň
«Kompozitor» çeper filmi Türkiýede TÜRKSOY-yň ýörite baýraklaryna mynasyp boldy
18.02.2026 16:46
3.5k+

«Kompozitor» çeper filmi Türkiýede TÜRKSOY-yň ýörite baýraklaryna mynasyp boldy

2026-njy ýylyň 17-nji fewralynda Ankara şäherindäki Ýaşar Kemal adyndaky Medeniýet merkezinde geçirilen Türkmen kinosynyň günleriniň çäginde «Kompozitor» atly çeper filmiň görkezilişi we baýrak gowşurylyş dabarasy boldy
Özbegistan 2028-nji ýyla çenli ilkinji ylmy hemrany we kosmonawty uçurmaga taýýarlanýar
18.02.2026 15:45
4k+

Özbegistan 2028-nji ýyla çenli ilkinji ylmy hemrany we kosmonawty uçurmaga taýýarlanýar

Özbegistan 2028-nji ýylda 6U görnüşli ilkinji ylmy hemrasyny uçurmagy meýilleşdirýär. Bu hemra türki halklaryň görnükli astronomy, matematigi, akyldary we şahyry Mirzo Ulugbegiň hormatyna atlandyrylar. Şeýle hem Respublikada ýurduň ilkinji kosmonawtyny taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar
Rumyniýada derman serişdelerine durnukly 5 müňýyllyk bakteriýa tapyldy
18.02.2026 15:44
2.9k+

Rumyniýada derman serişdelerine durnukly 5 müňýyllyk bakteriýa tapyldy

Rumyn alymlary Skerişoara gowagyndan häzirkizaman antibiotiklerine durnukly bolan gadymy bakteriýa ştammyny tapdy. Bu tapyndy barada «Frontiers in Microbiology» ylmy žurnalynda habar berilýär. Psychrobacter SC65A
Türkmenistanyň Bilim ministrliginde ÝUNISEF-iň wekili bilen duşuşyk geçirildi
18.02.2026 15:43
3k+

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde ÝUNISEF-iň wekili bilen duşuşyk geçirildi

17-nji fewralda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde bu edaranyň ýolbaşçysy J. Gurbangeldiýew bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratnanyň arasynda duşuşyk boldy. Bu barada Bilim ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi
Türkmenistanyň Döwlet sirki 21–22-nji fewralda geçiriljek gyzykly şüweleňe çagyrýar
18.02.2026 15:09
3.9k+

Türkmenistanyň Döwlet sirki 21–22-nji fewralda geçiriljek gyzykly şüweleňe çagyrýar

Türkmenistanyň Döwlet sirki tomaşaçylary 21-nji we 22-nji fewralda sagat 18:00-da geçiriljek şüweleňli çykyşlara çagyrýar. Tomaşaçylara dürli sirk sahnalary, artistleriň täze we gyzykly çykyşlary, şeýle hem dünýäniň dürli künjeklerinden getirilen haýwanlar bilen görkeziljek täsin oýunlar görkeziler
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.