Saýlanan şäher
27 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Habarlar
Baş sahypa
/
Habarlar
09.02.2026 15:46
8.1k+
Maşyn ussaçylygyny öwrenmek isleýäňizmi? Steam platformasynda ýörite oýun çykdy
Steam sanly platformasynda awtoserwis dolandyrmak boýunça simulýator (öýkünme oýny) bolan "Car Service Together" atly oýun irki elýeterlilikde köpçülige hödürlendi. Taslama öz awto-ussahanaňy ýekelikde hem, birbada dört adam bolup hem ösdürmäge mümkinçilik berýär
09.02.2026 15:28
8.2k+
Aşgabatda «Arkadag» — «Al-Nasr» duşuşygynda VAR ulgamy ulanylar
AFK-nyň Çempionlar ligasy 2-niň 1/8 finalynyň çäginde Türkmenistanyň «Arkadag» we Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» toparlarynyň arasynda geçiriljek oýunda Eminiň wideo kömekçisi (VAR) ulgamy peýdalanylar. Bu tehnologiýanyň Aşgabatda ulanylmagy, kabul ediji tarapyň duşuşygy halkara talaplaryna laýyklykda ýokary derejede geçirmäge doly taýýardygyny tassyklaýar
09.02.2026 15:19
7k+
Niderlandlaryň konsort şa zenany Maksima 54 ýaşynda harby gulluga gitdi
Niderlandlaryň konsort şa zenany Maksima 54 ýaşynda harby taýýarlykdan geçip başlady we ýurduň ýaragly güýçleriniň ätiýaçlykdaky düzümine ýazyldy. Asly Argentinaly bolan şa zenany harby okuwlary tamamlanyndan soň, ätiýaçlykdaky harby gullukçylaryň wezipelerini ýerine ýetirip biler
09.02.2026 15:19
1.6k+
Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi
Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar
09.02.2026 15:17
1.5k+
Android üçin Telegram «Liquid Glass» stilinde täze interfeýse eýe boldy
Android ulgamy üçin Telegram-yň 12.4 wersiýasy doly täzelenen interfeýs bilen çykdy. AndroidInsider.ru neşiriniň belleýşi ýaly, goşundynyň daşky görnüşi düýpli özgerdilip, ozal iPhone wersiýasynda ulanylan «Liquid Glass» stiline eýe boldy
09.02.2026 15:11
1.6k+
"Sietl" Superboulyň ýeňijisi boldy: Sport dünýäsiniň iň iri wakasy nähili geçdi?
Superboul — ABŞ-nyň Milli Futbol Ligasynyň (NFL) möwsüminiň final duşuşygy bolup, dünýäniň iň iri sport wakalarynyň biridir. Diňe bir ABŞ-nyň özünde bu oýna ýurduň her üçünji ýaşaýjysy tomaşa edýär. Ýeňiji topar amerikan futbolynyň baş baýragy bolan Lombardi kubogyny alýar
09.02.2026 14:55
1.1k+
Insaýder: OpenAI-iň çykarjak ilkinji enjamy Dime atly gulaklyk bolar
GSMArena neşiriniň berýän habaryna görä, OpenAI kompaniýasy özüniň ilkinji enjam görnüşli önümini hödürlemäge taýýarlanýar. Özi-de bu smartfon ýa-da kulon däl-de, eýsem, emeli aň bilen işleýän gulaklykdyr. Başda kompaniýa emeli aň oturdylan kulon ýa-da ruçka diýen ýaly, has delräk enjamlary çykarmagy göz öňünde tutupdy
09.02.2026 14:15
12k+
Ýaş türgenler «Arkadag»–«Al-Nasr» oýnundan öň Olimpiýa stadionyna baryp gördüler
Aşgabat şäheriniň Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň okuwçylary paýtagtyň Olimpiýa şäherçesine baryp görmek we onuň mümkinçilikleri bilen tanyşmak baradaky haýyş bilen Gahryman Arkadaga ýüz tutdular. Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow milli sporty ösdürmegi maksat edinýän ýaşlaryň haýyşlaryny kanagatlandyrdy
09.02.2026 13:59
6.4k+
Türkmen erkin göreşijileri Groznyda geçirilen ýetginjekleriň ýaryşynda bäş medal gazandy
Groznyý şäherinde 20 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilen RWL-VI Riada Wrestling Liga atly halkara ýaryşynda erkin göreş boýunça türkmen türgenleri dürli derejeli bäş sany medala mynasyp boldy. Türkmen toparynda iň ýokary netijäni Süleýman Musagulyýew görkezdi
09.02.2026 13:47
15k+
Messi «Barselonanyň» derwezesine gol geçirdi
8-nji fewralda Lionel Messi «Inter Maýami» bilen «Barselonanyň» arasynda geçirilen duşuşykda özüniň ajaýyp oýnuny görkezdi. Ol öz hasabyna bir gol we bir assist ýazdy. Champions Tour — 2026-nyň çäklerinde geçirilen «Inter Maýami» bilen Ekwadoryň «Barselonasynyň» arasyndaky ýoldaşlyk oýny 2:2 hasabynda tamamlandy
09.02.2026 12:38
3.7k+
Göze ilmeýänleriñ gözelligi CUPOTY 2025 bäsleşiginiň ýeňijileriniň suratlarynda
«Ýakyn aralykdan düşürýän ýylyň suratçysy» (Close-Up Photographer of the Year, CUPOTY) halkara bäsleşiginiň eminleri geçen ýylyň jemlerini jemläp, ýeňijileri yglan etdiler. Baýraklar makroformatda düşürilen haýwanat dünýäsini, ösümlikleri, mör-möjekleri we tebigy peýzažlary öz içine alýan birnäçe ugurlar boýunça gowşuryldy
09.02.2026 12:17
1.9k+
Android enjamlarynyň 40%-den gowragy köne OS wersiýalary sebäpli uly howp astynda
Google kompaniýasy häzirki wagtda ulanylýan ähli işjeň Android smartfonlarynyň 40%-den gowragynyň operasion ulgamynyň köne wersiýalary sebäpli howp astyndadygyny tassyklady. Bu görkeziji bütin dünýä boýunça bir milliarddan gowrak enjamyň kiberhüjümlere garşy goragsyzdygyny aňladýar
09.02.2026 11:33
1.8k+
Birža söwdalarynyň jemi: geleşikleriň jemi bahasy 7 million dollardan aşdy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 29-sy hasaba alyndy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Daşary ýurt puluna BAE-niň, Türkiýäniň, Owganystanyň
09.02.2026 11:05
11k+
Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: gar gatyşykly ýagyş we +26 °C
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gar gatyşykly ýagyş ýagar
09.02.2026 10:42
1.6k+
Tailandda parlament saýlawlary we Konstitusiýa boýunça ses berilişik tamamlandy
Tailandda geçirilen parlament saýlawlarynda premýer-ministriň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Anutin Çarnwirakul tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän «Tailandyň buýsanjy» (Bhumjaithai) konserwatiw partiýasy ýeňiş gazandy
09.02.2026 10:34
2.1k+
Ýaponiýada dolandyryjy partiýa saýlawlarda taryhdaky iň ýokary netijäni görkezdi
Premýer-ministr Sanae Takaitiniň ýolbaşçylyk edýän Ýaponiýanyň Liberal-demokratik partiýasy (LDP) parlamentdäki 465 orundan 316-syny eýeledi. Mundan ozal ol 198 orna eýedi. Nikkei neşiriniň ýazmagyna görä, LDP Ikinji jahan urşy tamamlanaly bäri bir partiýanyň gazanan iň köp orun sanyna eýe boldy
09.02.2026 09:58
4.7k+
iPhone 17e 19-njy fewralda uly şowhun bolmazdan çykarylar
Apple kompaniýasy täze iPhone-yň sessiz-üýnsüz çykyşyna taýýarlanýar. Macwelt-iň maglumatlaryna görä, kompaniýa eýýäm 19-njy fewralda diňe metbugat beýanatyny neşir eder we iPhone 17e-niň satuwyna başlar. Bu model «arzan» hatary dowam etdirýär, ýöne käbir aýratynlyklar bar
09.02.2026 09:35
10k+
Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň we Ermenistanyň ýolbaşçylaryny halkara baýragy bilen gutlady
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe we Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýana adamzadyň doganlygy ugrunda halkara Zaýed baýragynyň gowşurylmagy mynasybetli gutlagyny ýollady
09.02.2026 09:06
13k+
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardarä hem-de Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife Yslamabat şäherindäki metjitde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren partlama zerarly gynanç hatyny iberdi
09.02.2026 08:44
4.3k+
Şahly kelleçanaklaryň ýygyndysy neandertallarda öz däp-dessurlarynyň bolandygyny görkezdi
Ispaniýanyň merkezinde arheologlar şahly haýwanlaryň kelleçanaklaryndan ybarat bolan, ýörite tertipde ýerleşdirilen 35 sany eksponaty tapdylar. Geçirilen barlaglar bu ýygyndyny neandertallaryň hojalyk maksatlary üçin däl-de, eýsem, ýörite niýet bilen ýygnandygyny we ýerleşdirendigini görkezdi
09.02.2026 07:36
1.1k+
Apple duýdurýar: anonim çatlar App Store-den duýduryşsyz öçüriler
Apple kompaniýasy ykjam goşundylaryny barlamak kadalaryny täzeledi we anonim ýazyşma häsiýetli hem-de «çat-ruletka» görnüşli hyzmatlary AppStore dükanynda ýerleşdirmegi gadagan etdi. Bu barada 9to5Mac portaly ýazýar
09.02.2026 07:35
836
Amazon emeli aňyň kömegi bilen kino edýän çykdajylaryny azaltmak isleýär
Amazon kompaniýasy filmleri döretmekde emeli aňy ulanmak arkaly önümçilik möhletlerini gysgaltmagy hem-de onuň bahasyny arzanlatmagy göz öňünde tutýar. Kompaniýanyň nygtaýşy ýaly, elbetde täze tehnologiýa döredijilik hünärmenleriniň ornuny tutmaz, ýöne onuň has köp taslamalaryň durmuşa geçirilmegine ýardam edip biljekdigine welin, bil baglamak mümkin
09.02.2026 00:09
2.1k+
«Jeýms Webb» teleskopy iň uzakdaky «MoM-z14» galaktikasyny surata düşürdi
Astronomlar «Jeýms Webb» kosmos teleskopunyň kömegi bilen häzirki wagtda mälim bolan galaktikalaryň iň uzakdakysyny tapdylar. «MoM-z14» diýlip atlandyrylýan bu galaktikanyň şuglasynyň Ýer şaryna ýetmegi üçin takmynan 13,5 milliard ýyllyk ýol gerek bolýar
09.02.2026 00:09
8.9k+
«Barselona» dört ýyldan soň Superligadan çykyp, «Realy» ýeke galdyrdy
«Barselona» futbol kluby Ýewropanyň Superligasy taslamasyndan çykýandygyny resmi taýdan yglan etdi. Bu çözgütden soň, Madridiň «Realy» taslama gatnaşmagyny resmi dowam etdirýän ýeke-täk klub bolup galdy. Superliganyň döredilýändigi barada 2021-nji ýylyň ýazynda yglan edilipdi
08.02.2026 21:23
4.7k+
Alyp satarlar sebäpli bolmagy ahmal: Ýaponiýada iPhone 17 indi diňe onlaýn satylýar
Apple kompaniýasy Ýaponiýanyň bazarynda iPhone 17 smartfonlar hatarynyň satuw modelini üýtgetdi. 2026-njy ýylyň 6-njy fewralyndan başlap, Ýaponiýadaky resmi Apple Store dükanlary iPhone 17, iPhone 17 Pro we iPhone 17 Pro Max modelleriniň göni satuwyny bes etdi
08.02.2026 21:15
1k+
Windows-yň täze wersiýasynda Copilot çat-boty gurnama işleri tamamlanmanka peýda bolýar
Copilot emeli aň ulgamy indi Windows-a şeýle bir çuňňur ornaşdyryldy welin, hatda operasion ulgamy gurnamak prosesi (OOBE) doly tamamlanmanka-da çat-bot bilen söhbetdeş bolup bolýar. Bu gyzykly aýratynlyga inžener Rafael Riwera üns berdi we Windows-y täzeden gurnamak wagtynda alan ekran suratlaryny paýlaşdy
08.02.2026 21:03
7.4k+
Toyota 2026-njy ýylyň "Prado Altitude" modelini täzeledi: goşmaça tölegsiz täze funksiýalar goşuldy
Toyota Land Cruiser Prado-nyň ýolsuzlyk şertleri üçin iň amatly görnüşi bolan Altitude modeliniň 2026-njy ýyl üçin täzelenmesini çykardy. Indi awtoulagyň enjamlaşdyrylyşyna 18 dýuýmlyk tekerler we hemme ýere niýetlenen şinalar üçin uýgunlaşdyrylan teker basyşyna gözegçilik ulgamy (TPMS) goşuldy
08.02.2026 20:49
1.4k+
M.Naýt Şýamalanyň täze filminiň çykjak senesi indiki ýyla geçirildi
Režissýor M.Naýt Şýamalanyň ýazyjy Nikolas Sparks bilen bilelikde döreden hekaýasyna esaslanýan täze filmi 2027-nji ýylyň Walentin gününe gabatlanyp ekranlara çykar. Bu barada The Hollywood Reporter neşiri habar berýär
08.02.2026 19:39
6.5k+
Ilkinji subutnama! Ispaniýada Gannibalyň goşunyna degişli söweşjeň piliň süňki tapyldy
Ispaniýanyň günortasynda arheologlar Gannibalyň goşunyna degişli söweşjeň piliň süňküni tapdylar. Bu tapyndy Ikinji Puni urşunda şol haýwanlaryň ulanylandygynyň ilkinji gönümel hem maddy subutnamasy boldy. Süňk, aslynda 2020-nji ýylda gadymky Kordobadaky Kolina-de-los-Kemados şäherçesindäki köne iberiýa obasynyň ýykyk diwarynyň aşagyndan tapylypdy
08.02.2026 19:04
4.4k+
Mämişi — üstünligiň öwüşgini: iPhone-yň Hytaýdaky satuwynyň «uçmagyny» täze reňkden görýärler
Bilermenler Hytaýda täze iPhone 17 telefonlaryna bolan uly hyrydarlygy enjamyň «kosmik mämişi» (cosmic orange) atly täze reňkdäki görnüşiniň peýda bolmagy bilen baglanyşdyrýarlar. Bu marketing göçüm, Hytaý häkimiýetleriniň smartfonyň täze emeli aň funksiýalaryny ulanmaga rugsat bermändigine garamazdan, Apple-e söwdasyny artdyrmaga mümkinçilik berdi
08.02.2026 18:42
3.8k+
Olar aňsat bildirmeýärler: barlaglar gyzlaryň hem autizmden az ejir çekmeýändigini görkezdi
Şwesiýanyň Karolinska institutynyň alymlary tarapyndan geçirilen barlaglar autizm baradaky öňki düşünjeleri düýpgöter üýtgedýär. Täze maglumata görä, gyzlar hem autizm spektriniň bozulmalaryndan oglanlardan az ejir çekmeýärler
08.02.2026 18:20
2.6k+
Netflix Stiwen Spilbergiň «Dinozawrlar» atly dokumental serialynyň treýlerini görkezdi
Netflix Stiwen Spilbergiň prodýuserligindäki «Dinozawrlar» («Динозавры») dokumental serialynyň ilkinji kadrlaryny we treýlerini görkezdi. Filmi meşhur aktýor Morgan Frimen seslendiripdir. Platformanyň beýanatynda aýdylyşy ýaly, «Dinozawrlar» tomaşaçylara «dünýäniň ýitirim bolan eýýamyna syýahaty» hödürleýär
08.02.2026 18:12
3.7k+
Kompaniýanyň ýolbaşçysy işlerini EA-ekiztaýyna ýükläp, indi çagalaryna köp wagt bagyş edip bilýär
Extreme Networks kompaniýasynyň tehniki direktory we emeli aň ugrunyň ýolbaşçysy Nabil Buhariniň ähli duşuşyklara ýetişmek üçin öz ýene bir nusgasynyň gerekdigi hakyndaky aýdan degişmesi işgärleri tarapyndan derrew durmuşa geçirildi
08.02.2026 17:41
9.6k+
Türkmenistanyň raýatlary Malaýziýanyň PETRONAS uniwersitetinde bilim almaga çagyrylýar
PETRONAS Carigali (Türkmenistan) Sdn Bhd kompaniýasy 2026-njy ýyl üçin Universiti Teknologi PETRONAS (UTP) okuw mekdebine girmek maksady bilen Block-I Education Sponsorship bilim maksatnamasyna arzalaryň kabul edilýändigini yglan etdi
08.02.2026 16:55
4.5k+
Okuwçy robototehnikaçylar Astanadaky ýaryşa ugradylar: maksat — ABŞ-daky dünýä finalyna çykmak
Türkmenistanyň zehinli mekdep okuwçylarynyň 10-sy Gazagystanyň Astana şäherine ugrady. Olar 2026-njy ýylyň 10-13-nji fewraly aralygynda geçiriljek FIRST Tech Challenge (FTC) halkara çempionatynyň sebitleýin tapgyryna toparlaýyn esasda gatnaşarlar
08.02.2026 15:40
20k+
Ronaldunyň oýnamakdan ýüz öwürmegi saud Pro-ligasyna $2,4 mlrd ýitgi getirdi
Saud Arabystanynyň Pro-ligasy özüniň okgunly ösüş döwründe iň agyr zarba bilen ýüzbe-ýüz boldy we bu wakanyň merkezinde Kriştianu Ronaldu durýar. Speedline portalynyň habar bermegine görä, amerikan teleýaýlymy FOX Sports liga bilen hyzmatdaşlygyny bes etdi
08.02.2026 13:57
9.4k+
Rekord däl, medal döwüldi: Olimpiadada şwesiýaly lyžaçynyň kümüş medaly üçe bölündi
Italiýada geçirilýän 2026-njy ýylyň Olimpiýa oýunlarynda şwesiýaly lyžaçy Ebba Anderssonyň kümüş medaly skiatlon ýaryşyndan soňky sylaglaýyş dabarasynyň edil yz ýanynda döwüldi. Bu barada SVT teleýaýlymy habar berýär
08.02.2026 13:26
6.2k+
Täjigistanly telekeçi Afrikadaky startap üçin 45 million dollar maýa goýumyny çekdi
Täjigistanly telekeçi Azamat Sultanow biznes-hyzmatdaşy Hendrik Ketçemen bilen bilelikde, Afrikanyň ulag bazarynda işleýän GoCab startapyny giňeltmek üçin 45 million dollar maýa goýumyny çekdi diýip Asia-Plus neşiri habar berýär
08.02.2026 13:15
3.1k+
Blackpink toparyndaky Lisa komediýada surata düşer
Blackpink k-pop toparynyň aýdymçysy Lisa Netflix tarapyndan taýýarlanylýan romantik komediýada keşp janlandyrar. Bu barada Elle žurnaly habar berýär. Bu film aýdymçynyň ikinji aktýorlyk işi bolar. Ol ekrandaky ilkinji ädimi «Ak lotos» serialynyň üçünji möwsümindäki Mukuň keşbinde ädipdi
08.02.2026 13:12
10k+
Wenesiýa suw basmak howpy abanýar: şäher 9 günde 15 gezek suw joşgunyny başdan geçirdi
Wenesiýada 9 günüň dowamynda 15 gezek ýokary suw joşguny hasaba alyndy. Bu ýylyň başy üçin rekord görkezijidir diýip, ANSA agentligi habar berýär. Suw joşgunlaryna gözegçilik ediş merkeziniň direktory Alwize Papa bu ýagdaýy «heniz görlüp-eşidilmedik waka» diýip atlandyrdy we muny global maýlama sebäpli ýüze çykýan töwekgelçilikleriň artmagy bilen baglanyşdyrdy
«
1
…
104
105
106
…
1118
»
«
1
…
101
102
103
104
105
106
107
108
109
…
1118
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.