Türkmenistanyň ÝHHG-däki wekiliýeti Wenada Guramanyň Hemişelik Geňeşinde ýylyň jemini jemledi
21.12.2025 18:44
2.3k+

Türkmenistanyň ÝHHG-däki wekiliýeti Wenada Guramanyň Hemişelik Geňeşinde ýylyň jemini jemledi

18-nji dekabrda Türkmenistanyň ÝHHG-däki wekiliýeti Wenada Guramanyň Hemişelik Geňeşinde çykyş edip, her ýyl 12-nji dekabrda bellenilýän Halkara Bitaraplyk gününiň ähmiýetini nygtady. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär
Hýu Jekman täze komediýada goýunlara detektiw okap berýär: "Goýun detektiwler" filminiň treýleri çykdy
21.12.2025 15:28
4.4k+

Hýu Jekman täze komediýada goýunlara detektiw okap berýär: "Goýun detektiwler" filminiň treýleri çykdy

Amazon MGM Studios özüniň YouTube kanalynda "The Sheep Detectives" (Goýun detektiwleri) atly komediýa filminiň ilkinji treýlerini köpçülige hödürledi. Kinokartinanyň dünýä premýerasyna 2026-njy ýylyň maý aýynda garaşylýar
FIFA DÇ-2026 üçin rekord baýrak gaznasyny tassyklady: ýeňiji $50 mln alar
21.12.2025 14:48
5.3k+

FIFA DÇ-2026 üçin rekord baýrak gaznasyny tassyklady: ýeňiji $50 mln alar

FIFA-nyň geňeşi Dohadaky mejlisde 2026-njy ýylyň dünýä çempionaty üçin býujeti tassyklady. Gurama ýaryşa gatnaşýan agza assosiasiýalaryň arasynda 727 mln dollar paýlamagy meýilleşdirýär. Bu mukdar Katardaky dünýä çempionatynyň görkezijisinden 50% ýokarydyr
Italýan Alplarynda fotosuratçy tötänleýin müňlerçe dinozawr yzlaryna duşdy
21.12.2025 14:42
10k+

Italýan Alplarynda fotosuratçy tötänleýin müňlerçe dinozawr yzlaryna duşdy

Italiýanyň milli seýilgähinde bäş kilometrlik ýerde 20 müň töweregi dinozawr yzy tapyldy. Ozal bu ýerde şeýle tapyndy bolmandy diýip, NBC News ýazýar. Bu ýeri tötänleýin ýabany tebigaty düşürýän fotosuratçy Della Ferrera tapdy
Adidas Mohamed Salah üçin Müsüriň taryhyndan ylham alan aýratyn butsyny döretdi
21.12.2025 14:19
8.6k+

Adidas Mohamed Salah üçin Müsüriň taryhyndan ylham alan aýratyn butsyny döretdi

Adidas kompaniýasy öz resmi saýtynda «Liwerpulyň» we Müsüriň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Mohamed Salah üçin ýörite döredilen täze F50 butsy modelini görkezdi. Sport aýakgabynyň daşky görnüşi Gadymy Müsüriň taryhyna we futbolçynyň mirasyna salgylanýar
Türkmenistanyň we Russiýanyň gümrük gulluklary 2026–2028-nji ýyllar üçin iş meýilnamasyny ylalaşdylar
21.12.2025 13:44
9.5k+

Türkmenistanyň we Russiýanyň gümrük gulluklary 2026–2028-nji ýyllar üçin iş meýilnamasyny ylalaşdylar

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleriniň Russiýa Federasiýasyna amala aşyran bäş günlük iş saparynyň dowamynda taraplar 2026–2028-nji ýyllar üçin bilelikdäki işleriň meýilnamasyny ylalaşdylar. Bu resminamanyň durmuşa geçirilmegi gümrük amallaryny kadalaşdyrmaga, serhetüsti söwdanyň netijeliligini we howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir
“Wonka” we “Paddington” filmleriniň režissýory Labubu barada film döreder
21.12.2025 13:28
2.5k+

“Wonka” we “Paddington” filmleriniň režissýory Labubu barada film döreder

Britaniýaly režissýor Pol King (“Paddingtonyň başdan geçirenleri”, “Wonka”) meşhur gahryman Labubu baradaky filmiň režissýory bolar. The Hollywood Reporter neşiriniň habar bermegine görä, bu taslamanyň üstünde Sony kinokompaniýasy işleýär
Fizikler eliňde ody saklamaga mümkinçilik berýän dury materialy oýlap tapdylar
21.12.2025 13:20
3.7k+

Fizikler eliňde ody saklamaga mümkinçilik berýän dury materialy oýlap tapdylar

Boulderdäki Kolorado uniwersitetiniň fizikleri binalary ýylatmagyň usullaryna düýpli täsir edip biljek MOCHI diýlip atlandyrylýan dury ýylylyk izolýasiýa materialyny döretdiler. Bu özboluşly oýlap tapyş barada Science žurnalynda habar berildi
SPHEREx teleskoby alty aýyň dowamynda tutuş Älemiň jikme-jik infragyzyl kartasyny döretdi
21.12.2025 13:09
2.9k+

SPHEREx teleskoby alty aýyň dowamynda tutuş Älemiň jikme-jik infragyzyl kartasyny döretdi

SPHEREx kosmos teleskoby alty aýyň içinde tutuş asman sferasynyň infragyzyl şöhlelerdäki ilkinji doly kartasyny düzmegi tamamlady. Apparat adamyň gözüne görünmeýän 102 dürli spektral diapazonda ýüz millionlarça galaktikany surata aldy
Hytaýyň Exlantix ES elektrik sedany ýolda öwrümli hereket etmek boýunça rekord goýdy
21.12.2025 12:55
4.1k+

Hytaýyň Exlantix ES elektrik sedany ýolda öwrümli hereket etmek boýunça rekord goýdy

Pan-Aziýa halkara synag meýdançasynda Exeed Exlantix ES BEV seriýaly elektrik sedany dünýä rekordyny goýdy we resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Bu üstünlik 30 sekundyň içinde hereket edip barýan iň köp ulaglaryň arasyndan geçmek" diýlip hasaba alyndy
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýa iş saparyny tamamlady
21.12.2025 12:36
2.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýa iş saparyny tamamlady

20-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, Tokio şäheriniň Haneda halkara howa menzilinden ýurdumyza ugrady. Birnäçe sagatdan döwlet Baştutanynyň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gelip gondy
Nýurnbergiň ýaşaýjysy 11 müň garly şardan ybarat kolleksiýany ýygnap, Ginnesiň kitabyna girdi
21.12.2025 12:30
6.3k+

Nýurnbergiň ýaşaýjysy 11 müň garly şardan ybarat kolleksiýany ýygnap, Ginnesiň kitabyna girdi

Germaniýanyň Nýurnberg şäherinden Ýozef Kardinal 11 müň garly şardan ybarat kolleksiýanyň eýesi hökmünde resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Tutuş kolleksiýa rekord eýesiniň öýündäki tekjelerde we witrinalarda ýerleşýär
Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa – Ýaponiýa” sammitinde birnäçe başlangyçlary öňe sürdi
21.12.2025 12:25
3.4k+

Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa – Ýaponiýa” sammitinde birnäçe başlangyçlary öňe sürdi

20-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa – Ýaponiýa” dialogynyň birinji sammitinde eden çykyşynda birnäçe möhüm teklipleri beýan etdi. Hususan-da, döwlet Baştutany öz çykyşynda Türkmenistanyň
«Awatar 3: Ot we kül» filminiň dünýä derejesinde görkezilişi boldy
20.12.2025 22:16
4.6k+

«Awatar 3: Ot we kül» filminiň dünýä derejesinde görkezilişi boldy

Jeýms Kemeronyň «Awatar: Ot we kül» filminiň global premýerasy boldy. Film 18-nji dekabrda Ýewropanyň we GDA-nyň köp ýurtlarynda, şeýle-de Hytaý, Beýik Britaniýa, Ýaponiýa, Ispaniýa, Hindistan, Fransiýa, Germaniýa, Italiýa we Koreýa ýaly esasy bazarlarda prokata çykdy
Týerri Anri tutuş karýerasyndaky üstünlikleri üçin BBC-niň hormat baýragyna mynasyp boldy
20.12.2025 20:02
8.9k+

Týerri Anri tutuş karýerasyndaky üstünlikleri üçin BBC-niň hormat baýragyna mynasyp boldy

Fransiýanyň milli ýygyndysynyň we Londonyň “Arsenalynyň” ady rowaýata öwrülen hüjümçisi Týerri Anri karýerasyndaky ajaýyp üstünlikleri üçin "Lifetime Achievement" (Ömrüniň dowamynda gazanylan üstünlik) baýragyna mynasyp boldy
Hogwarts Legacy oýnunyň 40 million nusgasy satyldy
20.12.2025 19:43
2.8k+

Hogwarts Legacy oýnunyň 40 million nusgasy satyldy

"Garri Potter" älemine esaslanýan "Hogwarts Legacy" oýnunyň işläp düzüjileri onuň satuwynyň 40 million nusga ýetendigini yglan etdiler. Taslama bu sepgide 2023-nji ýylyň fewralynda satuwa çykarylandan soň, tas üç ýyla golaý wagtyň içinde ýetdi
Pekiniň muzeýinde çaga tötänden 320 müň dollarlyk eksponaty döwdi
20.12.2025 19:38
14k+

Pekiniň muzeýinde çaga tötänden 320 müň dollarlyk eksponaty döwdi

Pekindäki "X Muzeýinde" bir çaga tötänden bahasy 320 000 dollardan gowrak bolan altyn täje zeper ýetirdi. "Need to Know" neşiriniň habar bermegine görä, waka oglan aýna witrina degenden soň ol gaçyp, içindäki täç döwlüpdir
Mercedes-Benz 2026-njy ýylyň gibrid CLA 220 modeliniň jikme-jikliklerini mälim etdi
20.12.2025 19:30
5.9k+

Mercedes-Benz 2026-njy ýylyň gibrid CLA 220 modeliniň jikme-jikliklerini mälim etdi

Mercedes-Benz kompaniýasy 2026-njy model ýylynyň gibrid CLA 220 sedanynyň güýç beriji gurluşynyň tehniki aýratynlyklaryny açyklady diýip, "Car News China" neşiri habar berýär.  Awtoulag Hytaýyň Geely kompaniýasy bilen bilelikde işlenip düzülen 1,5 litrlik M252 turbo hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyryldy
NASA: Perseverance marsroweri azyndan 2031-nji ýyla çenli missiýasyny dowam etdirmäge taýýar
20.12.2025 19:24
2.5k+

NASA: Perseverance marsroweri azyndan 2031-nji ýyla çenli missiýasyny dowam etdirmäge taýýar

NASA-nyň Perseverance marsroweri birnäçe tehniki synaglardan üstünlikli geçdi we geljekki ýyllarda Marsda gözleg missiýasyny dowam etdirmäge taýýar. Bu barada Milli aeronawtika we kosmos giňişligini barlamak boýunça müdirlik (NASA) habar berdi
Samsung Oura bilen patent dawasy sebäpli Galaxy Ring 2 akylly ýüzügini çykarmagy yza süýşürdi
20.12.2025 19:19
2.5k+

Samsung Oura bilen patent dawasy sebäpli Galaxy Ring 2 akylly ýüzügini çykarmagy yza süýşürdi

Samsung kompaniýasy Galaxy Ring 2 akylly ýüzüginiň önümçiligini yza süýşürmek kararyna geldi. "Dealsite" neşiriniň habaryna görä, akylly ýüzük bazarynda liderleriň biri bolan "Oura" kompaniýasy bilen dowam edýän patent dawasy Samsung-da ikirjiňlenmeleriň döremegine sebäp boldy
Huawei akylly sagatlar we fitnes trekerleri bazarynda lider boldy, Xiaomi bilen Apple-de deň paý bar
20.12.2025 19:15
2.2k+

Huawei akylly sagatlar we fitnes trekerleri bazarynda lider boldy, Xiaomi bilen Apple-de deň paý bar

Huawei kompaniýasy şu ýylyň ilkinji üç çärýeginiň netijeleri boýunça dünýäniň akylly sagatlar we fitnes trekerleri bazarynda birinji orny eýeledi. IDC analitiki agentliginiň statistikasyna görä, korporasiýa hasabat döwründe 28,6 million enjam satyp, 18,6% bazar paýyny gazandy
Ford birnäçe elektrokarlaryndan ýüz öwürýär, LG bilen şertnamasyny ýatyrýar we 19,5 mlrd dollary hasapdan aýyrýar
20.12.2025 19:11
4.4k+

Ford birnäçe elektrokarlaryndan ýüz öwürýär, LG bilen şertnamasyny ýatyrýar we 19,5 mlrd dollary hasapdan aýyrýar

Ford kompaniýasy elektrik awtoulaglarynyň birnäçe modeliniň önümçiligini bes edýändigini we 19,5 milliard dollarlyk aktiwlerini hasapdan aýyrýandygyny yglan etdi. Bloomberg-iň habar bermegine görä, awtoulag öndürijisi elektrikleşdirme syýasatyny düýpli gözden geçirýär we öň meýilleşdirilen birnäçe taslamadan dänýär
Thunderbird orbital stansiýasynyň suratlary peýda boldy: ol kosmosda açylýar
20.12.2025 18:38
2.7k+

Thunderbird orbital stansiýasynyň suratlary peýda boldy: ol kosmosda açylýar

Max Space amerikan startapy giňelýän modul tehnologiýasyna esaslanýan Thunderbird täjirçilik orbital stansiýasynyň renderlerini hödürledi. Taslama stansiýanyň bir gezekde Falcon 9 raketasy bilen uçurylmagyny göz öňünde tutýar: ýygnalan görnüşde modul obtekateliň aşagyna ýerleşýär, orbitada bolsa açylyp, ilkibaşdaky möçberinden ep-esli ulalýar
Döwlet energetika institutynyň iki talyby Hytaýda nazary mehanika boýunça halkara olimpiadada ýeňiş gazandylar
20.12.2025 18:32
7.4k+

Döwlet energetika institutynyň iki talyby Hytaýda nazary mehanika boýunça halkara olimpiadada ýeňiş gazandylar

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň iki talyby – Dursunjemal Ataýewa hem-de Mähriban Azadowa 4 – 8-nji dekabr aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Nankin şäherinde ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda geçirilen nazary mehanika boýunça VI halkara olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler
Gökdepe etrabynda arassalanan agyz suwuny öndürýän täze kärhana açyldy
20.12.2025 18:29
6.5k+

Gökdepe etrabynda arassalanan agyz suwuny öndürýän täze kärhana açyldy

Ahal welaýatynda Gökdepe etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky geňeşliginiň çäginde arassalanan agyz suwuny öndürýän täze kärhana açyldy. Täze kärhana Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Gül Zaman» hojalyk jemgyýetine degişlidir
Türkmenistan Hytaý Taýpeýinde geçirilen «FISU Healthy Campus» atly halkara maslahatyna gatnaşdy
20.12.2025 18:19
1.4k+

Türkmenistan Hytaý Taýpeýinde geçirilen «FISU Healthy Campus» atly halkara maslahatyna gatnaşdy

9-14-nji dekabr aralygynda Hytaý Taýpeýinde ýokary okuw mekdeplerinde sagdyn durmuş ýörelgesini ösdürmäge «FISU Healthy Campus» atly halkara okuw maslahaty geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň Milli talyplar sport federasiýasynyň baş sekretary, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uly mugallymy Serdar Gurdow gatnaşdy
Prime Video Gaý Riçiniň «Ýaş Şerlok» serialynyň tizer-treýlerini görkezdi
20.12.2025 17:27
2.5k+

Prime Video Gaý Riçiniň «Ýaş Şerlok» serialynyň tizer-treýlerini görkezdi

Prime Video režissýor Gaý Riçiniň «Ýaş Şerlok» serialynyň ilkinji tizer-treýlerini hödürledi. Şeýle-de, striming taslamanyň sekiz bölüminiň ählisiniň 4-nji martda elýeterli boljakdygyny habar berdi. Sýužet 1870-nji ýyllarda Oksfordda ýaýbaňlanýar we Şerlok Holmsyň durmuşynyň irki ýyllaryna bagyşlanýar
Tom Kruz «Diri galan» filminiň režissýorynyň täze taslamasyna gatnaşdy
20.12.2025 16:49
2.7k+

Tom Kruz «Diri galan» filminiň režissýorynyň täze taslamasyna gatnaşdy

Warner Bros. we Legendary Entertainment studiýalary baş keşbi Tom Kruzyň ýerine ýetirmeginde «Digger» («Gazyjy») filminiň ilkinji tizerini we posterini hödürledi. Filmiň režissýory bolup Alehandro Gonsales Inýarritu çykyş etdi diýip, Variety habar berýär
TikTok Amerikadaky bölümçesini satmak barada resmi taýdan şertnama gol çekdi
20.12.2025 16:33
5.2k+

TikTok Amerikadaky bölümçesini satmak barada resmi taýdan şertnama gol çekdi

TikTok öz amerikan bölümçesini amerikan maýadarlary tarapyndan dolandyrylýan bilelikdäki kärhana satmak barada şertnama gol çekdi. Alyjylaryň düzümine Oracle korporasiýasy, Silver Lake we MGX kompaniýalary girdi diýip, TikTok-yň baş direktory Şou Szy Çuwuň içerki resminamasyna salgylanyp, Axios we Bloomberg ýazýar
Hindi kompaniýasynyň paýnamalary 20 aýda 55 000% ýokarlandy
20.12.2025 16:16
3.8k+

Hindi kompaniýasynyň paýnamalary 20 aýda 55 000% ýokarlandy

Hindistanyň kän bir bilinmeýän RRP Semiconductor Ltd. kompaniýasynyň paýnamalary oňyn girdejiniň ýokdugyna we bary-ýogy iki işgäriniň bardygyna garamazdan, soňky 20 aýda 55 000%-den gowrak gymmatlady. Paýnama bahalarynyň şeýle ösüşi Hindistanyň Gymmatly kagyzlar boýunça komissiýasy tarapyndan barlagyň sebäbi boldy diýip, Bloomberg habar berýär
Entoni Joşua altynjy raundda Jeýk Poly nokauta gidirdi
20.12.2025 12:35
12k+

Entoni Joşua altynjy raundda Jeýk Poly nokauta gidirdi

Britaniýaly boksçy, superagyr agramda öňki birleşdirilen dünýä çempiony Entoni Joşua amerikaly bloger we boksçy Jeýk Poldan üstün çykdy. Söweş 20-nji dekabrda ABŞ-nyň Maýami şäherindäki «Kaseýýa Sentr» arenasynda geçirilen ýaryşyň esasy wakasy boldy
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaiçi bilen duşuşdy
20.12.2025 12:09
3.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaiçi bilen duşuşdy

Tokioda geçirilen «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammitine gatnaşan Prezident Serdar Berdimuhamedow saparynyň çäklerinde Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaiçi bilen duşuşdy. Bu barada "Türkmenistan" gazeti habar berdi
Türkmen karateçileri Özbegistanda Arkalaşyk kubogyna gatnaşýarlar
20.12.2025 11:58
6.8k+

Türkmen karateçileri Özbegistanda Arkalaşyk kubogyna gatnaşýarlar

Türkmenistanyň kiokuşinkaý karate boýunça milli ýygyndy topary Arkalaşyk kubogy ugrundaky ýaryşa gatnaşýar. Ýaryş 19-21-nji dekabr aralygynda Özbegistanyň Nawoýy şäherinde geçirilýär. Meýlis Paşagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky toparyň düzümine üç türgen girdi
Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» altytaraplaýyn duşuşygyna gatnaşdy
20.12.2025 11:12
6.7k+

Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» altytaraplaýyn duşuşygyna gatnaşdy

Şu gün, 20-nji dekabrda Tokioda «Hotel New Otani Tokyo» myhmanhanasynda Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammiti geçirildi
Serdar Berdimuhamedowyň ýaponiýaly işewürler bilen duşuşygyndan soň 11 resminama gol çekildi
20.12.2025 10:51
10k+

Serdar Berdimuhamedowyň ýaponiýaly işewürler bilen duşuşygyndan soň 11 resminama gol çekildi

19-njy dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen işewürlik duşuşygy boldy. Duşuşygyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekildi
Daşary ýurtly dalaşgärler Hytaýda okamak üçin bitewi giriş synagyny tabşyrmaly bolar
20.12.2025 10:20
3.5k+

Daşary ýurtly dalaşgärler Hytaýda okamak üçin bitewi giriş synagyny tabşyrmaly bolar

2026-njy ýyldan başlap, Hytaýda bakalawr maksatnamalaryna okuwa girýän daşary ýurtly raýatlar üçin bitewi milli giriş synagy girizilýär. Bu barada Hytaýyň Türkmenistan­daky ilçihanasy Hytaý Halk Respublikasynyň Bilim ministrligine salgylanyp habar berdi
Daşkentde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň parlamentleriniň duşuşygy geçirildi
19.12.2025 18:17
10k+

Daşkentde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň parlamentleriniň duşuşygy geçirildi

16-njy dekabrda Daşkentde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň üçünji duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň habar berdiler. Duşuşyga Özbegistanyň
Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitabynyň tanyşdyrylyşyny ABŞ-da geçirmek meselesi maslahatlaşyldy
19.12.2025 18:09
6.8k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitabynyň tanyşdyrylyşyny ABŞ-da geçirmek meselesi maslahatlaşyldy

ABŞ-da Prezident Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyny guramak meýilleşdirilýär. Bu barada 17-nji dekabrda Türkmenistanyň
Tehnologiýa kompaniýalarynyň paýnamalary EA "köpürjigi" bilen bagly gorky sebäpli aşak düşdi
19.12.2025 17:58
3.7k+

Tehnologiýa kompaniýalarynyň paýnamalary EA "köpürjigi" bilen bagly gorky sebäpli aşak düşdi

ABŞ-nyň gazna bazarynda emeli aňa ýöriteleşýän tehnologiýa kompaniýalarynyň paýnamalarynyň pese gaçyşy hasaba alyndy. Onuň esasy sebäbi Blue Owl Capital maýa goýum kompaniýasynyň Miçiganda Oracle-yň 10 mlrd dollarlyk maglumat merkeziniň gurluşygyny maliýeleşdirmekden boýun gaçyrmagy boldy diýip, Financial Times ýazýar
ABŞ grin-kart utuş maksatnamasyny dolulygyna togtadýandygyny yglan etdi
19.12.2025 17:21
15k+

ABŞ grin-kart utuş maksatnamasyny dolulygyna togtadýandygyny yglan etdi

ABŞ-nyň hökümeti raýatlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen immigrasiýa wizalaryny (DV1) utuş maksatnamasyny gyssagly ýagdaýda togtatmak barada çözgüt kabul etdi. Donald Trampyň degişli buýrugy barada ýurduň içerki howpsuzlyk ministri Kristi Noem habar berdi
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.