Saýlanan şäher
27 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Habarlar
Baş sahypa
/
Habarlar
19.12.2025 17:16
3.8k+
NASA-nyň orbitadaky enjamy Marsyň üstüniň 100 000-nji suratyny aldy
NASA-nyň Mars Reconnaissance Orbiter orbital enjamynyň bortuna gurnalan HiRISE (High Resolution Imaging Experiment) kamerasy Marsyň üstüniň 100 000-nji suratyny aldy. Ýubileý surat missiýa başlanandan tas 20 ýyl soň düşürildi
19.12.2025 16:57
6.6k+
Marokko futbol boýunça Arap milletleriniň kubogynyň finalynda Iordaniýany utdy
Marokkonyň milli futbol ýygyndysy 2025-nji ýylyň Arap milletleriniň kubogy ýaryşynyň final oýnunda Iordaniýanyň toparyny utup, ýeňiji boldy. Duşuşyk Katardaky «Lusail» stadionynda geçirildi we goşmaça wagtda 3:2 hasabynda tamamlandy (esasy wagt deňme-deň – 2:2 boldy)
19.12.2025 16:45
6.8k+
FIFA çabga sebäpli Arap milletleriniň kubogynyň bürünç medalyny birbada iki ýygynda berdi
Saud Arabystanynyň we BAE-niň milli ýygyndylary howa şertleri sebäpli üçünji ýer üçin oýun ýatyrylandan soň Arap milletleriniň kubogynyň bürünç medallaryny özara paýlaşdy. Halkara futbol federasiýasy oýny 0:0 hasabynda tamamlanan diýip hasaplady we baýragy iki topara-da berdi
19.12.2025 15:51
2.1k+
ChatGPT-niň içinde programmalar dükany peýda boldy
OpenAI kompaniýasy gönüden-göni ChatGPT çat-botunyň interfeýsine girizilen programmalaryň katalogyny hödürledi. Täze çözgüt ulanyjylara çatdan çykmazdan üçünji tarap hyzmatlaryny birikdirmäge, aýdym-sazy dolandyrmaga ýa-da resminamalar bilen işlemäge mümkinçilik berýär diýip, The Verge ýazýar
19.12.2025 15:41
15k+
Leonardo Di Kaprio «Titanik» filmine hiç haçan tomaşa etmändigini aýtdy
Leonardo Di Kaprio baş keşbinde oýnan «Titanik» filmine hiç haçan tomaşa etmändigini boýun aldy. Bu barada aktýor Variety neşiri üçin söhbetdeşlikde aktrisa Jennifer Lourense aýtdy. Lourens aktýoryň tas otuz ýyl mundan ozal çykan filme gaýtadan tomaşa edýändigi ýa-da ýokdugy bilen gyzyklandy
19.12.2025 15:39
2.2k+
«Biz ýene bärde»: Amazon ABŞ-nyň Birinji hanymy barada dokumental filmiň treýlerini görkezdi
Amazon MGM Studios kinostudiýasy ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň aýaly Melaniýa Trampyň durmuşyna bagyşlanan «Melaniýa» dokumental filminiň ilkinji treýlerini hödürledi. Film onuň adamsynyň resmi Prezident wezipesine girişmek dabarasyndan öň ýigrimi günlük döwri öz içine alýar
19.12.2025 15:28
4.4k+
2029-njy ýyldan başlap «Oskar» baýragynyň gowşurylyş dabarasy YouTube-da ýaýlyma berler
YouTube 2029-njy ýyldan 2033-nji ýyl aralygynda «Oskar» baýraklarynyň gowşurylyş dabarasyny ýaýlyma bermek üçin aýratyn hukuk aldy. Amerikan kinematografiýa sungaty we ylymlar akademiýasy wideohosting bilen şertnama baglaşylandygy barada habar berdi
19.12.2025 15:25
5k+
Globe Soccer Awards iň gowy oýunçy, tälimçi, klub we beýleki kategoriýalarda finalçylary kesgitledi
Globe Soccer Awards X sosial ulgamynda dürli kategoriýalarda 2025-nji ýylyň baýraklary üçin dalaşgärleriň ahyrky sanawyny hödürledi. Ýeňijiler ses bermek arkaly saýlanýar. Baýraklaryň gowşurylyş dabarasy 28-nji dekabrda Dubaýda geçiriler
19.12.2025 15:21
7.3k+
Messi bilen Ýamal biri-birine garşy oýnap biler: Ispaniýa we Argentina 2026-njy ýylyň martynda Katarda duşuşar
Argentinanyň we Ispaniýanyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky Finalissima oýny 2026-njy ýylyň 27-nji martynda geçiriler. Duşuşyk Doha şäherindäki (Katar) «Lusail» stadionynda bolar. Belli bolşy ýaly, bu oýun Ýewropa we Amerika çempionatlarynyň häzirki ýeňijileriniň arasynda geçirilýär
19.12.2025 15:11
5.7k+
Redmi Note 15 Pro+ smartfonynyň global wersiýasy 500 ýewro durýar, sargytlar gijräk açylar
Ozal Hytaýda hödürlenen Redmi Note 15 Pro+ resmi taýdan halkara bazaryna çykdy. Ýöne satuw göni başlamaz: Ýewropada deslapky sargytlar 2026-njy ýylyň 5-nji ýanwarynda kabul edilip başlanar. Smartfonyň 8 GB operatiw we 256 GB hemişelik ýatly wersiýasynyň bahasy 500 ýewro, 12/512 GB bolsa 550 ýewro barabar
19.12.2025 15:03
4.8k+
Konferensiýa ligasynyň 1/8 finalyna we pleý-off tapgyryna ähli gatnaşyjylar belli boldy
19-njy dekabra geçilen gije UEFA-nyň Konferensiýa ligasynyň umumy tapgyry tamamlandy. 6-njy tapgyryň oýunlarynyň netijesi boýunça, gönüden-göni 1/8 finala çykan toparlar, şeýle-de göreşi dowam etdirmek hukugy üçin pleý-off oýunlarynda oýnajak klublar belli boldy
19.12.2025 14:52
3.8k+
20-nji dekabrda Blue Origin taryhda ilkinji gezek kosmosa maýyp arabaly adamy iberer
Blue Origin ilkinji gezek suborbital missiýanyň düzümine maýyp arabaly adamy goşdy. New Shepard raketasynyň uçuşyny 20-nji dekabrda Wan-Horn şäherindäki (Tehas ştaty, ABŞ) kosmodromdan amala aşyrmak meýilleşdirilýär
19.12.2025 14:40
3.7k+
Türkmenistanyň Prezidenti ýaponiýaly işewürleri täze maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge çagyrdy
19-njy dekabrda Tokioda «Palace Hotel Tokyo» myhmanhanasynda Prezident Serdar Berdimuhamedow öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen işewürlik duşuşygyny geçirdi. Bu barada "Türkmenistan" gazeti habar berýär
19.12.2025 14:33
3.4k+
Türkmenistanyň Prezidenti Tokioda ýapon Parlamentiniň wekilleri bilen duşuşdy
19-njy dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammitine gatnaşmak üçin Tokio iş saparynyň çäklerinde Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň Başlygy Fukuşiro Nukaga we Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň ýapon böleginiň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşyklary geçirdi
19.12.2025 13:38
7.3k+
Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito bilen duşuşdy
Şu gün, 19-njy dekabrda Tokio iş saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito bilen duşuşdy. "Türkmenistan" gazetiniň elektron neşirinde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutany gepleşikleriň
19.12.2025 10:41
4.5k+
Italiýada 2500 ýyllyk grek heýkeli tapyldy
Arheologlar Italiýanyň gadymy etrusk şäheri bolan Wulçide Kory hudaýynyň mermer heýkeliniň kellesini tapdylar. Tapyndynyň 2500 ýyldan gowrak ýaşy bar diýip, Arkeonews žurnaly habar berýär. Fraýburg uniwersitetinden doktor Mariaçiara Françeskiniň we Maýns uniwersitetinden doktor Pol P
19.12.2025 10:31
7.1k+
Süýji suwly derýada ýaşan mozazawryň galyndylary tapyldy
Paleontologlar ABŞ-nyň demirgazygynda deňiz mozazawrynyň galyndylaryny tapdylar. Onuň dişleriniň himiki düzümi bu ýyrtyjynyň süýji suwly derýada ýaşandygyny görkezýär. Bu ilkinji şeýle açyş bolup, öň diňe deňiz süýrenijileri hasaplanýan mozazawrlaryň mümkin bolan görnüşleri baradaky düşünjämizi ep-esli giňeldýär diýip, Upsala uniwersitetiniň metbugat gullugy habar berýär
19.12.2025 10:13
5.4k+
Ierusalimde ýaşy 2000 ýyldan gowrak bolan 50 metrlik diwar tapyldy
Arheologlar Ierusalimde gadymy şäher diwarynyň iň doly we iň uzyn bölekleriniň birini tapdylar, ol Hasmoneý döwrüne (2100 ýyldan gowrak wagt mundan ozal) degişli diýip, Associated Press habar berýär. Galanyň binýadynyň uzynlygy tas 50 metre, ini bolsa 5 metre golaý
19.12.2025 10:02
10k+
Hytaýly alymlar Ýeriň aşaky mantiýasynda "superummanyň" bardygy baradaky çaklamany öňe sürdüler
Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň (CAS) Guançžou Geohimiýa institutynyň professory Du Çžisýueniň ýolbaşçylyk edýän ylmy-barlag topary Ýeriň aşaky mantiýasynyň içinde ägirt uly ilkinji suw howdanynyň ýerleşip biljekdigini tejribe arkaly tassyklady
19.12.2025 09:50
5.9k+
Marşall Adalary dünýäde ilkinji bolup raýatlara esasy girdejini tölemäge başlady
Marşall Adalary umumymilli esasy girdeji maksatnamasyny işe girizdi – ýurduň her bir ýaşaýjysy her çärýekde 200 dollar alar diýip, The Guardian habar berýär. Neşir ýurduň şeýle maksatnamany girizen dünýäde ilkinji döwletdigini belleýär
19.12.2025 09:29
8.5k+
Beýik Britaniýaly är-aýal ikinji gezek 1 mln funt sterling möçberde lotereýa utdy
Britaniýadan är-aýal soňky ýedi ýylda ikinji gezek 1 mln funt sterling möçberde lotereýa utdy. Metro neşiri ýeňijileriň nobatdaky uly şowlulyga garamazdan, öňki işinde zähmet çekmegi dowam etdirmegi meýilleşdirýändigini ýazýar
19.12.2025 09:21
2.2k+
Warner Bros. Netflix bilen şertnama üçin Paramount-yň 108 mlrd dollarlyk teklibinden ýüz öwürýär
Warner Bros. Discovery-nyň müdirler geňeşi Paramount Skydance kompaniýasynyň 108,4 mlrd dollara holdingi satyn almak teklibini ret etdi diýip, Reuters agentligi habar berýär. Kompaniýanyň ýolbaşçylygy paýdarlary gymmatly kagyzlary her paý üçin 30 dollar bahadan satmazlyga we Netflix bilen şertnama taýýarlanmagy dowam etdirmäge çagyrdy
19.12.2025 09:16
16k+
Messä Hindistanda 1,1 mln dollarlyk seýrek sagat sowgat berildi: dünýäde olar bary-ýogy 12 sany
«Inter Maýami» futbol klubunyň argentinaly hüjümçisi Lionel Messi Hindistana eden sapary wagtynda bahasy 1,1 mln dollardan gowrak bolan eksklýuziw Richard Mille RM 003-V2 GMT Tourbillon 'Asia Edition' sagadyny sowgat aldy
18.12.2025 23:57
1.8k+
Aşgabatda Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň mejlisi geçirildi
17-nji dekabrda Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň mejlisi geçirildi. Onda şu ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi. Utgaşykly görnüşde geçirilen mejlise türkmen we awstriýa tarapyndan toparyň agzalary gatnaşdylar
18.12.2025 23:22
1.3k+
Silent Hill f oýny The Horror Game Awards 2025 dabarasynda «ýyllyň horrory» boldy
Silent Hill f kompýuter oýny The Horror Game Awards 2025-de dört baýrak alyp, dabaranyň esasy ýeňijisi boldy. Taslama «Ýylyň horrory» hökmünde baş tituly aldy. Şu ýyl dabara tomaşaçylaryň gatnaşmagynda ýüzbe-ýüz geçirildi
18.12.2025 23:16
4.7k+
Dünýäniň sport paýtagty statusy resmi taýdan Bakuwa geçdi
Baku 2026-njy ýyl üçin «Dünýäniň sport paýtagty» statusyna mynasyp boldy. Degişli çözgüt Ýewropanyň sport paýtagtlarynyň we şäherleriniň federasiýasy (ACES) tarapyndan kabul edildi diýip, AzerTaj agentligi habar berýär
18.12.2025 23:14
4.4k+
Müsüriň Aýn-Sohna porty dünýäde iň çuň emeli duralga diýlip ykrar edildi
Müsürdäki Aýn-Sohna porty gury ýerde döredilen dünýäde iň çuň emeli port akwatoriýasynyň eýesi hökmünde resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Duralganyň çuňlugy 19 metre barabar diýip, Al-Ahram Establishment habar berýär
18.12.2025 23:12
5k+
FIFA bahalar tankytlanandan soň DÇ-2026 üçin käbir petekleriň bahalaryny arzanlatdy
Halkara futbol federasiýasy (FIFA) 2026-njy ýylyň dünýä çempionaty üçin petekleriň täze arzan kategoriýasyny girizdi. Bu guramanyň baha syýasatynyň ýiti tankytlanmagynyň netijesi boldy. «Janköýerler üçin giriş petegi» atly täze kategoriýa boýunça petek bahasy 60 dollar bolar
18.12.2025 23:03
2.5k+
OpenAI täze ChatGPT Images surat generatoryny işe girizdi
OpenAI kompaniýasy tekst beýany boýunça surat döretmek we redaktirlemek üçin GPT-5.2-niň esasynda täze ChatGPT Images modelini işe girizdi. Esasy maksat jikme-jiklikleri saklap, suratlary mümkin boldugyndan hakyky ýaly etmekden ybarat
18.12.2025 22:53
2.7k+
Olimpiadany geçirmegiň bahasy näçe? Pariže ol 2,8 mlrd ýewro düşdi
Fransiýanyň Meýilnamalaşdyryş boýunça ýokary komissiýasy 2024-nji ýylda Parižde geçirilen Olimpiýa oýunlarynyň bahasyny 2,8 mlrd ýewro diýip hasaplady. Bu barada Europe 1 radiostansiýasy habar berdi. «2024-nji ýylda Parižde geçirilen Olimpiýa oýunlarynyň arassa bahasy Meýilnamalaşdyryş boýunça ýokary komissiýa tarapyndan 2,8 mlrd ýewro bilen bahalandyrylýar» — diýlip, radiostansiýanyň habarynda aýdylýar
18.12.2025 22:41
9.3k+
Gurbanguly Berdimuhamedow «Nicklaus» kompaniýasy bilen Awazada golf meýdançalaryny gurmak mümkinçiligini maslahatlaşdy
18-nji dekabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Nicklaus Сompanies» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jon Riz bilen duşuşdy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi. Duşuşygyň
18.12.2025 22:16
7.8k+
Hytaýly mekdep okuwçysy bir minutda 422 gezek ýüpde böküp, rekord goýdy
Hytaýyň Guandun welaýatyndan orta mekdebiň gyz okuwçysy bir minutda 422 gezek ýüpde böküp, täze dünýä rekordyny goýdy. Bu barada «Beýszin žibao» hytaý gazeti habar berýär. Üstünlik Uly aýlagyň Guandun-Gonkong-Makao sebitinde ýetginjekleriň arasynda açyk ýaryşyň deslapky tapgyrynyň dowamynda hasaba alyndy
18.12.2025 22:12
3.6k+
Nissan we Infiniti awtomobillerinde sesi sürüjiniň eşidişine görä sazlamak üçin funksiýa peýda boldy
Nissan kompaniýasy sesiň ýaňlanyşyny sürüjiniň eşidiş aýratynlyklaryna görä sazlamak üçin niýetlenen mugt Personalized Sound programmasyny işe girizdi. Hyzmat Google built-in multimedia ulgamy bilen üpjün edilen Nissan we Infiniti awtomobilleriniň eýeleri üçin Google Play dükanynda elýeterli boldy diýip, kompaniýanyň metbugat gullugy habar berdi
18.12.2025 22:07
2.9k+
Arheologlar Müsürde 4400 ýyllyk Gün ybadathanasyny tapdy
Kairiň golaýyndaky Abusir nekropolynda ýaşy, takmynan, 4400 ýyl bolan Gadymy Müsüriň Gün ybadathanasynyň harabalygy tapyldy. Bu ybadathana, çen bilen, b.e.öň 2420-nji ýyldan 2389-njy ýyl aralygynda V nesilşalygyň döwründe dolandyran faraon Niuserrä degişli bolupdyr
18.12.2025 22:00
2.6k+
Casio Honda-nyň «Formula-1-däki» ilkinji ýeňşiniň şanyna aýratyn sagat çykardy
Casio Honda markasynyň «Formula-1-däki» ilkinji ýeňşine bagyşlanan ýörite sagadyny hödürledi. Ýapon awtoöndürijisi bu çempionatda ilkinji gezek 1964-nji ýylda çykyş etdi. Ol öz ulagynyň şassisini we hereketlendirijisini özbaşdak işläp düzdi
18.12.2025 21:47
2.3k+
«Inter Maýami» Luis Suares bilen şertnamany 2026-njy ýyla çenli uzaltdy
Urugwaýly hüjümçi Luis Suares Esasy futbol ligasynyň (MLS) «Inter Maýami» kluby bilen täze şertnama baglaşdy. Ylalaşyk 2026-njy ýylyň ahyryna çenli hereket edýär diýip, toparyň metbugat gullugy habar berdi. 38 ýaşly hüjümçi amerikan klubunda 2024-nji ýyldan bäri çykyş edýär
18.12.2025 18:23
4.1k+
Hytaýyň “Týangun” orbital stansiýasyna zeper ýetenden soň, onda gorag panelleri gurnaldy
Hytaýyň “Týangun” orbital stansiýasynda kosmos galyndysynyň kiçijik böleginiň üç kosmonawty dokuz günläp "gabap" saklan hadysasyndan takmynan bir aý soň, ekipaž stansiýanyň gurluşyna üýtgeşmeler girizmäge başlady diýip, CGTN döwlet teleýaýlym ulgamy habar berýär
18.12.2025 13:23
6.5k+
Dünýäde iň uly elektrik gämisi Tasmaniýada ilkinji synaglardan üstünlikli geçdi
Awstraliýanyň Incat Tasmania gämi gurluşyk kompaniýasy tarapyndan gurlan we doly elektrik energiýasy bilen işleýän dünýäde iň uly gämi Tasmaniýanyň Hobart şäherinde ilkinji suw synaglaryny üstünlikli tamamlady
18.12.2025 13:22
9.1k+
Fotosuratçy ilkinji gezek bir kadrda iki seýrek atmosfera hadysasyny - «elfi» we «spraýty» surata düşürdi
Italiýaly fotosuratçy Walter Binotto bir suratda örän seýrek duş gelýän iki atmosfera hadysasyny: gyzyl spraýty we «elfi» surata düşürmegi başardy. Özboluşly kadr noýabryň ahyrynda Possanýo şäheriniň golaýynda düşürildi
18.12.2025 13:21
1.9k+
Nvidia dolandyryş hili boýunça kompaniýalaryň reýtinginde Apple-den öňe geçdi
Grafiki çip öndürijisi Nvidia Corp. dolandyryş hili boýunça iň gowy amerikan kompaniýalarynyň reýtinginde birinji orny eýeledi. Bu reýting The Wall Street Journal neşiri üçin Klermont uniwersitetiniň Draker instituty tarapyndan düzüldi
«
1
…
138
139
140
…
1118
»
«
1
…
135
136
137
138
139
140
141
142
143
…
1118
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.