Saýlanan şäher
27 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Habarlar
Baş sahypa
/
Habarlar
18.12.2025 13:11
8.6k+
«PSŽ» penalti tapgyrynda FIFA-nyň Yklymara kubogyny utdy: Safonow 4 topy yzyna gaýtardy
«Pari Sen-Žermen» taryhda ilkinji gezek FIFA-nyň Yklymara kubogynyň eýesi boldy. Ol Braziliýanyň «Flamengo» klubuny oýundan soňky penalti tapgyrynda utdy. Er-Raýýanda (Katar) geçirilen duşuşygyň esasy we goşmaça wagty 1:1 hasabynda deňme-deň tamamlandy, 11 metrlikden gol geçirmekde bolsa parižliler güýçli geldi – 2:1
18.12.2025 12:56
2.7k+
Türkmenistanda oba hojalygynda biotehnologiýalara bagyşlanan II halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
Türkmen oba hojalyk institutynda «Oba hojalyk pudagynyň durnukly ösüşinde biotehnologiýalaryň orny» atly sanly ulgam arkaly II halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Institutyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, forum ýurdumyzyň agrar-senagat toplumyny tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança öwrüldi
18.12.2025 12:49
3.3k+
Reuters: Tesla-nyň direktorlar geňeşiniň agzalary höweslendirmeleriň hasabyna 3 milliard dollardan gowrak gazandylar
Tesla kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzalary 2004-nji ýyldan bäri, esasan, paýnama opsionlary görnüşinde jemi 3 milliard dollardan gowrak sylag gazandylar. "Equilar" kompaniýasynyň hasaplamalaryna esaslanyp, "Reuters" agentligi şeýle maglumat berýär
18.12.2025 12:17
5.3k+
Volkswagen kompaniýasy 88 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek Germaniýadaky zawodyny ýapar
Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijisi bolan Volkswagen kompaniýasy Drezdendäki zawodynda önümçiligi togtatmagy meýilleşdirýär diýip, "Financial Times" gazeti habar berýär. Bu kompaniýanyň 88 ýyllyk taryhynda Germaniýanyň çäginde önümçiligiň ilkinji gezek togtadylmagy bolar
18.12.2025 11:52
3.8k+
Usman Dembele IFFHS tarapyndan 2025-nji ýylyň iň gowy futbolçysy diýlip ykrar edildi
Fransiýanyň milli ýygyndysynyň we «Pari Sen-Žermen» klubunyň hüjümçisi Usman Dembele Halkara futbol taryhy we statistika federasiýasy (IFFHS) tarapyndan geçirilen ses berişligiň netijesi boýunça 2025-nji ýylyň iň gowy futbolçysy diýlip ykrar edildi
18.12.2025 11:45
12k+
Türkiýäniň Mermer deňziniň suwy gysga wagtyň içinde kenardan 20 metr çekildi
Türkiýäniň Tekirdag welaýatynyň Marmaraereglisi şäheriniň ýaşaýjylary Mermer deňziniň suwunyň kenarýakadan birden 20 metr çekilendigi barada habar berdiler. Netijede, 16-njy dekabrda kenarýakada çäge adajyklary emele geldi diýip, Haberturk teleýaýlymy habar berýär
18.12.2025 11:38
5.3k+
Fransiýada Ýewropanyň iň uzyn şäher asma ýoly işläp başlady
Fransiýanyň Il-de-Frans sebitinde ilkinji şäher asma ýoly resmi taýdan açyldy. Ol Ýewropada iň uzyn şäher asma ýoly boldy. Câble C1 adyny alan bu ýol Wal-de-Marn departamentinde Kreteý we Wilnýow-Sen-Žorž şäherlerini birleşdirýär diýip, BFTMV habar berýär
18.12.2025 11:37
9.3k+
Ýaponiýadaky iň soňky pandalar ýurtdan gidýär
2026-njy ýylyň ýanwar aýynyň ahyrynda Tokio haýwanat bagyndan iki ekiz panda Hytaýa äkidiler. Olar gidenden soň Ýaponiýa ýarym asyrda ilkinji gezek pandasyz galar diýip, Kyodo agentligi habar berýär. Tokio haýwanat bagy pandalaryň Hytaý bilen hereket edýän şertnamanyň esasynda iberilýändigini, çünki daşary ýurtda doglandygyna garamazdan ähli pandalaryň kanuny taýdan HHR-e degişlidigini nygtady
18.12.2025 11:29
21k+
ABŞ bilen Türkmenistanyň arasyndaky wiza düzgünlerine ýeňillikler girizildi
Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkmenistanyň raýatlarynyň immigrasiýa däl wizalaryň B-1, B-2, B-1/B-2, F, M we J kategoriýalary boýunça ABŞ-a girmegine goýlan çäklendirmeleri ýatyrdy. Degişli üýtgeşmeler 2025-nji ýylyň dekabr aýynda neşir edilen Ak Tamyň täzelenen Kararynda berkidildi
18.12.2025 11:06
1.8k+
Türkmenistanyň Prezidenti Kataryň Emirini ýurduň Milli güni bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutany hatynda
18.12.2025 09:56
12k+
Serdar Berdimuhamedow 10 sany ýaş aýdymçyny Bitaraplygyň ýubileý nyşanlary bilen sylaglady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýaş aýdymçylary «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy» atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Karara çekdi. Kararda bellenilişi ýaly, sylaglar ýurdumyzda
18.12.2025 09:49
9.2k+
Göwher Hojimyradowa 2025-nji ýylda “Ýylyň parlak ýyldyzy” döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi boldy
17-nji dekabrda Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda “Ýylyň parlak ýyldyzy” atly aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynyň netijeleri, esasan, tomaşaçylaryň berýän seslerine gönüden-göni baglydyr
18.12.2025 09:35
9.9k+
Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Ýaponiýa bardy
17-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň birinji sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Ýaponiýa ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar
17.12.2025 16:51
2.3k+
Merriam-Webster «slop» sözüni 2025-nji ýylyň sözi diýip atlandyrdy
Merriam-Webster amerikan sözlügi «slop» adalgasyny 2025-nji ýylyň sözi diýip ykrar etdi. Ol jikme-jik «ýuwundy» diýlip terjime edilýär, ýöne häzirki günde, esasan, emeli aň tarapyndan döredilen pes hilli kontenti aňlatmak üçin ulanylýar
17.12.2025 16:49
4k+
Portugaliýanyň Gran-prisi 2027-nji ýylda «Formula-1-iň» senenamasyna gaýdyp geler
Portugaliýanyň Gran-prisi 2027-nji we 2028-nji ýyllarda «Formula-1» çempionatynyň senenamasyna gaýdyp geler. Degişli ikiýyllyk şertnama ýurduň hökümeti bilen baglaşyldy diýlip, patyşalyk ýaryşlarynyň resmi saýtynda habar berilýär
17.12.2025 16:43
5.1k+
Jeep Wrangler ýolsuz awtoulagy ak reňkli radiator gözenegi bolan ýörite nusgada çykaryldy
Jeep kompaniýasy Wrangler modeliniň "Whitecap" diýlip atlandyrylan täze ýörite wersiýasyny hödürledi. Bu seriýa özboluşly stili we könäni ýatladýan dizaýny, esasanam, kuzowynyň esasy elementlerinde ak reňkli bezegleriň ulanylmagy bilen tapawutlanýar
17.12.2025 16:35
9.7k+
Arheologlar Müsüriň kenarynda 2000 ýyllyk "ýahta" tapdylar
Ýewropanyň Suwasty Arheologiýa Institutynyň (IEASM) ylmy işgärleri takmynan 2000 ýyl mundan ozal Aleksandriýa portunyň golaýynda gark bolan gezelenç gämisiniň galyndylaryny tapdylar. Gurluşy we maksady boýunça bu tapyndyny häzirki zaman superýahtalary bilen deňeşdirip bolýar
17.12.2025 16:30
7.4k+
Hytaýyň polisiýasy ulaglar barada maglumat berýän emeli aňly äýnekleri ulanmaga başlady
Hytaýyň Çanşa şäherindäki ýol polisiýasy ulaglary barlamak işini çaltlaşdyrmak maksady bilen, emeli aň (EA) bilen üpjün edilen akylly äýnekleri ulanmaga başlady. Täze enjamlaryň kömegi bilen ofiserler ulaga diňe bir gezek göz aýlamak arkaly, birnäçe sekuntda ol barada doly maglumat alyp bilýärler
17.12.2025 16:25
2.6k+
Chevrolet ABŞ-nyň 250 ýyllygyna “watançylyk” Corvette Stars&Steel superkaryny bagyşlady
Amerikanyň Chevrolet awtoulag kompaniýasy ABŞ-nyň 250 ýyllygy mynasybetli çäkli mukdardaky (limited edition) Corvette Stars&Steel seriýasyny tanyşdyrdy. Ýubileý neşiri bu modeliň dürli görnüşlerine, şol sanda 1250 at güýjüne eýe bolan iň güýçli ZR1X super-gibridine esaslanýar
17.12.2025 16:21
2.4k+
Ferdinand Porşeniň 90 ýaş toýuna ýörite Porsche 911 GT3 bagyşlandy
Porsche kompaniýasy 911 GT3 superkarynyň "90 FA" diýlip atlandyrylan ýörite nusgasyny tanyşdyrdy. Bu model ilkinji Porsche 911-iň keşbini döreden meşhur dizaýner Ferdinand Aleksandr Porşeniň 90 ýaşyna bagyşlandy
17.12.2025 15:54
12k+
«Subut eder ýaly zat galmady…»: Terens Krouford karýerasyny tamamlady
Ýeňilmedik amerikaly boksçy, bäş agram derejesinde dünýä çempiony Terens Krouford professional karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi. Türgen Bütindünýä boks assosiasiýasynyň (WBA), Bütindünýä boks guramasynyň (WBO), Halkara boks federasiýasynyň (IBF) we The Ring žurnalynyň titullarynyň eýesi bolmak bilen, 38 ýaşynda boksdan gidýär
17.12.2025 15:52
3.1k+
«Köpüň biri» serialy Apple TV-de iň meşhur serial boldy
Täze «Köpüň biri» serialy (Pluribus) Apple TV striming platformasynda iň meşhur serial boldy. Taslama tomaşa sany boýunça platformanyň «Bölünişik», «Ted Lasso» we «Säher şüweleňi» ýaly meşhur taslamalaryndan öňe geçdi
17.12.2025 15:49
10k+
Iliýa Topuriýa şahsy meseleleri sebäpli UFC-niň titulyny goramakdan ýüz öwürdi
Ispan-gruzin söweşijisi, ýeňil agramda UFC-niň çempiony Iliýa Topuriýa maşgala meseleleri sebäpli tituly goramajakdygyny aýtdy. Bu barada ol sosial ulgamlarda ýerleşdirilen resmi habarda mälim etdi. Söweşijiniň aýtmagyna görä, onuň gelen netijesi şahsy howpsuzlygyna, maşgalasyna we abraýyna howp salýan ýagdaýlar bilen baglanyşykly
17.12.2025 12:33
2.8k+
Meraýýa Keri 2026-njy ýylyň Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyşynda çykyş eder
Amerikaly aýdymçy Meraýýa Keri 2026-njy ýylyň Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda çykyş eder diýip, Oýunlaryň guramaçylyk komiteti öz resmi sahypasynda yglan etdi. Çäre 6-njy fewralda Milandaky meşhur “San-Siro” stadionynda geçiriler
17.12.2025 12:28
2.4k+
Türkmenistanyň DIM-nde Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi
15-nji dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň, aýratyn-da, medeni-ynsanperwer ugurda hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini bellediler
17.12.2025 12:24
1.8k+
Türkmenistan BMG-niň Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň 11-nji Ählumumy forumyna gatnaşdy
14-nji dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde geçirilýän Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň (UNAOC) 11-nji Ählumumy forumyna gatnaşdy
17.12.2025 12:19
4.4k+
ÝHHG türkmen blogçylary we mazmun döredijileri üçin gysga möhletli okuw geçirdi
ÝHHG-niň Aşgabat merkezinde ýörite ýerli blogçylara we mazmun döredijilere niýetlenen metbugat hem hukuk sowatlylygy boýunça gysga möhletli okuw geçirildi. "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiriniň habar bermegine görä, milli alyp baryjylaryň we halkara Gazagystandan bilermen Adil Jalilowyň gatnaşmagynda geçirilen bu çärede jemgyýetçilik pikirini döredýänleri taýýarlamagyň strategik ähmiýeti nygtaldy
17.12.2025 12:14
7.4k+
Türkmenistanly mekdep okuwçysy Almatyda geçirilen AMAKids olimpiadasynda ýeňiji boldy
Türkmenistanly mekdep okuwçysy Baýmuhammet Annamuhammedow "International Mental Arithmetic & English Language Olympiad – Independence Cup" (Halkara mental arifmetika we iňlis dili olimpiadasy – Garaşsyzlyk kubogy) atly halkara ýaryşynda ýeňiş gazandy
17.12.2025 12:05
4.7k+
Türkmenistandan üç startap Digital StartUp Awards bäsleşiginde maýa goýum almagy başardy
Daşkent şäherinde geçirilen "Digital StartUp Awards" bäsleşiginiň Incubation Track tapgyrynyň jemleýji gününde (Demo Day) Türkmenistanyň üç startapy — Hiňlen, Zootel we Opportunities Nearby — her biri 10 000 dollar möçberinde maýa goýum serişdelerini almaga hukuk gazandylar
17.12.2025 11:58
6.8k+
Türkmenistan Owganystan boýunça Tähranda geçirilen maslahatlara gatnaşdy
Türkmenistan 14-nji dekabrda Tähranda Owganystan boýunça geçirilen ýokary derejeli sebit duşuşygyna gatnaşdy. Maslahatyň esasy maksady — ýurtdaky ýagdaýy kadalaşdyrmak üçin sebitara çemeleşmeleri utgaşdyrmakdan ybarat boldy
17.12.2025 11:49
2.5k+
Türkmenistan türki dilli döwletleriň birinji küşt çempionatyna gatnaşdy
Türkiýäniň Gaziantep şäherinde 16 ýaşa çenli türgenleriň arasynda türki dilli döwletleriň birinji küşt çempionaty tamamlandy. Türki döwletleriň guramasynyň howandarlygynda 13-nji dekabrda geçirilen ýaryşa Azerbaýjanuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň ýygyndy toparlary we Türkiýeden üç topar gatnaşdy
17.12.2025 11:43
12k+
Türkmenistanda harby okuw mekdeplerine 2026‑2027 okuw ýyly üçin kabul edişlik yglan edildi
Türkmenistanyň Goranmak ministrligi 2026‑2027 okuw ýyly üçin Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby instituta hem-de ýöriteleşdirilen harby okuw mekdeplerine kabul edişligiň başlanandygyny yglan etdi. Harby instituta kabul edişlik Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby instituta orta bilimi bolan Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär
17.12.2025 11:24
2.2k+
Sanly hyzmatlary eksport edýän iň iri ýurtlaryň sanawy düzüldi: bazaryň göwrümi 4,8 trillion dollara ýetdi
Geçen ýyl dünýäde sanly hyzmatlaryň eksporty 4,8 trillion dollara ýetdi. Bu görkeziji global hyzmatlar eksportynyň umumy göwrüminiň üçden iki böleginden gowragyny düzýär. Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) maglumatlaryna görä düzülen 30 sany öňdebaryjy ýurduň sanawynda ABŞ birinji orny eýeledi
17.12.2025 11:16
2.8k+
Astronomlar ilkinji gezek Günüň daşky serhediniň kartasyny çyzdylar
Astronomlar ilkinji gezek Günüň atmosferasynyň daşky serhediniň — Alwen üsti (Alfvén surface) hökmünde tanalýan zolagyň yzygiderli iki ölçegli kartasyny düzdüler. Bu serhet Gün şemalynyň magnit tolkunlarynyň tizliklerinden geçip, yzyna dolanmaz ýaly Günüň täsirinden çykýan we planetalarara giňişlige ýaýraýan sebitidir
17.12.2025 11:12
4.5k+
Türkmen alymlary çölleşmä garşy göreşmek üçin bionanokompozit material döretdiler
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologik parkynyň hünärmenleri gumuň göçmegi we çölleşmek meseleleri boýunça ylmy-barlag işlerini geçirdiler. Bu ylmy-barlag işleriniň çäklerinde sianobakteriýalaryň biomassasy esasynda dökülýän çägeleri berkitmek we olaryň göçmeginiň öňüni almak üçin bionanokompozit material (BNKM) döredildi
17.12.2025 11:06
4.2k+
Xiaomi 2026-njy ýylda onlarça meşhur smartfon modelini goldamagy bes eder
Xiaomi kompaniýasy 2022–2023-nji ýyllarda çykarylan köp sanly meşhur smartfon modelleri üçin howpsuzlyk täzelenmelerini bermegi bes etmegi meýilleşdirýär. Olaryň goldawy 2026-njy ýylda doly tamamlanar. End of Life (EOL), ýagny hyzmat möwritiniň tamamlanmagy statusy, hususan-da, aşakdaky enjamlara berler: Xiaomi: Xiaomi 12, 12 Pro, 12X, 12 Lite, Xiaomi 12T we 12T Pro
17.12.2025 11:02
3.7k+
Pikassonyň "Aýalyň kellesi" atly kartinasy haýyr-sahawat lotereýasynda oýnalar
2026-njy ýylyň 14-nji aprelinde "100 ýewro bir Pikasso" (1 Picasso for 100 Euros) atly halkara haýyr-sahawat çäresi geçiriler diýip, Hypebeast neşiri habar berýär. Çäräniň baş baýragy — Pablo Pikassonyň 1941-nji ýylda döreden "Aýalyň kellesi" ("Tête de femme") atly eseri bolar
17.12.2025 10:58
4.5k+
Režissýor Jeýms Kemeron dollar milliarderine öwrüldi
Forbes neşiri amerikaly režissýor Jeýms Kemerony resmi taýdan milliarder hökmünde ykrar etdi we onuň şahsy baýlygyny 1,1 milliard dollar möçberinde hasaplady. 1980-nji ýyllarda "Terminator" we "Gelmişekler" (Aliens) filmleri bilen karýerasyna başlan Kemeronyň döreden eserleri dünýäniň kassa ýygymynda jemi 9 milliard dollar toplady
17.12.2025 10:52
5.7k+
Pedri, Ýamal we Dembele FIFA-nyň simwolik toparyna girdi
«Barselonanyň» ispaniýaly oýunçylary Pedri we Lamin Ýamal, şeýle-de «Pari Sen-Žermeniň» fransiýaly hüjümçisi Usman Dembele Halkara futbol federasiýasy (FIFA) tarapyndan 2024/25 möwsüminiň simwolik toparyna girizildi
17.12.2025 10:36
1.9k+
«Ýyldyz söweşleriniň» ilkinji art-posteri rekord 3,9 mln dollara satyldy
«Ýyldyz söweşleri» älemini mahabatlandyrmak üçin döredilen ilkinji surat auksionda rekord 3,875 mln dollara satyldy. Bu barada Associated Press habar berýär. Art-poster franşiza bilen baglanyşykly ähli predmetler üçin täze rekord goýdy hem-de kinoafişa üçin döredilen iň gymmat hakyky eser boldy
«
1
…
139
140
141
…
1118
»
«
1
…
136
137
138
139
140
141
142
143
144
…
1118
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.