Saýlanan şäher
28 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Habarlar
Baş sahypa
/
Habarlar
16.12.2025 18:47
3.5k+
Ferrari-niň "çörek maşyny" italiýaly konstruktoryň hormatyna dikeldiler
ErreErre Fuoriserie firmasy ForGiotto atly adaty bolmadyk taslamanyň üstünde işläp başlandygyny yglan etdi. Bu wintaž sportkar meşhur dizaýner we konstruktor Jiotto Bizzarrinä bagyşlanandyr. Geljekki täze awtoulagyň daşky görnüşi Bizzarrini tarapyndan 1960-njy ýyllaryň başynda "Le Man" ýaryşlaryna gatnaşmak üçin dizaýn edilen, Ferrari 250 GT Breadvan ("çörek maşyny") özboluşly ýaryş awtoulagyny ýatladýar
16.12.2025 18:28
4.4k+
Iň gymmat McLaren F1 Abu-Dabide 25,3 million dollara satyldy
RM Sotheby's auksion öýi Abu-Dabidäki söwdalaryny McLaren F1 superkaryny $25,317,500 dollara satmak bilen tamamlady. CarBuzz neşiriniň maglumatlaryna görä, bu pul möçberi bu model üçin täze bahanyň rekordy bolup, öňki resmi maksimumdan 5 million dollara ýokarydyr
16.12.2025 18:18
2.4k+
Porsche Taýwanyň gözelliklerine özboluşly 911 Carrera bagyşlady
Porsche kompaniýasy Formosa diýlip atlandyrylan 911 Carrera T sport awtoulagynyň aýratyn nusgasyny hödürledi. Bu özboluşly awtoulagyň bezegi, taryhda portugaliýaly deňizçiler tarapyndan "owadan ada" diýmekligi aňladýan Formoza ady bilen tanalýan Taýwanyň tebigy gözelliklerine bagyşlanandyr
16.12.2025 17:46
5.4k+
Rolls-Royce-yň ewolýusiýasynyň 128 ýyllyk taryhy dört minutlyk wideo sygdyryldy
YouTube-daky Drive Morph kanaly Rolls-Royce meşhur awtoulag markasynyň taryhyny dört minutdan gowrak dowam edýän bir wideo roliginde jemledi. Film 1904-nji ýyldan 2032-nji ýyla çenli döwri öz içine alyp, brendiň ösüşiniň esasy tapgyrlaryny görkezýär
16.12.2025 17:18
2.9k+
Huawei Nova 15 smartfonlarynyň üç modelini yglan etdi we öňünden sargytlary alyp başlady
Huawei kompaniýasy öz onlaýn dükanynda täze Nova 15, Nova 15 Pro we Nova 15 Ultra smartfonlaryny hödürledi. Täze enjamlar üçin Hytaýda 15-nji dekabrda öňünden sargytlar kabul edilip başlandy, resmi satuwa çykarylşy bolsa 22-nji dekabrda geçiriler
16.12.2025 16:59
3.4k+
Türkmenistan San-Tome we Prinsipi bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy
Türkmenistan resmi taýdan San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasy bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Teswirnamana gol çekmek dabarasy 11-nji dekabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirildi
16.12.2025 16:51
1.6k+
Türkmenistanda Ekwatorial Gwineýanyň ilçisi işe başlady
15-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Ekwatorial Gwineýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Lusiano Nkogo Ndong Aýekabadan ynanç hatyny kabul etdi
16.12.2025 16:39
1.9k+
Serdar Berdimuhamedow Bahreýniň Patyşasyny ýurduň Milli güni bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa we ýurduň ähli halkyna Bahreýn Patyşalygynyň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Türkmenistan bilen
16.12.2025 16:28
3.3k+
Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidentini Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe we ýurduň ähli halkyna Gazagystanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Döwlet Baştutanynyň hatynda belleýşi ýaly, Gazagystan garaşsyz ösüş ýyllarynda döwlet gurluşyny kämilleşdirmekde we halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda uly işler bitirdi
16.12.2025 16:17
6.6k+
BAE-de 6 km uzaýan dronlaryň we feýerwerkleriň Täze ýyl şüweleňi taýýarlanýar
Ras-el-Haýma emirliginiň (BAE) ýolbaşçylary Ginnesiň rekordlar kitabyna girmäge dalaş etjek Täze ýyl şüweleňini geçirmek meýilnamalary barada habar berdi. Ýarygije geçiriljek 15 minutlyk şüweleň dünýäde iň uzyn şüweleňleriň biri bolar: ol Marjan adasyndan Al-Hamra aýlagyna çenli 6 kilometr uzalar diýip, Arabian Business neşiri habar berýär
16.12.2025 11:01
16k+
Baýramdurdy Nurmuhammedow Dubaýda geçirilen boks boýunça dünýä çempionatynda bürünç medal gazandy
Baýramdurdy Nurmuhammedow 71 kilograma çenli agram derejesinde boks boýunça dünýä çempionatynda Türkmenistana bürünç medal getirdi. Dubaýda geçirilen bu ýaryş dünýäniň iň güýçli türgenlerini jemläp, Halkara boks assosiasiýasynyň (IBA) howandarlygynda möwsümiň esasy wakalarynyň birine öwrüldi
16.12.2025 10:31
23k+
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny Bitaraplygyň ýubileý medaly bilen sylaglady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowy «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi
16.12.2025 10:23
12k+
Türkmenistanda Täze ýyl Baş arçasynyň yşyklary ýakyldy
15-nji dekabrda Aşgabatda ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy geçirildi. Baş arça Aşgabadyň gözel künjekleriniň biri bolan “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada oturdyldy. Aýazbabadyr
16.12.2025 09:53
11k+
KHBS: FIFA Argentinany 2026-njy ýylyň dünýa çempionatyndan çetleşdirip biler
Argentinanyň milli futbol ýygyndysy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň hataryndan çykarylyp bilner. Bolup biljek sanksiýanyň sebäbi Argentinanyň futbol assosiasiýasynyň (AFA) ýolbaşçylygy bilen baglylykda alnyp barylýan korrupsiýa garşy derňew işleri boldy diýip, ýerli La Nacion neşiri habar berýär
16.12.2025 09:48
8.9k+
Aýa bir sagatda üç meteorit baryp urdy
15-nji dekabra geçilen gije Aýyň üstüne üç meteoritiň gaçyşy hasaba alyndy. Hadysa bir sagatdan az wagtyň içinde bolup geçdi. Seýrek çaknyşma seriýasy iň kuwwatly meteor akymlarynyň biri bolan Geminidiň iň ýokary işjeňligi bilen baglanyşyklydyr diýip, ýaponiýaly astronom-höwesjeň Daiçi Fuji habar berdi
16.12.2025 09:38
4.2k+
Xiaomi uly tanyşdyryş taýýarlaýar: Xiaomi 17 Ultra, Redmi Turbo 5 we beýleki enjamlar görkeziler
26-njy dekabrda Xiaomi kompaniýasy “Xiaomi 17 Ultra” flagman smartfonyny we başga-da birnäçe täze önümleri görkezmek üçin uly tanyşdyryş çäresini geçirmegi meýilleşdirýär. Bu barada insaýder Digital Chat Station habar berdi
15.12.2025 23:17
32k+
Serdar Berdimuhamedow halkara ýaryşlarda ýeňiş gazanan türgenlere 2025-nji ýylyň Toyota Camry-lerini sowgat etdi
15-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda halkara sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolan ýaşlara hem-de olaryň tälimçilerine sylaglary gowşurdy
15.12.2025 23:00
13k+
Türkmenistanyň Prezidenti halkara ders bäsleşiklerinde ýeňiji bolan okuwçylara we talyplara pul baýragyny berdi
15-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda halkara ders bäsleşiklerinde we sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolan ýaşlara hem-de olaryň halypa mugallymlaryna we tälimçilerine sylaglary gowşurdy
15.12.2025 17:39
4.7k+
Türkiýe Somalide öz kosmodromynyň gurluşygyna başlady
Türkiýe Somaliniň çäginde kosmodrom gurmak işine girişdi. Bu desga ýurda öz raketa göterijilerini ulanmak mümkinçiligini berer diýip, Baykar awiagurluşyk kompaniýasynyň müdirler geňeşiniň başlygy Selçuk Baýraktar Stambulda geçirilen Take off tehnologiýa forumynda aýtdy
15.12.2025 17:38
14k+
Hindistanda goýy tüsse sebäpli 100-den gowrak awiagatnaw ýatyryldy, ýene 300 sanysy gijikdirildi
Hindistanda daş-töweregiň görünmezligine getiren we ulag gatnawlaryna zyýan ýetiren goýy tüsse sebäpli 100-den gowrak awiagatnaw ýatyryldy, ýene 300-e golaýy bolsa gijikdirildi. Nýu-Delide we onuň golaýyndaky sebitlerde ýagdaý has kynlaşdy, bu ýerde goýy zäherli tüsse ulag gatnawyny bökdedi diýip, NDTV habar berýär
15.12.2025 17:31
13k+
Win Dizel: Kriştianu Ronaldu üçin “Forsaž” kinofranşizasynda rol döredildi
Golliwudyň aktýory Win Dizel meşhur "Forsaž" kinofranşizasynda portugaliýaly futbolçy Kriştianu Ronaldu üçin rol döredilendigini mälim etdi. Filmiň baş gahrymany Dominik Torettonyň roly bilen tanalýan aktýor, bäş gezek “Altyn top” baýragynyň eýesi bolan futbolçy bilen bile düşen suratyny paýlaşdy
15.12.2025 17:21
8.8k+
Mbappe dünýäniň iň gymmat oýunçylarynyň sanawynda Ýamal we Holand bilen deňleşdi
Madridiň “Realynyň” we Fransiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kilian Mbappe dünýäniň iň gymmat futbolçysy boldy. Bu “Transfermarkt” portaly tarapyndan Ispaniýanyň çempionatynyň oýunçylarynyň bazar bahasy boýunça täzelenen maglumatlardan gelip çykýar
15.12.2025 17:03
8.9k+
Tanis şäherinden tapylan 225 heýkeljik mazarda ýatan faraonyň adyny anyklamaga ýardam etdi
Arheologlar Nil deltasyndaky gadymy Tanis şäherinde ýerleşýän şa mazaryndan 225 sany jaýlamak üçin niýetlenen heýkeljik tapdylar. Bu artefaktlaryň ýüzündäki nyşanlar atsyz sarkofagda ýatan merhumyň şahsyýetini anyklamaga mümkinçilik berdi: ol faraon Şeşonk III bolup çykdy
15.12.2025 16:57
1.8k+
"Superdoganlar Mario" filminiň dowamynyň täze tizeri çykdy
Illumination we Universal Pictures kino kompaniýalary meşhur "Superdoganlar Mario. Film" filminiň dowamy bolan "The Super Mario Galaxy Movie" atly animasion filmiň täze tizerini hödürlediler. Wideoda Mario bilen Luijiniň franşizanyň esasy garşydaşy bolan Bouzeriň ogly Bouzer-kiçi bilen arasyndaky söweş görkezilýär
15.12.2025 16:48
3.7k+
DC Milli Elkogyň baş rolda oýnamagynda "Supergyzyň" ilkinji treýlerini görkezdi
Warner Bros. we DC Studios 2026-njy ýylyň 26-njy iýunynda görkezilmegi meýilleşdirilýän "Supergyzyň" ("Supergirl") ilkinji treýlerini tanyşdyrdy. Film Tom Kingiň "Supergyz: Ertirki günüň zenany" atly komiksy esasynda düşürilýär
15.12.2025 16:39
2.3k+
Android-de ýagdaýy çalt seljermek üçin dessin gulluklar bilen wideojaň mümkinçiligi giriziler
Google kompaniýasy Android Emergency Live Video funksiýasyny yglan etdi. Bu funksiýa Android smartfonlarynyň eýelerine öz enjamlarynyň kamerasyndan dessin kömek gulluklarynyň dispetçerlerine göni wideony ýaýratmaga mümkinçilik berýär
15.12.2025 16:34
2.6k+
Çiliniň Prezident saýlawlarynda konserwator Hose Antonio Kast ýeňiş gazandy
Çilide geçirilen Prezident saýlawlarynda Respublikan partiýasyndan ultrakonserwatiw dalaşgär Hose Antonio Kast ýeňiş gazandy. 99%-den gowrak býulleteni sanamagyň netijesi boýunça, ol saýlawçylardan 58,16% ses aldy diýip, ýurduň saýlaw gullugynyň maglumatlaryna salgylanyp, The Guardian ýazýar
15.12.2025 16:13
9.9k+
Ruandadan ýaş gorilla 2025-nji ýylyň iň gülkünç suratynyň gahrymany boldy
Londonyň OXO galereýasynda ýabany tebigatyň gülkünç suratlaryna bagyşlanan Nikon Comedy Wildlife Awards 2025 bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Şu ýyl bäsleşige 108 ýurtdan 10 000 töweregi iş gelip gowuşdy we olardan emin agzalary 45 finalçyny saýlady
15.12.2025 15:14
2.4k+
Jorj Oruelliň powesti boýunça “Haýwanlar fermasy” multfilminiň treýleri çykdy
Angel YouTube kanalynda “Haýwanlar fermasy” (Скотный двор) multfilminiň treýleri hödürlendi. Animasion film Jorj Oruelliň adybir powestine esaslanýar. Taslamanyň režissýory bolup Endi Serkis (“Maugli”, “Wenom-2”) çykyş edýär
15.12.2025 15:06
4.8k+
400 müň ýyllyk oduň yzy tapyldy: neandertallar Homo sapiens-den has öň ot ýakypdyr
Arheologlar Suffolk graflygyndaky arheologik ýadygärligiň çäginde adamlaryň 400 müň ýyl mundan ozal – öňki hasap edilenden tas 350 müň ýyl ir ot ýakmagy öwrenendigine subutnama tapdy. Ylmy gözleg Nature žurnalynda neşir edildi
15.12.2025 15:03
4.9k+
Disney multfilmleriň nähili döredilýändigini görkezdi
Disney “Haýwanlar şäheri-2”, “Moana” we “Doňan ýürek” multfilmleriniň mysalynda studiýanyň animasion filmleriniň dörediliş prosesini görkezýän “Biz muny nädip edýäris” (What we Do) onlaýn-portalyny işe girizdi
15.12.2025 14:58
2k+
Huawei-niň flagman Mate X7 eplenýän smartfony halkara bazaryna çykdy
Täze flagman eplenýän smartfon Huawei Mate X7 noýabryň ahyrynda Hytaýda görkezilenden soň ilkinji gezek halkara bazaryna çykdy. Smartfon ykjamlygy, kuwwatlylygy we haýran galdyryjy goragy bilen tapawutlanýar. Smartfon diňe bir wersiýada hödürlenýär: 16 GB operatiw we 512 GB hemişelik ýat
15.12.2025 14:52
1.4k+
ChatGPT App Store-da iň köp ýüklenen mugt programmalaryň sanawynda birinji boldy
Apple 2025-nji ýylda App Store-da iň köp ýüklenen mugt programmalaryň reýtingini hödürledi. Sanawda birinji orny OpenAI-iň ChatGPT çat-boty eýeledi. Hyzmat sekuntda 30 müňden gowrak habary gaýtadan işleýär. Uly ýaşly ulanyjylaryň köpüsi adaty gözleg ulgamlarynyň deregine çat-boty maglumat gözlemek üçin işjeň ulanýar
15.12.2025 14:50
6.5k+
Johnson & Johnson saglyk üçin howply çaga prisypkasy sebäpli $40 mln tölemäge borçlandy
Los-Anjelesiň Ýokary kazyýeti Johnson & Johnson kompaniýasyny köp ýyllaryň dowamynda talk saklaýan çaga prisypkasyny ulanmagyň netijesinde ýumurtgalygyň rak keseline sezewar bolandygyny aýdan iki aýala 40 mln dollar tölemäge borçlandyrýan karary çykardy
15.12.2025 12:18
3.9k+
Türkmenistanda nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi
14-nji dekabrda Türkmenistanda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli Nebitgaz toplumynyň mejlisler zalynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda nebitgaz pudagynda ýetilen sepgitler” atly baýramçylyk maslahaty geçirildi
15.12.2025 12:11
12k+
Dünýäde iň köp satylan awtomobil brendleriniň reýtingi çap edildi: Toyota — lider, BYD top-5-de
Toyota 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda awtomobil satuwynyň möçberi boýunça ägirt uly artykmaçlygy saklaýar – Ýaponiýanyň awtoägirdi 4,73 million sany ulag satdy (ýyllyk görkezijide 6% ösüş). Şol bir wagtda Hytaý öndürijileri BYD we Geely reýtingde öz orunlaryny ep-esli berkitdiler
15.12.2025 12:03
2.6k+
Britaniýaly heýkeltaraş gan öýjüginiň ululygyndaky heýkeli döretdi
Britaniýaly heýkeltaraş Dewid Lindon (David Lyndon) dünýäde el bilen ýasalan iň kiçi iş hökmünde täze rekord goýan "Sary smaýlik" atly täze mikroskopiki heýkelini hödürledi. Ýylgyrýan şary ýatladýan miniatýuranyň ölçegleri bary-ýogy 11,037 we 12,330 mikrona deňdir
15.12.2025 11:56
4.5k+
Kebelek ganatlaryndaky ýylanlar we möý duzagy: Royal Society Publishing - 2025 fotosurat bäsleşiginiň netijeleri
Royal Society Publishing — 2025 halkara ylmy fotosurat bäsleşiginiň 2025-nji ýyldaky eminleri iň gowy işleri saýladylar. Finalçylar ylmy temalaryň giň palitrasyny — ýabany tebigatdan başlap, howa şertlerini we nerw öýjükleriniň gurluşyny synlamaga çenli görkezdiler
15.12.2025 11:34
6.3k+
Afrika pingwinleriniň sany 95% azaldy: 2036-njy ýyla çenli olar ýok bolup biler
Afrikadaky pingwinleriň ýeke-täk görnüşi Günorta Afrikanyň kenarýaka suwlarynda balyklaryň düýpli azalmagy sebäpli ýok bolmagyň bärsine bardy. Häzirki ýagdaý saklansa, bu görnüş 2036-njy ýyla çenli ýok bolup biler
15.12.2025 11:29
2.8k+
Smartfonlar çagalarda depressiýa we semizlik howpuny ýokarlandyrdy
Çaganyň smartfon bilen ir tanyşmagy alymlarda uly howatyrlanma döredýär: amerikaly hünärmenleriň täze barlaglary bu enjamy ele almak ýaşynyň we ýetginjeklerde depressiýa, semizlik we ýeterliksiz ukynyň artmak howpunyň arasynda aladalandyryjy baglanyşygy ýüze çykardy
«
1
…
141
142
143
…
1118
»
«
1
…
138
139
140
141
142
143
144
145
146
…
1118
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.