Kofe içmäge baglanan ýurtlar: 2025-nji ýylyň global reýtingi
27.11.2025 12:03
7.1k+

Kofe içmäge baglanan ýurtlar: 2025-nji ýylyň global reýtingi

Dünýäde kofe bazary ösmegini dowam etdirýär, ýöne bu gurplandyryjy içgini sarp etmegiň endikleri sebitden sebitde juda tapawutlanýar. Mysal üçin, Demirgazyk Ýewropa döwletleri köne kofe däp-dessurlary we ýokary ýaşaýyş derejesi sebäpli, jan başyna içilen kofeniň mukdary boýunça öňdebaryjy bolmagynda galýarlar
British Photography Awards 2025-iň emin agzalary suw jandarlarynyň iň täsirli suratlaryny görkezdiler
27.11.2025 11:53
5.1k+

British Photography Awards 2025-iň emin agzalary suw jandarlarynyň iň täsirli suratlaryny görkezdiler

British Photography Awards 2025 baýragynyň emin agzalary “Suw jandarlary” kategoriýasynda ýeňiji bolanlaryň we finala çykanlaryň suratlaryny görkezdi. Saýlama suratlar suwasty jandarlaryň köpdürlüligini we tebigat bilen ýabany gurşawyň arasyndaky seýrek duş gelýän pursatlary surata düşürmegi başaran suratçylaryň döredijilikli çemeleşmesini görkezýär
Täze Zelandiýada gülgüne reňkli çekirtge tapyldy: bu onuň durmuşyny kynlaşdyrar
27.11.2025 11:44
5.8k+

Täze Zelandiýada gülgüne reňkli çekirtge tapyldy: bu onuň durmuşyny kynlaşdyrar

Täze Zelandiýanyň Ýabany haýwanat dünýäsini goramak departamentiniň hünärmenleri Sigaus robustus görnüşine degişli gülgüne çekirtgäni tapdylar. Beýle üýtgeşiklik tebigatda örän seýrek duş gelýär. Emma şeýle açyk reňkiň howply tarapy hem bar – ol çekirtgäni ýyrtyjylara mese-mälim edip görkezýär
Rumyniýada dinozawr süňkleriniň uly üýşmegi tapyldy
27.11.2025 11:28
6.1k+

Rumyniýada dinozawr süňkleriniň uly üýşmegi tapyldy

Paleontologlar Transilwaniýada ýerleşýän Haseg basseýninde (Rumyniýanyň demirgazyk-günbatar bölegi) ýaşy 72 million ýyllyk bolan dinozawrlaryň adaty däl baý mazarçylygyny tapdylar. Alymlar ululygy bäş inedördül metrden hem az meýdançada dinozawrlaryň 800-den gowrak süňküni, şol sanda birnäçe bölekleýin saklanyp galan skeletleri tapdylar
“Titanigiň” ýolagçysynyň altyn sagady auksionda rekord $2,33 milliona satyldy
27.11.2025 11:21
5.6k+

“Titanigiň” ýolagçysynyň altyn sagady auksionda rekord $2,33 milliona satyldy

“Titanigiň” ýolagçysynyň altyn jübi sagady Henry Aldridge and Son auksionynda $2,33 million dollara satyldy. The New York Times gazeti bu bahanyň meşhur gämi bilen baglanyşykly ýadygärlik zatlaryň arasynda rekord bolandygyny ýazýar
Gordon Murreýiň täze superkary auksionda rekord $20,63 milliona satyldy
27.11.2025 11:13
6.1k+

Gordon Murreýiň täze superkary auksionda rekord $20,63 milliona satyldy

Gordon Murreýiň S1 LM indeksli, gurnamaga meýilleşdirilen ilkinji superkarlaryndan biri (Gordon Murray Special Vehicles tarapyndan) geçen dynç günlerinde Las-Wegas Gran-pri-synyň çäklerinde auksionda satyldy. RM Sotheby's tarapyndan guralan auksionda kupe üçin $20,630,000 dollar tölendi
Internete arzan iPhone 17e-niň häsiýetnamasy ýaýradyldy: kesiksiz, Dynamic Island-ly
27.11.2025 11:04
4.2k+

Internete arzan iPhone 17e-niň häsiýetnamasy ýaýradyldy: kesiksiz, Dynamic Island-ly

2026-njy ýylyň ýazynda 17-nji hataryň iň arzan aýfony bolan iPhone 17e-niň çykmagyna garaşylýar. Pudagyň seljerijisi Jeff Pu eýýäm smartfonyň nähili boljakdygyny anyklady. Onuň sözlerine görä, täzelenme düýpli bolar
“Emmi-2025” halkara baýragynyň ýeňijileri yglan edildi
27.11.2025 10:28
1.9k+

“Emmi-2025” halkara baýragynyň ýeňijileri yglan edildi

Nýu-Ýorkda “Emmi” halkara baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Adaty “Emmiden” tapawutlylykda bu baýrak ABŞ-dan daşary döredilen teletaslamalara we seriallara berilýär diýip, The Hollywood Reporter habar berýär
Alymlar ilkinji gezek biologik materiallar bolmazdan emeli beýni dokumasyny döretdi
27.11.2025 10:26
1.7k+

Alymlar ilkinji gezek biologik materiallar bolmazdan emeli beýni dokumasyny döretdi

Riwersaýddaky Kaliforniýa uniwersitetiniň bioinženerleri beýni dokumasyna meňzeş doly emeli dokumanyň döredilendigini habar berdi. Alymlara ilkinji gezek şeýle materialy hakyky biologik maddalary ulanmazdan döretmek başartdy
Huawei inçe korpusly we kuwwatly Mate X7 eplenýän smartfonyny hödürledi
27.11.2025 10:22
1.9k+

Huawei inçe korpusly we kuwwatly Mate X7 eplenýän smartfonyny hödürledi

Huawei kompaniýasy Mate 80 hatary bilen birlikde öz Mate X7 eplenýän smartfonyny tanyşdyrdy. Model täzelenen dizaýna we kämilleşdirilen kameralara eýe bolup, öňküsinden has inçe we berk boldy. Mate X7 durulygy Full HD+, täzelenme ýygylygy 120 Gs we ýagtylygy 3000 nite çenli bolan 6,49 dýuým diagonally daşky ekran bilen üpjün edildi
19 ýaşly özbegistanly Žawohir Sindarow küşt boýunça Dünýä kubogyny gazandy
27.11.2025 10:16
4.4k+

19 ýaşly özbegistanly Žawohir Sindarow küşt boýunça Dünýä kubogyny gazandy

Özbegistandan grossmeýster Žawohir Sindarow küşt boýunça Dünýä kubogyny gazandy. Ýaryş Goa ştatynda (Hindistan) geçirildi. Finalda 19 ýaşly küştçi hytaýly Weý Ini taý-breýkde utdy. Ýeňiş taý-breýkiň ikinji döwünde gara mallar bilen gazanyldy
Huawei täze dizaýn bilen Huawei Mate 80 flagman hataryny hödürledi
26.11.2025 17:57
5.3k+

Huawei täze dizaýn bilen Huawei Mate 80 flagman hataryny hödürledi

Huawei Hytaýda Mate 80 smartfon hataryny hödürledi. Esasy modelden başga-da, hatara Mate 80 Pro, Mate 80 Pro Max we Mate 80 RS Master Edition girdi. Smartfonlar premium bolup, täzelenen dizaýna, kuwwatly kameralara we flagman prosessorlara eýe boldy
Boeing-iň kosmos gämisi ýene HKS-e iberiler, ýöne bu gezek ekipažsyz: uçuş senesi yglan edildi
26.11.2025 17:50
2.3k+

Boeing-iň kosmos gämisi ýene HKS-e iberiler, ýöne bu gezek ekipažsyz: uçuş senesi yglan edildi

NASA Boeing kompaniýasynyň Starliner kosmos gämisiniň ýene Halkara kosmos stansiýasyna iberiljekdigini habar berdi. Ýöne bu gezek ol ekipažly däl-de, diňe ýük bilen uçar. Maglumatlara görä, kompaniýa bilen 2024-nji ýylda baglaşylan ekipažly gämi barada şertnama üýtgediler
BMG Baş sekretar wezipesine dalaşgärleri saýlap almak işine başlady
26.11.2025 17:48
5.3k+

BMG Baş sekretar wezipesine dalaşgärleri saýlap almak işine başlady

Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Baş sekretary wezipesine täze dalaşgärleri hödürlemek prosesi Howpsuzlyk Geňeşi bilen Baş Assambleýanyň bilelikdäki beýanatyndan soň başlady. Saýlaw işleriniň başlanandygy baradaky
Huawei uly OLED ekrany we kuwwatly akkumulýator bilen planşet çykardy
26.11.2025 17:46
1.8k+

Huawei uly OLED ekrany we kuwwatly akkumulýator bilen planşet çykardy

Mate 80 smartfon hataryndan başga-da, Huawei kompaniýasy tanyşdyrylyş dabarasynda täze MatePad Edge planşetini görkezdi. Ol gibrid gurluş bolup, klawiaturaly esas arkaly noutbuga hem öwrülip bilýär. Täze planşetiň esasy aýratynlyklarynyň arasynda durulygy 3120 x 2080 piksel we täzelenme ýygylygy 120 Gs bolan 14,2 dýuýmlyk uly OLED ekrany bar
Windows 11 24H2-däki howply säwlik «Prowodnik-de» we «Start» menýusynda bökdençliklere sebäp bolýar
26.11.2025 14:06
1.7k+

Windows 11 24H2-däki howply säwlik «Prowodnik-de» we «Start» menýusynda bökdençliklere sebäp bolýar

Microsoft Windows 11 24H2 wersiýasynda «Prowodnik» (File Explorer), «Start» menýusy we birnäçe beýleki ulgam böleklerinde bökdençliklere sebäp bolýan çynlakaý säwligiň (bagyň) bardygyny tassyklady. Mesele OS-yň şu wersiýasynda işleýän, eger olarda 2025-nji ýylyň iýul aýynda ýa-da ondan soňky döwürde çykan toplaýjy täzelenmeler gurlan bolsa, şol kompýuterlere täsir edýär
Hytaýyň Şençžen şäherinde dünýäde iň uly üsti ýapyk dag lyža kurorty açyldy
26.11.2025 13:14
9k+

Hytaýyň Şençžen şäherinde dünýäde iň uly üsti ýapyk dag lyža kurorty açyldy

Hytaýda dünýäde iň uly üsti ýapyk dag lyža kurorty bolan Huafa Snow World işläp başlady. Ol Şençžende ýerleşýär we 100 müň inedördül metr meýdany tutýan emeli garly toplumdyr (bu takmynan 11 futbol meýdançasyna barabardyr)
«Zalym: Baky» filmi başlangyçda 226 million dollar gazanyp, dünýä prokatynda öňe saýlandy
26.11.2025 13:07
5.6k+

«Zalym: Baky» filmi başlangyçda 226 million dollar gazanyp, dünýä prokatynda öňe saýlandy

«Zalym: Baky» (Wicked: For Good) mýuzikli ilkinji dynç günlerinde 226 million dollar ýygnap, dünýäniň boks-ofisinde öňdebaryjy boldy. Variety-niň maglumatlaryna görä, film ABŞ-da 150 million dollar gazandy, bu «Minecraft kinoda» filminden soň şu ýylyň ikinji netijesidir ($162 million dollar)
Çempionlar ligasynyň 5-nji tapgyry: “Çelsi” “Barselonany” utdy, “ManSiti” “Baýerden” utuldy
26.11.2025 12:52
8.4k+

Çempionlar ligasynyň 5-nji tapgyry: “Çelsi” “Barselonany” utdy, “ManSiti” “Baýerden” utuldy

Çarşenbe gününe geçilen gije UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň umumy tapgyrynyň bäşinji oýunlary geçirildi. Olardan ikisi garaşylmadyk netije bilen tamamlandy: “Çelsi” “Barselonanyň” derwezesine jogapsyz üç gol geçirdi, “Mançester Siti” bolsa öýünde Lewerkuzeniň “Baýerinden” utuldy
ABŞ-da energiýany simsiz geçirmek boýunça rekord goýuldy
26.11.2025 12:21
6.9k+

ABŞ-da energiýany simsiz geçirmek boýunça rekord goýuldy

Star Catcher Industries amerikan startapy lazer şöhlesi arkaly adaty, kommersiýa Gün panellerine 1,1 kW optiki kuwwat geçirmek bilen simsiz energiýa geçiriş boýunça täze dünýä rekordyny goýdy. Synaglar Florida ştatynyň Kennedi adyndaky kosmodromynda geçirildi
«20 ýyl bäri jaň garaşýardym»: Brendan Freýzer «Mumiýa 4» filmine gatnaşýandygyny tassyklady
26.11.2025 12:15
6.8k+

«20 ýyl bäri jaň garaşýardym»: Brendan Freýzer «Mumiýa 4» filmine gatnaşýandygyny tassyklady

Amerikan-kanadaly aktýor, «Oskar» baýragynyň eýesi Brendan Freýzer «Mumiýa» atly başdan geçirmeler  franşizasynda Rik O'Konnelliň roluna gaýdyp gelýär. Ol AP agentligine beren interwýusynda «ýigrimi ýyl bäri şu jaňa garaşandygyny» boýun aldy
Volkswagen Passat sedany täze, gibrid wersiýasyna eýe boldy
26.11.2025 12:09
3.4k+

Volkswagen Passat sedany täze, gibrid wersiýasyna eýe boldy

Volkswagen kompaniýasy Passat ePro atly goşmaça gibridli (hybrid) Passat sedanyny tanyşdyrdy. Autonews-iň habar bermegine görä, ulagyň premýerasy Guançžou Awto sergisinde boldy. Bu täzelik Hytaý bazary üçin SAIC we nemes kompaniýasy Volkswagen-iň bilelikdäki kärhanasy tarapyndan döredildi
Lancet: Aşa işlenen önümler adamyň ähli organlaryna diýen ýaly zyýan berýär
26.11.2025 12:04
8.6k+

Lancet: Aşa işlenen önümler adamyň ähli organlaryna diýen ýaly zyýan berýär

"Lancet" lukmançylyk žurnalynda çap edilen birnäçe biologik gözlegler aşa işlenip taýýarlanan iýmitleriň adamyň ähli organlaryna diýen ýaly ýaramaz täsir edip bilýändigini we ikinji görnüşli süýji keseli we beýleki keselleriň döremek howpuny ýokarlandyrýandygyny görkezdi
Nature inFocus 2025 surat baýragynyň ýeňijileri yglan edildi: bäsleşige 16 müň iş hödürlendi
26.11.2025 11:57
6.1k+

Nature inFocus 2025 surat baýragynyň ýeňijileri yglan edildi: bäsleşige 16 müň iş hödürlendi

Her ýyl geçirilýän Nature inFocus 2025 surat baýragynyň ýeňijileri yglan edildi. Bu ýyl bäsleşige 40-a golaý ýurtdan 1250-den gowrak suratçy gatnaşdy we sekiz kategoriýa boýunça takmynan 16 000 iş hödürlendi. Iň gowularynyň arasynda goýun-öküzleriň sürüsine garşy duran Arktika möjeginiň dramatik portreti, rahat ýatan şimpanze, iýmitlenýän flamingolar we zibilleriň fonundaky geçigaplaňyň täsirli suraty bar
Google-yň egindeş esaslandyryjysy Larri Peýj dünýäniň ikinji iň baý adamy boldy
26.11.2025 11:29
5.7k+

Google-yň egindeş esaslandyryjysy Larri Peýj dünýäniň ikinji iň baý adamy boldy

Google-yň esaslandyryjylarynyň biri Larri Peýj emeli aň ulgamynyň täze wersiýasy Gemini 3 çykandan soň, şahsy baýlygy boýunça dünýäde ikinji adam boldy. Bu barada Forbes habar berýär. Geçen hepdede EA modeliniň çykmagy diňe bir hünärmenleri däl, eýsem kompaniýanyň esasy bäsdeşi OpenAI-i hem haýran galdyrdy
Türkmenistanyň azyk harytlary Erbilde Agro Pack Iraq 2025 sergisinde görkezildi
26.11.2025 11:26
4k+

Türkmenistanyň azyk harytlary Erbilde Agro Pack Iraq 2025 sergisinde görkezildi

24-nji noýabrda Yragyň Erbil şäherinde "Agro Pack Iraq 2025" - azyk önümlerini gaýtadan işlemek we gaplamak tehnologiýalary boýunça sekizinji halkara sergisi öz işine başlady. Çäre Erbil International Fairground meýdançasynda geçip, sebitiň ähli künjeklerinden öňdebaryjy öndürijileri, maýadarlary hem-de azyk we logistika pudagynyň hünärmenlerini bir ýere jemledi
Türkmen alymlary alunitiň, tozganyň we rozmariniň binýadynda fitomineral bejeriş gelini işläp taýýarladylar
26.11.2025 11:15
2.4k+

Türkmen alymlary alunitiň, tozganyň we rozmariniň binýadynda fitomineral bejeriş gelini işläp taýýarladylar

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy «Alunitiň, tozganyň (Taraxacum officinale) we rozmariniň (Rosmarinus officinalis) fitomineral bejeriş geli» atly işläp taýýarlamak tehnologiýasyna awtorlyk hukugyny bellige aldy
Aşgabatda halkara ylmy-amaly maslahatda ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy
26.11.2025 11:10
1.6k+

Aşgabatda halkara ylmy-amaly maslahatda ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli sanly ulgam arkaly «Halkara ulag-logistiki hyzmatdaşlygy berkitmekde Türkmenistanyň durnukly ulag syýasatynyň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
Türkmenistan Saud Arabystany bilen atçylyk ulgamynda bilelikdäki taslamalary maslahatlaşýar
26.11.2025 11:06
2.1k+

Türkmenistan Saud Arabystany bilen atçylyk ulgamynda bilelikdäki taslamalary maslahatlaşýar

23-nji noýabrda Türkmenistanyň ilçisi M.Aýazow Saud Arabystany Patyşalygynyň Patyşa Abdulaziz adyndaky Arap atlary Merkeziniň Baş direktory Abdulaziz Almukbil bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşykda A
FAO Türkmenistanda epidemiologik gözegçilik boýunça okuw maslahatyny geçirýär
26.11.2025 11:01
2.4k+

FAO Türkmenistanda epidemiologik gözegçilik boýunça okuw maslahatyny geçirýär

2025-nji ýylyň 24-29-njy noýabry aralygynda Aşgabatda keselçilik ojaklaryny derňemek boýunça ýöriteleşdirilen okuw maslahaty geçirilýär. Türgenleşik Türkmenistanyň weterinariýa gullugynyň, saglygy goraýyş ulgamynyň we tebigaty goramak düzümleriniň hünärmenleri üçin guraldy
Raşid Meredow kubaly kärdeşi bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
26.11.2025 10:43
993

Raşid Meredow kubaly kärdeşi bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Kuba Respublikasynyň daşary işler ministri Bruno Rodriges Parrilýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we olary mundan beýläk hem ösdürmegiň mümkin bolan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar
9 altyn, 6 kümüş we 3 bürünç: Türkmen karateçileri Daşkentde geçirilen Aziýa çempionatynda üstünlikli çykyş etdiler
26.11.2025 10:39
5.1k+

9 altyn, 6 kümüş we 3 bürünç: Türkmen karateçileri Daşkentde geçirilen Aziýa çempionatynda üstünlikli çykyş etdiler

Türkmenistanyň milli ýygyndysy adaty karate boýunça Aziýanyň çempionatynda üstünlikli çykyş etdi. Ýaryş 2025-nji ýylyň 15–25-nji noýabry aralygynda Özbegistanyň paýtagty Daşkentde geçirildi. Türkmen türgenleri jemi 18 medala: 9 altyn, 6 kümüş we 3 bürünç medala mynasyp boldular
Mangistau oblastynyň wekiliýeti Balkan welaýatyna bardy
26.11.2025 10:34
2.9k+

Mangistau oblastynyň wekiliýeti Balkan welaýatyna bardy

Balkan welaýatynda Gazagystanyň Mangistau welaýatynyň wekiliýeti kabul edildi. Duşuşyk Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana döwlet saparynyň öňüsyrasynda geçirilip, iki sebitiň arasyndaky medeni alyş-çalşyň bir bölegi boldy
Spotify indi pleýlistleri beýleki platformalardan import etmäge mümkinçilik berýär
26.11.2025 10:13
1k+

Spotify indi pleýlistleri beýleki platformalardan import etmäge mümkinçilik berýär

Spotify akym hyzmaty täze funksiýany hödürledi – indi ulanyjylar öz pleýlistlerini Apple Music, YouTube Music, Deezer, Soundcloud, Amazon Music, Last.fm ýaly platformalardan import edip bilýär. Munuň üçin TuneMyMusic saýty ulanylýar
Baryp görmeli 31 köçe: Time Out olaryň reýtingini düzdi
26.11.2025 10:11
4.1k+

Baryp görmeli 31 köçe: Time Out olaryň reýtingini düzdi

Time Out žurnaly iýmiti, dynç alşy we atmosferany göz öňünde tutup, ýerli redaktorlaryň we bilermenleriň saýlamagynda dürli ýurtlardan iň gowy 31 köçäniň reýtingini hödürledi. Sanaw neşiriň saýtynda elýeterli. Awtorlar reýtingdäki köçeleriň öz şäherleriniň häsiýetini we şähdini görkezýändigini belleýär
Garaharsaň hatda adatdan daşary kosmos şertlerinde-de ýaşaýşa ukyply bolup çykdy
26.11.2025 10:04
2.2k+

Garaharsaň hatda adatdan daşary kosmos şertlerinde-de ýaşaýşa ukyply bolup çykdy

Physcomitrium patens garaharsaň (moh) görnüşiniň sporalary Halkara kosmos stansiýasynyň daşynda dokuz aý bolandan soň hem ýaşaýşa ukyply bolup galdy. Kosmosda wagty olar wakuuma, temperatura üýtgemelerine, mikrograwitasiýa, ultrabenewşe şöhlelerine we kosmos radiasiýasyna sezewar boldy diýlip, iScience žurnalyndaky täze makalada aýdylýar
The Weeknd “After Hours Til Dawn” konsert syýahatyndan 1 mlrd dollardan gowrak gazanyp, rekord goýdy
26.11.2025 10:02
2.6k+

The Weeknd “After Hours Til Dawn” konsert syýahatyndan 1 mlrd dollardan gowrak gazanyp, rekord goýdy

The Weeknd rekord goýmagyny dowam etdirýär: onuň dünýä boýunça After Hours Til Dawn konsert syýahaty erkek solo aýdymçylarynyň arasynda taryhda iň girdejili syýahat boldy. 2022-nji ýylda başlany bäri konsert syýahaty Demirgazyk Amerikada (iki gezek), Ýewropada, Beýik Britaniýada, Latyn Amerikasynda we Awstraliýada geçdi
Çimaýew Nigma Galaxy kibersport klubunyň ilçisi boldy
26.11.2025 09:37
5.8k+

Çimaýew Nigma Galaxy kibersport klubunyň ilçisi boldy

Orta agramda UFC-niň çempiony Hamzat Çimaýew BAE-den Nigma Galaxy kibersport klubunyň ilçisi boldy. Bu barada guramanyň saýtynda habar berilýär. Indi ol klubuň ýaşlar akademiýasynyň höweslendiriji we bilim maksatnamalaryna gatnaşar
Tramp Jeki Çan we Kris Taker bilen “Dykyn wagty” kinofranşizasyny dikeltmek isleýär
26.11.2025 09:35
9.6k+

Tramp Jeki Çan we Kris Taker bilen “Dykyn wagty” kinofranşizasyny dikeltmek isleýär

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp “Dykyn wagty” (“Час пик”) kinofranşizasyny täzeden dikeltmek isleýär. Ak tamyň ýolbaşçysy 90-njy we 80-nji ýyllaryň komediýa görnüşli uruşly filmlerini gowy görýär we Jeki Çan bilen Kris Takeriň gatnaşmagyndaky kinotrilogiýany žanryň iň gowy mysallarynyň biri hasaplaýar diýip, Semafor neşiri ýazýar
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanda «Älem.AI» emeli aň merkezine baryp gördi
25.11.2025 18:46
13k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanda «Älem.AI» emeli aň merkezine baryp gördi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Gazagystana amala aşyrýan döwlet saparyny 25-nji noýabrda günüň ikinji ýarymynda «Älem.AI» halkara emeli aň merkezine baryp görmek bilen jemledi diýip, "Türkmenistan" gazeti habar berýär
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.