Saýlanan şäher
27 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Habarlar
Baş sahypa
/
Habarlar
04.11.2025 14:13
2.4k+
Kia PV5 bir zarýadda iň uzak ýol geçmek boýunça furgonlar arasynda Ginnes rekordyny täzeledi
Kia PV5 elektrik furgony resmi taýdan Ginnes rekordlar kitabyna girizildi. Model doly ýük bilen synagdan geçirilen satlykdaky elektromobilleri arasynda iň uzak ýol geçýän ulag hökmünde ykrar edildi: furgon bir zarýadda 693,38 kilometr geçdi
04.11.2025 13:15
1.9k+
Türkmenistanyň birža söwdalarynyň jemi boýunça 8 million 517 müň dollarlyk geleşikler baglaşyldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 8 million 517 müň dollaryndan bolan geleşikleriň 13-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň
04.11.2025 13:09
1.4k+
Nvidia, Stellantis, Uber we Foxconn robotaksi döretmek üçin birleşýärler
Robotlaşdyrylan taksi bazarynda täze iri taslama peýda bolýar. Stellantis, Nvidia, Foxconn we Uber özbaşdak hereket edýän awtoulaglary döretmek we önümçilige goýbermek boýunça bilelikdäki başlangyjy yglan etdiler
04.11.2025 13:04
7.3k+
Toyota düýpgöter täzelenen Corolla konseptini hödürledi
Tokioda Japan Mobility Show sergisinde Toyota täzeden işlenip düzülen Corolla ady bilen konsept awtoulagyny görkezdi. Täze modeliň dizaýny hem interýeri häzirki nesilden düýpgöter tapawutlanýar. Öndüriji gönüden-göni tassyklamasa-da, bilermenler bu konseptiň 2027-nji ýylda çykmagyna garaşylýan Corolla-nyň 13-nji nesliniň habarnamasy bolup biljekdigini belleýärler
04.11.2025 12:56
5.1k+
Hytaýda 2025-nji ýylyň iň ygtybarly benzinli awtoulaglary belli edildi: öňde — Toyota, Ford we Chery
JD Power agentliginiň Hytaýdaky bölümi 2025-nji ýylyň benzin bilen işleýän iň ygtybarly awtoulaglarynyň reýtingini çap etdi. Barlaga 2021-nji we 2024-nji ýyllar aralygynda awtoulag satyn alan 22 900 sürüji gatnaşdy
04.11.2025 12:32
1.8k+
ABŞ-da EA çat-botlary hyýaly kazyýet mejlisinde oturdaşlaryň wezipesini synag edildi
Demirgazyk Karolina uniwersitetiniň (ABŞ) hukuk fakultetinde adaty bolmadyk synag geçirildi: emeli aň bilen işleýän çat-botlar hyýaly kazyýet mejlisinde oturdaşlaryň ornunda çykyş etdiler. Bu barada Futurism neşiri habar berýär
04.11.2025 10:11
4.9k+
Mercedes-Benz täze Sprinter-i “daş heýkel” görnüşinde yglan etdi
Mercedes-Benz Sprinter furgonynyň täze neslini adaty bolmadyk görnüşde tanyşdyrdy. Kompaniýa adaty suratlaryň ýerine The Boulder atly heýkeli görkezdi — ol furgonyň şekilleri çykyp duran uly harsaň daşa meňzeýär
04.11.2025 10:04
6.1k+
Alymlar maýalaryň Gün tutulmalaryny asyrlarboýy nädip takyk aýdandyklaryny açykladylar
Alymlar maýa siwilizasiýasynyň asyrlaryň dowamynda Gün tutulmalaryny juda ýokary takyklyk bilen çaklap bilendiginiň syryny düşündirdiler. Aýdylyşyna görä, olar ýygnanan astronomik nätakyklary düzetmek üçin biri-birine gabat gelýän çylşyrymly senenama jedweller ulgamyny ulanypdyrlar
04.11.2025 09:37
3.1k+
Alymlar ilkinji gezek termoýadro reaktorynyň içinde plazmanyň nähili görnüşde bolýandygyny görkezdiler
Britaniýanyň Tokamak Energy kompaniýasy ilkinji gezek synag termoýadro reaktory bolan ST40-nyň içindäki plazmanyň nähili hereket edýändigini jemgyýetçilige görkezdiler. Bu üstünlik adamzady çäksiz we ekologiýa taýdan arassa energiýa öndürip bilýän elektrik stansiýalaryna bir ädim ýakynlaşdyrýar
04.11.2025 09:35
3.3k+
Näme üçin suratkeşler dünýäni başgaça görýärler: alymlar muny beýniniň aýratynlyklary bilen düşündirdiler
Amerikaly alymlar suratkeşlik ukyby bolan adamlaryň töweregindäki dünýäni üýtgeşik görnüşde kabul edýändigini anykladylar. 2024-nji ýylda alymlar iki topar talyplaryň gatnaşmagynda ýörite barlag geçirdiler. Birinji toparda döredijilik ugruny ýöriteleşen ABŞ-nyň öňdebaryjy okuw jaýlarynyň biri bolan Pratt institutynyň 40 talyby bardy
04.11.2025 09:27
4.6k+
Freddi Krýuger Şöhrat alleýasynda ýyldyz aldy
“Garagaç köçesindäki elhençlik” (Кошмар на улице Вязов) filmlerinde Freddi Krýugeriň keşbi boýunça tanalýan aktýor Robert Inglund Golliwudyň Şöhrat alleýasynda atly ýyldyz aldy. Dabara 31-nji oktýabrda, Hellouiniň öňüsyrasy geçirildi diýip, People habar berýär
03.11.2025 18:08
3.5k+
Toyota kompaniýasy bZ4X elektromobilini ýaryş sportkaryna öwürdi
Toyota konserni öz yzygiderli çykýan modellerini ösdürmegiň adaty bolmadyk ýollaryny gözlemegi dowam etdirýär. SEMA týuning-şüweleňinde kompaniýa ýigrimi töweregi taslama hödürlär we olaryň biri-de ABŞ-da Toyota bZ ady bilen satylýan bZ4X elektrokrossoweriniň ýaryş wersiýasy bolar
03.11.2025 17:33
8.2k+
“Ýoldaky jaýyň” režissýory studiýa bilen dawadan soň filmiň dowamyny özbaşdak düşürer
“Ýoldaky jaý” uruşly filminiň režissýory Dag Laýman Amazon MGM studiýasy bilen ýüze çykan düşünişmezlikden soň filmiň dowamyny özbaşdak düşürmegi meýilleşdirýär. Laýman 2024-nji ýyldaky film-remeýkiň kinoteatrlarda prokata goýbermezden, diňe Prime Video platformasynda çykarylandygyna nägilelik bildirdi
03.11.2025 17:30
3.4k+
Sinner Pariždäki “Mastersde” ýeňiş gazanyp, dünýäniň birinji raketkasy adyny gaýdyp aldy
Italiýaly tennisçi Ýannik Sinner Pariždäki “Masters” ýaryşynda ýeňiş gazanandan soň ýene-de dünýäniň birinji raketkasy boldy. Ol finalda kanadaly Feliks Ože-Alýassimi 6:4, 7:6 (7:4) hasabynda utdy. Italiýaly türgen üçin bu ýeňiş Alýassim bilen bäş şahsy duşuşykda üçünji boldy
03.11.2025 17:12
3.5k+
Netflix Gilýermo del Toronyň “Frankenşteýniniň” soňky treýlerini görkezdi: premýera 7-nji noýabrda
Netflix akym hyzmaty režissýor Gilýermo del Toronyň “Frankenşteýn” filminiň soňky treýlerini hödürledi. Filmiň premýerasy 7-nji noýabrda platformada bolar. Wideo Netflix-iň resmi YouTube kanalynda görmek üçin elýeterlidir
03.11.2025 17:08
2.9k+
Kianu Riwz täze “Galpyldama” ylmy-fantastik trillerinde baş keşbi janlandyrar
“Matrisa” we “Jon Uik” filmleriniň ýyldyzy, kanadaly aktýor Kianu Riwz “Galpyldama” (Shiver) ylmy-fantastik filminde baş keşbi ýerine ýetirer. Bu barada The Hollywood Reporter žurnaly habar berýär. Sýužet barada giňişleýin maglumatlar ýok
03.11.2025 17:06
3.5k+
Gazagystan 2028-nji we 2029-njy ýyllarda Konferensiýa ligasynyň finallaryny geçirmäge dalaş edýär
Gazagystan 2028-nji we 2029-njy ýyllarda Ýewropada üçünji uly klub ýaryşy bolan Konferensiýa ligasynyň finallaryny geçirmek üçin arza berdi. Olaryň geçirilip bilinjek ýerleri hökmünde Astanadaky we Almaatadaky stadionlar görkezildi
03.11.2025 17:04
3.9k+
Jeýson Steýtem Gaý Riçiniň täze ekşn-trillerine gatnaşar
Gaý Riçi bilen Jeýson Steýtem täze “Viva La Madness” (“Wiwa telbelik”) ekşn-trilleriniň üstünde işlär. Bu barada Variety habar berýär. Filmiň sýužeti gizlin saklanýar. Ol 2026-njy ýylyň ýanwarynda düşürilip başlanar
03.11.2025 17:02
5.3k+
Türkiýede bukmeker goýumlary üçin 149 emin futboldan çetleşdirildi
Türkiýäniň futbol federasiýasynyň (TFF) Tertip-düzgün geňeşi oýunlara pul goýmakda aýyplanýan 149 emini bu işden wagtlaýyn çetleşdirmek kararyna geldi. Bu barada guramanyň metbugat gullugy habar berýär. Çetleşdirmek möhleti 8 aýdan 12 aýa barabar
03.11.2025 16:58
24k+
Owganystanda güýçli ýertitreme bolup geçdi
Owganystanyň demirgazygynda 6,3 bal ululykda ýertitreme bolup geçdi. Bu barada Ýewropa-Ortaýer deňzi seýsmologiýa merkezi (EMSC) habar berdi. Ýerasty sarsgynlar Aşgabat wagty bilen 01:28-de hasaba alyndy. Ýertitremäniň merkezi Balh welaýatynda, Mazari-Şarif şäheriniň golaýynda we Taşkurgan şäherinden dokuz kilometr uzaklykda 28 km çuňlukda ýerleşdi
03.11.2025 12:42
11k+
ABŞ-da bir aý bäri hökümet işiniň togtadylmagy sebäpli kompaniýalar 12 mlrd dollar ýitirdi
ABŞ-da federal edaralar bilen işleýän kompaniýalar hökümet işiniň togtadylmagy sebäpli ilkinji dört hepdede 12 mlrd dollar ýitirdi. Kongresiň deputatlaryna berlen ABŞ-nyň Söwda palatasynyň hasabatyna görä, 65 500 töweregi kiçi kärhana şatdaun başlany bäri her hepde, takmynan, 3 mlrd dollar ýitirýär
03.11.2025 12:36
5.3k+
Türkmenistan we ÝUNISEF türkiýeli hünärmenleriň gatnaşmagynda çagalary goramak ulgamyny berkidýärler
27–30 oktýabr aralygynda Aşgabatda çagalaryň hukuklaryny öňe sürmek we goramak meselelerine bagyşlanan okuw maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Adalatçysynyň Diwany tarapyndan, ÝUNISEF-iň goldawy bilen guralan çäre, ýurdumyzda çagalary goramak boýunça milli ulgamy ösdürmekde we Türkiýäniň Adalatçynyň institutynyň tejribesini paýlaşmakda möhüm ädim boldy
03.11.2025 12:21
4.1k+
Apple iPhone 17-ni bejermek boýunça görkezmeleri çykardy we bölek şaýlary satyp başlady
Şu hepde Apple ABŞ-da, Kanadada we Ýewropanyň käbir ýurtlarynda öz-özüňe hyzmat ediş merkezlerinde iPhone 17, iPhone Air, iPhone 17 Pro we iPhone 17 Pro Max smartfonlaryny bejermek üçin bölek şaýlary we gurallary sargyt üçin elýeterli etdi
03.11.2025 12:18
3k+
Call of Duty boýunça filmi “Ýelloustoun" we “Henkok” filmleriniň režissýory düşürer
Meşhur Call of Duty oýun seriýasyna esaslanýan täze filmi “Diri galan” («Уцелевший») we “Henkok” («Хэнкок») filmleriniň režissýory Piter Berg surata düşürer. Bu barada Deadline neşiri ýazýar. Taslama şeýle hem “Ýelloustoun” serialynyň awtory, ssenariçi we prodýuser Teýlor Şeridan gatnaşar
03.11.2025 12:11
3.8k+
Ýaponiýanyň syýahatçylyk agentligi Nýu-Ýork bilen Tokionyň arasynda bir sagatlyk kosmos uçuşlaryny ýola goýar
Ýaponiýanyň Nippon Travel syýahatçylyk kompaniýasy uly taslamany işe girizýändigini habar berdi: 2030-njy ýyllara çenli Nýu-Ýork bilen Tokionyň arasynda dowamlylygy bary-ýogy bir sagat bolan kosmos uçuşlary ýola goýlar
03.11.2025 11:52
2.9k+
Awazada Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň sergisi açyldy
Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergi we maslahat öz işine başlady. Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklaryna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegi, şeýle hem halkara we sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýän bu forum iki gün dowam eder
03.11.2025 11:37
4.9k+
Türkmenistanyň Prezidenti gurluşyk we senagat toplumynyň işgärlerini hünär baýramy bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärlerini hünär baýramçylygy bilen gutlady. Döwlet Baştutany Türkmenistanyň dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň hataryna ynamly
03.11.2025 11:22
5.8k+
Türkmenistanyň Prezidenti «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
2-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Eisaku Itony kabul etdi. Işewür Türkmenistanyň
03.11.2025 11:16
9k+
Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Ahmet Çalygy kabul etdi
2-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi. Işewür Balkan welaýatynda täze desgalaryň açylyş hem-de düýbüni tutmak dabaralarynyň Türkmenistanyň barha artýan ykdysady kuwwatyna şaýatlyk edýändigini belledi
03.11.2025 10:52
6.1k+
Esenguly etrabynda gije-gündizde 20 müň kub metr agyz suwuny arassalaýjy desga açyldy
2-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly gatnaşmagynda göni aragatnaşykda Esenguly etrabyndaky agyz suwuny arassalaýjy desganyň açylyş dabarasy geçirildi. Dabaranyň barşynda
03.11.2025 10:30
10k+
Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň düýbi tutuldy
2-nji noýabrda Balkan welaýatynda Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy — Garabogaz böleginiň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Dabara Prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy diýip, TDH habar berýär
03.11.2025 10:23
9k+
Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsi ulanmaga berildi
2-nji noýabrda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze, döwrebap awtomobil köprüsi ulanmaga berildi. Bu taslamany türkmen gurluşykçylary bilen bilelikde «Altkom» jogapkärçiligi çäkli jemgyýeti ýerine ýetirdi
03.11.2025 10:13
6.1k+
Türkmenbaşy etrabynda täze karbamid öndürýän toplumyň düýbi tutuldy
2-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde, Türkmenbaşy etrabynyň çäginde kuwwatlylygy ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürýän toplumyň gurluşygynyň düýbi tutuldy
03.11.2025 10:02
9.3k+
Samsung geljekki Galaxy S26 flagmanlary barada ilkinji maglumatlary berdi
Samsung ilkinji gezek geljekki Galaxy S26 smartfon hatary barada gürrüň berdi. Kompaniýa 2025-nji ýylyň üçünji çärýeginiň maliýe netijelerine bagyşlanan maslahatda resmi maglumatlar bilen paýlaşdy. Indiki smartfon hatary has kuwwatly prosessora, kämilleşdirilen emeli aňa we täze kameralara eýe bolar
03.11.2025 10:01
1.9k+
Apple çärýegi iPhone-yň we hyzmat ugrunyň netijesinde rekord girdeji bilen tamamlady
Apple geçen çärýegi iPhone satuwynyň we hyzmat ugrunyň ösmeginiň netijesinde rekord girdeji bilen tamamlandy. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Tim Kuk umumy girdejiniň 8% ýokarlanyp, 102,5 mlrd dollar bolandygyny belledi
03.11.2025 09:59
4.3k+
“Ýewrowideniýede” hiç haçan ýeňiş gazanmadyk ýurt gaýdyp gelýär
Iki ýyl arakesmeden soň 2026-njy ýylda “Ýewrowideniýe” aýdym-saz bäsleşigine Rumyniýa gaýdyp gelýär. Bu barada Rumyniýanyň TVR ýaýlymy habar berip, bu aralykda ýurduň içerki saýlama prosesini gowulandyrmagyň we ýokary hilli şüweleňi taýýarlamagyň üstünde işländigini belledi
02.11.2025 23:51
5.3k+
Barselonadaky Sagrada Familiýa ybadathanasy dünýäde iň beýik ybadathana boldy
Barselonanyň binagärlik dürdänesi bolan Sagrada Familiýa ybadathanasy merkezi binanyň üstünde haçyň täze bölegi oturdylandan soň resmi taýdan dünýäde iň beýik ybadathana boldy diýip, Associated Press habar berýär
02.11.2025 23:48
8.4k+
Toyota kiçijik ýük ulagyny hödürledi, ony alyjylaryň özi ýygnap bilýär
Japan Mobility Show 2025 sergisinde Toyota doly ýygnalmadyk ýaly görünýän uly bolmadyk IMV Origin ýük ulagyny görkezdi. Ýöne kompaniýanyň asyl niýeti ony şeýle hödürlemekdi. Toyota awtoulagyň ösüp barýan ýurtlara, şol sanda Afrika ýarym sökülen görnüşde iberiljekdigini we ony ýerinde ýönekeý gurallaryň kömegi bilen ýygnap boljakdygyny aýtdy
02.11.2025 23:46
2.3k+
Windows 11-de täze, has amatly “Başlat” menýusy peýda boldy
Microsoft 25H2 we 24H2 wersiýaly Windows 11 üçin KB5067036 täzelenmesini çykardy. Ol ozal Windows Insider programmasynyň çäklerinde synagdan geçirilen täzelenen “Başlat” (Пуск) menýusyny hödürledi. Menýu ulanyjylar üçin has çeýe we amatly bolup, täze sazlama mümkinçiliklerini hödürleýär
02.11.2025 23:39
4.4k+
Alymlar nanotirannozawrlaryň ýaşap geçendigini subut etdiler
Demirgazyk Karolina ştatynyň uniwersitetinden amerikaly paleontologlar nanotirannozawrlaryň, hakykatdanam, gadymy ýyrtyjylaryň aýratyn görnüşi hökmünde ýaşap geçendigini tassyklady. Olar tapylan nusgalaryň biriniň süňklerini gaýtadan seljerip, şeýle netijäni öňe sürdi
«
1
…
167
168
169
…
1118
»
«
1
…
164
165
166
167
168
169
170
171
172
…
1118
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.