Saýlanan şäher
28 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Habarlar
Baş sahypa
/
Habarlar
04.09.2025 11:06
4.4k+
Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişi başlandy
3-nji sentýabrda Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine girişildi. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, bu möhüm oba hojalyk möwsümi Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda birbada badalga aldy. Hormatly ýaşulular Beýik Biribardan ak bugdaýyň bol hasylyny dileg edip, ekişe badalga berdiler
04.09.2025 10:58
14k+
Serdar Berdimuhamedow Pekinde Ikinji jahan urşunda gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çärelere gatnaşdy
3-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň çäklerinde HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Ikinji jahan urşunda gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygynyň hormatyna Pekinde geçirilen dabaraly çärelere gatnaşdy
03.09.2025 23:41
7.5k+
Toyota çekiçkelle akula äheňinde Aqua hetçbegini çykardy
Toyota kompaniýasy Ýaponiýada dört ýyl mundan ozal görkezilen Aqua hetçbeginiň ikinji nesliniň täzelenen görnüşini hödürledi. Awtoulag Yaris we Yaris Cross modelleri bilen umumy bolan TNGA-B platformasynda guruldy
03.09.2025 23:38
10k+
Baş keşpde Dueýn Jonson bilen “Ýumrujy” filmi Wenesiýada 15 minutlyk el çarpyşma mynasyp boldy
Wenesiýada “Ýumrujy” (Крушащая машина) filminiň premýerasy 15 minutlyk el çarpyşmalar bilen tamamlandy – bu häzirki festiwalda iň dowamly el çarpyşmalaryň biri boldy. El çarpyşma wagtynda baş keşbi ýerine ýetiriji Dueýn “Gaýa” Jonson gözýaşyny saklap bilmedi
03.09.2025 23:31
3.9k+
The Weeknd-iň aýdymy Spotify-yň taryhynda 5 mlrd gezek diňlenen ilkinji aýdym boldy
Kanadaly aýdymçy The Weeknd-iň (hakyky ady Eýebl Tesfaýe) Blinding Lights aýdymy Spotify platformasynda absolýut rekord goýdy. Ol 5 mlrd gezek diňlenen ilkinji aýdym boldy. Bu barada hyzmat öz sosial ulgamlarynda habar berdi
03.09.2025 23:30
2k+
Ilon Maskyň xAI kompaniýasy programmistler üçin Grok Code Fast 1 modelini hödürledi
Ilon Maskyň xAI kompaniýasy tizlige we işjeňlige gönükdirilen programmirlemek üçin Grok Code Fast 1 emeli aň modelini hödürledi. Model täze arhitektura esaslanýar we giň maglumatlar toplumy bilen okadyldy. Bu işde taýýar çözgütler, programmirleme boýunça meseleler we kody üýtgetmek üçin hakyky ýüz tutmalar ulanyldy
03.09.2025 23:28
6.2k+
"Eliň asmana ýetip dur": Konýuhow aerostatda Ewerestden hem belende galdy
29-njy awgustda meşhur syýahatçy Fýodor Konýuhow we howa şarynda uçujy Iwan Menýaýlo ýylylyk aerostatynda rekord uçuş etdiler. Olaryň şary deňiz derejesinden 10 723 metr belentlige galdy, bu bolsa Ewerestden iki kilometre golaý beýikdir
03.09.2025 23:13
3.4k+
ABŞ-da kazyýet Google kompaniýasyna Chrome brauzerini satmazlyga rugsat berdi
2-nji sentýabrda ABŞ-nyň Kolumbiýa okrugy boýunça Okrug kazyýetiniň federal kazysy Amit Mehta Google kompaniýasynyň monopoliýa garşy işiň çäklerinde Chrome brauzerini ýa-da Android operasion ulgamyny satmaga ýa-da bermäge borçly däldigi barada karar çykardy
03.09.2025 17:13
18k+
Hytaýda dünýäniň iň beýik asma köprüsini 96 sany ýük ulagy bilen synagdan geçirdiler
Hytaýda Guýçžou welaýatynyň Huaszýan Uly kanýonynyň üstünden geçýän täze asma köpriniň soňky synaglary tamamlandy. Gurluş 625 metr belentlikde ýerleşýär we uzynlygy 2980 metrdir. Bu köpri Lýuçži we Anlun etraplaryny birleşdirýär we kanýonyň üstünden geçmegiň wagtyny 1 sagat bolanlygyndan 1 minut 30 sekunda çenli gysgaldýar
03.09.2025 17:10
4.3k+
Xiaomi aşa gyzyp, ot alma töwekgelçiligi sebäpli 150 müň töweregi pauerbankyny yzyna ýygnaýar
Xiaomi kompaniýasy 2024-nji ýylyň awgust-sentýabr aýlary aralygynda öndürilen 147000 töweregi daşky PB2030MI akkumulýatorlarynyň köpçülikleýin yzyna ýygnalýandygyny habar berdi. Enjamlar potratçylaryň biriniň öndüren, ekstremal temperaturada synagdan geçip bilmedik we käbir ýagdaýlarda çenden aşa gyzýan, ot alýan ýa-da ýarylýan, 126280 belgili 2,0 batareýa bilen iberilipdi
03.09.2025 17:08
14k+
Iň gymmat ýaşaýyş jaýlary bolan şäherleriň sanawy düzüldi
Ýaşaýyş jaýlarynyň bahasy bütin dünýäde ýokarlanýar, ýöne käbir şäherlerde bu ösüş aýratyn göze ilýär. Esasy sebäbi - boş ýeriň ýetmezçiligi hem-de öýlere we jaýlara bolan islegiň ýokary bolmagy. Birnäçe megapolislerde ýaşaýyş jaýynyň ortaça bahasy maşgalanyň ýyllyk girdejisinden 10, 12 we hatda 14 esse ýokarydyr
03.09.2025 17:06
6.1k+
Hloýa Mal Vogue žurnalynyň baş redaktory boldy. Bu wezipede ol Anna Wintury çalyşdy
Vogue amerikan žurnalynyň täze baş redaktory Hloýa Mal boldy. Ozal Mal žurnalyň baş saýtynyň – Vogue.com-yň redaktory wezipesini eýeleýärdi. Saýtdan daşary 2022-nji ýyldan bäri Mal Britaniýada çykýan Vogue-nyň ýolbaşçysy Çioma Nnadi bilen bilelikde žurnalyň “The Run-Through with Vogue” podkastyny alyp barýardy
03.09.2025 16:58
5.9k+
Hytaý dünýäde iň güýçli deňiz ýel turbinasyny işe girizdi
Hytaýyň Dongfang Electric kompaniýasy 26 megawatt kuwwaty bolan dünýäde iň güýçli deňiz ýel turbinasyny oturtdy. Bu barada Interesting Engineering neşiri habar berýär. Mundan ozal Daniýanyň kenarynda oturdylan kuwwaty 21,5 megawat bolan Siemens Gamesa turbinasy öňdeligi eýeleýärdi, emma Hytaýyň täze taslamasy bu görkezijiden ýokary boldy
03.09.2025 16:13
5.8k+
Türkmenistanly mekdep okuwçylary XCEL halkara olimpiadasyna gatnaşyp bilerler
3-nji synpdan 12-nji synpa çenli mekdep okuwçylarynyň arasynda XCEL halkara olimpiadalary yglan edildi. Bu olimpiadalar dünýä derejesinde özüňi tanatmak, bilimiňi we döredijiligiňi görkezmek hem-de gymmatly tejribe gazanmak üçin mümkinçilikdir
03.09.2025 16:06
5k+
Türkmenistanyň Türkiýäki ilçisi Erzurum welaýatynyň häkimi bilen duşuşdy
2-nji sentýabrda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi M.Işangulyýew Erzurum welaýatynyň häkimi Mehmet Sekmen bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär. Duşuşygyň barşynda taraplar oba hojalyk, senagat, medeni-ynsanperwer we syýahatçylyk ugurlaryny öz içine alýan sebitara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar
03.09.2025 15:53
2.6k+
Türkmenistanyň wekiliýeti Sloweniýada Bled strategik forumynyň işine gatnaşdy
1–2-nji sentýabrda Sloweniýanyň Bled şäherinde Bled strategik forumy geçirildi. Forumyň işine Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler
03.09.2025 13:15
2.8k+
Disney “Buz eýýamy 6-nyň” çykjak senesini yglan etdi
Orlandoda geçirilen Destination D23 çäresinde Disney-iň prodýuserleri “Buz eýýamy: Gaýnama nokady” multfilminiň ilkinji görkeziljek senesini yglan etdiler. Film 2027-nji ýylyň 5-nji fewralynda görkeziler diýip, Variety habar berýär
03.09.2025 13:10
3.5k+
“Mortal Kombat 2” gijräk çykar – studiýa premýeranyň täze senesini aýtdy
Warner Bros. studiýasy “Mortal Kombat 2” filminiň premýerasynyň yza süýşürilendigini habar berdi. Meşhur oýunlaryň esasynda döredilen film 24-nji oktýabrda çykmalydy, ýöne indi reliz 2026-njy ýylyň 15-nji maýynda bolar
03.09.2025 13:08
6.3k+
“Rokkiniň” döredilişi barada film düşüriler. Ýaş Stalloneniniň keşbini Entoni Ippolito oýnar
Aktýor Entoni Ippolito “Rokkiniň” döredilişi baradaky filmde Silwestr Stalloneniň keşbini ýerine ýetirer. Bu barada The Hollywood Reporter habar berýär. Ippolitonyň özi taslama barada bilen badyna prodýuserlere diňlenişikden ýazgy iberdi
03.09.2025 12:28
2.9k+
Apple akylly sagatlaryň üpjünçiligi boýunça Huawei-den yza galdy
2025-nji ýylyň II çärýeginiň jemi boýunça Huawei ilkinji gezek akylly sagatlaryň üpjünçiligi boýunça Apple-den öňe geçip, dünýäde birinji orna çykdy. Bu barada Counterpoint Research statistikasy habar berýär. Hytaý bazary kompaniýanyň global üpjünçiliginiň 8% ösüşini üpjün edip, bu netijä ýetmekde möhüm orun eýeledi
03.09.2025 12:26
5.7k+
Awgust aýynda dünýäde iň gymmatlan harytlar belli boldy
Awgust aýynyň jemi boýunça dünýä bazarlarynda has gymmatlan haryt kofe boldy. Bu barada ICE Futures, CME Group biržalarynyň we Şanhaýyň metal biržasynyň maglumatlaryna salgylanyp, “RIA Nowosti” habar berýär. Robusta kofesiniň bahasy bir aýda 1,5 esse, arabika kofesiniň bahasy bolsa 29% ýokarlandy
03.09.2025 12:23
2.4k+
OpenAI ChatGPT bilen alşylan hatlary barlaýar we howply mazmuny polisiýa habar berýär
OpenAI kompaniýasy öz blogunda ChatGPT-niň ulanyjylarynyň hat alyşmalarynyň indi zyýanly mazmun taraplarynyň derňelýändigini habar berdi. Potensial howply habarlar gözden geçirmek üçin işgärlere iberilýär we käbir ýagdaýlarda polisiýa iberilip bilner
03.09.2025 12:21
3.2k+
Gözüň torly perdesiniň barlagy Alsgeýmer keselini alamatlary ýüze çykmazdan on ýyl öň anyklap biler
Jekson barlaghanasynyň alymlary retinanyň gan damarlarynyň üýtgemeginiň Alsgeýmer keseliniň irki alamaty bolup biljekdigini anykladylar. Alymlar işiň dowamynda adamlaryň, takmynan, 40%-de duş gelýän we keseliň döremek howpuny ýokarlandyrýan MTHFR 677C> T genetiki mutasiýaly syçanlary öwrendiler
03.09.2025 11:59
7.4k+
Edinburgly doganlar 139 günde Ýuwaş ummanyny kürekli gaýykda ýüzüp geçip rekord goýdular
Edinburgly üç dogan Jeými, Ýuen we Lahlan Makleýnler Ýuwaş ummanyndan kürekli gaýykda ýüzüp geçmek boýunça täze dünýä rekordyny goýdular. BBC-niň habar bermegine görä, olar Peruwyň kenaryndan Awstraliýa çenli 14 848 kilometr aralygy 139 gün, 5 sagat 52 minutda ýüzüp geçdiler
03.09.2025 11:53
5.4k+
Alymlar Atlantika ummanynda mega ýertitremeler zolagyny açdylar
Atlantika ummanynda güýçli ýertitremelerine we sunamilere sebäp bolup biljek tektoniki jaýryklar emele gelýär diýip, Nature Geoscience žurnalynda çap edilen barlagyň netijesinde aýdylýar. Alymlar Portugaliýanyň litosfera plitalaryndaky belli jaýryklardan uzakda ýerleşýändigini, ýöne bu ýurtda ýertitremeleriniň ençeme gezek hasaba alnandygyny ýatlatdylar
03.09.2025 11:51
1.5k+
Disney jadylaýyş ukyplary bolan ýetginjek hakda täze multfilm çykarar
Orlandoda D23 Destination-niň tanyşdyrylyş dabarasynda Walt Disney Animation Studios “Hexed” (“Jadylanan” (“Заколдованный”)) atly özboluşly animasiýa filmini taýýarlaýandygyny habar berdi. Onuň ilkinji görkezilişini 2026-njy ýylyň 26-njy noýabrynda geçirmek meýilleşdirilýär diýip, Deadline habar berýär
03.09.2025 11:48
9k+
ABŞ-nyň ýaşaýjysy 3,5 müň Crocs aýakgabyny ýygnap, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi
Konnektikut ştatyndan (ABŞ) internetde “Krokodil” lakamy bilen tanalýan Dugi Sandtiger 3,5 müň Crocs aýakgabyndan kolleksiýa ýygnady. Bu barada News 8 habar berýär. Sandtigeriň üýtgeşik aýakgap bilen gyzyklanmasy tötänleýin ýüze çykdy
03.09.2025 11:06
4.4k+
Sirk möwsümi başlaýar: Türkmenistanyň Döwlet sirki “Görogly” atly täze sirk çykyşyna çagyrýar
Türkmenistanyň Döwlet sirki täze möwsüme başlaýar we täze sirk şüweleňlerine tomaşa etmäge çagyrýar. Tomaşaçylara Arkadag şäheriniň “Görogly” adyndaky döwlet atçylyk sirki we Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen bilelikde “Görogly” şadessanyndan sahnalaşdyrylan “Görogly” atly sirk çykyşy hödürleniler
03.09.2025 10:28
4k+
Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen duşuşdy
2-nji sentýabrda Pekinde Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan bilen duşuşdy
03.09.2025 10:20
4.5k+
Pekinde Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda täze ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi
Prezident Serdar Berdimuhamdowyň Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň hytaý tarapynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi. Olarda dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
03.09.2025 10:14
4.6k+
Pekinde Serdar Berdimuhamedow bilen Si Szinpiniň arasynda gepleşikler geçirildi
2-nji sentýabrda Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow günüň ikinji ýarymynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen resmi duşuşyk geçirdi. Duşuşyk Pekinde Hytaýyň Halk ýygnaklar öýünde geçirildi
03.09.2025 09:47
14k+
CAFA Milletler kubogynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy Özbegistandan utuldy
2-nji sentýabrda Türkmenistanyň milli ýygyndysy Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň (CAFA) Milletler Kubogynyň ikinji tapgyrynda Özbegistanyň ýygyndysyna garşy oýnady. Duşuşyk Daşkentdäki «Olimpiýa» stadionynda geçirildi we ýer eýeleriniň peýdasyna 2:1 hasabynda tamamlandy
02.09.2025 22:20
9k+
Teýlor Swiftiň adaglanmagy gymmat bahaly daşlaryň bazarynyň ösüşine itergi berdi
Aýdymçy Teýlor Swift bilen amerikan futbolynyň oýunçysy Trewis Kelsiniň adaglanmagy göwherleriň bazaryna uly täsir etdi diýip, The Wall Street Journal habar berýär. Neşiriň maglumatlaryna görä, 26-njy awgustda, adaglanmanyň yglan edilen güni Signet Jewelers we Brilliant Earth zergärlik kompaniýalarynyň paýnamalary, degişlilikde, 3% we 26% ýokarlandy
02.09.2025 22:14
4k+
Internetde Mýunhendäki premýerasyndan öň täze Audi kupesiniň ilkinji suraty peýda boldy
Audi kompaniýasy sentýabrda Mýunhendäki awtosalonda täze konseptual kupesini hödürlemäge taýýarlanýar. Ýöne onuň ilkinji suraty eýýäm möhletinden ir Internetde peýda boldy – ol az wagtlyk brendiň Kanadadaky bölümçesi tarapyndan sosial ulgamlarda ýerleşdirildi
02.09.2025 20:11
5.3k+
Black and White Photo Awards 2025 monohrom surat bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
Black and White Photo Awards bäsleşiginiň guramaçylary 2025-nji ýylyň ýeňijilerini yglan etdiler. Emin agzalary monohrom fotosuratynyň ebedi manylylygyny we çeperçilik taýdan çuňlugyny bellediler. Bäsleşigiň ýeňijileri:
02.09.2025 20:05
12k+
Türkiýede tilki derisini geýen adamyň 8000 ýyllyk heýkeli tapyldy
Arheologlar Türkiýede bir adamyň toýundan ýasalan uly bolmadyk heýkeljigini tapdylar. Bu artefaktyň ýaşy, takmynan, 8000 ýyl töweregi diýip, DHA habarlar gullugy habar berdi. Dokuz santimetrlik heýkel Izmir welaýatynyň Kemalpaşa etrabynyň Ulujak depesinden tapyldy
02.09.2025 20:03
8.1k+
Dünýäde 2025-nji ýyldaky iň güýçli awtoulaglaryň sanawy çap edildi
Dünýäde 2025-nji ýyldaky iň güýçli awtoulaglaryň sanawy düzüldi. Maglumatlar Motor1 neşiri tarapyndan taýýarlanyldy we infografika görnüşinde hödürlendi. Sanawa benzin, gibrid we doly elektrik gurluşly 20 awtoulag girdi
02.09.2025 20:00
4k+
Prints for Wildlife taslamasy 2025-nji ýyldaky iň oňat ýabany tebigatyň suratlaryny görkezdi
Prints for Wildlife taslamasynyň guramaçylary 2025-nji ýylyň täze çap edilen surat albomyna girizilen, ýabany tebigatyň iň gowy suratlaryny hödürlediler. Prints for Wildlife taslamasy maliýeleşdirmegiň kemeldilmegi bilen ýüzbe-ýüz bolan milli seýilgählere we dürli daşky gurşawy goramak programmalaryna serişde toplamak üçin eýýäm birnäçe ýyl bäri çap edilen suratlary goýberýär
02.09.2025 19:21
4.5k+
Beýik Britaniýada şokoladyň tagamyny güýçlendirýän saz döredildi
Beýik Britaniýada diňläniňde şokoladyň süýji tagamyny has güýçlendirýän saz döredildi diýip, New York Post habar berýär. Bristol uniwersitetinden kompozitor we ses boýunça hünärmen Natali Hiasint soňky 60 ýylda sazyň tagam duýgularyna ýetirýän täsiri baradaky ylmy gözlegleri öwrendi
02.09.2025 18:52
12k+
Dünýäde iň uly aýsberg bolan A23a tomusda üç bölege bölündi
Dünýäde iň uly aýsberg A23a tomusda, takmynan, 1000 inedördül kilometr ýitirip, üç bölege bölündi. Bu barada Arktika we Antarktika ylmy-gözleg instituty habar berýär. Institutyň maglumatlaryna görä, bir wagtyň özünde meýdany 60-dan 300 inedördül kilometre çenli bolan üç uly bölek bölündi – aýsberg öz meýdanynyň, takmynan, 36%-ini ýitirdi
«
1
…
205
206
207
…
1118
»
«
1
…
202
203
204
205
206
207
208
209
210
…
1118
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.