Carwow Driver Power-iň täzelenen reýtinginde Mercedes we Lexus Subaru-dan yza galdy
15.08.2025 01:16
3.4k+

Carwow Driver Power-iň täzelenen reýtinginde Mercedes we Lexus Subaru-dan yza galdy

Carwow Driver Power 2025 pikir soraşygynyň netijelerine görä, Subaru eýýäm yzygider ikinji ýyl bäri awtoulag brendleriniň arasynda birinji orny eýeledi. Marka güýç ulgamy, howpsuzlyk, amatlylyk, dolandyryş we ygtybarlylyk ýaly on esasy kategoriýanyň ýedisinde iň ýokary baha aldy
Üzüm hoşasyna meňzeýän gadymy galaktika tapyldy
15.08.2025 01:05
4.4k+

Üzüm hoşasyna meňzeýän gadymy galaktika tapyldy

Astronomlar Uly partlamadan 900 million ýyl geçensoň emele gelen galaktikany tapdylar. Şekiline görä, oňa "kosmiki üzüm" ady berildi diýip, National Radio Astronomy Observatory-daky makalada aýdylýar. “Habbl” teleskopynyň ilkinji suratlarynda galaktika bulaşyk ýaly görünýärdi, ýöne täze tehnologiýalar azyndan 15 sany äpet ýyldyz emele getirýän toparyň aýlanýan ulgamyny synlamaga mümkinçilik berdi
RAV4 bilen Tiguan-a bäsdeş: Citroën 29700 ýewrodan giňiş SUV çykardy
15.08.2025 01:02
4.8k+

RAV4 bilen Tiguan-a bäsdeş: Citroën 29700 ýewrodan giňiş SUV çykardy

Citroën giňiş, tehnologik taýdan ösen we elýeterli SUV ulagyny gözleýän alyjylar üçin has özüne çekiji görnüşde täzeledi. STLA Medium platformasyndaky täze kuzow öňküden uzaldy we giňeldi, şol bir wagtyň özünde göwrümi 651 litre çenli artdy - bu segmentdäki iň gowy görkezijileriň biridir
Montereýdäki Autoulag hepdeliginde Demir adamyň rodsteri görkeziler
14.08.2025 17:59
5.7k+

Montereýdäki Autoulag hepdeliginde Demir adamyň rodsteri görkeziler

15-nji awgustda Montereýdäki Awtoulag hepdeliginiň çäklerinde geçirilýän The Quail: A Motorsports Gathering çäresinde on ýyldan gowrak wagtyň içinde ilkinji gezek Acura NSX Roadster-i görkeziler. Bu awtoulag 2012-nji ýyldaky “Ar alyjylar” filmi üçin  ýeke-täk nusgada çykarylyp, ony Toni Stark (Demir adam) sürdi
Türkmen ilçisi Pakistanda maliýe-ykdysady pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy
14.08.2025 17:06
3.7k+

Türkmen ilçisi Pakistanda maliýe-ykdysady pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

11-nji awgustda Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi A.Möwlamow ýurduň federal maliýe we girdejiler ministri, senator Muhammad Aurangzeb bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär
Türkmen işewürleri hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň çäklerinde Germaniýada saparda bolarlar
14.08.2025 17:03
5.1k+

Türkmen işewürleri hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň çäklerinde Germaniýada saparda bolarlar

22-nji sentýabrdan 9-njy oktýabr aralygynda Türkmenistanyň we Gazagystanyň wekilleri Germaniýanyň Karl Duisberg merkezleri tarapyndan gurnalan «Germaniýa bilen biznes hyzmatdaşlygy» maksatnamasyna gatnaşarlar. Maksat — täze gönüden-göni aragatnaşyklary döretmek, tejribe alyşmak we ýurtlaryň ykdysady özara gatnaşyklaryny berkitmek diýip, ORIENT habar berýär
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Kazana we Jidda howa gatnawlarynyň sanyny artdyrýar
14.08.2025 16:55
12k+

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Kazana we Jidda howa gatnawlarynyň sanyny artdyrýar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 26-njy oktýabrdan başlap Kazan (Tatarystan Respublikasy, RF) we Jidda (Saud Arabystany) şäherlerine göni howa gatnawlarynyň sanyny artdyrar. Bu barada awiakompaniýanyň resmi sahypasynda ýerleşdirilen täze tertipde bellenilýär
Döwrebaplaşdyrylan Nissan Teana-nyň dizaýny aýan edildi
14.08.2025 16:48
5.7k+

Döwrebaplaşdyrylan Nissan Teana-nyň dizaýny aýan edildi

Hytaý Halk Respublikasynyň Senagat ministrliginiň maglumatlar bazasynda täzelenen Nissan Teana-nyň suratlary peýda boldy. Sohu portalynyň berýän maglumatlaryna görä, bu model täze dizaýny we Mercedes-Maybach stilinde kuzowy iki tonly boýag görnüşini aldy
ABŞ-da öýkeniň ownuk däl öýjükli rak keseli üçin täze derman serişdesi tassyklandy
14.08.2025 16:46
3.3k+

ABŞ-da öýkeniň ownuk däl öýjükli rak keseli üçin täze derman serişdesi tassyklandy

ABŞ-nyň Azyk önümleriniň we derman serişdeleriniň hiline gözegçilik müdirligi (FDA) Boehringer Ingelheim kompaniýasynyň öň bejergi alan hassalarda ownuk däl öýjükli rak keselini bejermek üçin niýetlenen Hernexeos dermanyny tassyklady diýip, Reuters agentligi habar berýär
Garagisti britan kompaniýasy Bugatti-niň öňki dizaýneriniň GP1 superkaryny görkezdi. Bahasy 3,3 million dollar
14.08.2025 16:44
4.9k+

Garagisti britan kompaniýasy Bugatti-niň öňki dizaýneriniň GP1 superkaryny görkezdi. Bahasy 3,3 million dollar

Britaniýanyň Garagisti kompaniýasy GP1 superkarynyň ilkinji suratlaryny çap etdi. Bu model meşhur hünärmenleriň gatnaşmagynda döredildi: tebigy islegli 6,6 litrlik V12 Italtecnica-nyň inženerleri tarapyndan döredildi we monokok bolsa Formula 1-iň toparlary bilen hyzmatdaşlyk edýän Dexet tarapyndan işlenip düzüldi
Tehasda suw joşguny 100 mln ýyldan gowrak ozal ýaşan dinozawrlaryň yzlaryny ýüze çykardy
14.08.2025 16:33
10k+

Tehasda suw joşguny 100 mln ýyldan gowrak ozal ýaşan dinozawrlaryň yzlaryny ýüze çykardy

Iýul aýynyň başynda Tehasa inen weýrançylykly suw joşguny Trewis okrugynda taryhdan öňki yzlaryň ýüze çykmagyna getirdi. Bu açyş barada CNN habar berýär. Tebigy betbagtçylykdan soň ýerli ýaşaýjylara harabalygy arassalamaga kömek edýän meýletinçi Sendi-Krik sebitinde üç dyrnakly 15 sany uly yzy tapdy
Türkiýedäki myhmanhanalar “şwed stolundan” ýüz öwürmek isleýär
14.08.2025 16:30
9.8k+

Türkiýedäki myhmanhanalar “şwed stolundan” ýüz öwürmek isleýär

Türkiýäniň häkimiýetleri azyk galyndylaryny azaltmak üçin ýurduň myhmanhanalarynda “şwed stolundan” ýüz öwürmek mümkinçiligini gözden geçirýär. Bu barada Sabah neşiri ýazýar. Eger hökümet çäre görse, all inclusive ulgamy à la carte formaty bilen çalşyrylar
Apple adaty ringtonyň remiksleri we beýleki täzelikler bilen iOS 26 beta 6-ny çykardy
14.08.2025 16:28
2.2k+

Apple adaty ringtonyň remiksleri we beýleki täzelikler bilen iOS 26 beta 6-ny çykardy

Apple işläp düzüjiler üçin iOS 26-nyň altynjy beta wersiýasyny çykardy. Onda awtomatik gurnalan “Reflection” (Serpikme) ringtonynyň alty remiksi we interfeýsiň birnäçe üýtgeşmeleri peýda boldy. Adaty ringtonyň täze wersiýalary “Buoyant” (Şadyýan), “Dreamer” (Arzuwçyl), “Tech” (Tehnologik), “Pop”, “Reflected” (Serpikdirilen), “Surge” (Joşgun) atlaryny aldy
Polşada balykçy derýadan ýaşy 700 ýyla barabar bolan gylyjy çykardy
14.08.2025 16:23
13k+

Polşada balykçy derýadan ýaşy 700 ýyla barabar bolan gylyjy çykardy

Polşada balykçy Wisla derýasyndan ýaşy, takmynan, 700 ýyl bolan gylyjy çykardy. Onuň uzynlygy 79 santimetre barabar diýip, People ýazýar. Erkek adam kanunyň talap edişi ýaly artefakty Ýadygärlikleri goramak boýunça paýtagt gullugyna gowşurdy
“Barbiniň” režissýory Greta Gerwig täze “Narniýanyň hronikalaryny” düşürip başlady
14.08.2025 16:22
3k+

“Barbiniň” režissýory Greta Gerwig täze “Narniýanyň hronikalaryny” düşürip başlady

Klaýw Steýplz Lýuisiň meşhur romanynyň täze ekranlaşdyrmasy bolan “Narniýa” filmi surata düşürilip başlandy. Film 2026-njy ýylyň noýabrynda Netflix-de we IMAX kinoteatrlarynda çykar diýip, DiscussingFilm X sosial ulgamynda habar berdi
Huawei üç ekranly Mate XT-2 smartfonyny iPhone 17-niň tanyşdyryljak güni hödürlär
14.08.2025 16:20
2.5k+

Huawei üç ekranly Mate XT-2 smartfonyny iPhone 17-niň tanyşdyryljak güni hödürlär

Huawei eplenýän üç ekranly smartfonynyň täze görnüşini – Mate XT 2 smartfonyny taýýarlaýar. Fixed Focus Digital insaýderleriniň maglumatlaryna görä, smartfonyň tanyşdyrylyşy 10-njy sentýabrda bolup biler. Bu sene Apple-iň iPhone 17 smartfon hatarynyň garaşylýan tanyşdyrylyş dabarasy bilen gabat gelýär
Eýranda ýylanyň we içýanyň şekili bolan 3000 ýyllyk gapyrjak tapyldy
14.08.2025 16:19
7.6k+

Eýranda ýylanyň we içýanyň şekili bolan 3000 ýyllyk gapyrjak tapyldy

Arheologlar Eýranyň demirgazyk-gündogaryndaky Demirgazyk Horasan welaýatynda ýaşy 3000 ýyla barabar bolan daş gapyrjagy tapdy. Live Science neşiriniň maglumatlaryna görä, tapyndy Çalou Depesindäki gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda ýüze çykaryldy
Beýonse karýerasynda ilkinji “Emmi” baýragyny aldy
14.08.2025 16:16
6.5k+

Beýonse karýerasynda ilkinji “Emmi” baýragyny aldy

Telewizion akademiýasy ýörite kategoriýalarda 77-nji “Emmi” baýragynyň laureatlarynyň birinji tapgyryny yglan etdi. Şu ýyl ýeňijileriň arasynda Beýonse hem bar diýip, Entertainment habar berýär. Aýdymçy bu baýragy 2024-nji ýylda NFL oýnunyň arakesmesindäki çykyşynyň kostýumlary üçin aldy
Luis Enrike Ýewropanyň iň gowy 30 tälimçisiniň sanawynda birinji orny eýeledi
14.08.2025 16:14
6.8k+

Luis Enrike Ýewropanyň iň gowy 30 tälimçisiniň sanawynda birinji orny eýeledi

ESPN portaly Ýewropanyň iň gowy 30 futbol tälimçisiniň reýtingini hödürledi. Birinji orny ispaniýaly hünärmen, fransuz “Pari Sen-Žermeniniň” baş tälimçisi Luis Enrike eýeledi. Awtorlar reýting düzülende tälimçiniň ussatlygy, stili, topary dolandyryşy, aragatnaşyklary, üstünlikleri we haýran galdyrmak, täze pikirleri döretmek we şowsuzlyklardan soň dikelmek ukyby göz öňünde tutuldy
Türkmen milli senenamasy boýunça Ýaldyrak döwri başlandy
14.08.2025 15:14
11k+

Türkmen milli senenamasy boýunça Ýaldyrak döwri başlandy

12-nji awgustda Ýaldyrak ýyldyzy dogdy. Türkmen milli senenamasy boýunça Aralyk we Üçýyldyz döwri jöwzaly günleri bilen ahyry öz ornuny Ýaldyraga berdi. Ýaldyrak dogmazyndan birnäçe gün öň we onuň yz ýanyndan jöwzaly yssy has ýokarlanýar
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň halkyny Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
14.08.2025 15:08
1.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň halkyny Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardarä we Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife hem-de ýurduň ähli halkyna Pakistan Yslam Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi
Döwletjan Ýagşymyradow PFL-iň tituly ugrunda Kori Anderson bilen Dubaýda rewanş geçirer
14.08.2025 14:01
24k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL-iň tituly ugrunda Kori Anderson bilen Dubaýda rewanş geçirer

Garyşyk söweş stiliniň türkmenistanly wekili Döwletjan Ýagşymyradow amerikaly Kori Andersona garşy rewanş almak mümkinçiligini gazandy. Ýarym agyr agramda PFL-iň çempionlyk guşagy üçin tutluşyk 2025-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda  Dubaýda geçiriler, diýip promouşeniň resmi saýtynda habar berilýär
Bitkoin 124 müň dollardan geçdi
14.08.2025 14:00
3.3k+

Bitkoin 124 müň dollardan geçdi

Bitkoiniň hümmeti taryhy iň ýokary derejäni täzeledi. 14-nji awgustda kriptowalýuta 124,1 müň dollara ýetip, 2,86% ösüş görkezdi. Muny Binance kriptobiržasynyň maglumatlary delillendirýär. Aşgabat wagty bilen 11:40-a çenli ýagdaýa görä, bitkoin 121,8 müň dollara durýardy
Hünärmenler dünýäniň iň köp ilatly şäherleriniň infografikasyny döretdiler
14.08.2025 13:40
5.9k+

Hünärmenler dünýäniň iň köp ilatly şäherleriniň infografikasyny döretdiler

Dünýä barha şäherleşýär. Häzirki wagtda şäherlerde öňkülerden has köp adam ýaşaýar. Visualcapitalist portalynyň hünärmenleri tarapyndan taýýarlanan täze infografika bu prosesiň doly gerimini görkezýär. Statistikada dünýäniň ilaty bir milliondan geçýän ähli şäherleri ýurtlar boýunça toparlara bölünen
Monochrome Photography Awards 2025-iň “Ýabany tebigat” kategoriýasynda ýeňijiler yglan edildi
14.08.2025 13:35
7.4k+

Monochrome Photography Awards 2025-iň “Ýabany tebigat” kategoriýasynda ýeňijiler yglan edildi

Monochrome Photography Awards 2025 baýragynyň eminleri her ýyl geçirilýän monohrom surat bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdiler we ýabany tebigatyň iň gowy ak-gara suratlaryny hödürlediler. Ýabany tebigat kategoriýasy
BYD 3000 at güýjünden hem gowrak kuwwaty bolan elektrik giperkaryny döretdi
14.08.2025 13:26
3.2k+

BYD 3000 at güýjünden hem gowrak kuwwaty bolan elektrik giperkaryny döretdi

BYD Hytaýda umumy kuwwaty 3019 at güýji bolan Yangwang U9 Track Edition elektrik giperkaryny hasaba aldy. Model baradaky jikme-jik maglumatlar we suratlar hytaý düzgünleşdirijisiniň katalogynda peýda boldy. Track Edition wersiýasy kuwwaty 960 kWt-dan 2220 kWt-a çenli güýçlendirilen Yangwang U9 sport awtoulagynyň binvadynda döredildi
Ukrainaly Zabarnyý “PSŽ-niň” taryhynda iň gymmat satyn alnan oýunçylaryň biri boldy
14.08.2025 13:03
7.8k+

Ukrainaly Zabarnyý “PSŽ-niň” taryhynda iň gymmat satyn alnan oýunçylaryň biri boldy

Ukrainaly goragçy Ilýa Zabarnyý “Pari Sen-Žermeniň” (PSŽ) taryhynda iň gymmat satyn alnan oýunçylaryň biri boldy. Muny Transfermarkt portalynyň maglumatlary görkezýär. 22 ýaşly futbolçy 9-njy awgustda Angliýanyň “Bornmut” klubundan 63 mln ýewro geçdi
Apple TV+ oktýabrda Martin Skorseze barada dokumental mini-serial çykarar
14.08.2025 12:57
2.5k+

Apple TV+ oktýabrda Martin Skorseze barada dokumental mini-serial çykarar

Apple TV+ “Näletlenenleriň adasy” (Остров проклятых), “Nýu-Ýorkuň bandalary” (Банды Нью-Йорка) we “Taksi sürüjisi” (Таксист) ýaly filmleri düşüren režissýor Martin Skorseze barada “Martin Skorseze” dokumental mini-serialynyň treýlerini hödürledi
“Real” FIFA-dan we UEFA-dan “Barsa” bilen “Wilýarrealyň” ABŞ-daky oýnuny gadagan etmegi talap etdi
14.08.2025 12:53
10k+

“Real” FIFA-dan we UEFA-dan “Barsa” bilen “Wilýarrealyň” ABŞ-daky oýnuny gadagan etmegi talap etdi

Madridiň “Realy” Ispaniýanyň çempionatynyň 17-nji tapgyrynyň “Wilýarreal” bilen “Barselonanyň” arasyndaky oýnunyň Ispaniýanyň çäginden daşary geçirilmegine garşy çykdy. Ozal La Liganyň bu duşuşygy dekabrda Maýamidäki “Hard Rok” stadionynda geçirmek barada gepleşikleri alyp barýandygy, Ispaniýanyň Patyşalyk futbol federasiýasynyň bolsa bu pikiri makullap, UEFA ýüz tutandygy habar berlipdi
«Mançester Siti» Jek Grilişi kärendesine «Ewertona» berdi
14.08.2025 12:22
3.8k+

«Mançester Siti» Jek Grilişi kärendesine «Ewertona» berdi

«Mançester Sitiniň» hüjümçi ýarym goragçysy Jek Griliş 2025/26 möwsüminde «Ewertonyň» düzüminde kärendesine çykyş eder. 29 ýaşly futbolçy Liwerpul klubunda bir ýyl oýnar, möwsümiň ahyrynda bolsa «Ewerton» ony 50 million funt sterlinge doly satyn almak mümkinçiligine eýe bolar
Çempionlar ligasynyň saýlama pleý-off tapgyrynyň ähli jübütleri belli boldy
14.08.2025 12:16
7.6k+

Çempionlar ligasynyň saýlama pleý-off tapgyrynyň ähli jübütleri belli boldy

Çarşenbe gününe geçilýän gije 2025/2026 möwsümiň UEFA Çempionlar ligasynyň üçünji saýlama tapgyrynyň soňky oýunlary geçirildi. Duşuşyklaryň netijesinde Ýewropanyň esasy klub ýaryşynyň saýlama tapgyrynyň pley-off jübütleri doly belli boldy
“PSŽ” “Tottenhemi” penalti tapgyrynda utup, UEFA-nyň Superkubogyny gazandy
14.08.2025 07:45
9k+

“PSŽ” “Tottenhemi” penalti tapgyrynda utup, UEFA-nyň Superkubogyny gazandy

14-nji awgusta geçilen gije Italiýanyň Udine şäherinde UEFA-nyň Superkubogy üçin oýun geçirildi. Fransiýanyň “Pari Sen-Žermeni” Angliýanyň “Tottenhem” klubuny utdy. Duşuşygyň esasy wagty deňme-deň – 2:2 hasabynda tamamlandy we ýeňiji oýundan soňky penalti tapgyrynda kesgitlendi (4:3)
UFC Paramount bilen 7 ýyllyk 7,7 milliard dollarlyk şertnama baglaşdy
13.08.2025 16:20
15k+

UFC Paramount bilen 7 ýyllyk 7,7 milliard dollarlyk şertnama baglaşdy

Ultimate Fighting Championship (UFC) Paramount bilen 7 ýyllyk 7,7 milliard dollarlyk şertnama baglaşdy diýip, The Hollywood Reporter habar berýär. Ylalaşyga görä, 2026-njy ýyldan başlap, her ýylky söweş mahabaty diňe Paramount+ platformasynda ýaýlyma berler
Samsung ABŞ-daky çip zawodlaryna maýa goýumlaryny 35%, ýagny 50 milliard dollara çenli artdyrar
13.08.2025 15:57
6.6k+

Samsung ABŞ-daky çip zawodlaryna maýa goýumlaryny 35%, ýagny 50 milliard dollara çenli artdyrar

Samsung ABŞ-da çip öndürmeklige ozal meýilleşdirilen 37 milliard dollara derek, takmynan, 50 milliard dollar maýa goýmagy meýilleşdirýär. Bu barada Günorta Koreýanyň SEDaily neşiri habar berýär. Neşiriň habar bermegine görä, kompaniýa ýarymgeçiriji önümlerini import etmekde 100 göterimli amerikan paçlaryndan boşadylmagyna garaşýar
Aşgabatda “Bitewi saglyk” çemeleşmesini durmuşa geçirmek boýunça 3-nji maslahat geçirildi
13.08.2025 15:51
3.9k+

Aşgabatda “Bitewi saglyk” çemeleşmesini durmuşa geçirmek boýunça 3-nji maslahat geçirildi

12-nji awgustda Aşgabatda Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezinde Türkmenistanda «Bitewi saglyk» çemeleşmesini durmuşa geçirmek meseleleri boýunça Milli pudagara utgaşdyryjy komitetiň üçünji maslahaty geçirildi
Lionsgate “Balerina” sebäpli 94 mln dollar möçberde çärýeklik ýitgi çekdi
13.08.2025 15:29
6.1k+

Lionsgate “Balerina” sebäpli 94 mln dollar möçberde çärýeklik ýitgi çekdi

Lionsgate studiýasy birnäçe aý mundan ozal prokata çykan “Balerina” filmi sebäpli çärýekde 94 mln möçberde ýitgi çekdi. Oňyn synlara garamazdan, “Jon Uigiň” spin-offy ýeterlik tomaşaçyny özüne çekip bilmedi. IGN-iň maglumatlaryna görä, film 90 mln dollar önümçilik býujeti bilen dünýä prokatynda 132,4 mln dollar ýygnady
Donnarumma “PSŽ-den” gidýär: “Kimdir biri meni toparda artyk hasaplaýar”
13.08.2025 15:25
11k+

Donnarumma “PSŽ-den” gidýär: “Kimdir biri meni toparda artyk hasaplaýar”

Italiýaly derwezeban Janluiji Donnarumma Fransiýanyň “Pari Sen-Žermen” klubundan gitmekçi bolýar. Bu barada futbolçy sosial ulgamlarda habar berdi. Mundan öň parižlileriň baş tälimçisi Luis Enrike Donnarummany UEFA-nyň Superkubogy üçin “Tottenheme” garşy oýunda sanawa goşmazlyk barada hut özüniň karara gelendigini aýtdy
ABŞ we Hytaý paç arakesmesini 2025-nji ýylyň noýabryna çenli uzaltdy
13.08.2025 15:19
8.8k+

ABŞ we Hytaý paç arakesmesini 2025-nji ýylyň noýabryna çenli uzaltdy

ABŞ we HHR 12-nji awgustda tamamlanýan paç arakesmesiniň hereket edýän wagtyny ýene 90 gün uzaltmak barada ylalaşdy. Stokgolmda geçirilen gepleşikleriň netijesi boýunça taraplaryň bilelikdäki beýannamasy Hytaýyň Söwda ministrliginiň metbugat gullugy tarapyndan neşir edildi
Garagum derýasyndan "Gurtly" ýaşaýyş toplumyna çenli kadaly dolandyrylýan suwaryş ulgamy gurlar
13.08.2025 13:20
19k+

Garagum derýasyndan "Gurtly" ýaşaýyş toplumyna çenli kadaly dolandyrylýan suwaryş ulgamy gurlar

Türk­me­nis­ta­nyň Gur­lu­şyk we bi­na­gär­lik mi­nistr­li­gi Aş­ga­bat şä­he­ri­niň çä­gin­de ýer­leş­ýän Ga­ra­gum der­ýa­syn­dan «Gurt­ly» ýa­şa­ýyş top­lu­my­na çen­li su­wa­ryş ul­ga­my­ny gur­mak bo­ýun­ça BÄS­LE­ŞIK yg­lan ed­ýär
UEFA-nyň Superkubogy gelýär. Ýarygije “PSŽ” bilen “Tottenhem” duşuşar
13.08.2025 12:48
7.5k+

UEFA-nyň Superkubogy gelýär. Ýarygije “PSŽ” bilen “Tottenhem” duşuşar

Penşenbe gününe geçilýän gije Italiýanyň Udine şäherindäki “Daçiýa Arena” stadionynda UEFA-nyň Superkubogy üçin oýun geçiriler. Kubok ugrunda Çempionlar ligasynyň ýeňijisi “Pari Sen-Žermen” bilen Ýewropa ligasynyň ýeňijisi “Tottenhem Hotspur” göreşer
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.