Saýlanan şäher
28 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Habarlar
Baş sahypa
/
Habarlar
12.07.2025 07:35
12k+
Türkmenistanyň Prezidenti söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrini belledi
Nazar Halnazarowiç Agahanow Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesine bellenildi. Öň ol ministriň orunbasary wezipesinde işläp, ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirýärdi
12.07.2025 07:29
15k+
“Türkmenhimiýa” DK-nyň başlygy işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin wezipesinden boşadyldy
Sapbaýew Döwrangeldi Işangulyýewiç, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygy wezipesinden boşadyldy. Bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetirmek konserniň başlygynyň orunbasary Taňryguly Bäşimgulyýewiç Ataýewiň üstüne ýüklenildi
11.07.2025 19:26
8.3k+
Dubaýdan startap gijeki görüşli aragatnaşyk linzalaryny işläp taýýarlamak üçin 250 million dollar ýygnady
Dubaýda ýerleşýän Xpanceo kompaniýasy A tapgyrda (düýbüni tutuş tapgyryndan soň gelýär) 1,35 milliard dollarlyk diýlip bahalandyrylan işe 250 million dollar toplady. Bu tapgyra başlangyjy 40 million dollar düýbüni tutuş serişdesi bilen üpjün eden Gonkongyň Opportunity Venture wençura gaznasy ýolbaşçylyk etdi diýip, Bloomberg habar berýär
11.07.2025 19:22
2.4k+
EA Microsoft-a 500 mln dollardan gowrak tygşytlamaga kömek etdi
Emeli aň Microsoft korporasiýasyna soňky bir ýylda koll-merkezleriniň işinde 500 mln dollardan gowrak tygşytlamaga mümkinçilik berdi diýip, Bloomberg habar berýär. Bu barada maglumaty Microsoft-yň baş täjirçilik müdiri Jadson Oltoff aýtdy
11.07.2025 19:19
6.2k+
“Muzeýdäki gije” komediýasy täze wakalar we gahrymanlar bilen täzeden düşüriler
20th Century studiýasy meşhur “Muzeýdäki gije” (Ночь в музее) franşizasyny täzeden başlamagyň üstünde işleýär. Täze komediýanyň çykjak senesi heniz belli däl diýip, Variety ýazýar. Sýužet hem gizlin saklanýar, ýöne wakanyň gije eksponatlaryň janlanýan şol bir muzeýinde bolup geçjekdigi belli
11.07.2025 19:17
2.3k+
YouTube EA tarapyndan döredilen kontentiň üsti bilen gazanç etmegi çäklendirer
15-nji iýuldan YouTube emeli aňyň kömegi bilen döredilýän kontentden girdeji gazanmak mümkinçiligini çäklendirmek üçin hyzmatdaşlyk programmasynyň düzgünlerini täzelär. Bu barada kompaniýanyň resminamalaryna salgylanyp, TechCrunch neşiri ýazýar
11.07.2025 19:15
2.7k+
Ilon Mask ylmy açyşlara ukyply Grok 4 neýroulgamyny hödürledi
Ilon Maskyň xAI kompaniýasy Grok 4 neýroulgamyny hödürledi. Işläp düzüjileriň nygtamagyna görä, ol öňki wersiýadan on esse kuwwatlydyr. Täze model çylşyrymly meseleleri çözmäge ukyply bolup, PhD derejesinden (ylymlar kandidaty derejesine barabar) ýokary bilim derejesini görkezýär
11.07.2025 19:08
10k+
Emeli aňly robot ilkinji gezek hirurg gatnaşmazdan öt haltany aýyrdy
Lukmançylygyň taryhynda ilkinji gezek emeli aň tarapyndan dolandyrylýan robot hirurgiki operasiýanyň çylşyrymly bölegini özbaşdak amala aşyrdy. Bu barada Jons Hopkins uniwersitetiniň synagy geçiren barlagçylaryna salgylanýan Reuters agentligi ýazýar
11.07.2025 18:24
3.3k+
Jastin Biber “Swag” albomyny we Skylrk brendiniň ilkinji kolleksiýasyny çykardy
Jastin Biber täze “Swag” albomyny çykardy. Albom aýdymçynyň diskografiýasynda ýedinji boldy. Şol bir wagtyň özünde Biber täze “Skylrk” eşik brendinden ilkinji kolleksiýany hödürledi. Alboma 21 aýdym, şol sanda Druski, Gunna, Sexyy Red, Cash Cobain we beýleki artistler bilen bilelikdäki aýdymlar girdi
11.07.2025 14:47
8.7k+
Gysga wagtlyk fantastiki lider: Tramp NASA wagtlaýyn ýolbaşçy belledi
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp ýurduň ulag ministri Şon Daffini Aeronawtika we kosmos giňişligini öwrenmek boýunça milli müdirligiň (NASA) wagtlaýyn ýolbaşçysy wezipesine belledi. Ak tamyň ýolbaşçysy bu barada özüniň Truth Social sosial torunda habar berdi
11.07.2025 14:42
5k+
Jeýms Gannyň “Supermen” filmi dünýä prokatyna çykdy
11-nji iýuldan dünýä kinoteatrlarynda Jeýms Gannyň “Supermen” filmi görkezilip başlandy. Bu režissýoryň gözegçilik etmegindäki täzelenen DC kinoäleminiň ilkinji filmidir. Film Klark Kentiň ýaşlygy we onuň gahryman hökmünde kemala gelşi barada gürrüň berýär
11.07.2025 14:30
20k+
Tehasdaky suw joşmasynyň ýetiren zyýanlary kosmosdan görkezildi
Maxar Technologies kompaniýasy ABŞ-nyň Tehas ştatyndaky güýçli suw joşmasynyň netijelerine degişli düşüren hemra suratlaryny çap etdi. Suratlar uzak wagtlap ýagan ýagyş sebäpli suwuň derejesiniň birden ýokarlanmagy bilen bagly Gwadelupe derýasynyň uzaboýundaky ýerleriň üýtgändigini görkezýär
11.07.2025 12:11
4.7k+
Türkmenistanyň Rumyniýada Aziýanyň medeniýetiniň festiwalyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy 9-njy iýulda Ploeşti şäheriniň Medeniýet merkezinde Prahowo etrabynyň Söwda-senagat edarasynyň guramagynda geçirilen Aziýanyň medeniýetiniň festiwalyna gatnaşdy. Türkmenistanyň
11.07.2025 12:05
8.6k+
Türkmenistanda 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasyly tabşyryldy
Türkmenistanda Watan harmanyna guşgursak bugdaýyň 1 million 407 müň tonnasy tabşyryldy. Prezident Serdar Berdimuhamdow gallaçy daýhanlary şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etmegi bilen gutlady. "Ussat
11.07.2025 11:40
7.6k+
Raşid Meredow daşary ýurtly kärdeşleri bilen Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar boýunça üçünji maslahata taýýarlygy maslahatlaşdy
10-njy iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Belarus, Moldowa, Burundi we Çad Respublikalarynyň daşary işler ministrleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler
11.07.2025 11:30
5.4k+
Bitkoiniň bahasy ilkinji gezek 118 müň dollardan geçdi
Bitkoiniň bahasy taryhda iň ýokary derejesine ýetip, ilkinji gezek 118 müň dollardan geçdi. Coindesk kriptobiržasynyň beren maglumatlaryna görä, bitkoin häzir Aşgabat wagty bilen sagat 11:00-da kriptowalýutanyň bahasy 118 270 dollara çenli ýokarlandy
11.07.2025 11:17
4.4k+
Alymlar 200 mln ýyl ozal ýaşan pterozawryň täze görnüşini suratlandyrdylar
ABŞ-nyň Smitsonow institutynyň işgärleri Petrifaýd-Forest milli seýilgähinde (Arizona ştaty) 209 million ýyl mundan ozal ýaşap geçen pterozawrlaryň näbelli görnüşleriniň galyndylaryny tapdylar. Edaranyň metbugat gullugynyň habaryna görä, tapyndy giçki trias döwrüne degişlidir
11.07.2025 11:09
3.8k+
Ýapon kompaniýasy beýni tolkunlaryny sungat eserlerine öwürýär
Ýaponiýanyň Brainwave Trading Center kompaniýasy adamlaryň beýnisiniň işjeňligini sungat eserlerine öwrüp başlady diýip, South China Morning Post habar berýär. Tehnologiýa Tokiodaky BWTC Metaverse Store dükanynda oturdyldy
11.07.2025 11:01
6.2k+
“Ýüzükleriň hökümdary” filminiň režissýory ýitip giden moa guşlaryny janlandyrmaklyga 15 million dollar goýdy
Täze zelandiýaly režissýor Piter Jekson (“Ýüzükleriň hökümdary” we “Hobbit” trilogiýasy) we onuň hyzmatdaşy Fren Uolş ýitip giden moa guşlaryny janlandyrmaklyk boýunça taslama 15 million dollar maýa goýdy diýip, Forbes habar berýär
11.07.2025 10:56
5k+
Plastik gaplamalaryň 96%-i azyk önümlerini we içgileri mikroplastik bilen hapalaýar
Iýmit senagatynda ulanylýan plastik gaplamalaryň tas hemmesi azyk önümlerine we içgilere mikroplastikleriň ýa-da nanoplastikleriň düşmegine sebäp bolýar. Şweýsariýaly we norwegiýaly gözlegçiler 103 ylmy işi seljerip, şu netijä geldiler diýip, «npj Science of Food» neşiri habar berýär
11.07.2025 10:53
5.2k+
Redmi 15C we Poco C85 resmi tanyşdyrylmazdan öň suratlary peýda boldy
Xiaomi arzan bahaly täze Redmi 15C we Poco C85 smartfonlaryny çykarmaga taýýarlanýar. Olaryň suratlary sertifikatlaşdyrylýan wagty internetde peýda boldy. Şeýle-de resmi ýaly görünýän şekil suratlary hem ýaýradyldy
11.07.2025 10:50
1.3k+
OpenAI Google Chrome bilen bäsleşmek üçin öz brauzerini işe girizer
OpenAI ýakyn hepdelerde emeli aňly hususy web-brauzerini işe girizmäge taýýarlanýar. Kompaniýa onuň bazarda öňdebaryjy orny eýeleýän Google Chrome bilen bäsleşip biljekdigine ynanýar diýip, Reuters habar berýär
11.07.2025 01:56
9.6k+
Keyvany "Rolls-Royce Cullinan Series II" modelini täzeçe görnüşde çykardy
Germaniýanyň Keyvany awtobezeg ussahanasy täzelenen «Rolls-Royce Cullinan Series II Black Badge» modeli esasynda «Hayula II-niň» ekstremal wersiýasyny taýýarlady. Awtoulag agressiw aerodinamik obwes bilen enjamlaşdyryldy
11.07.2025 01:43
3.7k+
BYD-niň täze akkumulýatorlary tiz zarýad bermegi we 1000 km-den gowrak ýol ätiýaçlygyny üpjün edýär
BYD hytaý kompaniýasy 2027-nji ýylda aşa berk (solid-state) akkumulýatorly elektromobilleriň köpçülikleýin önümçiligine başlajakdygyny mälim etdi. Täze tehnologiýa bilen ulaglar 1000 km-den gowrak ýol aralygyny geçer hem-de 12 minutdan az wagtda doly zarýadlanar
11.07.2025 01:39
3.5k+
Apple kompaniýasyna täze operasion direktor bellendi
Apple kompaniýasynyň ýolbaşçylygynda üýtgeşmeler boldy: operasion direktor (COO) wezipesine kompaniýada 30 ýyldan gowrak wagt bäri işläp gelýän Sabih Han bellenildi. Ol kompaniýadan gidýän Jeff Uilýamsyň ýerine geldi
11.07.2025 01:34
11k+
Portugaliýanyň kenarlarynda neandertallaryň yzlary galypdyr
Arheologlar Portugaliýanyň kenarýakasynyň iki ýerinde neandertallaryň aýak yzlaryny tapdy. Olaryň ýaşy, takmynan, 78-82 müň ýyla barabar diýip, Scientific Reports žurnalyndaky makala salgylanyp, “N+1” neşiri habar berýär
11.07.2025 01:30
4.5k+
ABŞ-nyň tehnologiýa kompaniýalary ýarym ýylda 94 000 işgäri EA bilen çalyşdy
2025-nji ýylyň başyndan bäri amerikan tehnologiýa kompaniýalary emeli aň çözgütleriniň ornaşdyrylmagy sebäpli 94 000 töweregi işgäri işden çykardy. Resmi statistika maglumatlaryna görä, iş prosesleriniň awtomatizirlenmegi köpçülikleýin işden çykarmalaryň esasy sebäbi boldy
11.07.2025 01:26
3.4k+
Counterpoint dünýäde iň meşhur simsiz nauşnikleri saýlady
Apple AirPods nauşnikleri TWS-garnituralarynyň segmentinde iň köp satylýan model boldy. Apple korporasiýasy simsiz nauşniklaryň dünýä bazarynda öňdebaryjy bolmagyny dowam etdirýär. Oňa bazaryň tas dörtden bir bölegi degişli diýlip, Counterpoint Research gözleg kompaniýasynyň hasabatynda aýdylýar
11.07.2025 01:22
6.3k+
Euro NCAP 2025-nji ýylyň iň ygtybarly 10 awtoulagyny atlandyrdy. Reýtingde 6 sany hytaý modeli bar
Ýewropanyň Euro NCAP kraş-synag birleşigi 2025-nji ýylyň iň howpsuz awtoulaglarynyň sanawyny täzeledi. Ilkinji onlukdaky modelleriň ýarysyndan gowragy Hytaýyňkydyr. Şeýle hem, sanawda Tesla, Audi we Polestar bar diýip, Finratings
10.07.2025 23:56
5k+
Volkswagen ID. Buzz-yň dünýä boýunça syýahaty başlandy. Ol Ginnesiň rekordyny goýmaga dalaş edýär
Meşhur awto syýahatçy Raýner Sitlou Volkswagen ID. Buzz elektroweninde dünýä boýunça gezelenje çykdy. Ol syýahatynyň dowamynda 75 ýurda baryp, takmynan 80 müň kilometri geçmegi meýilleşdirýär. Eger syýahat şowly tamamlansa, bu bir ugruň çäginde elektrik ulagynda baryp görlen ýurtlaryň sany boýunça dünýä rekordy bolar
10.07.2025 23:51
12k+
Nebraskada 50 ýaşly wagt kapsulasyny açdylar. Içinden hakyky awtoulag çykdy
ABŞ-nyň Nebraska ştatynyň Stýuard şäherinde, takmynan, 50 ýyl bäri ýeriň astynda ýatan wagt kapsulasy açyldy. Içindäki 5000-den gowrak predmetiň arasynda gowy ýagdaýda saklanyp galan hakyky Chevrolet Vega ýeňil ulagy hem bar diýip, The Drive ýazýar
10.07.2025 23:45
2.7k+
Samsung iki ýylyň dowamynda ilkinji gezek girdejisiniň 56%peselmegine garaşýar
Samsung Electronics 2025-nji ýylyň ikinji çärýegi boýunça operasion girdejisiniň ep-esli azalmagyna garaşýar. Günorta Koreýanyň tehnoägirdiniň deslapky bahalandyrmasyna görä, bu döwürde operasion girdejisi 4,6 trln wona ($3,37 mlrd) deň bolar, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 56% azdyr
10.07.2025 23:41
1.2k+
Microsoft-yň Edge brauzeri rekord 300 millisekuntda sahypalary ýüklemegi öwrendi
Microsoft kompaniýasy sahypa geçenden soň 300 millisekuntdan hem az wagtda mazmuny - teksti, suratlary ýa-da interfeýsiň elementlerini görkezip başlaýan Edge brauzeriniň tizliginiň gowulaşandygyny habar berdi. Bu barada The Verge neşiri habar berdi
10.07.2025 23:37
8.2k+
Lexus Toyota-nyň ýolbaşçysynyň hormatyna atlandyrylan krossowerini diňe lotereýa esasynda berýär
Lexus Ýaponiýada LBX Morizo RR Original Edition krossoweriniň çäkli nusgasyny çykarar, onuň bary-ýogy 100 sanysy bolar. Olary diňe lotereýanyň ýeňijileri satyn alyp biler, lotereýa gatnaşmak üçin sargytlar dilerlik merkezlerinde kabul ediler diýip, Ýaponiýanyň habar beriş serişdeleri habar berýär
10.07.2025 23:31
2.1k+
Meta Apple-yň emeli aň boýunça esasy hünärmenini özüne çekdi
Apple-yň emeli aň boýunça öňdebaryjy hünärmenlerinden biri bolan Ruoming Pang kompaniýany terk edip, Meta geçýär. Bloomberg agentliginiň habaryna görä, ol täze döredilen Superintelligence Labs laboratoriýasynda esasy wezipä bellener
10.07.2025 20:55
2.9k+
Hytaýda kosmos jümmüşini öwrenmek boýunça dünýäde ilkinji assosiasiýa döredildi
Hytaýyň Hefeý şäherinde (Anhoý welaýaty) Kosmos jümmüşini öwrenmegiň halkara assosiasiýasy (International Deep Space Exploration Association, IDSEA) resmi taýdan işe başlady. Ol doly derejede bu ugra ünsi gönükdirýän dünýäde ilkinji ylmy gurama boldy
10.07.2025 20:55
9.2k+
UEFA klub ýaryşlarynyň pleý-off tapgyryna üýtgeşmeleri girizdi
2025/2026 möwsüminde UEFA-nyň klub ýaryşlarynda pleý-off tapgyryna degişli täze üýtgeşmeler güýje girer. AS neşiriniň habar bermegine görä, indi Çempionlar ligasynda, Ýewropa ligasynda we Konferensiýalar ligasynda öýdäki we myhmançylykdaky oýunlaryň geçiriliş tertibi bije çekişme arkaly däl-de, toparlaryň toparlaýyn tapgyryň umumy tablisasynda eýeleýän orunlary bilen kesgitlener
10.07.2025 20:47
4.9k+
Şef-aşpez Jeými Oliwer dünýädäki iň uly aşpezlik sapagyny geçirdi
Meşhur britaniýaly şef-aşpez, restorator, teleýaýlym alyp baryjysy, öýde nahar taýýarlamagy we sagdyn iýmitlenmegi wagyz ediji Jeými Oliwer täze dünýä rekordyny goýdy. Ol taryhda iň köp gatnaşyjyly aşpezlik sapagyny geçirdi
10.07.2025 20:45
3.6k+
ByteDance ABŞ üçin TikTok-yň we CapCut-yň aýratyn wersiýalaryny çykarar
Hytaýyň ByteDance kompaniýasy diňe bir TikTok sosial ulgamynyň däl, eýsem CapCut wideoredaktorynyň aýratyn wersiýasyny çykarmagy meýilleşdirýär. Olar diňe ABŞ-daky ulanyjylara gönükdiriler diýip, Business Insider habar berýär
10.07.2025 20:43
2.5k+
Apple “F1” filminiň üstünliginden soň hakyky ýaryşlary ýaýlyma bermäge hukuk almak isleýär
Apple ABŞ-da “Formula-1” ýaryşlaryny ýaýlyma bermäge hukuk satyn almak barada onuň häzirki eýesi ESPN bilen gepleşikleri geçirýär. Bu barada Financial Times ýazýar. Neşiriň maglumatlaryna görä, Apple-iň islegi Bred Pittiň gatnaşmagyndaky “F1” filminiň üstünliginden soň güýçlendi
«
1
…
238
239
240
…
1118
»
«
1
…
235
236
237
238
239
240
241
242
243
…
1118
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.